21:32 Altynjan hatyn / 1-nji kitap -3 | |
Üçünji hekaýat
Taryhy proza
KÖP PIKIR ASTYNDA AJAL BAR 1. Ol ähli zady öňünden diňe ýedi ölçäp däl, müň ölçäp bir kesipdi, maksadyna ýetjegine ynanýardy. Şol ynam hem onuň çiltenler bilen ýola düşmegine sebäp bolupdy. Onuň özüne zol-zol gaýtalaýan ýeke-täk öwüdi bardy, ol hem howlukmazlykdy, sabyr bilen maksada ýetmekdi. Şeýle-de bolsa, ol maksadyna ýetmäge – hun almaga şeýlebir howlugýardy, hiç bir ýerde hiç bir zatdan karar tapyp bilenokdy, ony rahatlandyryp biljek ýeke-täk zat – hunuň alynmagydy. Habyl birki gezek oňa: «Soňy nähili bolarka?» diýip sorag berdi. Altynjan ýüregindäkini aýtdy: «Soňy nähili bolanda näme?!» Bu pikir başdansowma pikir däldi. Altynjan hakykatdan hem şeýle pikir edýärdi. Hun alnandan soň ykbalynyň nähili boljakdygy ony birjik-de gyzyklandyranokdy. Ol, asyl, maksadyna ýetenden soň ölmäge razydy. Çünki Tümen beg – daýysy ölenden soň onuň üçin ýaşaýşyň manysy gaçypdy. «Näme üçin ýaşamaly?» diýip, ol oýlanýardy. Ýaşaýyşda gyzyk, lezzet görmeýärdi. Ol hyýalynda ençe gezek hundaryny öldüripdi, içini sowadypdy. Arman, hyýaldady. Hyýaly hakykata öwürmelidi. Nädip? Altynjan ýanyndaky çiltenler1 bilen her bir ädilmeli ädimi, her bir edilmeli işi jikme-jik maslahatlaşdy, maslahatda makul görlen pikir boýunça olar atlaryny-da çalşypdylar, Altynjanyň ady indi Agaýunusdy, Habylyňky Genjimdi. Beýleki ýigit¬leriň atlary üýtgedilmändi. Muňa zerurlyk hem ýok hasap edilipdi, çünki olary Zamahşardan gaýry ýerlerde hiç kimse tanamaýardy. Agaýunus ýanyndaky ýigitleriň ählisine janyny ynanýardy, çünki ol olary ençe gezek agyr-agyr synaglardan geçirip görüpdi. Ol ýigitler Agaýunus üçin özleriniň şirin janlaryndan geçmäge taýýar ýigitlerdi. Aýratynam Ýatmaz, Akgaýa, Çyrlak diýen ýigitler ýanyp duran otdular, olar Altynjanyň jandarlarydy. Olaryň hersi on haşymyň serkerdesidi. Üçünji onlugyň serkerdesi Ha¬byldy. Deňi-duşlarynyň arasynda onuň ýörgünli ady Ýekegözdi. Altynjan olara käteler kakasyndan, ejesinden, doganla¬ryndan ogryn hak-heşdek töleýärdi. Sebäbi olar nämedir bir zadyň hasabyna eklenmeli ahyryn! Olar uzynly gün Altynjanyň goragynda, hyzmatynda (Aslynda galada ony goramagyň zerurlygy-da ýokdy) bol¬ýardylar. Bu üç ýigit – Ýatmaz, Akgaýa, Çyrlak beýleki ýigitleriň arasynda güýç, batyrlyk, daýawlyk, garadangaýtmazlyk babatda görnetin tapawutlanýardylar. Çiltenleriň, diňe bularyň däl, ähli zamahşarly ýigitleriň arasynda-da Altynjanyň gyz maşgaladygy köplenç halatda ýatdan çykýardy. Ähli ýigitler ony özleriniň serkerdesi hökmünde, erkek kişi hökmünde aňlaryna siňdiripdiler. Gaty seýrek halatlarda onuň gyzdygy ýatlaryna düşýärdi. Altynjan erkek kişi ýalydy: erkek kişi ýaly gürleýärdi, erkek kişi ýaly dogumlydy. Gidip baryşlaryna seljuklylaryň ýanynda aýtjak sözlerini maslahatlaşýardylar. Seljuk düşlegine ýetilýänçä edilmeli işleri, aýdylmaly sözleri öz aralarynda telim ýola gaýtaladylar. Olar gazanç etmek maksady bilen Müňgyşlakdan Mawerannahra barýarkalar, bir dili senaly kişi soltan Mahmyt Gaznalynyň, häzirem Masudyň uly ynamyna, uly sylag-hormatyna mynasyp bolan Seljukly diýen neberäniň bardygy hakda eşidip, Gauhora gelipdirler. Olaryň maksady bir halal kişä gulluga durup, birki ýyllap bigaýgy maşgala eklär ýaly gazanç etmek. Hoşamaý sözler bilen seljuklylaryň göwün kirişlerinde mylaýymdan mylaýym, hoşamaýdan hoşamaý owaz edip, göwün töründen orun almak we ornaşmak, amatly pursat dörände rehimsizlik bilen ar almak. Seljuklylar Agaýunus perini görüp, elbetde, onuň kimdigi bilen gyzyklanarlar. Hyrydar çykmaklary-da mümkin. «Mümkin» diýip sypaýyçylyk etmek nämä gerek, hökman hyrydar çykarlar. Göwher hyrydarsyz bolmaýar. Türkmen ähli babatda mert-de, sabyrly-da bolsa, zenan babatda durumsyz. Kynyklaram – türkmenler. Owadan gyz görseler, garrysam, ýaşam galkyjaklaberer. Türkmenler haýsy ýerini teshyr etseler, hazyna hökmünde ýygnaýan esasy oljasy – gyz-gelin. Beýleki halklar uzak-uzak ýurtlary akyn edip, harwar-harwar altyn-jowahyr, lagly-göwher getirer, oguz welin, süri-süri edip, owadandan-owadan gyz-gelin getirer. Nähili bolar?! Altynjanyň öňden oraşan çaky boýunça, ine, hakyt şeýle bolar. Kynyk serkerdeleri Agaýunusy açgözlülik bilen synlarlar-da, toparyň serdary Genjim bege sowal bererler: «Eý, ýagşy ýigit, bu gyz kim?» «Bu gyz meniň uýam, ady Agaýunus. Agaýunus harby tilsimlere ezber». Genjim sözüni soňlap-soňlamanka ikinji sowal berler: «Äri barmy?» «Äri ýok». «Sen uýaňy maňa ber». «Agaýunusyň bir şerti bar». «Bir däl, goý, iki şert goýsun!» «Ol şert – üç aýlap, siziň araňyzda bolup, däp-dessuryňyz bilen ýa¬kyndan tanyşmak, ysnyşmak. Üç aýda kimiň-kimdigi aýyl-saýyl bolar». «Makul gep. Biz üç aý garaşarys». Oguz beg hak aýdypdyr: almany Asmana zyň, ýere düşýänçä ýa Pelek! Üç aýda – nämäniň näme boljagyny, üç aýdan soň Agaýunusyň haýsy ýerde boljagyny diňe Pelek biler! * * * Ähli zatlar Agaýunusyň pikir edişi ýaly bolaýmalydy, ýöne bolmady. Sebäbi ganojak Muhammet Togrul düşlegde ýok eken. Asyl ol, görlüp oturylsa, Zamahşaryň deňinden geçip, Jürjaniýa – Altyndaşyň ýanyna giden eken. Herhal, olary Kelan ýabgu diýen äpet bir kişi garşy aldy. Genjim begiň öňden ýat tutan nutugyny mukytlyk bilen diňledi. Soňam Agaýunusa tiňkesini dikdi: – Bu gyz kim? – Bu gyz meniň uýam, ady Agaýunus. Agaýunus ýaşlykdan harby tilsimleri öwrendi. Ol men-men diýen on esgere taý gelip bilýär. Gylyçlaşmakda ökde. – Söweşmek, gylyçlaşmak arwat işi däl... – Dogry, ýöne Agaýunus meni ýeke goýbermek islemedi. Çünki onuň menden başga hiç kimi ýok. Menem ony Müňgyşlakda ýeke goýup gaýtmakdan gorkdum. Agaýunus uýam bize bike, ol biziň tikin-çatynymyza seredýär hem nahar-şor taýýarlaýar. – Äri barmy? – Äri ýok. – Beýle owadan arwat ärsiz bolsa, türkmene aýypdyr. Şu güne çenli siziň araňyzda bu arwada eýe çykan tapylmadyk bolsa, biz oňa eýe durarys. Uýaňy hiç zada hor-zar etmeris. – Agaýunusyň bir şerti bar. – Aýt şertini. – Ol şert – üç aýlap, siziň araňyzda bolup, däp-dessuryňyz, adamlaryňyz, arwatlaryňyz, talaplaryňyz bilen ýakyndan tanyş¬mak, ysnyşmak. Üç aýda ähli zat aýyl-saýyl bolar. – Makul gep, biz üç aý garaşarys. Goý, ol biziň hatynlarymyzyň arasynda ýaşabersin. Ylalaşyk şu ýere gelende birtopar atly geldi. Ol atlylaryň öňün¬däki Mansur müňkür bilen Abdylmälik hanyň ýegana razdary Keski Kelewdi. 2. Altynjan kakasy Tahyr Afrasýaba gynanç bild ir mek üçin Arsa¬huşmisene giden wagty müňbaşylaryň, ýüzbaşylaryň birnäçesi bilen ikiçäk duşuşdy, olaryň ählisine şol bir sowaly berdi: «Saňa syr ynanyp bolarmy?» «Gep ol syryň nähilidiginde». «Men Togrul Seljukly diýen nejisden Tümen daýymyň aryny almak isleýärin. Kim daýymyň aryny alyp berse, men şol kişä bir müň dirhem berjek». «Bu işi hana aýtman edip bilmerin». «Müň dirhem berjek-how». «Ýüz müň dirhem berseňem, hana aýtman hiç iş edip biljek däl. Han aýtsa, bu işi bir dirhem berilmese-de ederis». «Men ýalbarýaryn...» «Ýok, ýok, Altynjan, gürrüň şundan aňry geçse, men hana hökman habar bermeli bolaryn. Sebäbi men onuň öňünde desterhana hem Gurhana elimi goýup, wepadarlyk kasamyny içdim. Wepadarlygyň gutaran ýerinde türkmen gutarýar». Altynjan iň soňunda Şadranç müňbaşy bilen ikiçäk duşuşdy. «Şadranç daýy, saňa syr ynanyp bolarmy?» «Melikäm, maňa syr ynanyp bolmaýan bolsady, onda Ab¬dylmälik han meni özüne müňbaşy edinmezdi». «Meniň häzirki aýtjak pynhan gürrüňimi hiç kim, babam-da bilmeli däl». «Seniň syryňy babaňa aýtmak zerurlygy döremese gerek. «Aýtma» diýseň, aýtmaryn». «Men Togrul Seljuklydan Tümen daýymyň aryny almak isleýärin. Kim daýymyň aryny alyp berse, men şol kişä müň dirhem berjek». «Müň dirhem?!» «Kim Togrul Seljuklyny öldürse, men şol kişä müň dirhem berjek». «Onça dirhem saňa kim berer? Abdylmälik han berer öýdýär¬siňmi? Sen bu işi babaň bilmezligini isleýärsiň-ä». «Şu işi bitirip biljek adamy tapyp berseň, men saňa-da müň dirhem berjek». «Sen onça dirhemi nireden aljak?» «O näme üçin men iki-üç müň dirhemi kimdir birinden almaly? Men ony hiç kimdenem aljak däl. Diýen dirhemimi men kimdir birinden soramaly, almaly däl. Olar meniň özümde bar. Saňa meniň sözüm ýeterlikmi ýa-da dirhemlerini görkezmelimi?» «Görkezseň-ä gowy bolar». Altynjan şol günüň ertesi ýene Şadranç müňbaşy bilen ikiçäk duşuşdy. Oňa iki sany düwünçek berdi: «Şu düwünçekleriň hersinde ýüz dirhem bar. Heriňize ýüz dirhemi öňünden berýärin. Ine, iki müň dirhem! – diýip, Altynjan dirhemli düwünçegi müňbaşynyň öňüne taşlady. – Bu dirhemleri iş bitensoň berjek. Men muny görmegiň, bardygyna ynanmagyň üçin görkez¬ýärin. Iş bitireniňizden soň galanyny bererin». «Melikäm, men bu töwekgellige dirhem hantamaçylygy bilen girmezdim. Maňa siziň hiç zadyňyz gerek däl. Öz hatynyň hem onuň maşgalasynyň mertebesi üçin men özümi oda atmaga-da taýýar. Ine, şu maksat bilen saňa razylyk berdim. Sen ýalňyşýan-a dälsiň-dä?» «Ýok, ýalňyşamok!» «Eger siziňki hak bolsa, han sizi beýle ýowuz jezalandyrmazdy ahyryn?» «Sen etjekmi ýa akyl berip çäklenmekçimi?!» «Men düşünmek isleýärin, seniň hem düşünmegiňi isleýärin. Hanyň degişli adamlary bu jenaýaty derňäp, öwrenip ýörler. Ýene biraz tagapyl eýle, ähli zat belli bolar, jenaýatçyny-da taparlar». Şadranjyň sözüne Altynjanyň biçak gahary geldi: «Sen gorkak! Bar, babama meni sat!» Altynjan Habyl bilen Kabylyň ýanyna bardy. Bu mahal olar düşekde ýatyrdylar. Abdylmälik han olary ýowuz jezalandyrypdy. Has takygy, hersi ýigrimi gamçy urlupdy. Şol urgular zerarly olar düşege baglanypdy: ýerlerinden galyp, ýöräp bilenokdylar. Altynjan olaryň daşyndan ot-elek bolup aýlanýardy, aňyn¬dan ar almak baradaky pikir aýrylanokdy. Mansur gapydan bilen Keski Kelewe öz ýanyndan nälet okaýardy. Ruhdan düşmezlik barada öz-özüne göwünlik berýärdi, ar alma¬gyň täze ýollaryny gözleýärdi. Ar almak onuň ömrüniň manysyna, maksadyna öwrülipdi. Özdiýenli hem özerkli adam hökmünde ol muny amal etmän ýaşap biljek däldi. Şu maksadyna ýetmek üçin, ol hatda şeýtan bilen dogan okaşmaly bolsa-da taýýardy. Ähli güýçli adamlar ýaly, ol diňe öz pikiriniň amal bolaryny bil¬ýärdi. Şuňa garşy gelýän bolsa, ol ähli garaýyşlary, ynançlary, dessurlary ýere çaljakdy, gerek bolsa, olaryň daşyndan aýlanyp geçjekdi. Ol öz maksady üçin urulmaga, ýenjilmäge-de, gaýry hupbatlara-da kaýyldy. Esasy zat – ar almaly! Öýkeläp gaýdan hem bolsa, ol ertir ýene Şadranç müňbaşynyň ýanyna barmakçydy. Sebäbi ol häzirki wagtda özüne kömek edip biljek ikinji adamy görmeýärdi. Eger erkek adam hatynyň Hudaýy bolýan bolsa, Altynjan bu Hudaýa öz aryny ýerine salmak baradaky talaby bildirmekçidi. Bu talabyň berjaý bolmagynyň deregine ol diňe bir erkini däl, eýse, janyny-da bermäge döwtalapdy. Ar – onuň mertebesidi, eýse, ýanyndaky Hudaýy onuň mertebesiz bolmagy bile razylaşyp bilermi?! Gulunyň mertebesizliginde Eýesi üçin nähili maza hem many bolup biler?! Mertebesini ýokary götermek üçin edýän bolsa, goý, ursun, goý, ýençsin! Mertebesini gögertmejek, aryny alyp bilmejek bolsa, ol erkegiň hudaýlygyny ykrar edip biljekmi?! Ýok! Onda diňe bir zat – hudaýlyk hökmürowanlygyny Altynjanyň öz üstüne almagy galýar! Onda ol dünýäniň kada-kanunlaryny, durmuşyň däp-dessurlaryny oýlanman çepbe çöwrüp biljekdi, dünýäge, durmuşa başga kadalary hem dessurlary bermäge-de häzirdi! Diňe dünýämi, diňe durmuşamy?! Ol ary üçin, hatyn bolsa-da, erkeklik ýüküni üstüne alyp biljekdi. Dowam edýän durmuş kadalary adamyň dogumyny göterip bilmese, dogumly adam ol kadalary syndyrmakdan gaýtmaz. Ol öz niýetini amal edäýmelidir, ol bu ýolda hiç bir zada gulak gabartmaz. Ony hiç bir güýç saklap bilmez. Ol öz hakykatyny ykrar eder, köpçülik onuň hakykatyna boýun bolar. Şeýdip, Allatagala öz edermen hem dogumly, hyjuwly hem hyruçly saýlantgylarynyň üsti bilen dünýäni, ýaşaýşy, heňňamy täzeläp durýar. Şeýdip, başda görkezilen garşylyk soňra makullanma öwrülýär. Şeýdip, düşünjeleriň hem gymmatlyklaryň orny çalyşýar. 3. Juma güni Abdylmälik han sadaka berdi, gaýynenesine, Tümene degsin edip Gurhan okatdy. Altynjan kakasyna nägileligini ýaňzytdy: – Daýymy wagşylyk bilen öldürdiler, biz ar almaga derek, aýat-töwir edýäris. Abdylmälik han gyzyna gyňralyp seretdi. Eý, Hudaý! Bu nä boluş?! Ogul perzent hökmünde ezizläp ýören gyzy bu gün tam doly adamyň arasynda kakasyna hykarat bildirýär! Gyzyndaky edepsizlige, tekepbirlige Abdylmälik hanyň biçak gahary geldi. Köpçüligiň içinde gyz maşgala gürlemeli däl. Altynjan welin kakasyna hakyt hykarat-nägilelik bildirýär. Kakasyndan, Mansurdan rugsatsyz hun aljak diýip, Gauhor etrabyna gitmesine näme diýjek munuň? Asyl, eden telek işi üçin özünde müýn duýanok ol. Iki dogany onuň üçin hyklaşyp ýatyr. Munuň üçin müýnürgänok ol! Iň erbedem, ine, şu. Abdylmälik han Altynjany dergähine çagyryp: «Bu nä etdigiň?» diýip soranda ol gyzynyň ýüzünde jinnek ýaly-da müýn görmändi, gaýtam, ahmyry bardy onuň: «Baba, daýymyň huny ýerde galmasyn!» diýip elewreýär. O mahal käýäniň gulagyna iljek däl onuň. Emir ogullarynyň kyrk zamahşarly ýigit bilen Altynjanyň yzyna düşüp, etmişi anyklanmadyk Togrul Seljuklyny öldürmek üçin Gauhora gitmekleriniň sebäbine teý düşünip bilenokdy. Gyzy näme diýse, ogullary onuň aýdanyny etjek bolup ylgap ýörler. Näme üçin? Näme üçin: «Ýok» diýmeýärler? Emir özüni giňlige salmaga çalyşdy: «Gyzyň erkekpisint, garadangaýtmaz bolmagyny özüň islediň-ä. Ine, olam isleýşiň ýaly bolup ýetişdi. Indi onuň hokgalaryna kaýyl gel. Näme etjek bolsaň, başda etmeli. Demir sowansoň egilmeýär. Altynjan indi taplandy, indi muny üýtgetmek başartmaz. Ýöne munuň diýýän zatlary nädogry ahyryn. Ýeri, kimdir biriniň tokaýyň içinde: «Men Togrul Seljukly» diýip gygyrandygyna esaslanyp – bir günäsi anyklanmadyk kişini öldürmelimi? Öldürmek, iň soňky gürrüň. Öldürmekden bärde-de zat kän ahyryn. Ilki bilen, ähli zady anyklamaly. Şol günki gygyran, Tümeni öldüren hakykatdanam Muhammet Togrulmy? Abdylmälik han boş oturanok, ol öz adamlaryna anyk görkezmeler berdi. Onuň adamlary Muhammet Togrulyň şol gün nirede bolandygyny, Tümen bilen aralarynda nämeleriň bolup geçendigini öwrenip ýörler. Şol gün Togrul Seljukly Jürjaniýada – Altyndaşyň dergähinde bolan eken. Onsoň onuň Arsahuşmisen tokaýlygynda bolmajak¬lygy köre hasa. Näme, han özüniň edip ýören işi hakynda gyzyna hasabat bermelimi? Abdylmälik han gyzynyň köpçüligiň içinde aýdan sözüni eşit¬medikden boldy. Ýagşydan-ýamandan jogap bermedi. Bu näme boldugy diýen terzde Hajar hatyna seretdi. Hajar hatyn başyny aşak saldy. * * * Altynjan soňky günler köp wagtyny ejesiniň ýanynda geçir¬ýärdi, onuň gürrüňlerini diňleýärdi. Hajar hatyn gyzyna daýysy, onuň ölümi, ar almak hakda oýlanmazlygyny, Allatagalanyň ýazgydyndan gaçyp gutulyp bolmaýandygyny, şalygyň adamlarynyň ganhorlary, alamanlary hökman tapjakdygyny we hökman jezalandyrjakdygyny ýantgylap-ýantgylap aýtdy: – Öleniň yzynda ölüp bolmaýar. Tümeniň wepatyna hemmämiz örtenýäris, ýöne Eýesine gerek bolsa, biziň elimizden gelýän zat ýok. Beterinden özi saklasyn. Ýamanlyk, etmiş ýerde ýatmaz. Kim ýamanlyk, etmiş etse, pälinden tapar. Sen gama batyp ýörmän özüň, ertirki günüň hakda oýlan. Hudaýtagalanyň erkegi söýüşiniň, hormatlaýşynyň çeni-çaky ýokdur. Hudaýtagala erkeklere edeniňizi edip, erkana ýaşaň diýendir. Erkekler biziň ýerdäki Hudaýymyzdyr. Erkekleriň eden işlerine: «Bu edeniň nädogry» diýmäge hatynlaryň jinnek ýaly-da haky ýokdur. Sen ýaşlykdan erkeklere nämeleriň ýaraýandygyny, nämeleriň ýaramaýandygyny öwrenmelisiň, gyzym. Ata-enesiniň öýi gyz üçin öýlänçi geçýänçä az pursatlyk penalanylýan düşelgedir. Gyz maşgala kämil çykyp, başga maşgala goşulýandyr. Başga maşgala baranyňda hiç zat başarmasaň: «Bu gyza enesi hiç zat öwretmändir» diýerler. Seniň oňarmaýan zatlaryň – meniň ýüzümiň garasy bolar. Seniň başarjaňlyklaryň meniň yhlasymyň miwesi bolar. Baran ýeriňde gyzy köp synlaýandyrlar, gyzym. Öý işlerini bäş barmagyň ýaly bilmelisiň... – Wiý-ý, enemi. Ene, men äre baryp hyzmatkär bolaýynmy? Öý işlerini hyzmatkärler eder-ä! – Seniň barjak öýüňde hyzmatkär bolmasa nätjek? – Hyzmatkär saklamaga güýji ýetmeýän äriň ýanynda meniň nä körüm bar?! – Herhili ýagdaýyň bolmagy mümkin. – Ene, meni gorkuzýarsyňyz, şonsuzam ertirki günüm hakda köp pikirlenýärin. – Gyzym, sen pikir etmejek bol. Köp pikir astynda ajal bar. Alla pikiri erkeklere berendir. Goý, olar pikirlensin. Hatyn bu dünýäde hiç zadyň pikirini etmän, bigaýgy ýaşamalydyr. Hatynyň pikiri erkege diňe zyýandyr. Hatyn ärinden näme üçin urulýar? Diňe oýlanýandygy üçin urulýar. – Oýlanýan bolsa, gowy-da şol. – Gyzym, gowy zat üçin urmaýarlar. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |