21:28 Altynjan hatyn / 1-nji kitap -2 | |
Ikinji hekaýat
Taryhy proza
SOWAN DEMIR EGRELMEZ 1. Hiç bir är hatynynyň özünden güýçli, özünden başarjaň, özünden suhangöý, özünden batyr bolmagyny islemez. Isleýän bolsa, ol erkek däldir. Erkek kişi üçin hatyny ejiz, gorkajyk bolmaly, kysmatyna kaýyl gelmeli. Işeňňir, mähirli, gaýratly bolmaly. Iň esasy hem owadan bolmaly! Hatyn ärinden biçak gorkmaly, oňa boýun sunmaly, mydama hyzmatynda durmaly, özem bir zat soralmasa, eger-eger geplemeli däl. Elinde ýatagan oýnadyp ýören hatyndan erkek kişileri Hudaýyň özi saklasyn! Emir gyzyna bermek islän bu öwütdir pentlerini atabegiň üsti bilen bireýýäm aýdypdy. Hatyny Hajaryň, akgyz Gülýüzliniň üsti bilenem köp-köp zatlary aýdypdy, özi-de aýdypdy. Ýöne gyzynyň özüni alyp barşy aýdan öwüt-ündewlerini eşidene meňzänokdy. Ol nähilidir bir bolgusyzlyk etse, emir jezany hatynyna bererdi. Altynjan özüni bilmän ýatan ejesiniň başujuny alyp, gözýaş döker oturardy. Ejesiniň düşen gününe özüniň günäkärdigini bilýärdi. «Atasy ursa, gyz betbagt bolar» diýen düşünje bardy, emir gyzynyň betbagt bolmagyndan howatyrlanýardy. Onsoňam Altynjan hanyň bu dünýädäki arzuwydy, umydydy. Ol ýöne-möne gyz däldi, ol – hanyň içki dünýäsidi, han köňul telwasynyň amalyny gyzynda görýardi . Emir gahary gelende gyzyna: – Gyzym, ertirki günüň hakda hem oýlan! – diýmek bilen çäklenerdi. Emir ýagdaýy, çykalgasy bolsa, şu sözem aýtjak däldi, asyl onuň bilen gürleşjegem däldi. Çagalaryna begzada terbiýesiniň berilmegi üçin ol, gör, näçe adama hak-heşdek töledi, häzir hem töleýär, goý, atabeg aladalansyn, goý, akgyzy, hatyny aladalansyn. Onuň etmeli işi galada, öýde abadançylygy üpjün etmek, bolçulygy döretmek, Hudaýa şükür, diňe öýde ýa galada däl, sebitde hem bir kesemen tötek tapman açlygyndan ölýän ýok. Zamahşar galasynyň halwasyny, nogul-nabadyny, peýkamlaryny Altyndaşam, afrasýaplylaram1, Şamäligem2 ýörite kerwenläp satyn alyp gidýärler. Indi Mahmyt Gaznalynyň bezirgenlerem gelip ugrady. Özem göni Zamahşara gelip satyn alyp gidýärler. Abdylmälik tarhan ýaşaýşyndan müň keren razydy. Şu ýaşaýşynyň üýtgewsiz uzak-uzak dowam etmegini isleýärdi, ýöne şeýle süýji durmuşynda ýeke gyzyna isleýşiçe dyýgy berip bilmänligine örtenmek örtenýärdi. Özem onuň örtenmesi ýylsaýyn däl, aýsaýyn artýardy. Ol gözüne del begzada kaklyşsa, derrew Altynjan hakydasynda peýda bolýardy. Ikisini göz atuwynda janlandyranda her gezek ýigit gyzyndan ejiz görünýärdi. Altynjana mynasyp taý teý tapylmajak ýalydy. Wah, gyzyňa är gözläp ýörmek gaty gelşiksiz zat, musulmançylykda ýekinde ýigrenilýän zat. Ýöne han özüni bu babatda çäresiz hasaplaýardy. Gyzyny abraýly bir maşgala bermegi, onuň durmuşa gözügip gitmegini gurnamagy özüniň atalyk borjy hasaplaýardy. Abdylmälik hanyň aňynda Altynjana eýe çykjak Rüstem Zaldan3 ejiz bolmaly däldi. Hanyň hajyraw-hajyraw serkerdeleri kändi. Soňky döwürdäki pikiri gyzyny serkerdeleriniň birine bagyşlamakdy. Altynjan deň-duş gyzlaryndan, şol sanda deň-duş oglanlaryndan aşa dogumlylygy bilen saýlanýardy. Adatça, gyzlar edep-ekramy, ejap¬lylygy, görk-görmegi bilen iliň diline düşse, Altynjan dogumy, merdanalygy bilen göze ilýärdi. Onuň bütin bolşy oguzyň gyz maşgala baradaky düşünjelerine çapraz gelýärdi. Bu bolsa onuň geljekki ykbalynyň üýtgeşik boljakdygyny göz edýärdi. Çünki geljek çaprazlyklardan uç alýar. Çaprazlygyň däl-de, sazlaşygyň hökmürowan bolmagy durmuşyň birsydyrgyn akymynda hiç hili üýtgeşikligiň, döwülmäniň bolmajakdygyna yşarat edýär. Geçmiş bile heminzamanyň arasyna düşýän çaprazlyk täsin hem täze, owal bolmadyk geçmişiň kemala gelmegine sebäp bolýar. Geçmiş bile heminzamanyň arasyna düşýän çaprazlygyň ýok ýerinde geljek mümkin däl. Heminzamana adatdan daşary garşylygyň, garşy çykmagyň ýok ýerinde durmuş akymy öz ugruny üýtgetmeýär. Geçmiş, heminzaman hem-de geljek bitewi, baky hem yrylmaz Wagtyň diňe mukdar – ýyllaryň sany bilen tapawutlanýan bölekleri däl, ol – Wagtyň hili boýunça parhlanýan bölekleri. Şol hil parhlylyk çaprazlykdan gözbaş alyp örňeýär. Adaty düşünjelere, adaty endiklere, adaty ýaşaýşa bolan garşylykdan täzelik döräp, şol täzeligem heminzamanda ýok, täze, başga wagty – geljegi kemala getirýär. Geljegiň özi gelmeýär, ony heminzamanda bolup geçýän çapraz¬lyklaryň çaknyşygy, könelik bilen täzeligiň, adatylyk bile täsinligiň başa-baş darkaşy getirýär. Heminzaman geçmişe howp salmasa, geljegiň geljegine umyt ýokdur. Aslynda wagtyň jismi, pikir edişimiz ýaly, üç sany bölekden – heminzamandan, geljekden, geçen wagtdan durýan däldir. Aslynda Wagtyň ýekeje görnüşi bardyr: ol heminzamandyr. Biziň geçmiş diýýänimiz – wagt taýdan yza süýşürilen heminzamandyr. Biziň geljek diýýänimiz – öňe süýşürilen heminzamandyr. Şularyň özara gatnaşygynda geljegiň hiliniň başga bolmagy adatylyk bilen täsinligiň mynasybetine baglydyr. Biz heminzamandaky adatylygy ileri tutsak, onda geljegiň üýtgeşikligi peýda bolmaz. Geljegiň üýtgeşikligini diňe heminzamanyň täsinligini ileri tutmak kemal edip bilýär. Heminzaman geçmişe sygman başlanda geljege ýol açylýar. Heminzaman öz-özüne sygman başlanda geljek kemala gelip ugraýar. Geçmiş, heminzaman, geljek – bular bütewi Wagtyň aýry-aýry döwürleridir. Döwür bolsa täze aýlawdyr, täze öwrümdir. Wagtyň täze aýlawy adatylyk bilen täsinligiň çaprazlygyndan başlanýar. Täsinligiň möwç urmagy Wagtyň öz-özüne, özüniň öňki hanasyna sygman başlandygyndan habar berýär. Beýik derýanyň, kakabaş hem däli derýanyň öňki hanasyna sygman, gözbaşyndan gelýän hyjuwy bile özüne täze hana edinişi deýin, geljek hem adatylyk hanasyna sygman, täsinlik, adatdan daşarylyk, möwrite garşy çykmak diýen täze hana ýasanyp, täze depgin bilen akyp başlaýar. Altynjan geljegiň alamatydy, şonuň üçinem ony gurşap alýan heminzamany durmuş – ýakynlar, deň-duşlar, ýatlar – bary ony gyýa göz bile garşy alýardylar. Çünki soňkular geljege geçmän, heminzamanda galmaly endikleri, pikirleri, syzgylary, aňlaýyşlary özünde sak¬laýanlardy. Heminzamanda galýan her bir närse bolsa, diňe geçmişe gidýändir. Adamlar Altynjany halaman biljek däldiler, çünki geçmişe barýan adam hiç mahal geljege atlanan adamy halaman bilmez. Geljek hemişe heminzamana meňzeş dällikleriň jeminden kemala gelýär. Şol sebäpdenem ýüzi geçmişe sary bolan adaty köpçülik özüne, öz pikirlerine, endiklerine meňzeş dälleri halamaýar. Heminzaman özüne, öz içine sygmaýan närseleri halamaýar. Heminzaman üýtgeşikligi, üýtgeşikleri halamaýar. Heminzaman täsinligi, täsinlikleri halamaýar. Çünki ol meňzeş dälligiň, üýtgeşikligiň hem täsinligiň öz süňňüne dawa edýändigini, olaryň amal bolmagy bile öz ömrüniň paýawlaýandygyny aňlaýar, syzýar. Ähli ýaşaýyş hyjuwy ýatan, könelişen garry kimin ol adatylygyň rahat öýünde üýtgeýşiň, täzeligiň, başgalanyşyň agyrysyny duýman ýaşamak isleýär. * * * Altynjan süňňi iri bolansoň, çagalykdan ir saýlandy. Megerem, türgenleşigi ýeterlikligi üçin bolsa gerek, ol ýylanyň agzyndan çykan deýin syrdamdy. Mydama gylyçlaşyk türgenleşigini geçip, bekäp ýörensoň bedeni daş deýin gatydy. Näzik görünýän akja elleriniň tokmak deýin agyrlygyny, berkdigini ähli kişiden beter akgyzy Gül¬ýüzli magat bilýärdi. Ähli zady başyndan geçiren adam başyndan geçirmedikden has gowy bilýär. Habylyň gözi sebäpli işden kowlan akgyz Uzperiden soň işde ýeke galan Gülýüzli Altynjanyň ýumrugyny bir ýa iki däl, üç ýa dört däl, juda kän gezekler «dadyp» gördi. Degen ýerini möçükdirip, göm-gök çandyra öwräýýär onuň ýumrugy. Rüstem Zal bir ýum¬ruk uranda şol uran adamy soň ýerinden galmaýarmyş diýip akgyz eşidipdi. Akgyz bolup işläp, ol birmahalky eşiden zadyny durmuşda-da görmeli boldy. Bir uranda galmaz ýaly etmegi Rüstem Zal deýin gahrymanlar başarýandyr öýdüp ýören Gülýüzli Altynjanyň-da hiç bir gahrymandan, hiç bir pähliwandan kem däldigini, gaýtam, hakyt artykdygyny bildi hem gördi. Haktagala zenanlara çäksiz çydamlylyk, çäksiz sabyrlylyk beripdir. Olar işe duran ýerlerinde her hili süteme, ezýete döz gelip işlemäge çalyşýarlar. «Baran ýerinde oňuşmandyr» diýilse, hiç kim Altynjany günäkärlemez, Gülýüzlini günäkärlär. Gül¬ýüzli muňa juda gowy düşünýär. Şonuň üçin ol melikesiniň ähli sütemine merdi-merdanalyk bilen döz gelýär, özüniň çekýän sütemini ýeke erkek kişiniň hem çekip bilmejegini-de bilýär. Ol melikesiniň jebirlerini çekmekden başga çykalga-da görenok. Gidere ýeri-de ýok. Ol Altynjanyň göwnünden turmak, ýaranmak üçin gije-gündiz gaty yhlas edýär. Ýöne, hernäçe yhlas etse-de, käteler Altynjanyň gazabyna duçar bolýar. Dogrusy, Altynjana ýaranmak hupbat. Eger-eger onuň göwnüne ýaranyp bolanok. Diňe akgyz däl, Altynjan köplenç öz-özüne-de ýaranyp bilenok. Şonuň üçin diňe akgyzdan däl, özündenem närazy ol. Käteler özünem düýt-müýt edäýesi gelýär onuň. Hakyt özüni gamçylap uran gezeklerem boldy onuň! Göwre babatda akgyz Gülýüzli Altynjandan artyk bolmasa, kem-ä däl, ýöne gep göwrede däl eken. Billeşmeli bolsa, Altynjan iki sany Gülýüzlinem bagyrdadyp bagrynyň aşagyna aljak. Durşuna gujur bilen güýç ol. Kabyl bilen Habylyň-a gürrüňem ýok, sebäp olar ekizler, Altynjandanam iki ýaş kiçi, ýöne özünden dört ýaş uly Sadyllanam ýere pylçap urýar ol. Ýöne Sadyllanyň tebigatynda göreş tutmak, güýç synanyşmak, gylyçlaşmak, at üstünde oýun görkezmek diýen ýaly zatlar ýok. Ol «ylym uran» diýilýänlerden. Ol pelsepe otarmaga, kitap okamaga ýykgyn edýär. Ürgençden gelende Kabyl bilen Habyly hemem Altynjany ýanynda oturdyp, olaryň gyzyklanýandygyna-gyzyklanmaýandygyna bakman (käteler zoraýakdan), olara medresede öwrenen geň-enaýy zatlary hakda joşup-joşup gürrüň berýär. Şeýle bolansoň galada galan üç dogan medresede öwredilýän zatlary Sadylladan eşidip özleşdirýärler. Omar atabeg Sadyllanyň köp zatlary doganlaryna gürrüň bermesine juda begenýär, oňa zol-zol minnetdarlyk bildirýär. Sadylla gala dynç almaga gelýär, ýöne doganlary soňky aýlar bilgeşleýinden oňa dynç berenoklar: ol gelýänçä agyrdan agyr sowallary taýýarlap goýýarlar. Maksat Sadyllanyň: «Şu soragyň jogabyny bilemok» diýmegi, ony mugyra getirmek. «Sadylla, sen Ürgenje gidip okasaňam, gör, biziň sowallarymyza jogap berip bileňok. Seniň bilýän zadyň ýok. Utanaňokmy?» diýip, Altynjan dagy Sadyl¬lany utandyrmak isleýärler. Şeýle degişmeleri ähli kişiden beter Kabyl gowy görýärdi. Hokgabazdy ol. Okuw okasy gelmeýärdi. Okamazlyk üçin ähli zada kaýyldy. Kimdir biriniň üstünden gülmek onuň iň gowy görýän zadydy. 2. On iki ýaş – oglanyň, dokuz ýaş – gy zy ň ýetişenlik ýaşy hasap¬lanýar. Tüweleme, Altynjan on dört ýaşa ýetdi. Bu ýaş gyzyň kükräp başlaýan ýaşy. Bu ýaş – ýigitleriň gyzlar bilen gyzyklanyp ugraýan ýaşy. Bu ýaşda Hudaýtagala gyzy bägüle öwrüp, erkek kişileri ymsyndyrýar. Altynjandan-a gözüňi aýyrar ýaly däl. Nazary düşen erkek kişini galpylda saljak janperwer gözelligi bar onuň. Haktagala bolsun edipdir oňa. Ol kakasynyň sowgat beren gyzyl atlaz matasyndan özüne tikdiren eşigini geýipdir welin, bu eşik oňa hasam gelşik berýär. Hakyt bir açylan bägülüň bar-da! Hana, beýigi beýik, pesi pes ýerinde, sünnäsi ýetirilen hakyt bir dilnowaz periň bar-da! Hudaýtagala zenanlara eçilmeli bolanda-da, olardan almaly bolanda-da iki paý, Altynjana-ha Hudaýtagala on-on bäş paý gözelligi tarhanlyk edipdir. Uzyn boýly, inçe billi, seýkin ýöreýişli, ala gözli, galam gaşly, hüýrsypat Altynjan atlaz eşigini geýip, toýa-tomga görünse, men-men diýen goç ýigitler süňňüni saklap bilmän elewräberýärler. Ýöne Altynjan men-men diýen ýigitleriň hiç birine-de gabak galdyrmaýar. Ol toýa-tomga barmagy-da halamaýar. Megerem, halamaýanlygy üçin bolsa gerek, ol toýa barsa, köplenç dawanyň tapylmagyna sebäp bolýar, sähel zat üçinem gykylyklaşmakdan gaýtmaýar. Gyz diýeniň edaly bolar, ol-bu zada baş galdyryp ýörmez. Erkek kişileriň duran tarapyna seretmez. Altynjan welin oglanlaryň üýşüp duran toparyny öz topary hasaplaýar. Ýigitleriň haýsy-da bolsa biri göwnüne ýaramaýan bir söz aýtdygy bes, onsoň ol ýigidiň dat gününe: Altynjan sen-men ýok, ýigidiň gulaktozuna ýelmäp goýberýär. Ýigit sähel gaýtargy berjek boldugy – onda ýigidiň ikinji ýola bagtynyň ýatdygy – hälki ýigidiň birki ýumrukda ýerde bulaşyp ýatandyr. Altynjan bolsa ýigidiň turaryna garaşar, niýeti ýene urmak. Guma bulaşyp ýatanam samsyk däl, tursa uruljagyny bilipjik dur ol, şonuň üçin süýşenekläp-süýşenekläp garşydaşyndan ara açar. «Wah, sen bir meniň elimde bolan bolsadyň!» diýip, ýigit hüňürdär-de, zut gaçmak bilen bolar. Ýigidiň sözi düşnükli: ýigidiň elinde bolmak – ýigidiň hatyny bolmak. Hatyn ärine el göterip bilmez. El göterip görsün! Altynjanyň gözünde ot ýakmak isleýän, jany ýanyp ýören japy ýigitlerem az däldi. Diňe bir Zamahşardan däl, töwerekde, gör, näçe oba, gör, näçe kent bar? Şol obadyr kentleriň4 emirleriniň, amidleriniň ogullarynyň käbiri Abdylmälik hanyň gyzynyň näjüre gyzdygyny görmek üçin, ýörite gelipdiler hemem gyzy ogryn-dogryn ýagdaýda synlap gidipdiler. Abdylmälik han bu zatlary bilýärdi. Bilensoň ol gyzyna: «Gyzym, ertirki günüň barada hem oýlan!» diýipdi. Abdylmälik hanyň aýtmadyk sözlerini, ertirki günüň nämesi hakda oýlanmalydygyny Altynjana akgyzy Gülýüzli takyk «terjime» edip berdi: – Melikäm, Hudaýtagalanyň kyrk ýylda sünnäläp ýaradan öz adamyna söýgüsi, yhlasy uludyr. Ol öz perişdelerine-de adamyň hyzmatynda boluň diýip tabşyrandyr. Adamyň hyzmatynda bolmak islemedik bir Iblis atly sowathon hem akyldar perişdesini öz ýanyndan näletläp kowandyr hem onuň nebereleri bilen ýaşap ýören ýerini – Ýeri adama ýaşamak üçin alyp berendir. Hudaýtagala adama: «Şu ýer şu günden beýläk Iblis neberesiniň däl-de, seniň ýeriňdir» diýendir. Onsoň Hudaýtagala erkege hyzmatkär hem höwür bolsun diýip, çep gapyrgasyndan hatynlary ýasandyr hem olara: «Mydama erkege garaşly boluň, mydama erkekleri sypap-sermäp, olaryň göwünlerini awlaň, hyzmat ediň» diýip buýrandyr. Erkek kişileriň Hudaýy ýokardadyr. Zenanlaryň Hudaýy ýanyndadyr, olar – erkek kişilerdir. Enem pahyr aýdardy: «Erkek diýmek – hargulak diýmek» diýip. «Erkek görgüliniň göwnüni tapmak – tüwüden çertik saýlandanam aňsatdyr» diýip. Erkek görgüliniň – hargulagyň iňňäň gözi ýaljak göwni bardyr. Ol göwni tapmak zenanlaryň ýanynda eşik çykarmak ýaly gaty aňsatdyr. Äriň göwnüni tapmak üçin näme etmeli? Ýüzüne gülüp, bakyp, gorkan kişi bolmaly. Wagtly-wagtynda iýdirip-içirmeli! Aýal¬lar, ine, şuny etmeýänligi üçin köplenç taýak iýýärler. Äriňiz gelende öňünden çyksaňyz, ol oturýança siz oturmasaňyz, görgüliniň keýpi çag-çag bolar. Soň erkegiň aýaly bilen işi ýok, garnyny doýuransoň-a oňa ýassyk berseň, asyl aýal gerek däl. Asyl hiç kim gerek däl. Oňa aýaly azar bermese, ol şonça hoş. Är haýranyňyza garnyny doýransoň ýekeje oýnam hoş söz oklasaňyz, onsoň-a bolany, o görgüli seni hoş etjek, saňa ýaranjak bolup, Çyn-Maçyna gitmelem bolsa gider. Allatagala erkegi güýçli, pähimli, zenany bolsa duýgudar, üşükli ýaradypdyr. Erkek hatynlaryň ýanynda açyk kitapdyr, ýöne okap oturmalydyr. Hiç ýerde açylmaýan erkek aýalynyň ýanynda açylýandyr. Hakyky hatyn ärini külbikesinde pyrlandyryp bilýän hatyndyr. Sen, melikäm, özüňi kişi maşgalasynda ýaşamaga taýýarlaber. Äre barmak – taýýar aşyň eýesi bolmakdyr. Äre baraňsoň öýüň eýesi sensiň. Äriň öýe myhmandyr. Äriň seniň hyzmatkäriňdir. Ol ertirden agşama çenli her edip-hesip edip, baýlyk gazanar, gazananyny-da öýe – saňa getirer. Sen onuň ähli getiren zadynyň eýesisiň. Sen onuň getiren etinden gowrup öňünde goýarsyň. Ol bolsa senden minnetdar bolar. Akgyzyň öwüt-ündewlerinden bihabar Hajar hatyn hem adamsynyň: «Gyzym, ertirki günüň hakda hem oýlan!» diýen sözlerini özüçe düşündirmäge başlar: – Balam, Hudaýtagala deň etmän, duş etmezmiş. Oturyp-oturyp oýlanýaryn, hiç akylyma sygdyryp bilemok: saňa özüň pisint birini duş eýlejek bolsa, onda Hudaýtagalanyň günem aňsat däl. Saňa eýe çykjak sendenem-ä bäş beter, aznawur, guduman bolmaly bolar. Eý, Hudaý, men-ä gorkýaryn, balam. Seniň ýaz-gydyň maňa tüm görünýär. – Wa-weýla, ene, men soltan Mahmyt Gaznalynyň gujagyna alyp, at beren, pata beren gyzy ahyryn! Men soltandan – Hudaýyň Ýerdäki wekilinden pataly gyz. Soltanyň ýalkan gyzy bagtly bolman, eýsem, kim bagtly bolsun?! Soltan: «Bu gyz bihal bolmaz» diýipdir-ä. – Bihal däldigiň-ä görüp-bilip ýörün, ýöne ärde nädip oň¬jagyňy göz öňüne getirip bilemok. Är bolan ýigid-ä hatynyna boýun sunmak islemez, senem-ä äre boýun sunjak gyz däl. – Men ýöne-möne adamyň gyzy däl, men Abdylmälik hanyň gyzy! Soltan Mahmyt Gaznalynyň rowaç gadamy bilen dünýä inen gyz men! Men – soltan Mahmyt Gaznalynyň rowaçlyk ýyldyzy! – diýip, Altynjan sesine nazym berdi, enesiniň boýnundan gujaklady. – Ene, maňa är gerek däl. Maňa enem gerek. Men şu ojakdan çykyp hiç ýerigem gitjek däl. Kowsaňyz, Ho¬rezm kölüne5 giderin. Şol ýerde-de ýaşaryn. Ýogsamam ömrüm ötýänçä siziň ýanyňyzda ýaşajak. – Wagtynda äre barmasaň bolmaz, gyzym. Senden çaga önmeli. – Maňa çaga-da gerek däl, ärem. – Säher çagy beýle diýme, gyzym, beýle diýme. Birden perişdeler eşidip: «Omyn!» diýäýmesinler. – Goý, diýsinler. Şu ýaşaýşym gowy meniň. Men hiç ýerigem gitjek däl – diýip, Altynjan agy gatyşykly dillendi. Soňam aglap ugrady. – Aglama, gyzym, aglama. – Ene, ýalbarýaryn, meni kowmaň. Meniň hiç ýerik gidesim gelmeýär. – Seni kowýan adam barmy näme?! – diýip, Hajar hatyn gyzynyň gözüniň ýaşyny sylyp, köşeşdirmäge çalyşdy. – Men diňe seniň bir eliňde ot, beýleki eliňde suwuň bardygyny, saňa olaryň haýsam bolsa birini saýlamagyň zerurdygyny aýtmak isledim. Adamzat hem-ä rahatlykda, şol bir wagtda-da hyjuwlar içinde ýaşamak isleýär. Adamzat hem-ä ýaşamak isleýär hem-de ölmezlik isleýär. Adamzat munuň mümkin däldigine akyl hem göz ýetirse-de, barybir, bir elde iki garpyz tutmak islegi, düşünjesi bilen ýaşaýar. Adamlar ömürleriniň, ýaşaýyşlarynyň rahaty üçin durmuşyň birsydyrgynlygyny isleýärler, ýürekleriniň, hyjuwynyň kanagat tapmagy üçinem durmuşyň üýtgeşikligini isleýärler. Birinji isleg olarda gorkak bolmak, ikinjisi batyr bolmak höwesini bir wagtda döredýär. Birinji isleg olary heminzamana, ikinjisi geljege tarap çekýär. Şu iki tarapa çekişligiň arasynda adamzadyň ýaşaýşynyň bütin gyzygy hem manysy ýüze çykýar. Diňe asudalygynyň, rahatlygynyň bozulmagyndan gorkmaýanlar durmuşy ösüşiň täze basgançagyna getirip bilýär. Şeýle adamlar ýaşaýyş hyjuwyny, ýaşaýyş gujur-gaýratyny bedeninde hem kalbynda göterýän kişilerdir. Adamlar, näme üçindir, şu hili adamlaryň erkek kişileriň arasyndan çykmagyna razylyk hem isleg bildirýärler. Bu müňlerçe ýyllyk erkek kişileriň hökmürowanlygynyň netijesimikä ýa-da öz ýaradylyşy, öz tebigaty boýunça erkeklige geljek, aýallyga heminzaman degişlimikä?! Heminzaman – aýal¬lyk, geljek – erkeklik jynsynda bolmalymyka?! Türkmen «aýal – maşgala» diýen pikire gulluk edýär, maşgala bolsa üýtgewsizlik kanunydyr, çünki üýtgemeklik maşgalanyň dargamagyna getirýär. Onda hut aýal, zenan adaty durmuşyň, däp-dessurlaryň aman saklanmagynyň esasy daýanjy, bar umydy bolmaly-da?! Altynjan türkmeniň heminzaman – aýalyňky, geljek – erkegiňki diýen düşünjelerine çapraz gelýärdi, özem bütinleý çapraz gelýärdi. Onuň hereketleriniň hem bolşunyň, häsiýetiniň hem düşünjesiniň göze gelmeýänliginiň aňyrsynda şol düýpli sebäp ýatýardy. Heminzaman – asudalygy, geljek – nämälimligi sebäpli howatyrlylyk bolup duýulýar. Howatyrlylygy diňe töwekgel ellere ynanyp bolar diýen ynanç Altynjanyň ähli ýakynlarynyň oňa bolan garaýşyny kesgitleýärdi. Emma Altynjanyň hulky, ýaradylyşy bu gyzyň durmuşy özgerdip bilýän güýje eýedigini görkezýärdi. Onuň bütin durky adamzadyň adata öwrülen ýaşaýşyny özgertmek üçin beýik Biribaryň adamyň ýadyna-oýuna düşmeýän, adamzadyň erkine garamaýan nähili geň-taňlyklary kemal edýändiginiň ýene bir gezek göze görkezilmesidi. Oňa alyşmaýan gapma-garşylyklary alyşdyrmak, birikmeýän nokatlary birikdirmek ukyby ýazylypdy. Ol üýtgewsiz ululyk bolan maşgala esasynda üýtgeýän ululyklaryň täze-täze ýüze çykmalaryny amal etmelidi. Munuň üçin Allatagala oňa üýtgeşik hulk, üýtgeşik ykbal, üýtgeşik paý berdi. Durmuş paýy adata laýyklykda gorkaklyk hem boýun egmeklik bolmaly bu zenan batyrdy hem boýun egmezekdi, adata laýyklykda paýy asudalyk hem mal-mülk bolmaly bu gyz hyjuwa hem mal-mülkden has ýokardaky beýikliklere telwas edýärdi. 3. Hajar hatyn ogullaryndan arkaýyndy. Olaryň ählisi ylym almak, soňam öýlenmek, aýratyn öý-işik bolmak, baýamak maksady bilen ýaşaýardy. Olaryň islegem, özlerini alyp baryşlaram musulmançylygyň kada-kanunyndan – sünnetinden çykanok¬dy. Ýöne Altynjanyň islegem, özüni alyp barşam, maksadam musulmançylygyň hiç bir sünnetine laýykat gelenokdy. Hajar hatyny gynandyrýan iň esasy zat Altynjanyň baýlyk, gyzyl, maşgala bilen gyzyklanmaýanlygydy. Eger şu zatlar gyzyklandyrmasa, onda bu dünýäde adamy başga haýsy zadyň gyzyklandyryp biljekdigine teý akyl ýetirip bilenokdy. «Bu dünýäde baýlykdan, maşgaladan başga gyzyk ýok ahyryn!» diýip, Hajar hatyn odanýardy. «Baýlykdan beýikde diňe Alla bar, baýlyk bolmasa – Alla ýardam bermese, maksadyňa ýetip bilmersiň. Baýlyk ýok ýerinde, mertebe-de ýok!» Bu sözleri Altynjana daýysy Tümen beg aýdypdy. Şonda Altynjan daýysynyň aýdanyna garşy çykanam bolsa, näme üçindir, onuň sözleri soň-soňlaram gulagynda ýaňlandy durdy. Soň-soňlar ol baýlyk bilen mertebäniň arasyndaky mynasybet barada öz pikiri bilen Tümen begiň pikiriniň arasynda aslynda hiç hili gapma-garşylygyň ýokdugyna göz ýetirdi. Has dogrusy, durmuş oňa bu dünýäde baýlygyň mertebe şertidigini göz etdi. Elbetde, aslynda mertebäň ýok bolsa, baýlyk seni mertebeli edip bilmeýär. Ýöne ol öz ömründe iliň-günüň öňüne düşjek bolsaň, zatly-mally kişi bolmalydygyna köp gezek göz ýetirdi. Adamlaryň ýaşaýşyna täsir etmek eli boş kişileriň mümkinçiliginiň daşyndaky artykmaçlyk. Öz öňünde, özüň üçin adam saýynmaga mertebäňi duýmagam adam bolmak üçin ýeterlik. Emma jemgyýet, köpçülik seniň mertebeliligiň üçin başga talaplary-da öňde goýýar. Adamlar malyň bolmanda-da, seni sylabam bilerler, hormatlabam bilerler, ýöne seni öz ykbalyny çözüji hökmünde görmez¬ler, seniň diýeniň bilen bolup, seniň aýdanyň bilen gitmez¬ler. Altynjana bolsa ýöne sylag däl-de, adamlaryň öz emrine boýun bolmagy gerekdi. Bu eýýäm hulkuň däl-de, hökmürowanlygyň, häkimligiň meselesidi. Gany, asly boýunça Altynjan hökmürowanlyga dalaş etmelidi. Onuň maksady uludy, juda uludy. Uly maksatlar, köpçüligiň ýaşaýşyna dahylly niýetler hökmany suratda baýlyk hem häkimlik bilen baglanyşykly bolýar. «Döwlet» jümlesiniň baýlyk manysyny-da, häkimlik many¬syny-da bermegi durmuşyň öz emele getiren hakykatydyr. Baýlykdan ýüz döndermek häkimlikden ýüz döndermekdir, häkimlikden geçmek bolsa durmuşyň ykbalyny kesgitlemekden ýüz döndermekdir, diýmek, ony başgalaryň eline bermekdir. Altynjan bolsa öz ýasawy boýunça, näme etse-de, şony edip biljek däldi. Onuň dyňzap duran gujury, bimöçber dogumy diňe beýik serişdeleriň – baýlygyň hem häkimligiň üsti bilen amal bolup biljekdi. Baýlyk ýok ýerinde häkimlik, häkimlik ýok ýerinde bolsa ykbal çözüjilik, beýiklik ýokdur. * * * Altynjanyň göwnüni galkyndyrýan bir adam bardy. Ol hem daýysy Tümendi. Tümen ýegeni Altynjan üçin hoş sözlerini gaýgyrmaýardy. Eline düşen geň-enaýy şaý-sepleri-de ýegençisine sahylyk bilen eçilýärdi. Onuň ýanynda hiç bir zadyň müşgili ýokdy. Bir gün Tümen beg özüniň ýedi-sekiz ýaşlaryndaky ýalňyz ogly Anuşirwany Zamahşara alyp geldi. – Mesaýkysy, Arsahuşmisende oglumyň içi gysýar. Şonuň üçin men ýalňyz oglumy size getirdim. Goý, ol iki aýlap sizde bolsun! Men oglumy Altynjana tabşyrýaryn. Ol Anuşirwanymyň lalasy6 bolsun. Altynjan daýysyna sygynýardy. Ony Rüstem Zal hasapla¬ýardy. Tümen beg ýegeniniň özi hakda nähili pikirdedigini, onuň nähili sözleri gowy görjekdigini aňýardy, şonuň üçin, köplenç, onuň göwnünden turaýjak sözleri aýdýardy: – Adam dünýä bir gezek gelýär. Şonuň üçinem ýaşanyňda hiç bir zatdan heder etmän, göwnüň isleýşi ýaly ýaşamaly. Kim göwnüňe degse, maňa aýtgyn. Men seniň aryňy ýerine salyp bererin. Hiç kimiň seniň göwnüňe ýa meniň göwnüme degmäge haky ýokdur. Kim-de kim bize ýamanlyk etjek bolsa, men onuň gözünde ot ýakaryn. Adalat, ine, meniň şu gylyjymyň ujundadyr – diýip, Tümen beg haýbatly gürleýärdi. – Daýy, men hiç kime göwnüme degmegine ýol bermerin – diýip Altynjan ynamly aýtdy. – Giýew! – diýip, Tümen beg soň Abdylmälik hanyň ýanyna bardy: – Bu bäş günlük dünýäge myhman gelendiris. Myhmançylykda uzak oturylýan däldir. Biz hem bu dünýäde uzak myhman bolmarys, uzak ýaşamarys. Şonuň üçin her günümizi gowy geçireli. Men gelenimde Zamahşarda toý-baýram bolsun! Çagalary alyp, awa gideli. Abdylmälik han gaýynagasyna garşy çykmady, mirşikäryna7 awa ugramaga taýýarlyk görmegi tabşyrdy. 4. Abdylmälik emir Mansur bilen awa çykardy. Ýany bilen ogul¬larynam, aýalynam, gyzynam alyp giderdi. Ogullaryny ilkinji gezek awa çykaranda öňden gelýän däbe eýerip, olaryň ellerini gana hem ýaga bulapdy. Olara aýratyn dabara bilen pata beripdi. Hajar hatyn aw bilen onçakly gyzyklanmaýardy. «El ýaly et diýip ylgap ýörjek däl men-ä» diýip, Hajar hatyn aýdýardy. Hatynynyň bu sözüne Abdylmälik emir gaharlanýardy: «Gaçyp barýan keýigi ýetip almagyň, uçup barýan sülgüni elguşly awlamagyň lezzeti bir aýry ahyryn, bu ýaşaýşyň ikinji bir görnüşi ahyryn!» «Öldürmekdenem bir lezzet bolarmy!», «Adam diňe öldürmekden – gandan kanagat tapyp biler!» diýip, emir janygýardy. Bu babatda hanyň öz pelsepesi bardy. Mansuryň awlan awunyň gyzgyn ganyny içmekden lezzet alşy deýin, Abdylmälik hanam käteler togdarynyň, sülgüniň, keýigiň gyzgyn ganlaryny içýärdi, ýöne ol muny görer gözden, aýratyn hem ogullaryndan ýaşyryn saklaýardy. Abdylmälik emir çagalarynyň mydama bir işiň başynda bol¬mak¬laryny, wagtlaryny bähbitli iş bilen geçirmeklerini isleýärdi. Çünki bikärlik adamy sandan çykarýan iň ýowuz ýagy. Çagalarynyň awa gözükmekleri üçin olary ýaşlygyndan öz ýany bilen awa alyp gid¬ýärdi. Olara eldekileşdirmek üçin laçyn jüýjesini satyn alyp beripdi. Birinji gezek laçyn jüýjesini eldekileşdirmegi ogullarynyň ýekesem başarmandy. Getirilen dört jüýjäniň dördüsem ganat çykaranlaryndan soň, üçüsi awa öwredilip ýörkä, soňkusy kapasasyndan çykyp gaçyp gidipdi. Emir öz ogullaryna Käsiň perrende bazaryndan8 togrul guşlary¬nyň jüýjelerini getirip berdi, ýöne ähli ýyrtyjy guşlaryň arasynda bürgüdiň bir görnüşi bolan çagry guşy bilen togrul guşy aňsat-aňsat eldeki bolmaýan eken, adama boýun sunandan olar ölenlerini gowy görýän eken. Olar kapasadan çykjak bolup, diwara özlerini urup-urup ölýärler. Şeýle bolansoň, hiç kim ol guşlardan elguş edinjegem bolmaýar. Abdylmälik han bu hakda bilýärdi, ýöne togrul guşuň jüý¬jesiniň satylýandygyny görüp, belki, eldeki etmegi başararyň di¬ýen inçe tama bilen satyn alypdy. Togrul guşy daglaryň uçut gaýalarynda höwürtge edinýär. Jüýjeleri howpuň ýakynlaýandygyny görseler, özlerini höwürtgelerinden aşak goýberip heläkleýärler, kesekiniň eline düşmegi namys bilýärler, öz ene togrulynyň agzyndan başga ýerden hiç zat iýmeýärler. Abdylmäligiň satyn alyp gelen togrul jüýjejikleri hem hiç zat iýmediler. Özem olar bir aý hiç zat iýmän aç oňdular, soň bir gijede jan berdiler. Öljek gijeleri ysgynsyzja ses edip, uzak jürküldediler. Bu olaryň gije öljekdikleriniň alamaty eken. Tog¬rul jüýjeleriniň tekepbirligi hem ölümi diňe bir Altynjana däl, Habyl bilen Kabyla-da ýaramaz täsir edipdi. Emir inçe tama bilen getiren jüýjeleriniň ogullaryna ýaramaz täsir edendigine gynanmak gynandy. Öz eden telek işiniň öwezini dolmak üçin üç-dört bezirgene niredenem bolsa, laçyn, aýratyn hem şahyn9 jüýjelerini tapyp getirmeklerini tabşyrdy, olar üçin puluny gysganmajakdygyny gaýta-gaýta nygtady. Emire bäş sany şahyn jüýjesini getirip berdiler. Şondan soň emir getirilen şahyn jüýjeleriniň eldekileşdirilmegine gaty yhlas etdi. Onuň yhlasy bilen ogullary hem Altynjan awa gözükdiler. * * * Bu gezekki aw ýigrimi güne çekdi. Ýigrimi güni Altynjan ömrüniň iň sapaly günleri hasaplady. Ol daýysynyň hemaýaty bilen ýigrimi günüň içinde on bir keýik, ýedi sülgün awlady. Olar wagtlaryny aýdym-sazda geçirdiler. Tümen beg şeýle bir gowy aýdymlary aýdýardy. Eline haýsy saz guraly düşse, şirinden şirin çalmagy başarýardy, gözlerini süzüp aýdyma başlanda, oduň başynda oturanlaryň tas hemmesi diýen ýaly onuň bilen goşulyşyp aýdym aýdýardy. Altynjan togdarydyr käkilik awlap, sazak syhyna düzüp otda bişirmegi öwrendi. Çişlik, kakmaç gyzgylt öwüşgin bilen lowurdap ugranda Altynjan olaryň bişendigini bilýär. Ana, şondan soň olary iýdigiňçe iýesiň gelýär. Altynjan açyk meýdanda, oduň başynda ýüzüni oda çoýup oturmagy, çöregiň arkasyna çöp diräp oda gyzdyrmagy, soňundan gyzgyn çöregi kitirdedip iýmegi gowy görýär. Şonda oduň başynda iň ýakyn adamlaryň: ataň-eneň, daýyň, akgyzyň bar bolsa, eşretilik babatda başga hiç zadam isläp bolmaz. Altynjan üçin dünýäde şundan uly eşret ýok. Tümen beg bilen Abdylmälik begiň aratapawudy awda has açyk duýulýardy. Duýulmaz ýaly-da däldi. Tümen beg degişýärdi, gülüşýärdi. Her kime bir henek atýardy. Her hili sözler bilen güldürýärdi. Aýdym aýdan pursady ýegenleriniňem özüne goşulyp aýdym aýtmagyny talap edýärdi. Abdylmälik han agrasdy, hakyky handy. Degişmek-gülüş¬mek, dogrusy, oňa gelişjegem däldi. Ol oduň başynda Afrigogullary nesebi, patyşa bolan ýig¬rimi iki neberesi, olaryň başdan geçirmeleri hakda gürrüň ber¬ýärdi. Ol aýratynam babakelanlarynyň Güne sygynyşlary, Horezmin, Horasan sözleriniň Günüň dogýan ýeri diýen manyny aňladýandygy, bu topragyň mukaddesdigi, bu topraga göbek ganynyň siňendigi, bu top¬rakda ata-babalarynyň ýatandygy hakda köp nygtaýardy. «Biz Gün hanyň ogullarydyrys, her gün sabada täze dogýan Güne salam bermelidiris» diýýärdi, ogullary bilen hataran durup, dogup gelýän Güni maňlaýyna sylardy, egilip tagzym ederdi, salam bererdi. Ol ogullaryna batyr, mert bolmak, haramylykdan, şerden daşda durmak hakda pent edýärdi. Abdylmälik hanyň çagalary köplenç Tümen begiň ýanyndady. Onuň berýän gürrüňleri gyzyklydy. Ol dynç aljak diýip oturmaýardy-ýatmaýardy, uzynly gün aýak üstündedi: bir görseň, ogly Anuşirwana, ýegeni Altynjana gylyçlaşmagyň tilsimini öwredip durandyr, bir görseňem, nädip uçgun döredip, ot ýakmalydygyny öwred¬ýändir. Kakmaçdyr çişlik bişirmekde, göräýmäge, üýtgeşik tilsim ýok ýalydyr, görlüp otursa, ony gowy bişirmegiňem tilsimleri bar eken. Tümen beg bilýänlerini ýegenleridir ogluna üznüksiz öwredýärdi. Çapyp barýan atyň üstünden nyşana urmagy öwrenmäge köp wagt gidýärdi. – Çapyp barýan atyň iki öň aýagy ýerden üzülen pursady – atyň üstüniň iň rahat pursady, ýöne bu örän az salymlyk pursat. Atyň üstünde otur an kişi, ana, şol az salymlyk mümkinçiligi peýdalanmaly. Atyň öňki iki aýagy ýerden üzülen wagty nyşana atan okuň deger, galan pursatlar nyşana degmek mümkinçiligi örän az bolýar – diýip, Tümen beg janygýardy. Her kimiň atyň üstünde oturyşyna, ýaý tutuşyna, nyşana atyşyna baha berýärdi. Tamasy çykmasa käýeýärdi. – Nyşana urmak – soňky maksat. Siz ilki çapyp barýan atyň üstünde oturyp, onuň ýerden öň aýagyny üzüşini öwreniň – diýip, Tümen beg ogludyr ýegenlerini yzyna düşürip, sähra çykarýardy, olara atyň üstünde sapak geçýärdi. Daýysynyň ýanynda bolmak, onuň gürrüňlerini, maslahatlaryny diňlemek Altynjana diýseň hoş ýakýardy, mydama onuň Zamahşarda bolmagyny isleýärdi. * * * Awdan gala dolandylar. Altynjan welin dolanmak islemedi, ýene on-on bäş günläp, Jeýhun jülgesiniň gür tokaýlygynda aw awlamak, göwün hoşlamak isledi. Ol bu hakda kakasyna aýtdy. Birinji gezek aýdanda kakasy ýagşydan-ýamandan hiç zat diýmänden soň ikinji gezegem aýtdy. Abdylmälik han ikinji gezegem hiç zat diýmedi, gyzyna gaşyny gerjeşdirip seretdi. Düşnükli! Daýysy Altynjana ýakyn wagtda Zamahşara gelmäge, ýene awa äkitmäge söz berdi. Tümen beg Arsahuşmisene gaýtmakçy bolanda Altynjan zarlady: – Daýy, indi haçan geljek? – Ýene iki aýdan gelerin, ýöne gelýänçäm gylyçlaşmagy gowy öwren! – Men ökde ahyryn, daýy! – Meniň ýegenim ökdelerdenem ökde bolmalydyr. Ol iki-üç gulama däl-de, on-on bäş gulama taý gelmeli. Sen bihal Altynjan dälsiň! Sen soltan Mahmyt Gaznalynyň mübärek gadamyndan dünýä inen gyzsyň. Sen Allanyň wekilinden – beýik soltandan pataly gyzsyň. Hut şonuň üçinem men saňa oglum Anuşirwany tabşyrýandyryn. Ol edil sen ýaly, gorky diýen zadyň nämedigini bilmeli däldir, çünki gorky bar ýerinde ýeňiş ýokdur. Anuşirwan garadangaýtmaz, juwanmert ýigit bolmalydyr. Dünýäniň eşreti gorky-ürkini bilmeýän kişileriň öňünde açylýandyr. Çünki eşret, bagt mülküniň gapysynyň sakçysy gorkudyr. Ol mülke diňe gorkusy bolmadyk kişiler goýberilýär. Allatagala aýdarmyş: «Batyr ýigitlere zowal ýokdur. Olar üçin meniň ähli ýapyk gapylarym açylar. Men olary islän maksatlaryna ýetirerin» diýip. Altynjan daýysynyň sözüni böldi: – Babam hem edil şu sözleri aýdýar. Ol gorkaklygy halamaýar, biziň batyr bolmagymyzy isleýär. – Kim?! – diýip, Tümen beg ýantgylady. – Babam! Tümen beg nämedir bir zat aýtmakçy boldy. Taýly gezek ýuwdundy, soňam başky gürrüňini dowam etdirdi: – Ýegençim, men seniň aşyraw gözsüzbatyrlygyňy gowy gör¬ýärin. Seniň häsiýetiň Allanyň hoşuna geljek häsiýetdigine ynanýa¬ryn. Sen Anuşirwany juwanmert hem batyr edip ýetişdirmäge çalyş! * * * Tümen beg iki aýdan geljek diýip söz beren-de bolsa, üç aýdan soň geldi, yzynda iki ýüz atly bilen geldi. Beg ýegenlerine birgiden sowgat getiripdir. Altynjan üçin keýigiň şahyndan sap edilen ýatagan sowgat getirdi. Daýysynyň bu sowgady Altynjanyň hoşuna geldi, muňa biçak begendi. Daýysy bilen darkaşyp gördi. Ýatagan darkaşmak üçin biçak gabyldy, darkaşdygyňça darkaşasyň gelýär. Tümen beg owal Altynjana ýüz görülýän aýna, hanjar sowgat beripdi. Altynjan daýysynyň sowgatlaryny biçak gowy görýärdi. Tümen beg geçen sapar gelende: «Indiki sapar gelenimde iki aýlap sizde boljak» diýip, Altynjana söz beripdi, ýöne ol Zamahşarda uzak eglenmedi, Jürjaniýa gitdi. On günden dolanyp geldi. Habyl bilen Kabyly, Altynjany ýanyna alyp, derýanyň akymynyň ugry bilen ugrady. Onuň nirä barýandygyny özünden başga hiç kim bilenokdy. Kabylyň «Nirä barýarys?» diýen sowalyna Tümen beg: «Ynha bararys, şonda görersiň» diýip, başdansowma jogap berdi. Tümen beg uzaga gitmedi. Buruntak obasyndaky Janahyr halwaçynyň öýüne bardy. – Nirede bolsa-da, tapyp getiriň şol çopury! – diýip, Tümen beg jabjyndy. Dört-bäş kişi derrew Janahyr halwaçyny südenekledip getirdi. – Şol tuda daňyň! Janahyr halwaçyny tuda daňdylar. Tümen beg atdan düşüp, çopur halwaçynyň ýanyna bardy. – Eý, çopur, seniň Jürjaniýa, Arsahuşmisene ýetýän uzyn diliň bar diýýärler. Näme, ony hökman men saňa kesip bermelimi? Özüň kesip bileňokmy? Janahyr halwaçy şelaýyn ýylgyryp dur. Onuň ýylgyrmasyndan merdanalygy, gorkmaýanlygy duýulýardy. – Meniň günäm näme? – Wa, sen maňa eden ýamanlygyňy-da bileňokmy?! Halwaçy ýene şelaýyn ýylgyryp, Tümen bege kinaýatly ýüzlendi: – Men näme edipdirin? Tümen beg ýanyndaky oglanlaryň eşitmezligi üçin Janahyr halwaçynyň alkymyna dykylyp baryp, ýuwaşja gürledi. Onuň näme diýenini Janahyr halwaçydan başga hiç kim eşitmedi. Tümen beg öz aýdýan sözüni ýanyndakylaryň eşitmegini islänok, diýmek, gürrüň onuň mertebesini masgaralaýan, degnasyna deg¬ýän söz bolmaly ol. Janahyr halwaçy Tümen begiň sözlerinden soň bujagy çözlene döndi. Aýdylan sözler hakykat bolarly, ony inkär etmedi, ýagşydan-ýamandan hiç zat-da aýtmady. Şondan soň Tümen beg hem gürlejek bolup durmady. Baryp atyna mündi. Birmeýdan töweregine garanyp durdy-da, öz ýigitlerine buýruk berdi: – Öýüni kelete10 ediň, otlaň! Bu habar Altynjany oňaýsyz ýagdaýa saldy. Ol howatyr bilen Habyla seretdi. – Daýy! Janahyr Geçdekiniň öýüni näme üçin otlatmakçy bolýarsyň? Halwaçy Iman diýen oglunyň ölüminem Sadylladan – bizden görüp ýör, meni halanok ol, menden öçli ol. Öýüniň kelete edilmeginem menden görer. Öýüni kelete etme, otlama! – Haý, ýegenim! Men seni beýle towşantüýsüň öýtmeýärdim. Beýle towakgaň bar bolsa, öň aýtmaly ekeniň! Men indi buýurdym. Buýrugymy nädip yzyna alaýyn? – Onuň etmişi näme? – Bu çopur pelit oguzyň iň ýekinde ýigrenýän işini edipdir. – Näme? – Meni Altyndaşa satypdyr. Kabyl elewredi: – Daýy, Janahyr Geçdeki halwadan başga zat satjak adam däl. Bu ýerde bir ýalňyşlyk bar. Altynjan Kabylyň sözüni makullady: – Kabyl dogry aýdýar. Biz Janahyr raýisi tanaýarys, ol diňe halwa satýar. Onsoňam Janahyr babamyň aşnasy. Aşnasynyň öýüniň kelete edilendigi, otlanandygy hakda eşitse, babam ymgyr gaharlanar, bize-de söger. – Näme, näme? Babaň şeýle şugul adam bilen aşnamy? – Janahyr halwaçy bilen babam – içen suwy aýry geçmeýän razdaş. – Görer göze gowy adam ýaly bu, ýöne munuň içinde ýylan bilen içýan mesgen tutupdyr. Seret, daşky sypaty garakçylyk edýän adama meňzeýärmi? Daşyndan seretseň, ýamanlyk çykjak adama meňzänok. «Daşy jäjek, içi möjek» diýilýänleri bu. Aşa sypaýy adamlar iň ýaramaz adamlardyr. Aşa sypaýy adama gabat gelseň, gaçgyn. Sypaýyçylyk – olaryň galkany, ýüzleriniň perdesi . Ýamanlygyň döremegine ýol bermeli däl. Ot tutaşansoň öňüni almak kyn düşýär. Men bu çopuryň bet matlabyna ýol bermerin. * * * Yza gaýdyşyn hiç kimden ses-selem çykmady. Tümen beg Altynjanyň içki islegini bilenligi üçinmi ýa gyssag¬ly işiniň barlygy üçinmi, Zamahşarda uzak eglenmän gitmek bilen boldy. Tümen beg gitmekçi bolanda Altynjanyň ýanyna geldi: – Ýegenim – erkeklerden ýegim meniň. Saňa möhüm habar aýdaýyn. – Aýt, daýy. Men syr saklap bilýän mähekdaşydyryn. – Ony aýtmasaňam bolar. Men seniň syr saklap bilýäniňi-de, merdanalygyňy-da bilýärin. Mesaýkysy, ýegenim, gije ýatanyňda işigiňi içinden kiltläp ýatýarsyňmy? – Ýok, kiltlämok. – Içerde senden başga kim bolýar? – Işigagyzda kenizim ýatýar. Muny näme üçin soradyň, daýy? – Derýanyň aňyrsyndan – öýden ýük geler. Şol ýüki saňa tabşyrmakçy. – Nähili ýük? – Gelende görersiň. Ol işi diňe ikimiz bilmeli bolarys. Men saňa öňünden hiç zat aýtmaýyn. Ýöne iş bitse, men ýanyňa – şebistanyňa bararyn. Barsam, gorkaýmagyn. Altynjan güldi: – Daýy, gorky diýýän zadyň iýilýän zatmy? – Mesaýkysy, men bararyn. – Haçan?! – Haçan geljegimi özümem takyk bilemok. Mesaýkysyny diňe Perwerdigär bilýär. Gepleşdikmi? – Gepleşdik. Altynjan Rüstem Zal, ýagşyzada hasaplap ýören daýysyna garaý¬şynyň sowaşmasyna teý doly akyl ýetirip bilenokdy. Ol daýysynyň Arsahuşmisen şäheriniň bazarynda adamlary jezalandyryşyny görende oňa guwanypdy. Bir aýalyň kellesi öňüne togalanyp düşende gorkmandy. Ol aýalyň iki örüm saçyny ýylana meňzedipdi. Ýöne Janahyr halwaçynyň öýüniň başda kelete edilip, soňundan otlanmagy welin, onuň aňynda harasat döredipdi, daýysyny rehimsiz hasaplapdy. Janahyr emir hakykatdan-da çopurdy, atan-satandy, ýöne sypaýy, hoşgylaw adamdy. Ol Zamahşara köp gelerdi. Abdylmälik han bilen mesaýy gürrüň edip uzak oturardy. Ol gelende emiriň göwni açylýardy. Aňsat-aňsat gülmeýän emir Janahyr halwaçynyň käbir sözüne heziller edip gülýän pursatlary az bolmaýardy. Şeýle bolansoň, Kabyl dagy Janahyr halwaçynyň Zamahşara köp gelmegini islärdiler. Halwaçy ýuwaş gürleýärdi, kiçigöwündi, Kabyl bilen Habyla, Sadyllaga gep goşardy. «Nesip bolsa, her biriňiz bir etrabyň raýisi bolarsyňyz» diýip, hoş söz aýdardy. Onuň sözleri Kabyl daga hoş ýakýardy. Ol ogullarynyň urlandygy üçin öňem birki gezek arz edip gelipdi. «Meniň ogullarym mydama siziň gullugyňyzdadyrlar. Siz näme buýursaňyz ýok diýmezler, aýdanyňyzy ederler, ýöne siz beýdip möçükdirip urmaň olary» diýip, özelenmek özelenerdi. Kabyl dagy halwaça indi gaýdyp urmazlyga söz bererdiler, ýöne şol günüň ertesi, babasyna ýamanlandygy üçin, onuň ogullaryny ýene urmak urardylar. Bu gezek jeza çökder boldy! Janahyr halwaçynyň öýi otlandy! Bu habar hökman Abdylmälik hana ýeter. Soňunyň nähili boljagyny göz öňüne getirmegem gorkuly! Hudaý saklasyn! Öýüň ýanyp durşy Altynjanyň göz öňünden gidenokdy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||