23:08 Soltansöýünden 40 gazal | |
BISMILLÄHI – R-RAHMANY – R-RAHYM
GAZALLAR 1 Eý, Habybyňdan gelip, hamdyňda, «Lä uhsy» sena, Ol çu ejiz bolsa waspyň, kim kyla algaý ýene. Kämy-rahatdyr seniň, şowkuňdaky enduhy-gam, Aýşy-eşretdir seniň, yşkyňdaky derdu-yna. Genç tapsa mungym olmas, kimi sen kylsaň pakyr, Genç berse müflis olmas, kime sen berseň gana. Köňlümi et magmur, mähriň birle, leýken goýmagyl Nepes onda kylaly hyrsy-höwes tarhyn bina. Hassa köňlümi özüňden özgeden bigäne kyl, Özgeden bigäne kylgaç, kyl özüňe aşyna. Zulmaty hijranyň içre, ýol azyp sergeşte men, Öz-özüň sary hedaýet şemi birle ihdina. Lutp edip uşşak era, ýa Rep, nowa kylgyl nesip, Tä Hüseýniniň makamy bolsa bu dary-pena. 2 Men-ä geda, nädip ol şa hamdyna eýleý eda, Ki şalar şasy geldi, gedalaryga geda. Jelaly bagynda [göýä] haşhaş hokgasy ýaly Nujum dürleri birle bu gümmezi mina. Howaýy gadaryda ýüz gatla zerreden ögsük Kuýaş çyragy ki äleme ýaýdy nuru-zyýa. Ger olmasa onuň emri, pelek bu surgat ile Öz-özünden hereket eýle almagaý asla. Beýigräk istese müň ýylçylyk ýol asandyr, Gaşynda çarhdan olmak, bu tüdeýi gabra. Tebärek Alla ol, sanyg ki hikmetinde, Azym jahyl erer, kim özüni diýr dana. Hüseýni olsa seraser günähi-jürm ne gam, Çu dost lutpynyň umydy bar, besdir oňa. 3 Eý kylyp röwşen, ulus tapmaga enweri hüdä, Mushaby ruhsar üze «weş-şems» birle «wazzuha». Leýletil magraç şerhi sünbüliň tabyda derç, Ol şebistan şemi kaddyň, onda aryzdan zyýa. Gözleriňe täki çekdi sürme mazagal basar, Bu mugaýýandyr ki mundan zahyr oldy mätaga. Her tarap gisularyňdyr şerg üçin heblul-metin, Jählu-zulmat çahydan çekseň erer elni rowa. Ger saňa ýok saýa, taň ermes, neden, kim çün kuýaş Zahyr oldy, saýa gitmän, künjide istär hafa. Bolmadyň mekdebe maýyl, leýk azat eýlediň Akly-hyss tyflyn jahalat mekdebinden daýyma. Kylsaň äheňi şepagat ol makam içre ne taň, Ger Hüseýni dagy uşşagyň era tapgaý nowa. 4 Ne ajaýyp hüý erer, eý şohy siminber saňa, Kim niçe mähriňe jan bersem imes bawer saňa. Ýa saňa ýok rehim, ýa peýgamym aýdarda saba, Kylmady zahyr meniň halymy eý dilber saňa. Çünki diwanaň men, algym ýok etegiňden elik, Ger jepa ýüz munça bolsa, eý peri-peýker saňa. Ha jebri-zulum kyl, ha wepa kim her nepes, Wale-ýu-diwanarakdyr jany gamperwer saňa. Hetden ötürme, Hüseýine jepany, rehim kyl, Kim, ulus şahy durar, leýken erer çäkir saňa. 5 Öwrülip gül başyna bilbil wysal olgaý oňa, Gül onuň başyna öwrülse ne hal olgaý oňa. Bilbili kim görse gülden bu sypaty diljuýluk, Bire müň kylmasa öz mährin muhal olgaý oňa. Sensizin dem urmagym emkan imes, bilbil ki ol, Galsa gülden aýry, wah, ne kylu-kal olgaý oňa. Bar idi çolpanu-aýyňa elem, wah bolmasyn, Kim gubar olgaý muňa, ýa hut zowal olgaý oňa. Bir kuýaşydyr Hüseýni yşky, umyt ol durar, Kim seniň husnuň sipehride kemal olgaý oňa. 6 Boldy gül wagty-ýu men har gamyndan mübtela, Hijr odundan läle dek, bagrymda ýüz dagy bela. Gan ýaşymy gördüň-u gül dek köňül halyn dagy, Bu sypat halymy pes alnynda arz et, eý saba. Garka men göz merdümi dek gan ýaşym silabyga, Ah, kim, perýadyma ýetmes bu gün bir aşyna. Haly-zaryn sen kibi soltandan aýry düşgeli, Ýaprak ermes güle, kim ýüz til bile eýlär eda. Men biler erdim ki ýokdur intiha yşkyma hiç, Tä gül waslyň bile kyldym muhabbet ibtida. Läle dek meý jamyny tutgul ganymat gül çagy, Hasse kim eşrete öwürdi bilbili bidil sala. Ger Hüseýni tapmady bergi jemalyň bagyndan, Bu çemende eý güli nowras saňa bolsun baka. 7 Neýlden her bir elipdir, ol mahy ruhsar era, Ýa nahaly serwi bolmuş jilweger gülzar era. Ger Mesiha ömründe direltdi bir niçe öli, Dilberim ýüz müň ölini direlder güftar era. Eý ki bolmuş her seri muýuňa bagly bir köňül, Ýok ajap il köňlüni elter iseň reftar era. Oklaryň içre gylyjyň zahmydan ganly köňül Açylyp dur göýäýe bir gunça ýüz müň har era. Aňlaman serwi üzre gül peýwent kylmyş bagban, Ýogsa gül sanjypdyr ol serwi rowan destar era. Jany ýüz derdi-bela içre çydar men göreli, Leýk dözmez men görere ýarny agýar era. Eý Hüseýni, çyksa gülgün don bile ol gül ne taň, Gije daň atynça erdi dideýi hunbar era. 8 Wah,, ki köňlüm nalasy her dem bozulgan jan era. Göýäýe bir jugt erer, perýat eder weýran era. Hokgaýy laglyň arasynda erermi, dür dişiň?, Ýa erer ol jala, kim, bolgaý güli handan era. Her kişi görse periler içre sen göz merdümin, Bir perini jilwe kylan, sagynar ynsan era. Ençe gan dökdi gözüm hijriňde, eý gan döküji, Imdi göz açsam görer men älemidir gan era. Sil gelse jala birle ogşadar men oňa kim, Gözlerimiň agy akan-dideýi girýan era. Istegeç mejruh köňlümden okuny, reşkden Tapmasyn diýp, ýaşyryp men synaýy birýan era. Iki gaşyňnyň hyýaly muttasyl köňlümdedir, Bir dilawer dek ki salmyş iki ýa gurban era. Hijr girdabynda gark oldum, kemendi wasl ile - Çek meni, kim galmaýyn, bu bahry bipaýan era. Geldi yşkyma alaç etmäge bir gün bir rapyk, Bu Hüseýni köýdi uşbu şuglaýy suzan era. 9 Serwi-näzim jilwe kylmas, wah, neteý bossan era, Ol elip dek kamaty hem ýok bozulgan jan era. Her niçe serkeş durar bu serwi katlar akybet, Mümkin ermes bir bile deň bolmagaý bossan era. Hijr tabydan içim, birýan balyk dek örtener, Ger watan tutsam balyk dek çeşmeýi-haýwan era. Wagyz-a dowzah ody mühlik ise ýüz şükür, kim Bir ýüzi jennet, gamydan galmadyk hijran era. Bir bagyr perkalasy hijride, wah, kim galmyşam Nuh ömri çaglyk ahy-eşkden tupan era. Eý musulmanlar, pygan, kim Ýusubymyň hijrinden, Galdy her bir katra bagrym parasydan gan era. Men garry ýüz gam bile galyp, ýigit janym baryp, Sagp mundak kimsäge duşmaý durar döwran era. Ger Hüseýni dert ile köňlün bozar, ermes ajap, Nagmalar kim muň bile zahyr kylar efgan era. 10 Tä düşüpdir men sereşkim bahrydan girdapda Zülpi dek, sergeşte jismim, boldy piçu-tapda. Tä iki gaşyň sary maýyl durar suzan köňül, Eýledir kim, çüýşe-ýu-şem, asylar mährapda. Derlegen mahweş ýüzüňniň eýle lutpy bar kim, Görmedik ol huplugy hergiz güli sirapda. Lagl erer iki lebiň, söz riştesin ötüreli, Suft erer agzyň ki zahyr boldy lagly napda. Zülpden laglyň sary, halyňdyr onuň ogrusy hinduýy, Kim şeker istär, ogrulyk eýlegeý mahtapda. Jan berip ebnaýy döwr ondan wepa göz tutma kim, Ýok turur bu şiwe ne mahbubu-ne ahbapda. Eý Hüseýni, jan berer düzgeç muganny şeddi ruh, Ruhy kudsy paýz ýaşyrmyş meger myzrapda. 