23:48 ABŞ näme, bilýäñizmi? | |
ABŞ NÄME, BILÝÄÑIZMI?
Publisistika
Amerika nämüçun we nädip soñky ýyllarda ideala öwrüldi? Dünýä syýasatynyñ piri Genri Kissinjer ispan gazetleriniñ birine beren interwýusynda Waşington bilen Pekiniñ arasynda netijeleri Birinji jahan urşundan has erbet boljak global "sowuk" urşuñ döremegine garşy açyk duýduryşyny berdi. Kissinjer iki uly ykdysady güýjüñ mundan beýläk garşydaşa öwrüldi netijesine gelip, ruslaryñ "Новости" habarlar agentligine aýtmagyna görä Hytaýyñ ýüzüni Günbatara öwürmeginiñ mümkin däldigini çaklady. ABŞ-Hytaý çaknyşygynyñ nirede we nädip soñlanjagyny hem-de käbir elitalaryñ aýdyşy ýaly amerikan döwrüniñ soñunyñ golaýlap-golaýlamandygyny bilemzok! Hakykatda, ABŞ özüniñ ýakyn taryhynda global liderlik düşünjesini we konkretligini görkezdi. Emma häzir amerikan "ýurdy" öz içindäki düýpli döwülmeler we hytaý aždarhasynyñ öñbaşçylygyndaky daşarky howplar sebäpli señseleýär. Amerika nämüçun we nädip soñky ýyllarda ideala öwrüldi? Anglo-sakson ýewropa halklaryndan we aglabasy protestantlardan bolan ilkinji migrantlaryñ çagalary Beýik Britaniýadan bölünip aýrylyp, garaşsyz federal respublikalaryny gurmagyñ hötdesinden gelenlerinde, ABŞ beýik ýurda, hatda birinji beýik ýurda öwrüldi we howalaly görk-görmegini ädimme-ädim bina etdi. ABŞ adamzat taryhynyñ sahnasyndaky iñ täze supergüýç. Biz bärde 300 ýyllyk taryhyñ gürrüñini edýäris. ABŞ Beýik Britaniýadan bölünip aýrylyp, 1776-njy ýylda garaşsyzlygyny yglan edipdi. Supergüýçleriñ durmuşynda aradan geçen şunça wagt umuman alanda geçiş döwri hasaplanýar. Gurulyş etaby birküç ştat bilen başlady we 50 ştat bilen tamamlandy. Uly uruşlar bolup geçdi, bularyñ iñ esasylary-da Demirgazyk bilen Günortanyñ - federallar bilen konfederasiýaçylaryñ, bileleşigiñ we bölünişigiñ tarapdarlarynyñ, azatlygyñ we gul eýeçiliginiñ tarapdarlarynyñ (aý, garaz, näme diýseñiz diýiñ) arasyndaky graždanlyk urşudy. Emma amerikan halkynyñ hakydasynda urşuñ ýaralary häzirem bitmändir. Taryhy prezident Awraam Linkolny Jorj Waşingtondan soñ ABŞ-nyñ ikinji esaslandyryjysy edenem şu uruşdyr. Munuñ özi täze Beýik Federal Respublika hökmünde kesgitlenen, şol bir wagtyñ özünde "wada edilen ýerler", "täze dünýä" meñzetmeleri berilen bu ýurduñ başdan geçiren ýeke-täk urşy däldi. Migrantlaryñ gelen günbatar we demirgazyk ýewropa şäherleriniñ adyny göterýänlerden başga käbir täze şäherleriñ, etraplaryñ we ştatlaryñ atlarynyñ Ýakyn Gündogardan, Töwratdan, Injilden gözbaş alyp gaýdýanlygynyñ syry-da, ine, şol ABŞ hakda edilen "wada berlen ýerlere" meñzetmedir. ABŞ XX asyrda uly indistrial, ykdysady, ylmy, syýasy, harby güýje öwrüldi. Geçen asyryñ ikinji onýyllygynyñ ortasynda Birinji jahan urşuna Üçler soýuzyna garşy Antanta ýaranlygyna goşuldy we ýeñiş gazandy. Emma häzirkizaman dünýä taryhyndaky iñ uly eden işi Waşingtonyñ Angliýany-da öz içine alýan ýaranlary bilen birlikde Gitlerçi Germaniýadan, faşistik Italiýadan, Ýaponiýadan düzülen bileleşige garşy uly urşa - Ikinji Japan urşuna gatnaşmagydy. Munuñ özi dünýäniñ öñünde täze amerikan eýýamynyñ açylyşy boldy. ABŞ diñe deñi-taýy bolmadyk kuwwatly harby-ykdysady güýçden ybaratmy? Köpleriñ pikirine görä amerikan güýjüniñ artykmaçlygy mediýa, kinomatografiýa, moda we başgalar bilen wekilçilik edilýän ýumşajyk güýçdedir. Häzir bularyñ üstüne gözegçilik edýän sosial mediýasy hem goşuldy. Şu gün ABŞ bilen Hytaýyñ arasyndaky uly "TikTok" programmasy urşuna şaýatlyk edýäris. Munuñ özi deñi-taýy bolmadyk amerikan güýjüniñ esasy ugurlarynyñ biriniñ ökjesinden basylandygyny añladýar. ABŞ näme, bilýäñizmi? Mişari ZEÝDI, Saud Arabystanly žurnalist. Sişenbe, 28.03.2023 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 2 | |||
| |||