09:21 Abdyrahman ibn Awf | |
Sahaba Abdyrahman ibn Awf (r.a)
Taryhy şahslar
(590 ? -32/652) Resulallanyň (s.a.w) Jennet bilen buşlanan on sahabasyndan we ilkinji musulmanlardan biri. Kureýş taýpasynyň Beni Zühre tiresinden Harisiň ogly bolup, jahylyýet döwründe asyl ady Abdylkäbe, käbir rowaýata görä Abdy Amr bolupdyr. Hezreti Pygamberimiz (s.a.w) Erkamyň öýünde yslama çagyryp başlan uçurlary yslama giren Abdyrahmana bu ady Resulallla beripdir. Ebu Muhammet ady bilenem tanalan Abdyrahmanyň enesi Sifa binti Awf ibn Adyl-Haris ibn Zühre ibn Kilab bolupdyr. Rowaýata görä Abdyrahman “Pil hadysasyndan” ýigrimi ýyl soňra dünýä inipdir. Abdyrahman ibn Awf (r.a) musulmanlygy ilkinji kabul edenlerden bolandygy sebäpli, kureýş kethudalarynyň zalymlygyna çydamadyk sahabalar bilen birlikde Hebeşistana (Efiýopiýa) hijret edipdir. Soňra Resulallanyň (s.a.w) sahabalary Medinä göçmäge çagyrandygy üçin olam beýleki sahabalar bilen Medinä hijret edipdir. Hezreti Pygamber (s.a.w) Medinede medineli musulmanlar (ensarlar) bilen Mekgeli musulmanlaryň (muhajirler) arasynda doganlyk yglan edenden soň Abdyrahman ibn Awf (r.a) bilen Saad ibn Rabi (r.a) dogan okaşypdyr. Ensarlaryň sylanýan adamlaryndan bolan Saad ibn Rabi (r.a) “din dogany” Abdyrahmana şeýle diýipdir: - Meniň birnäçe mal-baýlygym bar. Munuň ýarysyny saňa berýärin. Iki sany aýalym bar. Olaryň birisiniň talagyny berjek. Möhleti tamamlanandan soňra ony özüňe nikalap alarsyň. Bu deňsiz-taýsyz sahylyga Abdyrahman ibn Awf (r.a) şeýle jogap beripdir: - Jenaby-Alla malyňy we maşgalaňy saňa mübärek eýlesin. Alla seniň bu jomartlygyň bahasyny bersin. Sen maňa diňe bazaryň ýoluny görkez. Maňa şol ýeterlik. Abdyrahman ibn Awf (r.a) söwda dolanyşygyny örän oňat bilen kureýşileriň biri bolandygy üçin medine bazarynda işine başlapdyr we Alla oňa çäksiz baýlyk beripdir. Abdyrahman söwda tejribesininden söz açyp şeýle diýipdir: - Jenaby-Allah maňa şeýle bir nygmat berdi welin, bir daşy galdyryp başga bir ýere goýanymda-da, göýä altyna öwrülýän ýalydy. Abdyrahman ibn Awf (r.a) Hezreti Pygamberimiziň (s.a.w) gatnaşan söweşleriniň hemmesine gatnaşypdyr we yslamyň ilkinji jihad hereketinden mynasyp paýyny alypdyr. Mugyre ibn Sube (r.a) atly sahabanyň rowaýat etmegine görä, Hezreti Pygamberimiz (s.a.w) söweşleriň birinde ýolda düşlän wagtlarynda sahabalaryň duran ýerinden uzagrak bir künjege çekilip, hajatyny bitiripdir we täretini kylyp yzyna öwrülipdir. Resulalla sahabalaryň ýanyna baranynda Abdyrahman ibn Awfyň (r.a) arkasynda namaza durupdyr. Mugyre şol pursat pygamberimiziň gelendigini habar berjek bolsa-da, Resulalla muňa ýol bermändir we Abdyrahmanyň arkasynda namazyny okapdyr. Şeýlelik bilen Hezreti Pygamberimiziň (s.a.w) ilkinji gezek arkasynda namaz okan kişisi Abdyrahman ibn Awf (r.a) bolupdyr. Mälim bolşy ýaly, has soňra Resulalla hassalan wagtynda Hezreti Ebu Bekiriň (r.a) arkasynda namaz okapdyr. Ibn Saad “Tabikatuul-Kubra” atly eserinde bu ýörişiň Tebuk söweşi bolandygyny aýdýar. (Ibn Saad “Tabakat”, 111-129) Resulalla (s.a.w) 628-nji ýylyň şaban aýynda Abdyrahman ibn Awfy (r.a) sahabalardan düzülen ýedi ýüz kişilik goşun bilen birlikde Dümetuul-Jendele iberipdir. Abdyrahman hristiýanlaryň agdyklyk edýän bu sebite gelip olary yslama çagyrypdyr. Hristiýanlaryň aglaba bölegi bu çagyryşa gulak asmadygyna garamazdan sebitiň taýpa kethudalaryndan bolan el-Asgab ibn Amr el-Kelbi hristiýanlykdan musulmanlyga geçipdir. Abdyrahman ibn Awf (r.a) el-Asgabyň gyzy Tumazar bilen öýlenipdir we ondan Ebu Seleme atly dünýä inipdir. Şeýle hem Ibn Saadyň görkezmegine görä, Hezreti Pygamber (s.a.w) sahabalarynyň içinde ýüpek geýmegi diňe Abdyrahmana rugsat beripdir. Çünki, Abdyrahman ibn Awfyň (r.a) bedeninde bir kasinti (jüzzam bolmak ähtimallygy) bar ekeni. Hezreti Pygamberimiz (s.a.w) aradan çykandan soňra, günleriň bir gününde Medinede köpçüligiň goh-galmagaly eşidilipdir. Şonda Hezreti Aýşa (r.a) enemiz bu galmagalyň sebäbini sorapdyr. Abdyrahman ibn Awfyň (r.a) kerweniniň şähere ýakynlaşmagy netijesinde bu sesiň dörändigini öwrenen Hezreti Aýşa (r.a) şeýle diýipdir: - Resulalla (s.a.w) şeýle diýipdi: “Abdyrahman syratdan geçip barýarka düşäýjek ýaly boldy, emma düşmedi.” Hezreti Aýşanyň aýdanlaryny eşiden Abdyrahman ibn Awf (r.a) bäş ýüz düýeden ybarat kerwenini ýükleri bilen birlikde tutuşlygyna Allanyň razylygyna bagyşlapdyr. Düýeleriň ýüküniň düýelerden has ähmiýetli bolandygy aýdylýar. Sahabalaryň iň sahylarynyň biri bolan Abdyrahman ibn Awf (r.a) birnäçe söweşlerde aýratynam Tebuk söweşinde Allanyň ýolunda uly pidakärliklerde bolandygy mälimdir. Aýratynam Hezreti Pygamberimiziň (s.a.w) Beni Nadir tiresiniň eýeçilik edýän ýerinde ýerleşýän mülküni kyrk müň dinara satyp, Resulallanyň maşgalasyna paýlapdyr. Hezreti Aýşanyň (r.a) paýy getirilende, ol munuň kim tarapyndan iberilendigini sorapdyr. Abdyrahman ibn Awfyň (r.a) iberendigini aýdanlarynda, Hezreti Aýşa enemiz şeýle diýipdir: - Hezreti Pygamber (s.a.w) “Menden soňra Allanyň sabyrly gullary size mähirli seretjekdirler. Alla Abdyrahman ibn Awfa Jennet çeşmelerinden gana-gana içmäni nesip etsin” diýipdi. Hezreti Ebu Bekir (r.a) aradan çykmazdan öň Omar ibn Hattabyň (r.a) halyflyga geçmegi hususynda Abdyrahmanyň pikirini bilmek isläpdir. Abdyrahman ibn Awf (r.a) bolsa şeýle diýipdir: - Omar seniň düşünişiňden has ýagşydyr. Emma awtoritarlygy agdyklyk edýändir. Emma Ebu Bekir (r.a) şeýle jogap beripdir: - Omaryň gaharjaňlygy meniň ýumşaklygymdan. Erkine eýelik etse bu gaharjaňlyk aýrylar. Bir gün men birine örän gaharlandym. Omar bolsa örän mylakatly çemeleşdi. Men mylakatly çemeleşsem ol hasam gazaplanýar. Hezreti Omaryň (r.a) halyflyk eden döwründe gerimi giňeýän döwlet we onuň araçäklerini ara alyp maslahatlaşmak üçin ýygnanýan esasy geňeş agzalarynyň arasynda Abdyrahman ibn Awfyň (r.a) ähmiýetli orun tutýandygyny görüp bolýar. Yrakdaky täze eýelenen mülkleriň gazylaryň arasynda paýlaşylmagy ýa-da döwletiň hasabyna geçirilmegi babatynda iki garaýyş orta atylypdyr. Hezreti Omar (r.a) we beýleki sahabalaryň görnükli wekilleri bilen birlikde bu topraklaryň paýlaşylmazlygyny öňe sürüpdir. Abdyrahman ibn Awf (r.a) we Bilal Hebeşi (r.a) ikisi bolsa, muňa garşy çykyp eýelenen ýerleriň paýlaşylmagynyň tarapdarlary bolupdyr. Hezreti Omar (r.a) şehit düşende tamamlanman galan namazy soňlamagy Abdyrahman ibn Awfa (r.a) tabşyrypdyrlar. Şeýle hem Hezreti Omaryň (r.a) gutulmagynyň mümkin däldigine we onuň soňky deminiň ýakynlaşýandygyna göz ýetirenlerinde täze saýlanjak halyfyň belli edilmegi üçin ýygnanan geňeşiň düzüminde Abdyrahman ibn Awf (r.a) hem bolupdyr. Geňeşde ýer alan Zübeýr ibn Awwam (r.a), Talha ibn Ubeýdulla (r.a) we Saad ibn Wakgas (r.a) halyf saýlanmak hukugyndan el çekenlerinden soňra geňeşde halyflyga dalaşgär üç kişi galypdyr. Abdyrahman ibn Awfyň (r.a) hem öz hakyndan el çekmegi bilen dalaşgärleriň sany ikä gelipdir. Bu hususda Abdyrahman ibn Awf (r.a) we sahabalaryň beýleki görnükli wekilleri bilen uzak dowam eden gepleşikleriň dowamynda Hezreti Alydan (r.a) we Hezreti Osmandan (r.a) gelinen karara uyjakdyklary barada kesgitli söz alanlaryndan soňra halyflyga Hezreti Osman (r.a) saýlanylypdyr. Abdyrahman ibn Awf (r.a) gartaşandan soňra Hezreti Osmanyň (r.a) döwründe köpçülikden daşyrakda ýaşapdyr we hijri ýyl hasabynyň 32-nji ýylynda Medinede aradan çykypdyr. Jynaza namazyny Hezreti Osman (r.a) kylypdyr. Ony jaýlamaga alyp barýarkalar Hezreti Aly (r.a) şeýle diýipdir: “Eý, Awfyň ogly! Güle-güle ebedi dünýä git. Sen bu pany dünýäniň iň gözel günlerini gördüň. Bu rownakly dünýä bulaşmanka ahyrete göçýärsiň”. Saad ibn Wakgasyň (r.a) hem onuň jynazasynda “Eý goja dag!” diýip Abdyrahman ibn Awfa (r.a) ýüzlenmegi bu beýik sahabanyň musulman jemagatynyň arasyndaky at-abraýynyň we sarpasynyň nähli beýikdigini görkezýärdi. Abdyrahman ibn Awf (r.a) Baky gonamçylygynda jaýlanypdyr. Medinede aradan çykandygy mälim bolsa-da, Türkiýäniň Siirt we Perwary etrabynyň golaýynda bir guburyň oňa degişli hasap edilmegi halk çaklamasyndan başga zady aňlatmaýar. Abdyrahman ibn Awf (r.a) Hezreti Pygamberimizden (s.a.w) birnäçe hadyslary bilipdir, emma seresaplylygy sebäpli olary gürrüň bermekden çekinipdir. Hadys monografiýalarynda ondan altmyş bäşe golaý hadys rowaýat edilýär. Hezreti Pygamberimiziň (s.a.w) aradan çykmagyndan soňra mirasynyň mirasçylara paýlanylmajagy baradaky Ebu Bekiriň (r.a) aýdan hadysyny, ol hem aýdypdyr. Şol bir wagtyň özünde Siriýa sebitlerinde dörän kesel bilen baglanyşykly ýerine ýetirilmeli işler baradaky hadysy Abdyrahman ibn Awf (r.a) rowaýat edipdir: “Bir ýerde weba hassalygynyň bardygyny bilseňiz, ol ýere gitmäň. Weba siziň bolýan ýeriňizde dörese, ondan gaçyp başga ýere-de gitmäň”. (Buhary, Tip 3, Müslim, Selam, 92, 93, 98, 100) | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||