14:36

Watan

WATAN

Güýç alanym, mährim siňip yşkyňa,
Ähli beýikligiň seresisiň sen.
Gözlem röwşen tapar ajap keşbiňe,
Seniň birje gysym mele topragňy
Dünýäniň malyna çalyşmaryn men.

Seni zerler bilen bezärdim,
ýöne
Seň ýanyňda zerler dagy nämedir?!
Maňa ylham berýän ummanymsyň sen,
Göwnüm seniň gujagyňdan gitmejek
Şol ummanda erkin ýüzýän gämidir.

Kalpdan çykýar seň şanyňa sözlerim,
Ýeller owaz bolup girýär kalbyma.
Gül sähraňdan nura dolýar gözlerim,
Mähriň ýüregimde gaýnasyn Watan,
Ýagşy zatlar ýaran bolsun alnyma.

Mähirli goýnuňda ösdüm,
                                                örňedim,
Zybanyma asal bolup ornadyň,
Durmuşyma bagt nuruny gatanym.
Beýikligiň adyň bilen ölçesem
Sen elýetmez, mukaddessiň Watanym!

■ AŞGABAT

Keşbiň säherleriň aklygy ýaly,
Göýä erteki deý tämiz, hyýaly,
Bägüller büremiş jähekläp ýoly,
Ol jenneti ýada salýaň, Aşgabat!
Täze ýyly garşy alýaň, Aşgabat!

Güller açýan baharymsyň, baharym,
Güllärsiň sen waspyň edýän mahalym,
Lowurdaýan ak mermerden şäherim,
Ol jenneti ýada salýaň, Aşgabat!
Täze ýyly garşy alýaň, Aşgabat!

Dünýäň nazarynda bedew deý badyň,
Kalplara ylhamdyr zerewşan adyň,
Sen guwanjy bolduň ýakynyň-ýadyň,
Ol jenneti ýada salýaň, Aşgabat!
Täze ýyly garşy alýaň, Aşgabat!

Ajap seýilgähler sende ýerleşýär,
Guşlar saýrap, öz dilinde gürleşýär,
Bagta uzan ýollar sende birleşýär,
Ol jenneti ýada salýaň, Aşgabat!
Täze ýyly garşy alýaň, Aşgabat!

Sadap MUHAMOWA.

Категория: Goşgular | Просмотров: 368 | Добавил: Нawеran | Теги: Sadap Muhamowa | Рейтинг: 0.0/0
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

К 16 января 1814 года / Goşgular - 16.01.2023
Eje, maňa erteki aýdyp bersene! / Goşgular - 01.01.2023
Men dünýäň aşygy / Goşgular - 08.01.2023
Петербургская ночь / Goşgular - 14.01.2023
Подражание арабскому / Goşgular - 03.02.2023
«Только закрою горячие веки…» / Goşgular - 20.01.2023
Ф.Е.Коршу надпись на третьем выпуске «Вечерних огней» / Goşgular - 21.01.2023
"Menem nalaç özgesine duşaryn..." / Goşgular - 19.01.2023
Старые часы / Goşgular - 24.01.2023
Watan / Goşgular - 07.01.2023

Teswirleriň ählisi: 0
Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]