AHAL ILI BIR BOLUP
● Ahal welaýatynyň täze merkezi barada oýlanma
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tagallasy bilen, gadymy Ahal sährasynyň gözel künjekleriniň birinde Garaşsyz Türkmenistanyň Ahal welaýatynyň täze dolandyryş merkezi esaslandyrylýar.
Ahal welaýatynyň täze dolandyryş merkeziniň esaslandyryljak häzirki ýeri tüýs jenneti mekan. Bu sebitiň günortasynda beýik gaýalary Marköw dagy bolsa, gündogar-guşlugynda gadymy oguzlaryň şäheri bolan Nusaý ýerleşýär.
Türkmeniň keramatly piri Mäne babanyň ömrüne bagyşlanan «Esrar et-touhid fi makamat-e Abu Sa, id» atly eserde (XII asyr) beýan edilmegine görä, Nusaý galasynyň günortasynda, dag damanasynda ýerleşýän uly gonamçylykda 400 öwlüýä ýatyr. Şol kitapda häzirki täze dolandyryş merkeziniň esaslandyryljak ýerden azajyk günbatarda ýerleşýän guburyň Muhammet Aly en-Nesewiniňkidigini hezreti Mäne babanyň öz sözleri bilen beýan edilýär.
Ahal welaýatynyň täze dolandyryş merkezi üçin saýlanyp alnan ýeriň gündogaryndaky Jülge deresinden Pöwrize, günbataryndaky dereden bolsa Çüli çaýy akyp ýatan bolsa, günortasynda alabahar günlerinde beýik gerişlerinde ak gar ýatan Köpetdag ýerleşýär.
Tüýs jenneti mekan!
* * *
Gadymy oguzlaryň şäheriniň esaslandyrylan mekany bolan Nusaý ol zamanlar (miladydan öňki 248-nji ýyldan — miladynyň 225-nji ýylyna çenli) sebitde ýaşaýan dürli halklary öz penasynda saklapdyr. Günorta tarapda ýerleşen pars welaýatlary hem Nusaý bilen özara ylalaşykda ýaşapdyrlar.
Ahal welaýatynyň merkeziniň esaslandyryljak ýeri, gadymy yzgantlylaryň mülk, ekerançylyk ýerleri bolupdyr. Yzgant ol zamanlar Pöwrize çaýynyň suwundan bir bölek alýan ekeni. Onsoň häzirki Aşgabat — Türkmenbaşy şaýolunyň günortasynda Gökderä (Çülä) öwrülýän çatrygyndan tä Paryzdepä çenli yzgantlylaryň däne, bakja ekýän mülk ýerleri bolup, ol ýer Gorjaw obasynyň demirgazygyndan geçýän zeýkeşden demirgazyga tä Yzganda çenli bolupdyr.
Soňky asyrlarda yzgantlylaryň köpüsi mülk ýerleriniň üstüne göçüp gelip, ol ýerde ýaşap başlaýarlar. Şeýdip, ol ýerde Babarap obasy emele gelýär. Halk arasynda: «Babaraplynyň özgä minneti bolmaz» diýen pähim döräpdir. Ol mülk ýerlerde ýetişdirilýän miwe-de, galladyr bakja-da, ýorunja-da edil Hydyr gören ýaly bolup ýetişýän ekeni. Ol ýerlerde ýetişdirilýän mallar hem, bedewler hem hemişe öz ajaýyp taraplary bilen tapawutlanypdyrlar.
Geçen asyrda babaraplylaryň, yzgantlylaryň Aşgabadyň aýlawyny baglan şöhratly ahalteke bedewleri barada ýaşuly nesil has gowy bilýändir. Watançy, ilhalar ynsan bolan Berdimuhamet Annaýewiň dogany Aba seýis barada hormatly Prezidentimiziň ajaýyp romanlarynda berilýän maglumatlardyr çeper beýan etmeler bu aýdanlarymyza aýdyň şaýatlyk edýär. Bu sebitde topraga yhlas edip bilseň: «Ol toprak, seni sarsmajak rysgala ýetirýän toprak» diýseň, seni hiç kim inkär etmez!
* * *
Geçen asyrda Babarabyň kybla tarapynda, gadymy yzgantlylaryň mülk ýerinde Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasyna degişli, daşy goragly, birnäçe gektar meýdany tutýan dürli baglary ýetişdirýän ylmy-synag merkezi bardy. Ol ýerde ýetişdirilýän, diýseň datly almalar, şetdalylar, erikler gyzyl öwsüp, diýseň bazarly miwelerdi. Ol zamanlaram, häzirem Babarapda ýetişdirilýän miweler ýaly miweleri başga hiç ýerde görmedim.
Türkmen halkynyň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň şygyr diwanynda gadymy Ahal topragy şeýle mübärek sözler bilen ýatlanylýar:
Teke, ýomut, ýazyr, gökleň, ahal ili bir bolup,
Kylsa bir jaýga ýörişni, açylar gül lälesi...
Hormatly Prezidentimiziň bu ajaýyp başlangyjyny durmuşa geçirmek, ýagny Ahal welaýatynyň täze dolandyryş merkezini gurmak babatda başlangyjyny durmuşa geçirmekde ähli ilimiz agzybirlikde öz goşandyny goşar diýip biz berk ynanýarys.
...Ahal welaýatynyň täze dolandyryş merkeziniň — ajaýyp täze şäheriň esaslandyryljak meýdany müňlerçe ýyllap arassa, gamyşgulak ahalteke bedewleriniň gezim eden, otlan, agynan mekanydyr. Şonuň üçin hem bu täze dörejek şäherde ýaşajaklaryň döwletli, rysgally mekanda ýurt tutjakdyklary şübhesizdir. Çünki halkymyzda: «At agnan ýerde toý bolar», «At — myrat» diýen ýaly pähimli jümleler bar.
Şu günki hem geljek nesil Gahryman Arkadagymyzyň bu döwletli işine hemişe buýsanar diýip ynanýarys!
Juma ATAÝEW,
«Watan».
Publisistika