16:18 25 minut / hekaýa | |
25 MINUT
Hekaýalar
Aýnadan bäri bakýan – hakyky ylhanat. Saçlary iýmeşik tüý. Köse sakgal-murty her ýerde bir dürterip, syh-syh. Şorda gögeren çaýyr ýaly. Ýüz-göz diýeniňem eňşäp dur. Eňşemän nätsin?! Iki aý bäri, ine şumatkysy ýaly elýuwaryň öňünde, sakgal-murtuny alýança birsellem dik durmag-a beýle-de dursun, arkaýyn süýnüp ýatmagam hyllalla bolsa... “Häk, seňem gant onuňammiri...eýýäm götlediň-ow...” diýip ol, aýnaň içinden özüni siňňitli synlaýan üflise paýyş sögündi. Soňam towlap, gurşup, alyp gelýän çep aýagynyň agyrysyna çydaman, çommaldy. Budunyň, dyzynyň, injiginiň iç ýüzünden kütek pyçak bilen syhlap-syhlap, yzba-yz sokulýan ýaly, ynjysy çekip-çydardan çökder. “Estagpurulla!” diýip ol, ýüzüniň ugruna içinden toba etdi. Bu onuň ýaşlygyndan endigi – diňe bir küpür gepine ýa-da eşiden zadyna däl, eýsem küpür pikirine-de tobaly bolmak. Özem dilujundan däl-de, çynyň bilen. Ýogsa nä? Nä, dagy içki-daşky pisatlyga diňe aň, ýürek, ten, jan, ruhuň her haýsy bilen aýratynlykda däl-de, tutuş durky-düýrmegiň, iki dünýäň bilen toba eýlemän, kimmişiň sen?! On iki süňňüň bilen bütewilikde pis päliňden gaýtman, nä, Ýaradan, saňa gyzan bazarda gotur geçiňi aldap, gymmat satmak isleýän, mal tanamaz şäherli, salpygulak alyjymy? Ol uludan demini aldy. Birsalym çommalyp oturansaň, syrt ýumrysy içre geçip, aşaklygyna gaýdýan ýogyn damar gowşady. Gözüni garaňkyradýan, allajy agyry, az-kem kiparlady. Ýöne, gije-gündiz dowam edip duran şo tükezziban sorkuldysy welin galanok. Ýüregine dökülip alyp gelýär. Ýa, ýene-de derman ataýsamyka? Owal-a zanny gyzmalygy. Üstesine-de enter-pelegini öwren üznüksiz ynjy. Galyberse-de nijeme günläp ýuwdulýan, sanjylýan, damardan goýberilýän, sebet-sebet dermanlar... Öňem-ä ýeke kakuwda otlanyp duran gyňyr, bumad-a bir çatryk beýle ýanyndan ötüp barşyňa, özüne tarap çala kelläňi gyşartdygyňam, gaharyna agyrysynam unutjak. Gözgyny keýtikläp, yzyňdan ýetip: “Nä, ijjjeňň nemesine, gözüňi alardyp geçýäňmi?” diýip, günäsiz-habarsyz halyňa, daş atylan poh kibi üstüňe syçraýjak-syçraýjak bolup dur. Şu wagtam öz-özüne içinden beren sowalyna-da, pažlap gursagyna ot düşdi. “Gümüne gitsin-läý! Dermanyňyzammyr...”. Ýerinden dikeldi. Her niçigem bolsa, bäş-alty gün bäri suwa düşünenok. Aňkap duran ys-a ysy diýseň, alynmadyk sakgal-murt sebäpli ýüzem, arwahyňkam bir şuňkam. Iň bolmanda, suwseperiň astynda bäş minudam durmaga mejaly bolmasa-da, patallak-tibiti bir päkilemeli. Garaz, soramaga diýip gelýän-gidýän bar. “Bu yşaradyň-a işi gaýdypdyr. Synasynam eýgerip bilmeýän bolsa, indi wapçe spiçgasy tükenip ugran bolaýmasa” diýmezlermi? “Tüf” diýip ol, elýuwaryň erňegine söýenip, agyryly aýagyna agram salmazlyk üçin ony epip, ýekaýak durşuna, içinden tüýkürdi: “Gümüne gitsin-laý! Bütin ömrüne: “il eý diýer, il beý diýer, eýtsem il-gün näme diýer, beýtsem halamaz...” diýi-i-i-p, halys sütünim süýnüpler gitdi. Indi ine-gana keselläp bir göreýin. Näme diýseler şony diýsinler. Geň göreniňem alnyna...”. Emma, näçe dişini gyjyrdatsa-da, beýnisi, erkinden üzňe, öz-özünden “Estagpurulla! Ondan dilgir däl! Edenine-de şükür, etjegine-de!” diýen ymgyr şükranalygy kalbynda döretdi: “Eýýubyň tenini kyrk ýyl gurt gemrende, Eýämizden nägile bolmandyr. Menem, Özi gaýrat berse, bolmajag-a bolaryn. Galanam näme, Oň elindäki zat. Belki baýtallatmasyn-da! Belki, gapa garap, çyňsap ýatmaly etmesin-dä... Belki Özi rehim etsin-dä! Enteg-ä etmeli-goýmaly zatlar kän welin... Oňa-da O merhemet eýläp, puryjasyny dözse... Bolmanda, çagalarywir birýüzli etmäge maý berse... Elwet, olaňňam-a ryzkynam, ýazgydanam Şoň Özi nemedýä-le weli... Bolmaňda-da maňlaýlaryna gowusyny ýazan bolsa, hor-har galmazlar-la... Edenine şükür, etjegine-de... Honha... Bolmadygam, boldurmadygam-a... Garaz, eýleräk boldy, beýleräk boldy... Pahyryň ýaşan ýaşy ýaşam däl. Şumatkymdan alty-ýedi ýaş uly...yzynda-da ownukly-irili bir gujak agzysaryny gyzyl-ýaýyrt etdi-de, dökdi öteýtdi... Mährindenem ganyp ýetişmedik, gahryndanam. Igenjindenem doýmadyk, söýünjindenem. Doýa garna nähagyndan irip, hakyndan kuwwat alybam bolmady... Seçdi gitdi barymyzy... “Iň uly” diýeniň-ä ýigrimmäş ýaş, agzyndan süýt ysy gitmedik, iň kiçiňem sekizýaşlyk etene...”. Bozuldy. Nämüçindir, nähilidir birhili gazaply hyruç bilen, misli gözlerini sürtäp-sürtäp goparmaga dalaş edýän dek, owasyny dolduran ýaşy süpürişdirdi. Suwy şürrüldedip, pessaý açdy. Bir aýakda yraň atyň durşuna, çaklaňja päki bilen howul-hara sakgal-murtuny syryp ugrady. Agyry alyp gelýär. Uzak dursaň dagy, özüňem duýman, çaşyrjagam. Bolşuna görä syrynan ol, ýene-de süňňüni elendirýän yza çydaman, çökdi. Öň, arkaýyn göterjek ýüküni göterip, gitjek ýerine gidip, hatda işinden gelensoňam melleginde çyraň ýagtysyna, ýyladyşhanasynda iň bolmanda ýarym sagatlyjagam bolsa gydyrdanyp galýan ol, öz nalajylygyny öler ýaly ýokuş görýä... Agysy tutup gitdi. Dessine-de girre gahary geldi. “Äý-ý...suko...Ýüreklerem ýukala-ýukala salfetga dönüpdir-laý...gant onuňammiri...Indi diňe ony syrt süpürgi edip ulanaga-da, musyra zyňaýmasy galypdyr öýdýän...Hany birmahalky, degenek jahylka, dört bolup depenlerinde-de, tozandyr öz ganyna bulaşyp ýatan ýerindenem toba gelmän: “Sypdygym, ýeke-ýekeden tutup, ijjeňňizi uwlatdygym biläýiň, addynam-addyna çykyň-eý, gant onlar!...” diýip, boş haýbaty wurýan, saňsar ýürek?... Urulmanka izzerip duran mizzige öwrülipdir-ä halys...”. Bada-badam içinden endikli: “estagpurullasyny” birküç mertebe yzly-yzyna gaýtalamaga howlukdy. Tenem, janam, ryzkam, Älemem, diriligem, ajalam...hemmeje zat – Onuň bagyş eden nygmaty! Şolaň iň bolmanda birjiginden-ä däl, çärýejigindenem nägilesiräp, dodak çöwrüp, ýüz öwürmek – Oň özüne pitjiň atmak bilen des-deň. Şoň üçinem şunça ýyllap saňa şeýlekin wepaly hyzmat eden, duýmak lezzetiniň mümkin bolan görnüşleriniň ählisini ähli ajaplygynda syzdyryp, Oň Hatyrasyna, seň şanyňa gijesi-gündizi ýekeje sekuntjygam irinmän-säginmän zähmet çeken jigeriňi, nädip poh süpürgä deňemäge het edýäň, gurrumsak?! Ýa, nä 24 sagadyň dowamynda gysymlap-gysymlap iýýän dermanlaňdan ýaňa halys meýniň maňka dönüp, katuşgaň makuşgaňa saraldymy? “Gapsan-aý! Seňki näm-aý, şumat?!” diýip ol, içinde emele gelen ýazgaryjy Owaza sessiz azgyryldy: “Senemmir tükenen sukoň biri-laý! Adam bolan bolsaňdyň, şu pille meni duzlap-dograjak bolup ýatman, gaýta höre-köşe ederdiň, “bu-da geçer, gyssanma, sabyr et, dert beren Özi, dermanynam ýany bilen iberýändir” diýen ýaly, kiçi dilden bärdäkem bolsa, hassaň gulagyna ýakymly tesellilije sözleri myssyldardyň...Ýo, sen sukoň bar oňarýanyň, diňe akyl satma, daryça aýyp tapsaň dag edip gerşiňe ýükleme...Inni war-a, saňa däliden dogry habar-eý, suko! Güm bol, menden! Düşdüňmi? Gyrk ýyl arkaýyn ýaşamaga goýman, etimi iýip gezziň! Besdir. Jähennem bol! Inni mundan buýana sensiz ýaşap göresim gelýä...Nähilikä?!”. Eger-de beýden bolup, içiňden herreleniň bilen sumat boluberýän zaňňarlardan bolsa, ondanammyr Owaz boljakmy? Gidermi?! Gaýta, keşpsiz, sypatsyzam bolsa, oň kalbynyň niresinde, nädip, nähili ýaşaýandygy nämälim bolsa-da, düşnüksiz birhili usul bilen-ä özüniň hut şuş-şu mahaljyk, ajymtyk, kemsidiji ýylgyrýandygyny oň aňyna ýetirmegiň hötdesinden geldi. Hymh! Üýrmesene! Bolýamy? “Git” diýýäň. Nirä? “Täterimiň teýine! Başarsaň ondanam aňryk”. Wah, men pahyr gitjek-le! Birje mu:ndam durjakgä, seň ýaly zeýrenjeň, mydama gowuz ýeri tüsseläp duran gyňyryň göwresinde-de, göwnünde-de. Ýöne, nä, gelmek-gitmek, nirdedir bir ýerde bolmak-bolmazlyk, bize bagly zatmy, eýse?! “Düşnükli. Bolýa onda, gaýrat et-de, şumatwyr lalyňy açyp otur. Sensizem öz derdim özüme ýetik” diýip ol, sadyklyk bilen oýlandy-da, uludan demini aldy. Sojap dikeldi. Hammamdan çykyp, bary-ýogy alty-ýedi ädimlik aralygam agsaklap, zordan geçdi. Içki otagdaky gaty düşeginde süýndi. Arkan-a ýatar ýaly däl. Aýagynyň sorkuldysy janyny alyp gelýär. Sagyna öwrüldi. Yzaly aýagyny ýygryp, sag aýagynyň üstüne atdy. Şeýtse azajygam bolsa sanjysy köşeşýär. Ýöne, beýdeni bilenem dynaýanok. Tursa ýa-da aýagyny uzyn salyp ýatsa, pyçak sokulýana çalym etse, şeýdip, ýanyn ýatsa, kimdir biri çep ökjesinden penjeläp, şol bir güýçde ýöne yzyny üzmän özüne garşy dartyp duran ýaly. Dabanam nähilidir birhili buz kimin goýultmakdan dykylyp, “ýarylaýyn” diýip dyňzap dur. Aram-aram elläp görýärem welin, çiş ýok, ýöne topugy, dabany buz ýaly. Daraklygam dartylyp, külembikesi öz-özünden daşyna gyşaryp, oturan oýtumyndan sypaýjak bolýar. Çydaman owkalasaňam köşeşmekden geçen, gaýta bujurygy artýar. Dugtorlarammyr... “Kesip aýyrmaly”-dan başga bilýän zatlary ýok... O nähili beýle bolýar-a-how? Nä, göni ýöne kesibermeli diýen zat bam-ow?! Nä, myň oňurgasy, size ataňyzzan miras galan mülkmi, ony ýüzüň ugruna şakyrra-mukurra kesip taşlaberer ýaly?! Garaz, “Öl!” diýýäňizz-ä, gopdygaýmaklar... A şo aperassa edip ýatyrkaňyz, birdenkä gyldan inçe saçuzynyň birini, atdanlykda, gylyçdan ýiti keseriňiz bilen şarpyldadyp göwerseňiz, nä, bi benne onsoň, tä ömri ötinçä meýdany astynda, tenha, kellesi gymyldaýan, diri maslyk bolup ýatmalymy, hä?! Äý ýo... Gerekgä beýle zenjebiliňiz maňa! Käşiriňizem özüňize nesip etsin, şugunnyryňyzam! Kimiň Astrowskiý bolub-a Pawka Karçagini ýazasy gelýän bolsa, kimiň Belýaýew bolubam Doýueliň kellesini oýlap tapasy gelýän bolsa – hohna, köçe! Tutdyrybersin, haýsy tarapa öteýdesi gelse, eňaşaklygyna! Agyry-ynjydan, däri-dermandan ýaňa halys gözüm petekäme ýarmaşyp gelýänem bolsa, men-ä ölerin, ýöne çydaryn! Oň ýaly musallada uçranymdan-a şu günüme-de ýüzde müň şükür! Ahyrýetem, belki haýyr bolsun-da, Allahym! Kellesinde şu pikirleri köwsarladyp, endamynyň syzlamasyna diň salyp ýatyşyna ol gaňrylyp, gapyň ýokarysyndaky sagada äňetdi. “Onbire onbäş minut bar. Ýaňy hammama girmänkä, on otuzbäşdi. Onja minut geçipdir.”. Ol çykgynsyzlykdan depme-dykyn böwrüni diňlände, gaty erbet ýüreginiň gysýandygyny duýdy. “Üç aý bäri tükenmänem geçdi...Heý gowlanmyzkan, heý Rebbimiň men ejiz günäli bendesine-de rehimi inmezmikän? Ýa meni şu tükeniksiz ezýete sezewar eder ýaly Oň öňünde eden günäm nämekä?!...”. Ýene-de şu nadyl pikirinde ol özem aňşyrman toba edenini duýman galdy. Bada-bat alty-ýedi ýyllap ýata ýarawsyz bolup, on ýyl mundan aradan çykan ejesi pahyr ýadyna düşdi... Şo görgülem arasynda halys keseline döz gelmäge taby galman zeýrenmäge başlardy. Birdenem öz jylawyndan özi çekerdi-de: -Öňki Ahun agalar, Hudatagala-da diňe eý gören bennesine şu dünýäde keseldir-külpet berip, bärde çekiljek azabyň hasabyna, o dünýäde sakar dowzahyň güzabyndan halas edermiş diýer ekenler. Hamana, eger-de sende kesel bolmasa, durmuşyňda-da hemmeje zat gülala-güllük bolsa, onna Biribaryň senden umydyny üzüp, mübärek nazaryny terse öwrendigini aňladarmyşam diýip garrylar geplärdi,-diýip o pahyr, öz-özüne göwünlik bererdi. Soňam uludan dem alardy-da, üstüne goşardy:-Ýöne, Hudaýym, edil men mynasyp dä bennesini beýle gowam görmeli dä eken-dä... Olam şu pille: “Belki, ýuwulýanym, ýuwuljagym bolsun-da” diýip, şu ejir çekip ýatyşynam içinden ýagşylyga ýordy. Soňky gezek hassahanada ýaşuly lukman oňa: “Sen inim, bü keseliňi ýadyňdan çykarjak bol, zyň kelläňden-de, başga-başga zatlara aklyňy ber. Şonda bahym gutularsyň. Munyňy içiňde eýläk-beýläk öwrüp-çöwrüp, beýniňde pyrlap ýatsaň welin, aýaga galmaň hupbat bolar” diýip masalahat beripdi. Ol buruljyrap ýatan ýerinden ajy ýylgyrdy. “Şü agyryny hany unut-da undup bilseň! Hemme kişi meň başyma akylly. Öz başlaryna düşse-de bolup bilse bizçe bolarlar, bolmasa-da pohumyzça...”. Ýene-de kütek agyry ýüregine dökülip ugrady. Döşüniň iç ýüzünde nähilidir birhili göze görünmeýän el oň ýüregini edil girisine ilen syçany pişigiň oýnaýşy dek, assajadan aşaklygyna çekiberip, çekiberip goýberýärdi. Her gezek ýüregi aşaklygyna çekilende-de oň gözi garaňkyrap gidýärdi. Bäş-on sapar şuň ýaly ýagdaý gaýtalanansoňam, eňki agyp ugraýardy. “Aý, häzir ölýän-laý!” diýip, ol çat maňlaýyndaky diwaryň aşak çetine tiňkesini dikip ýatyşyna göwnübir oýlandy: “Ýeri bolýa. “O hiç” diýseň, ahyryn hemme kişem ölmeli, senem baky ýaşaryn umydy bilen-ä ýortup ýörmüýäň diýseň, onda manysy näme şo geçen ýyllaň? Ýitgileň, yzalaň, tapgylaň, eşretleň, o ikisini ýetmiş essä köpeldeňde-de agdyk geljek adatylyklaň... Çagalarmy? Ömürler-ä uzak bolsun, Allahym, görjeklerinem gowy edewer ýa Rebbim! Olaň ýadynda-ha galarsyň... “Gursaklarynda-da saklarlar” diýib-ä umyt edýä... Kaza edenlerine şunça ýyl geçse-de, özüniň henize bu güne çenlem kakasyna-ejesine ölmäge ýol bermän, hut ýüreginiň töründe, kyblasyn-a jigerine soltan, käbesinem kalbyna türkan edip diriligine saklaýşy ýaly... Iň bolmanda, şony şeýtmekleri üçin-ä olaň her haýsyna ähli özüni siňdirip, olaň her biriniň her demi bilen demli bolub-a ýaşady... Ondan galanynam özüne şu zatlary bagyş Edeniň Özi oňat bilýändir-dä... Hernä, olaram, özünem abraýdan aýyrmasyn, abraý bersin-dä... Ýöne, şahsy özi üçin, adaty ynsan hökmünde, ondan näme galar?”. Soňky döwür ol şu soragy özüne ýaman kän berýär – Alla abraý beräýsin, ýöne. Her gezegem şu sowal bilen oň üýtgewsiz jogaby hökmünde özüniň ýazan zatlary göz öňünde dikelýä... Bu gezegem şeýle boldy. Sahypalar, sahypalar, sahypalar... On dördi doluberende ilkinji çyrşak-çyrşak eden, öýjükli depderiň syýa yzy ýol-ýol bolup duran sahypalary... Soň öz ýazanyny onlarça gezek gaýtalap okap-okap, käte olardan göwni geçip jyrym-jyrym edilip otlanan, käte-de öz ýazan sözlerinden ýaňa özi heýjana gelip, apalap-sypalap, ýygşyryp goýan sahypalary... Soňky ýyllar bolsa, o kagyz sahypalaň ornuny komp eýeledi... Ýöne olam, ilki jansyz bolsa-da, soň direldi. Kagyzdyr-ruçka deý, oň içki hümmüldileriniňem, özgelere paýlamaga mynasyp gören iň pynhan pikirleridir-duýgularynyňam aýrylmaz hemsaýasyna öwrüldi... Gurbannazarda bardymy, bir söz? “Bir aladam: näçe sahap bolarka, “Saýlanan günleri” Ýaşan ömrümiň?”. ...Bu bolsa, öz ömrüni saýlanan günlerde däl-de, sahypalarda sanaýa... Dogrudanam, hemme ýazany näçe jilt bolarka? Bir jildiň-ä neşirýat ölçeginde A4 sahypaň 256 sanysy bolýa... Ol birdenkä, näme edýändigine özem düşünmän, gymyldasa aýagynyň agyrysynyň on esse artýandygyna üns bermän, hyklap-çoklap dikeldi. Gapdalky kitaphana-iş otajygyna ýöneldi. Bu tünekde mesgen tutanyna onbäş ýyl öten, köneje kompunyň başyna geçdi. -Kaka, bir zat ýazjak bolsaň, sen aşakda gyşar-da, maňa diktowka et. Özüm ýazaýyn. Aýagyň nemedýär-ä...çydaňog-a...-diýip ulusy, göýä ony garawullap duran ýaly bir ýerden çykdy. Belki, garawullaýandyram. Kim bilýä... Özem diňe oň ýeke özem däl. Hemmesi. Oturgyçda aýagyny has ynjalykly goýmaň ebeteýini tapman, gozganjyrap, ýüzüni ynjyly kürşerdip oturyşyna oň döşi ýylap gitdi. -Ýo...oglum...gerekgä...-diýende sesi üzlem-saplamdan gyryljak çykdy. Onýança komp windowsyň lenji çykan heňini ýaňlandyryp, açyldy. Ol ekrana bakdy-da, joýstige ýapyşdy. Öz faýllaryny dörüşdirip ugrady. “Baý-bo-o-w! Eňňere eken-ä! Başly-barat. Bir ýere jemläp, kitap, jilt görnüşinde tertibe salýançaňam ummasyz wagt aljak...” diýip ol tukat oýlandy. Göýä, ýaňky gursagynda emele gelen ýylylyga oň sähelçejigem bolsa galkynan göwnüni gemirmäge pursat peýeläp ýatan dek, aýagy öňküsinden bäşbeter sanjyp-sanjyp gitdi. Ol saklanyp bilmän, aşak eglip buduny mynçgalamaga başlady. Şol wagtam arkasyndan sekiz ýaşlyja körpesi geldi. -Kaka, sen arkaýyn işläwer, men häzir yssolyň aşagyna gireýin-de, şo taýda oturyp seň aýagyňy owkalaýyn. Ejem maňa öwretdi. Onnoň seň-ä aýagyň agyrman, hekawa ýazarsyň, menem saňa häsgel bermen,-diýdi-de, ol öz teklibine “hä” berlerine-de tagapyl etmedi. Derrew stoluň aşagyna sümüldi. Ojagazyň kindiwanja, ýumşajyk, ysgynsyzja elleri jalbarynyň daşyndan injigini tagaşyksyz mynçgalamaga başlanda, birdemde oň owalary püre-pür bolup dolaýdy. Gözüni dolduran zadyň paýrap aşaklygyna gaýtmazlygy üçin gabagyny sallamaga-da het etmän oturyşyna ol: “Diýmek, bihuda dä ken...” diýip nämüçindir öwhüldili oýlandy. Şol pursadam oň ynjyly tirpildeýän ýüreginiň töründäki baky diri salgymlaň biri, gödeňsiz, jaýryk-jaýryk daýhan eli bilen oň oglanjyk-kellesini mähirli sypalap goýberdi: -Bihuda däl, köşegim, hiç zat bihuda däl... Ol stoluň aşagyndaky oguljygynyň eljagazlaryndan aýagyna siňip, ýuwaşjadan ýokarylygyna süýşüp barýan hälki ýylylygadyr, başyny sypaýan ýok-eliň mähirine meýmiräp oturyşyna, ekranyň teýindäki sagatsetirine gözüniň gyýtagyny aýlady. “Onbir. 25 minut geçipdir”. Hälden bäri sem bolup oturan Owazam, uludan dem aldy-da, ömründe birinji gezek onuň bilen ylalaşdy: -Howwa... | |
|
√ Şeýtany öldüren / hekaýa - 08.11.2024 |
√ Möjekler / hekaýa - 26.04.2024 |
√ Bakylygyň bosagasynda / hekaýa - 21.06.2024 |
√ Sazandanyň säheri / hekaýa - 16.07.2024 |
√ Ynsap bizden aýrylmasyn... / hekaýa - 14.12.2024 |
√ Ýat şäherdäki üç myhman / hekaýa - 13.01.2024 |
√ Çöregiň ysy / hekaýa - 28.06.2024 |
√ Goýunçy / bolan waka - 25.06.2024 |
√ Mahmal köwüş / hekaýa - 23.08.2024 |
√ Toba maskasy / hekaýa - 27.06.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |