10:52

Serhet dostlugy / hekaýa

…-Ýolbars! Ýolbars, nahara! Nahara gel!-diýip Merdan it ýatagyň gapysyny açdy-da, ýalagyna naharyny guýup durşuna serhetçi itiň adyny tutup, çagyrdy. Emma bir çüňkde tokgalanyp oklanan gara keçe ýaly bolup ýatan, şar-gara Ýolbars mizäýinem diýmedi. Ol äwmezlik bilen gussaly gözlerini Merdana tarap aýlady-da, gulaklary jaýtaryp duran süýritumşuk kellesini ýene-de öňki aýaklarynyň üstüne goýberip, garysyna ýassandy. Ýörite mekdepde, güjüklikden esgerlere uýgunlaşdyrylan edepli janaweriň özüne jinnek ýaly-da zelel ýetirmejekdigine akly ýetip dursa-da, ýaş esger yzçy köpegiň ýakynyna süýşende onuň hereketlerinde biygtyýar üýşenme bildirdi. Esger göýä serhetçi köpegiň kellesinde wawwaly ýarasy bar ýaly, emaý bilen elini onuň başyna goýdy. Ýolbars oňa barmysyňam diýmedi. Köpegiň özüne üns bermeýändigine az-kem ekabyrlanan Merdan misli ol öz diline düşünýän dek, Ýolbarsyň gulagynyň agzynda hümürdäp başlady:
-Näme Ýolbarsym, ýüregiň gysýarmy?! Bilýän seniň Didary göresiň gelýändir…
Şu serhet galasynda geçiren iki ýylynyň dowamynda çaklaňja it beýnisinde mazaly ornaşyp galan mähriban at agzalan dessine Ýolbarsyň göwnüne bolmasa Didar gapdalyna gelen ýaly boldy. Ol tarsa turdy-da özüne mahsus bolmadyk ýalynjaňlyk bilen uzyn guýrugyny iki-ýana keýpihon talawladyp, itýatagyň gözeneginden daşary garanjaklady. Serhet galasynyň giň howlusynda her haýsy özüne tabşyrylan ýumuş bilen başagaý bolup ýören tanyş serhetçileri siňe-siňe synlady. Misli olaryň ýüzlerinde, hemişe özüni görende ýylgyryp duran eziz keşbi görmekçi bolýan ýaly… Emma… olaryň hiç biri-de ýüregi gysýan köpegiň intizar bolup agtarýan keşbine çalym etmeýärdi. Köpegiň lapy keç boldy.
Birdenem aňynda ýylpyldap giden inçejik umyt bilen, araçäk zolaga nobatçylyk etmäge, serhetçileriň öz dillerinde aýdyşlary ýaly “gulluk etmäge” ugraýan serhet saklawlarynyň çykyp gidýän derwezesine garşy gözüni aýlady. Serhet galasynyň nobatçysy nobatdaky serhet saklawyny derwezeden çykaryp goýbermek üçin olaryň öňüne düşüp barýardy. Derwezäniň agzynda bolsa serhet galasynyň gorag zolagynyň beýleki ganatynda nobatçylygyny tabşyryp gaýdan serhet saklawynyň esgerleri gala girmek üçin nobatça garaşyp durdylar. Ýöne olaryň hiç biri-de köpegiň gözleýän mähribany däldi. Eýýäm bir hepdä golaý wagt bäri ýürekdeşini görmän ýören Ýolbarsyň göwnündäki gussa has hem joşup, onuň gursagyny iç ýüzünden dyrmalap, ýüregini mynçgalap başlady. Köpek tutuş durky-düýrmegini gaplap alan düşnüksiz duýgularyna tap getirmän, güjüklikden saýlanaly bäri, ömür etmedik zadyny etdi. Naýynjar çyňsady-da, göýä ondan haraý isleýän ýaly gapdalynda duran Merdanyň aýagyna başyny süýkedi. Janaweriň bolşuna ýaş esgeriň ýüregi gyýym-gyýym boldy.
- Wah nätjek-dä, Ýolbarsym, onuň harby gulluk möhleti doldy ahyry. Ol öýüne gaýtdy ahyry…-diýip Merdan Ýolbarsyň başyny sypalap durşuna gyryljak hümürdedi. Yzçy köpek misli onuň sözlerine düşünen ýaly başyny göterdi-de tukatlykdan ýaňa püre-pür gözlerini Merdanyň ýüzüne dikdi. Birdenem assaja öwüsýän şemal ýoluny üýtgetdimi nämemi Merdanyň ysy köpegiň burnuna has ýiti hapylap urdy. Ol hälden bäri bu ys tumşugyna gelip dursa-da, birdenkä bu ysyň aňyna siňen mähriban ysa birjik-de meňzemeýändigi hakyndaky duýgy itiň gaharyny getirdi. Ol göýä: “Näme üçin ol meni taşlap gitdi, hany ol, nirde?! Näme üçin sende onuň ysy bolmasa-da meniň ýanyma gelmäge, meniň ýalagyma ýal guýmaga het edýärsiň?!” diýýän dek, bogazynda gaýnadyp hyňrandy-da, Merdana gyýak ýaly ýiti dişlerini syrtartdy. Ýaş esger oslagsyzlykdan ýaňa allaniçigsi bolup tisgindi, biygtyýar götin tesdi. Şonda-da aljyradymy nämemi, hälden bäri elinde saklap duran itlere ýal getiren gazany ala-goh edip, şaňňyrdap ýere gaçdy. “Ýeser ýerde gaý tutdy” diýleni it ýatagyň beton astyna gaçan gazanyň gohuny, beýleräkde, sürüjilere ulaghanadaky ulaglara serenjam bermek barada görkezme berip duran serhet galasynyň serkerdesi eşitdi. Ol sürüji esgerlere tabşyryk bermegini tamamlady-da, itýataga gaýtdy. Gelip içine girdi. Merdan dim-dik boldy-da harby düzgüne laýyklykda özüniň näme iş bilen meşgullanýandygyny habar berdi. Serkerde “erkin” diýýän terzde baş atdy-da, hyňranmasyny bes edip ýene-de tukat biparhlyk bilen garysyna ýassanan köpegiň ýakynyna bardy. Ýolbarsyň gulaklarynyň ýeňsesini gaşady-da birdenem onuň gerşine çalaja kakyp, buýruk bermäge endik edinilen azmly ses bilen:
- Ýolbars, nahara! Tur, Ýolbars!-diýip goýberdi.
Ýüregi gysyp dursa-da güjüklikden ikinji zannyna öwrülen buýruga tabyn bolmak endigi serhetçi köpegi ýerinden atylyp turup ýalagynyň ýanyna barmaga mejbur etdi. Köpek hiç zat iýesi gelmese-de başyny galdyrman ýalyny ýalap ugrady. Serkerde dikeldi-de Merdana bellik etdi:
- Esger, bu köpekler nähili ýagdaýda bolsalar-da hemişe, iň soňky demlerine çenli buýruga tabyn bolmaga endik etdirilendirler. Näme muny saňa okuw-türgenleşik merkezinde öwretmedilermi?!
- Unudypdyryn, ýoldaş kapitan!-diýip Merdan müýnli hümürdedi.
- Unutmaly däl, esger! Näme munuň halyna men gynanmaýandyryn öýdýärsiňmi?! Ýöne oňa dözmezçilik edip, hülli-hülli bilen sen serhetçi iti zaýalarsyň! Ýeri bolýar, bar ol Agaýew Didara öwrenişipdir, indem ol harby gullukdan möhleti dolup gideninden soň Ýolbarsyň ýüregi gysýar diýeli, ýöne bu ýagdaý onuňam, seniňem öz gulluk borçlaryny berjaý etmeklerine sähelçe-de päsgel bermeli däl. Näme “ýüregi gysýar, hiç zat bilen weji ýok” diýip Ýolbarsy serhet galasyndan yzyna, yzçy itleriň mekdebine ugratjakmy eýsem?! Bolýar bar ony yzyna ugradyp, täze yzçy iti aldyňam diýeli, soň bäş-on günden eger-de sen özüňi laýyk alyp barmagyň hem-de iti özüňe höwrükdirmegiň hötdesinden gelseň, ol täze it hem saňa öwrenişer, imriger. Iki ýylyň dolandan soň bolsa senem öýüňe dolanarsyň, onsoň näme ol iti hem çalyşjakmy? Bu bolmaz, esger! Senem, menem, Ýolbarsam harby gullukçy, ählimizem islendik ýagdaýda-da öz borjumyzy berjaý etmeli. Düşündüňmi şuňa, esger?!
