14:53

Staliniñ garderoby

Категория: Goşgular | Просмотров: 430 | Добавил: Haweran | Теги: Allaýar Çüriýew | Рейтинг: 5.0/2
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Alabahar / Goşgular - 21.03.2024
Çarwa arabyñ söýgüsi / Goşgular - 10.02.2024
"Gelin jan..." / Goşgular - 26.03.2024
Ak buýnuzly ak maral / Goşgular - 01.01.2024
Aldawçynyñ pañ-pañy / Goşgular - 18.01.2024
Nädip ýaşamaly?! / Goşgular - 13.01.2024
Nokat / Goşgular - 28.01.2024
Atsyz goşgy / Goşgular - 31.01.2024
Käbir aýallara melek diýýäñiz / Goşgular - 04.02.2024
Mähremlikden nyşan sen... / Goşgular - 08.05.2024

Teswirleriň ählisi: 19
0
1 sussupessimist  
1627
Onsoň? Elinde giden yurt bolan, ol yurtda-da giden intelligensiyanyň, ençeme million adamyň ömrüni kül eden adamyň garderobynda name bolanda-bolmanda näme? Şoňa düşünmedim.
Stalin şeyle pespäl adam bolan eken diyiljek bolyamy?
"Bir soragyň ýigrimi yyllyk sütemi" diyen kitapda repressiyalar hakda gurruň berilyardi dälmi?
Gaygysyz Atabayewiň mazaryny gördüňizmi? Nedirbay Aytakowyň mazaryny? Staliniň garderobyny?

0
2 Pegass  
1546
Goldaýan @sussupessimist agzany.

0
3 kungfuu  
1292
Taýagyň iki ujy bar.
Beýik şahsyýetlerde hem gowy eden işleri bar, erbet eden işleri bar.
Türkmençilikde ölen adamyň yzyndan diňe gowy gürrüňler edilse gowy görülýär.

0
4 Yusup  
50
Türkmençilikde ölen adamyň yzyndan diňe gowy gürrüňler edilse gowy görülýär.

Dogry aýtýaň, emma Stalin ol kesgitlemä girenok.

0
5 Haweran  
411
Tüweleme, Stalin hakda bir Allaýar aga hiç zat bilmeýän eken...

0
7 Garadag  
128
Prosto, Iosif Wissarionowiç moda kowalaşmadyk bolmaly.

0
6 kungfuu  
1292
Sowet gazanynda gaýnan adamlar...

0
8 Bagabat  
43
"Solženisyny okaýyň!"-a diýip biljek däl.
"Arhipelag Gulag"-yň gaty kän ýeriniň göz-görtele ýalandygy, toslamadygy, ulaldyp ýazmakdygy, özüne "töleýänleň" göwnünden turmak, "berekellasyna" mynasyp bolmak üçin ýazylandygyna, sähelçe dykgatly okasaň düşünip bolýar.
Ýöne "Warlam Şalamowy okaýyň!" diýip welin biljek.
Ine 100% çeper hakykat!
"...Lager durmuşynyň her minudy - zäherlenen minut. Ol ýerde adamyň bilmeli däl, görmeli däl zatlary juda köp, a eger-de göräýen bolsa-da - iň gowusy, onuň öleni ýagşy. Ol şo ýerde ýaranjaňlygy, ýalançylygy, ownuk hem iri näkesligi öwrenýär. Erkinlige dolanandan soň, ol ahlak böwetleriniň nirä-de bolsa bir çete süýşürilendigini görýär. Görlüp otursa, näkeslikleri edibem, barybir ýaşap ýörüp boljak ekeni. Ýalan sözläbem - ýaşap bolýan eken. Seredip otursaň, näkesligi eden adam ölmeýän eken" (W.Şalamow "Gyzyl Haç" hekaýasyndan).
Ýene-de Warlam Şalamow ýazýar:
"Adam üç hepdeden soň haýwana öwrülýär - agyr işde, sowukda, açlykda hem ýenjilmelerde".
Adamzadyň tutuş taryhy, eýdip-beýdibem bolsa, haýwandan ynsan ýasamagyň alajyny agtarmaga, şony şeýtmäge ymtylyşdan püre-pür. Adamzada garşy iň nejis etmişem, adamdan mahluk, ynsandan haýwan ýasamak.
Onsoň @sussypessimistiň aýdyşy ýaly: "onuň garderobynda näme bolanda näme"?.
Bu medalyň bir tarapy!
Ikinji tarapam: Çingiz hanam öz ýurdunda görlüp-eşidilmedik gahryman hasaplanýar. Mähnet heýkelem Sonžin-Boldog sährasynda dur.
Diňe maglumat üçin aýdylanda bolsa, taryhy maglumatlara görä, Çingiz hanyň ýörişlerinden öň Mawerannahrda, Horasanda takmynan 25 milliona golaý adam ýaşap, arkaýyn eklenmäge mümkinçilikli bolupdyr. Mongol-tatar ýykgynçylygy bolsa tutuş sebiti ýer bilen ýegsan edip, takmynan 4-5 asyr yza serpikdiripdir.

0
9 Bagabat  
43
Stalin ýaly taryhy figuralar bilen baglylykda bolsa, "gurmagyň hatyrasyna gyrmak lazymmy" ýa-da "gyrmazlyk üçin gurman oňmak dogrumy" diýen dilemma bilen bagly çekişmeler hemişe-de dowam edäýjek ýaly. Her kimiň öz nukdaýnazary bar, "kim gaýkyny halaýa, kim küýkini".
Adatça, bir tanşym: "Süňňi sagatlary bolsa halaýan ýok..." diýip, şu aýtgyň yzyna gep goşup galýar :-).

0
10 Bagabat  
43
“Gurmagyň hatyrasyna gyrmagyň” apolegetleriniň ritorikasy bilen baglylykda aýdylanda bolsa, elbetde, şol “gyrylýanlaň” biri özüň bolman, “gyrla-gyrla gurlanlardan” peýdalanýanlaň biri bolsaň, onda gowy bolsa, gowy bolmagam ahmal.
Eger-de özüňde ynsabyň sesini gapdyryp bilseň.
Belli rus şahyry Nikolaý Tihonowyň “Çüýler hakda ballada” atly meşhur goşgusy bar. Şony özümçe guş dilinde wüjürdesem şeýle diýilýär: “Çüý ýasaýsaň şu adamlardan, Dünýäde çüý bolmazdy, şolardan berk...”.
Elbetde, durmuşda çüý zerur zat. Ony gerek ýerinde ulanmagam amatly. Ýöne, adamdan "çüý" ýasalsa ýaman :-(.

0
11 sussupessimist  
1627
Şalamowdan gayry, Yewgeniya Ginzburg atly tuys kommunist ayalyň "Крутой поворот" kitabyny, ya bolmasa Atajan Taganyň "40 yylda yazylan kitabyndan" Hydyr Deryaň başdan geçirenlerini okasaňam kän zat görüp bolyar.
Beyle "gurluşygy/gyrlyşygy" gören adamlaň süňňünde ayylganç gorky galyar, ol gorky bolsa yurdy ösdürip biljek islendik inisiatiwany öldüryär, höwesi köki bilen sogrup ayyryar. "Bir gowy iş etjek bolup, özüme gerekmejek üns çekäymäyin. Gowsy oňayyn-la" diyip oturyaň. Ine, iň zyyanly taraplarynyň biri. Şoň uçin repressiyalardan soňam SSSR ykdysadyyetde dunya liderine öwrülibermedi. Tölegsiz zahmet guyji hokmunde lagerdäki bendileri ulananyňda-da, olaň getiren peydasy gaty şübheli boldy. Ahyrsoňam yurt (fundamenti şeyle bolansoň) 70 yyldan dargady, henizem dargamagynyň netijelerini gòrüp otyrys.

0
12 Adamzat  
141
@sussupessimist, ýewreýleriň Stalin barada ýazanlaryna ynanmaň. 30-njy ýyllaryň repressiýalaryny gurnanlar ýewreý komissarlar, soňra Beriýa olaryň özüni gyrdy. Umuman, şunda ölenleriň sanyny çişirýärler. Bu barada Wadim Kožinowy okasaňyz gowy bolar..

0
13 Remezan  
1397
Stalin berk tutmadyk bolsa, ýurt ýañy SSSR gurulan wagtyndan hasaba alsañ hakykatdanam Özüniñ liderlik derejesini saklandygyna dogry diýmek dogry.
Eger häzirki garaýyş bilen syn etseñ onda ol birnäçe hat-da Mydamalyk we müdümilik adyny ýagşylykda ýatlanjak adamlaryñ ýok bolmagyna sebäpkäri Stalin diýýän az däl. Indi öz pikiriñizi aýdyñ. Siz bir maşgalanyñ baştutany Sizden akylly maşgala agzasy tapylyp başlasa sesini basýan gaharlanmak ýa gazaplanmak, sögmek häsiýetleri edýänsiñiz...
Ýok, diýersiñiz!
Ýöne, barybir şony edýäniñize şübhesiz aýdyp biljek.
Ýene bir adamzadyñ ýalynjañlyk we kem gözleme dogabitdi häsiýetinden esaslansak.
Eger-de Gitler ýeñen bolsady, onda bu wagt Stalin Gitlerdenem beter wagşy uruş turuzyjy, Gitler bolsa ýagşyzada ederdik.
Adamyñ erbedi ýok eger şonuñ pikiri bilen pikirdeş bolup, pikirini goldasañ.
Iki adam uruşsa hökman biri ýeñiji birem ýeñliji (taýak ejizde döwüler) bolýar.
Goşgy barada, Gowy goşgy, öz döwrüniñ iñ söýülip okalmaly goşgysy.
Bu wagt kim näme diýse diýsin.
(Gorkmasa sylamaz, şu real däl virtual ýagdaýda hem şeýle)

0
14 Haweran  
411
Gadyrly agzalar we okyjylar!
Şu günden şeýläk saýtyñ süzgüjinden, synagyndan mazaly geçen az sanly awtor-agzadan başgalara eser paýlaşma mümkinçiligini çäklendirmeli bolarys. Munuñ birnäçe sebäpleri bar: açyk düşündirip biljegimizem, bilmejegimizem. Hiç kim ýokuş görmesin. Saýtda eser paýlaşmak isleýänler elektron salgymyza ugradyp bilerler:
haweranm@mail.ru
Wagtymyz boldugyndan, temalaryñ hiline seredip saýtda okyjylaryñ dykgatyna ýetireris.
Hormatlamak bilen!

0
17 sussupessimist  
1627
Regulirowka, dogrudanam, gerek

0
15 sussupessimist  
1627
Mbah, yamman oynatgylyk guyçlenyäräy dünyäde. Tutuş taryhy yazyanlaram yewreymiş, dünyäni yeke özi bulap oturanam yewreymiş. Gaty hezil mantyk - öz gelen pikiriňi (yalňyş bolsa-da) absolyuta, giden taryhy çeşmeleri (ygtybarly bolsa-da) dünyagarayşyňa ters gelse - yewrey toslamasyna òwrübermeli. Belki, Koźinow diyyäniňem yewreydir? Daş-towerek, içiň-bòwrüň yewrey. Kä pikiri öňe sürüp ugrasam, "Menem yewrey bolaymayyn?" diyip şübhelenip ugradym. Haweran, senem yewrey gerek? Remarky nasistler öz döwründe aslyny yaşryp yören yewrey hasaplayan ekenler (sebabi garşysyna giden. O nahili bolya? Mumkin däl! Ariyler garşysyna gidip bilmez ahyryn! Hä, düşnükli, Remarky terslikgän okasañ - Kramer. Bah, gabat gelayşini!)
Remezan, dostum, senem terslikgän okasak Nazemer bolyaň, ço-to... iwrite meňzeyami?

Staliniň birgiden çykyşlary bar dowurleyin gazetlerde. Расстрелять эту сволочь diyip gol çeken dokumentleri bar. Öldürilip, ençeme günlàp meydanda yatyp, etleri bir-birine yelmeşip giden, şoň uçin garym-gatym jaylanan birgiden jesetli mazarlar bar...
Yewreyler, siziň aydyşyňyza ynansak, Hudaydanam güyçli bolmaly. Yigrenç bardyr, düşünyän, yone biraz mantykdan çykmaň.

Stalin babatda - şol repressiyada million bolmasyn, çişirilip geçsin, haysydyr bir bähbit bilen yekeje bigünä adam öldürildimi - jenayat şol.

Eger bu zatlar yurt bahbidi uçin edildi diyip bilyän bolsaňyz, şoňa-da mantykly diyip, çynyñyz bilen ynanyan bolsaňyz, hayyşym bar: sizem tizräk öläyiň, belki, ykdysadyyetimize gowy yeňillik bolar. Il bähbitli iş etdigiňiz bolar ahyryn?

Gitler bilen Stalini terezä goymak dogry däl. Biriniň has psihopatlygy - beylekini aklanok. Ikisem ganhor.

0
16 sussupessimist  
1627
"Bize Gün nämä gerek?
Biziň öz Günümiz –
Stalinimiz barka?!" - diyibem goşgylar yazylypdy öz döwründe... öz döwründe "söylüp okalan" goşgulardan...

0
18 sussupessimist  
1627
Ay, yone adamlara özbaşdak pikirlenmegi, "bu sizden bukulyp saklanyan syr" diyip eyyam milliard gezek aydylan propagandany, manipulyasiyany seljermegi başarmagyň zerurlygy hakda düşündirjek bolup, biderek azara galyp yörün. Repressiyalara ya bir yerlerdäki gyrgynçylyga, zorluga gezek gelende "ynsanperwerlik" reźimini òçürip, ykdysadyyetçä hem politologa öwrülyàn adamlara hiç haçanam düşünmerin.

0
19 Garadag  
128
Stalin temasyny täze bir mowzuk etmeli.

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]