23:28 Altynjan hatyn / 1-nji kitap -12 | |
On ikinji hekaýat
Taryhy proza
NESIBÄ ZOWAL ÝOKDUR 1. Abdylmälik hanyň keýpi çagdy, çünki ol düýn Harun ibn Altyndaşdan toýa çakylyk alypdy. Aýyň soňky anna güni Harun ogluna sünnet toýuny edýärdi. Abdylmälik han ol toýa hökman barar! Özem hökman dolup-daşyp barar. Ýöne Şadranç müňbaşysynyň oslagsyz habary hany biçak ge¬ňirgendirdi: – Merhemetli han, Jürjaniýadan – hökümdar Harun ibn Altyn¬daşdan ýörite askudar geldi, ol siziň dergähiňize hökümdar Harun ibn Altyndaşyň gelýändigini habar berdi. Bu habar han üçin biçak geňdi. Şonuň üçinem ol Şadranç hajyba çapary öz ýanyna alyp gelmegi tabşyrdy. Çapar hanyň ýanyna gelende-de Şadranja aýdan sözlerini gaýtalady. Han çaparyň sözlerinden soň, habaryň hakykatdygyna göz ýetirdi. Elbetde, ol Şadranja-da ynanýardy, hut şonuň üçin ony özüne hajyp edip işe alypdy, ýöne ol Harunyň Zamahşara näme üçin gelýändigini akylyna sygdyryp bilmän örtenýärdi. Han bir hakykaty bilýärdi: hökümdar aňsat-aňsat ýola çykmaýar. Çyksa, tozdurmak, weýran etmek, jeza bermek üçin çykýar. Harun – ot. Ol baran ýerini ýakyp-ýandyrýar. Diýmek, ol Zamahşara ýakyp-ýandyrmak üçin gelýän bolmaly. Abdylmälik han hökümdary iki çakrym öňünden garşy¬lamak üçin ata atlandy. – Zyýapata taýýarlyk görüberelimi? – diýip, Mansur hana ýüzlendi. Han içki pikirini daşyna çykardy: – Zyýapatyň geregi bolarmyka?! – Bolar, bolar! – diýip, çapar gürrüňe goşuldy. Onuň gür¬üňe goşulmagyny hiç kim halamady. – Onuň ýaly bolsa, taýýarlyk görüber – diýip, han göwünli-göwünsiz dillendi. Ol belent mertebeli myhmanyň yzzaty üçin edilmeli işleri ýüzugra düşündirip, galanyň otuzdan gowrak ýaşulusy, bäş ýüz esger (parahat döwürde galada bäş ýüzden artyk haşym saklamak soltan Masut Gaznaly tarapyndan ýörite perman bilen gadagan edilipdi) bilen ýola düşdi. Abdylmälik han Jeýhunyň akymynyň ugry bilen gidip barşyna özüne şol bir sowaly zol-zol berýärdi: «Hökümdar näme üçin Zamahşara gelýär?» «Meniň köşkdäki gowy gatnaşyk saklap ýören adamlarym bu ýöriş hakda maňa näme üçin öňünden habar göndermediler? Eý, Hudaý, Eprikogullary nesilşalygyna mundan otuz ýyl owal uran paltaňy ýene urmakçy bolýarsyňmy? Horezminde tas ýedi asyrlap patyşalyk süren Eprikogullary nesilşalygyndan galan ýeke-täk daragt bu gün ýykylmaly bolarmyka?! Eý, Hudaý, näme üçin biziň neberämize şeýle ýowuz daraşýarsyň?» Abdylmälik ýedi ýaşyndaka neberesiniň başyndan inen bet¬bagtçylyk gorky bolup aňynda galypdy. Onuň şondan soňky ömri gorkuda geçipdi, ýöne Abdylmälik bütin ömrüne aňyndaky gorky bilen darkaş gurap geçirdi. Özüni gorky-ürküni bilmeýän adam hökmünde görkezmäge çalyşdy. Ogullaryna-da, gyzyna-da batyr bolmagy, hiç bir zatdan heder etmän ýaşamagy ündedi. Hanyň iň esasy gorkusy Mamunlaryň Käs şäherindäki eden gyrgynçylygynyň Altyndaş tetelliler tarapyndan gaýtalanmagydy. Ol Eprikogullary neberesiniň täzeden örňemegini düýrmegi bilen isleýärdi. Onuň içki gorkusyny hiç kim aňanokdy, ony ilki bolup gyzy Altynjan awda Keski Kelew babatda aňdy... * * * Abdylmälik han ömründe ýeke gezegem şu günki deýin howsala düşmedik bolsun gerek. Ol Jürjaniýadan gelenleriň arasynda Harun hökümdaryň ýokdugyny görüp begenmek begendi. Gelenler Harun hökümdaryň sahyby Aşyk Garkyn bilen Jendiň häkimi Şamälik eken. – Biziň saňa möhüm habarymyz, gürrüňimiz bar – diýip, sahyp Aşyk Garkyn galkyjaklady. – Habar iberene-de, habar getirene-de hamd-u-senalar bolsun. – Hökümdar meni Şamäligiň ýany bilen Jende ýollady. Ýolugra seniň bilen-de gürleşmegi makul tapdym. Sen bize zyýapat ýaparsyň-a, Abdylmälik han? Ýa şu duz-çörekli garşy alşyň bilen oňaýjakmy? – Size hökman zyýapat ýaparyn, ýörüň. Çapar maňa: «Hökümdar gelýär» diýdi. – Çapar saňa dogry aýdypdyr. Biz seni synaga salyp görmek isledik. He, he-he! Abdylmälik, sen indi han dälsiň? Sebäbi indi zamana üýtgedi, jihada, ýörişe gitmegiň zerurlygy ýok. Munuň üçin menden öýke-hä edýän dälsiň? – Ýok, ýok. – Sen bize dogry düşün. Abdylmälik emir Aşyk Garkyny öňem bir halap baranokdy, çapardan ýalan habar ýollap, howsala salansoň-a ony hasam ýigrendi. Aşyk Garkyn dynuwsyz gürleýärdi, çakyr gülýärdi. Şamälik welin gürlänokdy, onuň bolşy emire geň göründi: – Şamälik, seniň ýüzüň salyk görünýär-le? – Şamälik senden öýkeli – diýip, sahyp Aşyk Garkyn aýtdy. – Bar gürrüň hem Şamäligiň öýkeliliginde. Sen onuň göwnüne degipsiň. – Menmi? – diýip, Abdylmälik emir bir Aşyk Garkynyň, birem Şamäligiň ýüzüne seretdi: – Şeýlemi, Şamälik? – Elbetde, şeýle! – Aşyk Garkyn janykdy. – Şamälik bar zady hökümdara aýtdy. Hökümdar bu meselä goşulmak islemedi, ýöne maňa seniň bilen düşünişmäge rugsat berdi. Men meseläni gaty nagt çözerin. – Haýsy meseläni? – Ony seniň desterhanyň başynda aýdaryn. – Şamälik, menden göwnüň galan bolsa, ony maňa göni aýdaýmaly ekeniň. Bu ara hökümdary goşmak nämä gerek? Şamälik ýagşydan-ýamandan sesini çykarmady. Abdylmälik ýeňil dem aldy: herhal, ýagdaý, oňuşmazça däl. Bu ýerde ölüm howply hiç zat ýok. Han myhmanlary bilen Zamahşara ugrady, Şadranjy ýanyna çagyrdy: – Bizden öň gala bar, Altynjany tap-da, oňa: «Häzir myhmanlar gelýär. Şolar galadan çykyp gidýänçä saňa haremiňden çykmak gadagan. Bu babaňyň ýörite tabşyrygy» diý, berkden-berk diý. – Lepbeý, tagsyrym! 2. Abdylmälik hanyň öýüne iki sany nätanyş atly geldi. Olary ferraş Haldan garşylady. – Abdylmälik han barmy? – diýip, atlylar ferraşdan soradylar. – Emirimiz häzir galada ýok, ol giçlik geler. Hanlyk näme işiňiz bar? – Biz emiriň ýanyna habarly geldik. – Näme habaryňyz bar bolsa, maňa aýdyberiň. – Ilki siz aýdyň, Abdylmälik hanyň gyzy barmy? – Bar, ýöne häzir galada ýok... – Hanyň gyzy äre çykan däldir-ä?! – Näme, näme? Emiriň gyzy Altynjanmy? Size nähili diýsemkäm, oňa äre çykan diýsegem boljak. Siz äre çykan diýip hasap edäýiň. Äre çykan ol, äre çykan! Bu habary eşiden iki atly serpmeden gaýdan ýaly boldy. Biri-biriniň ýüzüne soragly bakdy. Haldan mürehet etdi: – Geliň, geçiň, oturyň!.. Dem-dynjyňyzy alyn! – Onuň ýaly bolsa, biziň oturmagymyz gelşiksiz bolar, biz gaýdaly! – Bu nähili beýle bolýar-aý?! Masgaraçylyk ahyryn bu. Muny bege nädip aýtjak? Onuň ýüregi tarka ýarylar. Ikinji atly ýoldaşynyň sözüni makullady: – Apy-tupan tursa gerek. – Hökman turar!.. – Gaýdyberiň, gaýdyberiň – diýip, Haldan, näme üçindir, atlylary howlukdyrdy. Soňam derwezeden çykyp, atlylar gözden ýitýänçä seretdi. Atlylaryň alnyndan Altynjan dagy çykdy. Olar nätanyş atlylara seredip, deňlerinden geçip gaýtdylar. Howla giren Altynjan Haldana ýüzlendi: – Hälki atlylar näme üçin gelipdirler? – Men-ä olaryň näme üçin gelenine-de düşünmedim. «Ab¬dylmälik han barmy?» diýip soradylar. «Han tiz geler, garaşyň» diýsem, seslerini çykarman gitdiler. – Daýy, hälki atlylaryň yzyndan git. Olar uzak bir ýerden gelipdirler. Ýadap gelipdirler. Goý, öýde dynç alsynlar – diýip, Altynjan Anuşirwana ýüzlendi. – Ýok, ýok, gerek däl! – diýip, Haldan elewredi. – Olar häzir geler. – O nähili geler?! – «Häzir biraz işimiz bar, soň geleris» diýip gitdi olar. Olar Abdylmälik hana duşuşmak isleýärler. Hana aýtjak ogryn habary bar olaryň. Altynjan Haldana seredip biraz durdy-da, hiç zat aýtman haremhana bakan gitdi. Haldan aýbynyň açylmagyndan howatyr edýän ýaly, iki ýana zowzanaklaýardy. Isleginiň başa barmaýandygy ony örteýärdi. Ol Altynjanyň yzyndan sawçylaryň gelmezligini, onuň bagtynyň açylmazlygyny isleýärdi. Şu isleginiň amaly üçin anyk bir iş-töwekgellik edip bilmeýändigine gynanýardy. Haldanyň ýüregi Altynjandady. Ony düýrmegi bilen söýýärdi. Onuň özüniňki bolmagyny isleýärdi, bu isleginiň başa barmajakdygyny-da bil¬ýärdi. Alaçsyzdy. Arzyny kime aýtsyn ol?! * * * Mansur bazardan geldi, Haldan onuň öňünden çykdy. – Iki sany atlyny-ha gören dälsiň? – Ýok, görmedim. Hä, näme boldy? – Aý, bolan zat ýok, ýöne soraýdym. – Haldan bu sözi aýdyp gutaryp-gutarmanka hälki iki atlynyň biri derwezäniň ýanynda peýda boldy. Ony gören Haldan aljyrady: – Eý, saňa näme gerek?! – Dogan, aýt, Abdylmälik han gyzyny kime äre berdi? Haldanda çykalga galmady: – Altynjan hatyn bikir 1 entek, ýöne ol nyşanly. Ýaňy sypaýyçylykly aýdanymda düşünmediňmi? – Kimiň nyşanlysy? – Be, şonam bileňokmy?! Altynjan hatyn seljuk begi Mu¬hammet Togrul begiň nyşanlysy. – Maşalla-a, bize geregi-de şol! Bizi şu ýere ugradanam Muhammet Togrul beg-dä – diýip, bu habara keýpi gül-gül açylan atly ýylgyrjaklady. – Onuň ýaly bolsa, has gowy, geliň, geçiň! Ýaňy gönüläp, düşnükli edip aýtmadyňyz. «Altynjan biziň begimiz Togrulyň nyşany, şonuň üçinem ol bikir gezip ýören bolmaly» diýmeli ekeniňiz. Men sizden howatyr etdim. Men sizi Şamäligiň adamysyňyz öýtdüm. Siz ýadap gelensiňiz. Dynjyňyzy alyň! Ýaňy alnyňyzdan Altynjan hatyn çykdy ahyryn siziň. Görmediňizmi? – Gördük-le. Şoldur öýtdük, dogrusy. – Wa-weýla, siz ýaňy özüňizi Togrul begiň ugradandygyny aýtmadyňyz. «Bizi Togrul beg iberdi» diýseňiz, men begenjime bag¬ryma basjag-a sizi. Biz Togrul begden habara garaşyp ýörüs-ä. – Biz Togrul begiň habaryny getirdik, onuň gelýändigini size öňünden aýtmaga gaýtdyk. – Onuň ýaly bolsa, gözümiziň üstünde ornuňyz bar. Bu gün bizde toý! Bu gün bizde baýram. Bize Togrul beg gelýär. Atyňdan düş, doganym. Gel, men seni bir gujaklaýyn-la. – Eý, sen gapydanmy ýa ferraş? – diýip, Mansur azm urdy. – Bar, öz işiň bilen bol! Ferraş gapydanyň bu sözüni gulagynyň ýele ýanyndan geçirip goýberip, haremhana bakan ýumlukdy: – Altynjan melikäm! Altynjan melikäm! Buşluk! Söýünji! Muhammet Togrul beg gelýär. Men: «Atlylar derrew gelerler» diýdim-ä. Men saňa: «Anuşirwan daýyny ugratma, olaryň özleri derrew gelerler» diýdim-ä. Gelendirler görseň! Togrul beg gelýär. Ol uly toý edip, kejebeläp sizi alyp gitjekmiş. Sizi köşkde ýaşatjakmyş! Altynjan melikäm, eşidýärsiňizmi?! Togrul beg siziň yzyňyzdan gelýär. Ol Zamahşarda şeýlebir uly toý etjekmiş. Buşluk! Altynjan Haldanyň begenişini görüp, dilden-agyzdan galaýdy. Ol sesini çykarman Haldana seredip dur. – Melikäm, hälki iki atlyň birisi gaýdyp geldi. Ol – Togrul begiň çapary. Ýörüň, çaparyň habaryny özüňiz diňläp görüň. Altynjan Haldanyň yzyna düşdi. – Eý, çapar, hany, habaryňy Altynjan melikämize-de aýt! Bol! – Muhammet Togrul beg gelýär, melikäm. Ol bizi öňden iberdi. «Men barýançam sizler taýýarlyk görüberiň. Toý edeliň!» diýdi – diýip, çapar ýylgyrjaklady. Ol Abdylmälik hana niýetlenilip ugradylan nyşanlyk bukjany gapydana, ikinji nyşanlyk bukjany Altynjana gowşurdy. – Bu nyşanlyk bukjasy size ugradyldy, bikäm. Altynjan içerden kiçeňräk ýaşyl mahmal haltajygyny alyp geldi. Ol haltajyk – içi teňňeli haltajyk. Altynjan haltajygy elinde bökdürip, Haldanyň ýanyna bardy: – Haldan, seniň begeneniň hemem maňa şeýdip janköýerlik edýänligiň üçin men saňa altyn berjek. – Men bütin ömrüme saňa janköýer bolaryn, melikäm. Gi¬deňde menem ýanyň bilen äkitgin. Men saňa wepaly hyzmat ederin. – Hany, agzyňy aç! – Taňryýalkasyn, melikäm, bütin ömrüm siziň hyzmatyňyz¬da bolaryn – diýip, Haldan agzyny açdy. – Älhepus, agzyň uludygyny! – Altynjan gülüp, Haldanyň agzyna haltajygyndan altyn teňňelerini jugurdadyp guýdy. – Agzyň beýle uludyr öýdmändim. Haldan agzyny açyp, doňan ýaly bolup durdy. Agzy tylladan dolansoňam gozganmady. Onuň bolşuna Altynjan geňirgendi: – Indi nä dursuň? Bar, git indi. Altynjanyň bu sözünden soň, Haldan baga bakan gaty-gaty ýöräp gitdi. * * * Çapar Mansur bilen gadyrly saglyk-amanlyk soraşandan soň: – Biz nirede düşlesekkäk? – diýip sorady. – Biziňkiler ýene dört-bäş günden gelerler. Şoňa çenli taýýarlyk görsek, gowy boljak. Biziň hymalarymyz bar. – Haý, dogan, Abdylmälik han myhmanyny hymada ýaşatmaz. Siz arkaýyn geliberiň. Myhmanlar üçin ýörite uly otaglarymyz bar biziň. – Biz myhmantama ýerleşmeris. Otaglarymyzyň işiginden bir seredip gör, şonda bilersiň, ýerleşjegiňi-ýerleşmejegiňi. Müň adam dälsiň-ä sen? – Müňdenem köp biz. Müň gowrak esger bilen ýüz düýe ýükümiz bar. Ýüküň on düýesi şu ýere getirilmeli. Ol toý sowgatlary. Geň galmadan ýaňa hiç kimden ses çykmady. Çapar göçgünli ýylgyrjaklady: – Men özümkileriň ýanyna baryp, Altynjanyň bikirdigini, Muhammet Togrul bege garaşyp oturandygyňyzy aýdyp begendireýin, ýogsam, olaryň hallary sal üstündedir häzir. Tas yzymyza gidipdik biz häli. – Bar, bar, samahullap durma-da, on düýe ýüki bärik getir – diýip, bagdan ýylgyrjaklap gelen ferraş gaharlandy. – Kim aýtdy Abdylmälik hanyň gyzy äre çykdy diýip? – Mansur çapary saklady. – Şu kişi aýtdy – diýip, çapar Haldany görkezdi. – Men näbileýin seniň Muhammet Togrul begiň adamydygyňy. Şamälik ýaly bir ýigrenjiniň aýýarysyň öýtdüm men seni. Men saňa aýtdym-a: «Altynjan Muhammet Togrul begiň nyşanlysy» diýip. Ant iç aýdaňok diýip. Ant iç! Sen maňa töhmet atjak bolma. Şatlyga zäher sepjek bolma. Çapar agyr ýagdaýa düşdi: – Biz göni gelip: «Biz Muhammet Togrul begiň adamlary» diýip, aýtmaly ekenik, şony aýtmandyrys. Günä bizde. Siz: «Altynjan – Muhammet Togrul begiň nyşany» diýip, aýtdyňyz ýaňy. Dogry, dogry! – Aýtdym, aýtdym, hawa, aýtdym. Göni sözüm bar meniň. Ýüregimdäki dilimde meniň. Togrul begiň gelerine garaşyp ýörün-ä men! Biziň hemmämiz garaşyp ýörüs. Şeýle bir toý ederis. Gije ýatman hyzmat etjek! – Ferraş, bar, desterhança aýt, goý, ol myhmanhanalarda uludan saçak ýazsyn. Esasy myhmanlar şu ýerde bolarlar. Olar ýadap gelendirler. Dynçlaryny alsynlar, iýip-içsinler. Esgerler hymada bolarlar. Men häzir çapar bilen gidip, esgerleri ýerleşdirip gaýdaýyn. Hälki Haldan bilen çaparyň gürrüňine hiç kim ähmiýet berip durmady. Tanamadyk sylamaýar. Ähli zat gowulyk ahyryn. Peşeden pil ýasajak bolmak kime gerek? Hiç kime-de gerek däl. Haldan Muhammet Togrul begiň uly tutum bilen gelýändigini nireden bilsin?! Wah, ýüregiňdäkini amal etdirip bolýan bolsady, onda Haldan bar zady bulaşdyrjakdy! Soňam Altynjanyň gama batyşyny synlap, heziller etjekdi, lezzet aljakdy. Bolmady! Özgäniň betbagtlygyny synlamakda çäksiz hezillik bar! Betbagtçylyga uçran sen däl! Seniň ýagdaýyň onuňkydan gowy. Ýoksul bolup, barjamlylaryň betbagtlygyna tomaşa etmegiň lezzeti has datly! Wah, Haldan içinde bertiklän bu pikirlerini hiç kimsä aýdyp bilenok, ýöne kimdir birine şeýlebir içini dökesi gelýär. Kim bar içiňi dökere?! Eh, çaçgary çoh dünýä! Bir nämynasyp adam-a baý edýärsiň, Zamahşar sebitine emir, han belleýärsiň. Bir pähim-parasatly bendäňem onuň gapysynda ferraş kylýarsyň? Hany seniň adalatyň? Wah, dünýä meniň elimde bolsady! * * * Iň esasy zat – gelýärler! Ýok, iň esasy zat – gelýär! Togrul beg gelýär! * * * Ähli kişi Togrul begiň iberen on düýe ýüki bilen başagaý. Her bir zady bir-birden gözden geçirýärler. Haldan Altynjanyň haremine kürsäp girdi. Ol sandygyn¬dan nämedir bir zat gözläp duran Altynjanyň kamatyna gözügidijilik bilen seretdi. – Bu näme etdigiň seniň?! Näme üçin içeri girdiň? – Seni görmek üçin geldim – diýip, Haldan sandyrady. – Näme, näme? – Saňa aýtjak sözüm bar. – Nähili söz? – Sen Togrulyň hatyny bolup, mertebede ýaşaryn öýd¬ýärsiňmi? Ol seniň gadyryňy bilermi? – Diýýän zatlaryň näme seniň? Akylyňdamy beri sen? – diýip, Altynjan gazaplandy. Altynjanyň ýowuz jeza bermeginden ätiýaçlanan Haldan başga perdeden gopdy: – Togrul beg saňa on düýe engam iberipdir. Ol engamlar biri-birinden gowy. Men seniň Togrul begiň hatyny bolup, uly mertebede ýaşajakdygyňa yşanýaryn. Onuň iberen engamlaram muňa şaýat. Melikäm, towakga edýärin, daşary çykyp, begiň ýollan engamlaryny görsene! – Ýok, ýok, görjek däl! Çyk! Başga bir wagt bolanlygynda on düýe ýüki Altynjanam birin-birin gözden geçirse geçirerdi. Ýükleriň arasyndaky lag¬ly-göwherleri hezil edip synlardy, her birini boýnundan asyp görerdi. Mundan sekiz aý öň Musa begiň getiren engamlaryny Altynjan her gün synlapdy, birini goýup, beýlekisini dakynypdy. Ýöne soňky bir aý bäri Altynjan şol getirilen engamlary san¬dyklaryndan çykaryp ýeke gezegem tomaşa edip görmändi. Hana, Altynjanyň ejesiniň ýanyndaky zenanlar, akgyzlar engamlary haýran galyp synlaýarlar, ýöne ol gymmatbaha lagly-göwherdir jowahyrlar, her dürli şaý-sepler özüne degişli däl ýalydy, ol zatlar ony sähelçe-de özüne çekenokdy. «Altynjan, sen, ine, muny bir gör!» diýip, oňa geň-enaýy zatlary görkezýärdiler. Altynjan: «Juda owadan eken» diýip, başdansowma jogap berýärdi, ýöne ol bu mahal Togrul begiň iberen habar nyşany bilen gümrady. Bukjada ýowşan bardy. Ýowşan oňa sähradaky ilkinji atly gezelenji ýatladýardy. Şol gezelençde Togrul beg sorapdy: «Sen bu gülleriň, gyrymsy otlaryň haýsysyny gowy görýärsiň?» Altynjan bu sowala sobada jogap beripdi: «Ýowşany!» «Näme üçin?» «Ýowşanda wysalyň ysy bar». «Be, wysalyň ysynyň bolýandygyny bilmändirin». Şondan soň Togrul beg atdan düşüp, bir düýp ýowşan sogrup alypdy, uzak ysgapdy. Bu gün Togrul beg wysalyndan nyşan ýollapdyr. Altynjan bir düýp ýowşany üznüksiz ysgady. – Muhammet Togrul Altynjana beýle köp engam iberip bilýän bolsa, onda ol juda uly hökümdar bolmaly – diýip, Altynjanyň daýzasy Şaýürek aýtdy. * * * Haldan Altynjanyň şebistanyna ýene kürsäp girdi: – Togrul begiň ynagy geldi. – Nirede? – Ony Polabeg (Mansur) alyp geldi. Häzir myhmantamda dynç alýar. Ol şeýlebir üýtgeşik zatlary aýdýar, melikäm. Wah, melikäm, ynagyň aýdýan hekaýatlarynyň tagamyny Polabeg duýanogam. Ol ýöne hä-him diýip otyr – ýöne men bilipjik durun – onuň aňy allowarralarda. Hyýalynda kimdir biri bilen nämedir bir zadyň söwdasyny edýär ol. Men oňa beled-ä. – Sen baryp, ynagyň hekaýatlaryny diňle. Soň maňa aýdyp berersiň. – Ony oňararyn, melikäm. – Ferraş birpaýyz säginip durdy-da, yzyna öwrüldi: – Melikäm, ynagyň bir sözüni size ýetirmändirin men. – Näme habar ol? Möhümmi? – Togrul beg ynagyna: «Men barýançam – toýdan burun Zamahşarda uly sadaka beriň. Mahmyt Gaznala Gurhan çykyň, ony mertebeläň. Soltan Mahmyt Gaznaly beýik soltan bolupdy. Meniň mertebämiň rowaçlygy soltan Mahmyt Gaznalynyň ak patasyndandyr» diýipdir. – Hakyt şeýle diýipmi? – Hakyt şeýle diýipdir, ine, şu iki herri gulagym bilen eşitdim. – Bar, ynagyň gürrüňlerini diňle! Ferraş ok ýaly atylyp gitdi. Biraz wagtdan soň ol ýene geldi: – Melikäm!.. – Näme habar? – Melikäm, Abdylmälik han geldi. Muhammet Togrul begiň ynagy Ahmet Dehistany siziň babaňyz bilen hal-ahwal so¬raşandan soň: «Merhemetli Abdylmälik han, men siziň gyzyňyza öz patyşamyň iberen engamyny elin gowşurmaga borçludyryn» diýdi. Abdylmälik han meni siziň yzyňyzdan iberdi. Olar size garaşýarlar, melikäm. Altynjan ejesiniň ýanyna bardy. Oňa Haldanyň habaryny aýtdy: – Men nähili barsamkam, ene? Tuwakly 2 baraýynmy? Hajar hatyndan öň Gülýüzli dillendi: – Tuwaksyz bar, entek sen gelin däl-ä! Goý, ynak beginiň nähili perizada aşyk bolandygyny görsün. Sen ynakdan gorkma. Muhammet Togrul begiň ynagy diýmek, ol seniňem ynagyň diýmek bolýar. Goý, ol senden gorksun! Hajar hatyn Gülýüzliniň pikirini oňlamady, özüňden öňür¬dip gürlemesine gaharlandy, herhal, giňlige saldy. Gyzynyň jogaba garaş¬ýandygyny aňyp, kesgitli gürledi: – Içeri girmän, daş işikde biraz garaş, şonda babaň ýüzüne seredip, tuwagyňy nätmelidigiňi aňarsyň. – Men gitdim, onda! Eflatun, yzyma düş! – Mensiz bolmaz-a. Altynjan eýýäm kakasynyň otagynyň öňünde durdy. Kakasy ony içeri çagyrdy. Ýüzi tuwakly Altynjanyň içeri girenini gören Ahmet Dehistany howlukmaç ýerinden galdy. Mansur gapynyň sag gapdalynda münder-münder bolup duran zatlaryň içinden üç-dört sany düwünçegi ynaga alyp berdi. Ahmet Dehistany orta ýaşlaryndaky adamdy. Uzyn boýludy, galjaňdy. Uly peşiniň aşagynda gök gözleri ýyldyrap görünýärdi. Onuň ýüzüne seredeniňde nazaryň eglenýän zatlar: uly burundy, inçeden çüri eňekdi, kiçi gök gözdi. Sesi göwresindenem ýogyndy. Şonuň üçin giň otagyň içinde sesi hasam ýogyn ýaňlandy: – Melikäm, menden, ilki bilen, merhemetli begimiň dogaýy salamyny kabul ediň. Togrul begiň jany sag, işi rowaç. Beýik Perwerdigär begimiň tarapynda bolup, onuň beýik tutumlarynda mydama ýardam berýär. Begimiziň size bolan aýratyn hyjuwyny, yhlasyny biz her gün duýýarys. Togrul beg – Hakyň nazar salan begi. Hakyň nazary düşen adamyň gullugynda bolmak ýeke-täk dogry ýoldur. Biz öz kyblaýy älemimiziň ýanynda mydama siziň bolmagyňyzy isleýäris. Biz ähli tutumlarymyzy bir gyra süýşürip, Hak nazary düşen begimiz Togrul begiň ganatlanmagy – sizi ýassykdaş edinmegi üçin üýşüp Zamahşara geldik. Özem biz gaty uly toý taýýarlygy bilen geldik. Niýetimiz bütin Horezmin iline kyrk gije-gündiz toý bermek. Men ilki Harun Altyndaşyň ýanyna bardym. Biz onuň bilen gowy aragatnaşyk saklaýarys. Ol biziň maksadymyz hakda eşidip, çoh şat boldy: «Kyrk gije-gündizläp ediljek toýuň çykdajysyny özüm çekjek» diýdi. Ýöne Muhammet Togrul beg muny göwnemedi. Nesip bolsa, toýumyza Harun Altyndaş hem geler. Harun Altyndaşyň aýtmagyna görä, Jendiň emiri Şamälik Abdylmälik hanyň Togrul bege gyz bermegini islemändir, arz edipdir. Harun onuň arzyna gulak asmandyr. Şamälik bilen pikirdeş bolany, ondan rişwet alany, haýbat atmak üçin Zamahşara geleni üçin sahyby Aşyk Garkyny zyndana atypdyr. Harun Altyndaş öz hökümdarlygyndaky ähli häkimlere, emirlere Abdylmälik hanyň toý edýändigi barada habar ýol¬lapdyr, olary toýa çagyrypdyr. Nesip bolsa, uzakdan-ýakyndan toýa geljek abraýly myhmanlar kän, musulman halklarynda görlüp-eşidilmedik toý tutarys, enşa! Ähli zat gülala-güllük bolar. Ähli zadyň aladasyny etdik. Biz toý taýýarlygyny görýänçäk, biziň Alla nazarly beýik begimiz hem ýetip geler. Beýik begimiz maňa örän wajyp bir tabşyryk berdi. Ol, ynha, şu düwünçekleri size elin gowşurmagy hem-de isleg-telwasyny beýan etmegi maňa yşandy. Beýik Muhammet Togrul begiň isleg-telwasy şudurki, ýagny ol öz elin düwen şu düwünçeginiň içinde toý güni siziň geýnip çykmagyňyzy telwaslan lybaslary, dakynmagyňyzy telwaslan zynatlary bar. Ine, bu düwünçegiň içinde ak atlaz mata bar. Şeýle hem köýnegiň üstünden geýilýän jüpbe eýýäm taýýar. Ony özümiz tikdirdik. Şeýle hem bu düwünçegiň içinde sap altyn-göwher bilen bezelen köwüş bar. Şeýle hem başyňyza geýmek üçin pöwrize gaşly jyga bar. Muhammet Togrul beg toý güni, ine, şu düwünçekleriň içindäki lybaslary geýip öňünden çykmagyňyzy telwaslaýar. Şu lybaslardan başga hiç bir zadyň bolmaly däldigini gaýtalap-gaýtalap sargyt etdi. Muhammet Togrul beg üstüňizden bürenjek atynmagyňyzy asla islänok. Hökümdar siziň ýüzüňiziň açyk bolmagyny – bagtyňyzyň açyklygynyň nyşany hasaplaýar. Bu gülýakany bolsa Muhammet beg ýörite arguwany ýakut 3 bilen bezetdi. * * * Toý taýýarlygy başlandy. Togrul begiň sargyt edişi boýunça galada uly sadaka berildi, Mahmyt Gaznala Gurhan çykyldy. Altynjan Gawşfinj şäherine Kalbyna jorasynyň – Kalbyna bu şäheriň häkiminiň ogly Gökhuna durmuşa çykypdy – hemem Balnäz jorasynyň – Balnäz hem şol şäherde ýaşaýan bezirgene äre çykypdy – yzyndan çakylykçy ugratdy. Bu şäherde gowy egin-eşikleri tikýän iki sany ussat tikinçi bardy. Bu tikinçileriň ellerinden çykan egin-eşik göreni haýrana goýýardy. Altynjan hem Muhammet Togrul begi haýrana goýmak isleýärdi. Şonuň üçinem ol joralary Kalbyna bilen Balnäze şol ökde tikinçileri ýanlary bilen tizden-tiz alyp gelmegi tabşyrypdy. Joralary onuň tamasyny ödediler. Olar ýanlaryna iki däl, üç tikinçi alyp geldiler. Altynjan hiç kime uky bermedi. Ähli egin-eşik bir gije-gündiziň dowamynda taýýar bolmaly. Eger geýimler bir gije-gündiziň dowamynda taýýar bolmasa, onda dünýä gapyşaýjak ýalydy. Muhammet Togrul beg ertir daň bilen geläýjek ýalydy. Daňdan eşik taýýar boldy. Geýilmeli egin-eşikler taýýar! Ýöne Togrul beg gelmedi. Togrul beg şol günüň ertesem, birigünem gelmedi. Beg bir aý garaşdyryp geldi. Onuň ýetip gelýändigini jarçylar habar berdiler. Altynjan ejesidir akgyzy bilen üçege çykyp, Togrul begiň ýoluna bakdy. Haldan diňiň üstüne çykyp, kim görünse, aşakdakylara habar berdi. Gelýän goşunyň yzy üzülenokdy. Galanyň daş-töweregi Togrul begiň esgerlerinden ýaňa gyryň daşyna döndi. Ir ertirden garaňky düşýänçä atlylar geldi. Uzynly gije hem geldi. Şol günüň ertesi günortanlar Abdylmälik hana Muhammet Tog¬rul begi garşylamak üçin galadan çykmalydygy aýdyldy. Duşuşyga tomaşa kylmak üçin Altynjan dagy hem galadan çykdy. Altynjan Togrul begiň islegi boýunça geýnipdi. Pah-pah, Togrul zalywat Altynjana haýsy reňkdäki eşigiň gelişjekdigini anyk bilipdir: hakykatdan hem bu eşikde Altynjan hasam owadan görünýärdi! Hiç bir peri-de Altynjan ýaly ýalkym saçan däldir, görenleriň akyllaryny şeýdip haýrana goýan däldir! * * * Muhammet Togrul beg elleri duz-çörekli zamahşarlylaryň öňünde atdan düşdi, Abdylmälik hanyň tagamynyň öňünde ýekedyz oturdy. Soňam han bilen gujaklaşyp görüşdi. – Ol biziň ýanymyza gelmez. Musulmançylykda aýallaryň ýanyna barmak aýyp hasaplanýar, otparazçylyk ýok indi – diýip, Hajar hatyn pyşyrdady. – Dünýäniň ähli ýerinde horazlar birmeňzeş gygyrýar. Musulmançylykda-da aýalyň ýanyna erkek barmaly. Ähli zady erkek başlamaly. Ilkinji sözem erkek aýtmaly – diýip, Gülýüzli janykdy. – Erkek ähli ýerde aýalyň ýanyna ilki barmaly, ýöne häzirki ýagdaýda aýyp bolar. Eger häzir Togrul beg ýanymyza gelse, onda onuň bu bolşuny hiç kim halamaz. Gülýüzli Hajar hatynyň pikirini oňlamady: – O näme üçin: «Hiç kim halamaz» diýýärsiňiz? Siz hala¬marsyňyzmy? Ýa Altynjan halamazmy? Halar, menem halaryn. Togrul beg geler! – Ol bu ýerden üç mil 4 uzaklykda açyk meýdanda düşläpdir diýýärler – diýip, Altynjan hiç kimiň garaşmadyk sözüni aýtdy. – Men aýtdym-a: «Togrul beg dolup-daşyp geler» diýip. Siz maňa ynanmajak bolduňyz. Men aýtdym-a... – diýip, Gülýüzli ýaňy joşup söze başlapdy welin: – Akgyz, bir pursat saklan! – diýip, Hajar hatyn ony sak¬lady, boýnundaky monjugy çözüp alyp, oňa uzatdy: – Me, al! – Wiý-weýla, näme üçin? – Gülýüzlim, şu monjugy men saňa hedýe bereýin. – Bu gaty gymmat ahyryn. Togrul begiň melikämize hedýe ýol¬lan gülýakasy ýaly, arguwany ýakutdan ahyryn bu! – Gymmadam bolsa, nämeden ýasalanam bolsa, men muny saňa berýärin, ýöne meniň bir şertimi bitir. – Men ähli şertiňizi bitirerin, hatyn. – Meniň islegim – şu gün seniň gürlemezligiň. – Isleseňiz, men erte-de gürlemerin, çydaryn! – Gaýrat et! Altynjanyň kejebesi gidýänçä gürlemeseň bol¬ýar, soň gürläber. – Bary-ýogy bir günmi? Iki günem geplemerin, kejebe gid¬ýänçä geplemerin. Meni indi urubam gepledip bilmersiňiz. Men gaty hötjetdirin. – Gülýüzli, getir men enemiň beren rişwedini dakyp bereýin – diýip, Altynjan monjugy aldy-da, akgyzyň boýnundan dakdy: – Gutly bolsun! – Rişwetmi bu?! – Eýsem näme. Geplemezligiň üçin berlen rişwet. Gülýüzli eli bilen agzyny ýapyp, Hajar hatyna, Altynjana gaýta-gaýta minnetdarlyk bildirip, baş atdy. Dymybam gazanç edip bolýan eken. – Togrul begiň ynagy aýdypdyr: «Toýdan soň gyzyňyz Ny¬şapurda ýaşar» diýip. Sen bir göz öňüne getirip gör. Owadan köşkde Togrul begiň gapdaljygynda oturarsyň. Başga döw¬letleriň begleridir hanlary gelip, size gymmatbaha engamlaryny gowşurarlar, döwletleriňiziň, mertebäňiziň artyk bolmagyny dileg ederler... Gürlemezlik Gülýüzlä müşgil bolmajak ýalydy, ýöne beýle däl eken. Gürlemegiň gadyryny bilmän ýör eken ol, dünýäň ähli lezzeti, dünýäň ähli eşreti islän sözüňi aýdyp bilmekde eken, akgyzda eýýäm geplemek islegi döredi, zerurlyga öwrüldi ol islegi, aňyna gelen pikiri nädip içinde öldürsin ol?! Onuň şeýlebir gürläsi geldi, şeýlebir gürläsi geldi! Iň bärkisi, gymmatbahaly monjukly bolandygynam, begenýändiginem hiç kime aýtmaly dälmi?! Muny aýdaňda näme zyýany bar? Eý, Hudaý, munam aýtmaly dälmi? Beýle-de bir jeza boljak eken. Men ýaman gürrüň edemog-a?! Ählisiniň hoşuna geljek sözleri aýdýaryn men. Oňa monjuk gerek däl. Näme etsin ol bu mahal monjugy? Gülýüzli Hajar hatynyň ýüzüne: «Meni aldapsyň» diýen terizde öwran-öwran seretdi, ýöne hatyn ony görmedikden boldy. Ol hatyna: «Mekir mekejin, monjugyň çüýresin» diýip, içinden sögdi, şeýlebir gürlemek isledi. Ol-a bir arguwany ýakutdan ýasalan monjuk eken, bu mahal ýekeje sözi aýtmagyň hatyrasyna ähli bukjasyny bermeli bolsa-da berjek ol! «Geplemezlikden Hudaý saklasyn! Lal adamlar nädip gürlemän oňýarkalar! Eý, Hudaý, lal etmändigiň üçin kän-kän alkyş saňa!» Gülýüzli Hajar hatyndan beýle ýowuz aldawa garaşmandy. «Men Hajar hatyna hiç wagt ýamanlyk etmedim-ä. Gaýtam, men onuň guragyryly aýagyny owkalap berýärin. Ol bolsa hiç zat ýok ýerden meni gürlemesiz etdi goýdy. Eý, Hudaý, men oňa näme ýamanlyk etdimkäm?!» Gülýüzliniň gürläsi gelip içini it ýyrtyp ugrady, ol düşnüksiz bir hereketler etdi. Nämedir bir zady düşündirjek bolýar ol görgüli. Gürlemänsoň, hiç kim oňa seredenogam. Ol içi-içine sygman, aýagyny tapyrdatdy. Akgyzyň ýer depip, böküp durmasyny geňlän Altynjan oňa syrly seretdi, ýöne ýagşydan-ýamandan hiç zat diýmedi, duşuşygyň geçen ýerine seretmesini dowam etdirdi. Gülýüzli ýene böküp ýer depdi. Altynjanyň böwrüne öwran-öwran hürsekledi. – Öldürýäň, böwrümi deşdiň, gyz, saňa näme bolýar? Näme üçin ýer depýärsiň? Ýerde bir zat barmy? – diýip, Altynjan onuň bolşuna geňirgendi. – Raks oýnalymy? Häzir raks oýnasak gelşiksiz bolar. Gülýüzli özüni görkezip, ellerini ýokary galdyrdy. – Asmana uçjakmy? Keniz başyny ýaýkady. – Onda näme? Bürgüt barmy? Bürgütden gut dilälimi?! Akgyz başyny ýaýkap, güňleç ses etdi. – Diliňden ary çakdymy? – Ýok, ýok – diýip, Gülýüzli haşşyldady. Boýnundaky monjugyna elini ýetirdi. (Wah, ol iki oduň arasynda galdy: monjugy beresi gelenok, ýöne şeýlebir gürläsi gelýär, şeýlebir gürläsi gelýär!) – Hajar hatyn, men ýekeje gezek gürläýin. Soň gürlejek däl. Ölýänem bolsam gürlemerin. – Ýeke gezek gürläniň zyýany ýok. – Näme aýtmak isleýärsiň? – diýip, Altynjan towsaryp seretdi. – Wiý-weýla, ýadymdan çykdy. – Ýalan aýtjak bolansyň, sebäbi ýalan söz tiz ýatdan çykýar. – Wiý-weýla, ýadyma düşdi. – Näme? – Aý, ýok, aýtjak däl! – Aýt, aýt! – Nyşapur näçe günlük ýolka? – Bar aýtjagyňam şu sözmi? – Ýok. Başga-da aýtjak sözüm kän... Men bir zad-a bilýärin – Gülýüzli howlukmaç ýuwdundy. Özünden nämäni bilýändigini sorarlaryna garaşdy, ýöne ondan Altynjanam, Hajar hatyn hem hiç zat soramady. Gülýüzli olaryň soramandygy üçin öýke etjek bolup durmady. Ýüregindäkini aýtmasa boljak däl, şonuň üçinem aýtdy. – Men bir zad-a anyk bilýärin. Aýt diýseňiz, aýdaýyn. Mensiz içiň gysyp ölersiň. «Gülýüzli dogry aýdýan eken» diýersiň. «Gülýüzli öňdengörüji eken» diýersiň... Melikäm, seniň geljegiň geldi. Sen bu gün geljek atly bedewe atlanýarsyň. Bu bedewiň üstünde men seniň älemi haýrana goýjakdygyňa ynanýaryn. Bürgüt bir ganat bilen uçup bilmeýär. Seniň bir ganatyň mendirin, melikäm... | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |