21:30 Altynjan hatyn / 1-nji kitap -2/ dowamy | |
* * *
Taryhy proza
Altynjanyň uklamasy aňsatdy, islän pursady uklap, islän pursady-da oýanyp bilýärdi. Öňler aňsatlyk bilen uklan-da bolsa, ol bu gije teý uklap bilmedi. Kellesine gum dykylan ýalydy. Ilkagşam çala ymyzgandam, ýöne sähel salymdan oýandy. Indem ukusy tutmasa näme! Uklamak üçin her iş edip gördi: sagyna ýatdy, çepine ýatdy. Gözlerini ýumup, hiç bir zat hakda oýlan¬mazlyga çalyşdy, üstüne ýorgan örtdi, barybir, uklap bilmedi. Altynjan hiç wagt ýorgany başyna büräp ýatmazdy, şeýtse demigerdi. Howa hernäçe sowuk bolsa-da, ýorgan ýapynman ýatardy. Has sowuk gijelerem ol ýorgandan kellesini çykaryp ýatardy. Akgyz onuň üstüni daňdana çenli zol-zol ýapmaly bolardy. «Durmuşdan gorkýan, ýöwsel adamlar ýatanlarynda ýorgana çümüp ýatýarlar. Gaýduwsyz, tekepbir, özdiýenli adamlar ýatanlarynda ýorgandan kellelerini çykaryp ýatýarlar. Kelleleriniň üstüniň ýorgan bilen örtülmegini olar sütem hökmünde duýýarlar. Melikäm, seniň ýatyşyňdan gaýduwsyzlygyň duýulýar» diýip, Gülýüzli birki gezek aýdypdy. Altynjan akgyzyň bu sözlerini ýadyndan çykarmandy, ony köplenç öz ýanyndan ölçerip-dökýärdi hem bu pikiri makul hasaplaýardy. Akgyz pelsepe otarmagy gowy görýärdi. Sebäbi melikesi onuň pelsepelerine maýyldy. Ony käteler akyldar Faraby, Eflatun diýip atlandyrardy. Melikesiniň özüni diňleýänligine gylawlanyp, Gülýüzli hasam joşup gürlärdi. Asylam ol gürlemegi gowy görýärdi. Gürlemese, hiç zat iýesem gelmezdi. Wah, onuň özünde pikir ýokdy. Onuň artykmaçlygy – ýatkeşligidi. Bir eşiden sözüni aňsat-aňsat ýadyndan çykarmaýardy. Melikesiniň gowy görjek sözlerini bilýärdi ol. «Gije ýatanda käbir kişi sag tarapyna ýatýar, başga birleri bolsa sol tarapyna ýatýar. Sag tarapyna ýatmagy endik edinen kişilere ýalan-aldaw, mekirlik mahsus bolýar. Sol tarapyna – ýüreginiň üstüne ýatýan kişiler hyjuwly, her bir işe düýrmegi, ýüregi bilen ýapyşýan, batyr adamlar hasap edilýär. Özem beýle kişileri aldamak hem asan hasap edil¬ýär. Olar ýumurtga saç çykypdyr diýilse-de ynanýarlar...» Gül¬ýüzli bu sözleri aýdanda Altynjan onuň sözlerini makullapdy: «Dogry şol, dog¬ry. Sen meni mydama aldap ýörsüň!» Hana, häzir Altynjanyň akgyzy Gülýüzli işigagyzda süýji uklap ýatyr, özi welin uklap bilenok. Ol bir eýlesine, bir beýlesine agdarylyp, uklamak üçin gara çyny bilen çalyşdy. Tümen daýysy alasarmyk halda göz atuwynda janlandy. Ol gyzyl oduň içinde oňa nämedir bir zatlar diýip gygyrdy. Altynjan näçe mukym bolsa-da, daýysynyň aýdýan sözlerini eşitmedi. Birden şatyrdap ýanýan oduň sesi eşidilýän ýalydy. Uklap bilmejegini aňan Altynjan garysyna galdy. Içeride öçügsije çyra ýanýardy. – Akgyz?! Ikinji gezek ady tutulanda Gülýüzli tisginip oýandy: – Melikäm, size bir zat gerekmi? – Men uklap bilemok. Näme üçinkä? – Maňa aýdaýmaly ekeniňiz. Uky damaryňy owkalap berip, ýumşatsam, derrew uklardyňyz. – Gülýüzli uky damaryny owkalamak üçin melikesiniň ýanyna gelip otyrdy. – Düýşüňde ýalyn görmek nämäniň alamaty bolmaly? – Ýalynmy ýa ot? – Näme tapawudy bar onuň? Ikisem bir zat dälmi? – Däl. Ot bilen ýalnyň parhy bar. Onsoňam nähili göreniňe bagly... – O nähili?.. – Wa, melikäm, ýalny, ody her hili ýagdaýda görüp bolar. Ot ýakmak – yşka ulaşmak. Melikäm, siziň düýşüňize ýalyn giren bolsa, onda bu – bir goç ýigide şu günde-ertirde göwün berjekdigiňiziň alamaty. Hakyt şeýle bolar bu, melikäm! – diýip, akgyz Altynjany garsa gujaklady. – Dur, dur, eý, Eflatun, sen meni aldama. – Men sizi aldamok, melikäm. – Sen maňa hakykaty aýtmaýarsyň. Sen şatyrdap ýanýan oduň nämedigini bilýärsiň. Sen ot diýdiň, ýalyn diýdiň, ýöne sen olaryň tapawudyny aýtmadyň... – Men häzir aýdaýyn, melikäm. Ot ýakmak – söýgä uçramak ýa gowy ýigide äre çykmak, ody söndürmek – äriňden aýrylyşmak, şowsuzlyga uçramak. – Men öçürmedim... – Men bilýärin-ä, siziň hiç wagt ody öçürmeýändigiňizi. Awa gidenimizde-de siz ýeke gezegem ody söndürmediňiz, «Goý, doly ýansyn» diýdiňiz her gezek. Oduň alawlap ýanmagy – şatlyk, nämedir bir zada begenjekligiň alamaty; oduň tüsseläp ýanmagy – bir ýalňyşlyk goýberjekdigiň alamaty; oduň içinden ylgamak – ýalançylaryň aldawyndan halas bolmak; bedeniň oda ýanmagy – ile metdi-ryswa bolmak. Ýalyn bolsa – bagty çüwmek¬lik, köp tyllaly bolmaklyk. – Köp tyllaly bolmak?! – Hawa, melikäm, ýalyn – köp tyllaly bolmak. Köp tyllaly bolmak diýende harwar-harwar tylla düşünmeli däl. – Onda nämä düşünmeli? – Harwar-harwar tyllaly äre durmuşa çykmaga düşünmeli. – Eý, Eflatun, seniň aňyňda ärden başga pikir ýok. Sen düýş ýorsaň, hökman är bilen baglanyşykly bolaýýar-la? – Siziň