13:57 Dihýetül Kelbi | |
DIHÝETÜL KELBI (r.a) ■ Dihýetül Kelbi (r.a) kim bolupdyr? Dihýetül Kelbi (r.a) sahabalaryñ iñ görnüklileriniñ biridir. Ol juda syratly, görmegeý adam bolupdyr. Dihýetül Kelbi Bedir söweşinden öñ musulman bolanam bolsa, Bedire gatnaşmandyr, emma Uhuda we beýleki söweşlere gatnaşypdyr. Pygamberimiz (s.a.w): “Jebraýyly (a.s.) gördüm. Dihýe Jebraýyla juda meñzeýär” diýer ekeni. Aýtmaklaryna görä, sahabalar Dihýe bilen elleşenlerinde usullyk bilen onuñ goşaryndan gysyp görüpdirler (sebäbi Dihýäniñ keşbine girip gelen Jebraýyl bolsa, onda onuñ goşar damary ýok bolarmyşyn). "Bir gezek Pygamberimize (s.a.w) bir yüñ don we bir jübüt mesi sowgat edipdim. Resulalla olary könelip sandan çykýança geýdi. Resulla (s.a.w) şol wagt: “Allahym! Ýakynlarymdan seniñ üçin iñ gowy görünen birini maña ugrat, olam meniñ bilen bile şundan iýsin" diýip dileg etdi. ■ Sahabalaryň dilinden Dihýetül Kelbiniň hekaýaty Ebu Bekir Syddyk Hezretleri (r.a.) bu barada şeýle diýýär: Dihýetül Kelbi arap patyşalaryndan biridi. Şol bir bir wagtyň özünde küfür içindedi. Resulalla (s.a.w) bu beýik şahsyýetiň musulman bolmagyny örän arzuw edýärdi. Çünki Dihýetül Kelbiniň tabynlygynda ýedi ýüz adam bardy. Olaryň hemmesi hem baştutanlaryna bagly bolupdyr. Ol musulman bolsa, tabynlygyndakylar hem derhal musulmanlygy kabul etjekdi. Günleriň bir güni Dihýetül Kelbi musulman bolmak isledi. Jenaby Allah (j.j) ertir namazyndan soňra munuň buşlugyny Resulla Serwerimize (s.a.w) ýetirdi: “Ýa, Muhammet! Dihýäniň kalbyna iman nuruny atdym. Az salymdan ol seniň ýanyňa geler”. Hakykatdanam şeýle boldy. Hezreti Pygamberimiz (s.a.w) metjitde durka, Dihýe içeri girdi. Resulalla (s.a.w) donuny çykaryp ýere ýazdy we Dihýetül Kelbä donuň üstünde oturmagy buýurdy. “Ýa Resulalla! Men birnäçe uly günäler etdim. Alladan sora, bularyň kefareti näme? Eger özümi öldürmegi emretseň derhal özüme kast edeýin. Malymdan bir zat sadaka bermegimi isleseň ony hem edeýin”. Mundan soňa Resulalla (s.a.w) sorady: “Seniň nähili günäleriň bar?” Dihýetül Kelbi şu jogaby berdi: “Bilşiňiz ýaly men arap patyşalaryndan biridim. Gyz perzendimiň bolmagyny hiç haçan islemedim. Olaryň birine aýal boljagyny göz öňüne getirmek meniň üçin iň agyr zatdy. Şonuň üçin ýaňy doglan gyz perzentlerimden ýetmiş sanysyny öldürdim. Elbetde, bu jenaýatlary hut öz elim bilen etdim.” Onuň bu sözlerine Hezreti Pygamberimiz (s.a.w) haýran galmakdan ýaňa doňup galdy. Az salymdan soň Jebraýyl (a.s) perişde geldi we şeýle emretdi: “Ýa, Muhammet! Dihýä aýt, Rebbim buýurýar: “Yzzat we jelalyma ant bolsun, “La ilaha illalah Muhammedün Resulullah” diýen wagtyňda altmyş ýyllyk günälerini bagyşladym. Nädip men gyzlaryny öldürip eden günälerini bagyşlamaýyn?!. ” diýdi. Elbetde, Jenaby Allah (j.j) “Meni ýatlaň menem sizi ýatlaýyn” diýmeýär. Ýagny, "Siz meni tagat we ybadat bilen ýatlaň, menem sizi sogap bilen ýatlaýyn" diýýär. Allanyň sizi ýatlamagy, siziň Ony ýatlamagyňyzdan has beýikdir we örän ýokardadyr. Aýaty şeýle manyda düşündirmeli bolýar: - Siz toba bilen meni ýatlasaňyz, menem sizi magfyret bilen ýatlaryn. Siz meni doga bilen ýatlasaňyz, men siziň dogaňyzy kabul etmek üçin ýatlaryn. Siz yhlas bilen meni ýatlasaňyz, menem sizi halas etmek üçin ýatlaryn. Siz meni öýüňizde ýatlasaňyz, men sizi gabryňyzda ýatlaryn. Siz meni ýalňyz wagtyňyz ýatlasaňyz, men sizi aýgytly pursatlarda ýatlaryn. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |