21:20 Altynjan hatyn / 1-nji kitap -1 | |
BIRINJI KITAP
Taryhy proza
GELEJEK Horasanda milleti arap bolmadyk, nurana ýüzli häkim peýda bolar. Onuň ady menin adym ýaly Muhammet bolar we büweýhlileriň agalygynyň soňuna çykar. Horasandan beýik Derwezata /Seýhun derýasy bilen Anadoly aralygy/ çenli basyp aljakdyr, gylyjyny iň soňuna – ýeňşe çenli elinden hiç düşürmejekdir. Onuň ady Eýranda, Yrakda we Mekgede hutbada /namazlarda, doga-dileglerde/ ýatlanjakdyr. Muhammet pygamberiň hadyslaryndan. Birinji hekaýat BALYŇ BAL BOLSA, SIŇEK BAGDATDAN GELER 1. Adama wagt hemişe az ýaly, ýöne ol gutaranok, ömür hemişe uzak ýaly, ýöne ol derrew gutarýar. Göräýmäge, ömrüň uzak-uzak wagtlap dowam edäýjek ýalydyr, ýöne ol köp¬lenç ät galdyryp, armanda goýup geçýär, üýtgemeýän zat ýok. Wagt Jeýhun derýasyna meňzeş: akyp-geçip barýar. Haýsy ýeriň çuňdugyna, haýsy ýeriň saýdygyna, haýsy ýerde burgunyň boljakdygyna welin, öňünden bahabar bolabilmersiň. Akylyňa gelmeýän, sygmaýan zatlar başyňa gel¬ýär. Garaşman durkaň, gör, nämeler bolanok! Bal kölünde hoşyýana döwran sürüp, her gün gyralaryna, ýeňine al-elwan zerden parawuz aýlanan täze don, başyna atlazdan selle, aýagyna oraýany gaýyş ädik geýip, taýly pişge murtuny her gün ýaglap, asyl, dünýäni topugyna çykarman najyrap ýören Bugrajyk Abdal hem ömrüniň beýle öwrümine-burgunyna eger-eger garaşmandy. Oslagsyz gelen diýdimzor kysmat ony bu gün kül üstünde oturtdy. Elinden sandyk-sandyk lagly-jowahyrlaryny zomluk birle aldy, ol baýlyklary kör iýip, köse gägirdi. Aňyrsy-bärsi bir aýlyk mezilli Horezmine ýöreýän hökümi kiçelip-kiçelip, Zamahşar atly gürleňgüjügiň öýüne meňzeş kiçijek bir galanyň çägi bilen çäklendi. Ol öňem köp gepläp ýören kişi däldi, başyna düşen ýowuzlykdan soň-a, bir zat soralsa jogap bermän, ýüzüňe müňkürlik, syrlylyk bilen hukjaryp seredip dymýan, hakyt lal kişä öwrüldi. Özem öýünden çykmady, ýowuzlygy içine salanlygyndan bolsun gerek, ýarym ýyl geçip-geçmänkä ýanyny ýere berdi, soňky günler ellerini öndäp düşündiren ýeke-täk zady – içerde içiniň gysýanlygy, dalana çykmak isleýänligi boldy. Şeýle hem edildi: ony giň dalana çykardylar. Bu ýerde onuň bar ünsi howlynyň otuz-kyrk zirag gündogarynda ýerleşýän teblehanasyndaky ýoz atynda boldy. Ol ähli wagtyny şol ýoz atyna tiňkesini dikip geçirdi. Diňe bir gündizlerine däl, akrabyň çigrekli uzyn gijelerinde-de ýoz atyndan gözlerini aýyrmady. Gatap, tirpildisi galan gabaklaryndan onuň haçan uklaýandygyny aňar ýaly däldi. Möjekler gijelerine bir gözüni açyp, bir gözi bilen ukusyny alýan bolsa, Bugrajyk iki gözüni-de açyp ukusyny alýardy. Içine çöken şol mön gözlerde gyldan inçe tenha umyt bardy: ajal gylyjyny bulaýlap gelýän Ezraýyl¬dan halas eýläp biljek ýeke-täk halasgär – şu ýoz at bolmaly. Onuň hyzmatyndaky kişiler: «Emirimiz ýoz atyndan gözüni aýyrman seredip ýatyr, megerem, münmek isleýär, ol ata münse, derdinden saplanar. Eždatlarymyz näsagy atda gezim etdirip bejerýän ekenler. Bizem emirimizi ata mündürip, gezim etdireliň» diýdiler. Ine, şu pikir bilen ysgyn-deramatsyz emiri küýsän ýoz atyna mündürip, Jeýhunyň kenarynda gezdirdiler. Söwedin Bugrajyk Abdal ýoz atynyň üstünde äwmän-telesmän, gözlerini süzüp oturdy, töweregine seretjek, ýanyndakylar bilen gürleşjek bolmady. Hyzmatyndaky hadymlar hem bir söz aýdyp, ony biynjalyk etmekden saklandylar. Ony uzak gezdirdiler. Salýat al-magryp namazyna – namazşama çenli gezim etdirip, soň atyň ugruny gala sary gönükdirdiler. Kyrk ýedi ýaşy arka atan Bugrajyk Abdalyň düşen kysmaty Horez¬min ilinde ähli kişä äşgärdi. Köp kişi oňa nebsagyryjylykly sered¬ýärdi. Ol şu ýaşa çenli uly hormatda, uly mertebede ýaşady. Bug¬rajyk – Eprikogullary hanedanlygyndandy1, dogany Horezmin şalygynyň şasydy, özi Gawşfinj şäheriniň2 häkimidi. Horezmin iline hökümdarlyk eden Eprikogullary hanedanlygy indi ýok. Bu hanedanlygy Horezmin şalygynyň Ürgenç (Köneürgenç) şäherine häkimlik edip ýören Abu Aly Mamun3 özüne goýulýan hormatdan, ynamdan peýdalanyp tagtdan agdardy, şalygyň paýtagtynda – Käs4 şäherinde şanyň nebereleriniň ganyny Jeýhun derýa deýin akdyrdy. Şondan soň Käsi taşlap, Jürjaniýany5 özüne paýtagt edindi. Akhun şalygyny agdaryp, özüni şa yglan eden Abdylla Mamun Eprikogullary hanedanlygyndan diňe bir adama aman berdi, ol hem Bugrajyk Abdaldy. Mamun ony häkimliginden aýryp, diňe öz mülki Zamahşar galasyndan 6 çykman ýaşamagy emr etdi. Mamunyň Bugrajyk Abdalyň üç ogluny öldürip, özüne aman bermegi köplere syrly göründi. Köpler muny Bugrajygyň dymma, ýuwaş, hiç bir zada geleň etmeýän töwraýy häsiýeti, patyşa bolmak höwesiniň ýoklugy üçindir öýtdi. Aslynda welin onuň aman galmagy diňe bir häsiýetiniň ýuwaşlygy üçin däldi. Abu Aly Mamun Jürjaniýa (Köneürgenç) şäherine Bugrajyk Abdalyň gönüden-göni güwädarlyk-ýardam etmegi bilen häkim bellenilipdi. Hanedanlykdan ýeke özüniň aman galdyrylmagy, ana, şol güwädarlygy-ýardamy üçindi. Bugrajyk Abdal öz hanedanlygynyň pajygaly soňlanyl¬ma¬gynda özüni ýeke-täk ýazykdar saýyp, şol ýazygyna ahmyr edip, özüni ökünç ataşyna atypdy. Ol dalanynda üç aý ýatdy. Bagyr agyrysy ony ysgyn-deramatdan aýyrdy. Üç aýlap geplemän, huk ýaly bolup ýatan emire hiç hili em peýda bermedi. Atly gezim oňa tenekar bolar öýdüldi. Hakykatdanam emi¬riň atyň üstünde gözüni süzüp oturmagy oňa ýaran-tenekar bolan ýalydy. Her kim onuň rahatlygyny bozmazlyga çalyşdy. Ýoz at hem emiriň rahatlygyny bozmazlyga çalyşýana meňze¬ýärdi: şeýle bir edaly, sallanjyrap, käkilik deý ýorgalap barýan ýalydy ol. Ýoz bedewiň edaly ýöremeginiň hikmeti başga eken... Bugrajyk beg Allatagaladan alan amanadyny Jeýhunyň kenarynda Ezraýyla elin tabşyryp gaýdan eken. Bedewiň edaly ýöremesiniň hikmeti öz eýesiniň jesedini üstünden gaçyrman gala getirmek üçin eken. * * * Bugrajyk Abdalyň yzynda ýedi ýaşly ogly Abdylmälikden başga hiç kimi galmady. Bigam ýaşap ýören oglan giden mirasa – Zamahşar galasyna, ýedi ýüz elli hojalyga nädip emirlik etsin?! Wagt – rawy, ýeri gelende ol ähli zady düşündirýär. Bugrajyk emir babatda-da şeýle boldy. Şol agyr günlerde Bugrajyk Abdalyň köne dosty – Arsahuş¬misen7 şäheriniň emiri Tahyr Afrasýap ýedi ýaşly Abdylmälige howandarlyk etdi: ilki bilen, ir öýerilen oglanlaryň ýa agyn samsyk bolýandygyny, ýa ir kämil çykýandygyny göz öňünde tutup, mirasdüşeri öýermegi makul bildi. Şu niýet bilen ol Bugrajyk Abdalyň ýalňyz mirasdaryny ilki sünnet etdirdi, üç-dört aýdan soň bolsa oňa özüniň on ýedi ýaşly maňyzly-meňzeşikli janymak gyzy Hajary nikalap, gelin edip berdi. Mansur atly doganoglanyna Zamahşary dolandyrmagy ynandy. Öýlenensoň, dogrudanam, Abdylmälik ir «molla» çykdy. Deň-duşlarynyň arasynda ilkinji kaka bolan, sümüklije oglan halyna perzende ýüzi düşen ýaş emir galany dolandyrmak başarnygyny ele alyp ugrady. Tahyr Afrasýap her aý Zamahşara geldi: birki günläp galanyň işlerini tertibe salmak bilen meşgullandy, ýaş giýewisine etmeli işlerini birin-birin öwretdi. Her çaga dünýä inende Tahyr Afrasýabyň hatyny agtygy çileden çykýança gyzynyň ýanynda ýardamçy boldy. Galanyň ýaş emiri ir kämil çykansoň, öz neberesi, pederleri, olaryň pajygaly kysmaty, Käş şäherinden Zamahşar galasyna gelişleri barada gyzyklanyp ugrady, gaýynatasynyň, diňe bir onuň däl, ýaşlary bir çene baran galadaky garry adamlaryň gürrüňlerini diňledi. 2. Zamahşar galasy Jeýhun derýasynyň çep kenarynda burundyk tokaýlyga çümüp otyrdy. Galanyň günbatar tarapynda agaçdan ýasalan äpet uly derwezesi bardy. Derwezäni otuzdan gowrak sakçy goraýardy. Galanyň derwezesi gündiz açyk durýardy, gijelerine welin Ab¬dyl¬mälik emiriň ýa Mansur gapydanyň8 emri bolaýmasa, aňsat-aňsat açylmaýardy. Jürjaniýada, öndürilýänlerden birjik-de kem bolma¬dyk, aramy-jan ysy ýarym kerwe9 aralykdan özüne çekip, agzyňy suwardýan halwa bilen nişalla10 taýýarlanylýardy, şeýle hem keýmir p eý kamlardyr ýaýlar ýasalýardy. Bezirgenler galada öndürilýän zatlardan her gün kerwenläp-kerwenläp satyn alyp gidýärdiler. Galada, galanyň daş-töwereginde ýaşaýan ilatyň gün-güzerany gowudy, çünki olar ok-ýaý, halwadyr nişalla taýýarlap gazanç edýärdiler. Goňşy obalardan gazanç etmek üçin gelýän adamlar hem az däldi. Galada işleriň rowaçlygynyň hatyrasyna emir her juma güni derwezäniň öňündäki meýdanda saýak-saýakdyrak adamlara sadaka berýärdi. 3. Abdylmälik daýaw, dogumly, pähimli, ynanjaň, kakasy ýaly dymma, käteler zoňtar, gödek ýigit bolup ýetişdi. Ol ir ertirden giç agşama çenli işe najagaý bolup, galadaky her bir işe gözegçilik edýärdi. Bezirgenler bilen söwdalaşmagy hiç kime ynanmaýardy, ýalan sözlemeýärdi, hiç kime ikilik etmeýärdi. Şeýle bolansoň, ol gatnaşýan adamlarynyň hem ýalan sözlemezliklerini, özüne ikilik etmezliklerini isleýärdi. Ol bezirgenlere ynanýardy, bezirgenlerem oňa ynanýardy. Abdylmälik emiriň dost hökmünde oturyp-turuşýan, köplenç, meý¬lisleri bile geçirýän üç sany ýeg dosty bardy. Olaryň ilkinjisi, Käş şäheriniň häkimi Gazanpar Takdy. Ikinjisi, Keski Kelewdi, ol yktadardy, ykta oňa on müň atly goşuny aýdylan pursady soltan Mahmyt Gaznalynyň huzuryna eltmegi üçin berlipdi. Onuň yktasy Sebzewar, Dargan sebitlerindedi. Üçünji dosty Zamahşaryň aşak tarapyndaky Buruntak obasynyň raýisi Janahyr Geçdekidi. Emiriň her dosty bilen özboluşly gatnaşygy bardy. Ol Gazanpar Tak gelende on-on bäş günlük awa giderdi. Myhmançylyk şunuň bilen soňlanardy, käteler emiriň özem Gazanparyň ýanyna awa giderdi. Olar awda wagtlaryny diýseň şagalaňda geçirerdiler. Keski Kelew (onuň özüni alyp barşynda kelewligi – mertebeli kişidigi äşgär duýulýardy) aýdym-sazyň, her hili ýaryşlaryň muşdagydy. Ol gelende Zamahşarda her gün ir ertirden giç agşama aýdym aýdylyp, saz çalynýardy, ýaýdan nyşana ok atmak, gylyçlaşmak boýunça gyzykly ýaryşlar geçirilýärdi. Käte awa giderdiler. Raz aýdyşmagy, käte-de gybat etmegi gowy görýärdi. Janahyr halwaçy bilen emiriň meýlisi köplenç suwamaý hylwatda geçerdi, özem gürrüň söwda-satyg, peýda hakda bolardy. Ol emiriň öýünde hiç wagt bir günden artyk bolmaýardy. Oňa derek aýda iki-üç gezek gelerdi. Onuň bilen iş salyşmak emir üçin bähbitlidi. Abdylmälik emiriň Gazanpar Tak, Keski Kelew, Janahyr Geçdeki (onuň ýörgünli ady Janahyr halwaçydy) bilen dostluk¬ly gatnaşygy köpler üçin geňdi, çünki olaryň häsiýetleri, gyzyk¬lanmalary bilen emiriň häsiýeti-de, gyzyklanmasy-da deň gelenokdy. Emir özünde ýok häsiýetleri dostlarynyň häsiýetleriniň üsti bilen doldurýan bolsun gerek. Ýaşlykda söýgi, mähir alman ulalan kişi söýmegi-de, mähir siňdirmegi-de başarmaz eken. Emir-de sowuk mähirdi. Dostlary gelende welin ýazylyp-ýaýrap, hakyt başga adama öwrülýärdi. Has takygy, başga adama öwrülmäge çalyşýardy. Eli uzadan ýerine ýetensoň, ol özgeler deýin aw lezzetini, aýdym-saz lezzetini, meýlis lezzetini almaga çalyşýardy. Hakykatynda ol bu üç lezzetiň içinde awdan özgesini isläp baranokdy, ýöne begzada kişä meňzäp ýaşamagy borç hasaplaýardy. Emiriňki-de düşnükli: bu dünýäde il şekilli ýaşamak üçin birgiden islemeýän işleriňi etmeli bolýarsyň! Şol ýönekeý etmeli işleriň ilkinjileri: ähli kişä gülüp bakmaly, köp¬ler bilen dost bolmaly. Elbetde, emiriň bezirgen, serkerde dostlary-da az däldi. Dos¬tuň köplügi onda, köplenç, garaşylmadyk kynçylyk döredýärdi. * * * Mansuryň yhlasy birle Abdylmäligiň işiniň rowaç alyp ugramagyna göriplik edip, ýaş emiri gaýynatasyna garşy goýmagy başardylar. Ýogsam Mansur onuň bahylçylykly gep-gürrüňlerden daşda bolmagy üçin köp yhlas ederdi, ýöne hakykata görä ýalan adamlary özüne tiz ynandyrýar, tiz imrindirýär, ýalan ýaş emiriň hem ynamyna aňsatlyk bilen girdi. Başda Tahyr Afrasýabyň, Mansuryň sözünden çykman, olary özüne hossar saýyp ýören Abdylmälik halwadyr nişallasyny satýan bezirgenleriniň har-hamyryndan ýel aldy. Olaryň sözüne hem maslahatyna eýerip: «Sen meniň baýlygyma göz gyzdyrýarsyň. Sen gala eýe çykjak bolýarsyň. Men hemmesini bilýärin. Gyzyňy-da äkit, özüň-de git» diýip, dokuz ýyldan soň – on alty ýaşda Abdylmälik emir Tahyr Afrasýabyň hakyt ýüzüne durdy. Ýagşylygynyň ýamanlyk hökmünde görülmegine jany ýanan Tahyr Afrasýap gaharyny hazzar içine salyp, sesini çykarman, gyzyny hem agtygyny, doganoglany Mansury alyp, Arsahuşmisene dolandy. Bozuk araba bilen uzaga gidip bolanok. Ýalan – bozuk araba, onuň bilenem uzaga gidip bolanok. Ýaş emir hem gödek ýalňyşandygyna biraz giç – ýüz ýigrimi günden soň düşündi. Ara tow salan kişileriň matlaplary-da aýdyň boldy. Goýberlen ýalňyşlygy nädip düzetmeli? Özüň-ä hiç kimsäniň ýalňyşandygy hakdaky özelenmesini diňlemek isläňok, ýeri, seni diňlärlermi?! Tahyr Afrasýap günäňi geçermi? Abdylmälik gije-gündiz oýlandy, gije-gündiz çykalga gözledi. Ahyry Tahyr Afrasýabyň dergähine barmagy, gepe gidendigini boýun almagy ýüregine düwdi. Onuň Tahyr Afrasýabyň ýanyna gitmegini islemediler, ýolundan sak¬lamak üçin her hili sözleri aýtdylar. Ähli sözler Abdylmäligiň soňky gelen pikirini üýtgedip bilmedi. Maňlaýy daşa degen, öz ýalňyşyna düşünen Abdylmälik gaýynatasy Tahyr Afrasýabyň dergähine ugrady. Gaýynatasynyň ýanyna barýarka nätanyş kişiler ony ýolda öldürdim edip gitdiler. Tahyr Afrasýap Abdylmäligiň dadyna Hydyr ata bolup ýetiş¬di: ölümden alyp galdy, bir ýarym aý öýünde saklap, bejerdi, aýaga galdyrdy. Erkek kişiler üçin dünýäde iň kyn zatlaryň biri ýalňyşyňy boýun alyp, ötünç soramak. Abdylmälik gaýynatasynyň öýünde näsag ýatan bir ýarym aýynyň içinde ten agyrysynyň ezýetindenem bäş beter wyždan ezýetini köp çekdi. «Ýalňyşypdyryn» diýmäge boýny aşa ýogynlyk etdi. «Oguz ýalňyşyny boýun alandan takga jan berenini gowy görýär» diýleni çyn bolarly, Abdylmälik dymdy. Herhal, Tahyr Afrasýap giýewiniň goýberen telek işi üçin ony berk ynanjyna esaslanyp kötekläp durmady: erkek erkekdir-dä! Oňa ýalňyşmak gelişýär. Asyl ýalňyşmaýan bolsa, ol erkegem däldir. Beýik Taňry erkek kişileri iş etmek üçin ýaradypdyr. Işleýän adam käte ýalňyşar hem. Rast, şeýle bolsa, goý, her kim öz işini etsin! 4. Tahyr Afrasýabyň üç gyzy, Tümen atly bir ogly bardy. Ab¬dylmälik Tümen bilen gözli ýaşytdy. Olar deň-duş bolsalar-da, biri-biri bilen mäşleri bişiş¬me¬ýärdi. Tümeniň bolşuny Abdylmälik, Abdylmäligiň bolşuny-da Tümen halamaýardy. Tahyr Afrasýap hajyraw ýigit bolup ýetişen ýalňyz oglunyň bir bela-betere ýolukmagyndan gorkuda gezerdi. Ol «Haktagala maňa ýeke ogul berdi, onam ikinji gezek berdi. Indi alsa, yzyna gaýdyp bermejegini bilýärin» diýip janygýardy. Häkim bu sözleri bolup geçen bir ahwalaty nazarda tutup aýdýardy. Ol ahwalat Tümen bir aýlyk çagajykka bolupdy. Ýazlaga çykylanda gundagdaky çagajygy eneke birpaýyz daşarda goýup, haýsydyr bir iş bilen çadyra giripdi. Şonda ak gundagly çagany ýokarda aw gözläp ýören bürgüt görüpdir-de, göni aşak gaýdypdyr. Ýazlagdaky adamlar bürgüdiň nämedir bir zat alyp ýokary galanyny görüp, gygyryşmaga başlapdyrlar. Bürgüdiň alyp gideniniň hakyt Tahyr Afrasýabyň ýalňyz ogludygyny derrew bilipdirler, haýdan-haý bürgüdiň giden ugruna bakan at salypdyrlar. Bürgüt iki çakrym11 aralyk geçip, bir seňňeriň üstüne gonupdyr. Adamlaryň alagykylyk edip gelýändigini görüp, awuny alyp ýene asmana galypdyr. Bürgüt esli aralygy geçip, bu gezek bir aklaňyň üstüne gonupdyr. Çaga çirkin aglapdyr. Çaganyň çyrlap aglamasyna bürgüdiň gahary gelipdir, onuň sesini goýdurjak bolup gundagy ýyrtypdyr. Bürgüdiň ýiti dyrnagy Tümenjigiň maňlaýyndan eňegine çenli aralykda uzyn, mesaňa yz galdyrypdyr. Bürgüt üznüksiz ses edip aglaýan awuny ikinji gezek äkitjek bolmandyr: özüne bakan gel-ýän atlylar ýakynlaşyberenlerinde çagany goýup, uçup gidipdir. Gundag welin eýýäm gara gan eken. * * * Tümen akylly, pähimli ýigit bolup ýetişdi, häkimiň ogludyryn diýip, hiç kimiň ýanynda özüni ilden ýokary tutjak bolmady. Gaýtam, ol özüniň kimdigini ilden ýaşyrmaga çalyşdy. Köpüň biri bolup, il içinde hormata-sylaga ýe tdi. Rehimdardy. Elinden gelse, adamlara ýagşylyk etmäge çalyşýardy. Men-menligi, tekepbirligi, güýje baýrynmagy, eden-etdiligi halamaýardy, ýöne özüniň käteler men-menlik edäýmesi, göçäýmesi bardy. Kim baýlygyna, abraýyna, tanyş-bilişlerine bil bag¬lap, adalatsyzlyk etse welin, ol garşy çykmagy başarýardy. Asyl şeýle kişilere ýowuz jeza berýärdi. Şeýle bolansoň, kakasy ony şäheriň muhtasyby12 wezipesine bel¬läpdi, ýüzden gowrak oglan13 beripdi. Tümeniň borjy şäherde tertip-düzgüni ýola goýmakdy. Ol gerek ýerinde juda rehimsizdi. Jenaýat eden adamlary dardan asmagy ýa olaryň kellelerini çapgy ýassygyna goýmagy eşekden palan alança-da görmeýärdi. Tümen meýlisi, meýlis gurmagy gowy görýärdi. Abdylmälik bilen häsiýetleri, esasan, şu babatda çapraz gelýärdi. Çaprazlyk, biriniň meýlisi gowy görýänligi, beýlekisiniň bolsa muňa höwesek däldigi üçindi. «Seniň gülüp duran wagtyňa gabat gelmedim. Sen mydama öz iş-aladaň bilen başagaý, ýüzüňden ýylgyryşyň yzlaram ýitip gidipdir. Seniň bilen otursam, özümi ýasda oturan ýaly duýýaryn» diýip, Tümen Abdylmäligi kötekleýärdi. Aýdylýan tankyt hak bolsun-bolmasyn, tapawudy ýok, ony hiç kimse halanok. Ähli kişiniň halamaýan zadyny, elbetde, Abdylmälik hem halanokdy. Hoş söz aýdan kişi gözüňe mähriban bolup, kemçiligiňi ýüzüňe aýdýan kişi senden nähilidir bir kitüwli ýaly bolup görünýär. Tümeniň käbir sözem Abdylmälige göwnüýetmezçilik ýaly bolup duýulýardy. Göwnüň suw içmeýän kişiniň ýanynda durasyň gelmeýär. Emiriň hem gaçgyny Tümen muhtasypdy. Onsoňam Abdylmälik bilen Tümeniň arasynda dostlugyň ýoklugy geňem däl, çünki türkmende gaýyn-guda arasynda dostluk bolmaýar, diňe sylaşyk saklanýar... 5. Abdylmälik emir ýaşan ýaşyndan garry görünýärdi. Ýokary gabaklary gözüniň üstüniň köp bölegini örtüp durdy, ýörände gara ýerde ary köýüp ýatan ýaly, gadamyny batly urýardy, köplenç, başyny aşak salyp ýöreýärdi. Özem hiç mahal yzyna hem töweregine garanjaklamaýardy, donunyň iki synyny guşagyna gysdyryp, maňlaýy se¬killi gara atyna ýolbars deýin bir bökende münýärdi. At janawar esli aralyga tapyrdap gidýärdi. Ol mydama möhüm bir zat hakda oýlanýan ýaly bolup görünýärdi, içini hümleder ýörerdi. Hakykatdan hem ol, köplenç, şol bir zat – nesebiniň şum takdyry hakda oýlanardy, zamananyň özgermegine – öz neberesini ýok eden Mamun¬laryň hökmürowanlygynyň soňlanmagyna gününi sanap garaşardy, günegargan deýin, öz hanedanlygyny gyran adamlara nälet okardy. Ýigrimi ýyldan soň Abdylmäligiň ahy Haktagalaga gowuşdy. Soltan Mahmyt Gaznaly 14 onuň dadyna ar alyjy bolup ýetişdi: Mamun şalygyny syndyryp, Horezmin ilini özüne tabyn eýledi, bu ilde gapydany Altyndaşy15 şa tagtynda oturtdy. * * * Soltan Mahmyt Gaznaly uly goşun bilen Horezmini teshyr kyl¬mak üçin barýarka Zamahşar galasynyň deňinde düşledi. Şonda soltana Abdylmälik emir, onuň neberesiniň pajygaly kysmaty hakda gürrüň berdiler. Abdylmälik emiriň begzada neberesi hakda eşiden soltan Mah¬myt Gaznaly Zamahşar galasyna bardy. Soltany duz-çörekli garşy aldylar. Ol emiriň howlusyna giren pursady aýal maşgalanyň gykylygy eşidildi. Ähli kişi nämäniň-nämedigini anyklamak üçin diňşirgendi: çaga jägildisi ähli zady düşnükli etdi. – Abdylmälik emir, gözüňiz aýdyň, çagaňyz boldy! – diýip, Mansur ylgap geldi. – Merhemetli soltan, siziň Zamahşara ilkinji mübärek gadamyňyz maňa perzent berdi – diýip, Abdylmälik emir soltana özüniň çäksiz minnetdardygyny bildirdi. Elbetde, onuň Mamun kowumyndan elhenç zulum görendigini, zulumyň ýigrimi ýyldan gowrak wagtlap dowam edendigini, bu gün Allatagalanyň özüni ýalkandygyny – diňe bir özüni däl, külli Horezmin halkyny Mamunyň zulumyndan azat eýleýändigini, munuň üçin soltan Mahmyt Gaznalydan çäksiz minnetdardygyny aýdasy geldi, herhal, saklandy. Öňde gazaply darkaş bar, ol darkaşda ýeňşiň haýsy tarapa ýar boljakdygy entek belli däldi. Şeýle bir pähim bar: «Ertesini gaýgyran kapyr» diýip. Ertesini gaýgyran kapyr bolýan bolsa, onda Abdylmälik bu gezek kapyrlyk etdi. Omar atabeg ýaňyja dünýä inen, akja kumaja dolangy çagajygy emire gowşurdy. Emir çagajygy gujagyna alyp soltana ýüzlendi. – Merhemetli soltan, ine, siziň ilkinji mübärek gadamy¬ňyzdan dünýä inen çaga. Eger şu çaga at dakmagy, pata bermegi rowa bilseňiz, meniň buýsanjymyň-begenjimiň çeni-çaky bolmazdy. Çagama at hem pata berip, meni bagt bossanyna salmagyňyzy towakga edýärin, merhemetli soltanym. Soltan çagajygyň ýüzüne seretdi: – Ogulmy?! – Gyz, merhemetli hökümdarym – diýip, Omar atabeg müýnli seslendi. Soltan öňden gelýän dessur boýunça çagajygyň her gulagyndan üç mertebe çalaja çekdi: – Mertebeli gyz bolup ýetişsin. Ady Altynjan bolsun! Beýik bege mynasyp hemra bolsun. Adyny men berdim, ömrüni, mertebesini Allatagala bersin! Omyn! * * * Bu gün Abdylmälik emiriň durmuşynda ýatdan çykmajak bagtly günleriniň biri boldy. Soltanyň mübärek gadamynyň hormatyna uly toý tutdy. Toý ýedi gije-gündiz dowam etdi. Emir eçilmek eçildi. Täze dünýä inen gyzjagazy – Altynjany «Soltanyň gyzy» diýip aýratyn eý gördüler. Altynjan Zamahşara bagt getirdi. Bagt getiren gyzjagaza aýratyn gözegçilik etdiler. Üç-dört eneke Hajar hatynyň hyzmatynda durdy. Abdylmälik emir gyzjagazy sekiz-on aýlykka – durdy-durdy bolanda, soň ýörjen-ýörjen bolanda zamahşarlylary ýygnap toý berdi. Ol toýlaryň yzy üzülmedi. Altynjan ýöremäge ir başlan-da bolsa, geplemegi giç öwrendi, bäş ýaşynda gepläp ugrady. Gepläp başlanyna begenip, jedir-jedir edip geplemek gep¬ledi, onuň şeýle köp jedirdemesi birki ýyllap geplemediginiň öwezini doljak bolýan ýalydy. Eneke görgüliler gyzjagazyň «Şu näme, o näme?» diýip berýän üznüksiz sowallaryna jogap berjek, oňa-muňa güýmejek, oýnatjak bolup ýadamak ýadaýardylar, görgülileriň käsiniň daşarda duran-duran ýerlerinde usurgap, uklap galýan pursatlary köp bolýardy. Altynjan gepe-söze düşünip ugrandan soň, soltan Mahmyt Gaznalynyň Zamahşara gelşi, özüne at dakyşy hakdaky gürrüň¬leri her gün diýen ýaly diňlemegi nysak edindi. – Soltan näme diýipdir? – diýip, Altynjan enekesine ýüzlenerdi. – Wiý, men saňa häzirjik gürrüň berdim-ä, özem üç gezek gaýtaladym. – Meniň ýene eşidesim gelýär-dä! Eneke göwünli-göwünsiz gaýtalamaga başlardy: – Hakyt ynanar ýaly bolmady, ol! Babaň soltan Mahmyt Gaz¬nalynyň öňünden duz-çörekli çykdy. Öýden duz dadyp geçmegini mürehet etdi. Soltan özüniň wezirleri, jandarlary bilen derwezeden ilkinji ädimini ätdem welin, bir mähirlije jägildi eşidildi. Ähli kişi üşerildi. Emirimiz boz-ýaz boldy, özüni gaty oňaýsyz duýdy. Şol mahal Mansur ylgap geldi: «Abdylmälik emir, gözüňiz aýdyň, çagaňyz boldy!» diýdi. Emirimiziň ýüzi açyldy, ol soltana minnetdarlyk bildirdi: – Merhemetli soltan, Zamahşar galamyza siziň ilkinji mübärek gadamyňyz maňa perzent berdi. Soltan emirimiziň sözlerinden soň akja kumaç gundagy eline aldy-da, seniň ýüzüňe mähir bilen seretdi. – Näme diýdi? – diýip, Altynjan ýantgylady. – Soltanmy? Soltan aýtdy: «Mertebeli gyz bolup ýetişsin. Ady Altynjan bolsun» diýdi. – Hakyt şeýle diýdimi? – Hakyt şeýle diýdi: «Mertebeli gyz bolup ýetişsin. Ady Altynjan bolsun» diýdi. – Soň näme diýdi?! Aýdyber-ä! – «Beýik bege mynasyp hemra bolsun» diýdi. «Adyny men berdim. Ömrüni, mertebesini Allatagala bersin» diýdi. Omyn etdi. Doga-dileg edildi. Altynjan ýüzüni torsartdy: – Indi näme üçin soltan gelenok? Goý, gelsin, meniň ony göresim gelýär. – Wiý, Altynjan, seniň diýýäniň näme? Ol – soltan, islese geler, islemese gelmez. Onuň iş-endişesi kändir. – Gelsin! – Biz oňa hiç zat diýip bilmeris. – Näme üçin? Ol öň gelipdir-ä?! Ýene gelsin! – Ony men aýdyp bilmerin. – Kim aýdyp biler?! – Babaň! Altynjan kakasyndan talap etdi: – Baba, soltan Mahmyt Gaznalyny göresim gelýär. Oňa: «Gel!» diý. – Diýýäniň näme seniň? Ol soltan ahyryn! – Bolsa bolsun! – Soltana: «Gel!» diýmek bolmaýar. – Näme üçin? – Sebäbi ol soltan. Sebäbi ol gaty beýik adam. – Ol sendenem beýikmi? – Beýik! Altynjan juda geň galdy: – Sendenemmi? – Hawa, mendenem. Oňa «Pilmahmyt» diýip ýöne ýere aýdanoklar. – Ol pil ýalymy? – Ol pil ýaly. – Ol öň gelipdir-ä? – Geldi. – Ýene gelsin. – Ýok, ýok, bolmaz! – Baba, «Gel!» diýäý! – Men soltana: «Derrew gel, seni gyzym görjek bolýar» diýip bilmerin. – Näme üçin? – Gelşiksiz bolar. – Näme üçin «Gelşiksiz bolar?» Emir näme diýjegini bilmän, göýä özüni halas etjek jogaby tapaýjak ýaly, töweregine garanjaklady, halasgär jogap tapylmady. Onsoň emiriň özi tersine tutup, sorag bermäge başlady: – Näme etjek ony? – Görjek. – Görüp näme etjek? – Görüpmi? Görjek. – Näme üçin görjek? – Göresim gelýär-ä, meniň. – Näme üçin göresiň gelýär? – Göresim gelýär... – diýip, Altynjan hem kakasy deýin anyk jogaby gapdalyndan tapaýjak ýaly, töweregine garanjaklady. – Bar, näme üçin görmek isleýändigiňi bilip gel. Altynjan nämäni bilmelidigini anyk bilmän gitdi. Ýarygije kakasyny yralap ukudan oýardy: – Baba, baba, men bildim. – Näme?! – diýip, ukudan doly açylmadyk emir garysyna galdy. Aragaraňkylykda gyzynyň nirededigini saýgarmady. – Hany sen? – Men ýanyňda, baba – diýip, Altynjan kakasynyň elinden tutdy. – Näme gerek? Bar, ýat! – Men kän-kän oýlandym. – Sen oýlandyňmy? Näme hakda oýlandyň? – «Soltany näme üçin görjek?» diýdiň-ä. Ana, men oýlan¬dym, soň bildim. – Nämäni bildiň? – Meniň soltany göresim gelýär. Emir gyzynyň ýarygije ukudan oýarandygyna gahary geldi. – Şu sözi aýtmak üçinem meni ukudan oýardyňmy? – Indi soltan gelermi? – Bar, ýat, ertir gürleşeris. Emir ýene başyny ýassyga goýdy. Altynjan welin ýatmaga gitmedi. Kakasynyň başujunda tä daňdana çenli irikgä bolup, şöwür çekdi oturdy. Emir gözüni açsa, başujunda gyzy otyr. – Nä otyrsyň? – Ertir gürleşeris diýdiň-ä! – Ýok bol! Görünme gözüme! – Soltan haçan geler? – Ýok bol! Altynjan, megerem, uzak gijäni ýatman geçirip, kakasyndan beýle haýbata garaşmadyk bolarly, görgüli gözlerine ynanmaýan dek, kakasyna dikarynlap seretdi durdy. – Indi nä dursuň? Ugra! Altynjan sessiz aglady, şebistanyna baryp sesli aglady. Birki günden soň Altynjan ýene kakasynyň bosagasyna bardy: – Baba, men «Soltanyň pata beren gyzy». – Bolaňda näme?! – Soltany göresim gelýär meniň. Goý, gelsin! Emir ahyr yşrar tapdy: – Bar, atabegiňe aýt! Bu gezek Altynjan kakasyndan gile etdi, sebäbi atabegiň iş ba¬şarmajakdygyny – soltany getirmegi başarmajakdygyny ol bilýärdi, atabeg telim ýola başarmajakdygyny boýun alypdy. Şonuň üçinem Altynjan ar almagy makul bildi, ojakdan ullakan köz getirip, kakasynyň oturýan sypasynyň üstüne taşlady. Soňam ýorgana bürenip ýatdy. Birsalymdan başlandy bir başagaýlyk! Emiriň salamlygy-myhmanhanasy gara tüsse bolup ýandy. Onuň içindäki ýigrimiden gowrak haly-da ýandy. Içerdäki on sany sandygy hazzar çykarmaga ýetişdiler. Abdylmälik emir Altynjanyň üstüniň ýorganyny birýana serpip, ezeneginden tutup, ýokary göterdi: – Seniň işiňmi? Altynjan mönlüge saldy: – Baba, soltany göresim gelýär! – Merez!.. Emir gyzyny honda zyňyp goýberdi-de, gahar bilen daşaryk çykdy. * * * Altynjan özüniň eý görülýändigini duýýardy. Her bir islän, her bir aýdan zady derhal amal edilensoň, ol muňa öwrenişip hem gidipdi, özüni gaty erkin, hökmürowan alyp barýardy. Enekeler ony öz aralarynda «Zamahşaryň soltany» diýip atlandyrýardylar. Bäş ýaşlaryndaka Altynjanyň çep bilegine siňňil çykdy. Bu oňa gaty ýokuş degdi. Siňňiliň aýrylmaýandygyna gaharlanyp, aglamak aglady. Ol ähli deňi-duş oglanjyklarynyň, gyzlarynyň ellerine seredip çykdy. Olaryň hiç haýsynyň bileginde siňňil ýokdy. Onsoň ol ilki enekelerinden, soň ejesinden, gapydan Mansurdan siňňilini aýryp bermegini talap etdi. Olar yrymlar boýunça her hili iş edip gördüler. Barybir, siňňil aýrylmady. Soň ol kakasyna aýtdy. Ähli kişä hökümi ýöreýän Abdylmälik emir hem hiç zat edip bilmedi. Altynjan siňňilini aýyrjak bolup, bilegini garagan etdi. Ol tekepbirlik bilen siňňilini aýyrjak boldy, ýöne siňňili özündenem tekepbir çykdy. Onuň siňňilini aýyrjak bolup şeýle bir yhlas etmesiniň esasy sebäbi bardy. Altynjan bir gezek soltan Mahmyt Gaznalyny görmek isleýändigi hakda aýdanda atabeg Omar şeýle diýipdi: – Soltan Mahmyt Gaznaly maňa «Altynjanyň elindäki siň¬ňiller aýrylan güni men Zamahşara bararyn hem oňa üýtgeşik bir soltan sowgadyny bererin» diýdi. – Soltan meniň bilegimdäki siňňili görenog-a?! – Soltan sen hakda hemme zady bilýär. Şunuň bilen gürrüň gutarypdy, atabeg bu aýdan sözüni ýa¬dyndan-da çykardy, Altynjan welin ýadyndan çykarmady. Siňňi¬liniň aýryljak, soltanyň geljek gününe sabyrsyzlyk bilen garaşdy. Göwnüne bolmasa, ähli kişi onuň siňňiline seredýän ýalydy. Ol Mansuryň sözüne ynanypdy, Mansur ýalan sözlär öýdenokdy. Altynjan entek ulularyň ýalan sözleýändigini, dünýäniň hem «ýalançy» diýlip atlandyrylýandygyny bilenokdy. 6. Galanyň derwezesiniň sakçylary – derbanlary Abdylmäligiň garasy uzakdan göründigi hataran durup, sadyklyk bilen baş egip tagzym ederdiler. Olar Abdylmäligiň boýnunyň möjegiňki deýin gysgadygy sebäpli yzyna gaňrylyp bilmeýäninden habarly bolsalar-da, ol derwezeden esli daşlaşýança butnaman durýardylar. Abdylmäligiň howlusy derwezeden o diýen uzakda däldi, iki ýüz-üç ýüz zirag16 aralykdady, howlynyň daşyna beýik haýat aýlanypdy. Howly galanyň demirgazyk tarapynda ýerleşýärdi. Ol galanyň içindäki galady. Oňa diňe bir derwezeden girmelidi. Derwezäniň iki tarapynda hem beýik küňreli diň bardy. Derwezeden giren ýeriň giň meýdandy, ol on iki müň ziragdy, howlynyň diwarlarynyň beýikligi ýigrimi ziraga barabardy. Howlynyň sol tarapy aýal maşgalalaryň ýaşaýan haremidi, sag tarapynda bolsa Abdylmäligiň salamlygy ýerleşýärdi. Sag tarap on-on bäş sa ny gapysy bolan göz-göz otagdy. Olaryň tas ýarysy diýen ýaly gelýän myhmanlara niýetlenendi. Giň otag¬lar gat-gat ýazylan halylardan doludy. Otaglaryň töründe körpeçedir ýassyklar, güpjekler münder-münder bolup durdy. Howlynyň derwezesi, dalanlar, otaglaryň gapylary, otaglardaky sandyklar – bularyň ählisi agaçdandy, olara sünnälik bilen kaşar nagşy salnandy. Olara seretdigiňçe seredesiň gelýärdi. Mundan on ýyl öň bu nagyşlary görüp, Mamun şanyň hatyny Hara bin Söbüktegin17 hakyt haýran galypdy. Hara melikäniň gowy görendigi üçin, emir özüniň ussat netjarlarynyň ikisini şanyň köşgünde işlemäge bermeli bolupdy. Öňi kaşar nagyşlary bilen sünnälenen dalanly otaglaryň ikinjisi beýleki otaglardan tas iki esse diýen ýaly uludy. Ana, şol uly otag emiriň salamlygydy, emir köp wagtyny şu ýerde geçirýärdi. Otagyň içinde bir zirag beýik¬likde, bäş-alty zirag inlilikde sypa bardy. Ol halylar bilen örtülendi. Emir şol sypanyň üstünde oturyp, ýanyna gelen adamlary kabul edýärdi, olaryň arzy-hallaryny diňleýärdi. Diňe bir derwezede däl, bu otagyň gapysynyň öňünde-de mydama jandarlar derbanlyk edýärdi. Kimi galanyň emiriniň ýanyna goýberilmelidigini, kimiň sakçylygy galanyň haýsy ýerinde etmelidigini Mansur pola (Mansura pola lakamyny Abdylmäligiň gyzy Altynjan dakypdy, Mansur hakykatdanam polady – semizdi) çözýärdi. Ol Abdyl¬mälik emiriň diňe bir gapydany däldi: naýybydy18 hem işigagasydy19. Mansur Abdylmäligiň şirin janyny ynanýan iň ýakyn adamydy. Diňe bir emiriň öýünde däl, Zamahşar galasynda hem köplenç, onsuz çöp başy gymyldamaýardy. Öýüň ähli keşigi onuň gerdenindedi. Mansur haçan görseň howlukmaçdy. Onuň ýazylyp-ýaýrap arkaýyn gülüp oturanyny görmek juda çetindi, köp zatlary Abdylmälige ýetirmän özi hem çözýärdi. Kim näme gerek bolsa, kim näme etmekçi bolsa Mansura baryp ýüz tutýardy. Mansur kyrk ýaşlaryndaky, gysga boýly, berdaşly kişidi. Gürlände alkymyňa dykylyp: «Meni aldaýan bolaýma» diýen terzde bäbenegiň içine dikarynlap seretmek edehädi bardy. Ol ähli zada müňkürdi, özem näme haýyş edilse: «Ýok, ýok!» diýip, endigi boýunça başda garşy çykýardy. Şeýle bolansoň onuň «Mansur ýok», «Mansur müňkür» diýen lakamlary-da bardy. «Ýok» – onuň iň köp ulanýan sözüdi. Şeýle-de bolsa, biraz wagtdan soň – megerem, oýlanýandyr – «Ýok, etjek däl» diýen zadyny-da edýärdi. Iň gowy tarapy, ýüreginde adamlara ýigrenç ýokdy. Onuň «ýok» diýmeginiň sebäbi ýalňyşaýmaýyn diýen ätiýaçdan bolsun gerek, sebäbi ol gaty uly hojalygy dolandyrýardy. Halwa, nişalla öndürmekde üç ýüz, ok-ýaý ýasamakda iki ýüz, maldarçylykda iki ýüz elli, ekerançylykda müňden gowrak adam Mansur ýokdan – Mansur poladan – Mansur müňkürden – Mansur gapydandan hak-heşdek alýardy. Howlynyň sag tarapyndaky hatar otaglaryň biri Mansur polanyňkydy. Onuň otagynda galanyň, sebitiň hasap-hesibini ýöredýän on sany hasapçy işleýärdi. Mansur diňe agşam öýüne gaýdýardy. Daň bilenem gelýärdi. Onuň öýi uzakda däldi. Ol Zamahşara başda wagtlaýyn gelipdi. Onuň bilen Abdylmäligiň ümi alyşdy. Soň Abdylmäligiň towakgasy bilen ol galada hemişe¬lik galdy. Abdylmälik Mansur bilen edil dogan deýin gatnaşyk saklaýardy. Onuň aňsat-aňsat gahary gelmeýärdi. Bu, megerem, çişik kişilere mahsus aýratynlyk bolansoň şeýledir. Näçe ýyllap emiriniň hyzmatyny edenem bolsa, Mansuryň goşuny towuga ýükläbermelidi. Munuň sebäbi ol baýlyga gyzykmaýardy. Gününiň geçeni bilen kanagatlanýardy. Ol maşgala-da edinjek bolmaýardy. Dogrusy, ony on alty ýaşynda öýeripdiler, ýöne alan gelni ilkinji gije ölüpdi. Şondan bir ýyldan soň ol ýene öýlenipdi. Ikinji gelni hem ilkinji nika gijesinde ölüpdi, munuň hikmeti ähli kişä aýandy. Şonda oňa: «Saňa öýlenmek, şöhwete girmek bolmaýar» diýipdiler. Mansur janygypdy: «Allatagala uly zat beribem, kiçi zat beribem, asyl bermänem adamy betbagt edip biljek eken-ow». Ana, şondan soň Mansur terkidünýälige ýüz urupdy. Ýogsam özüne berlen miras ýere-göge syganokdy. Onuň öz obasyna barasy gelenokdy. Sebäbi obasyna barsa, köpler ony göz astyndan synlamak synlap, hyşy-wyşa başlaýardylar. Şeýle bolansoň, ol Zamahşarda dünýäni unudyp işlänini gowy görýärdi. Mansur Zamahşarda üçünji gezegem bagtyny synap görüpdi, asyl daýaw, uly göwreli bir aýal Mansura äre çykmaga höwes bildiripdi, özem öň birinji gije iki aýalyň ölendigini eşidenden soň. «Men ähli zada döz gelerin» diýdi, Mansuryň gürrüňine ynanmadyk bolarly ol, höwesjeň gelniň göwresiniň ululygyna bil baglan bolmagy-da mümkin. Mansur seresap bolmagy ýüregine düwdi. Ähli zady ätiýaçly başlady, ýöne, barybir, bolmady, hyjuw hyňzap, öwç möwje gelende hatynyň öljegi, seresap bolmak hakdaky özüne eden ähdiň ýadyňa düşmez eken... Galadakylara hakykaty aýtmakdan saklandylar, «Gelni gije gara möý çakypdyr» diýdiler. Mansur şondan soň öýlenmekden Allatarapyn mahrum¬dygyna boýun sundy. Onuň durmuşdan alýan ýeke-täk lezzeti awdy. Ol elguşly awa gidip, awlan sülgünleriniň gyzgyn ganyny joralandyryp içip, hezil edýärdi. Galada öýlenmekden, hatyn bilen şöhwetde bolmakdan kes-kelläm boýun gaçyrýan ýene bir kişi bardy. Ol atabeg Omardy. Elli-elli bäş ýaşlaryndaky köseleç Omaryň bar bileni-biteni bilimdi hem ylymdy. Omar uzynak boýly, eti-gany ýetik kişidi. Ýüzi mähirlidi, gürlände ýuwaş gürleýärdi. Onuň gaharlanan çagyny gören adam ýokdy. Ol boýdy, ýigit çykyp ýeke gezegem zenan ysyny ysgap görmändi, öýlenmändi. Altynjanyň on sekiz ýaşly akgyzy Uzperi Omara magşuk bolupdy. Uzperi Omaryň kirini ýuwup, çägini çatýardy, otagyny süpür¬ýärdi, çagalara sapak geçende daş işikde oturyp, ony synlaýardy, gürrüňini diňleýärdi. Omar sypaýy kişi bolansoň, Uzperi bilen gaty mylaýym gürleşýärdi. Olar däli porhan bolup, biri-birlerini söýdüler. Emir Uzperini Omara alyp bermäge, toý etmäge döwtalapdy, ýöne Omar öýlenmek islemedi: «Atabegleriň ata-baba gelýän däbine ysnat getirmäýin. Atabeg ömrüni sallahlykda geçirmeli, menem ömrümi sallahlykda geçireýin» diýip, ol özüne ýowuz çemeleşdi. Herhal, ol Uzperini görende süňňüni saklap bilenokdy, ony bagryna basasy, hyjuwyny egsesi gel¬ýärdi. Ol birki gezek özüne erk edip bilmän, Uzperini bagryna basypdy hem. Altynjan hem öz akgyzynyň Omara durmuşa çykarylmagyny isleýärdi, atabegden toý tutmagy towakga ederdi. Bir gün Omar Uzperi barada emiriň dergähine ýörite bardy: Uzperi ikisiniň bir howluda ýaşamaklarynyň mundan beýläk mümkin däldigini, çünki ol gyzy görüp dursa, hyjuwyna erk etmegiň özüne juda agyr düşýändigini, şonuň üçin ýa özüniň ýa-da Uzperiniň şu howludan gitmeginiň hökmandygyny aýtdy. Abdylmälik hernäçe islemese-de, gadymdan gelýän türkmen atabeglik mekdebiniň kada-kanunynyň saklanmagynyň hatyrasyna Omaryň islegini ýakyn günlerde amatly bahana tapyp kanagatlandyrmaga söz berdi. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |