Çagalygy ýatlatdy bu goşgy! Okamaga aňymyz ýetsede, düşünmäge känbir aňymyz ýetmeýän wagty. 2-3-nji klasdyryn. Abuna bolsa, haýsy gazetam bolsa ýazylardy Kakam. O wagtlar gazetleň bideregi ýokdy. "Ýaş kommunist" bu wagt nämä öwrülenni bilemok, öň ýadymda-dy. "Lenin baýdagy" - "Maru-Şahu-Jahan", "Zähmetkeş aýal" - "Owadan" žurnaly, "Edebiýat we Sungat" - "Garagum" žurnaly, "Edebiýat we Sungat" öňki durkunda, hatda etrabymyzyň "Murgap" gazetam raýonda hepdelik çykardy. "Tokmak", žurnalyny-ňa fanatydyk. "Körpe", "Mydam taýýar" ýaly biz ýaly o wagtyň çagalary üçin dermandy. Entek, okuwa gitmänkäm 2-nji klasda okaýan gyz doganymyň "Körpe" - "Malyş" žurnalyna ugradan suraty, bir sanynda çykypdy. Iň soňunda, žurnalyň yzynda, arka ýüzünde iň gowy çekeniň suratyny çapa goýardylar. Doganymyň şonda şatlanyşyny diýsene. Entegem ýadygärlik saklaýar, ilkinji edebiýata höwes döredeni üçin. Kaýum agadan, (Kaýum Taňrygulyýewden) ýörüte hatam gelipdi. Surat, goşgy, hekaýa bolsa ugradyň jigim, kämilleşiň. Biz Siz bilen - diýen ýaly hatam gelipdi. Doganym soňra goşga ürç etdi, köp göşgulary çykdy Körpede, Mydam taýýar-da. Menem oň gapdalynda güýmenip, akyl ýetirmegime şol ýagdaýlar sebäp boldy, edebiýatyň gyrasyndan ätmek üçin. Kaýum aga hakyky çagalar üçin dörän adam eken. Redaksiýa höwes edip ýazýan çagalaň hijisinem boş goýmandyr, yzyna hökman jogap ýazýan eken. Adamyň ägirtligi şunda. Indiki gazetlara serediň, "okyjylaryň ugradan ýazgylaryna syn berilmeýär" diýen ýaly birzat ýazylardy. Toçno ýadymda däl, aýyran bolsalarda bilemok, haçandan bäri gazet okalanok.
Şo wagt bolsa, poçtalonyň gelmeli güni, sagady, köçede garaşyp oturandyrys doganym ikimiz. Welsepidli, haýal sürüp poçtalon görünerem welin begenjimiziň çägi ýokdur. Herkimiň deňindäki poçta ýaşşige oklar. Biziň deňimize gelse aýratyn sumkadan çykarar, posylka gelen deýin, ýurduň hemme gazet-žurnaly ýaly, doganym ikimiz goltuklap öýe salardyk. Ýöne gatynam açmazdyk. Kakamyň iň gowy görýän häsiýeti, agşam işden geler, naharyny iýer, töwür galdyrar. Ine şonda çaý başynda bir ýandan gazetlaň başyna geçer. Ol bize öňürti gazetiň gatyny açmanlygyna indi düşünip galsyk. Her üçtgeşik wakany okanda ejeme gürrüň bererdi. Ejem käsine hih etse, köp täzelige bolsa öz bilýäni-ni aýdardy. Bu gürrüňler biziňem gözümizi açmagymyza sebäp bolupdy. Ilki gazeta topulmankaň, olaryň manysyna düşünmekligi gulagymyza guýan kakam boldy. Ýogsa, "Tokmak" žurnalynda Atajan Aşyryň gülkünç karikaturalaryna seretmekden başga entek bilýän zadym ýokdy, şolam hezil bererdi. Ol wagtlar entek okuwa gidemokdym. Soňam, gazet gelmesi kesildi. Asyl, Soýuz dargan ekeni.
@Babyşgalaly, serediň, edil aşakda Menu ýazgy barmy? Şonda birinji duran "Mowzuk goş" diýene basyp mowzuk döredip bilersiňiz. Eger ol ýok bolsa, adminiň profiline ýazyp görüň. Haýyş etseňiz ol awtorlyk hukugyny hökman açyp berer.
Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär. [ Agza bol | Saýta gir ]