19:28 Altynjan hatyn / 1-nji kitap -10 | |
Onunjy hekaýat
Taryhy proza
BURUN ÝÜZDEN DÜŞMEZ Öň näme etjek bolsa, ejesine, akgyzyna, gapydana aýdardy, olara sala salardy. Indi onuň nirä barýanyny, näme etjegini mydama hyzmatynda ylgap ýören akgyzam bilenokdy. Öň kimi ýigrenýändigini, kimi gowy görýändigini aýdardy. Indi onuň Togrul beg hakda näme pikir edýändiginem bilip bolanokdy. Öň Togrul bege nälet okardy. Sawçylykdan soň welin, Togrul beg hakda ne ýagşydan, ne-de ýamandan hiç zat aýtmaýardy. Akgyz Gülýüzliniň içini it ýyrtýardy, sebäp ol razdanlyga halysan öwrenişipdi. Soňky wagtlarda olaryň uzynly gün gürleşmeýän gezekleri köp bolýardy. Mundan ýedi aý öň – Musa ýabgu dagy guda bolup, zatlaryny geçirip gidenlerinden soň Togrul beg iki gezek gelipdi. Abdylmälik hanyň razylygy bilen Altynjany alyp, sähra atly gezelenje çykypdy. Elbetde, olaryň ýanynda Gülýüzli hem bardy. Ol atyny olaryň atlaryndan ýigrimi-otuz zirag yzdan sürüpdi. Şeýle bolan¬soň olaryň nämeleri diýendiklerini oňly eşidip bilmändi. Dogrusy, olaryň arasynda hezil edip diňlär ýaly, oňly gürrüň hem bolmandy. Altynjan ýeke agyzam söz aýtmandy, esasan, Togrul beg gürläpdi. Öňli-soňly eşiden sözlerinden çen tutan Gülýüzli gürrüňiň seljuk nesebi, öňde goýlan maksat – ertirki gün hakdadygyny aňypdy. Eşiden zatlarynyň Gülýüzlä jinnek ýaly-da gyzygy, geregi ýokdy, sebäbi ol aýdylýan zatlary bäş barmagy ýaly bilýärdi. Togrul beg şol gezek Altynjana şeýlebir owadan gülýaka sowgat getiripdi. Ol şondan on dört günden soň ýene Zamahşara gelipdi, ýöne soňky gezek gezelenje çykjak bolmandy. Jürjaniýadan gelýändigini aýdypdy, Altynjana bir horjun sowgat getiripdi. Horjunyň içinde şirmaýy darak, iki jübüt zenan hokgasy, sümsüledir silsile, altyn bilezik, ýeňlik, iki geýimlik kumaç, bir geýimlik atlaz mata, herdürli süýji, kişmiş, hoz maňzy bardy. Togrul beg içeri girip naharlandy, uzak eglenmänem gitdi. Şol gezek Togrul beg Altynjan bilen howluda duşuşyp, hal-ahwal soraşmak bilen çäklendi. Şol gezekden bärem beg gara berenokdy. Gülýüzli melikesinden ýeke bir zat bilmek isleýärdi (bu emiriň tabşyrygydy): Altynjan Togrul bege durmuşa çykjagyna begenýärmi ýa-da gynanýarmy? Hernäçe islese-de, Gülýüzli melikesiniň içki pikirini teý anyklap bilenokdy. Bir görseň, ol Togrul bege durmuşa çykjagyna nägile däl ýalydy: «Men Togrul bege nähak töhmet atypdyryn» diýip örtenipdi. Ýöne ol soň Togrul beg hakda hiç zat aýtmady. Onuň bolşy Togrul beg ýadyna düşmeýän ýalydy. Eger beg hakda bir zat diýilse, sesini çykarman diňleýärdi, ýagşydan-ýamandan hiç zat aýtmaýardy. Şeýle bolansoň, onuň Togrul beg hakda nähili pikiriniň bardygyny biler ýaly däldi. Ýedi aý geçdi, Togrul şindem gara berenokdy, ýöne ol hakdaky myş-myşlaryň welin, yzy üzülmeýärdi. Altynjanyň güni geçmeýärdi. Ýogsam ol gaty köp zat bilen gyzyklanýardy. Boýdaşlary bilen bagda gezelenç edýärdi. Wagtynyň köpüsini Anuşirwan bilen gylyçlaşmakda, pyçak atmakda, ýaýda nyşana urmakda türgenleşikde geçirýärdi. Çapyp barýan Akgaryň üstünde her hili oýunlary etmegi öwrenýärdi. Altynjanyň galada gowy görýän, ezizleýän ýeke-täk adamy Anuşirwandy. Tüweleme, Anuşirwan pähim-paýhasly, alçak, suhangöý, nazarkerde, peşeneli ýigit bolup ýetişjek. On dört ýaşynda ol äpet bir ýigide meňzeýär. Öwrenmek maksady bilen haýsy bir zadyň başyna barsa, emgenmän maksadyna ýetýär. Onda tebigy üşük bar. Ýaýda nyşana urmakda Zamahşarda onuň bilen deňleşip biljek adam ýok. Gurhanyň ýarysyndan gowragyny ýatdan bilýär. Ýatkeşligi şeýle gowy bolansoň, arap, pars, ýunan dillerini öwrenmek oňa o diýen kyn düşmedi. Altynjan dagynyň ýedi-sekiz ýylda öwrenen dillerini Anuşirwan bäş ýyldan gowrak wagtyň içinde özleşdirdi. Altynjanyň göwnüne bolmasa, öwre¬dilýän zatlary Anuşirwan öňem bilýän ýalydy. Bu gün Sadyllanyň, ekizleriň, Altynjanyň bilýänlerini Anuşirwanam bilýär. Altynjan Anuşirwany aşa gowy görýärdi, ony gözüniň göreji deýin goraýardy, aňsat-aňsat biynjalyk etmezlige çalyşýardy. Ol kenizi Gülýüzlini-de gowy görýärdi. Käteler gylyçlaşmak türgenleşigini Gülýüzli bilen geçýärdi. Gylyçlaşmak babatda pola akgyz çöňňedi. Ol haçan görseň şikeslidi: bir görseň, ol agsak¬lap ýörendir, ýene bir gün görseň, şikesli elini boýnundan asyp ýörendir, ýene bir gün gözleriniň aşagy göm-gökdür, çişden ýaňa gözem görünýän däldir, gözüniň görmeýändigi üçin, Gülýüzli nirä gitse, Altynjan onuň elinden tutup, idip ýörendir. Köp kişi Altynjanyň bolup ýörşüne düşünmeýärdi: kim kime akgyz?! Göräýmäge, Gülýüzli Altynjana hyzmat etmelidir welin, ýok, beýle däl, Altynjan köplenç Gülýüzliniň hyzmatynda, elbetde, sylaşyk bir gowy zat. Adam birini gowy görse, onuň baýdygyna, garypdygyna seretmez eken... Gülýüzliniň beýle dertli halyna gyýlyp, Hajar hatyn soraýar: «Altynjan, Gülýüzlä näme boldy? Maňlaýy çilik ýaly-la, onuň?» diýip. Altynjan derrew jogap berýär: «Öten agşam daşary çykanda daşa büdräp maňlaýyny ýardyrdy, görgüli». Ene birki günden soň, ýene gyzyndan soraýar: «Altynjan, akgyzyňa indi näme boldy? Öten agşam-a: «Daşa büdredi» diýdiň. Bu gün ol ag¬saklap ýöreýär-le?» «Aladaňdanlar daşa büdräp aýagyny agyrdypdyr». «Wa-weýla, görgülä näme bolsa garaňkylykda bolýar. Ga¬raňkyda hiç zat saýgarýan däldir-dä?!» «Dogry, Gülýüzli garaňkyda eger-eger hiç zat görenok. Haçan görseň, daşa büdräp ýör! Ol onda gijekör diýilýänleri bolmaly.» Altynjan ýok wagty Gülýüzlüden soralsa, ine, iň kyny şol. Ol görgüli näme jogap berjegini bilmän gara heläk bolýar. Sebäbi ol nobatdaky şikesi hakda öýdäkilere Altynjanyň näme bahana tapjagyny bilenok. Ýalňyşmakdan bolsa Hudaý saklasyn! Onsoň Gülýüzli ýalňyşmakdan heder-ätiýaç edip, gysgaça jogap berer: «Maňa näme bolandygyny Altynjandan soraýsaňyzlaň. Meniň derdimi şondan gowy bilýän ýok». Gülýüzli käte hüňürdär: «Eý, Hudaý, mende näme günä bar? Tog¬rul ýerçeken gelmese, bu urkaçy meni urup-urup öldürjek». Ýokarda bagt – gut getirýän guşuň peýda bolandygyny, meli¬kesiniň Habyl bilen gut bermegini dileýändiklerini eşiden Gül¬ýüzli teblehananyň aňyrsyna – bagyň içine bakan ýumlukdy. Ol bagda bir giňiş ýer tapyp, bürgüde dileg saldy: – Eý, guş! Meni diňle, meni! Günde telim ýola zulum hem sütem görýän naçaryňy diňle! Öňde-soňda meni ýalkajak bolsaň, onda şu gezek ýalka! Ber gut! Ber gut! Ber gut! Eý, guş! Kynyklarda Tog¬rul diýen bir beg bolmaly, şol beg tizden-tiz meniň melikäme eýe çyksyn. Özem ony her gün gamçylap ursun! Özünden gid¬ýänçä, jyn uran ýaly edip ursun, ursun, gijelerine bolsa myžžygyny çykaryp ursun! – Birden Altynjan geler öýdüp gorkýan bolarly, Gülýüzli telim ýola töweregine garanjak¬lady, durşuna gulaga öwrülip, bagyň içine diň saldy. – Maňa haýpyň gelsin. Eger meniň ýumşumy bitirmeseň, onda hanyň bu ganjygy meni urup öldürer! Eý, guş, meni halas eýle! Maňa berjek gutuň – melikämiň zulumyndan halas etmegiň! Maňa bu dünýäde başga gut gerek däl!.. Togruly getir! Tiz getir!.. * * * Altynjan mahal-mahal biçak gaharjaň bolardy, sähel zat üçinem alagykylyk ederdi. Bar sütemem Gülýüzlä düşerdi. Altynjanyň kimdir biri bilen gürleşesi, raz aýdyşasy gel¬ýärdi. Soňky günler onuň iň ýakyn razdany – özüdi, özi bilen gürleşmegi gowy görýärdi. Ol özüne ähli syryny açýar, özi-özüne düşünýär. Özi-özüniň üstünden güljek bolmaýar. Ulumsylyk etmeýär. Onsoň özi bilen razdar bolmak Altynjana ýakymly, amatly. Ýöne Altynjan özi bilen gürleşip, soňundan akylyndan jyda düşmekden gorkýar. Ol her alabaharda galanyň daşyndaky bir garyş bolan ýaşyl maýsalyga barýardy, ýeriň ýüzüni örten mahmal deýin ýakymly maýsalygyň üstünde ýatmagy, agnamagy gowy görýärdi. Daýhanlar onuň agnaýşyny görenlerinde elewräberýärdiler. Oňa: «Ekinimizi zaýa edýärsiň» diýmäge het edip bilenokdylar. Alty aýda bir, bir aýda alty garyş ösýän bu ekiniň1 maýsasynyň üstünde ýatmakda jana ýakymlylyk bardy. Altynjan maýsanyň üstünde ýatyşyna tä ýadaýança togalanýardy. Bahym bu-da ony irizýärdi. Ol durmuşdan gözleýän lezzetiniň bu ýerde-de ýokdugyna düşünýärdi. * * * Weýl-weýla, gala oňa biçak darlyk edýärdi. Ol uzak-uzak ülkelere gitmek isleýärdi. Ol geljegine gitmek isleýärdi. Gala – heminzaman. Ýaşaýyş, durmuş – heminzaman. Altynjan heminzamandan ýadapdy. Ol özüniň rahatyny diňe geljekden tapyp biljekdi. Ol özüni düşen agyr gününden halas edip biljek ýeke-täk bir adamy görýärdi. Ol özüni gelejegine alyp gidip biljek adam hökmünde bir adamy göz öňüne getirýärdi. Ol adam – Togrul begdi. Altynjan üçin Togrul beg – geljekdi. * * * Altynjan kakasynyň şahynyny awa salmagy biçak gowy gör¬ýärdi. Elguşuny awa salanda ol hakyt özi uçup, awa okdurylýan ýaly, düýrmegi bilen göze öwrülerdi, şahyn (ak laçyn) hakda özüni danyşment hasaplaýardy. Sebäbi ol laçynyň häsiýeti hakda atabeglerinden, kakasyndan, mirşikärden örän köp zatlary eşidipdi. Mirşikär laçyny şa elguşy atlandyrýardy. Laçyn – et iýýän guşlaryň şasy, at – dört aýakly ot iýýän janawerleriň şasy, göwher – zynatlaryň şasy. Ygtyýarynda şu üç zady bolan kişini nähili atlandyrmaly?! Gör, Altynjanda ähli dört aýakly dürrendeleriň şasy hasap¬lanýan bedew aty – Akgary bar. Onda ähli et iýýän guşlaryň – perrendeleriň şasy hasap¬lanýan şahyn bar. Onda ähli zynatlaryň, gymmatbaha daşlaryň şasy hasap¬lanýan göwherden nagyşlanan bilezik bar. Bu göwherden na¬gyşly bilezigi oňa Togrul beg hedýe berdi. Altynjanyň elguşy şahyn diýilýän laçynlardandy. Onuň elguşy agymtyldy. Agymtyl şahyn iň gowy laçyn hasaplanýardy. Diňe bir agymtyl däl, sarymtyl hem gyzylymtyl laçynam gowy laçyn hasap¬lanýardy. Iň ýaramaz laçyn alabeder reňkli laçyn bolmaly. Agymtyl şahyn awda juda açgöz, kesellegiç hem häsiýetsiz bol¬ýar eken. Awçylar Altynjanyň elguşuny synlap, ony mydama taryp¬laýarlar. Kellesi gysga hem kiçi; maňlaýy giň, az ýelekli, ýiti hem gyzyl gözli; gözleri kepderileriňki ýaly kellesiniň iki tarapynda däl-de, çüňküne tarap öwrülip duran; boýny ýogyn; döşi ýasy hem aý¬law; guýrugy ýaýraw, injikleri ýogyn hem gysga; butlak; budunyň etleri çeýe; penjesi uly; aýaklary ýaşyl reňkli; barmaklary güýçli; dyrnaklarynyň reňki gara laçyn iň gowy laçyn bolmaly. Bu hakda mirşikär köp aýdardy. Şol diýilýän iň gowy alamatlaryň öz laçynynda bardygyna Altynjan begenýärdi. Habyl bilen Kabylyň laçynlary gyzylymtyldy. Sadyllada elguş ýokdy. Ol awda ejesi bilen diňe janköýerlik ederdi. Olaryň janköýerlik edişleri göwünli-göwünsizdi, dogrusy. Emiriň şahyny sarymtyldy. Ol aňsat-aňsat çyrçyklamaýardy, Al¬tynjanyň laçyny welin, sähel zat üçinem çyrçyk tapjak bolup durdy. Abdylmälik han yrymçyl adamdy. Şonuň üçin bolsa gerek, laçyn bilen baglanyşykly yrymlaram köp bilýärdi: laçynyň gözüne gözüň düşmegini ýagşylygyň alamaty hasaplaýardy. Şeýle hem laçyn ele gonanda eýesiniň ýüzüne seretse, bu ullakan bir hazyna eýe boljakdygyň, hökmürowanlygyň giňejekdiginiň alamaty hasaplaýardy. Eger laçyn Asmanda kellesini aşak sallap uçsa, bu ýaramazlygyň alamaty. Eger Asmana göterlende ýa awuny alyp gelenden soň gykylyk etse, onda bu eýesiniň durmuşynda nähilidir bir oňşuksyzlygyň, dawa-jenjeliň boljakdygyny aňladýar. Altynjan ilkagşam laçynynyň ýanyna bardy. Eýesini gören laçyn alagykylyk etdi. Wagty bilen köşeşmedi. Altynjan guşuň bu bolşuny halamady. Onuň bu biynjalyklygynda nähilidir bir ýaramazlygyň alamaty bar ýaly duýuldy. Ol derrew elguşunyň ýanyndan gitmek bilen boldy. Ähli zat gowulyga bolsun hernä! Adamyň akylynyň ýetmeýän ýerinden pelsepe başlanýan bolmaly, Alla başlanýan bolmaly. Yrymlar-da şol çäkden başlanýan bolsun gerek! * * * Keski Kelew şahandaz adamdy. Ol her gün awdan soň düşlegde emire aýdym aýdyp bererdi, şirinden-şirin sazlardan çalyp bererdi. Kimiň ýanynda açylmasa-da, emir Keskiniň ýanynda açylardy. Özem ol aňsat gülýän däldir welin, Keskiniň şorta sözlerini diňlände gözlerini ýaşardyp gülýän gezekleri az bolmaýardy. Şadyýan kişi bilen dymma, agras kişiniň dostlugy Altynjan üçin gaty düşnüksizdi. Bu diňe Altynjan üçin däl, başga-da köp adam üçin düşnüksizdi. Syrlydy. Keski Kelewiň gelmegi – Zamahşara şadyýanlygyň, gülkiniň, aýdym-sazyň geldigidi. Bu her gezek şeýle bolýardy. Ol durşuna gülki, durşuna şadyýanlyk bolup howla girerdi, ýöne bu gezek onuň gelmegi öýlänçi ýagşynyň gelşine meňzedi. Iki razdar ylla kyrk ýylyň aýraçylygyndan soň ilkinji gezek duşuşýan dek, gujaklaşyp görüşdiler, hal-ahwal soraşdylar. – Haý, razdar, ertir awa gideýin diýip maksat edinen günüm geldiň. – Abdylmälik, onuň sebäbini bileňokmy? Onda aýdaýyn. Ýürek¬ler bir, ýürekler. Awa ýene bile gideris, bir aýlap aw awlarys, meýlis gurarys. – Wa-weýla, özümem şony isledim... – «Isledim» diýmäň näme? – Ýaňyja Altyndaşdan habar geldi. – Näme habar? – Gyssagly ýanyna çagyrýar? – Onuň üçin gynanma, üç-dört günden köp eglenmän gelersiň, oňa deňiç men garaşaýaryn. – Wa-weýla, üç aý eglenmeli boljak. – Üç aý?! Üç aýlap näme etmekçikä ol? – Anyk bilmedim, ýöne askudaryň habary şeýle. – Bileje hemsöhbedi küýsäp gelipdim, haýp, bolmady... – Geleniňi görüp, menem begendim, ýöne, görýärsiň-ä! Hany, düşek üstüne geçsene, razdar. Daňdana çenli wagtymyz bar. – O näme üçin daňdana çenli? – Daňdan men Jürjaniýa ýola düşmeli. Ýene üç aýdan soň men öýde bolaryn, gel! Hökman gel! – Üç aýdan soň sen ýene bir ýere ýörişe gitmeli bolarsyň. – Soltan Mahmyt ölensoň, döwür-döwran üýtgedi, wagt tapylar, gowy niýetde bolaly. Ot başynda agyr meýlis başlandy, ýöne onuň gyzygy bolmady. – Eý, dogan, nä, içiňi hümledip otyrsyň? Sen öňki Abdylmälig-ä däl. Içiňde bir tüweleý-ä gopýar seniň. Hany, açylsana – diýip, Keski agyr oýa batyp oturan razdaryna ýüzlendi. Esli salym içini hümledip oturan emir özbaşyna hüňürdedi: – Burun ýüzden düşmez. – Näme, näme? Bu näme diýdigiň bolýar? Bu sowal jogapsyz galdy. Daňdan Keski Kelew öýüne, Abdylmälik bolsa «Jürjaniýa» sary ýola düşdi. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |