18:15 Janserek / roman | |
JANSEREK
Romanlar
BIRINJI BAP Il arasynda şeýle gargyş bar: ─ Ýurduňda ýumurtga togalansyn! ─ Ýurduňda it uwlasyn! Agahan oglanka garry enesi öwüt bererdi: ─ Iliň gargyşyna galmagyn, gargyş ýaman zatdyr. Eýwanly tamyň öňündäki hatar öýden ýekesi galdy. Üç öýüň ýerinde welin, edil, ýumurtga togalabermelidi. Bag-bakjaly howly mazarystanlyga öwrüldi. Ýürege agram salýan ümsümlik ýurt eýesiniň gerdeninden basdy. Garry enesi diri bolan bolsa, ähtimal: “Saňa gargyş siňendir, Allanyň öňünde etmişiň bardyr” diýerdi. Agahan başyna düşeni Alladan görmedi, adamlardan gördi. Agahanyň häzir Hudaýa ýakyn durasy geldi. Şerigatyň ýoluny bozan Agahan däl ─ adamlar. Hudaýa ýakyn durmaga Agahanyň haky bar. Ol adamlary aýyplady. Olar Allanyň beren akyl-paýhasyny şeriň ýoluna sarp edýärler. Akyla derek sabyrlylyk berlen bolsady, onda adamlar rahat ýaşardylar. Haýp, ýükçi düýäň sabyrlylygy adamlara berilmändir. Daşarda it üýrdi. Ala köpegiň sesinde äwmezlik, rüstemlik bardy. Häzir haýwan-u-ynsan ýaman niýet bilen haýatdan aşsa, ala köpegiň oýnuny şonda görersiň: ýa alar, ýa-da öler! Öljegem bolsa, seniň gözüň alnynda çyňsap ýatmaz, çete çekiler, bir çöpüň düýbünde ezýet çekip, duýdansyzam amanadyny tabşyrar. Eýsem şuny adam başararmy?!. Agahan garşysynda oturan Rahmana göz dikdi. Ýigidiň aýdyň göreçlerindäki duýgudaşlyk Agahana ýarady. ─ Rahman. ─ Aýdyber, daýy... ─ Howly boş durmasyn, Asmana-da gel diý. ─ Ondan arkaýyn bol, daýy, häzirjik getirerin. ─ Gideňde ojagyň ody sönmesin. Ýeke taşlananyny aňsa, it janaweriň uwlabermegi ähtimal. Sargytlam ýadyňda gerek? ─ Ýadymda, gaýtala diýseň-ä... ─ Ýeri, bolýar ─ Agahan ýerinden turup, gapa tarap ugrady. Rahmanyň yzyna düşenini görüp sägindi. ─ Özüm giderin. Agahan ugrubir çykyp gitmedi, iňkis bilen yzyna öwrüldi. Rahman onuň sözüne garaşdy. Ortadaky tekiz ojakda gübürdäp ojar ody ýanýardy. Onuň howry duranlaryň tenini gyzdyrsa, ýiti ýalynyň şöhlesi gara öýüň içini has giňeldip görkezdi. ─ Päheý, muň ýanyşyna seret-le!.. Rahman daýysynyň ýüzünde tomaşa görmedi. Onuň tukat göreçlerinde ýalyn oýnaýardy. Elbetde, ýyly ojagyň başyny taşlap gitmek oňa aňsat däldir. Ojak näme, ol ýurduny taşlap gidýär! Indi onuň haçan dolanjagyny Alla bilýär!.. Agahan birden ykjamlandy, gözündäki oduň ýalkymy ulaldy, ojakdaky ot onuň gözünde ýakylana döndi. Ol: ─ Rahman ─ diýdi. ─ Hawa, daýy. ─ Gapydaky köpek gürjä ýalyny aldyrar öýdýärmiň? ─ Gürji köpege dalaş edip bilmez-ä, daýy, haýwanam bolsa akyly gözündedir. Agahanyň ýuka dodaklary ýazyldy. Ýylgyrjak boldy, başarmady. “Rahman sadalygyny edýär. Haýwany haýwan ýerinde alaýýar. Bu ýerde gep adamlarda. Haýwanlaryň dünýäsi täsin-le: o ýerde güýçsüzler sabyrlylyk bilen seniň rüstemligiňe çydam edýärler. Adamlaryň dünýäsi aýylganç...” Ol pikirini bölüp: ─ Seniňkem bir hasap ─ diýdi. Ýegeniniň sadalygy Agahana ýarady. Sada adamlar sabyrly bolýarlar, dünýäniň sabyrlylygy sadalygynda. Seret, Rahmanyň gözlerinde perzendini howply ýola ugradýan enäniň naýynjar garaýşyna meňzeş duýgy bar. Şol duýgy üçin ol Rahmana minnetdar. Häzir on üç ýaşly oglundan ýa-da türmede oturan giýewsinden ne peýda? Agasy golaýynda, ýöne onuňam ýakynlygyny duýmady. Agahan onuň wepalylygyndan gapysyndaky ala köpegiň wepalylygyny ýokarda tutýardy. Neberesiniň adamlaryna-da howlynyň golaýynda görünmezligi buýrupdy. Agahan tüpeňini eline alyp: ─ Bir ýagdaý bar, Rahman, sen şol ýagdaýa mäkäm düşünmelisiň ─ diýdi. ─ Şura häkimiýeti ilaty ikä böldi. Birine “garyp”, beýlekisine “baý” diýdi. Garyplar ýaşamaly, baýlar ýok bolmaly. Ele ýarag almadan başga bize çykalga galmady. ─ Düşünýän, daýy. ─ Atam pakyr: “Keramaty güýçli Allatagalla ozalebetde bir adamy gedaý, beýlekisini baý ýaradypdyr ─ diýerdi. ─ Hudaý islese, bendesiniň barysyny-da barly edip biljek ekeni, eýsem-de bolsa, edäýmändir, ikä bölüpdir: biri baý, beýlekisi garyp. Allanyň ýazgydyna boýun bolmak bendesine buýrulandyr. Keramatly kitapda şeýle ýazylandyr” diýerdi, pakyr. Biz hakykatyň ýoly diýip ata çykýas. ─ Dogrudyr, daýy. Agahan bosagadan ätlejek bolup durka: ─ Asmany goýmagyn ─ diýdi. Giň howluda it bilen Rahman galdy. Howlynyň görnüşi üýtgedi. Töwerek has beter garaňka gaplanyp, asmandaky ýyldyzlar iňňän daşda göründi. Gara öýüň tüýnügine ölügsi ýagty düşýärdi. Ojakdaky ot hä diýmän sönmeli. Oduň sönenini gören dessine it uwlap başlar. Adamlar: “Agahanyň ýurdunda it uwlaýar” diýerler. Gaýrat dagy heşelle kakar... Rahman gapydaky ojar küdesine tarap haýdady. Uly goltuk oduny haşlap öýe saldy, tutuşlygy bilen gyzaryp ýatan üýşmek közüň üstünde goýdy. Ojakda ak ýalyn göründi. Aýak üstünde duran Rahmanyň kölegesi tüýnüge çenli süýndi. Kölegesi oňa hemra bolmady, gaýta içerik has syrly görnüş berdi. Eýesiz galan öýde oturmak, eýesiz galan geýimi geýen ýaly boljak ekeni. Rahman Asmany küýsedi. Häzir Asman gapdalynda bolsa, kalbyna arkaýynlyk aralaşar. Asyl daýysy onuň oňaýsyzlyga düşjegini bilip, “Asmany çagyr” diýendir. Rahman daýysyny ägirt gördi. Ol köp zady, edil pygamber ýaly, öňünden bilýär... Ojar ody tutaşdygyça, Rahman howra çydaman, gaýra çekildi. Içeri ýagtyldy. Ýagtylyk onuň kalbyna giňlik berdi. “Häzir gidip, Asmany alyp gelmeli” diýdi. Gelýänçäler ojar ody öçmez, item arkaýyn ýatar, uwlamaz. Rahman daş çykdy. Öňi bilen öýüň tüýnüginden çykýan uçgunlary gördi. Asman ýatman ekeni. Öçügsi ýanýan pelteli çyra dyzyny diräp oturyşyna, el işi bilen gümrady. Ojakdaky ot sönüpdir. Rahman daşardaky çigrek bilen öýüň içindäki howanyň aratapawudyny duýmady. Gara öýi gözüne has dar göründi, ýakymsyz tukatlyk onuň badyny gaçyrdy. Asman dyzyna berkiden işini aýryp, gapdalynda goýdy. ─ Äl, köp eglendiň-le... ─ Ol ojagyň iç gyrasynda, gara ýeňlik bilen basyrylan çäýnegiň üstüni açyp, onuň böwrüne aýasyny goýdy. ─ Sowapdyr. ─ Asman, daýym gitdi. ─ Gitse ─ gowy edipdir ─ Ol kesewi bilen ojakdaky üýşmek küli dördi, ýöne gyzaryp ýatan közi görmedi. ─ Ot ýakaýynmy? ─ Walla, daýyma nebsim agyrýar, ol pakyry mejbur etdiler. Ýogsa adam ýurduny taşlap gidermi?! Indi daýymyň turuzjak oýnuna syn kylyň... Asman saçakdan el ýaly çörek çykaryp, çäýnegiň böwrüne söýedi. ─ Ýagymyz gutarypdyr, çorba-da edip bilmedim. ─ Asman, gözüň ýaşaryp dur-la, agladyňmy? Asman çalaja ýylgyryp: ─ Şu artypdan ─ diýdi. Ol köne sokynyň üstüne galdyrylan pelteli çyra keýpsiz garady. Pelteden galýan ýalyn egrem-bugram gara tüssä öwrülip, içerik ýaýraýardy. Uçgun çykýa weli, peltesi ýanýar öýdýän, ýag guýmaly ekeniň. ─ Ýag bolsa, guýmak hiç-le. Rahman iki gün öň ýag getirerin diýipdi. ─ Daýym “Näçe gerek bolsa alyber” diýdi weli, şoňa-da wagt bolmady. Dogrusy, ýadyma-da düşmändir. Ýada düşer ýaly boldumy-aý... Ýeri, seň özüň alyp gaýdybereňde näm bolýamyş?! Sen şolary özüňe keseki tutýaň, meň weli, daýymdan başga hossarym ýok. Eger maňa ýamanlyk edýän bolsaň-a, onda göni ýüzüme aýt. Rahmanyň galyň dodaklary titredi. Birdenem öz galmagalyny eşitjek bolýan ýaly diň saldy. Agahanyň howlusyndan ala köpegiň loh-loh üýrýän sesi geldi. Ojagyň ody sönäýdimikä?.. Asman el ýaly ketenini dyzyna sanjyp, ýene keşdesine gümra boldy. Çytylan gaşlary kem-kemden ýazylyp, solak ýüzüne täsin rahatlyk dolandy. Ol keşde çekýärkä hemişe rahat, sebäp, töweregi unutmagy başarýar. Has dogrusy, ol öýke-kinäni basmak üçin keşde çekýär. Ynha, biraz garaşsaň, ol ýakymly bir zaryn owaz bilen assaja hiňlenip başlar. Rahman üçin ol owaz ýalňyzlygyň aýdymy bolup eşidiler. Şol aýdym onuň erkini elinden alar. Asmana ýakynlaşyp, ýalňyzlykdan gutulmagyň alajyny gözlär. Asman dymsa-da, öňden gulakda galan tanyş owaz täzeden ýaňlanan dek, Rahmany herekete getirdi. Ol süýşüp aýalyna golaý bardy. Ajy tüssäniň aňyrsyndan Asmany synlady. “Seniň reňkiň solsa-da, ýüzüňdäki mähir azalmandyr” diýesi geldi. Ýöne ýaňky galmagaldan soň, aýaly bu sözlere ynanmaz öýtdi. Sesini çykarman, aýalyny goltugyna gysdy. Asman işden ünsüni bölmedi. Rahman keşde iňňesiniň işleýşine tomaşa etdi. ─ Şo keşdäň adyny aýdaýynmy? ─ diýdi. ─ “Sekiz keşde”. Ol ýokarkam “içýanagyz”. Ynha, bujagaz ýerigem gaýma urarsyň, soňam “sygyr siýdik” bolar. ─ Aýyr eliňi, iňňe çümäýmesin. ─ Bujagaz tahýany kime tikýäniňem bilýän ─ Rahman gülüp, usul bilen aýalynyň garnyny sypady. ─ Şu ýatan pälwan üçindir. Asman ýygryldy: ─ Aýyrsana eliňi, utanaňogam. ─ Utanjak däl. Asmanyň solgun dodaklaryna reňk çaýyldy. ─ Pälwandygyny näbilýäň, gyz bolsa bildiňmi? ─ diýdi. ─ Seň özüň kimi küýseýäň? ─ Men seni küýseýän, Rahman, meni ýeke goýma, sensiz gorkýan. Rahman has gysmyljyrady: ─ Men barkam zatdan gorkmagyn. E-he!.. Dur, dur... ─ Ol ýata suwda balyk tutýanyň tomaşasyna meňzeş hereket bilen elini Asmanyň çep böwründe gezdirdi. Diň salyp oturyşyna pyşyrdady. ─ Gymyldady, walla, gymyldady!.. Dur, dur... Ana, ýene gymyldady. Bildirenokmy? Hany, eliňi ber!.. Rahman aňyna-maňyna garaman, Asmanyň elini öz eliniň ýanynda tutup garaşdy. ─ Dur entek, ýene gymyldar... Asman utançly ýylgyrdy: ─ Gaty bimaza boljak öýdýän, wagtal-wagtal bir gorsanýar weli... ─ Onda oglandyr!.. Gorsanýan bolsa oglandyr!.. Rahman dyzyna galyp, Asmany gujagyna gysdy, dulugyndan ogşady. Süýji bir äheňde: ─ Asmanym!.. ─ diýdi. ─ Seni ýanymdan goýman. Ynha, iki günden çöle gideris. Sährada göwnüň açylar. Seň göwnüň açylsa, walla, o pälwanam azar berip durmaz. Häli birden, iki bolup ýatan bolmasynlar-how?! Ýeri dar görüp, depişýän bolsalar diýýän-ä... Rahman tomaşa bilen güldi, Asmanyň ýüzündäki agyr aladany görende bolsa janygdy: ─ Seni ýeke goýman, ant iç diýseň, hol-ha, çörek dur, duzdan ant içeýin. ─ Ýaňy sen “çöle gitjek” diýdiň?.. ─ Hawa, diýdim. Daýym: “Bar ─ diýdi. ─ Asmany alyp bar” diýdi. ─ Biziň çölde işimiz ýok, Rahman. Rahmanyň gözleri tegelendi: ─ O nähili işimiz ýok? Daýyma lebiz etdim, bararyn diýdim. ─ Diýen bolsaň gidiber. ─ Senem gidersiň! ─ Maňa oba bes, men gitmen, Rahman. ─ Aýagyň agyr bolany üçin diýýämiň, ýa-da?.. ─ Ýeňil bolsa-da gitmezdim. ─ Al gerek bolsa!.. ─ Rahman şapbat bilen dyzyna urdy. ─ Eýsem, indi seni obada taşlap gider öýdýäňmi? ─ Şoň üçinem gitme diýýän-dä... ─ Hany, sen bir zady aýt-la: sen meň aýalymmy ýa-da?.. ─ Saňa gulak asmak meň borjum, ony aýdybam oturma. ─ Onda gep gutardy! ─ Ýok, gutaranok, Rahman... ─ Gutardy diýýän! ─ Rahman aýdanyny hereketi bilen tassyklaýan ýaly syçrap ýerinden turdy. ─ Maňa daýymdan ýakyn hossar ýok. Ol maňa malyny-mülküni ynanýar, ynanmasa... Agahanyň howlusynda it üýrdi. Ala köpegiň sesinde arkaýynlyk ýokdy, ol jabjynýardy. Rahman itiň sesini özüne duýduryş hökmünde kabul etdi. Ol kellesiniň gyzgynyna tas aýtmasyz zady aýdypdy. Görsene, ala köpegiň edil şu pursat üýrüşini!.. Bu ýerde adamlara bagly bolmadyk bir jadyly güýç hereket edýändir diýen şübhe Rahmany gorkuzdy. Ol Asmana tarap garady. Çyranyň diňe peltesi ýanýardy. Hä diýmän gara öýüň içi tüm garaňkylyga gaplanar. Rahman aýalynyň solak ýüzüniň kem-kemden ýitip barýanyny gördi. Näme üçin Agahan Rahmana ynanyşy ýaly Asmana ynananokka?! Eger ýaňy it üýrmedik bolsa?.. Elbetde. Rahman dile gelen sözi aýdardy. Belki, Asmanyň garaşany bolan däldir, şonuň üçinem ýüzüni sallap oturandyr?.. Bu pikirlere maýyl boldugyça, Asman kesekä öwrülip barýardy. Gör-le, albassy ara düşjek bolýar. Rahmanyň göreçlerinde şeýtan otyr, ýogsa Asman oňa keseki görnermi?! “Akmak, onuň göwresinde seniň ogluň däbşenekläp ýatyr, onsoň nireden ol saňa keseki bolýarmyş?!.” Ol ýene Asmanyň gapdalyna çökdi. ─ Daýym: “Howluda ýaşaň” diýip gitdi. Ot salyp gaýtdym, tur, gideli, Asman. Çüýşeli çyra-da bar, keýpine keşde çekip oturmaly. Et goýup gitdiler, tüwi bilen ýagam bar, palow edineli. Bi buz ýaly sowuk içerde näazaryň beýdip oturyp?!. Ana, çyra-da söndi ─ Peltede gyzaryp köz galdy, az salym tüsse galýany göründi, soňam töwerek garaňkylyga gaplandy. ─ Ýör, beýdip oturmasana, Asman... ─ Ýalbarma, Rahman... ─ Bolýa, otur onda!.. Garaňky içerde bedre şakyrdady, jygyldap gapy açyldy, soňam gürpülläp ýapyldy. * * * Rahman gaýdyp gelinçä, ojakdaky ot sönüpdir. Ol bir goltuk ojary gaýtadan otlady. Öýüň içine howur ýaýrady. Birsellem meýmiräp ýatsa, uklaryn öýtdi. Gözüne uky gelmedi. Garaşdy. Öz ýanyndan boýun almagy kiçilik bilse-de, kalbyndaky inçejik umydy äsgermezlik edip bilmedi. Dogrusy, ol Asmanyň gelerine garaşýardy. Ilki “Ýüregi ýukadyr, dözmez” diýip garaşdy. Asman gelmedi. Soňra “Ýeke ýatmaga gorkar” diýip garaşdy. Obanyň itleri ýatansoň, bu umydyndanam el çekdi. “Ýekesirär ýaly Asman indi ýeke däl ─ diýip tukatlandy. ─ Onuň göwresinde meniň oguljygym däbşenekläp ýatyr. Häzirden çarbaýlyk edýän bolsa, hökman garagol bolar. Bolsun-la, beträk bolaýmasa, şu zamanda ýaşamagam aňsat düşmez”. Ogly hakyndaky pikir onuň kalbyna giňlik saldy. Ajygýanyny duýdy. Gapdalda ýatan ýarty garna göz dikdi. Ojar odunyň gübürdisi gulaga ýakymly eşidildi. “Tüýs işlekliniň ody ekeni” diýdi. Şu pursatdan gijäniň tukatlygy gutardy, ýalňyzlyk ýadyna düşmedi. Ellerini çermäp, işe girişdi. Rahmanyň eden işleklisiniň tagamyny Agahanyň çopanlary gowy bilýändir. Asman weli bilenok. Onuň gelin bolup dula geçenine bir ýyl bolup barýar. Gör-le, henize deňiç Rahman oňa birje gezegem işlekli bişirip bermändir. Ýadyma düşmändir diýse, ýalan sözledigi bolar. Daýysy iki gezek tokly berdi, ikisinde-de ýadyna düşdi. Emma oba ýerinde işlekli edip oturmaga ejap etdi. Gapydan duýdansyz biri gelägeden, gep-gürrüň ýaýratsa, Asmanyň adyna-abraýyna gelişjek zatmy?! Çöl bolsady, onda başga gep! Çölde erkekden aýyp görýän ýok. Onsoňam, Rahman ýedi ýyllap daýysynyň elinde çoluk bolup gezdi. Indi-hä bahana-da bar: Asmanyň aýagy agyr, Rahmandan başga onuň çaýyna-suwuna seretjek barmy?! Ol üýşmek közi bir ýana serpip, mis ýaly gyzan ýere ürgün çäge dökägeden, ýene üstüne ot çekdi. Gaty kendirigi ýazyp, un eledi. Agaç tabakda hamyr ýugurdy. Soňam garnyň dogramçalaryny gapagyň üstünde has maýdalady. Oňa-da kaýyl bolman, daşyň astyna aldy, ýençdi, sogan gardy. Ýumşan etiň üstüne un bilen suw sepip, talhan garýan ýaly mynçgady. Diliniň ujuna barmagyny degrip, duzuny datdy. Has tagamly bolsun diýip burç gözledi, tapmady. Hamyry ýaýyp, içine et salýança, döken çägesi gorsawa öwrülipdir. Gapagy dolduryp duran işleklini lasyrdadyp gorsawa gömdi-de, üstüne ýukajyk köz ýazdy. Maňlaýyndan syrygýan der damjasy közüň üstüne düşende “jyzt” edip garaja tegmil emele getirýärdi-de, bada-badam bugaryp, ýitip gidýärdi. Rahmanyň agzy kepedi, gara taňkany oda goýdy. “Asman bolmasa, işdäň alarmyka? ─ Kendirigi epläp, sandyga saldy. ─ Palow bilen işlekli ýeke oturylyp iýilýän nahar däl-ä. Bolmasa, ýamaşgan gidip ýalbaraýsam näder?! Seniň üçin bişirýän diýsem-ä, geläýmegi ähtimaldyr...”. It jabjynyp üýrdi, daş bosagada biri bokurdagyny arçady. Gapy açyldy. Içeri giren Gaýrat: ─ Baý itini goýupdyr weli, ýene dolanmak hyýaly barmyka? ─ diýdi. ─ Bilemok. Gaýratyň gözleri ojar oduna düşüp ýaldyrady: ─ Sen näme üçin gitmediň? ─ Ýurdy taşlap nirä gitmeli? ─ Nirädigini Agahan aýtmadymy? Ujyz gutuldy, obada bolan bolsam, beýle aňsat sypmazdy. Gara taňka lasyrdap gaýnady, töwerege zyňlan iri damjalar ojakdan bug bilen kül göterdi. Gaýrat: ─ Çaýyňy bir demle, bir käse içeli ─ diýdi. Rahman tutaçsyz eli bilen taňkany göterdi. Gulpuň gyzgyny hamdan ötüp, ýürege ornady. Şonda-da paýawsyzy çäýnege agdarýança çydady, gaýnagyň ýary ýere döküldi. Gaýrat: ─ Agahanyň jomartlygyna haýran galýan ─ diýdi. ─ Ol indi hyzmatkärlerine işlekli iýdirip ugrapdyr. “Meniň hyzmatkär däldigimi, Agahana garyndaşdygymy Gaýrat bilýär ahyry. Ol dawa küýsäp gelipdir. Sesiňi çykarma-da otur, şonda ýeňersiň. Alynmadyk myhman uzak eglenmez”. Işlekliniň bir gyrasyndan küli ýaryp, bug zogdurylyp çykdy. ─ Agdar, ýogsa ýakarsyň. ─ He-he, tapdyň öwretjek adamyňy! Rahman çäýnegi göwünsiz süýşürip, käsänem keçäň gyrasy bilen togalap goýberdi. Gaýrat hoşamaý äheňde: ─ Seň bilen dawamyz ýok, Rahman ─ diýdi. ─ Biziň dawamyz Agahan bilen. ─ Agahan ýok, dawa nämä gerek? ─ Dolanar! ─ Dolanmaz şol-a! Rahmanyň hötjetligi Gaýratyň gülküsini tutdurdy. Ol: ─ Ýalan sözleýäň, Rahman ─ diýdi. ─ Seň bir gowy häsiýetiň bar: ýalan sözläňde ýüzüňi galdyryp bileňok. Şo gezekki bolşuň ýadyňa düşýärmi? ─ Rahman onuň aýdanyny ýalana çykarjak bolýan ýaly, ýigrenç bilen göni Gaýratyň göreçlerine garady. Gaýrat oňa ähmiýet bermän dowam etdi. ─ Ýalan söz ikimiz-ä gelşenok, Rahman, biz oňa öwrenişmändiris. Dert ─ ýaman zat, ýöne şoňa-da öwrenişseň gowy. Agahan şoňa öwrenişen adam. Meň uýamy satmanym uly ile äşgär boldy. Töhmete şaýat bolanyň üçin, sen häzir meň ýüzüme garap bileňok. Ýöne Agahandan sorasaň, häzirem satdy diýer. Şeýle dälmi? ─ Bilemok! ─ Bilýäň... gaty gowy bilýäň. Çakym çak bolsa, sen Agahanyň bugdaýly urusynam bilýäň. ─ Bilemok! Bilsemem, aýtman! ─ Onçasyny görübereris. Gaýrat ýerinden turdy. Onuň gara ädiginiň gonjunda oduň ýalkymy oýnady. Gyzgyn degip ýumşany üçin, ädik ýagynyň ýakymsyz ysy ýaýrady. Gabagyny galdyranda, Rahmanyň göreçleri Gaýratyň boýuna zordan ýetdi. Edil syryk ýaly, tüýnüge direlip dur. Köne esger egin-başynyň tyrryk gelýändigi, onuň üstesine-de, ýasy kemerini gysby guşanany üçin, göwre diýseň ykjam göründi. Iň aýylganç zadam onuň sag böwrüne ýelmeşip duran sapança. Gaýratyň sesi tüýnükden gygyrylýan ýaly içerini doldurdy: ─ Agahana derrew habar ýetiriň: eger ýaşasy gelýän bolsa, onda ertir agşama deňiç salgydyny bersin. Birigüne galsa, eşitmedim diýmäň, tamynyň depesine gyzyl baýdak dikerin. “Kolhoz gurulýa” diýip aýdyň! ─ Bar, tap-da, özüň aýt. ─ Beýle habary ýetirmeseň, Agahan diýlen adam seni sylamaz, ol-a ýegeni ekeni, dogany bolaý. Agahanda bahasyz zat bolmaz, eýýäm o işleklä-de baha kesilendir. Agdar ony, ýogsa kömür bolaýmasyn. Gaýratyň çykanyna mähetdel, ala köpek ikiýana urundy. Rahman ojagyň başynda çüýlenen ýaly bolup oturyşyna, itiň boşanmazlygyny dileýärdi. Kemerden asylgy sapança entek göz öňünden gitmändi. * * * Rahman gara öýüň gabsasyny itdi. Ilgençegiň zynjyry şakyrdasa-da, gapy açylmady. Ýene itdi. ─ Asman, Asman... ─ Dur, häzir... Rahman bosagadan üç-dört ädim gaýra çekilip, töwerege esewan boldy, diňşirgendi. Gymyldy görmedi, ýöne bu ýakymsyz ümsümlikde Gaýratyň hilesi bar ýaly, ätiýaç duýdy. ─ Asman, açsana çaltrak... Köne gabsa hyrryllap açyldy. ─ Eýgilikmi beri? ─ Eýgilik näme işlesin?!. ─ Rahman içeri girip, gabsany ýapdy. Gözi daňlan ýaly, aýylganç tümlükde hiç zat saýgarmady, diňe golaýynda Asmanyň dem alýanyny duýdy. ─ Asman, biz häziriň özünde göterilmeli, başga alaç galmady. ─ Nirä göteriljek? ─ Ana, biýem başlady!.. Bilemok! Meň diýen ýerime gitmejek bolsaň, onda özüň aýt: islän ýeriňe gitjek. ─ Meň islegli ýerim ýok. Rahmanyň garaňkyda sermenen eli aýalynyň çignine ýapyşdy. ─ Beý diýme, Asman. Edil ýaňyja Gaýraty gördüm. “Kolhoz guruljak” diýdi. Daýymyň tamynyň depesinde-de baýdak dikjekmişler. Kolhoz diýilýän zadyň nämedigini bilýäňmi sen? ─ Bilemok. ─ Bilmeseň ─ men bilýän. ─ Sen nireden bilýäň? ─ Bilýän-dä!.. Daýym aýtdy. ─ Bu zamanda gözüň bilen göräýmeseň, haýsy bir aýdylan zada ynanjak?! ─ Daýymyň aýdýanyna ynanýan, ynanjagam! ─ Ol janynyň ýangyjyna aýalyny bijaý siltedi. Asmanyň maňlaýy gelip Rahmanyň egnine degdi. Gödekligi üçin ötünç soraýan ýaly, bada-bat ony gujagyna gysdy. ─ Asman, sen meni beýdip köseme! ─ diýdi. ─ Aýala ýalbaryp durmak erkek adama gelşiksizem bolsa, men häzir saňa ýalbarýan: gideli!.. Seni kolhozyň penjesine berip biljek däl. Daýym neneňsi erbedem bolsa, walla, kolhozdan-a gowudyr. O meni hossar tutunyp ýör, bilýäň ahyry! Syryny diňe maňa ynandy. On gije şoň ýanynda bolan diňe men. Ikimizem eşşek ýaly işledik. Ähli bugdaý ýeriň astyndadyr. Gaýrat gije-gündiz sermenibersin, tapmaz ─ Rahman sesini peseltdi. ─ Urulaň bary mal ýatakdaky haýatyň aşagynda. Biri görkezäýmese, nädip tapjak. Daýym ikimizden başga bilýän barmy?!. ─ Maňa näme üçin aýtdyň, ýa daýyň aýt diýdimi? ─ Saňamy?.. ─ Ol birden etmişine düşündi. Kellesiniň gyzgynyna daýysynyň öňündäki andyny bozup, ynanylan syry paş edendigini näme bilen delillendirjegini bilmedi. Hakykaty boýnuna almakdanam gorkdy. Agahanyň Asmana ynanmaýandygyny aýtsa, aýaly gitmez. Ol çykalga bolar ýaly ikinji bir hakykaty gözledi. Asmanyň ýyly demi kükregine urup dur, onuň jogaba garaşýany hak. “Asman maňa-da, daýyma-da keseki däl-ä” diýen pikir etmişini aklamaga degerli delil bolup göründi. Gaýta syry aýan edip, ol Asmany özüne ýakynlaşdyrdy. Rahman howlugyp gepledi, onuň sözleýşinde basyrganyp turan adamyň serindäki dagynyklyk bardy. ─ Senden syr gizlemek bolmaz-a, Asman, sen nä kesekimi?! Daýym näme diýdi: “Asmany ýanyňdan goýmagyn” diýdi. “Asman “gal” diýseňem, galmaz” diýdim. Dogru-da, obada näme iş bar?! Kolhoz gurulýa, Gaýratyň özi aýtdy. It ýaly ysyrganyp ýör. “Agahanyň urusyny bilýänsiň” diýdi. “Bilemok” diýdim. Ha-ha, aýtjak gümanym barmy?! Sendenem sorarlar. Ýok, indi soramazlar, biz häziriň özünde çöle çykmaly. Gitmesek weli, walla, sorarlar. Gitmesek, gaty erbet bolar... Rahman süňňi bilen gagşady. Elleri gödeklik bilen Asmanyň ýüzüni sypady. Asman ony köşeşdirerin öýtdi: ─ Ýeriň salyngy, geç, dynjyňy al... ─ Alaşany getirýänçäm, şaýyňy tutup oturgyn. Äriniň tutanýerliligi Asmany gorkuzdy. ─ Bi tüm garaňkyda şaý bormy?! Ertire bir çykaly. ─ Eliňe ileni bor, galan zadyň gaýgysyny etme. Ertir kolhozyň penjesine düşýäs. ─ Uly iliň düşen ýerinde... ─ Seň gepiň gutarmaz-la, hany, ýör!.. ─ Rahman, goýber elimi... Meň ýagdaýymy görýäň gerek? Çöl sökmäge ýaraman. ─ Onda näme etjek? ─ Öýümde oturjak. ─ Seni öýüňde oturtmazlar! ─ Ýuwaşrak-la... ─ ...Kolhoza salarlar. Bugdaýyň nirede gömülenini aýdýançaň horlarlar. Sen çydasaňam, o garnyňdaky çydamaz. Senem çydamarsyň. Ozalynda meni öldürmeli, ýeri, aýtmasam-a allanäme boljak! ─ Aýtmadyň hasap edäý, Rahman. ─ Beý diýme, gowusy, ýör, gideli. Geregiň oba bolsa, hä diýmän dolanarys. Daýymam çölde ömrüni ötürmez, dolanar! ─ Meň saňa nebsim agyrýa, Rahman... Rahmanyň sesinde sowuklaç hem gödek äheň peýda boldy: ─ Çaky, gitmejegiň çyn-da?.. ─ Asman dymdy. ─ Onda gaýdyp menden-ä seni idän ýok. Oglumy idärin, ýöne seni idemen. ─ Ogluňam idärsiň, menem idärsiň. ─ Idemen! “Ant iç” diýseň, ant içeýin. ─ Gaharyňa häzir her zadam edersiň, Rahman. ─ Göreli bakaly!.. Rahman gapyny ikiýana serpdi. Bosagadan ätlände, depesi gapyň depesine hütüläp degdi. Bada-bat ýegşerilen ýaly etse-de, durman gitdi. Asman alaçsyzlygyndan ýaňa aglady. | |
|
√ Ojak - 2-nji kitap -14: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Ojak - 2-nji kitap - 28: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Ýedi müñ çakrym: Ýazlagda - 07.12.2024 |
√ Dirilik suwy -3: romanyň dowamy - 26.04.2024 |
√ Ak guwlary atmaň -14: romanyň dowamy - 08.06.2024 |
√ Jynlar bezmi ýa-da uly oýun -5: romanyň dowamy - 11.07.2024 |
√ Ojak - 2-nji kitap -6: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Jynlar bezmi ýa-da uly oýun -2: romanyň dowamy - 04.07.2024 |
√ Bäşgyzyl -21: romanyň dowamy - 05.11.2024 |
√ Duman daganda: Haram harama gider - 22.06.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |