Ýagsana, Ýagyş…
Ýagsana, ýagyş,
Kirşenläpdir ýüregimiñ münberi,
Toz basypdyr köne duýgy dünýäsin.
Sen olary bir enaýy ýuwsana.
Dama-dama köl bolmaly damjalañ
Derman bolsun, guýsana bu gursaga.
Ýagsana, ýagyş,
Dem salym dem alsyn dumanly dünýäm.
Ýok edip birmahal hapa çöp-çalañ
Siñen gussa atly duýgynyñ baryn
Seniñ juda uzaklardan görünýän
Bulutlañ gelerne garaşyp durun.
Ýagsana,
Göreýin-le her damjañda özümi,
Durmasana, säher agysy tutup,
Aglap bilmän duran çaga meñzäpjik.
Hiç bir ýana sowman çygly ýüzüñi,
Ýere sary gaýdyber-dä dyñzapjyk.
Ýagaý-a, ýalbarýan,
Edil şu pursat
Hasrat atly böwetleri a:şa:ýyn.
Aglaýanym bildirmänjik hiç kime,
Ýalandan hem bolsa, ýekeje pursat,
Menem il deñinde bagtly ýa:şa:ýyn.
Bu sowgady maña etsene bagyş,
Ýagsana, ýagyş.
Süleýman HOJANEPESOW.
|