TARYHYÑ KEZZAPLARY
"Öwlüýä men" diýip jögi sopular,
Gygyryp asmana böke başlady".
Magtymguly Pyragy.
▶ ABDYLLA IBN SABA
Abdylla ibn Saba, yslamda ýüze çykan ilkinji radikal (reaksioner) akymlaryñ başyny başlaýjy, sebeýiýe mezhebiniñ esaslandyryjysy, şaýy ynanjynyñ ilkinji kerpijini goýan adamdyr.
Abdylla ibn Saba Hezreti Osmanyñ (r.a) halyflyk döwründe, ilki onuñ ýanyna barýar we ony beýgeltjekdigi barada birnäçe wadalary berýär. Hezreti Osman (r.a) bu pitneçiniñ asyl niýetini añlap, ony ýanyndan kowup goýberýär. Hezreti Osmanyñ (r.a) ýanyndan kowlansoñ, ol Hezreti Alynyñ (r.a) ýanyna barýar, hileli sözleri bilen Hezreti Alyny (r.a) toruna salyp bilmedik Abdylla ibn Saba ol ýerdenem kowulýar.
Yslam çeşmeleri Hezreti Osmanyñ (r.a) öýüniñ daşynyñ gabalyp, onuñ şehit edilmeginde we Hezreti Alynyñ (r.a) halyflyk döwründe musulmanlaryñ arasynda ýüze çykan gapma-garşylyklaryñ bir gyrasynda Abdylla ibn Sabanyñ eliniñ bardygyny öñe sürýärler. Munuñ tersine käbir çeşmeler munuñ ýaly adamyñ asla bolmandygyny belläp geçýärler. Belki-de musulman tüýsüne giren bozuk pikirli tersa adamlaryñ kripto durmuşda ýaşandyklary üçinem, onuñ real şahs bolandygy ýa-da bolmandygy baradaky jedeller häzire çenli dowam edip gelýän bolmagy ahmal. Ýöne Abdylla ibn Sabanyñ ýaşap geçen şahsdygy baradaky delilleri puja çykarmak isleýänleriñ esasanam şaýy alymlardygyny şu ýerde belläp geçmek ýerlikli bolar. Olaryñ näme üçin beýtmäge synanyşýandygyna bolsa, aşakda ýazylanlary soñuna çenli okanyñyzda, doly we dogry düşünseñiz gerek.
■ Abdylla ibn Saba kim bolupdyr?
Abdylla ibn Saba barada ilkinji maglumatlar Seýf ibn Omar (hijri 170-nji ýa-da 193-nji ýylda aradan çykan) atly yslam taryhçysynyñ kitaplarynda geçýär. Tabary hem öz kitabynda agzaýan maglumatlaryny Seýf ibn Omara esaslandyrýar. Şol sanda gündogarşynas alymlar Nikolson, Wan Wloten, Ýulius Welhauzen, Donaldson, Ahmet Emin, Goldsier, Kaetani dagylaryñ ylmy işlerinde Abdylla ibn Sabadan söz açylýar.
Aýdylmagyna görä, garaýagyz we ýemenli ýewreý aýalyñ ogly bolan Abdylla ibn Saba Hezreti Osmanyñ (r.a) halyflyk eden döwründe musulman bolupdyr. Asly Ýemeniñ Saba şäherinden bolandygy üçin adynyñ yzyna Saba sözi tirkelipdir. Şeýle hem onuñ ejesiniñ asly efiopiýaly garaýagyz ýewreýlerden bolandygy üçin "Ibn as-Sauda" ("Garanyñ ogly") lakamy bilenem tanalypdyr.
Musulman bolandan soñra Hyjazda, Basrada, Kufede we Damaskda bozuk pikirleri wagyz etmäge başlaýar. Emma wagyzlary ýol almansoñ Müsüre gidýär. Ol Müsürde "Hezreti Muhammediñem Isa ýaly gaýtadan ýer ýüzüne dolanjakdygy" we "Alynyñ Muhammediñ oruntutarydygy" barada yslam kitaplarynda asla agzalmaýan pikirleri propogandirläp başlaýar. Ol "Töwrada" esaslanyp, her pygamberiñ bir oruntutarynyñ bolýandygyny, mysal üçin Musanyñ Harun, Ýeremiýanyñ Waruh, Isanyñ Pýotr ýaly yzyny dowam etdirijileriniñ bolandygyny öñe sürüp Hezreti Alynyñ (r.a) Hezreti Pygamberimizden soñra gönüden-göni oruntutar bolmalydygyny delillendirmäge synanyşypdyr.
Onuñ Müsürde eden wagyzlary öz miwesini beripdir we Hezreti Osmanyñ (r.a) halyf tagtynda oturmagyna närazy gatlaklary döretmegi başarypdyr. Munuñ netjesinde 4 müñ müsürli, 4 müñ yrakly Medinä gidip Hezreti Osmanyñ öýüni gabaw astyna alýarlar we ony şehit edýärler. Hezreti Osmandan (r.a) soñra Hezreti Aly (r.a) halyf saýlanýar.
Hezreti Osmanyñ (r.a) ganhorlarynyñ ele salynmagyny talap edip Hezreti Aýşa (r.a), Hezreti Talha (r.a), Hezreti Zubeýr ibn Awwam ýaly görnükli şahslar Hezreti Alynyñ (r.a) bu jogapkärli işe sowuk-sala çemeleşýändigini tutaryk edinip, oña garşy uruş yglan edýärler. Şeýlelikde Hezreti Aly (r.a) goşunyny alyp Yraga çekilýär. Kufelilerdenem 9 müñ adam oña goşulýar. Şol wagtam Hezreti Ala (r.a) garşy çykan topar Basra şäherine gelip ýetýär. Iki şäheriñ halkynyñ arasynda geçirilen gepleşikleriñ netijesinde düşünişmezligi parahatçylykly ýollar bilen çözmeklik barada ylalaşyga gelinýär. Emma Abdylla ibn Saba we onuñ tarapdarlary Hezreti Alynyñ (r.a) tarapyny tutansyran bolup, Hezreti Aýşanyñ (r.a) goşunyna hüjüm edýärler. Netijede Talha (r.a) şehit düşýär, Zubeýr ibn Awwam (r.a) yza çekilmäge mejbur bolýar. Hezreti Aýşa (r.a) bolsa çaknyşygy bes edip Medinä dolanýar. Yslam çeşmeleri we alymlar ýokarda bolup geçen pajygaly wakalaryñ hemmesiniñem Abdylla ibn Sabanyñ we onuñ sebeýiýe mezhebine eýeren tarapdarlarynyñ meçew bermegi netijesinde bolup geçendigini aýdýarlar.
■ Garaýyşlary we täsirleri
Şaýylaryñ Hezreti Alyny aşa öñe tutmaklarynda we hatda käbir şaýy mezhepleriniñ ony hudaýlaşdyrmagynda ilkinji şaýy mezhebi bolan sebeýiýe akymynyñ täsiri uly bolupdyr.
Hezreti Aly (r.a) tarapyndan näletlenen Abdylla ibn Saba ölüm jezasy berilenem bolsa, tarapdarlarynyñ artmagyndan endişe edilip, bu jezany bermekden el çekilýär.
Aýdylmagyna görä, Abdylla ibn Saba Hezreti Pygamberimiz bakyýete göç edeninden soñra onuñ mübärek ruhunyñ Hezreti Ala (r.a) geçendiginini, Hezreti Alydan (r.a) soñam onuñ neslinden önjek ymamlarda bu ruhuñ dowam etjekdigini, kyýamat golaýlanda Hezreti Alynyñ (r.a) dolanyp geljekdigini Hezreti Alynyñ (r.a) özüne-de aýtmakdan çekinmändir. Hut şonuñ üçinem Hezreti Aly (r.a) ony näletläpdir we hatda ony otda ýakmak barada buýruk bermegine sebäp bolýar.
Hezreti Alynyñ (r.a) soñky asyrlarda pygamberleşdirilmeginde ýa-da hudaýlaşdyrylmagynda, şol sanda şaýy ynançlarynyñ kemala gelmeginde Abdylla ibn Sabanyñ bu bozuk pikirleri esasy rol oýnapdyr.
■ Maglumat üçin seret:
1). Ahmet Emin "Fejrül-Yslam";
2). G.Wan Wloten "Es Siýadetül Arabiýeýeti weş Şiati wel Ysraýyliýat fi Ahdi Beni Ümeýýe" (arap diline edilen terjimesi);
3). Nikolson "History of Arabs";
4). D.M.Donaldson "The Shiite A.History of Islam in Persia and Iran";
5). Welhauzen "Das Arabische Reish und Sein Sturtz";
6). Mustafa Öz "Mezhepler Tarihi ve Terimleri Sözlüğü", "Ensar" neşirýaty, Stambul-2011;
7). Прозоров С.М. "Абдаллах б. Саба" Ислам: энциклопедический словарь / отв. ред. С.M.Прозоров. — Москва "Наука", ГРВЛ, 1991;
8). Али-заде, А. А. "Сабаиты" (aрх. 1 октября 2011), Исламский энциклопедический словарь. — Мoсква "Ансар", 2007.
Taryhy şahslar