23:33 Altynjan hatyn / 1-nji kitap -13 | |
On üçünji hekaýat
Taryhy proza
DEPEGEN SYRTYNY SÜSEGEN ÝYRTAR • Toý başlandy Harun Altyndaşyň toýa gatnaşjakdygyny eşidip, şalygyň iň çet etraplaryndanam gelipdiler. Abdylmälik hanyň dosty-ýarlary toýa dolup-daşyp geldiler, köp-köp engam-hedýe getirdiler. Janahyr halwaçy bir süri dowary bir çopany, iki çolugy bilen toýa sowgat getirdi, Altynjana altyn ýüzük berdi. Gaty üýtgeşik, owadan ýüzük. Bu ýüzügi hytaý zergärleri ýasapdyrlar. Halwaçy toýa maşgalasy bilen geldi, onuň ýanynda üç ha¬tyny, ondan gowrak ogul-gyzy bardy. – Abdylmälik, men seniň toýuňa öýiçi geldim – diýip, Janahyr halwaçy göçgünli aýtdy. – Ikimiz ýaşlykdan bäri doganlarça gatnaşýarys. Seniň toýuň – meniň toýum, meniň toýum – seniň toýuň. Arada aramyza sowuklyk, töhmet düşjek boldy. Hernä, onuň geçdigi bolsun! Aramyza düşse, diňe mähribanlyk düşsün, aramyza garyndaşlyk düşsün. Meniň ýetişip ugran bir gyzym bar, şol gyzymy saňa berip, dostluk gatnaşygymyzy garyndaşlyk gatnaşygyna öwürmek isleýärin. Ýadyňda bolsa, maňa Tümen begiň göwni gararypdy. Päkligimiň alamaty hökmünde gyzym Tümen begiň oglunyň gelni bolsa, göwnüm has rahatlyk tapjak. – Janahyr halwaçy on iki-on üç ýaşlaryndaky bir hoşlaka gyzjagazy hanyň ýanyna getirdi. Gyza göwni ýeten han: – Hany, Anuşirwan?! – diýip, töweregine garanjaklady. – Baba (Anuşirwan ekizler deýin Abdylmälik hana «baba» diýip ýüzlenýärdi, han hem ony ogullaryndan aýry tutmaýardy, oňa: «Oglum» diýýärdi), men bärde! – diýip, Anuşirwan hanyň huzuryna ýylgyrjaklap geldi. – Hany, şu gyzy synla! Anuşirwan garşysynda duran on iki-on üç ýaşlaryndaky gyzjagazy ünsli synlady, eýjejik, inçesagt, ak ýüzli, ýuka dodakly, gür galam gaşly, uly ala gözleri mähirden doly, näzli bakyşly gyzy gören dessine halady. Asyl, ilkinji bakyş ýaş juwanyň kalbynda harasat gopdurdy: – Adyň näme? – Göwheraý. – Baba, synladym. – Seni şu gyza öýeräýeli?! – Men doganlarym Habyl bilen Kabyldan soň öýlenmeli. Anuşirwanyň bu sözüni Göwheraý halamady, ol gözýaş döküp ugrady. – Göwheraý, näme üçin aglaýarsyň? – Meni halamadyň. Anyşirwan Göwheraýyň elinden şapba tutup, Abdylmälik hana ýüzlendi: – Baba, bu gyz diňe meniňki bolmaly! – Razdan, men seniň çagalaryňdaky şu çürt-kesikligi halaýaryn – diýip, Janahyr halwaçy hana aýtdy, Anuşirwanyň başyny sypady. Abdylmälik han «loh-lohlap» güldi. – Ýör, men seni walydama görkezeýin – diýip, Anuşirwan Göwheraýyň elinden tutup, hareme bakan ugrady. – Men Altynjan melike hakda köp eşitdim, ýöne özüni welin, ýekeje gezegem görmedim. – Häzir görersiň – Anuşirwan hareme baryp, Altynjanyň şebistanyna kürsäp girdi. – Walydam, bilýärmiň, men seniň ýanyňa kimi getirdim?! Altynjan Gülýüzlä nämedir bir zatlary tabşyryp dur eken. Anuşirwanyň sözlerinden soň ol Göwheraýy hyrydar gözleri bilen synlady, gyzjagaza göwni ýetdi. – Bu göwheri sen jennetiň haýsy bagyndan tapdyň? – Haladyňmy?! – Haladym, daýy, haladym. Bu gyz saňa yhlasly, wepaly bolar. – Meniň üçin iň esasy zat seniň halanlygyň, käbäm. – Mertebede ömri-deraz ýaşaň! – diýip, Altynjan Göwheraýyň ýüzünden, eginlerinden sypady. – Sen kimiň gyzy?! – Men Janahyr Geçdekiniň gyzy. Altynjan bu söze boz-ýaz boldy: – Näme diýdiň? – Men Janahyr Geçdekiniň gyzy. – Lalam, näme üçin geňirgendiň? Babam bilen aralarynda bolup geçen düşünişmezlik üçinmi? Bu hakda ýaňy Janahyr halwaçy-da aýtdy. – Näme diýdi? – Ol: «Arada aramyza sowuklyk, töhmet düşjek boldy. Ýadyňda bolsa, Tümen begiň maňa göwni garaldy. Päkligimiň alamaty hökmünde gyzym Göwheraý Tümen begiň oglunyň gelni bolsa, göwnüm has rahatlyk tapjak» diýdi. Altynjan dymdy, janperwer keşmerindäki ýylgyryş aýryldy. – Lalam, saňa näme boldy? – Daýy, babaň Janahyr halwaçyny halanokdy ahyryn. – Men-ä size düşünýän däldirin. Eger Janahyr halwaçy hakykatdan hem babamyň duşmany bolan bolsa, onda näme üçin onuň bilen egana gatnaşýarsyňyz? Näme üçin ondan bir süri dowar hedýe alýarsyňyz? Onda näme üçin sen onuň gymmatbaha ýüzük hedýesini aldyň? – Men babamyň islegini amal etdim. – Indi näme üçin onda babamyň islegine garşy çykýarsyň? Göwheraý aglap gapa bakan gönükdi: – Göwheraý, saklan. Men seni hiç kime bermerin. Sen meniňki bolarsyň – diýip, Anuşirwan Göwheraýy elinden çekip saklady. – Käbäm, menden hiç zat ýaşyrma. Maňa açyk jogap ber. – Men senden hiç zat ýaşyramok. – Babamyň betbagtçylyga uçramagynda, wepatynda Janahyr Geçdekiniň eli barmy? – Ýok. – Onda näme üçin meni bu gyzdan mahrum etjek bolýarsyň? – Daýym Janahyr Geçdekini ýigrenýärdi, Anuşirwan. – Babam kimdir biriniň gepine gidip, Göwheraýyň babasyna zulum etdi: öýüni kelete etdi, otlady. – Anuşirwan sesine biraz bat berdi: – Şeýle-de bolsa, Göwheraýyň babasy geçirimlilik etdi, babamy ýamanlap, Harun hökümdara arz etmedi. Eger ol arz eden bolsa, biziň günümiz hasam erbetleşerdi. – Bu pikiri saňa Janahyr Geçdeki aýtdymy? – Kim aýdanda, näme? – Kim aýtdy? – Göwheraýyň babasy. – Düşnükli. – Näme düşnükli? Meniň üçin-ä düşnükli zat ýok. – Anuşirwan, daýym Janahyr Geçdekini özüne duşman hasap¬laýardy. Ol göründe rahat ýatsyn ahyryn! – Sen häzir bilgeşleýinden kejirlik edýärsiň, käbäm. – Ýok, men kejirlik edemok, men seniň düşünmegiňi isleýärin. – Men nämä düşünmeli? Babamyň ýalňyşandygynamy? Onuň ýalňyşandygyny özüň menden gowy bilýärsiň! – Anuşirwan, gaýtalap aýdýaryn. Hossarlar ýalňyşmaýarlar. Ikimiz üçin iň esasy zat seniň babaňyň, meniň daýymyň näme pikir edendigi. Onuň eden pikiri – ikimiz üçin iň möhüm zat. Hossarlar mydama – gaýtalap aýdýaryn – hossarlar mydama hakdyrlar. Ölmezinden burun Tümen beg haýsy pikire gulluk eden bolsa, sen ogul hökmünde, men ýegen hökmünde şol pikire gulluk etmelidiris. Pikiriň ýalňyşdygyny bilseňem, ogul hökmünde ol pikire: «Ýalňyş pikir» diýmäge seniň hakyň ýok, meniň hem ýegen hökmünde hakym ýok. – Onda näme üçin: «Daýymy öldüren ganhor» diýip, ýigrenen duşmanyňa – Togrul bege äre çykmaga şaýlanýarsyň?! Altynjanyň bu sowala jogaby taýýardy, ýöne ol köp manyly dymdy. * * * Keski Kelew toýa iki ýüz meşik şerap getirdi. – Goý, toý güni içilsin, göwün açylsyn – diýip, Keski Kelew dabaraly aýtdy. Emir oňa minnetdarlyk bildirdi, saçak başyna çagyrdy. Onuň bu tarhandökerligini Janahyr Geçdeki halamady, emiri kesä çekdi: – Doganym, sen göwnüňe hiç zat getirme, ýöne men içki howsalamy saňa aýtmasam, rahat gezip biljek däl. – Näme boldy? – Enteg-ä bolan zat ýok, ýöne bolmagyndan gorkýaryn. – Nämäniň bolmagyndan? – Keski han – gowy han, ýöne onuň bolşy, ýüz düýe şerap getirmegi maňa gaty syrly görünýär. Ol, göwnüme bolmasa, bir ýowuz iş gaýyrmakçy bolýan ýaly görünýär. – Näme? – Hudaý saklasyn, Hudaý saklasyn. Meniň göwnüme herki zatlar gelýär. – Şeraplar zäherlidir öýdýärsiňmi? – Belki, zäherlidir... Herhal, toý geçýänçä şeraplary buky ýerde saklaly. – Goý, seniň diýeniň bolsun! * * * Iki ýüz gassap aldygyna mal soýdy. Seljuk begleri sawçylyga gelenlerinde giň howlynyň içine düşäp çykan halylaryny meýlisden soň goýup gidipdiler, şol halylar ýene howlynyň içine ýazyldy. Beýle toýlar günde-günaşa bolup duranok. Şeýle bolansoň, toýa gatnaşmaga Jeýhunyň iki tarapyndanam köp adam geldi. Golaý-goltumdaky obalaryň adamlarynyň-a tas ählisi diýen ýaly geldi. Toý galanyň içinde-de, daşynda-da tutuldy. Dogrusy, toýuň ulusy galanyň daşyndady. Aýdym-saz belentden ýaňlanýardy. Uzynly gije aýdym-sazyň sesi ýatmady. Rakys oýnaldy. Asyl zamahşarlylar toýa suwsap giden ekenler: olar gije ýatmalydygynam ýatlaryndan çykardylar. Gijeki rakslar, aýdym-sazlar toý gününiň aýdym-sazy, raksy bilen utgaşyp gitdi. Beýle toý soltan Hysrow Anuşirwan Adylda-da, Nuh Samanyda-da, soltan Mahmyt Gaznalyda-da bolan däldir. Bu mahal ähli kişi toý toýlaýardy, ýöne Altynjan şebista¬nyndan çykman çugutdyryp otyrdy. Indi Zamahşardan gitmeli. Altynjan ýany bilen alyp gitjek zatlary barada köp oýlandy. Togrul begden galan gamçyny alyp gitmelimi? Gelşiksiz bolaýmasyn?! Altynjan gamçyny teblehananyň demirgazyk tarapyndaky sütüniň düýbüne gömdi. Onuň Zamahşarda galdyrýan zady diňe bir gamçy däldi. Tümen daýysynyň beren baýlyklary-da galmaly bolar. Bir sähetli güni – eger ol gerek bolsa – Togrul beg bilen gelip, bilelikde alyp gider. Bu meseläni, goý, Togrul beg çözsün! Belki, gömlen baýlygy Anuşirwana başybitin berer?! Muny wagt salgy berer. Hoş gal, Zamahşar! Hoş galyň, mähribanlarym! * * * Iki hili ýagdaýda: bir-ä agyr günde, birem mes gününde kimiň-kimdigi tanalýar. Altynjanyň toýy Haldana ezýet berýär: ol hyýalynda ezizläp ýören gyzyny bu gün durmuşa çykarýar. Şu günden başlap, oňa Altynjany görme ýok. Eýýäm ýüregi sogrulyp gidip barýan ýaly bolup dur, onuň göwnüne. Altynjan Zamahşardan gitse, belki, onuň üçin gowy bolar?! Parahat durmuşda ýaşar. Onuň aňynda köwsar urýan ugur-utgasyz pikirler kändi, juda kändi. «Erkekler aglamaly däl» diýýärler. Onuň welin, bagyryp-bagyryp aglasy gelýär, kimdir biri bilen raz aýdyşasy gelýär. Ol mes bolup, raks oýnady. Lüti çykýança oýnady. Soňam gidip ýatmagy makul bildi. Hana, çiltenler hyzmat edip ýör. Olara birpaýyz syn eden Haldanyň myrryhy atlandy. Ol çiltenleriň onbaşylary Çyrlak bilen Ýatmazy ýanyna çagyrdy. – Men näçe ýaşymda? – Sen ýigrimi bäş ýaşyňda – diýip, Çyrlak ýylgyrjaklady. – Sen näçe ýaşyňda? – Menmi? On sekiz ýaşymda. – Sen näçe ýaşyňda? – diýip, Haldan Ýatmazyň döşüne süýem barmagyny dürtdi. – Men Çyrlak bilen gözlüje ýaşyt. – Altynjan näçe ýaşynda? – Melikämizmi? Ol biziň bilen gözlüje ýaşyt. – Çyrlak beg, sen Altynjana indi «melikämiz» diýme. Şu günden başlap, ol siziň melikäňiz däl. Ýörüň, derýa gidip, peşlerimizi oklalyň. – Peşiňi derýaga näme üçin oklajak, Haldan? – Wa-weýla, şonuň sebäbini-de bileňokmy, Ýatmaz beg? – Bilemok-da şony, Haldan han. – Zamahşarda erkegiň ýoklugy üçin peşlerimizi oklalyň. – Sen erkek dälmi? – Men erkek däl. Mendenem bir erkek bolarmy? Men içi boş töňňe. – Haldan Ýatmaz bilen Çyrlagyň ellerinden çekdi. – Ýörüň, gidip aglalyň. Ählimiz jem bolup aglasak, gözýaşymyzdan ikinji Jeýhun derýasy dörär. Biz döreden derýamyz bilen Ürgenji suwa gark edeliň! Gypjak düzüni gözýaşymyza gark edeliň. – Haldan han, saňa näme bolýar? – diýip, Çyrlak Haldanyň bolşuna, diýýän sözlerine geň galdy. – Sen maňa jogap ber, Çyrlak beg! Sen Oguz hanyň haýsy oglunyň nesebinden? – Biziň ählimiz Gün hanyň Gaýa diýen oglundan. – Oguz hanyň wesýeti boýunça Gün hanyň ogullarynyň borjy näme? – Ähli Oguz neberesine patyşalyk etmek. – Oguz hanyň Deňiz diýen oglundan bolanlaryň borjy näme? – Patyşanyň hyzmatynda bolmak. – Olaryň patyşa gyzyna öýlenmäge hukugy barmydyr? – Ýokdur. – Oguz hanyň Gün han, Aý han, Ýyldyz han ogullary – ylahy ogullar. Olar ýurda patyşalyk, ýolbaşçylyk etmeli. Oguz hanyň Gök han, Dag han, Deňiz han ogullary – zemini ogullar. Olar – patyşalaryň, hanlaryň, begleriň, ýolbaşçylaryň hyzmatynda durmaly ogullar. Olar mal bakmaly, suw çekmeli. Nahar bişirmeli. – Eý, Eflatun han, hany, açyk gürlesene! Maňa şu mahal boş takal gerek däl – diýip, Ýatmaz Haldanyň üstüne azgyryldy. – Hany, onda aýt, şu gün kim-kime hyzmat etdi? – Bes et, Haldan! – diýip, Çyrlak hem Ýatmazy goldady. – Biz pederlerimize hyýanat edýäris. Pederlerimiz biziň günämizi geçmez. Patyşa hyzmatkärine hyzmat etdi şu gün. – Bar, git-de ýat! Toýy bulaşdyrjak bolma. – Haldan bilmeýändir öýdüp ýalňyşýarsyňyz. Men hemme zady bilýärin: sizler – çiltenler – Altynjanyň aşyklary. Siziň eliňizden Altynjany Oguzyň hyzmatkär bolmaly ogly alyp gid¬ýär. Siz hyzmatkäre hyzmat edýärsiňiz. Ediberiň! Ediberiň! Sebäbi Zamahşarda erkek ýok. Gün kowumynda erkek ýok. Indi Deňiz kowumy hökümdar bolar. Çiltenler – binamyslar! Siziň baryňyz binamys! Siz hyzmat... Haldanyň aýtjak zady kändi. Ol ýaňy bat alyp ugrapdy. Çyrlak bilen Ýatmaz ony şeýlebir ýepbeklediler welin, ol soň asyl geplejek bolmady. Ýerde parahat ýatyr. Çiltenler ony ýerine eltip ýatyryp gaýtdylar. Dünýäni unudyp, myrlap ýatyr ol. * * * Kejebe geldi. Üç sany äpet pil! Olar altyn-kümşe bezelipdir. Salar Gazanyň: «Gerekli zadyň agramy bolmaz» diýeni dogry eken. Seljuk gelinleri Altynjany emgenmän göterip pile mündürdiler. Piliň üsti Akgaryň üstündenem rahat eken. Sallançak çalaja hüwdüleýän ýaly duýulýar. Altynjan ömründe pile münüp görmändi. Ol bäş-on ýaşlaryn¬daka Arsahuşmisen şäherinde ilkinji gezek pili görüpdi. Şonda ol-a: «Pile münjek» diýip, Sadylla bolsa piliň ýakynyna barmakdan gorkup aglapdy. Sadyllanyň gorkandygy üçin Altynjany pile mündürmändiler. Sadylla gorkmadyk bolanda olar pile münäýmelidiler. Çagalygynda eden arzuwyna ol, gör, bu gün ýetdi. Altynjan özüni piliň üstünde oňaýsyz duýdy. Hana, Tog¬rulyň gelnejeleri ylla piliň üstünde önüp-ösen ýaly, gaty arkaýyn otyrlar. «Jykyr-da-jykyr» gülüşýärler. Eltileriniň şadyýanlygy Altynjanyň hoşuna geldi. Yslamdan öň durmuşa çykýan gelni birkemsiz bezelen saý ata mündürip äkidipdirler. Indi pile, düýä mündürip äkidip ugradylar. Oguz dessury üýtgäp barýar. Ýigit bilen gelniň alma atyşmasy-da galaňkyrlady. Pil ýöräp barýar welin, äpet bir öý süýşüp barýan ýaly. Altynjanyň göwnüne, dünýäniň ähli adamy kejebäniň iki ýanyna jemlenen ýalydy, sap-sap goşunyň hem aňyrsyna-bärsine göz ýetenokdy. Altynjan ýuwaş-ýuwaş öwrenişdi. Töweregine garandy. Ilkinji gören eltisiniň ady Gyzbibidi. Maňyzly-maýaly hatyn Altynjany sypap-sermäp jigerine salaýjak bolýar. Özem geplände «jigerim» diýip ýüzlenýär, çekinmezligi öwran-öwran ündeýär. Özüniň gapdalynda boljakdygyny, hemaýat etjekdigini nygtaýar. Altynjan bu gelni öň iki gezek gördi. Birinji gezek Togrul begi öldürmek niýeti bilen Gauhora baranda bu gelin oňa gorküýzeden buz ýaly gymyz guýup berdi! Altynjan Gyzbibini ikinji gezek gudaçylyga gelende görüpdi, ol şol wagtam häzirkisi ýaly mähribandy, hoşmanzardy, gujaklaşypdy. Olar köne joralar deýin ýene gujaklaşdylar. Gyzbibiniň hoşamaýdan hoşamaý sözleri, hoşmanzarlygy Altynjany rahatlandyrdy. Ýogsam ol başda aşa howsala düşüpdi, baran ýerinde nämeleriň boljakdygyny, nähili ýaşajakdygyny takyk bilmeýärdi. Gyzbibi bolsa oňa howlukman, ähli etmeli zatlaryny – pil düşlege baryp duransoň, ýere nädip düşmelidigini, ýere ilki haýsy aýagyňy basmalydygyny, onsoň nähili ýörmelidigini, Togrulyň ýanyna baransoň nämeleriň boljakdygyny birin-birin düşündirýärdi. Gyzbibi Altynjanyň egnindäki ähli eşigini çykaryp, galyň içki kürtekçe geýdirdi. – Siz maňa nähili içki geýdirdiňiz? Ol gaharlanar – diýip, Altynjan garşy çykdy. – Ol «Öz iberen zatlarymdan başga hiç bir zat geýmesin» diýipdir-ä. – Gorkma, jigerim, gorkma. Içki eşigiňi gerdege 1 gireniňden soň aýrarys. Özümiz maşşate 2 bolarys saňa. – Maňa näme üçin içki kürtekçe geýdirýärsiňiz? Ol gamçylanda agyrmasyn diýipmi? Onuň ýaly bolsa, gerek däl. Men gamçydan gorkamok. – Ýok, ýok, onuň üçin däl. Bu häki bir kynyk yrymy. Biz Togrul begden izinsiz hiç iş etmeýäris. Diňe onuň buýran zatlaryny edýäris. – Içki kürtekçe geýmegimi-de ol tabşyrdymy? – Onuň yradasy bolmasa, saňa el degrip bilmeris ahyry biz. Kejebäniň içi daşardan görnenokdy. Daşaryny synlajak bolsaň, tutyny syryp seretmelidi. Ýöne piliň üstünde uzak oturmaly bolmady. Üç mil geçilip, Muhammet Togrul begiň düşlän düşlegine baryldy. Adamyň köpi bu ýerde eken. Surnaýdyr kernaýlar çalynýardy. Süýjüden süýji sazlara göwünleri joşýan kişiler towsuşyp raks oýnaýardylar. Uly şowhun, uly dabara bilen Altynjany pilden düşürdiler. Ol özbaşdak ýeke ädimem ätmeli bolmady. Ähli ätmeli ädimini Gyzbibi öwretdi. * * * Giden mähelle! Ähli kişi tomaşa görjek! Ähli kişi Togrul begiň bikir nyşanlysyny görjek! Ähli kişi gelniň garşylanyşyny görjek! Ähli kişi Muhammet Togrul begiň gelnini gamçylap urşuny görjek! Altynjanyň her tarapynda bir eltisi ýöräp barýardy. Olar esli aralygy bile ýöränlerinden soň, birki ädim yza çekildiler. Indi Altynjanyň ýeke özi ýöremelidi. Altynjanyň iki tarapy adamlardan ýaňa myg berýärdi. Onuň ýöreýän ýoluna haly düşelipdi. Halynyň üstem durşuna güldi. Her hili owadan güller. Nisar dessury 3 boýunça Altynjanyň ýörejek ýoluna, üstüne gül seçeleýärdiler. Bir seljuk begi (Kelan Baýgu) Altynjanyň üstünden dinar seçeleýär. Adamlar ol dinarlary ýere ýetip-ýetmänkä garbap alýarlar. Sazyň sesi kesildi. Dym-dyrslyk. Altynjan dähedem-dessemläp barşyna on bäş-ýigrimi zirag aralykda Muhammet Togrul begiň durandygyny aňdy. Çünki ol aşak bakyp barşyna adamlaryň donlarynyň synlaryndan çen tutdy. Bu donlaryň eýeleri serkerdeler, atly-abraýly adamlar bolmaly. Altynjan şindem dähedem-dessemläp barýardy. Bu ýere jemlenen halaýygyň köplügi hem toýuň tutumy – Muhammet Togrul begiň Altynjana söýgüsiniň alamaty! Muny kim duýmasa-da Altynjan duýýar! Eý, Hudaý, dünýäde Altynjan ýaly söýülýän başga bir zenan barmyka? Altynjany beýik Rahman ezizleýär. Beýik Rahman bendesini eziz¬lände, ine, şeýle merdi-merdana gerçege duşurýar. Şeýle toý edýär. Altynjanyň bu derejä ýetmesi şeýlekin bir tötänlik däl! Ýok, ýok, bu beýik Perwerdigäriň emri! Bu beýik Perwerdigäriň ýalkawy! Altynjan dünýä inende soltan Mahmyt Gaznalynyň Za¬ma¬hşara barmagy, howla ilkinji ädimini ädende onuň jägildäp dünýä inmegi beýik Perwerdigäriň eradasy! Şonda beýik soltanyň ýaňyja dünýä inen çagajygyň gulagyndan üç mertebe çala çekip, «Altynjan» diýen ady bermegi hemem «Beýik bege hemra bolmagyny» dileg etmegi beýik Perwerdigäriň eradasy! Patyşa – Allatagalanyň Ýerdäki wekili. Allatagala öz işlerini şol wekiliniň eli bilen edýär. Bu gün Allatagalanyň – onuň ýerdäki wekili bolan soltan Mahmyt Gaznalynyň (onuň ýatan ýeri jennet bolsun!) mundan on sekiz ýyl owalky islegi amal bolýar. Bu gün soltan Mahmyt Gaznalynyň mundan on sekiz ýyl owalky dilegi bilen Altynjan «Beýik bege hemra bolýar!» Wah, şu toýy soltan Mahmyt gören bolsady!.. Arman!.. Ine, Altynjan soltan Mahmyt Gaznalynyň pata beren «beýik beginiň» ýanyna barýar! Ol Togrulyň üç-dört ädim garşysyna baryp saklandy. Ol Muhammet Togrul begiň mährini duýdy. Sandyramasy öňküsindenem artdy. Egilip tagzym etdi. – Aý, ýok, bolanok, täzeden tagzym etsin! – diýip, Togrul begiň ýanyndakylar gygyryşdylar. Altynjan öňküsindenem has yhlasly tagzym etdi. – Bolanok! – Aýagyňa ýykylsyn. Aýagyňy ogşasyn! Bu çakyr ses Altynjana juda tanyşdy. «Eý, Hudaý, bu kimkä? Öz-ä gaty tanyş. Men bu sesi öň nirede eşitdimkäm?!» diýip, Altynjan içini gepletdi. Ýadyna salyp bilmedi, ses çykan tarapa göni seretmegi bolsa gelşiksiz gördi. Togrul beg Altynjana ýüzlendi: – Altyn gyz, mähelläniň näme isleýändigini eşidýärmiň?! Altynjan tekepbirdi, ýöne bu ýerde ol tekepbirlik etmedi. Ikidyz oturyp, Togrul begiň ädigini taýly gezek öpdi. Maňlaýyny degirdi. Barybir, göwnüne makul bolmady, begiň sag aýagyny garsa gujaklady. Beýle sadykatlylyga, megerem, hiç kim garaşmadyk bolsa gerek, adamlar tolgunma bilen gelniň bolşuny synladylar, oňladylar: – Ine, indi boldy!.. – diýip, çakyr sesli kişi seslendi. Altynjan Togrul begiň özüni urmalydygyny ýatlady-da, biraz yza çekildi. – Togrul beg, gelniňi uraňok-la? – diýip, ýerli-ýerden soradylar. Togrul beg biline gysdyrylgy gamçysyny alyp, elinde oýnatdy, soňam Altynjany ýuwaşjadan gamçylandan boldy. – Ur! – Ur, Togrul beg! Dözümliräk ur! – Aý, muňa urduk diýmezler. Hatynyň nähili hatyn boljakdygy häzirki urşuňa bagly bolar – diýip, çakyr sesli kişi janykdy. – Häzir urmasaň, soň öz buduňa urmaly bolarsyň! – Hatynyň iň gowusy gözüňe tüsse gapdyryp lezzet alar. Ýene çakyr sesli dillendi: – Hatyn bilen şeýtanyň gowusy bolýan däldir. Ur! Ur! Adamlaryň sesi tapba kesildi, Togrul beg olara gaharly sereden bolarly. Altynjan gamçynyň şuwwuldysyny eşitdi. Şuwwuldy yza öwrülip, Altynjanyň ýagyrnysyny ýakyp-ýandyryp gitdi. Eý, Hudaý! Tog¬rul beg akylyndan azaşdymyka? Heý, beýdibem bir urmak bolarmy? Altynjan görgüliniň näme günäsi bar? Urmalymyş diýseler, Togrul beg yrym-yrym, ýom-ýom edäýmän, gara çyny bilen urýar. Üç!.. Bäş!.. Dokuz! Musa beg saklanyp bilmedi: – Togrul beg, sen gelniňi-hä öldüräýdiň öýdýärin. – Altyn gyz bu, altyn gyz. Çydamly bu. Altynjanyň gözüniň alnyndan kinniwanja uçgunjyklar gaýmala¬şýardy. Ýöne Togrul begiň şol sözünden soň, şol sözler bilen uçgunjyklar gamçynyň awuşan ýerlerine melhem bolup çaýyldy. Altynjanyň eltileri ylgap gelip, hersi bir goltugyndan tekge berdi. Adamlar jem bolup gygyryşdylar: – Gelniň ýüzüni görkez! Togrul beg gelip, Altynjanyň tuwagyny aýyrdy-da, çekgesine elini goýdy. – Başyňy galdyr, Altyn gyz. Goý, bu kynyk begleri Togrulyň hatynynyň dilir dilguşalygyny görsünler. – Togrul beg Altynjany bir «hop» diýende çep egnine mündürdi-de, halaýygyň görmegi üçin öz daşyndan ýuwaşja aýlandy. Altynjanyň sahypjemalyny gören mähelle uly gowur turuzdy. Kynyk begleri Togrul begiň hatyndan oňandygyny, Altynjanyň biçak hoşmanzardygyny nygtadylar. Togrul bege lezzetli aýşy-eşretleri dileg etdiler. Togrul beg Altynjany egninden eda bilen düşürip, Gyzbibi bilen Peýkertuwaga ýüzlendi: – Gelnejelerim, meniň Altyn gyzymy gerdegime eltiň, näme islese, mähetdel bitiriň, göwnüne degäýmäň! – Begiň hatynynyň göwnüne, heý, degip bolarmy?! – diýip, eltiler Altynjany giň gerdege alyp bardylar. Bu mahal Altynjanyň aňynda diňe bir pikir öwç alýardy, ol hem çakyr sesli kişini bogup öldürmek, kerçem-kerçem etmek pikiri. «Men ony hökman taparyn. Hökman taparyn» diýip, ol öwran-öwran gaýtalady. Çakyr sesli kişiniň sözleri welin, onuň aňynda zol-zol gaýtalanýardy: «Hatyn bilen şeýtanyň gowusy bolýan däldir. Ur! Ur!» * * * Altynjanyň garaşan täze ömri başlandy. Ikinji ömür başlandy. Altynjanyň hakyky ömri başlandy. Beýik Biribar diňe gowusyny etsin! Ýaramaz günler duşmanyň başyna lagnat bolup insin. Allatagala şerapatly, mürewwetli ömri-deraz bersin! | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |