00:27 Sowaly jogaply goşgy | |
SOWALY JOGAPLY GOŞGY
Neçün ýaş dilenýär uzakdan uzak, (Ýürege-de düşdüm, ýazyp kän gezek) Gaty giden ýaşam dälmidir güzap?! Heňňam üýtgär durar, çalşar nesilem, Utar, artyk berilmeden kesilen. Garantgy deý bir eňňere bakjada Galmanyň kem dälmi, bijäň çyksada?! Ýat sürä goşulan goýun mysaly Ýa özgäň ýaşyny karz alan ýaly. Ekip bilmeseň ýa orup bilmeseň, Daşy daş üstünde goýup bilmeseň, Gatyrdadyp alma iýip bilmeseň, Yşkyň joşup ýary söýüp bilmeseň, Turaňda hasaňy alyp gelseler, Halyňa rehm edip ýa-da gülseler, Töwerek deň-duşsyz çolap galansoň, Uzak ýaşam hezil däldir, ynansaň! Şony dilemänden gowsy ýok onsoň. 2022 ý. | |
|
√ Çarwa arabyñ söýgüsi / Goşgular - 10.02.2024 |
√ Şemally gün / Goşgular - 27.01.2024 |
√ Ynanarmykan? / Goşgular - 30.01.2024 |
√ Gowy görülen goşgy / Goşgular - 05.01.2024 |
√ Soltan / Goşgular - 27.03.2024 |
√ Perişan kalbyñ umydy / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Tazy / Goşgular - 30.01.2024 |
√ Wiswisi lakamly obadaşymyň ömür beýany / Goşgular - 25.03.2024 |
√ Siziñki / Goşgular - 30.01.2024 |
√ Tilki bilen üzüm / basnýa / Goşgular - 10.01.2024 |
Teswirleriň ählisi: 2 | |
| |