- Hut şeýle, ýoldaş kapitan!
- Hut şeýle bolsa, Ýolbars näçe gün bäri iýip-içmeýär?
- Üçülenji gün, ýoldaş kapitan. Ol Didary ugradan günümiziň ertesi hem öňküsi ýalydy. Iýibem-içýärdi, gündeki türgenleşikde-de ähli buýruklary ilgezik ýerine ýetirýärdi. Emma öňňin, düýn we şu gün muňa bir zat boldy. Başyny galdyrman ýatyr. Men ol keselländir öýdüp, düýn ony feldşerimize-de görkezdim. Ol hem: “Ýolbarsyň saglyk ýagdaýy gowy, ýöne ony tukatlyk basmarlaýar” diýdi. Şu wagtam naharyna baş galdyrman ýatyrdy welin, siziň buýrugyňyzdan soň ýalyny iýip ugrady.
- Hany bolýar, esger. Häzir ol iýip-içer welin, birsellem serhet galasynyň töwereginde ony gezdir. Göwni açylmazmyka. Soňra agşam onuň bilen araçägiň duýduryş ulgamynyň boýy bilen sag ganata gijeki serhet saklawyna gidip geliň. Eger-de “howsala habary” bolaýan ýagdaýynda-da dessin hereket ediş topary heniz birneme tejribesiz bolsa-da Möjegi alyp gider-diýip serkerde sözüne dyngy berdi.
Merdan:
-Düşnükli, ýoldaş kapitan! Ýerine ýetirmäge rugsat ediň!
- Berjaý et, esger!-diýip serkerde itýatagyň çykalgasyna ýöneldi. Çykyp barýarka-da eşidiler-eşidilmez hümürdedi: - Agaýew dagyny ugradanymyzda munuň olaryň ulagynyň yzyndan galman ylgap barşy bilen şeýle boljagyny bilýärdimem-le!
Merdan Ýolbars ýalagyny boşadýança garaşdy-da, soňra onuň boýnuna uzyn boýunbagyny dakyp, gezdirmäge gitdi. Şol gün gündizem ol Ýolbarsa tälim bermäge çytraşyp kän azar bermedi. Mazaly garaňky gatlyşandan soň bolsa ol araçägiň duýduryş ulgamynyň sag ganatynyň başlanýan nokadyna çykdy-da, düzgüne laýyklykda gijeki serhet saklawynyň ulusy hökmünde, saklawyň kiçisine özi babatda yzdan näçe daşlykda ýöremelidigini, eger-de zerurlyk ýüze çykanda haýsy yşarat bilen ýanyna çagyrjakdygyny, özi bellenilen nokatlarda serhet galasy bilen aragatnaşyga çykanda onuň nähili ýagdaýda saklanmalydygyny tabşyrdy-da, çyrasyny ýakdy. Soňra ýüzüni garaňka tutup, Ýolbarsy öňüne düşürip, yz gözegçilik zolagynyň boýuny syryp ugrady.
Olar öz maýdallaryna gidip barýardylar. Daş-töwerek dag eteginiň gijesiniň gözedürtme garaňkylygyna beslenipdi. Ýyldyzlarynyň öňüni goýy gara bulutlar tutan asman misli gyşyň ortaky aýy bolsa-da henize bu güne çenli teşne topragy ýagyn-ýagmy bilen gaýym gandyryp bilmeýändigine ökünýän ýaly, şu gün-ä howadan sowuk ýagşyň, ýagmyrly harasadyň ysy gelýärdi. Bu mahal şemal bolmasa-da howa sowukdy. Emma birbada ýyly ýerden çykandyklary üçin Merdanyň ini tikeneklese-de ýöredikleriçe ol gyzyşdy. Soňabaka galyň hem endamyna şapylaşyp duran esger geýimleri ony derledip ugrady.
Takmynan bäş-alty kilometr geçip, araçägiň duýduryş ulgamynyň sag ganatyny ýarpylaberenlerinde Merdanyň garaşyşy ýaly sowuk ýagyş siňňitlilik bilen çisňäp başlady. Merdan begendi. Ol ýagyşly howany juda gowy görýärdi. Sebäbi munuň ýaly howada dürli oýlanmalaryň derýasynda akyl gämisini ýüzdürmek juda lezzetlidi. Ýagyş damjalary şybyrdap yzba-yz ýere gaçyp durlar. Seniň göwnüňde bolsa nähilidir birhili süýjümtik gussajyk emele gelýär. Şol bir wagtda-da süňňüňi ýaşdygyň, heniz tutuş geljegiň öňüňdedigi, harby gullukdan dolanyp geleriňe sabyrsyzlyk bilen garaşýanlar bilen bir hatarda garaşýanyň hem bardygy hakda, bagt hakda, arzuwlaryň hakda süýji pikirlerden dörän şatlykdan dolduryp, damarlaryňda gyzgyn ganyňy at çapdyrýar. Ýagyş bolsa bu zatlaryň barysyny saňa wada berip, tükeniksiz damjalary bilen geljekde bagtly boljakdygyňa güwä geçip şol ýagyp dur, şol ýagyp dur…
Yz gözegçilik zolagyny gözünden sypdyrman, kalbyny doldurýan duýgularyna berlip barşyna Merdan öňünde tumşugyny ýere uzadyp, ýagyrnysyny tüňňerdip barýan Ýolbarsyň gerşine tarap elçyrasyny aýlap goýberdi. Öl-myžžyk bolan gerşiniň tüýleriniň syh-syh bolandygyna gözi düşüp ýaş ýigdiň köpege nebsi agyrdy. “Üşeýän bolaýmasyn” diýen pikir bilen köpege tarap ýene-de çyrasyny aýlady. Emma serhetde gulluk edip ýören iki ýylynyň dowamynda sowugy-ýagyşy piňine almazlygy edähet edinen Ýolbars ezileni azaryna däl ýaly maýdalyna mytdyldap barýardy. Köpegiň ezilen arkasyna seredip barşyna, bir hepde mundan ozal, özleriniň harby gullugyny tamamlan Didar dagyny ulaga mündürip öýlerine ugradyşlary Merdanyň gözüniň öňünde janlandy. Dessine-de Didar dagynyň ornuna özüni hem-de deňdeş esgerlerini goýup, özlerini öýlerine ugradyşlaryny göz öňüne getirmäge başlady. Ine, serhet galasynyň araçäkde gulluk edip ýören serhet saklawlaryndan galan bütin şahsy düzümi howludaky meýdançada dabaraly harby geýimde nyzama durlar. Ýap-ýaşyl baýdak al-asmanda pasyrdaýar. Olar bolsa Didar dagynyň duran ýerlerinde aýratyn nyzama durlar. Serkerdeleri hem olara watan öňündäki borçlaryny abraý bilen berjaý edendikleri üçin olara döwletiň, serhet birikmesiniň ýolbaşçylarynyň adyndan minnetdarlyk bildirýär, ähli şahsy düzümiň adyndan olara iň ýagşy arzuwlary edýär. Soňam olaryň öňünde dim-dik bolup harbylarça hoşlaşýar-da, elini aşak goýberýär.
Şol pille-de hälden bäri serkerdäniň her bir hereketini penjireden synlap duran aragatnaşyk nobatçysy serhetde öňden gelýän dessura eýerip, duýduryş ulgamynyň ýaňyny doly sesine işledip goýberýär. Onuň sesi gulagyňy deşip gelýär, emma ol şeýlebir ýakymly hem-de şeýlebir gussaly. Çünki ýaňyň sesi esgerleriň abraý bilen öýlerine dolanýandygyny aňladýar, çünki onuň sesi esgerleriň iki ýyllap duz-emek bolşan ýoldaşlaryndan, gijelerini gündiz edip gulluk eden serhet galasyndan aýrylýandyklaryny aňladýar… Soňra serkerdäniň yşaraty bilen beýleki esgerler olary hangöter edip çetde duran ulaga mündürýärler-de, däbe görä ulagy işletmän, ählisi bilelikde ony itekläp, serhet galasynyň derwezesinden çykarýarlar. Diňe şondan soň sürüji ulagy işledýär-de, tozan turzup ýola düşýär. Şol pursadam Ýolbars özüni saklap duran ýaş esgeriň elinden sypýar-da, Merdan dagyny äkidip barýan ulagyň yzyndan tüwdürilip gaýdýar. Edil Merdanyň elinden sypyp Didaryň yzyndan ylgaýşy ýaly…
Birdenkä Merdan pikirlerine gümra bolup, aragatnaşyk nokady gizlenen sütüniň deňesinden serhet galasy bilen aragatnaşyga çykman ötüp barýandygyny saýgardy. Ol elçyrasyny öçürdi. Bu onuň garagörnüm yzyndan özüni gözünden sypdyrman gelýän saklawyň kiçisine: “men aragatnaşyga çykmakçy, saklan-da meni gora” diýdigidi. Merdan bilindäki enjamyny aldy-da onuň ujuny aragatnaşyk nokadyna sokdy.
- Aragatnaşyk nobatçysy!-diýip enjamdan tanyş ses eşidildi.
- Gülala-güllük. 36-njy şahamçadan barýan. Nobatçylygy dowam edýän.
- Düşündim, Sag ganat, ýigrimi dokuz! Dowam ediber.
Merdan enjamyny ýygnady-da, elçyrasyny ýakyp ýola düşdi. Emma aragatnaşyk nokadyndan kän daşlaşmankalar yzdan iki sapar yzly-yzyna “güp-güp” edip nämedir bir zada kakylýan ses eşidildi. Merdan bada-bat düşündi. Bu esgerleriň okgabyna el bilen kakylýan sesdi. Bu yşarat bilen ýanynda radio aragatnaşyk serişdesi bolan saklawyň kiçisi oňa serhet galasyndan habar bardygyny aýdýardy we ondan saklanmagy haýyş edýärdi. Merdan elçyrasyny öçürdi-de yz gözegçilik zolagynyň gyrasyndan geçýän ýoldan çykyp, ot-çöpleriň arasynda aşak oturdy. Onuň her bir hereketine düşüş janawer Ýolbarsam gapdalynda ýere ýapyryldy-da eserdeňlik bilen saklawyň kiçisinin aýak sesi gelýän ugra seredip başlady. Göz açyp-ýumasy salymdan saklawyň kiçisi gelip ýetdi. Ol Merdanyň hälki duran ýerine ýetdi-de aşak oturdy. Merdan gizlenen ýerinden çykyp onuň ýanyna bardy.
- Serhet galasyndan habar berdiler. 38-nji şahamçanyň 1-nji derejesinden howsala habary gelip gowşupdyr. Gyssagly barlamaly diýip buýruk bar, dessine hereket ediş topary hem häzir ugraýar.
- Onda aralyk öňki. Serhet galasy bilen aragatnaşygy saklap dur. Eňdik!-diýdi-de Merdan: - Ýolbars, öňe, öňe!-diýip yzçy köpegiň boýunbagyny silkip goýberdi. It düşündi. Ol misli bar güýjüni bir ýere çugdamlaýan ýaly bir düýrügip-ýazyldy-da, ümdüzine tutdurdy. Merdanam Ýolbarsyň gaýyş boýunbagyny elinden sypdyrman onuň yzyndan eňdi. Birsalym olar özünden garagörnüm arany açýançalar garaşyp duran saklawyň kiçisi hem Merdan dagynyň yzyndan ylgap ugrady.
Duran ýerlerinden duýduryş ulgamyndan howsala habary gelen şahamça çenli gaty daş bolmasa-da, birbada uly tizlik bilen ylgandyklary zerarly Merdan ol ýere barýançalar biraz daljykdy. Olar güpürdeşip bärden baranlarynda Merdan bir äpet gara üýşmeginiň, gahar-gazapdan ýaňa aňy öçen ýaly gaýduwsyz keçjallyk bilen duýduryş ulgamynyň sütünine hüjüm edýändigini gördi. Gara gözi düşen dessine-de Merdan nämäniň serhet galasyna howsala habarynyň gowuşmagynyň sebäpkäri bolandygyna düşündi. Bu gap-gara göwre äpet ýekegapandy. Megerem özüni bu jelegaýyň ýeke-täk hojaýyny hasaplap ýören bu garadangaýtmaz mahluk duýduryş ulgamynyň tikenli simini gyryp geçmekçi bolandyr. Çünki elçyranyň ýagtysyna onuň endam-janynyň pers-ala bolup ganaýandygy görünýärdi. Simi gyrmakdan ejiz gelenden soňam gahar-gazapdan ýaňa aňkasy aşan ýekegapan duýduryş ulgamynyň sütünine hüjüm edýän bolara çemeli.
“Serhet bozujyny” anyklandan soň Merdan ynjaldy-da, elçyrasyny üç gezek yzly-yzyna öçürip-ýakdy. Bu onuň saklawyň kiçisine: “Serhet bozujy haýwan. Dessine hereket ediş toparyny yzyna dolamak barada serhet galasyna habar ber. Men haýwany kowmaga girişýän” diýdigidi. Şol müddetem Merdanyň garaşmadyk harasady gopdy. Elçyranyň öçürilip-ýakylanyna ünsi bölündimi ýa-da ýakynynda adamyň hem itiň ysyny duýdumy nämemi äpet ýekegapan maňlaýynyň demir sütüne çapylandygyna, ýarasyndan syrygýan ganyna pitiwa etmän, ýasy, süýnmek, tüýlek tumşugy bilen sütüni “hütületmesini” bes etdi-de, agyr göwresine gelişmeýän çaltlyk bilen Merdana tarap hyrra aýlandy. Soňam dem salym pursat ony saýgarmakçy bolýan dek, gan gyzyl bolan kinniwanja gözjagazlaryny ýumjukladyp durdy-da, birdenem azalyň pahnasyna çalym edýän dişlerini gönüläp, göni onuň üstüne gaýtdy.
Mundan öň adamy ýa-da iti gören ýerinde gaçyp gidýän ýyrtyjydan beýle gaýduwsyz hüjüme garaşmadyk Merdan aljyrady. Ol bir wagtyň özünde nädip golundaky elçyrasyny taşlajagyny-da, ýaragyny aljagyny-da bilmän elini-aýagyny ýitirdi. Kiçiräk öküzçeden hem daýawrak şar-gara tüýlek ajal bolsa allajy ýaly bolup ýetip gelýärdi. Galan zatlar bolsa göz açyp-ýumasy salymyň içinde bolup geçdi. Merdanyň aýagynyň ýanynda nämedir bir zat bokurdagynda gaýnadyp aýylganç hyňrandy-da, nähilidir bir garaňkylyk üýşmegi onuň gapdalyndan ýekegapana garşy – öňünden näme çyksa-da ýüzüniň ugruna syryp-süpürip, ýykyp-ýumrup, parçalap zyňyp goýberjek ajala garşy özüni zyňdy.
Merdan bir gabyr-gubur bolanyny hem-de aýagynyň ýanyndan ýekegapana garşy özüni zyňan garaňkylyk üýşmeginiň pahna ýaly ýiti gyýaklar bilen bir silkilip, hol allaowarra atylyp goýberilendigini görüp ýetişdi. Diňe şol garaňkylyk üýşmeginiň agyra çydaman çyňsap ýere gaçandygyny görende Merdan onuň Ýolbarsdygyna düşündi. Ýaş serhetçiniň heýýaty başyndan uçdy. Ol nädip ýaragyny eline alandygyny-da, oňa ok sürüp mäşäni gysandygyny-da düşünmän galdy. Diňe özüne ýetmäge üç-dört ädim galan ýekegapanyň tumşugyna açgözlük bilen agyz uran gülleleriň onuň kellesini pytradyp, göwresini tary-mar edip gidişlerini görende akylyna aýlandy. Ol ýanbaşdan agdarylan ýaly düňderilip giden ýekegapanyň läşine üns bermän, beýleräk-de çyňsap ýatan Ýolbarsa tarap okduryldy.
Ýekegapanyň pahnasy garnyny silken bolsa-da janawer özüniň palşyga bulaşyp ýatandygyna namys edýän dek ýerinden turmaga dyrjaşýardy. Merdan ylgap bardy-da, ony ýerinden galdyrmazlyk üçin aşak basdy. Janawer esgeriň ellerini endamynda syzan dessine: “Nätdi? Seni bir gorap bildimmi? Ýaralanmadyň gerek?” diýýän dek onuň ellerini ysgaşdyrdy. Ýolbarsyň göwnüne bolmasa burnuna giren ys Merdanyňky däl-de Didaryňky ýaly bolup duýuldy. Onuň it aňynda “ahbetin dolandy-ow, mähribanym” diýen pikire çalymdaş birhili kanagatlanma duýgusy ýylpyldap gitdi. Şol ýylpyldy-duýgy hem süňňüni gowşatdymy nämemi, wepadar köpegiň gözleriniň öňüni daş-töwereklerini gurşaýan ýagyşly gijelikden müň esse beter tümlük gabsady.
Merdan gorkdy. Gyssandy. Ýolbars elinden gidip barýan döndi. Kimdir birinden delalat dilemekçi bolýan ýaly, çar ýanyna garanjaklanda, saklawyň kiçisiniň ýanyna gelendigini gördi.
-Serhet galasyna çyk derrew! Bahymrak ulag ugratsynlar-diýip Merdan gyssanjyna gygyrýandygyny hem aňşyrmady. Haçan-da saklawyň kiçisi aragatnaşyk enjamyndan serhet galasyny çagyryp ugranda-da, nädip:
-“Esger agyr ýaralandy” diýip aýt!-diýendigini hem duýman galdy. Aragatnaşyk nobatçysy bilen gepleşip durşuna saklawyň kiçisi hem Merdanyň diýen sözleriniň manysyna-da düşünmän, ol sözleri ýüzüniň ugruna aragatnaşyk enjamyna gaýtalap goýberdi. Haçan-da serhet galasy bilen gepleşip bolandan soň beren maglumatynyň manysy saklawyň kiçisiniň aňyna ýetdi. Onuň depesinden gaýnag suw guýlan ýaly boldy. Emma ol syr bermedi. Ýeň jübüsinden hasasyny çykardy-da eýýäm öz hasasyny Ýolbarsyň ýarasyna sarap gutaryp barýan Merdana uzatdy. Soňra gapdalyna geçip, oňa kömekleşmäge oturdy.
Kän wagt geçmänkä, serhet galasy tarapdan biri-biriniň yzyna tirkelip gelýän iki sany ulagyň çyrasy göründi. Azsalymdanam ulaglar olaryň deňelerine ýetip, togtadylar. Birinji ulagdan serkerdeleri ylgap düşdi:
-Kim? Haýsyňyz agyr ýaraly? Näme boldy?-diýip gelşine-de sowal yzyna sowal ýagdyryp ugrady.
Merdan bilen ýoldaşy ikisi biri-birine göz astyndan müýnli garanjaklaşdylar. Merdan ýüzüni sallady-da, ýoldaşyndan bir ädim öňe çykdy:
-Ýoldaş kapitan, habar bermäge rugsat ediň! Saklawyň kiçisi Annaöwezowyň bu ýerde hiç hili günäsi ýok. Men oňa serhet galasyna şeýle diýip habar bermegi buýurdym. Bu meniň günäm.
Serkerde düşünmedi:
-Esger, bu ýerde näme bolýar? Haýsyňyz agyr ýaraly? Nämede seniň günäň bar?
Merdanyň bogazy doldy. Ol gepläp bilmän, serkerdäniň gözüniň öňünden gyra süýşdi-de, endam-jany bilen hasa saralgy ýatan Ýolbarsyň hem-de ondan aňyrrakda ýatan mähnet ýekegapanyň läşiniň öňüni açdy. Serkerde olara tarap göz aýlan badyna ähli zada düşündi. Ol hyrra yzyna öwrüldi-de, özlerine tarap ylgaşyp gelýän esgerlere gygyrdy:
-Çaltrak boluň, zemmeri getiriň! Bu ýerde agyr ýaraly esger ýatyr!
Категория: Hekaýalar | Просмотров: 468 | Добавил: Bagabat | Теги: Serdar Ataýew | Рейтинг: 5.0/2
Awtoryň başga makalalary

Hekaýalar bölümiň başga makalalary

Köprüler / hekaýa - 15.01.2024
Jan / hekaýa - 08.03.2024
Çöldäki jaň sesleri / hekaýa - 06.03.2024
Başky söýginiñ müşki / hekaýa - 04.01.2024
Kitap / nowella - 16.03.2024
Surat / nowella - 14.03.2024
Gara gözli söýgi ýaşaýarka... / hekaýa - 17.01.2024
«Daglaryň ruhy» / hekaýa - 07.03.2024
Deñinden ötüp bolmaýan adam / hekaýa - 18.01.2024
Mertlik hemme kişä berilmeýär / hekaýa - 16.01.2024

Teswirleriň ählisi: 0
Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]