13:07 Ahmet Kesrewi | |
AHMET KESREWI Ahmet Kesrewi, eýranly taryhçy we syýasatçy alym. ■ Ömri we döredijiligi Ahmet Kesrewi 1890-njy ýylyñ 29-njy sentýabrynda Töwrizde dogulýar. Azerbaýjanyñ taryhyna degişli ähmiýetli kitaplarynyñ bardygyna garamazdan ol azerbaýjanlylaryñ arieslere degişlidigini subut etmäge çalyşypdyr. Üç tomluk "Eýranyñ progressiwleşmeginiñ taryhy" kitabynda 1905-11-nji ýyllarda Eýran rewolýusiýasynyñ taryhy öwrenilýär. "Näbelli hökümdar", "Azeriler we azerbaýjanlylaryñ gadymy dili" ýaly birnäçe eserleri bar. ■ Azerbaýjanlary türki kowumlardan aýyrmaga çalyşypdy... 1921-nji ýyldaky "Azeriler we azerbaýjanlylaryñ gadymy dili" kitabynda azerbaýjanlylaryñ türki kowumlara degişli ýeriniñ ýokdugyny orta atýar we azerbaýjan diliniñ hem türki dilllere däl-de, aslynda Eýran dillerine degişli hasap edýär. Ahmet Kesrewi birnäçe nesil bäri ymamlyk edip gelýän maşgalada kemala gelýär we onuñ özi hem 20 ýaşynda ymamlyk edip başlaýar. Emma özüni alyp baryşy, edýän çykyşlary, geýnişi ruhany gatlaklar tarapyndan ýazgarylýar. ■ Kitap ýakmak baýramy Kesrewiniñ tarapdarlary ýazyjynyñ öñe süren düşünjeleriniñ täsirinde kesrewi tarykatyny emele getiripdirler. Kesrewiler iñ uly baýramçylyklary hökmünde her ýyl Nowruzdan öñ dindäki hurafalary (bozuk we ýalñyş ynançlary) ündeýän we adamlaryñ añyny üýtgetmäge çalyşýan kitaplary köpçülikleýin bolup ýakmak baýramlarydyr. Bu baýramy Ahmet Kesrewiniñ özi yglan edipdir. ■ Garaýyşlary öz ölüminiñ sebäbi boldy Ahmet Kesrewi hut şunyñ ýaly, milli agzybirligi we jebisligi berkitmegiñ deregine, gaýtam milli bölünişigi gorjaýan düşünjeleri ýaýradýar hasap edilip, 1946-njy ýylyñ 3-nji martynda Aýatolla Borujerdiniñ we Aýatolla Sadyryñ fetwalary arkaly Newwab Sefewiniñ ýolbaşçylygyndaky "yslam pidaýylary" tarapyndan Tähranyñ Adalat köşgüniñ zalynda öldürilýär. ■ Her niçigem bolsa, ussatlygyna söz ýok... Ahmet Kesrewi pars, azerbaýjan, türk, arap, iñlis, ermeni, esperanto dillerini suwara bilipdir. Eýran hökümeti tarapyndan häli-häzirlerem eserlerini okamak gadagan edilen ýazyjylaryñ sanawyna girýändigine garamazdan, onuñ "Azerbaýjanyñ 18 ýyllyk taryhy" kitaby Eýranyñ ýokary okuw jaýlarynda esasy gollanma kitaby bolup gelýär. 1). "Azerbaýjanyñ 18 ýyllyk taryhy"; | |
|
√ Beýik alym Isaak Nýuton - 16.12.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |