21:24 Altynjan hatyn / 1-nji kitap -1/ dowamy | |
7.
Taryhy proza
Altyndaş Abdylmäligi ýanyna çagyryp, ony özüne tümenbaşy belleýändigini, han20 adyny, gerek wagty bir tümen goşun jemlemegi üçin Zamahşar sebitini ykta21 berýändigini aýtdy. Altyndaşyň bu ynamy Abdylmälik emiriň abraýyny sebitde has ýokary göterdi. Ýöne goňşy şäherleriň, galalaryň häkimleri, emirleri oňa gözügidijilik bilen seredýän-de bolsalar, emir – ol indi Abdylmälik handy! – öz gününden razy däldi. Sebäbi galada şugul bardy. Ol şugul Abdylmälik hanyň bagtyna boran ýagdyrmak üçin aşa yhlas edýärdi. Ana, şol şugul hanyň iki aýagyny bir gonja sokýardy, ynha indi on dört ýyl bäri hernäçe yhlas etse-de, onuň kimdigini anyklap bilenokdy. Altyndaş Ürgençde oturan ýerinden Zamahşar galasynda bolup geçýän ähli zatlary hanyň özünden takyk bilýärdi. Emir her üç aýdan öz sebitindäki ýagdaý barada hasabat bermek üçin Altyndaşyň ýanyna baranda, ondan özi hemem sebitde bolýan wakalar bilen baglanyşykly gürrüňleri eşidip haýranlar galýardy. Özem Altyndaşa ýetirilýän habarlar dog¬rudy. Ol gürrüňleriň hemmesini aýdyp soňuna çykar ýaly däldi. Altyndaş gürläp başlanda emir girere deşik tapanokdy. Altyndaş Zamahşar sebitinde bolup geçen ähli wakalary jikme-jik bilýärdi. Haýsy obada ogry bar? Ol ogrular kimler?! Kimiň zady ogurlandy? Kim kimi näme üçin öldürdi? Haýsy emir kim bilen gatnaşýar. Heýteleden22 Horezmine kim haýsy maksat bilen gelipdir. Bu zatlary Altyndaş gaty takyk bilýärdi. Ol Abdylmäligiň özi hakda-da köp zatlary bilýärdi. Özem gaty ynamly gürleýärdi: «Sen gaýynataň Tahyr Afrasýabyň ýanynda: «Soltan Mahmydyň asly gul, onda asyl ýok, asyl» diýipsiň. Sen gaty ýalňyşýarsyň, Abdylmälik. Soltan Mahmyt seniň bilen ykbaldaş. Ol Gün hanyň ogly Gaýalardandyr. Gaýa han hakda Oguz hanyň wesýeti bardyr. Ol: «Biziň neberämize Gün han patyşa bolsun. Onuň yzyndan ogly Gaýa han patyşa bolsun. Gaýa urugyndan han barka Baýat han patyşa bolmasyn, ol diňe öz boýuna beg bolsun»23 diýendir. Ine, Oguz hanyň şu wesýeti boýunça Mahmyt – soltan. Seniň nesebiň hem şa nesilşalygyndan, ýöne ol nesilşalyk syndy. Soltan Mahmydyň nesebiniň kysmaty-da edil seniň nesebiň kysmaty ýaly. Kakasy Söbüktegin öz ogullaryna «Pentnama»24 atly kitap galdyrypdyr. Men ol «Pentnamany» ençe gezek diňledim. Ine, şol kitap! – Altyndaş daşyna mahmaldan daşlyk edilen kiçeňräk kitaby Abdylmälige berdi. – Oka, hökman oka! Söbükteginiň kakasynyň adyna Bejkem Barsan diýer ekenler. Olar türkmenleriň Barshan25 taýpasyndan eken. Barshan barjamly beg eken. Çaga-çugasy köp eken. Söbüktegin Bejkem Barshanyň üçünji ogly eken. Bejkem awa gidende oba türkmenleriň tahsylar diýilýän bir taýpasynyň adamlary dökülip, öýleri talap, oba adamlary bilen birlikde Söbüktegini hem ýesir edip alyp gaýdýarlar. Söbüktegin ýesirlikde dört ýyllap mal bakypdyr. Soň ony Heýtelä eltip satypdyrlar. Söbüktegini ilki Nasr Çäçi diýen adam satyn alypdyr. Soň ony emir Alptegin satyn alypdyr. Alpteginiň ýanynda-da Söbüktegin uly sylag-derejä ýetdi. Onuň başdan geçiren günlerini diňläňde nebsiň agyrýar. Onuň ykbaly bilen deňeşdireniňde, herhal, seniňki ganymat. Ullakan gala emirlik edip otyrsyň. Hiç kim seni gul edip bazara salmady. Gün kowumyndan, şa hanedanlygyndan bolanyň üçin soltan seni, biler bolsaň, hatyralady. Saňa hoş sözlerini gaýgyrmady». «Jürjaniýanyň baş bazarynda halwa satýan Derýa Bahram¬gulyny garyp düşürmek, jüt galdyrmak üçin gawşfinjli hem buruntakly iki sany halwaçy bilen agyz birikdirip, halwalaryňy arzan bahadan satyp başlapsyňyz. Birine bilkastlaýyn ýamanlyk etmek ýaramaz häsiýet. Derýa Bahramguly diýen halwaçyny men tanamaýaryn, ýöne şoňa ýamanlyk etjek bolmagyňyzy unamaýaryn». «Altynjan atly gyzyňa: «Ýaňra bolma!» diý. «Seni Altyndaş emire äre bermeli» diýilse, seniň gyzyň: «Gul soltan bolsa-da – guldur. Gul gelip aýagymy öpse-de, şa nesebime çirk ýetirtmerin. Ondan-a abdal bezirgenine hatyn bolanym hem müň esse gowy bolar» diýýärmiş. Meniň aslym gul däl. Men hem edil siz ýaly akgunlardan. Men begzada nesebindendirin. Atam Balh şäheriniň marzbanydy, ýöne sasan şasy bolgusyz bir bahana sebäpli – ol bahananyň nämedigini men saňa doly aýdyp oturmaýyn – atamy zyndana atdy, gul bolup ýaşamak belasyndan meni kyblagähim, iki jahan serwerim, beýik soltan Mahmyt ibn Söbüktegin halas etdi. Men ömrümiň ahyryna çenli halasgärime mutyglygymy, sadyklygymy birjik-de kemmerin. Beýik Perwerdigär, goý, soltan Mahmydy öz penasynda hamdu-senalykda saklasyn!». «Çagalaryňa üç dili öwredýärsiň, näme, şalyk özüme dolanaýar öýdýärsiňmi? Bil, uly bagtlar hiç wagt yzyna dolanýan däldir, diňe kiçi bagtlar dolanýandyr». «Dört tirkeşleriň ikinji aýynyň bäşinde Käs şäheriniň häkimi Gazanpar bilen bagyň içinde günortandan namazşama çenli ikiçäk gürrüň edipsiň, kimdir biri ýanyňyza barjak bolsa, biçak gaharlanypsyň, kowupsyň. «Ýanymyza hiç kim gelmesin!» diýipsiň, näme, gürrüňiňiz şeýle pynhanmydy?» «Şadranç diýen müňbaşyňy beýleki müňbaşylaryňdan gowy görmegiň sebäbi näme? Onuň bilen ogryn gürrüňleri köp edýärsiň, ony nirädir bir ýere iberýärsiň. Men onuň haýsy obadan näçe paç alandygyny, haýsy galalaryň emirleriniň üstüne azgyrylandygyny bil¬ýändirin. Şadranç diýen müňbaşyňa aýt, indi Mätel raýisiň, Dogan raýisiň obalaryna barmasyn!» «Görýän welin, seniň gyzyň burnuna ýel düşen bolmaly, ol Altyndaşyň ähli atly goşunyny bir ýana, aty bilen özüni bir ýana hasaplaýarmyş. Ýa, Abdylmälik, seniň gyzyň at üstünde gylyçlaşmaga şeýle ökdemi? Gyzyň hakykaty aýdýan bolsa, onda ony atly goşunyma hyýlbaşy edip gulluga alaýyn. Ha-ha-ha!» Diňe bir emir Altyndaş däl, onuň umury istihbarat sahyby26 hem birnäçe gezek Abdylmälik hana, esasan, Altynjan babatda duýduryş beripdi. Olar Altynjanyň üç gyzy, iki oglany urup, olara şikes ýetirendigini, urlanlaryň hossarlarynyň bir gije garaňkylykdan peýdalanyp, Altynjany özünden gidýänçä urandyklaryny bilýärdiler. Altyndaşyň hem sahybyň sözleri Abdylmälik hanyň dünýäsini lerzana salypdy. Indi han gürlemäge gorkýardy, nämedir bir iş etmäge gorkýardy. Gijelerine gözüne uky gelmeýärdi. Hana, onuň içki harasadyny aňan Hajar hatyn adamsynyň gatap, daşa dönen ýeňsedamaryny ýumşatmak, göwnüne giňlik bermek üçin birki gije bäri şebistanyna27 gelýär... 8. Ýazda emire soltan Mahmydyň buýrugy geldi: han bir tümen goşun bilen Nyşapura barmaly, ähli welaýatlaryň goşunlary hem şol ýere barar, şol ýerden Hindistana jihada ugralar. Abdylmälik tä gyşa çenli şugulçynyň azaryndan azat boljakdygyna begendi. Elbetde, bu çykalga däl, ýöne ýaman öz pälinden tapýar, ol uzak gitmeýär. Gyşa çenli pälinden tapar. Abdylmälik han şu pikir bilen bir tümen goşun jemläp, Nyşapura, ol ýerden hem Hindistana sary jihada ugrady. Zamahşary dolandyrmagy bolsa Mansur müňküre ynandy. Adam bende başyna düşen kysmatdan käte gaçyp gutuljak bol¬ýar. Uzak bir ýere gitse, üns bermese, göwnüne, başyna düşen iş öz-özünden aýrylaýjak-galaýjak ýaly duýulýar, ýöne sakyrtga ýapyşan ýerinden aýrylýar, başyňa düşen kysmat welin aýrylmaýar. Şol işi özüň düzedäýmeseň, Alla-da düzedenok. Özüň düzedip bileňokmy, diýmek, saňa başga kysmat garaşýar. Abdylmälik emir ähli zatdan beter durmuşynda şowsuzly¬gyň gopmagyndan gorkýardy... Kakasy Bugrajyk Abdalyň aýylganç kysmaty, onuň gözgyny halda ýatyşy şol wagt sekiz ýaşynda bolan Abdylmäligiň aňynda gorky bolup galypdyr. Şol gorky onuň aňyndan aýrylmaýardy. Gaýtam, adaty bolmadyk herki zat onda gorky döredýärdi. Göwnüne bolmasa, ýakyn günleriň birinde özi, çagalary, hyzmatyndakylar öldüriläýjek, galasy otlanylaýjak ýaly duýulýardy. Onuň häsiýetindäki gaharjaňlygy şol gorkusy sebäplidi. 9. Abdylmäligiň ilkinji iki çagasy öli doguldy. Sadylla onuň üçünji çagasydy. Sadyllanyň gözi çyrçykdan açylmady, ol beden taýdan sagdyn bolsa-da, biraz myllykdy. Oturan ýeri özüniňkidi. Abdylmälik ogluna din ugrundan sowat öwretmegi ýüregine düwdi. Din hadymy bolmak üçin güýç gerek däl. Altynjan welin sagat ösdi. Ýedi aýlykka ýöräp ugran-da bolsa, giç dil çykardy. Daýysy Tümen ýaly galjaň hem urşagan boldy. Abdylmälik gyzynyň urşaganlygyna, dogrusy, guwandy. Ýa¬ňy alty ýaşy dolanda oňa kiçeňräk gylyç ýasadyp berdi, nädip gylyçlaşmalydygynyň tilsimlerini görkezdi, uzak wagtlap gylyçlaşdy. Altynjan agasy Sadyllanyň eşigini geýdi, özüniň gyzdygyny adamlardan ýaşyrmaga çalyşdy. Altynjanyň agasy Sadyllanyň eşigini geýmegini görenler geňlediler, oňlamadylar. Käbir kişiler-ä göni aýtdy: «Emir, sen gyzyňa söweş tälimlerini öwretme. Gyz maşgalanyň orny gazan-çanagyň ýanyndadyr». Emir güldi: «Gyzyma öz siňegini goramagy öwredýärin. Munda näme aýyp bar?! Kämillik ýaşyna ýeter welin, ana, şonda: «Eliňe gylyç al!» diýseňem almaz, ejap eder. Oňa çenli, goý, bekesin». Abdylmälik Altynjana ogryn wesýet bererdi: «Gyzym, og¬lanlaryň haýsysy aýdanyňy etmese, göni urgun! Özem uraňda gazap bilen urgun! Goý, ikinji gezek seni görende gorkudan ýaňa titresin. Bir zat aýtsaň, dessine ýerine ýetirsin. Hiç zatdan gorkmagyn. Gorky erbet zatdyr, ol adamy göýdük edýändir». Altynjan kakasynyň pendini ýerine ýetirmäge çalyşýardy. Ol gaýratlydy, hyjuwlydy. Bir ýerde uzak durasy gelenokdy. Onuň bolşy gyz maşgalanyňka meňzänokdy, ot ýalydy. Ýörjen-ýörjenlikde, gör, näçe gezek ýykyldy. Bir ýeri ganap dursa-da, aglamalydyr hem öýtmedi ol. Özem gaty urşagan, urmagy gowy görýär. Özünden ep-esli uly çagalaram derrew urup agladýar. Üç-dört ýaşynda ondan elheder edip ugradylar. Altynjan öz deň-duş oglanlary bilen göreş tutup, olary uçdantutma ýykýardy. Özünden güýçlüräkleri bolsa urup aglad¬ýardy. Onuň bu bolşuna Abdylmälik heziller edýärdi, gyzynyň öz deň-duşlaryny urmasyndan lezzet alýardy. Abdylmälik emiriň hasaby boýunça on iki-on üç ýaşa ýetende Altynjan çaga kakabaşlygyny goýmalydy. Ýöne ol on üç ýaş¬da-da, on dört ýaşda-da kakabaşlygyny goýmady, gyz eşigini geýmelidigi hakda aýdylsa, utanyp, dym-gyzyl bolýardy. Bir gün ertir Abdylmälik han agasynyň eşigini geýen Altynjana «Öz eşigiňi geý! Sadyllanyň eşigini alan ýeriňde goý!» diýip azgyrylanda, gyzyň uzynly gün aglap oturanyny gördi. Iki günden soň, görse, Altynjan şol öňki oturan ýerinde şindem aglap otyr. Ony ejesem, doganlaram köşeşdirip bilmedi. Ana, şondan soň Abdyl¬mälik han hötjet gyzyna ýagşydan-ýamandan käýemesini goýdy. Näme aýtmak islese, Altynjanyň ejesine aýtdy. Gyzynyň özünden öýkeläp iki günläp aglamasyny Abdylmälik han hiç akylyna sygdyryp bilmedi. Ol gyzynyň bäş ýaşyndaka Arsahuşmisen bazarynda kellesi kesilen aýalyň saçlaryny ýylana meňzetmesini-de akylyna sygdyryp bilmändi. Han ogullaryndan arkaýyndy, gyzynyň täleýi welin ony howsala saldy. Bu howsalasyny hiç kime aýdyp-da bilmedi. Göwnüne bolmasa, Altynjan h iç kimsäniň akylyna sygmajak bir ýowuz etmiş edäýjek ýalydy. Han, ana, şol ediljek ýowuz etmişden juda gorkýardy. 10. Geçen ýyla çenli Abdylmäligiň öýünde üç atabeg bardy. Üç atabegiň hersi emiriň çagalaryna bir dili – arap, pars hem ýunan dillerini öwredipdi, olaryň üçüsem üç dili suwara bilýärdiler. Atabegleriň sahyby Omar emiriň çagalaryny arap dilinden okadypdy. Atabegler bilen baglanyşykly mesele ýüze çyksa, emir diňe Omardan soraýardy. Geçen ýyl emir atabegleriniň Omardan özgesini Altyndaşyň islegi boýunça köşge ugradypdy. Emiriň Omary öýünde alyp galmasynyň sebäbi bir ýa ikiden köpdi. Omar indi diňe bir emiriň çagalarynyň atabegi däl-de, nedimidi28 hem. Ol emiriň-de nedimidi. Ol emiriň hajybydy, Mansuryň kömekçisidi. Emiriň islegi boýunça Omar atabeg Sadylla dagy bilen bir hepde ýunan dilinde gürleşse, soňky hepde arap dilinde gürleşýärdi, ondan soňky hepde bolsa pars dilinde gürleşýärdi. Emiriň çagalary, atabeg berk talap edensoň, öz aralarynda-da başga dilde gürleşýärdiler. Olaryň başga dilde gürleşmelerinden käteler Hajar hatyn, gapydan Mansur kösenmek kösenýärdiler. Abdylmälik emir çagalaryna begzada terbiýesini29 berýärdi, şa çagalary ýaly okadýardy, şa çagalary ýaly hiç bir zadyny kem etmän iýdirip-içirýärdi, geýindirýärdi. Üns bermeýän ýaly bolup ýörse-de, Omar atabegden her gün çagalary hakda hasabat alýardy. Ol çagalarynyň erkin ulalmaklary, döwrüň pähimdar, baý adamlary bolup ýetişmekleri üçin yhlas edýärdi. Olaryň sowatly bolmaklary üçin puluny-da, wagtyny-da, gaýratyny-da gaýgyrmaýardy. Uly ogly Sadyllany Arsahuşmisen şäheriniň medreseleriniň birine okuwa ýerleşdirmek emire o diýen müşgil däldi, ýöne ony Jürjaniýa äkidip, iň atly medreseleriň birine fykh30 ugrundan okuwa ýerleşdirdi. Her gezek Altyndaşyň ýanyna hasabata baranda Abdylmälik bir gije ogly Sadyllanyň ýanynda bolardy. Abdylmälik han käteler çagalaryny daşyna üýşürip, olara öwüt-ündew geçýärdi. Onuň öwüt-ündewi, köplenç, batyrlyk hakda bol¬ýardy: – Hiç zatdan gorkmaly däl. Batyr bolmaly! Gorkaklyk – göýdük¬lik, batyrlyk – myradyňa ýetmek! Men hiç zatdan gorkmaýaryn, siz hem meniň ýaly batyr boluň! Gorkaklyk biziň neberämize ýatdyr! 11. Emiriň on üç-on dört ýaşlaryndaky Altynjan atly gyzy hakdaky gürrüňler, çynaberimsiz, badyhowa rowaýatlar il içinde aýsaýyn möwç alýardy. Özüne göwni ýetýän goç ýigitler Altynjanyň sahypjemalyny görmek üçin ýöriteläp Zamahşara gelýärdi. Altynjan hakdaky rowaýatlar dürli-dürlüdi. Olarda emiriň gyzy özüne imrindirijiligi bilen men-men diýen ýigitleriň agzyna siňek gondurýardy. Ol rowaýatlaryň galabasy Altynjanyň owadanlygy hakda däl-de, onuň taýsyz batyrlygy, güýjüniň deňsiz-taýsyzlygy, şemşerli31 söweşmäge ussatlygy, dünýäniň ýetmiş iki diline suwaralygy hakyndady. Söwdada aldanan käbir adamlaryň haklaryny kezzap täjirlerden yzyna alyp berendigi, nähak ezilenlere howandar çykandygy, Yspyhan, Merw, Bagdat ýaly uly-uly şäherlere uçup gidip, günin dolanyp gelip bilýändigi hakda bir görseň ertekä çalym edýän rowaýatlary adamlar rawydyr bagşy diňlän ýaly bolup diňlärdiler. Şol rowaýatlary diňlän ýaş ýigitlerde gudratly hem owadan Altynjan atly gyzyň didaryny birje ýola görmek sapasy döreýärdi. Ol gyzy nädip duluňa geçirip bolar? Duluňa geçirmek üçin, belki, Abdylmälik hanyň, belki-de Altynjan gyzyň şerti bardyr?! Nähili şert bolsa-da, bagtyny synaga salmaga töwekgel ýigitler bardy. Altynjan özi hakdaky waspa mynasyp sahypjemal gyzdy. Belki, bir ýerlerde Altynjan ýaly görk-görmekli gyz barsa bardyr, ýöne onuňky ýaly sustuňy basyjy peýkerdir keşmer hiç gyzda ýok bolsa gerek. Altynjanda bir artykmaçlyk bardy. Ol artykmaçlyk onuň peýkerindedi, jadyly ala gözlerindedi. Onda sustuňy basyjy bakyş bardy. Özem ol bakyşda ulamalaryň pähim-parasady, hökümdarlaryň hökümdarlygy bardy. Seni etmişiň üçin ýazgarýan atabegiň nägileligi, merdana gahrymanyň buýsanjy bardy. Altynjan bu panyýa hatyn bolup ýaşamak üçin däl-de, äleme hökümdarlyk etmek üçin inen ýalydy. Altynjanyň ýüz keşbinde haýbatly hökümdarlyk keşmeri on iki-on üç ýaşda has äşgär duýuldy. Onuň mähir-muhabbetli ala hem talap¬kär gözleriniň, haýbatly hökümdarlyk keşmeriniň öňünde erkek kişi bolup durmak aňsat däldi. – Wa daryg-a, wala32, Hudaýtagala weledanlaryny33 ymgyr ileri tutýar: özüniň bir erkegi üçin şeýle owadan gyzy dünýä inderipdir. Bu hüýrjemal gyzy erkek kişä dözer ýaly däl-ä. Eliňi degirmäge dözer ýaly däl, ýöne seredip oturmaly perizat bu – diýip, Gülýüzli atly akgyz34 käteler Altynjana bakyp ah urardy. – Wa weýleta, seniň diňe ýörişiňi kyrk gyza çalyşjak däl-ä men. – Arkaýyn bolaý, men äre çykmaryn. – Wa daryg-a, wala, men ýigit bolan bolsam-a bökerdim üstüňe, «Ýa meniň hatynym bol, ýa al meniň janymy harladyp» diýip – diýip, akgyz odanardy. Hakykatdanam, Altynjana seretseň, Allatagalanyň erkek kişileri biçak eziz görýändigini duýýardyň. Onuň akýagyz ýüzi buldurap durdy. Ol ýüz biçak terdi, biçak owadandy. Çalaja ýylgyranda çep ýaňagynda emele gelýän çukanajyk oňa hasam owadanlyk berýärdi. Akgyz bu çukanajygy weledanlary bendiwan etmek üçin Haktagalanyň guran gapany hasaplaýardy. 12. Howlynyň çep tarapyndaky göz-göz otagly haremhananyň birinji otagynda Altynjanyň akgyzy Gülýüzli, ikinji otagda bolsa Altynjanyň özi bolýardy, üçünji otag Altynjanyň ejesi Hajar hatynyňkydy. Altynjanyň şebistany uludy, ýagtydy. Ýere dört-bäş gat haly düşelgidi. Işikden gireniňdäki çep diwarda keşdeli sandyk¬lar hataran goýlupdy. Ol sandyk¬lar mundan bir aý öňem sekiz sanydy. Häzir olaryň sany on dörde ýetipdir. Sebäp, geýim-gejimleri, goş-golamlary sekiz sandyga sygmandan soň, Altynjanyň kakasynyň buýrugy bilen gowy agaç sandyklary ýasamakda Horezminde at alan netjar Haýdara alty sany sandyk ýasadypdy. Şebistanyň töründe ini alty, boýy on iki zirag bolan sypa ýer¬leşýärdi, ol ýerden bir zirag çemesi ýokarydy. Her hili reňkdäki atlaz matadan edilen ýorgan-ýassyklar içerä özboluşly gelşik berýärdi. Sypanyň çar ýanyndan petige berkidilen, aňrysy görnüp duran ýukajyk ak kumaş asylgydy. Altynjan üç-dört ýyl bäri şu sypada ýatýardy. Ol säherhyzdy, her agşam irgözin düşegine geçýärdi. Ala¬daňdandan soň asyl gözüne uky gelmeýärdi. Şeýle bolansoň, ol köp¬lenç ýuwaşlyk bilen baryp, ejesiniň ýorganyna girýärdi. Her hili gürrüňler bilen, her ýerinden hürsekläp, ejesini ukudan oýarýardy. Altynjan jahan çala ýagtylyp-ýagtylmanka kakasy ýaly aýak üstünde bolmagy gowy görýärdi. Akgyz sabada gymyz sagyp, gyzgynja gymyzdan bir şakäsäni dolduryp Altynjana getirip bererdi. Melikesiniň ýanynda oturyp, onuň gymyzy içip bolaryna garaşýardy. Şondan soň Gülýüzli Altynjanyň owsun atýan saçyny darardy. Altynjan şadyýan gyzdy. Degişmegi-gülüşmegi gowy görýärdi. Ol mydama akgyzyna «Köp gürleýärsiň» diýip igense-de, ol gürlemese içi gysardy. Oguzlaryň begzada nebereleriniň gyzlaryna öwredilýän zenan edepleri bardy. Onda gysgajyk ädimler bilen keýik deýin keýerjekläp ýöremek, näzik, inçe ses bilen gürlemek, mylaýym, guş dili bilen erkek kişileriň ýüreklerini gobsundyrmagy başarmak öwredilýärdi. Erkek kişilere haýsy sözleriň hoş ýakýandygy, olar bilen gürleşilende haýsy sözleri aýtmalydygy-da öwredilýärdi. Altynjan «Oguz begzadalarynyň gyzlarynyň edebi» atlandyrylýan sapagy diňlemekden kes-kelläm ýüz öwürýärdi. «Men weledanlara ýaranmak üçin ýörişimem, gürleýşimem üýtgetjek däl. Weledanlaryň gowy görýän sözlerinem öwrenjek däl. Goý, olar maňa hoş ýakjak sözleri, edepleri öwrensinler. Men diňe söweş tilsimlerini, göreş tilsimlerini öwrenjek. Hanjary nyşana atmagy öwrenjek» diýip tekepbirlik etdi. Abdylmälik emir gyzynyň bu batyrlygyny, tekepbirligini go¬wulyga ýorup, onuň bilen öz ýanyndan ylalaşdy, ýöne sesini çykarmaýardy. Altynjan köp wagty atabegiň ýanynda geçirdi. Ondan ylym-bilim öwrenmäge çalyşdy. Atabeg başda Altynjana ylym-bilim, daşary ýurt dillerini öwretjek bolup köp jan çekmedi, onuň bar aladasy Habyl bilen Kabyldy. Altynjan ejesine arz etdi, soň Mansura arz etdi. Barybir, atabeg öňki bolşuny o diýen bir üýtgetmedi. Şeýle bolansoň Altynjan atabege garşy uruş yglan etdi: gije baryp, onuň ýatan düşegine bir küýze suw döküp gaýtdy, köwşüniň bir taýyny gürüm-jürüm etdi, onuň iýmeli naharyna ogrynça kä galampyr, kä zäk atdy. Atabegiň eden «bolgusyzlyk¬lary» köpeldi: ol bişip duran gazany düňderip gaçýar. Teblehanadaky atlary çykaryp goýberýär. Bagyň dowçalaryny ýygyp, elguşlaryň öňüne dökýär. Abdylmälik hanyň gowy görýän hytaý çäýnekleriniň ýigrimi sanysyny döwüp, dalana zyňypdyr. Ähli bolgusyzlyklary eden Omar atabeg. Onuň edendigi hakykat, çünki ony Altynjan görüpdir. Diňe Altynjan däl, Altynjanyň kenizem görüpdir. Habylam, Kabylam görüpdir. Gören kän. Altynjan yzyna birtopar oglan-gyz tirkäp getirýär. Olaram hakyt görüpdirler. Atabegiň «bolgusyzlygy» nädip edendigine, nädip durandygyna, soň haýsy tarapa gidendigine çenli takyk aýdyp otyr olar. Gören adam takyk biler-dä! Biri hötjet bolsa, Omar hötjetdi. Üç dili hem hötjetliginiň hasabyna öwrenipdi. Ýöne onuň hötjetligi Altynjanyň höt¬jetliginiň ýanynda gara şaýa-da degmeýän bolsa nätjek! Hötjetliginiň ýol almajagyny bildi görgüli. Onsoň Altynjan bir zat sorasa, islese-islemese, jogap bermeli boldy. Özem jogap bereniň bilenem bolaýanok, Altynjanyň göwnünden turmaly. Garasaý, Altynjan doganlaryndan öňe omzady. Kabyl bilen Habyl atabegiň Altynjana sapak geçişine öwelişip seredip oturdylar. Meýdanda serkerdelik hem söweş tälimleri öwrenilende-de Altynjan doganlaryndan öňe düşdi. Doganlarynyň hiç birisiniň hem Altynjan bilen dawa edesi gelenokdy. Sebäp Altynjan sähel zat üçin gyzylýumruga girmegi hiç zatça görenokdy. Doganlarynyň içinde Altynjandan almytyny almadygy-da ýokdy. Asyl, uranda agyrar, yzy erbet bolar diýen pikir ýok onda. Ata-baba köýüp ýatan ary bar ýaly, bar güýjüni jemläp, şeýle bir hykyldadýardy welin, ýumrugy degen ýerini böwsüp aňrysyna geçäýjek-geçäýjek bolýardy. Hudaý saklasyn! Iň gowusy, onuň gaharyny getirmezlik! Altynjanyň gaharjaňlygy, gyzmalygy kakasynyňka meňzeýär¬di. Abdylmälik han hem sähel zat üçin gaharlanyp, gör, näçe gezekler Hajar hatyny urdy! Gör, näçe gezekler ogullary Sa¬dyllany, Kabyly, Habyly urdy! Han uransoň, olar bir hepdeläp, käteler ondanam köp wagtlap ýerlerinden galyp bilmän ýatardylar. Altynjan hem edil kakasy ýaly rehimsizdi. Ol on iki ýaşynyň içinde zamahşarly üç sany gyzyň, iki sany oglanyň käsiniň elini, käsiniň aýagyny döwdi, käsiniň ýüzünde tyg yzyny galdyrdy. Olary näme üçin şikes salyp urandygy hakda kakasy gyssap soranda, Altynjan anyk jogap bermedi. Şeýle-de bolsa, han gyzynyň biçak gaharyny getiren syryň nämedigini çak edýärdi hemem gyzyny öz ýanyndan oňlaýardy. Hut şonuň üçin ol gyzyna käýejek hem bolmandy. Altynjan üç gyz bilen iki oglana şikes salyp urandygy üçin bir¬jigem ökünmeýärdi, gaýtam, özüni geçirimlilik eden hasap¬laýardy. «Ikinji gezegem şol sözleri aýtsalar, onda men olary hökman öldürerin» diýip, ol gazaplanýardy. 13. Altynjan eden işi üçin özüne kast ediler öýtmändi. Sebäbi ähli kişini ol kakasyna garaşly hasap edýärdi. Galadaky ähli ýaşaýjylara Altynjanyň kakasy tötek berýär. Eger tötek, ýegesi bermese, olar aç öler. Olary iýdirip-içirip ýören adamyň gadyryny bilmeli! Abdylmälik hana hormat-gadyr goýmaly. Çagama şikes ýetdi diýip ar aljak bolmaly däl! Haýp, Altynjanyň pikir edişi ýaly bolmady. Alagaraňky gijeleriň birinde Altynjan ýerli oglan-gyzlar bilen daşarda gizlenpeçek oýnap ýördi. Şonda iki sany gara Altynjanyň üstüne towusdy. Olar onuň çem gelen ýerine urmak urdular. Iki garanyň ellerinde daş bar eken. Olar Altynjany tä özünden gidýänçä urdular. Garaňkylykda özünden giden Altynjany agtaryp tapmadylar. – Altynjan! Altynjan! – diýip, garaňkynyň içinde Habyl bilen Ka¬byl, Mansur bilen Omar, Babyr bilen Dowguş ony agtarmak agtardylar. Jahan ýagtylanda özüne gelen Altynjan: – Akgyz! Akgy-yz! – diýip gygyrdy. Mirşepler ylgap geldiler. Derrew Altynjanyň düşen ýagdaýy hakda emire habar berdiler. Altynjanyň ýagdaýy gaty agyrdy. Ol bir aýlap düşekden galyp bilmän ýatdy. Onuň synalarynda şikes ýetmedik ýeri ýok diýen ýalydy. Altynjan ähli şikesleriň içinden çep çekgesiniň üstünden salnan şikese gynanýardy. Onuň özünden gitmegine-de çep çekgesine daş bilen urulmagy sebäp bolan bolsun gerek. Tümen daýysynyň beren aýnasy bilen ol zol-zol ýüzüne sered¬ýärdi. Göwnüne bolmasa, ol ýara ömür aýrylmajak ýalydy. Abdylmälik emir gyzyny uran adamlaryň kimlerdigini anyk bilmese-de, çak edýärdi. Ol dawanyň ula ýazmagyndan ätiýaç edip, hiç kime hiç zat diýmedi. Altynjan welin zol-zol özüne kast edenleriň kimlerdigini anyklamagy Mansurdan talap edýärdi. Naýyp söz berýärdi, ýöne sözüň yzy gelenokdy. Altynjan kakasyna ýüzlendi: – Baba35, meni uranlar kimler?! Näme üçin olar şindem belli däl? Men çak edýän olaryň kimlerdigini! Aýaga galsam, men olaryň gözlerinde ot ýakaryn! – Gyzym, hiç kime hiç zat diýme! Bu dünýäde bihasap zat ýok. Her kim edenini görmeli dünýä bu. Allatagalanyň islegi şeýledir. Senem urduň-a olaryň çagalaryny!.. 14. Altynjanyň ýagşy hulklary köpdi. Iň esasysy, ol öz galasynyň oglan-gyzlaryny goňşy galalaryň, obalaryň urşagan oglanlaryn¬dan döş gerip goraýardy. Zamahşaryň oglanlary goňşy galalaryň, obalaryň oglanlary bilen topar-topar bolup urşardy. Ana, şonda goňşy obanyň, galanyň oglanlary zamahşarly oglanlara gyjyt bererdiler: «Hä, günüňiz şuňa galdymy? Hany, sizde erkeklik namysy ýokmy? Bir naçaryň arkasyna bukulmaga utanaňzokmy?», «Belki, sizem heleýsiňiz?!» Aýratynam galanyň aşak tarapyndaky Buruntak obasynyň oglanlarynyň dili şerebelidi. Şeýle bolansoň, Altynjan garşy¬daşlarynyň ünsüni çekmezlik üçin Sadyllanyň eşigini geýmäge mejbur bolýardy. Oglanlaryň topar-topar bolup uruşmalarynyň yzy tükenmeýärdi. Her aýda iki-üç gezek uruşmaly bolýardy. Şonda Altynjan kyrk sany zamahşarly oglana baş bolýardy. Olara köplenç çiltenler36 diýerdiler. Ýumruklaşyp başlananda ol hiç kimseden kem däldi, gaýtam, ähli deňi-duşundan ökdedi. Çünki ol uruşmagyň tilsimlerini bilýärdi. Onsoňam rehimsizlik bilen uruşýardy. Soňky darkaş – mundan alty gün öň Janahyr halwaçynyň Iman diýen ogly bilen boldy. Imanyň yzynda altmyşdan gowrak oglan bardy. Altynjan dagy bolsa çiltendi. Uruşmaga sebäp bolan zat – Iman Kabylyň ýanynda özüni ulumsy alyp barypdyr, sadyklyk etmändir. «Näme üçin buruntaklylar zamahşarlylary görende egilip tagzym etmändirler?! Iman: «Egilip tagzym etdim» diýýär. Kabyl: «Edenok!» diýýär, ol ýalan sözlemez ahyryn. Üýşüp bardylar. Buruntaklylaryň öňem gözleriniň otlary alnan. Barybir, uruşdylar. Uruşda çiltenler altmyş buruntaklydan rüstem geldi. Ýeňlen altmyş buruntaklyny hataran durzup urmak urdular. Altynjan Imana ýer bagyrtlap ýatmagy buýurdy, özem ýedi gezek ötünç soratdy. Zamahşarlylar näme buýursalar, buruntaklylar soňky gezek sadyklyk bilen ýerine ýetirdiler. Altynjan dagy Buruntaga bir gün öňem gelipdiler. Onda Palta diýen kişini urupdyrlar. Sebäbi Palta Altynjanyň jorasy Balnäziň kakasynyň münüp barýan ýabysyna göwnüýetmezlik edipdir. Zamahşarly oglanlar bir hakykata göz ýetiripdiler. Olar darkaşa Altynjansyz çykan gezekleriniň ählisinde wejera bolup ýeňildiler, uruldylar. Altynjan barka welin – haýran galaýmaly – ýeke gezegem ýeňilmändiler. Buruntak obasynyň kethudasy Janahyr Geçdeki Abdylmälik emir bilen ýegana dost. Ol, gör, näçe gezek emiriň ýanyna zamahşarly oglanlaryň eden-etdiliklerinden arz edip geldi, ýöne ýeke gezegem Altynjanyň ady tutulmady. Näme üçin? Sebäbi Altynjan Sadyllanyň eşigindedi. Wah, erkek eşigini geýende-geýmände buruntaklylar onuň kimdigini magat bilýärdiler, ýöne «Bizi gyz urdy» diýmek olar üçin masgaraçylyk boljakdy. Şonuň üçin hem ol hakda hiç zat aýtmaýardylar. Gürrüň zamahşarly çiltenler hakda giderdi. Dogrusy, Altynjan darkaşdan çäksiz lezzet alýardy, ýöne ulal¬dygysaýyn ýumruklaşmalar oňa lezzetsiz duýuldy. On iki ýaşdan soň, ol ýumruklaşmagy däl-de, ýataganly37 darkaşy has gowy gördi, has uly darkaslara gatnaşmak isledi, doganlary bilen her gün ýataganda güýç synanyşdy. Özem bir dogany ýadasa, ikinjisi bilen, ikinjisi ýadasa, Anuşirwan bilen gylyçlaşmaga başlady. Doganlary, Anuşirwan dagy gylyçlaşmak islemese, olara ýalbarmak ýalbarýardy, olary özi bilen darkaş gurmaga razy edýärdi. Dogrusy, käteler haýbat atýardy. Olary zorluk bilen türgenleşik geçmäge mejbur edýärdi. Özem ol gylyçlaşanda gaty rehimsizdi. Garşydaşynyň bir ýerinden gan çykarmasa, aňsat-aňsat rahatlanmaýardy. Oýnagyň gylyçdyr ýatagan bolsa, betbagtlyk alysda däl. Şol gezek hem Habyl darkaşmak islemeýändigini telim ýola aýtdy. Ýöne, barybir, ony Altynjan gününe goýmady. Habyl göwünli-göwünsiz eline ýatagan aldy, goranan boldy. Bar zat göz açyp-ýumasy salymyň içinde bolup geçdi. Altynjanyň ýataganynyň ujy sähel aşak egilen Habylyň görejine gürsüldäp çümdi. Habyl «Waý» diýip çirkin gygyrdy. Altynjan ýataganynyň ujuny gözden azarsyz almak üçin towlap özüne çekdi. Wa daryg-a, towlamaly däl eken: göreç iki bölek bolup patlap ýere gaçdy. Habyl elindäki ýataganyny ýere taşlady, agyrysyna çydap bilmän gygyrdy. – Gygyrma, ýerine goýup berjek häzir! – Altynjan Habylyň waweýla eýlemegine, elindäki ýataganyny ýere taşlamasyna gahary geldi, ony düýt-müýt edäýerli göründi, ýöne gözden çogup akýan gany görüp, inisiniň çirkin-çirkin gygyrmasynyň ýöne ýerden däldigine, telek iş edendigine, guma bulaşyp ýatan gözi indi ýerine goýup bilmejekdigine biraz düşündi. Altynjan dokuz ýaşyna çenli gorky diýen zadyň nämedigini bilmän ýaşady. Ýöne dokuz ýaşa gadam urup, ýedi ýaşly jigisi Habyly bir gözünden mahrum edip, gorky duýgusyny başdan geçirdi. Altynjan bir hepdeläp ýeke döwüm çöregem iýmedi, uzynly gününi hem uzynly gijesini Habylyň başujunda oturyp, gözýaş döküp geçirdi. Her edip, hesip edip Habyla ýaranmaga çalyşdy. Ol doganyň ýürege nähili ýakyn bolýandygyny duýdy. Şu waka hem Abdylmälik hana Omar atabegiň islegini kanagatlandyrmaga – «Altynjana ýeterlik gözegçilik etmändigi üçin» Uzperini akgyzlykdan kowmaga bahana boldy. Görgüli daldaw istäp Omara ýüz tutupdy. Kowdurýanyň Omar atabegdigini ol bilmese näme! 15. Altynjan on iki ýaşynda berdaşly, uzyn boýly bolansoň, atyň üstüne bir bökende münüp bilýärdi. On üç-on dört ýaşlarynda bolsa, ol çapyp barýan atyň üstüne böküp münmegi-de öwrendi. Ol at üstünde gylyçlaşmagy, Jeýhun derýasynyň jülgesinde at çapdyrmagy biçak gowy görýärdi. Derýa Zamahşaryň gapdaljygyndan geçýärdi. Bu ýeriniň derýa howasy, derýanyň şogurdap akyp durmasy, onda her hili balyklaryň aşyrym atyp görünmeleri, tokaýda bilbilleriň saýramalary Altynjanyň göwnüne hoş ýakýardy. Guşlaram, balyklaram, suwam, tokaýam oňa ýaranmak üçin yhlas edýän ýalydylar. Göýä bu ýere Altynjanyň göwnüni awlamak üçin Berbed Merweziniň38 şägirtleri ýetmiş iki saz guralyny çalýan ýalydylar. Bu sazy diňläp ganar ýaly däldi, diňledigiňçe diňläsiň gelýärdi. Göýä bu mukamda Berbediň üç ýüz altmyş mukamy jemlenen ýalydy. Derýanyň aňyrsy-da – sagy-da, soly-da giden tokaýlykdy. Derýadan aňyrda – gündogarda onuň babasy, mamasy, Tümen daýysy ýaşaýardy. Altynjan olaryň ýaşaýan ýerlerindäki tokaýlykda bolup görüpdi. Ol ýerde köp-köp keýikleriň bardygyny-da bilýärdi. Altynjan günbatar tarapdaky tokaýlykda welin entek gezelenç edip görmändi. Şonuň üçin bolsa gerek, onuň şol ýeriniň tokaýlygynyň içinde ýöräsi gelýärdi. Ýöne derýa jülgesi soňky döwürler hatarly-howply hasaplanýardy. Rehimsiz alamanlar barmyş. Olar sähelçe zat üçinem adamlary öldürýärmişler. Entek şol diýilýän rehimsiz alamanlar Zamahşar galasynyň golaýyndan-a gelenoklar, bar bela-beter gaýrada – derýadan aňyrda, Heýtelede, ýöne günleriň bir güni geläýmekleri gaty mümkin olaryň, belki, şu gün geler?! Abdylmälik han Altynjanyň heder edýän şol alamanlaryny jezalandyrmak üçin ýörite atly topar döredipdi, topara alamanlary rehimsizlik bilen gyrmagy tabşyrypdy. Alamanlaryň dörändigi, kä kerwenleri, käte obalary talaýandygy hakdaky habar Ürgenje – Altyndaşa-da ýetipdi, ol öz adamlaryna alamanlary ýok etmegi özüniň umury emeniteti şähri39 boýunça sahybyna berk tabşyrypdy. Abdylmälik han ekizlerini, gyzyny ýanyna çagyryp, olara galadan çykmazlygy berk tabşyrypdy, çünki ol çagalarynyň şol alamanlara gabat gelmeginden heder edýärdi... Kakasynyň sözlerinden soň Altynjan galadan çykmasyny ýygjamlatdy. Sebäbi ol parahat durmuşdan ýadapdy. Göwni darkaşlary, üýtgeşik-üýtgeşik ahwalatlary küýseýärdi. Ol Däli Domrul deýin, özüne garşy çykyp biljek garşydaşa sataşmak isleýärdi. Ýa ähli kişi Altynjança ýokmuka, ondan ejizmikä?! Belki, Däli Domrul-da, Rüstem Zal-da Altynjança ýokdur?! 16. Anna güni Mansura goňşy Buruntak obasyndan ýowuz habar getirdiler. Bu habary naýyp dessine hana ýetirdi: – Emir, Buruntak obasyndaky dostuňyz Janahyr halwaçynyň ogluny öldüripdirler. Abdylmälik han uludan demini aldy. Ol nädip uludan demini almasyn, alada galmasyn?! Ol sebitiň hany ahyryn. Bu sebitiň asudalygy üçin, ilki bilen, jogap bermeli adam – Abdyl¬mälik han. Bir bolmasyz iş bolsa, ony Abdylmälik handan sorarlar. Han derejesini sebiti parahat, asuda sakla diýip berdiler oňa. Ondan: «Näme üçin seniň tabynlygyňdaky sebitde parahatçylyk ýok?! Alamanlar nireden döredi? Näme üçin olary tutup jezalandyrmaýarsyň? Ýa bu habaryň soltanata ýetmegini isleýärsiňmi?» diýip sorarlar. – Kim öldüripdir? – Entek kimiň öldürendigi anyk däl, ýöne Janahyr hal¬waçynyň ogluny öldüren kişini gören adamlar bar... – Derrew kimdigini anyklaň! Kim öldüren bolsa, Oguz hanyň wesýeti boýunça jezasyny beriň 40, başyny kesiň, goý, görene göz, eşidene gulak bolsun. – Wa-weýla, şaýatlaryň sözüne ynanar ýaly däl, hökümdarym. Sadylla duşenbede Ürgenje okuwa gitdi, şondan bärem ol Zamahşara gelenok. – Sadyllanyň näme dahyly bar? – Şaýatlar: «Janahyr halwaçynyň ogluny Sadylla ýaý bilen atyp öldürdi» diýip, heňe gelmejek gürrüň edýärler. Sadyllanyň atam duşenbeden bäri teblehanadan çykarlanok. Elbetde, ony Altynjan sähel salym gezdirip geldi... Mansur gapydan soňky sözüni aýtmadyk bolanda emir şa¬ýatlary töhmet atandyklary üçin jezalandyrjakdy. Ýöne işigaga¬synyň soňky sözünden soň ol dymmak dymdy. Altynjan geçip barýan kişini gep-gürrüňsiz öldüräýermikä? Näme üçin? – Ine, Janahyr halwaçynyň oglunyň arkasyndan sogrulyp alnan peýkam – diýip, Mansur gara gana boýalan peýkamy hana uzatdy. – Mundan tutaryk bolmaz. Biz bu peýkamlary ähli ýere satýarys. – Dogry aýdýarsyňyz, onsoňam... – «Onsoňamyň» näme? – Buruntaklylaryň aýtmagyna görä, hökümdarym, Iman peýkamdan-a ölmändir. – Onda nämeden ölüpdir? – Tebip peýkamy çykaryp, bir derman çalypdyr. Ana, şol dermandan soň peýkamyň çümen ýeri gyzaryp eşen örüpdir, çişipdir. Soň onda gijelewük döräpdir, dört günüň içinde-de gaşanyp-gaşanyp ölüpdir görgüli. Abdylmälik han ýegre dostuna gynanç bildirmek üçin Buruntaga ugrady. Göz atuwyndan welin, näme üçindir, eli ok-ýaýly Altynjanyň haýbatly keşbi aýrylmady. * * * Wah, Janahyr halwaçynyň ol görmegeý ogluny Altynjanyň öldürmek niýeti ýokdy. Onuň ölüm hakda entek doly düşün¬jesem ýokdy. Entek ol ölinem görmändi. Altynjan kenizi bilen süýji hyýallar ummanynda ýüzüp Jeýhunyň kenaryndan gala sary gelýärdi. Ýolda Iman göründi. Megerem, jansyzy41 bolsa gerek, onuň yzynda bir atly ýigit bardy. Iman hem nämedir bir zadyň pikirini edip gelýän bolarly, ol başyny galdyryp Altynjana seretmedem, Taňry salamynam bermedi. Altynjan özüne seredilmegini, baş atylyp, tagzym edilmegini isleýär. Altynjan Imana: «Eý, oglan!» diýip gygyrdy. Iman oňa jogap bermedi. Hawa, hawa, hakyt jogap bermedi! Onsoň Altynjan Imany özüne bakdyrmak, hawa, bary-ýogy özüne bakdyrmak niýeti bilen ýaýyna ok saldy-da, atyp goýberdi. Wessalam! Başga eden ýekeje zadam ýok onuň. Ol şeýlekin atyp goýberdi. Altynjan mydama agasy Sadyllanyň eşigini geýip ýörensoň, oňa: «Sen hakyt Sadylla» diýýärler. Diýmek, Altynjan hakyt Sa¬dylla bolýan bolsa, näme üçin Abdylmälik hanyň tabynlygyndaky sebitde ýaşaýan bir halwaçyjygyň oguljygy hanyň uly ogluna – Sadylla bege tagzym etmeli däl? Ä? Tagzym etsin-dä. Etmese, boljagy ölüm bolmaly bolar-da. Altynjan gözlerine ynanmady: ok arkasyna çümensoň Iman arkan gaýtdy, aýagy üzeňňide bolansoň, aty o görgülini süýräp zut äkitdi. Altynjan doňan ýaly bolup galdy. Gülýüzli birden hünübirýan aglamaga başlady. Altynjan: «Bes et agyňy! Ýogsam öldürerin!» diýip oňa azm urdy. Akgyz görgüli özüne erk edip bilmän, sandyrap ýöne bagyrdy durdy. Onuň agysyndan erbet bir iş edendiginiň wehimi Altynjany gaplap aldy, ol hem gorkup ugrady. Altynjan akgyzy nädip köşeşdirjegini bilmän odandy. Birdenem şeýle galagoply pursatda adamyň erkini eline almak hakdaky «özünden beter bolmak» tilsimi ýadyna düşdi, şol tilsimi ulanmagy makul gördi, onda başga çykalga bolmasa näme? – Men ölýärin, razy bol, Gülýüzli – diýip, Altynjan atdan özüni aşak goýberdi. Gumaksy ýoluň üstünde gözlerini ýumup esli salym ýatdy. Waweýleta eýläp duran keniziň sesi tapba kesildi. Ol gözüniň ýaşyny sylyp, Altynjana ýiti-ýiti seretdi, soňam onuň ýanyna geldi. Sandyraýan elleri bilen melikesiniň elinden çekdi: – Melikäm, aý, melikäm! Size näme boldy? Meni taşlamaň, melikäm! Ýalbarýaryn. Niräňiz agyrýar, melikäm?! Size bir zat bolsa, meni bigüman öldürerler. Altynjan akgyzyň biraz elewremegine pursat bermek üçin, gozganman ýatdy. Biraz salymdan soň akgyzyň hälki Imany unudyp, bar aladasynyň özüne gönügendigini duýubam, ýerinden turdy. – Demiň çykmasyn! Eşidýärmiň, demiň çykmasyn! – Düşündim, melikäm, düşündim. Demim çykmaz meniň, çykar ýaly, mende dem-de ýok – diýip, Gülýüzli ýetişibildiginden mydyrdady. Altynjan eden etmişinden gorkmak gorkdy. Ýaşadygyça onda gorky artyp gidip otyr. Ol ilkinji gezek Habylyň gözüne ýataganyň ujuny sünjende gorkupdy. Wah, ol üç gyzy, iki oglany hem şikesli edipdi ahyryn! Indem Janahyr halwaçynyň ogluny öldürdi, onuň çir¬kin sesi, atyň gapdalynda süýrelip barşy teý ýadyndan çykanok. Bu etmişleri üçin Hudaýtagala ony jezalandyrman-a goýmaz. Hökman jeza berer. Altynjan ýigrimi ýaşlaryndaky hyzmatkäri Dowguşy Buruntak obasyna ýollady: «Janahyr halwaçynyň ogly Imanyň ölendigini ýa ölmändigini anyklap gel. Eger ölen bolsa, onda ony kimiň öldürendigini anykla». «Melikäm, ony öldüripdirlermi?» «Kimdir biri Imanyň arkasyndan peýkam atanmyş». «Waweýla, kimkä ol peýkam atan nejis ganhor?!» Altynjan bu söze çydap bilmedi. Dowguşuň eňeginiň aşagyna şeýlebir batly suňşurdy. Beýle batly urga garaşmadyk Dowguş görgüli honda uçup düşdi. «Nämä sögünýärsiň? Samahullap durma-da, bar, ugra, bilip gel derrew! Maňa seniň akylyň gerek däl!» Dowguş hasanak¬lap ýerinden turdy-da, zut gitdi. Köp wagt geçmänkä Imanyň ölmändigi hakdaky habary getirdi, muňa Altynjan begendi, ýöne onuň begenmesi uzaga çekmedi. Dowguş birki günden soň Imanyň ýagdaýynyň agyrdygy hakda habary getirdi. Tebip ýara em edipdir welin, şondan soň ýara beterläpdir, eşen örüpdir. Dowguş soňky bir gün Imanyň ölendigi hakdaky habar bilen geldi. Şol gije Altynjan uklap bilmedi. – Ene, men gorkýaryn, juda gorkýaryn – diýip, daňdan ejesiniň ýorganyna giren Altynjan pyşyrdady. – Gork, gyzym, gork. Altynjan ejesine geň galyp seretdi. Ejesi hiç mahal gyzyna gorkmagy ündemeýärdi! Näme üçin gorkmaly? – Gorkmak islemeýärin, ene! – Gorkmasaň, ýaşamak kyn düşer, gyzym, ynan maňa. Gyz maşgala towşan ýaly gorkajyk bolmalydyr. Gyz gorkaklygy – asyllylykdyr, näziklikdir. – Gorkaklyk gowşaklygyň alamaty, ene. – Gorkaklyk – asudalykdyr, gyzym. Zenan güýji ejizligindedir. Güýç bilen alyp bolmaýan kişini näziklik, gözellik bilen alýandyrlar. – Asudalyk meniň ýüregime düşýär, ýüregime! Men düşünemok, diňe erkekler batyr bolmalymy? – Erkek kişilere – batyrlyk, zenanlara – gorkaklyk gelişýändir. Hudaýtagala ýaradanda-da erkekleri batyr, zenanlary gorkak edip ýaradandyr. Iki batyr bir öýde ýaşap bilmez. Ýolbarsyň, şiriň tüýi gatydyr. Hemem olaryň sürüsi ýokdur, olar mydama ýekedirler. Towşanyň, pişigiň tüýüni sypap gör, ýumşakdyr. Tüýi ýumşaklyk gorkaklykdan hem ejizlikden alamatdyr. Gyza ejizlik, näziklik, owadanlyk ýaraşar. Altynjan ejesiniň sözlerinden soň esli mahallap dymdy: – Indi onda sen maňa: «Sen edil erkek kişi ýaly» diýip aýtmar¬syňmy? – Gör-ä, gyzym, bedeniň nähili näzik seniň. Mahmal ýaly ýumşak bedeniň bar. Hudaýtagala erkek kişiniň göwnüni götermegiň üçin saňa şeýle eýjejik beden beripdir. – Ene, men hiç kimi halamog-a?! – Seniň halamagyň hökman däl, gyzym. Iň esasy zat, saňa hyrydar çyksal ar , bolany şol. Erkek kişilere ýaranmaga çalyş. Olaryň ýaramazyna-da diňe gowy gyz gerek. – Men hiç wagt erkek kişä ýaranjak bolmaryn. Goý, maňa ýaransynlar! – Ony durmuş görkezer, gyzym. – Ýok, ene, ony saňa durmuş däl-de, men görkezerin!.. – Hudaýdan özüňe hyrydar çykjak äriň tapylmagyny dile. – Eh, ene, seniň maňa gözüň öwrenişipdir. Babam hak aý¬dýar: «Balyň bal bolsa, siňek Bagdatdan geler» diýip... Ynha, görersiň, meniň hyrydarym şeýlebir köp bolar, şeýlebir köp bolar. Meniň didarymy görmek üçin kerwen-kerwen gyzyl harçlarlar. – Magtanmak aýypdyr, gyzym. – Hakykaty aýtmak magtanmakmydyr? | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |