14:51 AKP-ä goldaw | |
AKP-ä GOLDAW
Publisistika
Şugadar ýaşaýyş gymmadam bolsa, ähli adatdan daşarylyklara garamazdan jemgyýetçilik pikir alşyklarynda AKP nädip häzirem birinjiligi elden berenok? Sosial mediýada ýygy-ýygydan duş gelýärin: AKP-ä awusyny pürkýänler bu partiýa ses berýänlere "mundan beter boluñ!" diýen ýaly sözleri sarp edýär! Ýalñyş. Halkyñ üstüne çöwjäp bolmaz. Ezilen, horlanan, agzyna gulp urulan, gysaja alynan halka sütem edilmeýär. Halky "gorkak, ejiz, özüne-de peýdasy degmeýän biçäre" diýip kemsidip bolmaýar. "Sadakanyñ yzynda ylgaýanlar" ýa-da "añsyz, jahyl süri" diýib-ä, halky, garalamak, kiçeltmek, aýyplamak öwezini dolup bolmajak ýalñyşlykdyr. Gynansak-da... Bu sütemkär gyzmalyk käwagt halkçy kürsülerdenem çykman duranok: - Şunça parahorluga, talañçylyga, alan-aldylyga, bikanunçylyga garamazdan bu häkimiýete ses bermäge dowam etmekçimisiñiz? Oppozisiýanyñ nämüçin ses berilýändigi barada hiç hili pikiri ýokmuka? "Biz dogrulary gözleriniñ öñüne dikýäris, emma olar içýakgyçlyk edip görenoklar" diýen syýasatyñ garaýşy halky hiç mahalam tanap bilmändiklerini añladýar. "Dile geldi, bile geldi" edip, ilki şu seljermäni bereýin: Halkyny harç eden özlerini-de harç eder. Halky elden gideren ýurdy elden giderer. Beýtmäñ. Häkimiýetiñ ýokardan seretme gylygy ýokanç kesele öwrüldi ýurdumyzda, öñýeten biri-birini kemsidýär! Ýogsam bolmasa. Halky kinaýa bilenem, popilizm-ýaranjañlyk edibem gazanyp bolmaýar. Halky öz tarapyña çekmegiñ birinji ýoly - özümize gaharlanmakdan, öz-özümizi tankyt edip bilme mertliginden geçýär. • SAÝLAWÇY DUÝGUSY Syýasatşynas professor Maýkl Brýuter "London School of Economics"-iñ (LSE) düzümindäki Saýlaw psihogiýasy boýunça synçy öýüne ýolbaşçylyk edýär. Ol Montreal McGill uniwersitetindäki "Demokrat ildeşlik işleri merkezi" ýaly guramalaryñ hem agzasy... Professor Brýuteriñ kömekçisi Sara Garrison bilen "saýlaw ergonomiýasy" düşünjesini döredip, saýlawçy psihologiýasynyñ (duýgularynyñ), özüni alyp baryşlarynyñ üstünde iş geçirýär... Olaryñ bilelikde ýazan "Saýlawçynyñ añynda. Saýlaw psihologiýasyna täze çemeleşme" atly kitaby bar. Dürli soraglara-da anyk maglumatlara esaslanyp jogap berýärler: "Adamlar islänlerine däl-de, perde hökmünde öñe tutýan rollaryna esaslanyp, dogrudygyna ynanýanlaryna ses berýärlermi?" Kitapda täsin seljermeler bar: Geçiren bir barlaglarynda ses berilýän nokatlar bir buthananyñ içinde bolsa, adamlaryñ konserwatiw talaşgärlere ses berme ähtimallygynyñ güýçlüdigini görkezdi... Başga bir barlagda 18-24 ýaş aralygyndaky saýlawçylar poçta arkaly ses beren ýagdaýynda aşa sagçy partiýalara ses berme ähtimallygy sandygyñ başyna gidenleriñkiden iki esse ýokardady... Sany hijem az bolmadyk saýlawçylaryñ ses berme saýlawy iñ soñky hepde beýlede dursun, iñ soñky günde-de üýtgäp bilýänini bilýärsiñizmi? LSE-niñ düzüminde soñky geçirilen barlaglar: "adamlar saýlawlar sebäpli nämüçin biri-birlerini ýigrenýär we orta çykan bu garpyşma nähili çözülmeli?" Şu ýerde kejeñeklik bilen "çözgüt tapmagyñ ýollarynyñ" üstünde işleýän akademiklerden söz açýaryn. Käşgä, oppozision partiýalar bular ýaly işleri alyp barýan barlagçylary ýurdumyza çagyryp, ýygnanşyklar geçirse... Emma umydym ýok. Heniz Brýuter bilen Garrisonyñ kitaby türkçä-de terjime edilenok ahyryn! Syýasy arenada, ýa-da sosial mediýada biri-birimize gep sokmagy syýasatdyr öýdýäris! • GARAŞMA MOTIWASIÝASY Başga bir barlag: Professor Daniel Kaneman - derñew we karara gelme boýunça hünärmen, amerikan psihology. Professor Amos N.Twerski kabul etme (algı) we akyl ýöretme boýunça hünärmen, ysraýylly psiholog. Twerski aradan çykandan soñ bilelikde geçiren işleri üçin Kaneman 2002-nji ýylda Nobel baýragyna mynasyp boldy. Iki alym "garaşma teoriýasyny" ösdürdi: Ykdysadyýet üçin geçerli bu teoriýa saýlawçylar üçinem geçerlidir: Mesele - kişiniñ belli bir hereketi saýlap almaga motiwasiýa bolmagydy! Belli bir ugry saýlaw alanyñ hereketini-saýlawyny, ahyrky netijede garaşylan peýdadyr zyýanyny-da kesgitleýärdi! Hawa: Şonça şowsuzlygyna garamazdan az hasaplap bolmajak gatlagyñ häkimiýeti goldamagynyñ sebäbi - meselleri-krizisi ýene şu häkimiýetiñ aradan aýryp biljekdigine bolan motiwasiýa dälmi näme? Umyt - garyp-gasaryñ çöregi ýagny! Şübhesiz, ykdysady krizis saýlawçynyñ özüni alyp barşyna ýiti täsir edýär. Şübhesiz, saýlawçy ynamyndan zannyýamanlyk bilen peýdalanýan häkimiýetiñ dürli parahorlukdur talañçylyk ýaly bidüzgünçilikleri saýlaw sandyklarynyñ netijesine täsirini ýetirýär. Emma. Ýokarda ýazyşym ýaly syýasy özüñi alyp baryş teoriýalaryna görä, saýlawçy rasional bolmadyk aýratynlyklara görä-de ses berip goýberýär. Sosial mediýa wideolarynda häkimiýete arka durmak üçin adamlaryñ öñe sürýän argumentleri her kime-de geñ görünýärmikä diýip pikir edýärin. A sebäbi nämedekä? Gaýgy, gorky, gahar-gazap, şübhe, ynanmazçylyk we elbetde garaşma ýaly duýguçyl sebäplermi? Sosal mediýada birnäçe sözlem atyp, halkyñ degnasyna degmegiñ, "bular meni mydam çetleşdirýär" diýen ruh halyna bürendirmegiñ hiç hili manysy ýok… Oppozisiýa özüne bolan ynamy güýçlendirjek bolmaly. Meseläniñ sa:p ykdysady däl-de, psihologiki tarapy-da bar. Soner ÝALÇYN. "SÖZCÜ" gazeti, 06.01.2022 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |