EBU SUFÝAN IBN HARIS EL-HAŞYMY (r.a)
■ Pygamberiň jana-jan dosty
Allanyň Resuly bilen garyndaş bolmak, Onuň bilen tirkeşmek, çagalyk we ýetginjeklik ýyllaryňy birlikde geçirmek, Resulallanyň doganoglany bolmak...
Bu ýokardaky agzalanlar musulmanlaryň müňýyllap arzuw edende ýetip bilmejek bagty bolsa gerek! Pygamberimizi birje gezek düýşünde görmek üçin ýanyp-örtenýän, Onuň aýak basan ýerlerini görmäniň arzuwynda gezýän, Onuň guburynyň başynda özüni ýitirýän, gözlerini ýaşdan dolduryp we ýüreginde harasat gopduryp ýören millionlarça musulman bar. Bir musulmana ýokarda sanalanlardan birjesi nesip etse, megerem ol dünýäde özüni iň bagtly adam hasaplardy!
Ol nähili bagt hem-de hemmelere ýetdirmejek ymgyr uly bagt...
Ebu Sufýan ibn Haris bu nygmatlaryň hemmesine eýe bolup duran bagtyýar adamlaryň biridi. Ol Pygamberimiziň (s.a.w) iň uly agasy Harisiň ogly hem-de Resulallanyň süýt emişenidi. Pygamberimiz bilen bir ýylda doglupdyr. Hezreti Halyma Resuly-Ekrem Pygamberimiz bilen birlikde ony-da emdiripdi. Ebu Sufýan garyndaşlarynyň içinde Allanyň Resulyna iň köp çalym edýän dört kişiden biri bolupdyr. Çagalygyny, ýetginjekligini we ýaşlyk ýyllaryny Pygamberimiz bilen birlikde geçiripdir. Dogany Muhammediň (s.a.w) hem ýoldaşy, hem dosty bolupdyr.
■ Yslamyň duşmany
Söýgüli Pygamberimiz halky yslama çagyran wagtynda Oňa ilkinji bolup iman getirmegine we goldamagyna garaşylan Ebu Sufýan ibn Haris bolupdyr. Musa pygamberiň (a.s) ýanynda Harun (a.s) pygamberiň wezipesi nähili bolan bolsa, Pygamberimiziň ýanynda Ebu Sufýanam şeýle bolmalydy. Zalymlaryň ýanynda ony ýeke goýmaly däldi.
Nebsimiz agyrsa-da, Ebu Sufýan wepaly doganlygy däl-de, Ýusup pygamberi (a.s) guýa atyp ondan halas bolmaga çalyşan doganlaryň biri ýaly bolmagy saýlady.
Ýigrimi ýyllap Pygamberimize we onuň mukaddes ýoluna garşy göreşdi. Kureýş taýpasynyň güýçli şahyry Ebu Sufýan Kurana, Yslama we öz doganoglanyna garşy elinden gelen ýamanlygyny edipdir. Goşgulary bilen Pygamberimize (s.a.w) we Onuñ Sahabalaryna garşy çykyş edipdir. Her gije Pygamberimiziň bolýan ýerine gidipdir we ony bimaza etjek bir zatlary etmese gözüne uky girmändir.
Ebu Sufýan bu çykyşynda ýeke bolmandyr. Bibisiniň ogly Abdylla ibn Umeýýe hem Ebu Sufýan ýaly yslama we pygambere duşmanlyk edýärdi. Bir gün agşamara bütin Mekgelileriň ýygnanan wagtynda aýaga galyp Pygamberimize şu sözleri aýtmakdan çekinmändir:
- Gök ýüzüne bir merdiwan gursaň, ol merdiwan bilenem gözümiň öňünde göge dyrmaşsaň, soňra dört perişde bilen yzyňa dolansaň hem-de ol perişdeler Seniň Pygamberligiňe güwä geçseler, men ýene-de saňa ynanmaryn.
Allanyň Resulynyň iň ýakyn hossarlaryndan bolmagyna garamazdan näme üçin Oňa şeýle derejede duşman bolupdyrlar? Ýogsam olar hem Ebu Bekir (r.a) ýa-da Aly (r.a) ýaly bolmalydy. Agalary Hamza (r.a) musulman bolan wagtynda olaryň oýlanmagy, dogty netijä gelmegi zerur dälmidi? Emma Hamzanyň musulman bolmagy ýa-da goja Ebu Talybyň inisiniň ogluny her hili ýagdaýlarda-da goramagy olara hiç hili täsirini ýetirip bilmedi.
■ Perişdelere garşy göreşen adam
Ýyllar geçdi. Ebu Sufýanyň ýüzüni görmek islemeýän adamlary Mekgeden Medinä hijret etdiler. Olaryň dogduk depelerini, öý-ojaklaryny we Allanyň öýi bolan Mukaddes Käbäni terk edip gitmäge mejbur bolmaklary Ebu Sufýanyň ýüregindäki gahar-gazaby köşeşdirip bilmedi. Göýä onuň üçin gan dawasy galan ýalydy. Ol ýer ýüzünde iň soňky musulman ölüp gutarmasa rahatlyk tapmajak ýalydy.
Bedir, Uhud, Hendek söweşlerinde musulmanlara zeper ýetirip boljak iň möhüm ýerlerde öňdäki hatarlarda ýer alyp Allanyň Resulyna garşy göreşdi.
Dogany Ubeýde ibn Haris ibn Muttalyp (r.a) Bedir söweşinde musulmanlaryň hataryndady. Ol Hamza (r.a), Aly (r.a) bilen bir hatarda Resulallanyň ýanynda ýer alypdyr. Ubeýde Bediriň ilkinji şehidi we Pygamberimiziň hossarlarynyň içinde ilkinji bolup jennete giden ýigitleriniň biri bolmak bagty miýesser edipdir.
Hezreti Ubeýdäniň şahadaty Ebu Sufýana täsir edip bilmedi. Agasy Ebu Lehep oña Bedir ýeňlişini gürrüň berýärkä, gyr atly we ak meňizli adamlardan söz açypdy:
- Bizi musulmanlar däl-de, bu ak meňizli adamlar ýeňlişe sezewar etdi.
Ol gyr atly we ak meňizli adamlaryň perişdelerdigini anyk bilse-de, perişdeleriň goldaýan adamlaryny ýeňip bilmejekdiklerine welin, hiç göz ýetirip bilmeýärdi.
■ Agasynyň jesedi parçalanýan pursaty...
Mekgeliler Bedirde ölen ýolbaşçylarynyň aryny almak üçin Uhuda gelen wagtlarynda Ebu Sufýan ibn Haris hem ol ýerde tapylypdyr.
Aslynda ol kimiň ganyny kimden isleýänini, kimleri haýsy sebäp bilen öldürmekçi bolýanyny bir bildimika?
Söweş gutarandan soňra adamlar Hezreti Hamzanyň bedenini parçalap, ýüregini çykaranlarynda, barmaklaryny, burnuny we gulaklaryny dogranlarynda Ebu Sufýan näme işleýärdi? “Näme edýärsiňiz, agamyň jesedini gününe goýuň!” diýmeli dälmidi?
Keseki bir adamyň däl-de, hut öz agasynyň jesedine rowa görülen bu wagşylyga nädip garşy çykyp bilmedikä?
Hendek söweşinde onuñ garşysynda Medine bardy. Medinede bolsa onuň dogany bardy. Doganyny, doganynyň çagalaryny, agtyklaryny ýok etmek üçin birgiden leşgeri toplap getirmegiň, ol bedibagt leşgeriň bir parçasy bolmagyň näme manysy barka?
■ Ebu Sufýanyň umydy puja çykýar
Mekgelileriň we olaryň hyzmatdaşlarynyň eden hüjümlerinden elmydama musulmanlar ýeňiş bilen çykypdyr. Yslam gün geçdikçe ýaýrap barýardy. Kureýşiö güýji azalýardy. Indi diňe Mekge we Medinede däl-de, Arabystan ýarym adasynyň daşynda Wizantiýanyň köşklerinde hem Muhammet pygamberimiziň (s.a.w) ady tutulýardy. Ebu Sufýan bu bolup geçýän zatlary görýärdi, gorkýardy, näme etjegini bilmeýärdi. Mekgäniň musulmanlaryň eline geçjek wagty golaýlap gelýärdi. Belki-de ol düýşlerinde hudaý diýip çokunan Hubeliň ýykylýandygyny görüp howsala düşýärdi we gözüne uky girmeýärdi. Bir zatlary etmelidi. Yslam goşuny Mekgä girmänkä şäheri terk etmek gerekdi we Pygamberiň baryp bilmejek ýerine gitmelidi...
Kureýşliler musulmanlar bilen baglaşan Hudeýbiýe şertnamasynyň kadalaryny bozupdyr. Pygamberimiziň hyzmatdaşy Huzaa taýpasyndan bolan birnäçe kişini zalymlyk bilen öldüripdirler. Musulmanlaryň bu pajygaly wakanyň garşysynda ses çykarman durmajaklaryny oňat bilýärdiler. Yslam goşunlarynyň golaýda Mekgäni eýelejekdigi baradaky gürrüň her bir Mekgeliniň agzyndady.
Ebu Sufýan ýüzleşme pursadynyň gelendigini duýýardy. Emma näme etjegini bilmeýärdi. Lat, Uzza we beýleki butlar indi öňki özüne çekijiligini ýitiripdi, adaty daşdan tapawutlanmadyk ýagdaýa gelipdiler.
Iň ýakyn hossarlaryndan ýüz öwürmegiň we olara garşy duşmanlyk etmegiň sebäpkäri bu daşlar dälmidi näme? Ikirjiňlenmän yzyna düşen ýolbaşçylary nirde galdy?
Ebu Jehil, Utba, Welid, Umeýýe we beýlekiler guma garylyp gidipdi. Bir sözüni iki gaýtalatman ýerine ýetiren agasy Ebu Leheb iññän gözgyny ýagdaýda jan beripdi. Agasynyň aňkap ýatan meýdiniň ýanyna birnäçe günläp barybam bilmändiler. Iň soňunda Mekgäniň baýryna çenli süýräp gidipdiler we üstüne daş-damana oklaşdyryp gaýdypdylar
■ Musulmanlar gelýär!
Her näçe gijem bolsa, atalaryndan we çokunan butlaryndan haýyr tapmadyk Ebu Sufýan yslamyň hak dindigine, Hezreti Muhammediñ (s.a.w) hakyky pygamberdigine göz ýetiripdi. Käşgä, ýigrimi ýyl mundan ozal musulman bolsady, emma indi giçdi... Indi ol musulman bolup bilmezdi. Çünki Pygamberimiz şäheri ele geçirende ony tutup we ýigrimi ýyllyk duşmanlygy üçin ölüm jezasyna bermegi buýrupdy...
Ol öýüne baryp maşgalasyny ýygnapdyr we şeýle diýipdir:
- Taýýarlanyň, ýola çykýarys! Musulmanlar golaýlaşyp gelýär.
Adamsynyň çäresizligini gören aýaly ýalbaryp başlapdyr:
- Janym saňa pida bolsun. Hemme adamlaryň musulman bolýandygyny, şonda-da Muhammede duşmanlyk etmäge çalyşýarsyňmy? Gaýtam Oňa ýardam etmek hemmelerden öň seniň paýyňa düşýärdi. Oňa ilkinji eýeren we goldan sen bolmalydyň.
Aýalynyň bu sözleri Ebu Sufýanyň içindäki bulaşyklygyň, öñi-ardy görünmeýän alasarmyklygyň soňuna çykypdyr. Ýüregindäki butlary, ýykylmadyk diwarlary ýer bilen ýegsan edipdir.
Ebu Sufýan ogly bilen tirkeşip Medinä musulman bolmaga gidýärdi. Emma ol ýola düşende Medine Mekgäni eýelemäge gelýärdi. Yslam goşunynyň öňdäki hatarlaryna gözi düşen Ebu Sufýan howsala düşýär. Onuň ele düşen ýerinde jezalandyryljagy aýdylýardy. Şonuň üçin ol tanalmaz ýaly sypatyny üýtgedýär. Ýüzüni gizleýär. Ol esgerler özüni görmänkä Resulallanyň ýanyna ýetmäge we ötünç soramaga howlugýardy.
■ Ebu Sufýan üçin iň agyr geçen gün
Ol ogly Japaryň elinden tutup ep-esli ýöredi. Daň bilen Resulallanyň ýerleşen ýerine gelip ýetdi. Karargähi synlamaga başlady. Şol wagtam Pygamberimizi gördi. Dessine ylgap ýanyna bardy we ýüzüniň nikabyny syrdy. Allanyň Resuly (s.a.w) oňa göz aýlady we ýüzüni öwürdi. Näçe dyrjaşsa-da Pygamberimiz onuň ýüzüne seretmedi.
Bir pursatda hemme zat doñdy, dünýäsi daraldy. Ebu Sufýan şol duran ýerinde ölmek isledi. Käşge, birnäçe ýyl mundan öň ölsedi-de, bu zatlary başyndan geçirmesedi. Allanyň Resulynyň ýagşylygyny, merhemetini we özüne bolan ýakynlygyny göz öňüne getirip bagyşlanaryn öýdüpdi. Onuň musulmanlygy kabul etmegi Pygamberimizi we musulmanlary begendirmelidi. Bir wagtlar dogany bilen arasynda bolup geçenleri, arasyndaky mähirli gatnaşyklary ýada salyp, şu pursatdaky gelip düşen ýagdaýyna nebsi agyrýardy.
Görnükli sahabalaryň birnäçesi bilen görüşip olaryň goldawyna ýüz tutdy. Emma Söýgüli Pygamberimiziň hut ýüz öwürdigi bu adama sahabalaryň gujak açmagy mümkin däldi. Hezreti Ebu Bekir (r.a) onuň ýüzüne-de seretmedi. Hezreti Omary (r.a) gördi. Hezreti Omaryň ýanyndaky Medineli bir sahaba Ebu Sufýanyň Pygamberimize garşy edenlerinden habarlydy. Şonuň üçinem oňa şeýle diýip gygyrypdyr:
“Eý Allanyň duşmany! Resulallaha we dostlaryna zulum eden adam! Sen Allanyň Resulyna bolan duşmanlygyňy gündogardan günbatara, bütin dünýä yglan eden kişi dälmi näme? ”
Ebu Sufýan köpçüligiň içinde agasy Abbasa (r.a) gözi düşüpdir. Umydy gaýtadan janlandy:
“Jan agam! Resulallaha bolan garyndaşlygym we asylzadalygym sebäpli musulman bolsam her kimi begendirerin öýdüpdim. Emma hiç kim ýüzüme seretmeýär. Gaýrat et-de, Onuň bilen gepleş. Meni bagyşlasyn” diýdi.
Hezreti Abbasyň beren jogaby onuñ gynanjynyň üstüne gynanç goşdy:
- Ýok, walla. Onuň senden ýüz öwürendigini görenden soňra bir sözem gürlemerin. Resulallanyň gaharyny getirerin öýdüp çekinýärin.
Ol iň soňky gezek synanyşdy. Hezreti Alynyň ýanyna gitdi. Emma onuň sözleri-de ýarasyna melhem bolmady. Ýüregi Alla we Resulynyň söýgüsi bilen püre-pür musulmanlar ýüzüne alaryp bakýardy. Käbirleri bolsa köpçüligiň içinde utandyrýardy. Bu onuň ömründe iň agyr gün bolupdy.
Ebu Sufýan bu agyr ýagdaýda durka, Abdylla ibn Ebu Umeýýe onuň ýanyna gelipdir we ikisi birlikde Pygamberimiz bilen gürleşmäge pursat gözläpdirler. Birwagtlar “Gökden dört perişde inse we Hezreti Muhammediň (s.a.w) pygamberdigine şaýatlyk etseler ynanmaryn” diýip duran kişä nä döw çalypdy? Ebu Sufýan we Abdylla ibn Ebu Umeýýe yslam goşuny bilen birlikde hereket edýärdi. Pygamberiň bagyşlamasyna mynasyp bolmagy umyt edýärdiler. Emma olara hiç kim ýüz bermeýärdi. Olar bu halda durkalar möminleriň enesi Ümmi Seleme (r.a) Pygamberimize towakga etdi:
“Ýa Resulalla! Bulardan biri agaň ogly we süýt emişen doganyň. Beýlekisi-de bibiň ogly. Olar musulman bolmak üçin geldiler. Sen olardan has agyr etmiş edenleri bagyşlapdyň, olary-da bagyşla.”
Pygamberimiz şeýle diýdi:
“Agamyň ogly meniň at-abraýyma şikes ýetirmek isledi. Bibimiň ogly-da Mekgede maňa sözläp bolmajak agyr sözleri sözledi. Maňa olaryň ikisi-de gerek däl”.
Bu sözleri eşiden badyna Ebu Sufýanyň dünýäsi başyna ýumruldy. Bar umydyny ýitirdi. Gözlerini ýaşdan dolduryp şeýle diýdi:
“Walla, ýa Ol bize rugsat berer ýa-da men oglum bilen birlikde aç-suwsuz ölýänçä ýöräp giderin”.
Soňra oglunyň elinden tutup gözýaşlara gark bolup uç-gyraksyz çöle bakan ýöräp başlapdyr. Emma adam aýaga galyp gapa tarap ýörände yzyndan ses eşitmek islär. Şeýle-de boldy... Yzyndan bir ses eşitdi: “Dur, gitme!” Durdy we yzyna öwrüldi. Älemlere rehmet üçin iberilen Beýik Ynsanyň Aý ýaly parlap duran ýüzüne gözi düşdi. Ylgap ýanyna bardy we şahadat getirdi.
■ Biz ýalňyşdyk
Başga bir rowaýata görä bolsa, Ebu Sufýan gaýtadan Hezreti Alynyň ýanyna barypdyr we özüne kömek etmegi haýyş edipdir. Hezreti Aly oňa Pygamberimiziň ýanynda Hezreti Ýusup pygamberiň doganlarynyň puşmana ýugrulan sözlerini aýtmagy sargady. Ebu Sufýan Pygamberimiziň ýanyna gelip:
“Allaha ant bolsun. Alla seni bize saýlapdyr, seni üstün we fazyletli kylypdyr. Biz bilmedik, düşünmedik, gürrüňsiz hata etdik” diýen aýaty okapdyr. Söýgüli Pygamberimiz bolsa oňa Ýusup aleýhyssalamyň sözleri bilen jogap beripdir:
“Bu gün size kemsitme, aýyplama, hatalaryňyzy ýüzüňize urmak ýok. Alla sizi bagyşlasyn. Ol merhemetlileriň iň merhemetlisi, soňsuz rehmet eýesidir”.
Rahmeti hemme zady gurşap alan Möwlamyň merhemetli ilçisi Ebu Sufýany bagyşlapdyr we oňa täze bir dünýäniň gapysyny açypdyr. Alla oňa rehmet etsin. Ebu Sufýan ýigrimi ýyllap düzen aýyplaýjy goşgularyndan we eden zulumlaryndan ýaňa utanjyna başyny galdyryp bir gezegem Pygamberimiziň ýüzüne dikanlap seretmändir. Çünki ol birnäçe ýyllap birgiden haýyrlardan mahrum galypdy. Bediriň, Uhudyň we beýleki ýörişleriň sogabyndan binesip galypdy. Emma ilkinji pursatda özüni görkezip, imanyndaky sarsmajak dogrulygy hemmelere subut etjek pursady öňdedi. Beýik Allatagala oňa bu pursady Huneýn söweşinde nesip etdi.
■ “Men Seniň doganyňdyryn, Ýa Resulalla!”
Huneýn jülgesinde musulmanlar duýdansyz hüjüme sezewar bolupdyr we goşun yza çekilip başlapdyr. Müňlerçe musulman howsala düşüp gaçmaga başlapdyr we söweş meýdanyny terk edipdirler. Allanyň Resuly esgerlerini toplamaga çalyşsa-da, yza çekilmekleriniň öňüni alyp bilmeýärdi. Şeýle kyn ýagdaýda-da gatyryny öňe sürüp: “Eý Allanyň gullary nirä gidýärsiňiz, maňa geliň. Men Allanyň Resulydyryn. Men Abdyllanyň ogly Muhammetdirin. Eý Muhajirler, eý Ensarlar! Maňa tarap geliň” diýýärdi. Sahabalar bolsa Ony eşitmeýärdiler. Pygamberimiziň ýanynda sanlyja musulman galypdyr. Resulalla duşmanyň ortasyna gaýduwsyzlyk bilen hüjüm edýärdi. Ebu Sufýan gatyryň üzeňňisini tutup, Onuň öňe gitmegine böwet bolmaga çalyşýardy. Çünki Resulallanyň duşmanyň ortasynda galmak ähtimallygy bardy. Pygamberimiz ýanyndakylara: “Kim bu?” diýip soranynda, Ebu Sufýan: “Men Seniň doganyňdyryn Ýa Resulalla!” diýip jogap beripdir.
Allanyň Resuly goşunyny toplamaga çalyşýardy. Hezreti Abbas sahabalara Pygamberimiziň ýanynda söweşmäge çagyrýardy. Musulmanlar topar-topar bolup Pygamberimziň ýanyna haýdaýardy. Ebu Sufýan atyndan düşüp Resulallanyň öňünde söweşýärdi. Gylyjynyň gynyny ýyrtyp duşmana hüjüm edýärdi. Şehit bolmagy, Allanyň ýolunda jan bermegi we bu ýagdaýda agyr geçmişinden halas bolmagy isleýärdi. Allanyň Resuly söweşiň ortasyna oňa garady. Hezreti Abbas: “Ýa Resulalla! Doganyň we agaň ogly Ebu Sufýany bagyşla” diýip ýüzlendi.
Söýgüli Pygamberimiz: “Alla onuň ähli duşmanlyklaryny bagyşlasyn” diýipdir. Ebu Sufýan bolsa şobada Pygamberimiziň üzeňňide duran aýagyndan öpüpdir. Pygamberimiz oňa bakyp: “Doganym" diýipdir we agasy Hezreti Hamzanyň ornuna geçmegini umyt edýändigini, jennet ýaşlarynyň jenaby bolandygyny aýdypdyr. Ebu Sufýan bu sözlerden soňra ýer ýüzüniň iň bagtyýar ynsany bolupdy.
Sahabalar söweş meýdanyna öwrülip, Pygamberimizi ýalňyz goýmaýardylar. Goşunyň iň öňündäki edermen esger bolan Beýik Pygamber: “Men Abdylmuttalybyň ogludyryn. Men Allanyň Resulydyryn. Indi tamdyr tutaşdy, indi söweş gyzyşdy!” diýip haýkyrýardy.
Ol gün musulmanlar uly ýeňiş gazandy. Emma iň uly gazanç Ebu Sufýana nesip etdi. Çünki ol söýgüli doganyna gaýtadan gowuşypdy. Allanyň sadyk we söýgüli guly: “Ebu Sufýan maşgalamyň haýyrlylaryndandyr” diýipdir. Giýewsi we doganoglany Ala (r.a) hem: “Alla we Resuly Ebu Sufýandan razy bolandyr. Senem razy bol, ýa Aly!” diýipdir.
■ Yzymdan aglamaň!
Allanyň Resuly aradan çykanda sahabalar köpçüligi söz bilen aýdyp-diýip bolmajak hasraty başdan geçirdiler. Emma Ebu Sufýanyň bildiren gynanjy başgaça boldy. Musulman bolandan soň az salymlyk bile bolan doganyny elden gidereninde, ýeke balasy bolup ony gözüniň öňünde elden gideren dek hasrat çekipdir. Kureýşiň meşhur şahyry goşgulary bilen başyndan geçiren bu gaýgy-hasraty beýan edipdir.
Hezreti Omaryň halyf bolan günleridi. Ebu Sufýan haj parzyny berjaý etmäge gitdi. Haj möwsüminde saçyny syrdyryp durka, sertaraş atdanlykda başyndaky siňňili kesipdir. Bu ýara Ebu Sufýanyň wepat bolmagyna getiripdir. Ebu Sufýan Medinä öwrülende ynjalykdan gaçypdyr. Ýogaljagyny duýup mazaryny özi gazypdyr. Sanalgysy dolmanka maşgalasyny ýygnapdyr we olara: “Yzymdan aglamaň. Men musulman bolandan soňra hiç hili günä etmedim” diýipdir. Ol Allanyň Resulyndan soňra ýaşamak islemeýärdi. Namaz okamakdan çuňňur lezzet alan Haşym ogullarynyň Ebu Sufýany hijretiň 20-nji ýylynda tämiz bir görnüşde ýakynlaryna we Rebbine gowuşypdyr.
Allatagala Ebu Sufýan ibn Harisden (r.a) razy bolsun we bizleri olardan görelde alan ynsanlardan eýlesin!
Taryhy şahslar