19:51 Ýalñyşlyk hakynda | |
ÝALŇYŞLYK HAKYNDA
Ýalňyşmaýan adam ýok bu dünýäde, Ýalňyşýandyr adam adyn göteren. Megerem tegmildir gödek ýalňyşy, Bu babatda men özümden çen tutýan. “Ýalňyşmaryn” diýip, ýalňyşdym ýene, Soň ýene, soň ýene, bi nä ahwalat? Gaplap alýar käte görer gözleri, Çyn nire diýsene, durşuna galat. Ýalňyşlyk köp boldy, alýaryn boýun, Käsi ýatda, sapak etdim käsini. Ýalançy biriniň gürrüňin diňläp, Näme üçin berdim onuň “häsini...” Ýene-de ýalňyşdym, boýun alýaryn, Ýalňyşmajak bolup ýalňyşdym ýene. Ýalňyşlykdan ýalňyşlyklar döreýär, Ýalňyşlyklar öwsüp gitmeýär ýele. Durmuşda ýalňyşman ýaşap gören ýok, Bu tegmildir, belki, tohum-tijiňe. Ýalňyzmazlyk başartmandyr diýýärler, Dünýä döräp, adamlaryň hijine. Alymam, daýhanam ýalňyşyp biler, Agsaksyz bolmaýar ahyry süri. Sen iliň ýalňyşyn sanajak bolma, Habar al özüňden Allaýar Çüri. Allaýar ÇÜRIÝEW. | |
|
√ Hakyky şahyr / Goşgular - 08.05.2024 |
√ Perişan kalbyñ umydy / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Estagfurullaly bentler / Goşgular - 14.02.2024 |
√ Gowy görülen goşgy / Goşgular - 05.01.2024 |
√ Nädip ýaşamaly?! / Goşgular - 13.01.2024 |
√ Suwdan ot çykaran goşgy / Goşgular - 31.01.2024 |
√ Är garrar... / Goşgular - 30.04.2024 |
√ "Gitdim senden ilerledip ümzügi..." / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Täjir tanşyma / Goşgular - 16.01.2024 |
√ Puluň başarnygy barada agymtyl goşgy / Goşgular - 10.01.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |