YNSANYÑ GEÑ HALY
Ynsanyň geň haly barada gürrüň edesim gelýär-de ýoluny tapamok. Ýogsa bu biziň her birimiziňem başymyzdan geçýär. Emma köplenç muny duýmaýarys ýa-da duýsagam üns beremizok, gadyryny bilemizok. Meniň diýjek bolýanym, gezip ýörsüň welin, birden kelläňde bir pikirmi, netijemi, düşünmekmi şulara meňzeş bir ýagdaý bolýar-da özüňi öňkiňden bir basgançak ýokaryk galan ýaly duýýaň. "Şu wagta çenli näme üçin beýle pikir etmedimkäm?" diýýäň. Dünýäň giňeýär, gözleriň has uzaklary - ertiri, birigüni, hatda ondanam aňyrraklary görýär. Ýogsa, beýle bolara ullakan sebäbem, bolan waka-da ýokdur. Bolan zat diňe birden pikire gidýäň, edebi dilde aýtsaň - oýa çümýäň.
Gowsy, şeýle hallarymyň birini gürrüň bereýin. Gapydaky mellege şugundyr tohumyny sepýärdim. Birdenem oturdym-da pikire gidenimi duýman galypdyryn. Adamyň akylam şeýledir, bir pikiriň ilki kiçijik dänesi beýniň öýjüklerinde döreýändir. Soň başdan geçirenleriňmi, wakalarmy, başga biriniň seniň pikiriňe çalymdaş oýlanmasymy ýa-da aýdym-saz diýen ýaly anyk pikirler özünde bolmadyk zatlar bu pikir dänesiniň topragy, suwy, ýylysy, ýagtysy bolar. Pikiriň öser, boý alar, soňam hasylyny görersiň. Bularyň hemmesi hem edil şu sepen şugundur tohumyň dümterip, boý alyp, hasyla duruşyny görüp bilmeýşiň ýaly, öz-özi senden bidin bolup geçýär. Günler aýlanýar. Bir gün görseň, sepen tohumyň gögerendir, bir gün ýapraklanyna gözüň düşer, soň alňasap ugrarsyň, käbirini goparyp, düýbüniň - hasylynyň ululygyny barlap görersiň. Bular tebigy zatlar, ýöne meni geň galdyrýan, adam aňynda bolup geçýän pikiriň hem şeýdip ösýänligi. Ýogsa, käwagt biri saňa öwüt berse, şol öwüdem ýüregiňe jüňk bolup bir pikiriň eýesi bolan ýaly, hasyly tohum sepmän ýygan ýaly hem bolýas. Emma bu asla beýle däl eken. Gury ýere tohum sepseň, onuň suwuny, idegini ýetirmeseň gögermeýşi ýaly, pikirem, maslahatam başga biri tarapyndan taýýar oraýmaly halda kelläňä guýulsa-da bolmaýar eken. Ony sen kabul edip bilmeýärsiň. Diýmek, özüň ýeriňi bejermeseň, tohum sepip birneme derlemeseň, beýniňem hasyl bermeýän eken. Adamyň beýnisini kompýutere deňemek ýoň bolupdyr, ýöne kompýuterde-de zerur programma bolmasa, işlemän durberýär eken. Ýalňyşmasam, Jelaletdin Rumy ynsanyň iň kyn görýän işini pikirlenmek hasaplapdyr. Ylym ösýär. Biz başaryp bildigimizçe işimizi ýeňilleşdirmäge çalyşýarys. Ol işleriň içinde pikirlenmek işi hem bar. Mysal üçin, uly bir romany okajak bolup kelläňi agyrdyp oturanyňdan onuň bir-iki sagada sygdyrylan kinosyny göräýmeli. Ýa-da has köp ulanýan zadymyz, sanlary goşup aýyrjak bolup, kelläňi agyrdyp oturanyňdan kalkulýatoryň düwmelerini basyşdyrybermeli. Ol seň ýeriňe goşýaram, aýyrýaram. Meniň "pikir etmek" sözüniň ýerine "kelläňi agyrtmak" aňlatmasyny ulananym ýerliksiz görnen däldir. Sebäbi biz, kä halatda, pikirlenmegi, oýlanmagy kellagyry hasaplaýarys ahyryn.
Daýhansyz ýer bolsa tozap ýatyr. Iň erbet ýeri hem köplenç daýhan onuň tozap ýatanynam görmeýär. Onsoň käbir adamlary mala deňeseler bize geňem görnenok. "Aýdýanyň näme, mal nire, ynsan nire" diýen pikir kellämize-de gelenok. Gelsedi, azajyk zähmet çeksek ony suwarardyk, düýbüni ýumşadardyk, bir günem duýman durkak hasylyny alardyk - ynsany mala deňeseler bize juda geň eşdilerdi. Aýak ýöremekden lezzet alýar, el tutmakdan, kelle-de, näçe geň görünse-de işlemekden lezzet alýar. Ynsan diňe kellesini işledip, aşa mesliginiň ýa-da ýetde-gütderäk ýaşaýanynyň sebäbini bilip bilýär. Haram bilen halalyň tapawudynam garyn däl, kelle tapawutlandyryp bilýär. Elbetde, tohum sepilip ideg edilse. Emma Jelaletdin Rumy nä sebäpden ynsan üçin iň kyn iş, kellesini işletmek hasapladyka? Bu pikiri okamda inim tikenekläp gitdi.
Hydyr AMANGELDI.
# ekizler2.com