11 Oda ýandyr serwini ol kaddy ragna bolmasa, Ýele bergil gülni ol ruhsary zyba bolmasa. Serwi birle gül tomaşasyna meýlim ýok turar, Bag era ol serwi gülruhdan tomaşa bolmasa. Näge saplar çekdi müžgänden, eger jan mülküne - Gözleriniň meýli her dem katlu-ýagma bolmasa. Bolmagaý erdi junun deştinde sergezdanlygym, Zülpi piçu-tabydan başymda söwda bolmasa. Göwheri maksut tapmak mümkin ermes eý, rapyk, Göz ýaşyň tä wasl umydy birle derýa bolmasa. Saky-ýa, meý tut ki hijr enduhydan bolman halas. Her dem elimde leba-lep jamy sahba bolmasa. Eý, Hüseýni bada içsem ýar elinden deň durar Bolsa aby Hyzru-ömür jawydan ýa bolmasa 12 Pyrkatyňdan ýok idi jismimde jan, janymda tap, Gözde hunap erdi-ýu gamgyn köňülde piçu-tap. Ne demi derdi-gamyňdan bar idi aramy-sabr, Ne zamany dagy-hijriňden bar erdi hurdu-hap. Nägehan ýetdi sowady namyň ol jan müždesi, Ol sypat kim safhaýy kafury üzre müşki nap. Okygaç mazmunyny jansyz tenime berdi ruh, Eýle kim Isa deminden aýaty «Ummul kitap». Budur umydy Hüseýniniň ki ýetgeý waslyna, Hak nesip etgeý ony, Wallahu aglam bissawap. 13 Eý pyrakyň zulmydan janymda ot, köňlümde tap, Oda düşen gyl kibi jismim era hem piçu-tap. Yşk era bitaby-takat bolmagym ermes ajap, Kim pyrakyň goýmady köňlümde ne takat, ne tap. Kaýda barsa ol sagadat ahtary hemraýy men, Kim kuýaş tagjyl kylsa, saýa hem eýlär şytap. Çün howala eýlediň, hijrana kylma şikwe kim, Katl hökmi eýlegenden soňra, hajat ýok ytap. Serwi-ýu sünbül bile gül waspydyr ol safhada, Kaddu-zülpu-aryzyň ýady bile açsam kitap. Tutmaýyn hergiz ol aý adymy, leýkin gamzasy, Gan dökere meýl edip, lagly meniň adym atap. Ýar yşkydan Hüseýini köňli taby ne ajap, Kaýda, kim ot bolsa taň bolgaýmy, bolmak onda tap. 14 Zerre ýaňlyg aýp imes, köňlümde düşse yztyrap, Mehri ruhsaryga çün, her lahza gözgüdir hyjap. Köýnegi gülgünmidir, ýa gül ýüzi eksi durar, Ýa kuýaşyň tabydan gerdun üzre goýmuş sahap. Damsa bagrym gany okydan, çykar köňlümden ah, Dud olur çün ganyny ot üzre damdyrsa kebap. Rişteýi janym üzüler zülpi sary meýl edip, Gerçe köpräk gysgalar her niçe tapsa rişte tap. Aýtsam eý ömür, bararda şytabyň ne idi, Näz ile diýr kim: ajap ýok ömür işi bolmak şytap. Saky-ýa, hijran harap etmiş meni, doldur kadah, Çün harap olmak gerek, bary bolaý mestu-harap. Eý Hüseýni,, eýle, kim, wasl oldy jennet, dost, hüýr, Hijr hem dowzah durar şowk odundan onda azap. 15 Bir mysapyr aý hyýaly kyldy köňlümi harap, Galmady janyma onsuz bir zaman takat, ne tap. Bir erajyp söz eşitgeç ol mysapyrdan bu gün Bardy köňlüm ötri-ýu janyma düşdi yztyrap. Waslynda göz gähi ýyglar, gäh bakar ruhsaryga, Gäh ýagyp, gähi duran dek bahar olgaçda sahap. Wasly ykbalyda köp azarda men agýarydan, Wah,, ne talygdyr ki, dartar men behişt içre azap. Perde dek ol ýüze ýüz sürtere hut ýokdur hetdim, Bes, ýüzüm sürtere ger bolsa miýesser ol nikap. Saky-ýa, bir laglygun leb şowkydan aşufte men, Tut lebalep jamy ýakutyga salyp lagly nap. Eý, Hüseýni, ýary-kemdem gaýyp olgaç giç geler, Sähw iýmiş ol nükte, kim il ömür işin diýrler «şytap». 16 Telbiräp ýiten köňüli istedim her ýan baryp, Kuh-u derýa-ýu, beýebanlary bir-bir agtaryp. Tapdym, erse oturypdyr ýüz gamu-enduh ile, Ýar zülpünden beterräk, ruzygärin düňderip. Wah,, ki sorgaç halyny, ýummaý, döküp dide sereşk, Ýedi gerdundan pygany-otly ahyn ötürip. Wamyku – Perhadu – Mejnun mähnetime dözmeýin Köýdüler ahym odundan her biri bir ýan baryp. Men dagy dözmeý onuň, istäp, watan diýp köýmegin, Ýüz tümen teklip ile, getirdim ony ýalbaryp. Getirip çäk eýleban, göwsümi saldym ornuna, Pyrkatu – köýmek odundan, barysyndan gutaryp. Eý Hüseýni,, ol gelip tutgaç wysaly jurgasyn, Dyndyryp köňlümi, men hem içdim ony sykaryp. 17 Zagpdan urgamçy damyňa ýykylgaç çyrmanyp, Ol çybyn dek towlady her ýan tenimni aýlanyp. Leýli-ýu, Şirin-u, Uzra bardylar, wah, ne ajap Bolmagym wale saňa, kim sen, galyp sen saýlanyp. Wamyk-u, Perhad-u, Mejnun yşk oduna dözmeýin Bardylar, men galdym olardan oduma çürkenip. Çürkenip galgaç oduma, mahfy istäp gaýrydan Oturyp men türpeýiş, gör kim külümni bürkenip. Hijride janymga bidat, eýlesem aýp etmäňiz, Kim gaty hal ermiş aýrylmak birewge örgenip. Wah,, ne talygdyr ki gam şamy düýşüme girse ýar, Bawer etmeý uýkudan, segrip gopar men tisginip, Ýar köýüden öterde, başyma ýagsa bela, Onda eýlär men towakgyf her jähetden güýmenip. Renji hijran zagpydan deprenmegim emkan imes, Ençe kuwwat kaýda, kim köýüňe barsam süýrenip. Eý Hüseýni, jüz pena äheňi mälim bolmady Köýüňde kim nöwhe kyldyň zagp wagty yňranyp. 18 Yşk era Mejnun kibi, ölsem gamyňdan gaýgyryp, Daşygaý gabrym daşyn Perhat hara syndyryp. Dert ile yşk ähliniň alyga gelgeý tire gün, Göge sowursaň külümi, zary jismim köýdürip. Saky-ýa, ömri ebet tapsyn diýr erseň jamy Agzyma ýetirgil, öz agzyňa owwal ýetirip. Çün öter sen näzi-istygna bile bir hem bolar Lutp ile baksaň, ki ýoluňda galar men telmuryp. It kibi kowgynça köýüňden meni öksün diýban, Razyrak men itleriň alyga salsaň öldürip. Bir güli ragna höwesinde ki bimar olmuşam, Gan ýaşym, reňki sary ýüzde, durupdyr bildirip. Ger Hüseýni köňli köýüň içre etdi-dänmegin, Kim, onuň köňlün ýesir etdi gözüň bakyp durup. 19 Eý, dodagyň şerbeti şermendesi aby-haýat, Nutkyň alyda erer, Isaga dem urmak uýat. Lebleriň çün kim Mesiha dek ölük direltdiler, Infigalydan gyzardy laglu-suw boldy nebat. Iltipatyň eý senem, dilhastalarnyň katlydyr, Niçe bolgaý, sen meni-dilhastaga biiltipat? Bu ki bidadyň okydan, il gaçar jan howpydan, Barçasyn jem eýläp eý katyl meniň janyma at. Ger guluň men, jebr köp kyldyň diýdim, sagyn meni, Diýmedim uşşak era ryswa kylyp äleme sat. Bu çemen ählige eý bilbil mukaýýat bolma köp, Kim, sabaga seýr ýokdur daýymu-güle sebat. Eý Hüseýni, niçe bolmak binowa uşşak era, Zuht äheňi kyl, özüňi afyýet ählige gat. 20 Wah,, ki hijran barkydan, düşdi şebistanyma ot, Uçguny birle tutaşdy beýtil – ahzanyma ot. Ruzygärimnimi yşk etdi gara, ýa boldy dud, Hijr çün gam dowzahydan saldy weýranyma ot. Yşk odunyň şuglasydan köýdi köňlüm, ýa meger - Düşdi suzan ahydan Mejnuny urýanyma ot. Älem ähli janyny köýdürdi ýalan äht ile, Munça kim berdi eken ol ähdi ýalanyma ot. Bada tabydan meger, laglyň bolupdyr ataşin, Ýa meger meý lamgasy saldy meniň janyma ot. Diýdim: «Okuň degse derdim dagyna ot çakylar», Diýdi: «Suw ornyga bermiş çarh peýkanyma ot». Ger Hüseýni ahydan ot düşse her ýan aýp imes, Yşk mundak hemra etdi, ahu-efganyma ot. 21 Algaly şeýda köňüli bir kaddy-ragna ýigit, Görmedim husn ähli içre husny ruhefza ýigit. Ýok halaýyk, kim melaýyk hyýlydan çykgaý pygan, Segredip at, girse meýdan içre ol ragna ýigit. Nasyh-a neýläp özümi meý içerden zabt edeý, Kim maňa manzur sakydyr kadahy peýma ýigit Ýok ajap yşkyňda bir diwana men dek bolmasa, Çünki sen dek ýok, peri-peýker melek sima ýigit. Zümreýi uşşak era ýok men kibi ryswa garry, Eýle kim husn ähli içre sen kibi ziba ýigit. Gerçe husny-näz uýkusydan açylmas gözüň, Bu garry gul sary hem bir bakgyl, eý mürze ýigit. Binowalykdan Hüseýni çäre ýok uşşak era, Hasse kim ýar olsa mahzy näzi-istygna ýigit. 22 Köňlüm aldy bir kaddy ragna, dony gülgün ýigit, Husny dilkeş, özi zyba çäbüki möwzun ýigit. Imdi biten serwi dek, her sary kaddy jilweger, Ýaň-le dogan mehr ýaňlyg, husny ruzefzun ýigit. Ýüz tümen Hysrowy – Şirin laglyga Perhat edip, Biadat Leýlini kylgan, yşkyda Mejnun ýigit. Ýok ki men dek arzuwsynda, besi gamgyn garry, Belki ýüz müň mençe derdi yşkyda mahzun ýigit. Ýok ki salgan pitne döwrana müfettin gamzasy, Iki fettan göz bile hem husnyga meftun ýigit. Saky-ýa bu kähruba dek ýüze meýden gune ber, Kim salar janym era ot, bir lebi meýgun ýigit. Eý Hüseýni, garragan bolsaň dagy çek jebrini, Terki yşky etseň andak tapmagyňdyr çün ýigit. 23 Bolgaly gaýyp gözümden, bir kaddy möwzun ýigit, Görmedim husn ähli içre husny ruzefzun ýigit. Gelse altyn ýüz üzre gülgün ýaşym, wah ne ajap, Gözden ýitmiş bir dony zerkeş, ýüzi gülgün ýigit. Kim eken meýdan era gaýyp ýigitler gözünden, Kim gamyndan daş urar göwsüne ýüz mahzun ýigit. Men garry ölsem gamy hijranynda, ýokdur ajap, Kim erer sergeşte gam deştide ýüz Mejnun ýigit. Neteý agşam gelse Aý üzre ýaruk ahtar kibi, Zip üçin başy üzre diken dürri meknun ýigit. Ol ýigit alyda bir efşanlyk eýleý nagt jan, Arzuw ýa sagy birle bolmagymdyr çün ýigit. Eý Hüseýni, bolsa ýüz janyň pida kyl hijride, Kim tapylmas dünýäde andag ýene möwzun ýigit. 24 Aldy bu mahzun köňüli bir kadah peýma ýigit, Kaddy ragna, özi zyba, husny bihemta ýigit. Aferiniş bezminiň araýyşydyr husn ile, Bize bolgan zibu ragnalykda bezmara ýigit. Jany-köňlüm gülşeniniň hem güli, hem serwidir, Gül kibi ýüz birle geýgen hylgaty hazra ýigit. Jana ýetgeý Isa - Ruhylla eý, aramy jan, Tapsa budur penada sen kibi tersa ýigit. Ähli yşk içre tapylmas, men kibi şeýda garry, Ähli husn içre niçik kim sen kibi zyba ýigit. Tä hatyň çykmaý durar, kylgyl wepa hatyn rakam, Kim bu gülşen gülleri bolmas tikensiz aý ýigit. Diýme ol jöwr etse özge bir ýigit peýda kylaý, Eý Hüseýni, bolmas ondak çün ýene peýda ýigit. 25 Waslydan mahrum olup, hijridedir men paýbest, Nagşyn elter nakanyň ýolunda boldum ýere pest. Gäh galtandyr ýaşym, gäh uýkuda bimar göz, Ýok ajap, ger gözýaşym galtanu-ol uýkuda mest. Kuhy Kap üzre gamy hijrimi goýsam bir zaman, Barmy emkany onuň kim tapmagaý ol dem neşest. Tüni-gün mahzun köňül, biz nalany pest etmäli, Wah,, ki müşgil hal ile bize gaty iş berdi dest. Özge mahweşler hyýaly gelse nämährem görüp, Köňlüm etrapyny kyldym, mähr ýanlyg harbest. Taň imesdir kim bolup men mesti tam şamy ebet, Kim ezelde kysmatym boldy maňa jamy elest. Eý Hüseýni, wasl üçin her niçe kim çekdim mesaf, Hijr bolgaç rube-ru kalbym era boldy şikest. 26 Ýar köýüden öterde görkezer bu zar meks, Söz diýse dagy jogabyda kylar bisýar meks. Ol peri nazzarasyga eý ki tapdyň destres, Gör meniň mejnunlygymy, kylmagyl zynhar, meks. Akyl durmas mende-ýu köňlümde bir dem eý rapyk, Eýle kim ösrükler içre eýlemes hoşýar meks. Ger diýsem eý ahtary sagt ötmegil tagjyl ile, Diýr ki öz seýride kylmas köwkep saýýar meks. Bezmiden sorganda ger gijräk çykarman zagpdan, Aýp imes kylsa teherrük wagtyda bimar meks. Iştiýakyda ölüm halydadyr men, eý ajal, Jan pida eýleý saňa gelginçä kylsaň ýar meks. Näteý men, hijride meks etmeý-ýu leken hoş turar, Eý, Hüseýni niçe gün ömr eýlese yzhar meks. 27 Döküp ganym terehhum kylmadyň hiç, Görüp halym tebessüm kylmadyň hiç. Tebessüm kylmaýyn janymy aldyň, Alyp janym terehhum kylmadyň hiç. Jahan ähli köýüp, ahymdan, eý, ýar, Bu ahymdan tewehhüm kylmadyň hiç. Pyrakyda, köňül köp çekdiň efgan, Wysalyda terennüm kylmadyň hiç. Hüseýni hijrida efgandan özge, Görüp mähnet, teneggum kylmadyň hiç. 28 Hassa janym zagpyga lagly-şekerbaryň alaç, Zary köňlüm derdige janbagş güftaryň alaç. Şamy hijranyň era kim tiredir girýan gözüm, Ony röwşen eýlemekge subhy ruhsaryň alaç. Kapyry yşkyň bolup kim köňlüme neteý, junun, Akly-din kesbine onuň, bendi zünnaryň alaç. Özgeler noş lebiden, hassa men, leýkin erer, Nişi gamzaňdan, hazyn köňlüme azaryň alaç. Eý Mesiha tä lebi janbagşydan bir nukta bar, Hassa janyma ajaýyp erdi yzharyň alaç. Eý köňül, köp kylma efgan, çün onuň bidadyga, Kylmady gam külbeside nalaýy zaryň alaç. Eý Hüseýni, hassa janyňa lebiden kuwwat ber. Kim meger tapgaý bu şerbet birle bimaryň alaç. 29 Ýardan ne gelse aşyk berse jan bolgaý mubah, Depderi yşk içre göýä beýle bolmuş istilah. Köňlüm algaç barça il, köňlün musahhar eýlediň, Mülkler fathyn biziň keşwerden etdiň iftitah. Göze diýr men : «Sürme kylgaý men aýagy topragyn», Ol ki göz açgaç seniň ýüzüňi görgeý her sabah. Çyksa köňlümden dema-dem yssyg ah, ermes ajap, Kim semum olgusy otlyg dagdan ösen ryýah. Nasyh-a, imdi salah ermes maňa pendiň seniň, Yşk era ryswalyk içre gopdy çün menden salah. Aýş bossanynda ruhum täze bolmak isleseň, Tutgyl, eý gülçehre saky dembe-dem gülreň rah. Eý Hüseýni, ol kuýaş sary howa kylsaň ne taň? Çünki saz etdiň ryýazat birle hümmetden jenah. 30 Eý, ýüzüň dek görmeýin bir mehr, döwranyda çarh, Belki, köp tartyp hyjalat mehr rahşanyda çarh. Tüni-gün «wel-leýl» «weş-şems» aýatyn waspyň era, Nazyl etse ýok ajap zülpu-ýüzüň şanyda çarh. Çekdiler Ýusuby ger öz wezniçe altyn ile, Ony hergiz sençe tutmas husn mizanyda çarh. Ança husnuňdan kuýaşnyň infigaly bar kim, Esreý almas ony bir sagat ýüzüň ýanyda çarh. Gündiz olgaý gijeýi-hurşyt, aý, bir gün eger Arzyňy jilweger kylsa öz eýwanyda çarh. Ger peri husnuň bile dawa kylar diwanadyr, Ony husn ählide tutmas adamy sanyda çarh. Ger Hüseýni şamy hijrany uzyndyr taň imes, Suwsadyp barmyş özüden onuň efganyda çarh. 31 Müddeti yşkyň hyýaly birle erdim müstement, Badaýy waslyň bile bir dem bolaý diýp bährement. Çün bu döwlet bolgu dek, boldy miýesser, waý kim, Syhhatym ol lahza talyg zagpydan tapdy gezent. Hak biler kim jan era köňlüm idi hemsöhbetiň, Gerçe men zagp elinden hijriňe boldum paýbent. Sormagym üçin lebiňden kim ýazyp erdiň hadys, Dep eder, ýagny köňülniň zagpyny gül birle gant. Lutp edip çekgil Hüseýnini kemendi wasl ile, Eý ki zülpüň riştesi jan boýnyga erer kement. 32 Kyldy ruhefza lebiň gülmek bile janymny ahz, Ýygladyp kapyr gözüň hem nagty imanymny ahz. Göýäýe aşufta zülpüň hem kylyp aýýarlyk, Eýledi söwda era haly perişanymny ahz. Kyldy agzyňnyň hyýaly hem adem sährasyda, Jöwheri janymny, ýagny: nagty pynhanymny ahz. Laglydan her käm kim tapdym unutdyrdy pyrak, Eýledi ömrümde jandan bähre alganymny ahz. Çün meni-bidilge atdy gamzasydan näwiki, Diýdi kim kylguň köňül ornyga peýkanymny ahz. Wah, ki döwrany hamydan agzyma etgeç katraýy, Saky-ýa, döwr eýlär ol dem bir kadah ganymny ahz. Aklu-huşu-sabr baryp, galganym bir jan idi, Eý Hüseýni, hijr eýlär imdi galganymny ahz. 33 Şükür Alla, kim jemalyňdan gözüm röwşen durar, Hassa köňlüme wysalyň gülbüni mesgen durar. Otly ahymdan ki hijriň içre çekdim şuglalar, Şemi ykbalym bu gün ol şugladan röwşen durar. Derefşan gözüm, jemalyň jöwheriniň eksiden, Ger burun dürji göwher erdi bu gün mahzan durar. Ne üçin gül dek açylmaý, bezmi eşret içre kim, Mejlisim şemi bu dem ol serwi siminten durar. Eşk ile eşret gülün açdyň ýene yşk elinden, Eý, Hüseýni saňa ýüz tahsynu - müň ahsan durar. 34 Täze boldy bagy köňlümde pyrak azarydyr, Jilwe kyldy gül neteý, bagrymda hijran harydyr. Serwiýu-gülden her dem efzun bolsa derdim, ne ajap, Dertli köňlüm çü ol hemdert ýarym sarydyr. Wah, neteý gülnar ýaňlyg läleler nazzarasyn, Men ki bir gülruh üçin bagrymda hijran harydyr. Nasyh-a, gül keştiden köňlüm alajyn alma kim, Hassa köňlüme tikilen hary hijran käridir. Çarh dikendir, aýyraý, eý gülruhyňdan gül çagy, Eý Hüseýni,, bu pyrak ol wadanyň boljarydyr. 35 Ah, kim bagrym pyraky-dert okydan ýaradyr, Wah,, ki köňlüm tygy hijran zähmiden ýüz paradyr. Hassa köňlüm sormak üçin bir nepes et eý tebip, Kim bu gün her lahza bimarym özüden baradyr. Sabr öýüni nasyh-a, pendiň ne abat eýlegeý? Telbeýi kim akly-danyş mülkünden awaradyr. Her gije bir aý gamyndan, wah ki zalym çarhnyň, Işi ahwalyma ýüz müň göz bile nazzaradyr. Eý Hüseýni, köýmegimi, yşk era aýp etmegeý, Kim ki bilgeý hassa köňlümde ne ataş paradyr. 