21:34 Altynjan hatyn / 1-nji kitap -4 | |
Dördünji hekaýat
AGA GARA TIZ ÝOKAR 1. Abdylmälik han gyzyny galadaky mekdebe – Razzak damulla1 okuwa beripdi. Aslynda, Altynjan damullanyň öwredýän zatlaryndan köp bilýärdi. Muňa ol biçak buýsanýardy. Muňa Abdylmälik han hem buýsanýardy. Ogullaryny hem gyzyny belli bir döwürde damulla bermesi diňe syýasat üçindi: «Goý, Zamahşaryň adamlary meniň çagalarymyň juda sowatlydyklaryny, üç dilde suwara gürleýändiklerini görsünler, goý, damulla meniň çagalarymyň ýanynda özüniň az bilýändigine göz ýetirsin, çykgynsyz halda galsyn, ähli kişiniň meniň çagalaryma gözleri gitsin» diýip, pikir ýöredýärdi. Ol öz çagalarynyň galanyň çagalaryndan artykmaç bilimlidiklerini, artykmaç hukuklydyklaryny, artykmaç başarnyklydyklaryny we özleriniň begzada neslindendigini duýmaklaryny, bilmeklerini, muňa öwrenişmeklerini isleýärdi. Abdylmälik han käteler mekdebe barardy, çagalaryň okaýyşlary, ýagdaýlary bilen gyzyklanardy. Damulla bilen arap dilinde gürleşerdi. Iki türkmeniň düşnüksiz dilde gürleşmekleri çagalar üçin biçak geňdi. Han çagalaryň özüne geň galyp, gözügidijilik bilen seretmelerini gowy görýärdi. Bu onuň üçin lezzetleriň iň gowusydy. 2. Altynjan Hudaý hakda köp zatlar bilmä ge çalyşýardy. Diňe bir Hudaý hakda däl, pygamberler, Muhammet alaýhyssalam, dört çagyrýarlar, Omar bilen Alynyň darkaşlary hakda düýpli bilmek isleýärdi. – Biziň häzirki ýaşaýan topragymyzda öň şeýtanlar ýaşapdyr. Soň Perwerdigär şeýtanlary kowup, bu ýeri adamlara beripdir. Ýöne kowlan şeýtanlar häzir nirede ýaşaýar? – diýip, Altynjan soraglary bilen damullanyň enterpelegini aýlaýardy. Abdylmälik han gyzynyň din bilen gyzyklanmagyny, damullasyna, atabeglerine sorag berip kösemezligini ündeýärdi. Onsoňam Abdylmälik han gyzynyň zenanlara mahsus mylaýym, geçirimli, rehimli bolmagyny isleýärdi. Gyzynyň rehimsizdigini bilýärdi. Has anygy, ol gyzynyň käbir rehimsizligini görýärdi. Onuň Gülýüzlä nebsi agyrýardy. Gyzynyň ony näme üçin urýandygyna teý düşünip bilmeýärdi. Altynjan welin, özüni rehimsiz erkek kişi deýin alyp barýardy. Gyzynyň rehimsizliginiň ony bir betnamçylygyň üstünden eltmeginden heder edýärdi. Ol şol günem owal hem gyzynyň rehimsizliginiň üstünden barypdy. Mekdebiň mähraby döwlüpdir. Razzak damulla mähraby Altynja¬nyň döwendigini gönüläp aýdyp bilmän, ýöne sakynyp, elewräp dur. Abdylmälik han özüne soragly nazarlary bilen bakyp duran çagalara seretdi-de, haýbatly seslendi: – Damullanyň mährabyny kim döwdi? Içerdäki oglanjyklardan hem gyzlardan ses çykmady. – Mähraby kim döwdi diýýärin men? Eger kimiň döwendigini aýtmasaňyz, her biriňizi on gamçy urdurjak. Altynjan öňe çykdy: – Hiç kimi urmaň, diňe meni uruň! Mähraby men döwdüm. – Näme üçin keramata hyýanat etdiň? – diýip, arap dilinde soran Abdylmälik han gaharyna sandyrady. – Ony Haýdar bozahor ýasady. Haýdar bozahor halal adam däl, ol boza içýär. Halal däl adamyň ýasan zady Perwerdigäriň öýünde durmasyn. Öňem özi ýörişdekä Haýdar neçjaryň galadan çykarylyp goýberilmegine jany ýanyp ýören emir gyzynyň bu eden etmişine teý köşeşip bilmedi. Şonuň üçin şol gün ikindinara gyzy bilen aýalyny salamlygyna çagyrdy. Gyzynyň müýnsüz durmagy, özüne aşa göwnüniň ýetmegi emiriň myrryhyny atlandyrdy. Diňe bir mähraby döwendigi üçin däl, tekepbirligi üçin han ilkinji gezek gyzyna el göterdi. Gyzyny urmagy hatynyň borjy hasaplardy. «Togrul Suljuk¬lyny öldürip, Tümen daýymyň aryny aljak» diýip, kyrk kişiniň öňüne düşüp, Mansuryň aýdanyny etmän, aldap Gauhora gidendigi üçin hem ol gyzyny urmandy, oňa jeza bermegi hatynyna goýupdy. Ogullaryna welin berk jeza beripdi. «Siz erkek kişi, näme üçin aýal maşgalanyň yzyna düşüp gitdiňiz?» diýip, ogullarynyň hersine ýigrimi gamçy urupdy. Ýig¬rimi gamçydan soň olar bir aýlap galyp bilmän ýatypdylar. Ýok, onuň gyzyna birjik-de nebsi agyranokdy. Asyl, oňa nebsi agyrmak diýen düşünje ýatdy. Ony gozgalaňa salýan zat gyzyny urup günä gazanan bolmagynyň mümkinligidi. Ol ähli zatdan beter günä gazanmakdan gorkýardy. Birini bile-göre betbagt etmek günä ahyryn! Ol bütin ömründe günäden daşda bolmaga çalyşdy. Her bir zat babatda hanyň öz pelsepesi, garaýşy bardy. Onuň dünýä baha beriş, dünýä akyl ýetiriş terezisi haýyr bilen şerdi, günä bilen sogapdy. Öz nesebi babatda-da ýyllaryň geçmegi bilen aňynda durnuk¬laşan garaýşy bardy: babakelanlaryna Alla müň ýyla golaý patyşalyk mertebesini berdi, soň nesilşalygy gyrdy, nesil tanapyny uşlyba getirdi. Nesebiň beýle näletlenmegi, gan çaýkalyp uşlyba gelmegi – nesilden diňe bir adamyň aman galmagy haramylyk hem şer bilen baglanyşykly bolmaly diýip han pikir edýärdi, bu pikirine-de berk ynanýardy. Allanyň öňündäki şol näletini aýyrmagy özüniň nesebiniň, çagalarynyň öňündäki juda mukaddes, juda möhüm borjy hasaplaýardy. Ol gaty yhlas edýärdi. Ähli zatdan beter ýalňyşmakdan, çagalarynyň, geçen hanedanlygynyň öňündäki parzyny amal etmäge ýetişmezlikden gorkýardy. Her müňýyllygyň çatrygynda Hudaý türkmen nesebine uly synag salýar. Abdylmälik emir şöhratly nesepden galan ýeke-täk mirasdüşerliginde uly hikmet görýärdi, uly borç görýärdi. – Eprikogullary neberesiniň adamlaryndan üç müňden gowragyny öldüren Mamun Bugrajygy-da öldürip bilerdi, ýöne onuň şol öldürişlikden ýedi ýaşly ogly bilen aman galdyrylmagy Allanyň islegi bolmaly. Hawa, bu Allanyň emri bolmaly. Allanyň islegi şeýle bolandyr. Allanyň Abdylmäligi diňe bir iýip-içsin, mes bolsun diýip galdyrmandygy köre hasa. Çünki biri iýip-içip mes bolan bolsa, onda müň ýyla golaý şalyk mertebesinde ýaşan Eprikogullaryça iýip-içip, mes bolmandygy düşnükli ahyryn. Abdylmälik emir öz ömür manysyny neberesiniň gazanan günälerini ýuwmakda görýärdi. Şeýle hem köp-köp sogaplary gazanyp, neberesiniň dowamata girmegini ýola goýmagy mukaddes borjy hasaplaýardy. Ýogsam näme, bir neberäniň üç müň agzasynyň agzyny gum garbadan Biribar ýaňy örňejek bolup duran täze neberäni ýoklap bilmezmidi?! Bilerdi! Abdylmäligiň on iki ýaşyndan bäri bar maksady – Allanyň hoşuna gelmek. Köp-köp sogap gazanyp, köp-köp haýyr işleri edip, üç oglunyň, Altynjan atly gyzynyň durmuş aýlawyna gir¬meklerini gazanmak. Ol öz ýazgydyny akyl mizanyndan geçirmegi gowy görýärdi. Başdan geçiren ähli ahwalatlaryny Allanyň synagy hasaplaýardy. Gaznaly soltanlygynyň emri bilen Hindistana jihat edilmegini Abdylmälik Allanyň synagy hem ýalkawy hasaplaýardy. Çünki bu jihat ýörişlerinde gaty köp adam yslam dinini kabul edýärdi, musulman bolýardy. Şeýle sogap iş edýändigi üçin emir Alladan müň keren razydy. Dünýäni ahlak kanunlary dolandyrýar. Ahlak kanunlaryny adam döredenok, şolar adamy kemala getirýär. Olar adama däl-de, adam şolara bagly. Adamyň ýazgydy, ykbaly şolara bagly. Şonuň üçinem öz ömrüňde olary bozman, olary berjaý edip ýaşamaly, diňe şonda seniň bagt ýyldyzyň hiç mahal öçmän, şuglasyny saçar. Olary bozanyň döwleti gaýtmak bile, olary äsgermezlik edeniň tohumy tükener, soňy puç bolar. Allatagala adamzat ýaşaýşyny hut şeýle gurnapdyr: seniň geljegiň sogabyňa ýa günäňe, halallygyňa ýa haramlygyňa bagly. Gözi bagly guş kimin etjegiňi edibermeli däl, göwnüňe gelen işleri – halalmy-harammy – saýgarman gaýyrybermeli däl. Adamzat özüne oýlanyşyksyz, ýeňles ýaşamaga rugsat bererden has akyl¬ly, has çynlakaý jandar. Ol biparh hem biagyry ömür ötürerden has parhly edilip ýaradylan närse. Abdylmälik han hem bir zady bilýärdi: adamzat bu dünýä öz islän zatlaryny etmek üçin däl-de, Allanyň buýruklaryny amal kylmak üçin iberilendir. Şeýle borç boýna goýlan bolsa, onuň ýerine ýetirilmezligi üçin jogap soraljagy ikuçsuzdyr. Haram iş etseň, iru-giç netijesini görersiň, sen ömrüňde görmeseň, haramlyk seniň nebereleriňden çykar. Iň ýowuzy-da şol! Diňe kysmatdaky çözgüdiň däl, şu dünýädäki görjegiň, seniň nesilleriň-de görjegi – halal-haramlygyňa bagly. Öz göwün islegiňe görä däl-de, Biribaryň buýruklaryna görä ýaşamaly! Göwün islegiň yzyna düşseň, iki dünýäde-de saňa şumluk garaşýar, Hudaýyň buýrugyna laýyk ýaşasaň, iki dünýäde-de ýüzüň abraýa hem mertebä düşer. Bu – ýaşaýşyň ýeke-täk kanuny, ýaşaýyşda başga hiç hili kanun ýok. Bu kanuny aşa ýönekeý hem aşa ýüzleý görüp, göwün islegini bolsa düýpli hem manyly hasaplap, diňe şol boýunça ýaşanlaryň gününe – waý! Öz ýaşaýşyňda, öz pikirleriňde, öz islegleriňde boýnyýogyn¬lyk däl-de, boýun bolmak mertebäňi göterýär, abraý hem rysgal-döwlet getirýär, ömrüňi uzaldýar, nebereleriňe dowamat berýär. Günäden gaça durmazlyk ýaşyňy syndyrýar, tohumyňy tükedýär. Başa bela azaşyp tötänden, öz-özünden gelenok, ýok, ol diňe haramylykdan hem günäden gelýär. Allatagalanyň guran bu dünýäsinde hiç hili tötänligem, ýalňyşlygam, düşnüksizligem ýok. Barça zadyň sebäbi-de, netijesi-de bar. Netijäňi iki dünýäde görýärsiň, ondan gaçyp gitjek gümanyň ýok. * * * Abdylmälik han özüniň, maşgalasynyň atasynyň – nebere¬siniň gününe düşmeginden biçak gorkýardy. Gyzynyň mekdepdäki mähraby döwmegi-de onuň gözüne juda ýowuz etmiş bolup göründi. Mekdepde edilen etmişe jeza bermese, öz çagam diýip geçirimlilik etse, Hudaýtagalanyň gahar-gazaba münmegi mümkin. Şonuň üçin gyzyny jezalandyrmagy Abdylmälik han keramatly Perwerdigäriň öňündäki hökmany ymmatlyk parzy hasaplady. Han gyzynyň etmişi üçin aýalyny gamçylamak bilen çäklenmekçidi. Emma Altynjan tekepbirlik etdi: – Baba, enemde günä ýok, enemi urma! Ursaň, diňe meni ur! Meni öldür, ýöne, ýalbarýaryn, eneme degme! Men näçe ursaňam, «wäk» diýmerin. Gyzynyň tekepbirligi emiriň ganyny çüwdesine çogdurdy: onda sähelçe-de müýn ýok. Onda sähelçe-de gorky ýok. Ol urulsa-da «wäk» diýmejekdigini tekrarlaýar. Han urdy. Gamçysyny yzly-yzyna gyzynyň depesinden inderdi. Altynjanyň çyny eken: ol doňan ýaly bolup, aglaman, gozganman dur. Onuň bolşy göýä gamçynyň agyrysy ýok ýalydy. Han köp kişini gamçylap görüpdi. Hiç kim gamçynyň awusyna döz gelip bilenokdy, walalaýlap aglamaga başlaýardylar. Abdylmälik han gözlerine ynanmajak boldy. Şol ynamsyzlyk bilen ol ýene birki gamçy urdy. Altynjan dişini gysyp, sandyr-sandyr etdi. Abdylmälik han gyzynyň özüne zor salyp, agyra döz gelýändigine düşündi. Hajar hatyn äriniň aýagyndan gujaklap zar-zar aglady: – Babasy, gyzyňy urma! Babasy ursa, gyz betbagt bolar. – Ýok boluň şu ýerden... Altynjanyň doňan ýaly bolup entegem şol bir durşudy. Ejesi gyzyny içerden alyp çykdy. Hareme bardylar. Öz otagyna giren Altynjan özüne gelip bilmeýän bolarly, ümsüm, gymyl¬daman durdy. Zary-binowa elewreýän Hajar hatyn gyzyna el degirmäge gorkýardy. El degren ýeriniň gamçynyň urlan ýeri bolmagy mümkin diýen pikir bilen ol gyzynyň hiç bir ýerine-de elini degrip bilmän, töwereginden galpyldap aýlandy, soňam gyzynyň sag elinden tutup çekdi. Hajar hatyn gyzynyň ýüzüne naýynjar garap, gözünden paý¬radyp ýaş dökdi. Gülýüzli akgyz iki ýana zowzanaklaýardy hem aglaýardy. Urlan hemem aglamaly Altynjan bolsa-da, onuň ýanynda du¬rup, hünübirýan gözýaş dökýän Hajar hatyn bilen Gülýüzli akgyzdy. 3. Garaňky gatlyşýança harem tarapda hiç kim görünmedi. Garaňky gatlyşandan soňam hiç kim görünmedi. Gyzynyň ýüz-keşimi emiriň aňyndan aýrylmady. Onuň şirigana nazaryny, sarsman durşuny ýatladygyça özünde nähilidir bir näsazlyk duýuldy. Göwnüne bolmasa, ol öz hökmürowanlygyna daýanyp, adalatsyzlyk eden ýalydy, öz-özüne sowal berýärdi: «Men adalatsyzlyk etdimmi? Ýok, sen adalatly iş etdiň. Gyzyň metjidiň-mekdebiň mährabyny döwüp, günä iş edipdir. Sen şol günä iş edeni, hut öz gyzyň bolsa-da jezalandyrdyň. Gyzyňy şol eden günäsi üçin jezalandyrmadyk bolsaň, ana, onda seniň adalatsyzlyk etdigiň bolardy. Etmiş eden jezasyny çeksin! Eger adalatsyzlyk etmedik bolsam, onda men näme üçin özümi müýnli duýýaryn?!» Emir özüniň bu sowalyna welin jogap tapyp bilmedi. Ol agşam ýatmak üçin düşegine geçende ýene Altynjanyň şirigana nazaryny ýatlady. Gyzyna näçe gamçy urandygyny anyk¬lamaga çalyşdy. Ýöne näçe gamçy urandygyny takyk bilmedi. Az-a däl. Ol gyzynyň mertligine buýsandy. Neneň buýsanmajak, urgynyň öňünde Altynjan waweýla eýlemedi! Hakykatynda onuň ýaly urgynyň öňünde men-men diýen ärler hem durup bilmez. Özi zenan maşgala bolsa-da, Altynjanyň çy da ml yl ygy erkek kişileriňkiden zyýada. Emiriň göwnüne, gyzynyň waweýla eýlemezliginiň aňyrsynda hikmet bar ýalydy, ol hikmet gyzyny Allanyň goranlygyndady. Allatagala gamçynyň nähak urlanlygy üçin onuň agyrysyny özüne alandyr, Altynjan agyryny asyl duýan däldir, şonuň üçinem şirigana durandyr. Ýogsam ol urgularyň öňünde ses etmän durmak mümkin däl. Emiriň gyzyna näçe gamçy urandygyny anyklajak bolmasy-da ýöne ýere däldi. Onuň göwnüne, gyzyna urlan her bir gamçy – bir günädi. Ol gyzyna el göterip näçe günä gazanandygyny anyklamakçy bol-ýardy. Bu gorky emiri gaplap alypdy. «Häzir Altynjanyň ýagdaýy nähilikä? Öz-ä gamçynyň degen ýerleri agyrýandyr. Näzik bedeni bar onuň, gamçynyň degen ýerleri pazza-pazza gabaran bolmaly öz-ä! Ýok, gamçynyň degen ýerleriniň derisi soýlup, ol ýerlerden gan akýandyr. Ol ganyny nädip sakladyka? Sakladymyka beri? Mansur tebip çagyraýmaly eken. Ol görnenok welin, eýgilikmikä? Akgyzam-a görünmedi». Abdylmälik han daş çykdy. Maksady howlynyň içinde durup, harem tarapa diň salmakdy. Dym-dyrslyk. Adatça, derwezäniň mirşepleri özara hümürdeşip otur¬ýardylar, olardan hem bu mahal ses-üýn çykanok. Entek uklardan-a irräk. Abdylmälik han hareme bakan ugrady. Onda dörän gorky barha örç aldy: «Gyzym özüni bilmän ýatan bolaýmasyn?» Emir gyzynyň bolýan şebistanynyň gapysyndan çalaja jyklady, Aýyň ýagtysyna gyzy Altynjanyň çugutdyryp oturandygyny saýgardy. Ol näme üçin çugutdyryp otyr? Ýa ýatyp bilmeýärmikän?! Emir gyzyna seredip esli salym durdy, seretdigiçe oňa nebsi agyrdy, özüniň gelenini duýdurmak üçin iki gezek ardynjyrady. Kakasynyň ardynjyramasyny eşiden Altynjan zöwwe ýerinden galdy. Onuň nazary gapa gönükdi. Sähel salymdan Abdylmälik han içeri girdi. Hanyň sesi pessaý çykdy: – Gyzym, ýataňokmy entek? Gyz näme jogap berjegini bilmän aljyrady: – Ýok, baba, ýatamok... Ara ep-esli dymyşlyk düşensoň, han pessaý gürledi: – Ýagdaýyňy biläýeýin diýip geldim men... Kakasynyň bu mylaýym sözüne Altynjanyň günortandan bäri tar-tar bolup duran göwün kirişleri tarsa-tarsa üzüldi, damagy hykga doldy-da, günortanky gamçynyň agysynyny indi aglarly göründi. Ol ilki kemiş-kemiş etdi. Aglamazlyk üçin zol-zol ýuwdundy, ýöne her näçe dyrjaşsa-da, agysyny saklardan ejiz geldi, gözýaşy sil bolup akdy. Ol kemiş-kemiş edip, soňundan möňňürip goýberdi. – Meniň gyzym mertdir. Saňa aglamak bolmaz! – Men mert, babam. Men aglamok, indem aglamaryn. Meni gowy görýändigiňizi bilýärin-ä men. Babam, men siziň hiç wagt gaharyňyzy getirmerin indi. Babam, siz näme diýseňiz şony ederin – diýip, Altynjan ýetişibildiginden gözleriniň ýaşyny sylyp samrady. Ýöne gözýaş Altynjana entegem sakladanokdy. Şol gije Altynjan bigam çagalyk dünýäsinden çykyp, «ýalançy dünýä» atlandyrylýan gamly hem datly dünýä gadam basdy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |