12:43 Sere gelen setirler | |
SERE GELEN SETIRLER
Goşgular
Sabyrly bol, kä gys dişi, Howlukmaçlyk şeýtan işi. *** Durmuşyň meňzär bägüle, Ýüz dollar däl, ýüz dost dile. *** Dosty ýoguň duşmany ýok, Ýagşy dostlyň puşmany ýok. *** Kyn pursatda mertlik bolsun küýüňde, Hüşgärligi unutma şat günüňde. *** Ýerin bilseň gowy gylykdyr dymmak, Hakykat dag ýaly gyzyldan gymmat. *** Haýyr ýokdur giç edilen puşmandan, Ygtybarsyz dostlar erbet duşmandan. *** Pulsuzluk alada getir adama, Puluň bolsa, pul getirer mydama. *** Nanyňy ber her kime, Iýme her kimiň nanyn. *** Goh-galmagal saz bolmaz, Birki gülden ýaz bolmaz. *** “Men seni söýýän” diýp, zowlatdyň ýördüň. Men dişimi gysyp, owratdym ýördüm. | |
|
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
√ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |