14:56 Ähli ýagşylyklaryñ seresi | |
ÄHLI ÝAGŞYLYKLARYÑ ÇEŞMESI
Pedagogika we edep-terbiýe
Ir zamanlarda bir obada iki goñşy ýaşaýardy. Olaryñ birine Suhan, beýlekisine Semender diýerdiler. Semenderiñ kakasy bir barly adamdy. Suhan bolsa garyp ogludy. Olaryñ ikisi bile medresede okap başlaýarlar. Medresäniñ piri Suhanyñ okuwa geçilýän sapaklary özleşdirişine guwanardy. Suhanyñ gowy tarapy onda edep-terbiýe bardy. Ol öz kakasynyñ "Adam pespäl bolmalydyr" diýip aýdanlaryna eýerýärdi. Onda ulumsylyk ýokdy. Semenderiñ häsiýeti welin, Suhanyñ häsiýetine gabat gelenokdy. Günlerde bir gün Suhan bilen Semender ikisi medresede geçilen sapaklary okap otyrdylar. Okap oturyşlaryna wagtyñ nädip geçenini hem bilmän galypdyrlar. Olar ajygyp başlapdyrlar. Suhan şonda "Şu wagt bir tegelek çörek bolaýsady. Eý, beýik Biribarym, gudratyña döneýin, özüñ bir alajyny edewer. Öýe barsam-da, artykmaç zat ýokdur" diýip, beýik Alladan dileg edýär. Şonda Semender "Sen akmak, akylyñ nirede, şeý diýeniñ bilen näme Hudaý saña çörek berer öýdýärsiñmi? Dilän zadyñy berip duran bolsa, onda hemme kişi hem dilärdi" diýip, oña göwnüýetmezçilik edipdir. Olar sapaklaryny özleşdirmeklerini dowam etdiriberipdirler. Birdenkä-de metjidiñ ýokarsyndan bir tegelek çörek sallanyp duruberipdir. Çörege gözi düşen Suhan ony aljak bolup bolupdyr. Emma boýy ýetmändir. Ol öz okap oturan kitaplaryny üsti-üstüne goýup, olaryñ üstünde hem bir ýassyk goýup, sallanyp duran çöregi alypdyr. Ondan Semendere hem hödür edipdir. Emma Semender iýmändir. Gaýtam, "Sen kitaplaryñ üstüne çykdyñ. Seniñ jaýyñ indi jähennemde bolar" diýp, ulumsylyk bilen gürläpdir. Onda Suhan "Ony Hudaý biler. Alladan uly gürlemekligiñ özi baryp ýatan günä işdir. Hiç wagtda oña şek ýetirmek bolmaz. Allasyz çöp başy gymyldaýan däldir. Biribaryñ özi "Kim maña bir sere süýşse, men oña tarap bir geze süýşerin. Kim maña baka dähedem-dessem edip gelýän bolsa, men oña baka ýüwrüp gaýdaryn, eger-de kim eden günälerini boýnuna alyp, toba kylyp, meniñ dergähime gelse, onuñ günäsini geçmäge taýyndyryn" diýip aýdypdyr. Eger men şu ýerde gudrat bilen ýokardan inen çöregi iýip, günä eden bolsam beýik Alladan günämi geçmegini dileýärin" diýip, ol çöregi ine-gana iýipdir-de, yzyndan hem töwir galdyryp, Hudaý ýoluna, gelen-geçenleriñ ruhuna bagyş edipdir. Ondan soñ niçeme ýyllar geçipdir. Suhanyñ kazasy dolup, panydan baka sary göç edipdir. Şonda Semender üýşen märekäniñ arasynda "Suhanyñ jaýy jähennemde bolar" diýip, metjitde şol bolan wakany ýatlapdyr. Şonda paýhasly biri oña "Sen näme Hudaýdan ýokary gürleýärsiñ. Bu meseleleri adam çözmez, diñe Alla çözer. Suhan diýseñ sada adamdy. Ömründe kişi göwnüne degip gören däldir. Beýik Allanyñ emrine kaýyl bolup ýaşardy" diýip, ynamly gepläpdir. Soñ ýyllar geçip, Semender hem aradan çykýar. Şonda ol dowzaha barypdyr. Ol dowzahdan Suhany gözläpdir. Näçe jan edip gözlese-de, ony tapmandyr. Ahyry özüniñ tapmajakdygyna gözi ýetip, perişdelere ýüz tutup, Suhany sorapdyr. Olar Suhanyñ jennetde gezip ýörendigini aýdypdyrlar. Semender perişdelerden Suhanyñ nädip jennete düşendigini soranda, olar "Eý, adam, Allanyñ kada-kanunlaryny berjaý kyl. Adamlardan aýyp tapjak bolup ýörmek, aýbyny ýüzüne basmak, ýazgarmak külli günädir. Kimdir biriniñ mertebesini peseltjek bolmak, boş ýañramak öz mertebäñi peseltmekdir. Kimde-kimiñ ýüregi ak bolmasa, dili ýañralykdan saklanyp bilmese, ol musulman bolup bilmez. Suhan bolsa Hudaýa ýüregi bilen ynanan. Allanyñ emrine kaýyl bolan. Şol metjitde okap otyrkañyz ýokardan çörek sallan hem Allanyñ özüdi. Şonda sen Allanyñ gudratyna şek edip, çörekden datman günä iş etdiñ. Şonuñ üçin hem siziñ jaýyñyz mydama şu ýerde bolar. Siz Suhany görül bilmersiñiz" diýipdirler. Hawa, ähli ýagşylyklaryñ hakyky çeşmesi pespälli bolmakdyr. Pespällilik tekepbirligi jylawlamagyñ, ynsany söýmegiñ ygtybarly çeşmesidir. Amandurdy GULLAÝEW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |