15:55 Täze ýyl gutlagy | |
TÄZE ÝYL ARZUWY
Arzuwlaryň ýyldyz edip seç göge, Umyt ýüregiňde ýarsyn şinesin. Asmanda dogan Gün, gel-de, geç töre, Saýrak guşlaň, goý, ýüregi giňesin. Günler şatlygmyza bolsun sebäpkär, Her ojaga ýylgyrjaklap bagt dolsun. Göwnüň göge galmagyna sebäp kän, Bir-birege mähir, söýgi nagt bolsun. Boýumyzy deňläp bagtyň boýuna, Ak ýollara alyp gitsin ädimler. …Gursagyna ýyldyz bary goýulan Arçalar — bagtyna meňzeş adamlaň. Ruhumyza juda golaý bu ýyllar, Ömürlere şatlyk nury sepilen. Gel, arzuw edeli, köňül ýylynar, Dosta sary açyk dursun gapylar. Her bir öýde şatlyk, gülki bol bolsun, Aýdalyň biz bagtyýarlyk nagmasyn. Täze ýyl şeýle bir şowly ýyl bolsun, Goý, arzuwlar hasyl bolman galmasyn! Goçmyrat ORAZBERDIÝEW. | |
|
√ Eýdip-beýdip... / edebi ýaňsylama / Goşgular - 12.01.2024 |
√ Garaş maňa / Goşgular - 17.02.2024 |
√ Hakyky şahyr / Goşgular - 08.05.2024 |
√ Estagfurullaly bentler / Goşgular - 14.02.2024 |
√ Sowuk söz / Goşgular - 31.01.2024 |
√ Ýogaldy / Goşgular - 05.05.2024 |
√ "Gitdim senden ilerledip ümzügi..." / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Dostluk hakda / Goşgular - 18.02.2024 |
√ Sumbaryñ kenarynda / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Är garrar... / Goşgular - 30.04.2024 |