görýän düýşüňiz şeýle-dä, melikäm. Men siziň düý¬şüňizi nädip üýtgedeýin? – Sen maňa güýçli ýalnyň nämäni aňladýandygyny aýdyp ber. – Güýçli ýalyn – güýçli gorky. Meger, bir zatdan aşa gork¬magyňyz mümkin. – Gülýüzli bu sözüni aýdyp gutarmanka daşardan kimdir biriniň aýak sesi eşidildi. Altynjan eline hanjaryny aldy. Işik ýuwaşja açyldy: – Ýegen! Altynjan!.. – Wa, kim bar?! – Altynjan! Bu men – daýyň Tümen! – Daýym! Geliň! Tümen beg çekinjeňlik bilen içerik girdi. – Uklamanmydyň? Men-ä uklap ýatansyň öýtdüm. – Geljek diýip giden günüňizden bäri uklap bilemok. Maňa bir zad-a boldy. – Altynjan sypasyndan düşdi-de, daýysynyň ýanyna geldi. – Onuň sebäbini men çala çak edýärin. – Näme?! – Sen: «Daýym derrew geljek diýip gitdi. Şindem gelenok. Oňa bir zat bolan bolaýmasyn?!» diýip howsala düşensiň. – Gözlerim ýoluňyzda boldy. – Garaşandygyňy bilýärin. – Eýgilikmidir, daýy? – Mesaýkysy, ähli zat gülala-güllük. Pikir edişimdenem kän gowy boldy. Käbir zatlary seniň bilen maslahatlaşaýyn diýibem, görşüň ýaly, ýanyňa geldim. – Şeýle nahanmy? Şeýle gyssaglymy? – Şeýle gyssagly, şeýle nahan bolmasa, ýarygije ýanyňa gelmezdim-ä, ýegençäm. – Siziň üçin men özümi oda urmaga-da taýýardyryn, daýy. – Özüňi oda urmagyň geregi ýok. Hany, aşak oturaly – diýip, Tümen beg ellerini hereketlendirip öndedi. Aşak oturan Tümen beg içerde ýegeniniň ýeke däldigini – akgyzyň hem serasyma bolup durandygyny saýgardy. – Akgyzyň öz otagyna gitsin! Gülýüzli gaty-gaty ýöräp, içerden çykyp gitdi. – Men näme etmeli, daýy?! – Altynjan! Mesaýkysy, men uzak oýlandym: kime ynanmaly, kime syrymy açmaly diýip. Onsoň men kän-kän adamlaryň, ýegenlerimiň içinden diňe seni saýladym. Meniň saňa göwnüm ýetýär. Sen – ot-ýalyn. Mesaýkysy, sen ýalyndan dörän ýegenim meniň. Sende ýekeje aýp bar, ol aýbyňy özüň hem bilýänsiň, ol aýbyň – gyz maşgaladygyň. Ýöne sen gyz maşgala bolsaň hem men-men diýen janymak är ýigitlerden birjik-de kem däl. Gaýtam, artyk sen! Allatagala seni erkek edip ýaradan bolsa, men gelip saňa gulluga durardym. Garaçynym, hyzmatyňda durardym. – Teý ukym tutmady, megerem, siziň geljekdigiňiz üçin bolsun gerek. – Men seniň bihal däldigiňi bilýärin-ä! Sen soltan Mahmyt Gaznalydan – beýik soltandan pataly gyz! Sen hökman baý bolarsyň. Altynjan daýysynyň bu sözüni halamady: – Men baýlygy başyma ýapaýynmy? – Ýegençäm, beýle diýme. Baýlyk – uçar ganat! Baýlyk – samsam gylyç! Baýlyk – Hudaýyň ýardamy, ol hökmürowanlyk! – Men sizi baýlykdan beýik hasaplaýaryn. – Wa, ýegençäm, baýlykdan beýikde diňe Alla bar, baýlyk bolmasa – Alla ýardam bermese, maksadyňa ýetip bilmersiň. Baýlyk ýok ýerinde mertebe-de ýok. – Daýy, ýalňyşýarsyňyz. Meniň baýlygym ýok, ýöne özümi mertebeli11 duýýaryn. Tümen beg Altynjanyň kejirligini halamady, biraz dymyp, toşaňly dillendi: – Ýeri, esasy gürrüňe geçeli. – Hyzmatyňyza taýýar men, daýy. – Meniň häzirki aýtjak sözümi sen hiç kime aýtmaly dälsiň. Eneňe-de aýtmaly dälsiň. Hiç kime! – Hiç kime aýtmaryn diýip öň aýtdym-a, daýy. – O gürrüňimiz hasap däl. Ant iç! – Hökmanmy?! – Hökman! – Hezreti Günden ant içýärin! Enemiň ak süýdünden ant içýärin: öldürselerem hiç ýerde hiç zat aýtmaryn. – Indi meni ünsli diňle. Ýene sähel salymdan şu ýere altmyş düýeden ybarat bir kerwen geler. Ol düýeleriň ýüklerini howla düşürerler. Kerwen gidip, mirşepler gelen ýükden ünslerini sowanlaryndan soň, ähli kişiden nahan ýigrimi düýäniň ýüküni – kyrk haltany seniň şebistanyňa getirmeli. – Şu ýerikmi? – Şu ýere! – Näme üçin? – Seniň ýatan sypaňyň aşagyny gazyp, çukur edip, şol çukura şol haltalary gömmeli. – Köp wagtlap durmaly bolarmy? – Belli däl. – Uzak wagtlap dursa, haltadaky zatlaryňyz çüýremezmi? – Tylla, lagl-jowahyr, gymmatbaha daşlar çüýräpdir diýip, heý, eşitdiňmi? – Ýok, eşitmedim, gymmatbaha daşlar çüýremeýär. – Mesaýkysy, öz sowalyňa özüň jogap berdiň. Öz beren joga¬byň bilen kanagatlanjakmy ýa şerribasy bilen gürrüň bereýinmi? – Wa, daýy, onça-da bir baýlyk bolarmy? – Howlukma, onça baýlygyň bolýandygyny-bolmaýandy¬gyny içeri getirenlerinde görersiň. – Men näme edeýin olary? – Hiç zat etme. – Meniň wezipäm näme?! – Gorap saklamak. – Soň? – Soňuny soň göreris, arkaýynçylykda gürleşeris. – Babam näme diýer? – Babaň hiç zat bilmeli däl. Men onuň bilen ýüküň geljekdigi hakda eýýäm gürleşdim. – Ol bilýärmi? – Ol diňe kerweniň ýarygije geljekdigini bilýär. – Kerweniň ýüki bilen gyzyklanar-a ol?! – Elbetde. Goý, gyzyklansyn. Men ähli zady oýlandym. Seniň sypaňyň aşagyna gömjek-gizlejek bolýan kyrk halta tyllamyz hakda diňe ikimiz bilýäris. Başga hiç kim bilenok. Mysaýkysy, meni diňle! Esasy ýük ýigrimi düýede. Galan kyrk düýedäki ýük esasy ýükden göreniň gözüni güýdüşdirmek, ünsüni sowmak üçin gerek. Mysaýkysy, kerwen Arsahuşmisenden gelýär. Onuň içinde temençeden başlap, kündüge çenli bar. Kumaç bar, ýüpek bar. Hurma bar. Owadan gap-gaçlar bar. Adyny tutan zadyň bar. Häzir kerwen geler. Mirşepler ýükleri düşürmäge ýardam bererler. Bilýärin, Abdylmälik hem gelip ýüke sereder. Soň gider, ýatar. Mirşepler hem ýüküň ýanyndan giderler. Daň atyp ugramazyndan sähel öň meniň oglanlarym nahanlyk bilen kyrk haltany şu ýerik getirer. – Enem görer?! – Eneňi rahatlandyrmak seniň işiň. Onsoňam haltalary getirenimizden soň sen eneň ýanyna gidip ýat. Sebäp bu ýerde rahat uklap bilmersiň. Böwrüne biraz salym diň salyp duran Altynjan kesgin gürledi: – Aýdyşyňyz ýaly ederin. – Senden tamam hem şeýle. – Daýy, kimdir birini taladyňyzmy? – Ýok, talamok. – Onda bu baýlyklar kimiňki?! – Men saňa düşündireýin, ýegenim. Bu baýlyk talaňçylyk bilen gazanylan baýlyklar däl. Bu baýlyklar – babam Tahyr Af¬rasýabyň maňa galdyrýan mirasy. Zamana parahat bolan bolsa, onda bu baýlyk¬lary bu ýere getirmesem-de bolardy, ýöne ertirki güne ynamym ýok. Şonuň üçin häzirki döwürde bu baýlyklary öýde saklamak örän gorkuly. Iki gezek meniň hem babamyň öýde ýok¬lugyndan peýdalanyp talaň etjek, ogurlajak bolup synanyşdylar. Üçünji ýa dördünji synanyşygyň şowly bolmagy mümkin ahyryn! Men bu baýlyklaryň ogrulara, kellekeserlere şam bolmagyny islämok. Onuň üstesine-de, meniň kastyma çy-kanlaram köp. Näme üçin? Sebäbi men ogrulara, kellekeserlere geçirimlilik edemok. Olary rehimsizlik bilen jezalandyrýaryn. Şonuň üçin hem men bu baýlyklary saňa tabşyrýaryn. Ýalňyz oglum Anuşirwany-da saňa tabşyrýaryn. Eger meniň başyma bir ýowuz kysmat düşse, mysaýkysy, ölsem, sen meniň oglum Anuşirwana eýe dur. Ony hiç zada hor-zar etme. Ýegenim, sen bir zady bek bil: seniň daýyň Tümen beg Allatagalanyň beren ömrüni halal ýaşady. Ýeke gezegem haram iýmedi, çagasyna-da haram iýdirmedi. Daýyň babatda seniň, oglum Anuşirwanyň, nesip bolsa, hiç ýerde ýüzi gyzmaz! Men sebäpli aýagyňyza tiken batmaz!.. – Size hiç zat bolmaz, daýy. Halal adamlary Alla goraýar. – Agzyňdan Hudaý eşitsin, ýöne Allanyň haramylary goran gezek¬lerini hem kän gördüm men. Men Allanyň özüme eçilen kysmatyndan müň keren razy. Men özümi bilip merdi-merdana ýaşadym, haýra ýaran, şere galkan bolup ýaşadym. Ejize ýaran boldum, haýyr işleriň ugrunda gezdim. Şere garşy darkaş gurdum. Şerbazlaryň ýüzüne durdum, ýüregimdäkini aýdyp, islänimi edip ýaşadym. Sen entek ýaşawa, wagty gelende, bu dünýäde ýüregiňdäkini aýdyp, isläniňi edip ýaşamagyň nähili manyly, eşretli hem kyn zatdygyny bilersiň. Mysaýkysy, bu dünýä geldiňmi, adam diýen ada mynasyp bolup ýaşamaly. Goý, adamlaryň saňa gözleri gitsin – ine, durmuşyň manysy şunda! – Men size guwanýaryn, daýy! Siz näme etmegi buýursaňyz, buýrugyňyzy gepsiz-gürrüňsiz ýerine ýetirerin. – Häzir meniň üç sany jansyzym çukur gazmaga girişsin. Tümen beg daşarda garaşyp duran üç sany jansyzyny ýanyna çagyrdy. Jansyzlar içeri girdi. Tümen beg olara etmeli işlerini pyşyrdap düşündirdi. Jansyzlar işe girişdiler: sypany duran ýerinden süýşürip, çukur gazmaga başladylar. * * * Kerwen geldi. Ýüki howlynyň ortasynda düşürdiler. – Ertir günortan alyp gitjekmi? – diýip, egnine çuha – çäkmen ýelbegeý atynan Abdylmälik han Tümen bege ynamsyzlyk bilen ýüzlendi. – Hökman, hökman äkitmekçi. – Tümen beg ýantgap gürledi. Altynjan daýysynyň bu sözüne çalaja ýylgyrdy. Sebäbi ol ertir gidilmejekdigini bilýärdi. Bu gije çukur gazyp gutarmazlar, ertir hem gazmaly bolar. Çukurdan çykan gumlary haltalara gapgarmaly. Kyrk halta gumy gündizlikde daşaryk çykaryp bolmaz. Ony gije çykarmaly bolar, howlynyň ortasyndaky ýükleriň içine eltip goýmaly. Bu işleri erte agşam, ýok, erte ýarygijeden soň etmeli bolar. Kerwen birigün ýola düşer. Kerwen bilen daýysy gidermi? Megerem, birki gün Zamahşarda galsa gerek. Eden işiniň nähili ýagdaýdadygyny anyklamasa, rahat ýatyp-turup bilmez-ä ol. Aýallar özleri babatda däl-de, başgalar babatda duýgur, juda duýgur bolýar. Hajar hatyn gyzynyň içki harasadyny derrew duýdy: – Gyzym, sen öňki Altynjan-a däl. Bir ünjiň bar seniň. Menden gizleme, gyzym, aýt. – Ýok, ene, meniň hiç hili ünjim ýok. – Sen menden bir zad-a gizleýärsiň? – Gizleýär, gizleýär, hatyn. Melikämiň näme gizleýändigini men bilýärin – diýip, Gülýüzli ýylgyrjaklady. – Uzak gije uklamady... Wah, Gülýüzli görgüli öz melikesiniň düýş görendigini, ýakyn wagt yşka uçrajakdygyny, maňlaýynyň açyljakdygyny, bir janymak gerçege göwün berjekdigini aýtmakçydy. Şeýdibem hem Altynjanyň, hem Hajar hatynyň göwnüni awlamakçydy. Haýp, ýetişmedi. Altynjan daýysy bilen baglanyşykly syryň üstüniň açylmagyndan gorky edip, akgyzyň üstüne ýaraly ýolbars deýin arlap atyldy. Adam bu dünýäde ýaşap ýörse, her hili zady görýär, her hili ahwalatlaryň üstünden barýar. Käte görmeli däl zatlaram görýär. «Wah, şol pursady görmedik bolsam gowy bolardy» diýip, ahmyr edýär. Gülýüzlüniň düşen kysmatyny-da görmedigiň, eşitmedigiň gowy. Bu hakda däl-de, başga-başga zatlaryň gürrüňini edeniň ybaly. Şonuň üçin Altynjanyň akgyzyň üstüne nädip özüni zyňandygy hakda-da hiç zat aýdylmasa gowy boljak. Edere başga gürrüň kän ahyryn. Mansur gapydan uzynly gün howlynyň içinde doňuz diňini salyp geçirdi. – Bir ýerden ses çykýarmy ýa meniň göwnümemi? – diýip, Mansur ýüküniň ýanynda duran Tümen bege birki gezek sowal berdi. – Men-ä ses eşidemok. Hatynlar eşitgir bolýar. Altynjan, sen ses eşidýärsiňmi? – O nämäniň sesi? Men-ä eşidemok. – Size bir zad-a bolýar. Ýüzüňizem-ä duw-ak. Janyňyz beri sagmy siziň?! Altynjan, Mansur daýyň ýüzüne seret, öz-ä öňki ýüz däl. – Dogry, dogry. Mansur daýy, size bir zad-a bolupdyr. Gula¬gyňyza ses eşidilip ugran bolsa, bu gowulygyň alamaty däl. – Altynjan dogry aýdýar. Biziň diwanymyzda Gaýyp diýip biri bardy. Şolam «Gulagyma ses eşidilýär» diýip günortana çenli birki gezek aýtmaga ýetişdi, günortandan soňam neresse boldy. Biça k gowy ýigitdi. Ýatan ýeri ýagty bolsun. – Wa, daýy, şo dag ýaly Gaýyp gaýyp bolaýdymy? – Wa-daryg-a!.. Wa-hasrat-a!.. – Gülaýym neressäniň hem, Sökmen pälwanyň hem ölmezlerinden öň gulaklaryna ses eşidilipdir. Özüňi tebibe görkezäý, Mansur daýy – diýip, Altynjan halymsyrady. – Ýüzüňizde adam peşweri galmandyr. – Golaý-goltumda tebip barmy? – Bar, bar – diýip, Mansur Tümeniň sowalyna jogap berdi. – Mansur, saňa hiç zat bolmasyn hernä! Saňa bir bolmasyz zat bolsa, men-ä gaty gynanjak. – Menem gynanjak... Mansur polanyň, dogrudanam, haly perişanlaşyp ugrady. Öýleden soň ýagdaýy hasam beterleşdi. Ony göterip tebibe äkitdiler... 5. Şol günden iki aý soň Arsahuşmisenden habar geldi: Tahyr Afrasýabyň aýaly – Altynjanyň mamasy agyr syrkaw ýatyr, ol gyzy Hajary görmek isleýär. Abdylmälik han mundan on bäş gün öň soltan Masut Gaznalynyň çakylygy bilen jihada gidipdi, yzynda Mansury goýupdy. Mansur pola Omary baş edip Hajar hatyny, Kabyly, Habyly, Anuşirwany, Altynjany Arsahuşmisen şäherine ugratdy, olary Jeýhundan geçirip goýberdi. Tahyr Afrasýabyň hatyny gyzy Hajar bilen hoşlaşmak üçin garaşan bolarly. Ol gyzyny görüp, gözünden ýekeje damja gaçyrdy. Ýekeje damja! Altynjan gözden çykan sol ýeke damjany eda bilen syl¬dy. Ene dilden-agyzdan galan eken. Şol ýeke damja enäniň diriliginiň ýeke-täk alamaty boldy. Gije bu dünýä bilen hoşlaşdy. Arsahuşmisene Anuşirwanyň hem gelendigini görende Tümen beg gaharlandy: «Sen näme üçin geldiň? Men saňa Zamahşarda gal!» diýdim ahyryn! Sen näme üçin meniň aýdanymy etmediň?!» «Daýy, Anuşirwany men alyp gaýtdym. Sebäbi siz ony maňa tabşyrdyňyz. Men ony Zamahşarda goýup gaýdan bolsam, bu ýerde arkaýyn oturyp bilmezdim». * * * Altynjan babalarynda bolup, daýysy Tümeni ilkinji gezek tukat keşmerde gördi. Öň onuň ýüzi mydama ýylgyrjaklap durardy. «Daýymyň ýylgyrmaýan, gaharlanýan pursady ýokdur» öýdýärdi. Altynjan daýysynyň gamly keşpde bolmasynyň sebäbiniň diňe ejesiniň ölümi sebäpli däldigini bu ýerde bolan onunjy güni bildi. Kakasy Tahyr Afrasýabyň ýanynda: – Kynyklardan Seljuk ýabgu diýip biri döräpdir. Ol ýogalyp, onuň ýerine uly ogly Ysraýyl ýabgu bolupdyr. Çägede san bar, olaryň neberesinde san ýok. San-sajaksyz ýygyn olar. Ak çekirtge deýin, baran ýerini ýalap-ýülmäp barýarlar. Olardan Gutulmyş, Tog¬rul, Çagry diýip üç sany garadangaýtmaz serkerde döräpdir. Olar biziň başymyza towky bolup indiler – diýip, Tümen beg odukdy. – Kynyklar diýip köp eşitdim, ýöne Seljuk ýabgu diýip, Ysraýyl diýip, Gutulmyş diýip, Togrul, Çagry diýip, men birinji gezek eşidýärin – diýip Tahyr Afrasýap agyr dem aldy. Altynjanyň zenan bilesigelijiligi örç aldy: – Kynyklar diňe Dargan sebitlerinde ýaşaýarmy, daýy?! – Olaryň ýetmedik ýeri ýok. Olar diňe Heýtelede, Horezminde däl, Horasanda-da kän. Ýöne biziň başymyzdan towky bolup inen ganhorlar – kynyklaryň Seljuk neberesi. Nämemiş, seljuklylary soltan Mahmyt Gaznaly gowy görenmiş. Soltan olara Balkanda bäş-alty sany welaýaty ykta-başbugluk berenmiş. – Soltan olary näme üçin gowy gördükä? – Eşidişime görä, seljuklar soltanyň Mamuny mugyra getirmegine kömek edipdirler. Olar indi islendik wagty Altyndaşyň dergähine baryp bilýärmişler, özlerini Altyndaşdan kem gör¬meýärlermiş. Olar gaty okgunly, gije-gündiz ýatanoklar. Özem olar baran ýerlerinde kelete eýläp, ýakalaryny tanadýarlar, oňşanoklar. Şeýle bolansoň, olary kowýarlar. Olary başda Ýaňykentden kowdular. Ýaňykentden gaçyp Jende geldiler. Jentde Aly patyşa bilen oňuşmadylar. Soň olar gaçyp Buharanyň Nur welaýatyny mekan tutundylar. Olar bu ýerde-de garahanly Alytegin bilen oňuşmadylar. Soň bular gaçyp Horasana gidermen boldular. Ana, şonda-da Altyndaş olara howandar çykdy: Gauhor, Rabat-Maşe, Şaruhan etraplary12 ykta berdi. Olar diňe akyn13 bilen gün görýärler, olar diňe barjamly adamlary talap, tumaýak galdyrýarlar, ellerinden iň soňkuja hepbesine çenli zomluk bilen alýarlar. Mesaýkysy, men olaryň akynlaryna ýol bermeýärin, ölerin welin, olary Arsahuşmisene gelmez ýaly ederin. Gaty hüşgär bolmaly, ýogsam köp ogrular, kellekeserler, garakçylar galp ada dulanyp, etjegini edýärler. Galp ada duwlanmak soňky döwür bu ýerde ýoňa öwrüldi. Masudyň adamlary topar-topar bolup aýlanyp ýörler. «Men soltan Gaznalynyň serkerdesi» diýip, yzyna otuz-kyrk kellekeser tirkäp ýörenem bar. Alyteginiň adamlaram bar. Şamälik hem bir ýerde duranok. Mysaýkysy, gara der döküp gazanç etjek bolýan az-az, yzyna biwazy meslekdeş ýygnap, barjamly adamlaryň öýlerini talaýarlar. Biziň şäherimizde dört sany barjamly adamyň öýi kelete edildi. Öýdäki ähli adamlary öldürip, baýlyklaryny alyp gidipdirler. Beýik Perwerdigäriň izni-goldawy birle, men dört öýi tozduran, adamlaryny öldüren kellekeserleriň ählisini tapdym, tutdum. Jezalandyrdym. Şu eden işim üçin şäher ilaty maňa alkyş okaýar, Janahyr pisintler bolsa, maňa ýamanlyk etjek bolýarlar. – Halwaçynyň garakçylar bilen näme dahyly bar? – Sen ol ýigrenjini tanaňok. Şäherdäki dört talaňçylygy eden toparyň biri Janahyr halwaçynyň adamlary eken. Ol toparyň serdary halwaçynyň inisi Dagbaşy bilen Gündiz diýen ogly eken. – Men Gündizi tanaýaryn. Ol goýun ýaly ýuwaş. Men onuň iki gezek urup burnuny ganatdym. – Daşyndan ýuwaş görünýän adamlardan ägä bolgun, ýegenim. Meniň ýaly açyk, ýüregindäki dilinde diýilýän adamlardan gorkup oturmagyn. Olaryň ýüregi arassadyr. Aşa sypaýy, aşa ýuwaş adamlaryň welin, içi ýylan bilen içýandyr. – Oglum, sen köp-köp barjamly adamlaryň galplyklarynyň üstüni açyp, olary agyr güne saldyň. Onsoň olaryň saňa geçirimlilik etmejekdigi düşnükli. Ar almak oguzyň ganynda bar. Olar bu gün seljuk adyny tuwak edinip, sebitde goh turuzýarlar, aslynda bu zatlardan seljuklylaryň habarlary-da ýoksa ýokdur – diýip, Tahyr Afrasýap janykdy. – Eýsem men olaryň galplyklaryna, edýän pyssy-pyjurlyk¬laryna gözümi ýummalymy, baba? – Iliň öňüne düşýän kişi biraz kör, biraz ker bolmaly, Tümen. Ýogsam saňa rahatlyk bermezler, hyştly köpeler. – Babam, maňa rahat ýaşaýyş gerek däl! Goý, az ýaşaýyn, ýöne ýaşanymda ýagşa-ýagşy, ýamana-ýaman diýip ýaşaýyn. * * * Altynjan dagynyň Arsahuşmisene gelen ýigrimi birinji güni Tahyr Afrasýabyň mülkünde işleýän adamlaryň ikisi atlaryny elesledip geldi. – Mülke Togrul Seljukly çozdy. Onuň adamlary mülkdäki jaýlary otladylar. Tümen beg haýdan-haý ata atlandy. Altynjan doganlary bilen daýysynyň yzyna düşdi. Olar mülke barýançalar garaňky gatlyşdy. Aramgäh, göz-göz otaglar gyzyl ot bolup ýanýardy. Töwerekde öňden işläp ýören adamlar bolaýmasa, del adam göze görünmeýärdi. Tümen beg öz atlylaryna buýruk berdi: – Kim eden bolsa, tapyp getiriň. Entek uzaga giden däldirler. Ýeriň deşigine girenem bolsa, Asmana uçanam bolsa, tapyp getiriň! Her on bäş atly bir topar boldy, olar çar tarapa at saldylar. Belki, Togrul Seljuklydan uç tapylar?! Altynjan ýataganyny galgadyp, iki ýana at saldy. Ol bu mahal Tümen daýysyna garşy çykan adamlary uçdantutma öldürmek hyjuwy bilen atyny howlukdyrýardy. – Gözlerinde ot ýakaryn men olaryň! – diýip, ol zol-zol gaýtalaýardy. Toparlar dumly-duşa pytrandan soň, demirgazyk tarapdan ýata¬ganlaryň sesleri eşidilip ugrady. Esli wagtdan soň garaşylmadyk habar aragaraňkylygy ýyl¬dyrym bolup kesip geçdi: – Tümen begi öldürdiler! – Tümen begi öldürdiler! Hiç kim bu habara garaşmandy. Asyl beýle ahwalata Tümen begiň özem garaşmandy. Bu dünýäde adamyň başyndan garaşýan zady däl-de, garaşmaýan, asla garaşmaýan zady köp inýär. Bu gezegem şeýle boldy. Tokaýlygyň içinden zompa çykan otuz töweregi atly Tümen begiň toparynyň üstüne topuldy. Megerem, olar tokaýlygyň içinden Tümen beg dagyny synlap duran bolmaly. Ähli kişi darkaşyň bolan ýerine eňdi. – Men Togrul Seljukly! Men entek gözüňize görkezerin siziň! Bu ses has haýbatly, has wagşyýana ýaňlandy. Özem gaýta-gaýta ýaňlandy. Tümen beg gara gana bulaşyp ýatyrdy. Ol diridi, ýöne ýagdaýy agyrdy. Endamyna çar ýanyndan ýatagan sokulypdy. Ýataganyň sokulan ýerlerinden zogdurylyp akýan gany hiç zat bilen saklap bolanokdy. Tümen begi şähere getirdiler. Tebip Tümen begi gözden geçirip, hyrçyny dişledi. – Edip biljek alajym ýok. Onuň sagdyn ýüregi bar. Ol häzir diňe sagdyn ýüreginiň hasabyna ýaşaýar. Iň gowusy, hoşlaşyň. Daň atdy. Tümen begiň töweregindäki başagaýlyk, gaýda-gaýmalaşyk gal¬dy. Adamlar bir gyra çekildiler. Ýakynlary ýeke-ýekeden onuň bilen hoşlaşdylar. Tümen begiň ýüzi, öňküsi ýaly, nuranady. Şadyýandy. Ol göýä peýwagtyna ýatan ýalydy. Onuň ýylgyrjaklap ýatyşyny göreniňde agyr derdi çekýändir öýder ýaly däldi. Hajar hatyn bilen Altynjan, Tümen begiň hatyny Şaýürek gözýaşlaryny saklap bilenokdylar, hünübirýan aglaýardylar. – Wa-daryg-a! Wa-hasrat-a, daýy, saňa gelen dert maňa gelse bolmaýarmy? – diýip, Altynjan bagyryp-bagyryp waweýleta eýledi. Tümen beg çalaja ýylgyrjaklap ýatyşyna pessaý ses bilen uýasyna ýüzlendi: – Hajar, ýüksünmän meniň ýalňyz oglum Anuşirwana eýe duruň. – Anuşirwanyň depämde orny bolar, doganym – diýip, Hajar hatyn Tümeniň ýanynda aglamakdan ýaňa gözleri gyzaryp, çişip giden Anuşirwany bagryna basdy. – Anuşirwan, men seni daýylaryňa, Altynjan daýzaňa tabşyrýaryn. Şolaryň diýeni bilen bolgun. Bular seni hiç zada hor-zor etmezler. Mysaýkysy, näçe baýlyk gerek diýseň, Altynjan tapyp berer. Ol seniň baş hossaryň bolar. Unutma, Altynjan seniň baş hossaryňdyr. Men seniň ömrüňe ýeter ýaly baýlygy oňa berendirin... – Wah, daýy!.. – Dur, dur, aýtma. Men seniň näme diýmekçi bolýandygyňy bilýärin. Seniň ol pikiriň nädogry – diýip, Tümen beg ýylgyrjaklap Altynjanyň sözüni böldi. – Altynjan, sen Anuşirwana düşündir, Beýik Allada bihasap zat ýok. Siz meni gowy görýärsiňiz, men size gerek, rast Alla sizden meni aýryp alýan bolsa, onda Alla size menden has gowy, has peýdaly birini berjekdir. Ýitirmän tapyp bolanok. Meni ýitirip, meniň ýerime tapjagyňyz menden has gowy bolar. – Size taý tapylmaz. – Altynjan, meniň şu sözlerimi, öz aýdan häzirki sözüňi ýene on ýyldan soň hakydaňda aýlagyn. Ana, şonda daýym weli eken diýersiň. Meniň weliligim – durmuşy bilýänligim. Aýralyksyz wysal ýok. Men bir zady magat bilýärin: Alla uly ýük urýarmy, diýmek, ol saňa uly ykbal taýynlaýar. Anuşirwanyň hem geljegi parlak bolar. Ol, Altynjan, seni-de, ähli ýegenlerini-de öz howandarlygynda saklar. Men öljegime gynanmaýaryn. Ölsemem, oglum Anuşirwana bürgüt bolup, ýol görkezerin, bagt görkezerin. Oguz hana gökböri ýol görkezen bolsa, Anuşirwana bürgüt bolup, men ýol görkezerin. Oglum Anuşirwan, başyňy belent tut. Gözüň mende – bürgütde bolsun, men seni bagta ýetirerin. Sen bolsa, öz ýegenleriňe howandar bolarsyň... Şaýürek hiç zat diýip bilmän sessiz aglaýardy. Onuň gözýaş döküşini gören Tümen beg kesgit aýtdy: – Şaýürek, sen Anuşirwanyň, Altynjanyň ýanyndan aýrylma. Maňa eden yhlasyňy indi bu ikisine et! Erkek kişiler – Tümen begiň iň ýakyn adamlary Hajar hatyn dagyny goňşy otaga geçirdiler. Gün äpet göwresini ýaňy Ýerden göterende Tümen beg dem almasy kynlaşýan ýaly, bir hokurdady. Bu iň soňky dem eken. Tümen begiň ölümi Arsahuşmisen şäheriniň ilatyny gynandyrmak gynandyrdy. Çünki beg diňe bir barjamly adamlaryň däl, ähli garamaýak ilatyň-da çyn hossarydy, howandarydy. Tümen begi jaýlamaga şäheriň tas ähli ilaty diýen ýaly geldi. Golaý-goltumdaky obalardan-da geldiler. Tümen begiň üýtgeşik adam, beýik muhtasyp bolandygy barada aýtdylar. Altynjan adamlaryň arasynda bolup, daýysy bilen baglanyşykly köp-köp gürrüňleri diňledi. – Wa-hasrat-a, babam bu mahal soltan Masut Gaznalynyň ýöri¬şinde-dä, ýogsam ol daýyma kast eden nejisleri hökman tapardy, olary hökman jezalandyrardy. Altynjanyň aňynda diňe bir pikir bardy: Tümen beg üçin ar almaly. Hökman ar almaly! Özem ary Abdylmälik han däl-de, Altynjan almaly! Altynjan özüniň bu pikirini ilki akgyzy Gülýüzlä aýtdy. Gülýüzli bu pikiri oňlamady. Altynjan bu pikirini ejesine aýtdy. Hajar hatyn oňlamady. Sadylla-da, Kabyl-da, Habyl-da, Anuşirwan-da bu pikiri oň¬lamady: – Ar almak biziň işimiz, erkek kişiniň işi. Sen goşulma! Omar gürrüňi jemledi: – Häzir öýe gaýdalyň. Nesip bolsa, Abdylmälik han ýörişden – jihatdan geler. Ana, şonda onuň bilen näme etmelidigimizi maslahatlaşarys. Şu gürrüňden soň Altynjan ar almak hakda hiç kimiň ýanynda dil ýarmady, içini hümledip gezdi ýördi. Altynjanyň aňynda doganlarynyň: «Ar almak biziň işimiz, erkek kişiniň işi. Sen goşulma!» diýen sözleri zol-zol gaýtalandy. Ol bu sözleri kemsitme hökmünde gördi, kemsidilen adam hökmünde ýanyp-bişdi. «Siziň erkek bolaýşyňyzy!» diýip, doganlaryna içinden pitjiň atdy. Şol bir wagtyň özünde hem ar almagyň ýollaryny gözledi. Hajar hatyn doganynyň kyrky berlensoň, çagalaryny Za¬mahşara ugratmagy makul bildi. Altynjan başda ejesiniň ýanynda galmakçydy, ýöne, niçik, atlar ýola düşdi welin, ol hem Zamahşara gidermen boldy. – Ene, men oturmakdan ýadadym. Wagtymy ýolda geçireýin, Zamahşara gideýin. Öýde bir aý-ýarym aý bolup, soň geläýerin. – Ýok, ýok, soň geljek bolup oturma – diýip, Hajar hatyn gyzyna garşy çykdy. – Menem bu ýerde uzak eglenmän bararyn. Babaň hem tiz geler. Altynjan ata atlandy. Ýolda Habyl Altynjana ýüzlendi: – Daýymyň Anuşirwan üçin saňa beren tyllalary biçak köpmi? – Nähili tylla?! – diýip, Altynjan mönsüredi. – Daýym aýtdy ahyryn Anuşirwana: «Seniň ömrüňe ýeter ýaly baýlygy Altynjana berendirin» diýip. – Waý-weý-la, daýym näme üçin beýle diýdikä?! – diýip, Altynjan ör-gökden gelen boldy. Sebäbi ol bu sowal bilen diňe doganlarynyň däl, eýsem Anuşirwanyň-da gyzyklanýandygyny aňýardy, ýok, takyk bilýärdi. Şonuň üçin ol bu gürrüňi mönsüräp hiç zat bilmeýänden, hiç zada düşünmedikden bolup, ünsden düşürmek isledi. – Daýymyň aýdan sözlerine teý düşünip bilmedim. Ol bize hiç zat berenog-a?! Altynjanyň bu sözüne doganlary-da, Anuşirwan-da ynanmady. Omar¬dyr akgyzy-da ynanmady. Sebäbi Tümen daýynyň Altynjan bilen nämedir bir zadyň hyşy-wyşysyny edendigini olaryň ählisi diňe bir ýa iki gezek däl, ençe-ençe gezek gördüler ahyryn! «Bular nämäniň gürrüňini edýärkäler?» diýip, olaryň köpüsi öz-özlerinden birnäçe gezek sorapdylar. Bir esasy bolmasa, onça wagtlap hyşy-wyşy edilmez, onsoňam öljek wagty ýalňyz ogluna: «Men seniň ömrüňe ýeter ýaly baýlygy Altynjana berendirin» diýmez. Ol näme üçin Ab¬dylmälige ýa-da Sadylla berdim diýmän, diňe Altynjanyň adyny tutdy. Tümen Altynjana hökman köp mukdarda tylla beren bolmaly, ýöne Altynjan bu hakykaty boýun almak islemeýär. Altynjanyň her bir hereketini yzarlamaly – ine, Sadylla dagynyň Anuşirwana niýetlenen köp mukdardaky baýlygy tapmak babatda gelen pikirleri. 6. Arsahuşmisenden gelenlerinden soň Altynjanyň gyr-jyny neçjar Haýdar boldy. Ol howla girip-girmänkä onuň üstüne gygyryp ugrady. Haýdar işine ussatdy. Çaga-çugasy, maşgalasy ýokdy. Sopbaş ýeke ýaşaýardy. Näme buýrulsa, gepsiz-gürrüňsiz ýerine ýetir¬ýärdi. Bir aýby bardy: işden soň boza içmegi gowy görýärdi. – Biz-ä hasrat çekýäris, bu nejisem muhammar14 bolup ýör. Ýok bolsun! Gözüme görünmesin! Mansur hasratly günde Altynjanyň raýyny ýykmady: Haýdary galadan çykaryp kowup goýberdi. Altynjan daýysy ýogalandan bäri rahat ýatyp bilenokdy. Haýdar neçjaryň galadan kowulmagy-da oňa teselli berip bilmedi. Gijelerine daýysyny öldüren ganhoruň tokaýyň içinden: «Men Togrul Seljukly! Men entek gözüňize görkezerin!» diýip, wagşyýana gygyrmasy gulagynda ýaňlandy durdy. «Näme üçin ol özüniň kimdigini aýtdy?» diýip, Altynjan Mansur poladan sorady. «Ýa Togrul Seljuklynyň özüne aşa göwni ýetýär hemem öz garşysyna çykylmagyny, darkaş gurulmagyny isleýär ýa-da kimdir biri Togrul Seljuklynyň adyna duwlanýar». «Men bilýärin, Tümen daýymy Togrul Seljukly öldürdi. Ol babam bilen darkaş gurmak isleýär. Ol Altyndaş bilen bir adammyş. Olar babamyň garşysyna dil birikdirendirler. Ynha, görersiň, meniň aýdanlarym çyn bolup çykar». «Sen daýyňy kimiň öldürendigini gözüň bilen görmediň. Tokaýda kimiň gygyrandygy belli däl. Belki, ol gygyran kişi Tümen begiň başga bir duşmanydyr?! Sebäbi seniň daýyňyň Sel¬juklylar bilen hiç hili duşmançylygy ýokdy». «Daýymyň bir duşmany bardy. Ol duşmany hem Seljukly kynyk¬lar. Daýym ölmezinden burun maňa bu hakda gürrüň beripdi. Togrul Seljukly Arsahuşmiseniň gündogarynda bir oba akyn salypdyr. Şonda daýym olaryň üstünden barypdyr. Olar gaçmakçy bolupdyrlar. Şonda iki tarap darkaşypdyr. Darkaşda Togrul Seljuklynyň atlylaryndan dördüsi, daýymyň atlylaryndan hem ýedisi wepat edipdir, ýigrimi töweregi atly agyr ýaralanypdyr. Daýym söweşjek bolmandyr, ýogsam olaryň ählisinem öldürip biljek eken. Ol diňe ýesir alyp, kaza tabşyrmakçy eken. Kynyklar bolsa, ýesir düşmezlik üçin, bigünä atlylary öldürip gaçyp gidipdirler. Soňundan öz maslyklaryna-da eýe çykmandyrlar. Olary daýym depin edipdir. Şol darkaşdan soň kynyk¬lar daýymy güpbasdy etjek bolup, mydama ony garawullap, amatly pursada garaşyp gezipdirler». «Altynjan, men kynyklary, aýratynam seljuk kynyklaryny gowy tanaýaryn. Olar merdana adamlar: jesetlerini herhili ýowuz ýagdaý bolanda-da meýdanda galdyrmazlar. Şu ýerde bir gümürtiklig-ä bar...» diýip, Mansur Altynjanyň pikiri bilen ylalaşmady. Şunuň bilen gürrüň gutardy, ýöne ol wagtlaýynça gutaran eken. 7. Altynjan Zamahşarda gününi boş geçirmedi: ikiýana ylgady. Habyly-da, Anuşirwany-da dek oturtmady, hersini günüň dowamynda birnäçe gezek, birnäçe ýumuş buýuryp, birnäçe ýere ugratdy. Oňa ýok diýýän ýokdy, asyl onuň garşysyna çykmak barada hiç kimde hiç hili pikirem ýokdy. Mansur onuň bolşuny göz astyndan synlady, haçan-da ol çiltenleri hem Habyl bilen ejesiniň ýanyna gitmekçidigini aýdanda çürt-kesik garşy çykdy. – Ýok, ýok, hiç ýerigem gitme. Men rugsat beremok. – Rugsat beremok?! Kim sen rugsat bermez ýaly? – Men Abdylmälik hanyň naýyby, hajyby, işigagasy, gapydany! – Gepleme! Men näme diýsem, şonuň bilen boluber. Men gitjek diýdimmi, giderin! – Ýok, sen hiç ýerik gitmersiň! Siziň garamatyňyza Abdylmälik hanyň öňünde men jogap berýärin. Ol her gezek ýörişe gitjek bolanda bizi ýygnap bu hakda aýdýardy. Onuň aýdanlaryny sen eýýäm unudaýdyňmy? – Mansur daýy, siz näme üçin meniň derdimiň üstüne dert goş¬ýarsyňyz? Men-ä sizden teselli, goltgy hantama, siz bolsa meni dört diwaryň içinde saklajak bolýarsyňyz. – Altynjan, sen menden hiç zat gizleme, ýüregiňdäkini açyk aýt! – Men Arsahuşmisene – enemiň ýanyna gitjek. – Sen ýalan sözlemegi başaraňok, Altynjan. Men seniň nirä gitmekçi bolýandygyňy, nähili mojuk hyýala münendigiňi gaty gowy bilýärin. – Nähili mojuk hyýala münüpdirin men? – Sen kynyklaryň ýaşaýan Gauhor etrabyna gitmekçi bolýarsyň. – Nirä, nirä? – Altynjan, mönsüreme! Näme, Mansur şu howluda ýaşap, seniň näme gürrüň edýäniňi eşidýän däldir, näme pikir edýäniňi bilýän däldir öýdýärsiňmi? Belki, men hiç zat bilýän däldirin, ýöne şu howluda, Zamahşarda bolýan ähli zady welin bilýärin. Men seni synladym, sen Togrul Seljuklyny öldürip, Tümen begiň hununy almakçy bolýarsyň? Hun beýdip alynmaýar. – Eýsem nädip alynýar? – Hun eden etmişi boýnuna goýlup, soňundan alynýar. Sen galp¬lyga duwlanyp barjak bolýarsyň. Eger şeýtseň, seniň daýyňy öldüren ganhordan tapawudyň näme? Senem Tümen daýyňy öldüren ganhor ýaly ganhor bolýarsyň? – Mansur daýy, maksadyň meni goýbermezlikmi? – Sen maňa dogry düşünipsiň. – Bolýar, gitjegem däl. Kabyl, Ýatmaz, Akgaýa, Çyrlak, eşidiň, biz hiç ýerik gidemzok. Mansur Altynjanyň sözüne ynanmady, onuň her bir ädimini özüne habar berip durmaklary üçin on sany jandar goýdy. Galanyň derwezesini ýapdyrdy. Derbanlara derwezeden Altynjany, Kabyly, Habyly, Anuşirwany çykarmaly däldigini aýdyp, berk görkezme berdi. Diňe görkezme bermek bilen çäklenmän, ol gije derwezäni garawullap, şol ýerde ýatdy. Mansur gapydan ýok – Mansur müňkür bilen bolan gürrüňden soň, Altynjan ar almaga gitjek diýip dyzap durmady. Naýybyň talabyna boýun sunýan ýaly ýuwaşady. Özüni atylan ok hasaplan Altynjanyň birden mugyra gelmesi, ýuwaşamasy, gitjek bolmazlygy Mansur müňküre şübheli göründi. Herhal, ätiýajy elden bermedi. Altynjan Mansur müňküriň hiç ýerik gitmeli däl diýip tabşyrmasyndan soň diňe Habyl bilen iki gezek gürleşdi. Galan wagtlarynyň galabasyny şebistanynda oturyp-ýatyp geçirdi. Bir gezek daşary çykyp, elguşlaryň saklanýan külbesine bardy. Şahynyny eline alyp, ony sypady, oňa iým berdi. Soň Akgar bedewiniň ýanyna bardy. Bagyň içinde biraz aýlandy, soň ýene hareme dolandy. Bu ahwalat iki gün gaýtalandy. Üçünji gün Altynjan Mansur müňküriň tamasyny ödedi. Gülýüzli ylgap geldi: – Melike ýok. – Aty-da ýokmy? – Akgar dur. – Anuşirwan bilen Habyl barmy? – Anuşirwan ýatyr, Habyl ýok! Kabyl-da ýok! – Ol saňa hun almaga, ar almaga gitjek diýip, heý, ýaňzyt¬madymy? – Ýok, ol maňa hiç zat aýtmady. Siziň bilen gürleşensoň, ol aglamak aglady. – Näme üçin aglady? – «Mansur daýymyň göwnüne degdim, ony kemsitdim» diýip aglady. – Bar, ýeriňde oturyber. – Eý, tagsyrym, Altynjan niredekä? Jany beri sagmyka onuň? – diýip, Gülýüzli gözüne ýaş aýlady. – Indi men Hajar hatyna näme diýeýin? Indi men Abdylmälik hana näme diýeýin? Olar meni öldürer, hökman öldürer. – Öldürseler, bu dünýäniň azabyndan dynarsyň. – Ölesim gelenok meniň. – Ölesiň gelmeýän bolsa, dowul turuzma. Bar ýeriňe! Hiç zat bolmadyk ýaly, rahat otur! – Melikämizi alyp gaçandyrlar. Men bilýärin, ol günsaýyn owadanlaşýar. Ony ogurlandyrlar. Bir bela-beteriň gopjagyny ýüregim syzdy meniň, pikir edişim ýaly-da boldy. – Haý, meniň aamlygym gursun, sowan demir egrelmeýär ahyryn – diýip, Mansur müňkür özbaşyna ahmyr bilen hüňürdedi. – Men bolsa ony mugyra gelendir öýtdüm. – Näme diýdiňiz, tagsyrym? – Belanyň sapy! – Mansur müňkür derwezä bakan gaty-gaty ýöräp gitdi. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |