09:35 Abdylhamyt söýgüsini sorama, gitsin!.. | |
ABDYLHAMYT SÖÝGÜSINI SORAMA, GITSIN!..
Taryhy makalalar
Söýgüli okyjylarym, Rejep beý Adana şäheriniñ stadionynda ýaşlaryñ öñünde eden çykyşynda Türkiýäñ dört ýanyndan üýşüren talyplaryny awtobuslara mündürip, Adana getirdiler (yzyna gaýdyp barýarka awtobus agdarylyp, üç sany talyp aradan çykdy). Rejep beý münberde nutuk sözlände, ýene Abdylhamydy öwüp arşa çykardy!.. Ol şeýle diýdi: "Osmanlyny 33 ýyl ýeke garyş ýerini aldyrman dolandyran Abdylhamyda dil ýetirenlere, eždadymyza sögünenlere halkymyz 2023-nji ýylyñ saýlawlarynda hetdini tanatjakdyr..." * * * Bu beýependi ýa-ha ýakyn taryhymyzy düýbünden bilenok, ýa-da hakykatlary görnetin ýoýmaga çytraşýar. Eýsem haýsysyka! Abdylhamyt Osmanlyny 1876-1909-njy ýyllarda bir özi dolandyran patyşa bolup, tegelek otuz üç ýyllap halky ezdi. "Ýyldyz" köşgünde ýaşady. Gorkak, was-wasa düşegen we wehimli adamdy. Diýseñ guramaçylykly şpionaž (şugulçylar) edarasyny gurupdy. Gorkýardy, şonuñ üçin 33 ýylyñ içinde ýeke gezegem Stambulyñ daşyna ýeke ädimini-de ätmedi. Köşkden diñe "Beşiktaş" metjidine jumga namazyna gitmek üçin çykardy. Gorkusynyñ sebäbi, agasy patyşa Abdyleziz tagtdan agdarlyşyk arkaly düşürilipdi. Agasynyñ gününe düşmekden gorkardy. * * * Hawa... Rejep beý halka bilgeşleýin ýa-da özi-de bilmezden ýalñyş maglumat berýär. Onuñ bu edýäni ne-hä partiýanyñ başlygyna gelişýär, ne-de prezidente. Käşgä az-owlak kitap okap, bilmeýän zadyny öwrense! Abdylhamyt osmanly taryhynda iñ köp ýer elden gideren patyşanyñ hut özüdir. Rumeli tutuşlygyna şonuñ döwründe elden çykdy. Awstriýa Bosniýany öz düzümine birikdirdi. Onuñ döwründe häzirki Türkiýäniñ tutýan meýdanynyñ iki essesiçe ýer ýitirdik. Plewne goragy şowsuz tamamlanansoñ, rus goşuny günbatardan çäklerimize girip, Stambulyñ alkymyna geldi... * * * Şindi bu jümläni biraz düşündireýin, ol uruşlara türk taryhynda "93 jeñi" diýilýär. Rus goşuny diñe öñe süýşmek bilen çäklenmedi. Gündogardan we günbatardan içeri girdi. Gündogarda Erzurumdan başlap birgiden ýerlerimizi basyp aldylar. Resmi taýdan masgaraçylykly ýeñlişe uçrapdyk. Günbatarda bolsa paýtagtyñ bitişigindäki Ýeşilköý raýonyna çenli geldiler. Ýeşilköýiñ şol wagtky ady San-Stefanody (Aýastefanos). Rus goşuny şol ýerde ştabyny gurupdy. Munuñ bilen çäklenseler ýene ýagşy! Stambuluñ burnunyñ aşagyndaky Ýeşilköýde ýadygärlik binasyny gurmaga başladylar. Bu ýadygärlik-buthana, uruşda wepat bolan rus esgerleriniñ hormatyna gurulýardy. Ýadygärligiñ gurlan anyk ýeri häzirki Florýanyñ Şenlikköý ýaşaýyş massiwidir. * * * Basybalyjy güýçler indi paýtagt Stambuluñ gapysynyñ agzyndady. Ýadygärlik binanyñ gurluşygyna 1895-nji ýylda başlandy. Burnunyñ düýbünde bolup geçýän zatlary görmeýän gorkak patyşa şol wagt "Ýyldyz" köşgünde otyrdy. Suratda görşüñiz ýaly, bina bäş-alty gatly jaýyñ beýikligindedir... Içindäki buthanada uruşda wepat bolan rus esgerleriniñ süñkleri jaýlanan. Howlusyna ruslar tarapyndan agaç nahallary-da oturdylypdy. Duşman goşuny ýene bir ädim ätse, paýtagta girip, Abdylhamydyñ iñ köp gorkýan zady bolsa bolaýmalydy. Ýagny, onuñ tagtyny duşman goşunyna gideräýmegi daşda däldi. * * * Abdylhamyt ruslaryñ gujagynda çäresiz galdy. Ol şu ýagdaýda başga bir gujaga sygynmaga mejbur boldy. Ruslara garşy iñlislerden kömek sorady. Iñlis flotiliýasy Stambula gelip, ruslary yza çekilmäge mejbur etdi. Ruslar gitdi, emma haýbatly ýadygärlik birnäçe ýyllap şol ýerde durdy. 1908-nji ýylda "2-nji Meşrutyýet" (ýagny, "Üýtgedip gurmak" reformalary) yglan edildi we 1909-njy ýylda Abdylhamyt tagdan düşürilip, Selanige sürgün edildi. Ol birnäçe ýyllap şol ýadygärlik-binanyñ kölegesinde ýaşapdy, bu masgaraçylyk barada agzyny açmaga-da mümkinçilik bolmandy. Bihormatlygyñ, bir döwletiñ ejizliginiñ şundan beteri barmyka beri. Abdylhamyt tetelliler gojaman imperiýany, ine, şeýle hallara düşüripdi. Söýgüli okyjylarym, bu işiñ soñy gyzyklanma döreden bolsa, onam gysgaça aýdyp geçeýin. 1914-nji ýylda iş başynda ittihatçylar ("İttihat Terakki" partiýasy) hökümeti bardy. Birinji jahan urşuna girip, Russiýa bilen ýañadandan uruşmaga başlapdyk. Ittihatçylar Ýeşilköýdäki bu ýadygärlik-binany ýykmagy makul bildi. Masgaraçylykly ýadygärligiñ içi boşadyldy we partlaýjylar bilen partladyldy. Bu waka Fuat Özkynaý atly otstawkadaky ofiser tarapyndan boýdan-başa dokumental filme düşürildi, emma gynansak-da, ol kinofilm biziñ günlerimize çenli gelip ýetmändir. Ol film osmanlynyñ ilkinji dokumental kinofilmidi, ýöne indi ýok... * * * Ine, şol patyşa burnunyñ aşagyndaky rus binasynyñ kölegesinde, köşgünde ýaşady. 33 ýyllap ýurdy dolandyrdy!.. Indem, gel-gel, bizi dolandyrýanlar bilen birlikde olaryñ mediýasy şol patyşaha arka durup, odalar düzýär, Abdylhamyt Han diýip söz edýär! Osmanly döwründe nijeme bişowluklar bolup geçdi, emma bular ýalysy seýrek bolupdy! Emin ÇÖLAŞAN. "SÖZCÜ" gazeti, 26.05.2022 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |