18:24 Janserek -3: romanyñ dowamy | |
ÜÇÜNJI BAP Guýuda ýatan nökerleriň gurdy gündiz uwlady. Rahmanyň Asmansyz dolanyp geleni üçin Hudaýa şükür etdiler. Indi Agahanyň bahanasy gutaran bolsa gerek!.. Olar ýarag taýýarlamak bilen boldular. Has ir turup, atlary suwa ýakdylar, ýogsa, agşama deňiç hiç ýere gidilmejegine on adamyň onusynyňam gözi ýetikdi. Uzak ýoldaş bolup görmese-de, Agahan bu adamlara eýýäm düşünipdi. Olar wakasyz geçen güni ömrüň köýen pursaty saýýardylar. Hemişe “ur” diýilse, öldürmäge taýýardylar. Olaryň öz maksady bardy. Şol maksadyň amala aşmagy üçinem olara sebäp gerekdi. Bu sapar Agahanyň islegi sebäp bolmalydy. Olar obany ýangyna bererler, gabat geleni okdan geçirerler. Kim dost, kim duşman ─ saýgarmak olaryň işi däl. Haram keýpiň ýelgini olaryň gözüni gapar, kimiň gyzy, kimiň gelni diýip durmazlar, çem gelene el urarlar. “Beýle-de bir rehimsizlik bolarmy?” diýseler, “Agahana şu gerek” diýerler. Agahan olary bir topar ýarak ite meňzetdi. Çem gelene agyz urup ýörmez ýaly, ýarak iti zynjyrda saklaýarlar. Agahana diňe küşgürilen adamy ýarýan it gerekdi. Agahan oýlanyp, şeýle netijä geldi: “Oba bäş adam alyp gitmeli. Başaryp bolsa, duýdansyz gidip, duýdansyz gelmeli. Entek Gaýratyň üstüne topulyp, onuň otrýadyny dargatmakdan ir. Agahanyň dogany nähili pikir edýär? Obada bolsa, ol agşamky wakany gözi bilen görendir ahyry?! Ýa-da öz ýanyndan begenip ýörmükä? Bu zamanda her pislige garaşsa bolar! Umuman, onuň taryna kakyp görmeli. Gaýdyşyn bolsa, Rahmanyň külbesiniň üstünden sürüp, Asmany atyň öňüne basmaly”... Göwünleri göterilen ýigitler ýöne oturyp bilmediler. “Ýüzük” oýnamak üçin iki topara bölündiler. Olary hiç kim bölmedi, olar öňden bölekdi. Häzir her topar öz artykmaçlygyny mazamlamaga pursat arap, gylaw bilen ýüzbe-ýüz durdy. Bije atyldy. Aýazyň topary ýüzügi gizlemelidi. Tapmaly topara Hydyr ýolbaşçylyk edýärdi. Hydyr bu saparam Aýazyň myrryhyny tutdurdy. Hydyr burny sümükli çaga bilen oýnaýan ýaly garşydaşyna ýaňsydyjy ýylgyryp seretdi. Soňam, endigine görä, ýazgyn gytyk murtuny sypap söz gatdy: ─ Aýaz jan, sen almaly ýeriňde ýolbars ýalysyň weli... ─ Wah, şoňa gözüň ýetýä dälmi?! ─ Bu sapar aňňalak gapjagyňy aňdyň öýdýän. Oglan, öňürti şertiňi aýdarlar... ─ Eger sen “dünýäni orta goýaly” diýseňem, men bar! ─ Häý jänä!.. Asyl, deýýus, öz harydy bilen söwda etmez, tüýs jellabyň ogly-da... Aýaz oýny ýatdan çykardy. Eýýäm dodaklarynyň gany gaçyp, ýüzi kesek ýaly jansyz göründi. ─ Men kellämi goýjak, ýöne bir şert bilen ─ Aýaz öýe tarap kellesini silkdi. ─ Senem şojagaz harydyňy orta goý. Hydyryň kiçijik burnunyň deşikleri birden ýel alyp, tutuş murty ýokary dartyldy. ─ Men orta goýmaly zady görkezeýinmi saňa?!. Garpyşyga ýetdi. Agahan ara sokuldy. Ol: ─ Bolşuňyz nähili-aýt?! ─ diýip, bady gaçan ýigitleriň ýüzüne ser salyp çykdy. ─ Şert gerek bolsa, men aýdaýyn: haýsy topar utsa, şo toparam meň bilen oba gider. Duranlaryň bary birden Agahana şübheli garady. Umumy bähbidiň aladasy bada-bat olaryň towuny ýazdy. Aýaz: ─ Baý, sen bizi böljek bolma ─ diýdi. ─ Eger-de siz meni keseki saýýan bolsaňyz, onda çekinmän ýüzüme aýdyň, ýigitler. Menem öz göwnümdäkini aýdaýyn, goý, gümürtik zat galmasyn. Altyn arzyly daş, ýöne bahasy bar. “Siziň bahaňyz bar” diýsem weli, Allanyň öňünde ýüzügara bolaryn. ─ Diýseňem-ä, baý aga... ─ Aýaz, talaňçylykdan maksat bolmaz. ─ Ha-ha, geliň onda başa selle orap, mollaçylyk edeliň. ─ Ýeri gelse, edibermeli bolar. ─ Jk, şo men görgüliň başarmajak zady-da. Kulhualladan başga bilýän zadym ýokdur. ─ Kulhuallany üç öwre gaýtalasaň, aýat bolar. Agahanyň sözüne duranlar gülüşdi. Aýaz janygdy: ─ Ýeri, siz nämä gülýäňiz? Weý, ertirden bär-ä, äre çykjak gyz ýaly, agşamyň aladasy bilen başagaýdyňyz?.. Hydyryň ýeňsesinde duran uzyn eňek: ─ Senden başga-da adam bar, how! ─ diýdi. Hydyr gaşlaryny bürüşdirip, Agahana garady. ─ Baý, seni diňleýäs. ─ Ýigitler, bir zady unutmaň: oba talaň salyp, maňa kömek etmersiňiz. Ýene Gaýratyň diýeni bolar. Onuň maksady ─ obany talatmak, bizi biabraý etmek. Agahanyň öýüniň depesinde gyzyl baýdak diksem, çydamaz, gaharyna obany gyrgyna berer öýdendir. Men akmak däl-ä. Hydyr onuň sözüni bölüp: ─ Biz seniň şertiňe razy ─ diýdi. ─ Aýaz han, dowam edýäsmi? Aýaz Hydyryň sowan göreçlerine ýigrenç bilen garady. Aýaz özüni maňlaýy gara hasap etdi. Gör-le, asyl ol indi Aýazy hasabam edenok, ähli duranlaryň kethudasy hökmünde baýa jogap berýär. Ýeri, Aýazyň ýaranlaryna näme diýjek?! Seret, olaram agyzlaryny öweldişip durlar!.. Aýaz özüni gönümellikde aýyplady. “Öňürti topulman” diýip, telim öwre özüne söz beripdi. Başarmady. Belki, hiç mahalam başarmaz. Belki, şu häsiýeti ony gabra dykar. Öňden Allanyň maňlaýa ýazany şeýledir?! Ykbal bilen dalaş gurmaga onuň çaky ýok, ýöne mundan artyk Hydyryň sütemine çydamajagyny aňdy. “Ol Aýaza zeper ýetjegini bilse, enesini satmaga kaýyl. Seret, häzirem baýyň aýdanyny mamla hasap etdi oturyberdi. Hakykatda weli, ol baýyň teklibini unanok, unanok! Gör, Aýazy awundyrmak üçin öz isleginden el çekýär”. Aýaz öz ýanyndan: “Men haçan şu nejis murty, sürpek ýaly ýasy maňlaýy görmekden dynarkam” diýdi. Gurbaganyň alkymy ýaly sähel zada ýel alyp duran burnunyň deşikleri gursun! Şolary görende Aýazyň ýüregi bulanýar. Jelladyňky ýaly rehimsiz, sowuk göreçlerinden, dogrusy, biraz eýmenmänem duranok. Aýaz pursata garaşýardy. Onuň ýeke-täk arzuwy Läläni ele salmak, onuň mährinden ganmak, Agahan başaşak gitsin! Onuň obasyny ýer hopanda-da, Aýazyň artyp ýa-da kemelýän zady ýok. Wah, Läle diýsene!.. Häzirem, hol ak öýüň içinde aý ýaly bolup oturandyr. Gijeler ony düýşünde göreni üçin Allanyň adyna alkyş okardy. “Läle-de meni düýşünde görýärmikä?” diýip, kämahal ejizlärdi. Ony Hydyr bilen bir düşekde gözöňüne getirende, dünýä tersine düňderlerdi. Ýürek derdini unutmak üçin ukyny küýsärdi. Uky nire?! Edil, gözüne çiş kakylan dek, urnup daňyny atarýardy. Jeza uzaga çekdigiçe, Aýaz belli karara geldi: Hydyrdan dynmaly! Eger ony duşman güllesi almasa, onda Aýazyň güllesi alar! Ol oba çozulyp, gala-goplugyň bolaryna garaşypdy. Hydyr bu saparam sypdy. Indi Aýaza oýny dowam etmekden başga alaç ýok. Bagty çüwüp, oba özi gitmeli bolsa, ýanyp duran ýüregini az salym sowadar ýaly gabat gelen zenan maşgalany gola salaryn öýdýärdi. Ol ýoldaşlaryna ynanman, ýüzügi özünde saklady. Sähel salym geçmänkä-de, edenine ökündi. Hydyr eýýäm onuň ýaranlaryndan ikisini çykardy, özem birjik emgenmän çykardy. Her saparam Aýaza garap: ─ Syr saklamak aňsat däldir, ho-ow... ─ diýýärdi. ─ Ýüregiň daşa dönmese, gözüň ölmese bolmaz-a. Siziň bolsa, gözüňiz aýdyp dur. Isleseňiz gözüňizi ýumup oturyň, onda-da ýüregiňiz serçäň ganaty ýaly pysyrdaşyp dur-a. Aýaz ýüzüni aşak salyp: “Ol meni masgaralajak bolýa” diýdi. Endamyna ýakymsyz sowuk der geldi. Ýüreginiň gürsüldisini eşitdi. Köşeşip bilmejegine göz ýetirdi. Şol mahal Hydyr bokurdagyna bat berip: ─ Geliň, muny uzaldyp oturmalyň-la ─ diýdi. Sähel salymdan onuň gara ädikleri Aýazyň alkymynda togtady. ─ Aýaz han, hany bir ýüzjagazyňy galdyr, gözüňi göreýin. Ol Aýazyň ýigrenç bilen ýylgyryp seredenini görende, biraz yza çekildi. Tüýküräýmesin diýen gorky bilen, ýüzüni bir tarapa sowdy. Edil şol pursatam ýüzük Aýazda diýen netijä geldi, ýöne netijesini aýan etmäge howlukmady. Oýunlyga salyp, Aýazy gynasy gelýärdi. Ilki bilen onuň kükregine elini goýdy. Tomaşa edip duranlaryň arasyndan biri gygyrdy: ─ Eý, Hydyr, oň sag gursagyny barlamaň näme-aý? Ýa her taýynda bir ýürek bardyr öýdýäňmi? ─ Iki diýýäňmi? Üçem bardyr. Asyl ýöne endam-jany gürsüldi bolup dur. Uzyn eňek tomaşa bilen: ─ Towşan bol-a! ─ diýdi. Onuň gapdalynda duran uzyn boýly Kyýas her sözüni nygtap: ─ Nedir, seň sesiň çasly weli, alkymyň aşagy sowaýdymy? ─ diýdi. ─ Ogul, düýnki ýigit eşidäýmesin. Duranlar gülüşdi. Hydyr dikelip: ─ Hany indi, Aýaz jan, bagjygyňy ýazdyr, damarlaryň tirpildisinem bir göreýin ─ diýdi. Aýaz alaçsyz oýnuň kadasyna boýun boldy. Ezýaka köýneginiň bagjygyny çözjek bolup azara galmady, golunyň badyna çekip goýberdi. Bag ýüpüň bir tarapy üzülip eline geldi. Hydyr mys-mys güldi. Soňam: ─ Heý jänä! ─ diýdi. ─ Aýaz jan, damarlaň-a eşek taýaga dönüpdir. ─ Wah, başga zada deňesene... ─ Ogul, indi bir söz diýseň, alkymyň aşagyny eşek depen ýaly ederin. Hydyr başyny egip dowam etdi: ─ He-he, her damardan bir gulak gan akýar, jugurdysy eşidilip dur-how! Aýaz çydamady: ─ Kelpezläp durma-da, gutar! ─ Gutarmadan aňsat zat ýok, Aýaz jan. Çykar ýüzügi! Aýaz ýüzügi eliniň tersi bilen zyňdy-da, agyldan boşan sarç mal ýaly, ara açdy. Garşydaşlary galmagal turuzdy. ─ Haý, berekella, Hydyr! ─ Aýaz çakyny tananok. ─ Kyýas, gaýtarawer ony, tazygaýdy öýdýän. Aýaz gaýdyp Hydyryň ýüzüni görmejegine kasam etdi. Agylyň ýeňsesine öwrülende, ýaňy ýola düşen arabany gördi. Aýagyna badak atylan ýaly entedi. Arabanyň üstündäki oturan iki aýalyň bärkisi Läledi. Aýazyň örki üzüldi. Guýynyň oýy oňa zyndan bolup göründi. * * * Rahman dor baýtal barada pikir etdi. “Onuň taýçanagy Paltagaçanda galdy” diýip aýdypdylar. Ýola düşülenine çaý içim salym geçdi. Janawer entek arabanyň agramyny duýanok, tüweleý ýaly haýdap barýar. Gumaksy ýerde ýorgalaýar, takyra çykanda bolsa, boýnuny galdyryp, gorgunyny ýazman gidip otyr. Şu gidişine gitse, onuň daljygyp heläk bolmagy ähtimal. Rahman jylawy çekdi. Baýtal muny ýokuş gördi. Boýnuny aşak egip, iki öwre kellesini silkdi. Ol: “Goýber jylawy, meni saklama” diýýärdi. Eger haýwan özüçe pikir etmäge ukyply bolsa, onda ol içinden Rahmany näletleýändir, ony doňbagyr hasap edýändir. Ony ýalana çykarjak bolup oturmak Rahmana gyzyksyzdy. Ol: “Her kimiň öz ykbaly, öz ýörelgesi bar ─ diýip pikir öwürdi. ─ Her bir adamyň şatlygy, hesreti diňe şol adamyň özüne degişli. Toýy bile toýlap, ýasda bile matam tutmagy adamlar endik edinipdir. Emma olaryň gara gaýgysy seniň begenjiň, seniň hesretiň däldir. Her adam öz ýüregine diň salýar. Her ýürek bolsa, diňe şony göterýän gursagyň aladasy bilen urýar”. Rahman özünden mysal aldy. Ol ertiriň bir ýerinde baýtal janaweriň çagasyna gowuşjakdygyny bilýär. Baýtal üçin bu ýol aýralykdan dynmagyň ýoly, Rahman üçin bolsa umytsyzlyga barýan tükeniksiz menzil. Rahman öz hesretini has äşgär duýdy. Onuň ýeňsesinde Agahanyň gyzy Solmaz otyr. Solmazyň äri Şamyrat şura hökümetiniň türmesine düşdi, haçan çykjagam belli däl. Solmaz öz hesretini çekýär, kişiň hesreti oňa artykmaçdyr. Rahman iň soňky depä ýetip jylawy çekdi. Baýtalyň bedeninde derden ýaňa barmak basara gury ýer galmady. Butlarynyň arasyndan ak köpük çykdy. Rahman: ─ Şu taýda düşläýsek nädýär? ─ diýdi. Solmaz hüňürdedi: ─ Sorama-da düşläber-dä, bu hazan urmuş çöli biz näbileli... Iki depäň arasyndaky çöketlikde arabany ýazdyrdylar. Çöp-çalamyň düýbünden galyp gelýän ýaz oty baýtalyň gözüne görünmedi. Günorta tarapa horgurdy, taýyny küýsedi. Depäň aňyrysyndan eliň aýasy ýaly tekiz takyrlyk başlanýardy. Onuň gutarýan ýerindäki ulgam-ulgam gök baýyrlar ikindi ýerine ýeten Günüň altyn reňk şöhlesine täsin öwüşgin atdy. Onda açyk asmanyň tämizligi, çeşme suwunyň durulygy bardy. Baýyrlaryň kölege düşýän tarapynda weli gijäniň ýürekgysgynç garaňkylygy duýuldy. Rahman açyk meýdandan ätiýaç etdi, düşlemek üçin gabşal ýeri amatly gördi. Ot ýaksaň, baýyr tarapdan görjek adam ýokdy. Çopanyň möjekden ätiýaç edişi ýaly, Rahmanam entäp ýören atlylara duşmakdan howatyr etdi. Rahman ot ýakyp, çaý goýdy, keçe ýazdy, horjundan gerek-ýarak zatlary çykarmaga oturdy. Onuň ýanyna öňürti Läle geldi: ─ Waý-eý, özümiz ederdik-dä ─ diýip, alçaksy gepledi. Onuň oýnaklap duran ala gözlerinde ýakymly garagolluk bardy. Rahman: ─ Sen-ä alçak bela bolsaň gerek ─ diýdi. ─ Sen maňa adyňy bir aýt. ─ Waý-eý, uzakly gün ýol ýöräp, adymam bileňokmy? Läle. ─ Gowy adyň bar ekeni. ─ Waý-eý, bu adamyny! Seň aýalyň ady nä erbetmi? Asman ýalam bir at bormy?! Solmaz aýtdy. ─ Bar, Solmazy çagyr, häzir çaý demlejek. ─ Özem geler. Wiý, o kömelek gözlejek diýdi, pakyrjygyň kömelek iýesi gelipdir. Läle kinaýa bilen ýylgyrdy. Onuň dury ýüzi bardy, şonuň üçinem ýüregindäki duýgy bada-bat ýüzünde görünýärdi. Rahman: ─ Entek kömelek gözlärden irräkdir ─ diýdi. ─ Beý diýme, baý gyzyna tapylsa tapylar duruberer-dä. ─ Sen kimiň gyzy? ─ Kimiň gyzy bolamda, saňa näme?! ─ Läläň ýüzüne gaýgy-gamyň kölegesi indi, jabjynyp gepledi. ─ “Kimiň gyzy” diýme, “kimiň heleýi” diý! Ýagmyr baýyň üçünji heleýi!.. Ho depä çykjak, ýüregim gysýar. Çagyrmaň, özüm gelerin. Rahman onuň yzyndan garap: “Bahar aýy çölde ýüregiň gysýan bolsa, biz-ä bilmedik, sen ne derde sataşdyňkaň?” diýdi. Ýeňseki alaňyň aňyrsyndan Aýaz çykdy. Atyny debisgiläp, oda iki ädim galanda zyňlyp düşdi. Gara silkme telpegini penjeläp aldy-da, maňlaýynyň derini syryp: ─ Ýetdim-ow ─ diýdi. ─ Baý-baý, uçup gaýtdyňyzmy? Oglan, men yzyňyzdan Ýetimiň kakynda ýeterin diýip gelýän. Ýetersiň ─ belaň sapyny!.. Bi näme iki bolup otyrsyňyz, ýene biriňiz bolmaly ýaly-la?.. Hany Läle? ─ Läle-de bardyr, hany, bir käse çaý iç. Aýazyň ýitelen gözleri ýeserlik bilen töwerege esewan boldy, hiç ýerde Läläni görmedi. Ykjamlandy. Garma donuň üstünden guşanan ýasy kemerini çekişdirdi. Ýeňsesinde kese ýatan tüpeňini galdyrdy. Çep goltugyndan ýalaňaç sapança çykardy-da, niline iki öwre üfläp, ýene ýerine saldy. Soňam gös-göni Rahmana seredip: ─ Maňa Läle gerek ─ diýdi. ─ Läle gerek bolsa, gözläber, şu töwerekde bolmalydyr. ─ Me, tut. Aýaz atynyň jylawyny Rahmana berip, öňdäki ýapa tarap haýdady. Agyr-agyr dem alyp duran at janaweriň gulagy sallandy. Kemteresinden, garşysynda duran baýtala seretmäge-de ýaramady. Oduň başynda oturan Solmaz käýinip başlady: ─ Ýalýagysy nejisler, bulaň baryna bir jelep iş boljak. Belanyň körügi kakamda. Orramsyny daşyna üýşüripdir-de, kyýamata garaşýan ýaly güýlünip ýatyr. Şamyradyň türmede jebir çekip ýatany bulaň piňine-de däl. ─ Beý diýme, Solmaz, ýalňyşarsyň. ─ Meň ýalňyşymy düzetmek saňa galmandyr. ─ Solmaz ýarty käse çaýy oduň gyrasyna serpip goýberdi, ýerden pazylap kül göterildi. ─ Çaý demleýşiň näteňet, edil zakgun ýaly! Hudaýa şükür, gapdalyňda tirýek-ä ýok. Bir heleýi başarman, kakama azar bolup ýörmäge utanaňokmy? Siz bolmaňyzda-da, Agahanyň başga aladasam gyt däl. Rahman oňa jogap gaýtarmady. Jogap gaýtarylsa, onuň köhi geler öýtdi. Ýolboýy dymyp gelen aýal, dyňzap duran ýüregini boşatmaga bahana araýardy. Ol diňe: ─ Içjegiň ýuwanyrak çaý bolsun ─ diýdi. ─ O ýaňky nejisem-ä guýa gaçan ýaly boldy. Bar, gör, utançsyzlar eýýäm göz-gülban bolup ýatan bolmasyn. Jelep! Ärim öldi diýip, indi gören erkegiň gujagyna özüňi oklap ýörmek bor eken! Haýasyz! Şol ganjyk meň gapdalymda oturyb-a gitmez, gereklän adamyň özi alyp gider-dä. Agaç ýuwdan ýaly bolup durma-da, bar, “masgara bolduňyz” diý! Rahman aty idip depä çykdy. Aşakda Aýaz bilen Läläni gördi. Aýaz birden dyzyna çöküp özelendi. ─ Läläm, utanma, seret maňa, ýogsa meň sözlerime ynanmarsyň ─ diýdi. ─ Utanýan, seretjek däl... ─ Onda geplemäýin, ýüregimiň urgusyna diň sal. ─ Waý-eý, dälirediňmi sen? ─ Däliredim! Däliredim! Diwana boldum! Biweç dünýäň ýeke lezzeti ─ olam sen, Läläm! Eger senem meni gaýtarsaň... ─ Ol telpegini bat bilen ýere urdy. ─ Men gara ýere girerin! Läle telpegi galdyryp, Aýaza uzatdy-da: ─ Men Hydyra köňül berdim ─ diýdi. ─ A men Hydyryň janyny jähenneme ýollaryn! Wah, men ony şu mahala çenli etmelidim, paşmady. Onuň maňlaýy zor. Ol seň namysyňy depeledi, men gijeler ukymy ýitirdim. Hydyr seni almaz, gülüňi çürter, ahyram, amaty gelende, senden dynmanyň alajyny eder. Läläm, ýaýdanma. Ýagmyr baýyň malyny alyp, o nejisi aňňalak gapdyraýyn! Isleseň ant içeýin, şu ýerde, butnaman!.. Ol erjellik bilen Läläniň ellerine ýapyşdy. Läle towsup yza çekildi. ─ Waý-eý, eliňi bir çek!.. ─ Hydyra Ýagmyr baýyň artyp galan maly gerek, sen oňa derkar däl, düşün şoňa, heleýligiňi etme. Ýagty ýalançyny gördügiň gözli boldugyň däldir. Seň gözüň gapylypdyr, Läläm. Sen ykbalyň ýoluny göreňok. ─ Ol Allaň işi. Başa gelenini çekerin, Ýagmyr baýyň artyp galan maly kime gerek bolsa, hol-ha, nesip etsin. ─ Mal Hydyra gerek, men seni dünýä malyna çalyşman. Men teşne! Meň üçin seniň lebleriň ─ Aby-zemzem suwy! Läläm... Aýaz Läläniň üstüne süründi, Läle haraý gözläp töwerege seretdi. Şol mahal olaryň ikisem depede duran Rahmany gördüler. Aýaz: ─ Eý, akmak, nalajedeýin ─ diýip gygyrdy. ─ Seň heleýiňi süýreýäler. Agahan bilen Hydyr eýýäm oba ýetendir. Sende namys diýen zat barmy? Rahman butnamady. Ol ýaýdanyp duran Lälä ýüzlendi: ─ Bar, Solmazyň ýanynda otur, butnaman! Aýaz ýapyýokary ylgady. Onuň ala hasyrdy bolup gelşi, urpak çägeli depä dyrmaşyp barýan hažžygy ýada saldy. Ol zemzemiň haýbatyny atdy, ýöne onuň çeýe göwresi çişmedi, gaýta öňküdenem kiçi göründi. ─ Eý, ýüzi düýäň paşmagyna dönen, akmak, sende namys barmy? Aty mün, ynha-da sapança, oba ýet! Seň heleýiňi süýreýäler. Rahman äwmezlige saldy. ─ Seni kim iberdi? ─ Agahan iberdi. Garşylygyň bolsa-ha aýt. ─ Agahan iberen bolsa, gardaş, Lälä azar berme. ─ Ha-ha, sen menden gorkaňok öýdýän? ─ Men iki tarapyny deňlän adam. ─ Wah, gözläp ýörenim seniň ýaly adam-da! Otur hany, ikijigimiz erkek adam ýaly gepleşeli, menem iki tarapy deňlän. Ikimiziň ylalaşaýmagymyz gaty ähtimaldyr. Gün ýaşdy. Olar alaňyň çür depesinde ýanaşyk oturdylar. Aýaz baýyrlara tarap gozgalaň bilen seredip: ─ Ho baýyrlara syn kyl ─ diýdi. ─ Hany ýaňky ýalpyldap, göm-gök öwsüp oturan baýyrlar? Görmersiň! Ähli owadanlyk Gün bilen gitdi. Jany çykan göwre ýaly, seret, garalyşyp galaýandyr. Olar gije adamyň ýüregini gysdyrýar. Ýöne muny gynanyp aýdýandyr öýtme, gaýta garaňky düşjegine begenýän. Dogrusy, gije bilen gündiziň barlygyna begenýän! Gije bolman, hemişe gündiz bolup dursa, şonda gowy bolar öýdýärmiň? Pis bolardy. Göm-gök baýyrlaryň görküne gözümiz öwrenişerdi. Asyl onda owadanlyk bardyr öýtmezdik. Gijäň garaňkysynda weli, ol owadanlyk biziň gözümizden uçar. Uçany gowy, gadyry artýar, edil heleý ýaly. Meň bir obadaşym bardy, şoň aýdýanyny gaty dürs hasap edýän. Ol görgüli: “Aýalym bilen gözüm öwrenişiberse, alagadan atasy öýüne iki-üç gün ýatymlyk iberýän weli, öýe gelende, gözüme gaýtarma bolup görünýär” diýerdi. Ynha, ertir Gün dogar weli, şo baýyrlara seret, ýaňky bara, edil mahmalyň aşagyndan garaýan gelin ýalydyr!.. Wah, Läle ýaly diýeýin-le!.. ─ Ol dodagyny şapbyldatdy. ─ Hakyna garasaň, oňatlyk bilen erbetlik her adamyň başyna öz nobaty bilen gelip durmalydyr, edil gije bilen gündiz ýaly. Men şoňa razy! Erbetligi gije hasap edýän, şo bize oňatlygyň gadyryny bildirmeli. Ýöne weli, hemişe erbet bolup dursa, mundan pis zat bolmajak ekeni. Meň başymda hemişe erbetlik, çekip-çydar ýaly däl. Gowulyk diýip basan ýeriň nejis bolup çykýar. Meň kakama, halypa, Garly jellap diýýärler. Pakyr näçe ylgasa-da, baýap bilmän, ötüp gitdi. Ondan maňa miras galan zat ─ görgüliň arzuwy. “Eşek ogurlap sat weli, baýajak bol” diýýärdi. Alagadan, dünýä bulaşdy duruberdi. “Gyzyllar goşun ýygnaýarmyş” diýdiler. Göni baryp: “Maňa-da ýarag beriň” diýdim. Berdiler. Gyzyllaryň ganymy baýlar, zadam baýlarda bar. Talaň salynsa, menem hakymy gidermen öýtdüm. Diýenim bolmady. Gyzyllar talaňçylyga ýol bermediler, şol bada olardan göwnüm geçdi. Edil şo mahal bir adam: “Tüpeňiňi sat ─ diýdi. ─ Üç müň manat bereýin” diýdi. Bagta töwekgellik edip satyp goýberdim. Suw ýaly bäşatar tüpeňdi. Soňam gorkan öňürder etdim. Sallatlaň birine aýtdym: “Meň-ä pylan ýerde tüpeňimi aldylar, zorlap aldylar” diýdim. Ynanmady, “Satansyň” diýdi. Şo sallat kimdir öýdýärsiň? Hydyr! Agahanyň jansöýeri. Häzirem oba dökülendirler, olar seň aýalyň yzyndan gitdiler. ─ Bilýän, how! ─ Murty başyny iýmiş nejisiň hilegärligini şonda bildim. Hile bilen itiň syrtyndakyny alar ol! Nätdi diýsene, meň pulumyň ýarysyn-a bir aldy, daşyndanam müň manat gazandy oturyberdi. “Sesiňi çykarma-da, meň diýenimi et” diýdi. “Bolýa”diýdim. Köçä çykaragadan “Tüpeň alan adamyň öýüni görkez” diýdi. Alyp bardym. Hawa, barmankak, ýolda durzup, meň elimi daňdy, öňüne salyp gitdi. Bardy-da ýaragyny şakyrdadyp, ýaňky görgüliň üstüne sürüniberdi. “Ikiňizem gyzyllaryň eline berjek” diýip, urdy haýbaty. Tüpeň alan pakyryň dili tutulyp, dodagyna uçuk gaýnady. Gyzyllaryň eline düşse, janynyň jähenneme ýollanjagyny bilip dur. Maňa beren pulundan geçen, tüpeňi berip sypsa kaýyl boldy. Sypar ─ belaň sapyny! Hydyr sypdyrmasa nätjek?! “Düş öňüme” diýip dyzap dur. Garaz, gepiň keltesi, ol pakyryň müň manadyny çilmän gaýtmady. Görgüli: “Arz ederin” diýip gygyryp galdy. Ana, şo sözem bize ynjalyk bermedi özi. Sataşman geçen bilen gaçdyk, çöle çykdyk. Bi Hydyr diýlen adam, tüýs bir bagty çüwen nejisdir. Asyl oň bilen döwüň deň gelmez. Ýagmyr baý meselesinde-de ol menden rüstem çykdy duruberdi. Gyzyllardan gorkusy bolansoň, baý bizi ýanynda saklady. Altmyşdan geçen adam ekeni, özem üçünji gezek öýlenipdir. Läle şoň üçünjisi bolmaly. Zenan gören ýalydyr! Asyl, baý ony bir ädim ýanyndan aýyrmasa nätjek?! Beýleki aýallaryny, baryp, serhediň ýakasyna göçürdi, özüniňem owgana aşmagyň kül-külüne düşüp ýören mahalydy. Senden zat gizlejek däl... Wah, adyň ýadymdan çykdy. ─ Rahman. ─ Rahman bolsaň gaty gowy-da! Läle bilen ýaňy göz güldürip, gaş kakyşyp ugrapdyk, Rahman. Ýagmyr baýyň Hydyry özüne ýakyn tutýanyny bilýärdim. Men hakda bolsa: “Jellabyň ogluna ynam bolmaz” diýýän ekeni, soň Hydyryň özi aýtdy. Ýagmyr baý oň kakasy Poşşy mirap bilen tanyş bolup çykdy. “Kakam orsuň türmesinde öldi” diýip, Hydyr oturan-turan ýerinde gygyryp ýörendir. “On altynjy ýylda bolköýnegiň hökümi bilen basylanmyş” diýýär. Hudaý bilýär, çynmy-ýalanmy?.. Halypa, seň gözüň ýeňsäňde-le, şo iki aýal gaçyp gider öýdýärmiň? ─ Aýaz Rahmana jabjynsa-da, mahaly bilen özem oduň başyndakylardan gözüni aýryp bilmedi. ─ Wah, “Gawunyň gowusyny şagal iýr diýrler”, Läle bigadyryň eline düşdi. Ýagmyr baýyň ölen güni, men başga guýyň başyndadym. “Süregiň ýanynda bol” diýip iberdi. Indi pikir edip görýän welin, ýa-ha baýyň özi ýa-da Hydyr menden Läläni gabanan bolmaly. “Gyzyllaryň otrýadyna duşduk, atyşykda Ýagmyr baý öldi” diýýär. Gözüm bilen görmämsoň, gaty bir Hydyryň sözüne ynanybam baramok, özi öldürdimikä-de diýip durun. Ölmänkä Ýagmyr baý ähli malyny Hydyra bagş edenmiş, “Çagalaryma özüň eýelik et” diýenmiş. Nätdi? Malyny beýlesine geçirdi, körpe heleýini ýorganyna saldy, galan zat ýadyna-da düşenok. Indi Agahanyň daşynda maslyga garaşýan çaýkel ýaly pelpelläp ýör. Rahman gaýtawul berdi: ─ Agahanyň ogly bar, gyzy bar. ─ Gyzyny basgylar, ogluny unudar. ─ Päliňi düzet, how! ─ Ýeri, bolýa, ol biziň işimiz däl. Rahman, biziň öz derdimiz bar. Eger şu sapar Läläni sypdyrsam, gaýdyp maňa ony görme ýokdur. Meň diýenimi et, ýamanlyk ýüzüni görmersiň. Nät diýsene: Läläni goýup gidiň. Onuň ýürejigi meni küýsäp dur, gözüne seredemde bilýän, ýöne sizden çekinýär. Goýup gidiň, size alkyş aýtmasa, tüf ýüzüme!.. Agaç ýuwdan ýaly bolup oturma-da, bir zat diý-ä. ─ Men bir Paltagaçana eltip gaýdaýyn, onsoň nätseň şony et. ─ Ha-ha, geplediňow! Me, şuny al-da, meň diýenimi et. ─ Aýaz goltugyndan çykaran kiçijik düwünçegini gahar bilen Rahmanyň dyzynyň üstünde goýdy. ─ Altyn pul berýän. Galan ömrüňe Agahanyň hyzmatyny et, şunça pula gözüň düşmez. Düwünçek Rahmanyň dyzyndan ýere gaçdy. ─ Men Agahanyň hyzmatkäri däl, how ─ ýegeni. Aýaz düwünçegi ýerden göterdi: ─ Eý, ýigit, akmaklygyňam çeni-çaky bardyr. Men saňa: “Läläni goýup git” diýýän. Şu düwnçekde näçe gyzyl bardygyny aýdaýynmy? ─ Satyn aljak adamyňy başga ýerden gözle. ─ Tüýs samsyk ekeniň... Onda başga bir şert: eger Läläni göwnetsem? ─ Läle göwnemez. ─ Onçasyny göräýeris! Aýaz böküp ýerinden turdy. Läläniň oduň başyndan galyp, aňyrky ýapa tarap ugranyny görende, çaga kimin çapak çaldy: ─ Bu sapar meňki ugruna! Alla jan, soňunam oňar-da özüň! Gör, seret, Läle meni pynhan ýere çagyrýar. ─ Aýazyň içine düşen galpyldy onuň sesini tüýdüm-tüýdüm edip goýberdi. ─ Rahman jan, dogan jan, sen maňa azar berme! ─ Utan, how, ol aýakýoluna barýar. ─ Wah, ol baharyň ysyny aldy, gök ot ony däliredip barýa! Rahman ony saklamady, has dogrusy, nädip saklajagyny bilmedi. Aýaz ýeriň pesi bilen Lälä tarap haýdady. Ara açdygyça onuň göwresi kiçeldi, soňabaka çapdyrylyp barýan ataýra meňzedi. Rahman külüň aşagynda galan közi dörüp oturyşyna: ─ Ot ýakaýynmy? ─ diýdi. Solmaz jogap bermedi. Ol sokyň gara daşyna öwrüldi. Onuň Rahmana gahar edýäni belli zat. Rahmanyň ýumuş oglanydygyny bilse-de, ol häzir bilmezlige salar. Özleriniň göwnüne ýakmaýan ýagdaý ýüze çykan halatynda kimdir birini günäkär tutunmagy olar endik edinipdir. Solmazyň oda garap, dymyp oturyşy şeýle bir Agahana meňzedi weli, Rahman süňňünde gowuşgynsyzlyk duýdy. Gapdalyndakyny aýal lybasyny geýen erkekdir öýtdi. Közden reňk alan tüňňüräk maňlaý, merdemsi eňek, aýratynam gazaply gözler zenan näzikligini ýitirdi. Läläniň açyk ýüzüni, oýnaklap duran gözlerini ýakymly düýş ýaly ýadyna saldy. “Eger Aýazyň aýdyşy dek Läle-de pynhan duşuşygy küýseýän bolsa, onda näme üçin men olary bökdemeli?” diýdi. Rahmanyň kalbyna kanagat aralaşdy, soňy gizlin dabara ýazdy. Elbetde, Asmanyň başyna inen howp üçin Agahan bilen Hydyra ýamanlyk edýän diýmäge onuň dili barmady, ýöne olaryňam gününiň toşap däldigine şükür etdi. Solmaz: ─ Arabany goş, gideli ─ diýdi. ─ “Gideli” diýseň, gidibereris, Solmaz, allanäme aý aýdyň gije... ─ Baýtalam dynç aldy. ─ Hawa-la, baýtalam dynç alandyr. ─ Onda turuber-dä. ─ Hany, olara garaşmarysmy?.. ─ Olary ýer ýuwutsyn! ─ Solmaz, Läle oduň başyndan turup gidiberdi-le? ─ Olaryň oýny saňa gaty gyzykly öýdýän? ─ Aý, ýok-la, Läläni tanamamsoň soraýdym. ─ “Ganjyk guýruk bulamasa, köpek yzyny eýermez”, eşidipmidiň? ─ Eşidipdim özün-ä... ─ Eşiden bolsaň, tur, arabaňy goş. Rahman göwünsiz ýerinden turdy. Depäniň aňyrsyndan Läläniň çirkin sesi eşidildi: “Waý, ýetiň!” diýip gygyrdy. Solmazyň sesi dabaraly çykdy: ─ Jelep, at oýnadýar, butnama, öz işiň bilen bol! Rahman oňa gulak asmady. Gum depesine ýetende, aňyrdan it urşuna meňzeş gabyrdy eşitdi. Ol barýança dalaş dowam etdi. Rahman Aýazyň çigninden tutup özüne dartdy. Aýaz oňa üns bermän, öňe dyzady: ─ Läläm, Läle jan, sen meňki borsuň! Ölýän men, Läläm! ─ diýip özelendi. Läle gapdalda ýatan topbusyny goltugyna gysyp, ugrubir gaçma bilen boldy. Ol eňräp aglaýardy. Aýaz özüni saklan güýji bir haýukdan soň duýdy. Ol üstüni aldyran pişik ýaly çeýe göwresini düýrüp, bökmäge häzirlenýän görnüşde yzyna öwrüldi. Onuň ot ýaly demi Rahmanyň ýüzüne çabyrap gitdi. ─ Seň bu taýda görüň gazyldymy? ─ diýip gygyrdy. Gyssanjyna elini goltugyna sokdy. Eline ilen zat bolmady. Kemersiz donunyň syýlarynyň arasyndan uýat ýeri, ýalaňaç satanlary göründi. Balaksyzlygy indi hakydasyna gelen ýaly donuna dolanyp, boragan alyp barýan dek sandyrady. ─ Sen maňa duşman! Sen Hydyryň içalysy! ─ diýdi. ─ Saňa nä, güýmenje ýokmy, nejis? Agahanyň gyzy heleý dälmi? Rahmanyň çalan şarpygy ony entetdi. Köşeşmedi, birden ýere ýykylyp togalandy: ─ Ur ─ diýip gygyrdy. ─ Ur, gamçy bilen ur! Ur diýýän, eliň ysanokmy?! Awundyr meni, ýogsa meňki bolmaz. Tenim awasyn, bolmasa ýüregim sowamaz. Ur, jan dogan, ur! ─ How, sen guduzladyňmy? ─ Göreňokmy?! Ur diýýän! Bäş gamçy çal! Bol, durma, ýogsa ýüregim ýarylýar! Rahman birinji gamçyny göwünsiz inderdi. ─ Boldumy? ─ Bolanok, gatyrak ur! Awusy ýüregime ornamasa bolmaz diýýän! Soňra Aýaz her gamçy ýagyrnysyna inende jöwza yssyda üstünden sowuk suw guýulýan ýaly lezzet bilen: ─ Hä-ä, hä-ä-ä... ─ diýip gygyrdy. Birdenem sesini tapba kesdi. Rahman: ─ Awundyňmy? ─ diýdi. Aýaz ýüzüni ýere berip ýatyşyna jogap berdi: ─ Indi güm bol! ─ Senem gaýdyp bize azar berme. Aýaz aglady. Süýnüp ýatan çepiksi göwre siltenip-siltenip gitdi. Onuň hynçgyrýan sesi gulaga iňňän ýakymsyz eşidildi. Bu ahwalata Rahman düşünmedi, geň düýş gören ýaly alasarmyk ýagdaýda galdy. Söýgi diýmäge dili barmady. Onuň söýgi hakdaky düşünjesi bilen ýaňky gören wakasynyň arasynda çigit ýaly-da bap gelýän zat ýokdy. Söýgi diýlende Rahman hemişe çeşme suwunyň durulygyny göz öňüne getirerdi. Şu mahala çenli eşiden aýdymlarynda-da söýginiň arassalygy, mukaddesligi taryp edilýärdi. Rahmanyň pikirine görä söýgi hemme adama ýetdirip duran duýgy bolmaly däldi. Olam edil bagt ýaly Alla tarapyndan aýry-aýry adamlara paýlanýardy. Onuň diňlän dessanlarynda-da, ertekilerinde-de şeýledi. Aşyk-magşuklar dünýä inenlerinde söýgi bilen inýärdiler. Rahman bu gudrata ynanardy. Aýaz bilen Läläni Alla söýgüden mahrum edipdir. Dogrudanam, Läle Hydyr bilen nikasyz ýaşaýan bolsa, onda ol hapa, zenan adyny götermäge mynasyp däl. Alla olaryň ikisine-de jeza beripdir, olar öz jezalaryny çekýärler. Şeýle netijä gelse-de, Rahmanyň olara nebsi agyrdy. “Her kimiňem özüne laýyk jezasy bar, şol jeza-da Allanyň öňünde eden günäňe laýyklykda berilýär” diýip pikir etdi. Onda Asman ikisem jeza çekýär, Allanyň öňünde olaryň ýazygy nämeden ybarat? Rahman bu sowala aýdyň jogap tapmady. Şu ýagdaý ony adatsyzlyk hakdaky pikire iteklejek boldy. Birdenem ol öler ýaly gorkdy. “Şeýtan meni azdyrjak bolýar” diýdi, Hudaýdan ötünç sorady. “Onuň adyllygyna betgüman bolmak bendesine gelişjek zat däldir, ol şeýtanyň işidir” diýip, Rahmana çagalykda öwredipdiler. Şeýtanyň ýoluna düşen adam Allanyň gargyşyna sezewar bolmalydy. Rahmany der basdy. Asmanyň ykbaly ony heýjana getirdi. “Allajan, ähli gudrat seniň eliňde, özüň gowusyny edeweri” diýip samrady. Köşeşmedi. Asmany ele saljak adamlary göz öňüne getirdi. “Heý, olaryň Aýazdan tapawutly ýeri barmyka?” diýen sowal kellesine taýak bolup degdi, ony entetdi. Agahan ýadyna düşende, biraz aýňaldy. Onuň diriligine şükür etdi. Onuň keşbini mähir bilen göz öňüne getirdi, şu pursat ony özüniň ýeke-täk halasgäri hasap etdi. “Daýym maňa hiç pille ýamanlyk etmez!” diýdi. Rahmanyň öz göwnüne teselli berjek bolup başlan pikiri barha tutaşyp, daýysyna bolan ynanjyň düýbüni synçgylady, berkitdi. Araba takyr alany yzda goýup, baýyrlaryň çetinden girdi, ýöremek kynlaşdy. Tekerleriň dükürdisi artdy. Oturanlar ikiýana çaýkanyp başladylar. Ýanlygyň üstüne münen ýaly bökdürip, mäkäm ýapyşmasaň, tekeriň üstüne zyňlyp düşmegiň ähtimaldy. Solmaz hüňürdedi: ─ Bi hazan urmuş, ejemiziň bökdürmedigini bökdürjek öýdýän. Läle gara ýer ýaly dymdy. Gijäniň çygly howasy baýyrlaryň bedeninden çykýan sowuk dem ýaly gitdigiçe iniňi tikenekletdi. Rahman öňdäki ýoluň howpy barada pikir etmedi, onuň ätiýajy Aýazdy, şol zerarlam tekerleriň ýakymsyz dükürdisi bilen töweregiň dartgynly ümsümliginden howatyr etdi. Aýazyň sesini eşiden dessine Rahman jylawy çekdi. Çapdyrylyp gelýän Aýaz ýene bir öwre gygyrdy: ─ Duruň diýýän! Ataryn!.. Läle aglamjyrap: ─ Masgara boldum-la ─ diýdi. ─ Ýeri, men neneň edeýin ─ nalaç edeýin?!. Solmaz bada-bat jobap berdi: ─ “Güm bol!” diý. ─ Waý, ol aýdanyňa-diýeniňe gulak asmasa nätjek. ─ Azrak gaş kakarlar. Läle aglady. Rahman: ─ Siz geplemän oturyň ─ diýdi. Aýaz gelşine, badyny saklaman, arabanyň daşyna öwrüm etdi. ─ Eý, halypa, ýa Läläni şu ýerde taşlap gidersiň ýa-da şujagaz arabada üç adamyň maslygy galar. Läle gözýaşy basyp: ─ Men-ä galman ─ diýip gygyrdy. ─ Eger öläýseňem, galman. Namart ýaşy kesilen, beýle çaparman bolsaň, bar, Hydyr bilen dikleş!.. Aýaz goltugyndan sapançasyny çykardy. ─ Rahman, sen, halypa, meni köp garaşdyrjakmy? Rahman: ─ Seň munyň karam bolýar ─ diýdi. ─ Eger Läläň özi göwneýän bolsa, baş üstüne, galsyn... Läle aýylganç gygyrdy: ─ Galman! Maslygym galar, özüm galman! ─ Birdenem Rahmana garap, erbet jabjyndy. ─ Men bolman, maňa derek öz heleýiň bolan bolsa ─ Asman bolan bolsa, näderdiň? Goýarmydyň? Rahman çydamady: ─ Gutar! Düşnükli... Senem eşiden bolsaň, gardaş, biderek özüňi horlap durma. Ümsümlik aralaşdy. Läle sojamasyny dowam etdi. Aýaz howlukman, atdan düşdü-de: ─ Sizlik dawany gutardy hasap edýän ─ diýdi. Birdenem hiç kimiň garaşmadyk zadyny etdi. Guduz açan ýaly gygyryp, arabaň üstüne özüni zyňdy. Aýallaryň gorkunç sesi baýyrlara ýaň saldy. Edil şol pursat Rahmanyň gamçysy baýtalyň sagrysyny ýalap geçdi. Öňe okdurylan arabanyň bady ýaňy sandyga münmäge ýetişen Aýazy yza serpip gitdi. Läle Rahmanyň ýagyrnysyny ýumruklady: ─ Waý, ol ýene gelýä! Rahman baýtaly gyssap oturyşyna, yzyna garaman: ─ Aýaz, golaý gelme, bes indi! ─ diýip gygyrdy. Aýaz sapançaly elini galgadyp, ýene arabanyň yzyna bökdi, münüp bilmedi, asyl-asyl boldy. ─ Dur... dur, gitdiň bolmasa... ─ diýip çygyldy. Mäşirige meňzäp duran ýalaňaç kellesi edil ýeňseçukuryna ýumruk degen ýaly silkinip gitdi, eňegi hütläp agaja degdi. Dişleri şakylap ses etdi. Sapança atara maý bolmady. ─ Öldirin, baryňyzy öldirin!.. Ýüregi agzyndan çykyp barýan dek sojady, dodagyndan gyllyk akdy. Ol iki elini diräp, göwresiniň ýarysyny arabanyň üstüne atdy. Aýallaryň ikisem eýmenç gygyryp, Rahmana ýapyşdylar. Rahmanyň elindäki sapançany görübem arkan serpildiler. Şol mahal aýylganç gürpüldi olaryň gulagyny gapdy. Soňam töwerek dym-dyrslyk boldy. Olar diňe ýapy aşak togalanyp barýan göwräni gördüler. Göwre ýene bäş-alty ädim çemesi togalandy. Olar dem alman, gorky bilen Aýazyň turaryna garaşdylar. Göwre gaýdyp gymyldamady. Depäniň üstünde butnaman durandyklaryny olaryň özleri hem şu dem bilip galdylar. Rahman gyssandy: ─ Aýaz, Aýaz... ─ diýip gygyrdy. Läle sähel salymda bolup geçen wakanyň aýylgançlygyna indi düşünen ýaly, ýüzüni tutup zaryn aglady. Solmaz: ─ Ýeri, indikiň näme? ─ diýdi. ─ Şeýdibem ýasyny tutsaň, asyl ýöne, gelşigine geläýjek-dä!.. Rahman pese düşüp barýarka: “Ol mekirlik edip ýatan bolsa bilýäňmi?!” diýdi. Muny ätiýaç üçin diýmedi, ol muny Aýazyň ölmezligini isläni üçin diýdi. Goý, mekirlik etsin, ýöne ölmesin. Goý, ýaraly bolsun, ýöne ölmesin! Ölüm howpy Rahmanyň göz öňünde Aýazyň keşbini birden üýtgetdi goýaýdy. Ol indi guduz açan Aýaz däldi, arzuwyna ýetip bimän, armanly öten ejiz adamdy. “Men ejize ganym” diýdi. ─ Aýaz, Aýaz, tursana... Ol ýüzin düşüp ýatan göwräniň üstüne egildi. Aýazyň syrylan kellesiniň ýeňsesindäki gara tegmile Aýyň ýagtysy düşende, onuň ortasynda ýylpyldy göründi. Ýyljak gana ýagty düşýän ekeni. Ol gorky bilen: ─ Ölüpdir ─ diýip pyşyrdady. “Sen ganhor bolduň” diýen ýowuz pikir onuň ýüregini törpüläp başlady. Öz etmişini aklajak bolmak, asla Rahmanyň ýadyna-da düşmedi. Bu ölüm oňa aýylganç zarba urup, häzirlikçe onuň dünýäsinden ähli zady bozup taşlady. Ol saňsar boldy. Aýaz Rahmanyň elinden ölen birinji adamdy. | |
|
√ Köne mülk -9: romanyň dowamy - 16.06.2024 |
√ Bäşgyzyl -9: romanyň dowamy - 18.09.2024 |
√ Ak guwlary atmaň -16: romanyň soňy - 08.06.2024 |
√ Janserek -5: romanyñ dowamy - 26.03.2024 |
√ Köne mülk -14: romanyň dowamy - 18.06.2024 |
√ Ýedi müñ çakrym: Ýazlagda - 07.12.2024 |
√ Ojak - 1-nji kitap -4: romanyň dowamy - 26.05.2024 |
√ Ojak - 2-nji kitap -26: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Faraon -33: romanyň dowamy - 14.12.2024 |
√ Bäşgyzyl -13: romanyň dowamy - 17.10.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |