ROWAÝATY SAÇAK
Atammy ýa-da atamyň atasymy - ony anyk bilemok, gepiň gysgasy, atalarymdan biri, ýalňyşmasam, düýesini ýitiripdir. Görgüli gözläpdir, köp gözläpdir, ahyry tapjagyna umydy azalyp: "Eger düýäni tapsam, pylan işana Hudaý ýoluna bereýin" diýipdir. Işan aganyň adyny hem anyk bilmänim üçin çak bilen ýazasym gelenok. Atam şeý diýenden soň, bir alaňdan aşypmy-aşmanmy ýitigini tapypdyr. Begenipdir. Suwsuz jöwzaly çölde gören görgüsi gözüne görünmändir. Gynanmanam düýäni işan agaň gapysyna alyp barypdyr. Gelip oňa bolan ýagdaýy aýdyp beripdir. Işan aga gapysyndaky boş gazygy görkezip: "Şo ýere daňaý" diýýä. Atam maly gazyga baglandan soň, gidibermeýä-de, bir zat hantama ýaly işan agaň gapysynda eglenýär. Işan agaň welin, onuň bilen işi ýokmuş. Ahyry atam saklanyp bilmeýär-de: "A-how, işan aga. Gapyňa uly bir mal daňdym, kemtersinden "Taryýalkasynam" diýmediňiz" diýýär. Işan aga sarsman oturşyna: "Taňryýalkasyn" diýsek, bu getiren malyňa baha kesmek ýaly bir zat bolar. Sen işiňi bitirdiň, gidiber" diýýär.
Bu waka biziň maşgalamyzda nesilden nesle geçip, gürrüň berlip gelýär. Her diňlänem geň görýär, ýadynda saklaýar, soň garransoň agtyklaryna gürrüň berýär. Elbetde, wakanyň könelmegi bilen ol waka gatnaşanyň atalarymyzyň haýsydygy, işan aganyň hem kimdigi unudylypdyr.
Bu ýerde meseläniň dini tarapyny, Alla bilen bendesiniň arasyndaky gatnaşygy, takwalyk derejelerini beýlede goýup, ynsanyň ynsan bilen, özi bilen gatnaşyklary barada atalarymyzyň başyndan geçen şu wakanyň mysalynda gürrüň edesim gelýär.
Gurbannazar Ezizow "Ýagşylyk goňşy okara däl" diýse, başga bir ýerde "Hatda merdem ýagşylyga garaşýar" diýýär. Eden ýagşylygyň üçin ýagşylyk tamasyny etmegi dogry hasaplaýan hem bar.
"Eýle däl, beýle däl" diýip, gep nokatlamak niýetim ýok, sizem oňa çagyramok. Bu meseläni çuň mesele hasaplanym üçin, "Olardan haýsyny saýlap alyp, şoňa görä-de ýaşamaly?" diýen sowal aňymdan gitmeýär.
Bu sowalyň iň aňsat jogaby hemmämiziň gowy görýän, emma berjaý etmesi kyn, "Ýagşylyk et, derýa at - balyk biler, balyk bilmese Halyk biler" diýen söz. Munuň bilen ylalaşmajak ýokdur, ýöne, boýun almaly, birine ýamanlyk etmezligi, belki, köpimiz başarsagam, ýagşylyk etmek, onda-da derýa atan ýaly ýagşylyk etmek her kişiniň elinden gelmeýär. Omar Haýýam "Allahym, meni dostlarymdan gora, duşmanlarymdan özüm goranaryn" diýip, dileg edipdir. Haýýamyň "dostlarym" diýýäni, megerem, ýagşylyk eden adamlary bolsa gerek. Köplenç ýagşylyk eden adamlaryň soň seniň bilen dost bolýar. "Ýagşylyk et - öýüňden çykma-da" diýilýär. Ynsanyň mantygyna ters gelýän dilegiň, nakylyň aňyrsynda ýagşylyk gözläp ýagşylyk edýänleriň garaňky keşbi görünýän ýaly. Pygamberimiz sag eliň berenini çepiň duýmazlygyny islände hantama bolnup edilen ýagşylygyň soňra juda aýylganç ýamanlyga sebäp bolup biljekdigini göz öňünde tutdumyka?
Ýöne bir zada anyk gözüm ýetýär. Dünýe näçe çylşyrymly, gizlin girelgeli, ýaşryn çykalgaly ýaly görünse-de gizlin, ýaşryn zat ýok eken. Ýaman bolsaň ýamandygyňy, her näçe sadaka edip ýaşyrjak boluber - il bilýär. Ýaranjaňam, ýalançynam, dogruçylam, mekirem, sadanam, ulumsynam, pes pälem... il tanaýar. Halkdan, il-günden hiç zady ýaşryp bolmaýar. Ýagşylygy ýagşylyk tamasy bilen etseňem adamlar derrew bilýär. Gurbannazar Ezizowyň "Käte merdem ýagşylyga garaşýar" diýen setiriniň yzyndan "Rowaýaty saçak kimin açyl sen" diýip ýazandygyny ýatlaýan-da "Wah, şahyr, näsini aýdýaň" diýenimi duýman galýan.
Hydyr AMANGELDI.
# ekizler2.com