12:37

Saña ýazan ilkinji goşgym!

SAÑA ÝAZAN ILKINJI GOŞGYM!

Köňlümiň gapysyn assadan kakyp,
Göwnümiň törüne gadamyň basyp
Göwnümi hem tapyp, hem gama batyp
Indi näme üçin beýle gynaýaň?!

Seniň bilen geçen günlerim ýatlap
Bir aglap, bir gülüp seni ýat etdim
Köňlümiň töründe ornuňy berip,
Bu gün indi “hoş gal”, seni terk etdim.

Ýagyş damjalarna nazarym aýlap,
Soňlanan duýgyma ýaşlarym nalap
Saňa bolan duýgularym unudyp,
Bu gün hoş gal diýip, seni terk etdim.

Ýagyş ýagýar ýodalary suw edip,
Gözlemdäki ýaşlar ýüzüm suw edip
Bu damjalar duýgularmam ýuwsady,
Saňa bolan söýgim indi sönsedi.

Bagtly bol mydama şatlanyp ýörgün,
Gam-gussa, alada senden ýat bolsun
Durmuşyň mydama ap-akja gar deý
Tämiz hem arassa bagtdan dolsun!

Sensiz başlan täze durmuş ýolumda,
Ýekeje zady men sargyt edeýin
Duýgusyz kalplaryň gapysyn kakma
Duýgusyn oýaryp soň gama atma!

Sähra KURBANBAÝEWA.
Категория: Goşgular | Просмотров: 420 | Добавил: Мylayym | Теги: Sähra Kurbanbaýewa | Рейтинг: 3.0/1
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Dost / Goşgular - 23.01.2023
«Мы преклонились у завета…» / Goşgular - 18.01.2023
Акростих / Goşgular - 21.01.2023
Ot bilen oýun / Goşgular - 16.01.2023
Письмо к*** / Goşgular - 04.01.2023
«Когда читала ты мучительные строки…» / Goşgular - 15.02.2023
Abdalyň oýy / Goşgular - 10.01.2023
"В мире таинственном и простом..." / Goşgular - 07.02.2023
Ýaşlygymyzyň şaýady / Goşgular - 06.01.2023
Men indi gidýärin / Goşgular - 15.01.2023

Teswirleriň ählisi: 1
0
1 Мylayym  
83
Gowşak gördüñizmi sad

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]