36 Gül ýüzi etrapyda ol läleýi asfarmydyr Ýanyda zülpimidir ýa käkili anbarmydyr Läleýi asfarmydy ol aý ýüzüňniň döwrüde, Ýa kamar döwrüde görkezen özün ahtarmydyr. Laglydanmy, her zaman zahyr bolar şirin sözi, Ýogsa gül ýapragydan bolgan aýan şekermidir. Aryz üzre her tarapmy göz açyp sen näz bile, Ýa açylgan her sary gülzar era abharmydyr. Dähr içinde apaty düşmüş kyýamat boldumy, Ýa ki çykgan bezmden mest, ol peri-peýkermidir. Lagly meýden jan tutup men, saky-ýa, şerh eýle kim, Bada kuwwaty ruhdur, ýa özgeçe, jöwhermidir. Eý Hüseýni,, barça uşşak içre sen-sen binowa, Halyna näsazlyklar kylgan ol kapyrmydyr. 37 Ile bakyp her zaman, ýüz näz bile gülmek nedir?! Özgeleri direldip, wah meni öldürmek nedir?! Il sary bakyp gülüp, gunçaňy eýläp derefşan, Reşk peýkanyn hezin köňlüm era tikmek nedir?! Aby-haýwanyňdan ile jan bagyşlap lutp ile, Laglyň odundan meniň janymy köýdürmek nedir?! Noşhant eýläp çü çok sözler gatar sen özgäge, Men wysalyňdan talaffuz eýlegeç, sögmek nedir?! Aýt ýamanlapdyr eýesine «Habar ýok», eý köňül, Bu misil dek her zaman ol şowkydan küsmek nedir?! Ile lutp etmekden, er, janymy almakdyr garaz, Ýar, eger sen-sen meniň jan bermegime şek nedir?! Eý Hüseýni,, çün maňa köpräk idi umydy lutp, Maňa kem bolmak ne erdi, gaýryga köpräk nedir?! 38 Bolsam öý künjide eşkim katrasy gülnar erer, Azmy gülzar eýlesem, gül gözlerime har erer. Gündiz ol – bu birle her nowg olsa kylgaý men beser, Gije weýran öýüde, wah, ýalňyzlygym duşwar erer. Kylmagaý meng jununam, yşk era köýen kişi, Kim meni diwana kylan, bir peri ruhsar erer. Arzuwdyr düýşde waslyň, wah ki düýş erer muhal - Maňa kim gözüm gije daň atynça bidar erer. Tä Hüseýni wysal üçin ýüzüňe tikgeý gözlerin, Iňňe dek her kirpigine eşkden bir tar erer. 39 Pyrkatyňdan hassa köňlüm, katra-katra gan erer, Alla, Alla, bu ne hijri bihetdu-paýan erer. Her sary ýüz zähm erer, jismimde wah nasyh tili, Hijr okundan her jerahat içre bir peýkan erer. Göz kylar bu wejhden tünler dür eşkin nisar, Kim hyýalyň jan öýünde her gije myhman erer. Hanjary jebriň durar otly köňül asaýyşy, Suw niçik kim teşne lebler derdine derman erer. Eý Hüseýni,, hijr era bihutlygym aýp etmegeý, Her kişi kim bir peri yşkynda sergezdan erer. 40 Zagpdan her dem çü ol aramy janym suwsaýyr, Janym olup hassa, jismi natuwanym suwsaýyr. Zynhar, öwrülge sen başyga eý, sergeşte jan, Her haçan kim görseň ol jany-jahanym suwsaýyr. Görüner her dem gyzyl talhynça siýdik, gan ýaşym, Gam elinden çünki ol serwi rowanym suwsaýyr. Mähribanlykdan imes walla diri bolmak maňa - Dertden, çün ol rapyky mähribanym suwsaýyr. Eý Hüseýni, sustlyk bolgaý, eger jan bermesem, Zagpydan her dem çü ol aramy janym suwsaýyr. | |
|
√ Gowy görülen goşgy / Goşgular - 05.01.2024 |
√ Ak buýnuzly ak maral / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Käbir aýallara melek diýýäñiz / Goşgular - 04.02.2024 |
√ Düýş hem ýagyş / Goşgular - 09.01.2024 |
√ «Отвергнув гордое сомненье…» / Goşgular - 29.02.2024 |
√ Goltugy daşly adam / Goşgular - 05.01.2024 |
√ Sowuk söz / Goşgular - 31.01.2024 |
√ Kyrk ýaşa ýeteniñde / Goşgular - 03.02.2024 |
√ Lenç edilen nakyl / Goşgular - 05.02.2024 |
√ "Gelin jan..." / Goşgular - 26.03.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |