18:54 Altynjan hatyn / 1-nji kitap -5 | |
Bäşinji hekaýat
Taryhy proza
ÜÇ ŞERT Altynjan Tümen daýysynyň wepatyndan soň öňki Altynjan däldi, ol indi öňküleri ýaly gudumanlyklaryny, şereňňizliklerini etmeýärdi, bir howlukmaçlyk çyksa-da, ylgajak, gaty ýörejek bolmaýardy, horam edip, efsun atyp ýöreýärdi. Özem ol indi öňküleri ýaly, hiç kim bilen erjeşmeýärdi. Öň deňi-duşlarynyň başgaplaryny kakyp alyp, elýetmez ýere – köplenç öýüň üstüne taşlamagy gowy gören bolsa, indi ol-a oglanlaryň ýeňsesine kakmak ýa başgabyny elýetmez ýere zyňmak eken, oglanlar bilen aňsat-aňsat gürleşmeýärdem. Ol diňe iki sany gyz – Kalbyna hem Balnäz bilen ýürek açyşýardy, raz aýdyşýardy. Olar bilen ýegana jorady. Altynjan indi öňküleri ýaly, Gülýüzli akgyza zulum etjek bolubam ýörmeýärdi. Oňa diňe käte bir hykarat bererdi: «Eňegiňe jaň dakylan ýaly seniň, azrak gürle!» diýip. Öň şowhun-şagalaňy gowy gören Altynjan indi hylwaty ümsümligi gowy görüp ugrady. Onuň uzynly gün ýeke agyz söz aýtmaýan gezeklerem bolýardy. Üç-dört aý geçdi welin, Altynjanyň öňki şereňňizligi hem erkek kişileriň eşigini geýip goňşy obanyň oglanlary bilen başa-baş ýumruklaşmalara gatnaşmasy-da selçeňleşdi. Ol indi owadandan-owadan zenan lybaslaryny geýýärdi. Altynjan hanyň gyzy ahyryn, onuň özüni alyp barşy, geýim-gejimi ähli zenanlaryňkydan, boýdaşlarynyňkydan parhlanmasa – elite hüllepuş1 geýinmese bolmaz ahyryn! Altynjan zünnar2 kemerine çalymdaş altyn tirme kemerini hiç wagt bilinden aýyrmaýardy. Sag tarapyndan sapy pöwrize daşyndan nagyşlanan şemşeri mydama asylgy durardy. Bu şemşer oňa Tümen daýysyndan teperrik galypdy. Geýmesine agasy Sadyllanyň eşiklerini geýýärdi, ýöne bir tilsimjagazy ulanýardy: ol Sadyllanyň köýnek-dyzdanynyň üstünden özge gyz-gelinleriňkä meňzemeýän biçüwde uzyn eşik geýýärdi. Onuň egninde gyrmyzy reňkli kumaşdan tikilen köýnegi bardy. Köýnegiň üstündenem uzyn, ýukajyk, ak haluf ýüpeginden3 edilen çenberi geýýärdi. Ol egin-eşigine aýratyn üns berýärdi. Ussat tikinçilere özüne nähili biçüwde egin-eşik tikmelidigini birin-birin öwredýärdi. Tikinçi işe başlansoň, aňsat-aňsat onuň ýanyndan aýrylmaýardy. Altynjana ýaranmak aňsat däldi. Muny ähli tikinçiler bilýärdi. Şonuň üçin ähli biçüwi, ähli tikimi Altynjanyň öwredişi ýaly edýärdiler, ýogsam öz bilişleri ýaly etjek bolsalar, muňa Altynjanyň gahary gelýärdi, olaryň başynda harasat gopdurýardy. Iň gowusy, et diý¬lişi ýaly edip dynmak, başyňy gutarmak. Altynjanyň üç sany ak ädigi bardy. Bu ädikleri nädip tikmelidigini, biçüwiniň nähili bolmalydygyny ol ädikçä birin-birin öwredipdi. Ädikleriň gonjuna tylladan nagyş etdiripdi. Geýnişi boýdaşlarynyňkydan görnetin tapawutly bolansoň, nirä barsa, Altynjan saýlanar durardy (zenanyň ýarym görki egin-eşiginde, dakynýan şaý-seplerinde!), onsoň ähli kişiniň nazary ondan aýrylmazdy. Ol özüne gözügidijilik bilen seredilmegini isleýärdi, şol seretmelerden çäksiz lezzet alýardy, öýünden çykanda mydama bezenip-beslenip çykýardy. Saçlaryny gyrmyzy dilbent4 bilen daňardy. Bilegine dakynýan bilezigi, bilindäki şemşerli kemeri, aýagyndaky tylla halhaly5 oňa biçak ýaraşyk hem haýbat berýärdi. Altynjan herki zatda boýdaşlaryndan, adamlardan tapawutlanmagy gowy görýärdi. Ol ähli zat babatda tapawutlanmak islegine-de ýetýärdi. Geýinmekde onuň bilen bäsleşip biljek zenan ýokdy. Owadanlykda onuň bilen bäsleşip biljek zenan ýokdy. Batyrlykda oňa taý ýokdy. Gylyçlaşmakda oňa taý ýokdy. At üstünde oýun görkezmekde oňa taý ýokdy. Arap, pars, ýunan dillerinde arassa, şirin gürlemekde oňa taý ýokdy. Sowatlylykda, okunlykda, önjemlilikde, üşüklilikde oňa taý ýokdy. Eger aýtmaly bolsa, badyhowalykda-da, özüne göwnüýetijilikde-de oňa taý ýokdy. * * * Razzak damulla Altynjanyň her bir hereketini göz astyndan synlaýardy, onuň soňky günler edaly gyza öwrülmegini bolaýmaly zat hasaplaýardy. Dogrusy, Razzak damulla özüni ýiti synçy, ýiti pelsepeçi ulama saýýardy. Altynjanyň agraslaşmagyny onuň çagalykdan saýlanmagy diýip hasap edýärdi. Bu müçe – yşky müçe. Bu müçede her ýaş juwan yşk ataşyna uçramaly. Altynjan yşk ataşyna haçan uçrar? Razzak damulla Altynjanyň yşk ataşyna uçraryna sabyrsyzlyk bilen garaşýardy. Eýsem, Altynjan bilen dünýäsi birleşjek ýigit barmy? Edil Abdylmälik han deýin Razzak damulla hem hyýalynda Altynjana mynasyp gerçek agtarýardy. Horezmin şalygynda özüniň deňsiz-taýsyz batyrlygy, önjemliligi, pählewanlygy, edermenligi bilen şan-şöhrat gazanan ärler, gerçekler juda kän. Razzak damulla özüniň tanaýan okun kişilerini birin-birin göz öňünden geçirip çykdy, ýöne hiç bir gerçekde ol Altynjana mynasyplyk görmedi. Altynjanyň hyrydary welin günsaýyn köpelýärdi. Gaýradan gelýän ýigitlerem bardy, olar Jeýhundan geçmegi ýüksünmeýärler, näme üçin gelýändiklerini asyl ýaşyrjagam bolup duranoklar. Olar üçin Altynjan elýetmez şaha. Wah, adama mahsus häsiýet şeýle-dä: ol özüne ýokary baha berip, dagyň kert gaýasyndaky mumyýa hyrydar çykýar. Her kim öz deňini tapmaly. Ýok, kül üstünde oturan garyp hem şanyň ýa hanyň gyzyna öýlenmek islär eken. Onsoň seniň ýaşaýşyň ony kanagatlandyrjakmy? Bezirgeniň oglumyň, bezirgeniň gyzyna öýlen, baýyň oglumyň, baýyň gyzyna öýlen. Öýüňdäki düşegiň boriýa6, iýýäniň ýegesi bilen tötek bolsa şanyň gyzyna, hanyň gyzyna seretme. Ýöne adamyň tebigatynda bar ýokary ymtylmak. Murty taban, başy dumanly goç-goç ýigitler Abdylmälik hanyň gyzyna aşyk. Herýeten Altynjanyň özüne ýylgyrap bakmagyny, özüne magşuk bolmagyny isleýär. Gijelerine güpjekleri gujaklap, ýorganyny iki satanynyň arasyna salyp arzuwa çümerler. Göräýmäge, güpjek Altynjanyň bili, ýorgan aýaklary ýalydyr. Aňlarynda Altynjandan başga hiç kim ýokdur. Gyzlaryň güni kyn, juda kyn. Olara erkek kişilere ýylgyryp seretmek bolmaýar. Öz deň-duş oglanlaryna ýylgyryp seretmek asla-da bolmaýar. Sähel ýylgyryp seretdigiň, ýigitler ony özlerine osýarlar. «Bu gyzyň mende göwni bar, maňa hatyn bolmak isleýär, ýöne ol söýýändigini aýdyp bilenok. Dogry edýär, asylly gyz şeýle-de bolmaly. Bu gyz maňa durmuşa çyksa, bagtly boljagyny bilip durandyr» diýip pikir eder, soňam gyzyň şol ýylgyryp bakmasyna esaslanyp, gyza hyrydar çykar, gyzyň öýüne sawçy ugradar. Ana, onsoň gyzyň öýüne şol sypaýyçylyk üçin ýylgyrylyp bakylan ýigidiň hossarlary sawçylyga gelip durandyr. Eý, Hudaý, sähelçe sypaýyçylyk ýylgyryşy üçin, gör, näçe peri-peýker gyzlaryň bagty ýatdy. Gyzyň pikiri diňlenilýärmi näme?! Oguzda ata-enesine: «Ýok!» diýip biljek gyz dogulýarmy näme?! Gör, näçe garry mamalar, eneler ömründäki ýeke sypaýyçylykly ýylgyryşyna nälet okap gitdiler bu dünýäden. Razzak damulla Altynjanyň agraslanmagyna esaslanyp, ony haýsydyr bir ýigide magşuk bolandyr öýdýärdi. Gyzyň özüni edepli-ekramly alyp barmasyny hem magşuklyga ýorýardy. Ýöne Altynjanyň söýgüsine mynasyp bolan är ýigit kim? Herhal, zamahşarly ýigitler-ä Altynjanyň özleri üçin elýetmez şahadygyny magat bilýärler, şonuň üçin «ýuwdunmazlyga» çalyşýarlar. Bilesigelijilik Razzak damullany halys heläk edýärdi. Altynjan baradaky pikiriniň anygyna ýetmek üçin ol gala gelýän ähli ýigitleri mukym synlaýardy. Altynjan kim bilen gürleşýär? Öýüne gaýdanda ýolda duşuşýan gerçegi barmy? Haýsy ýerden sawçy gelipdir? Razzak damulla şu zatlaryň anygyna ýetjek bolup gara gündedi. Bu örtenmelerinden özüne jinnek ýaly peýdanyň ýokdugyny bilmesine bilýärdi, ýöne özüne: «Bes et!» diýip bilenokdy ol. Herhal, Razzak damulla uzak kösenmeli bolmady. Altynjany Gauhor etrabyndan çiltenleri bilen yzyna alyp gelenlerinden iki aýdan soň, ol özüniň pelsepe, adamyň içini bilmek babatda asgyn adam däldigine açyk göz ýetirdi. Gawşfinj şäheriniň häkimi Harur Aksungaryň ogly Gökhun bir gün asly ýunanly, ýöne Horezminde ýaşap musulmanlaşan, ýerli dili, edim-gylymy öwrenen täjiriň gyzy Kalbynanyň üsti bilen özüniň hyrydardygy hakda Altynjana habar ugratdy. Başga bir gün Balnäz Bahram Kyýas atly ýigidiň söýýändigini aýtdy. Şaýürek Altyndaşyň haýsydyr bir weziriniň oglunyň Altynjana öýlenmek isleýändigi hakdaky habary getirdi. Oňa hyrydar bolup, osmakçy iberen ýigitleriň sany ýedä ýetdi. Altynjan osmakçylaryň sözüni piňine alman, äre çykmak barada oýlanman, asyl oýlanmagam islemän okuwa gatnaýardy. Galan wagtyny hem harby türgenleşik bilen geçirýärdi. Asyl onda boş wagt ýokdy. Ýöne ony duluna geçirmek üçin göwün ýüwürdýän ýigitler onuň kä eýlesinden, kä beýlesinden geçip, ünsüni özlerine çekmekçi bolýardylar, gürleşmek isleýärdiler. Ony güldürip dagy bolaýsa, onda-ha öýlenmek meselesiniň doly çözüldigi hasaplajakdylar. Arman, Altynjan Kalbynadyr Balnäz bilenem kän bir gürleşmeýärdi. Altynjanyň hyrydarlary boş oturmaýardylar. Olaryň öz osmakçylary, öz sözaýdyjylary bardy. * * * Nowruz baýramçylygynda mekdepde ýigrimi bäş gazan ataryl¬dy. Galanyň adamlary metjide-mekdebe ýygnandy. Erkek kişiler bir ýanda, gyz-gelinler bir ýanda aýratyn düşekde naharlandylar. Ýaş oglan-gyzlar hiňňildik uçdular. Altynjan hem hiňňildik uçup göwün solpusyndan çykmak isledi. Ýigitler hiňňildige bat berdiler. Kalbynadyr Balnäz hiňňildik sähel bat alsa titreşdiler, Altynjan welin hiňňildik näçe batly boldugyça, şonça hezil etdi. «Gyzlar, gorkmaň!» diýip, ol joralaryny köşeşdirmäge çalyşdy. Kalbyna bilen Balnäz oňa gorkmazlyga söz berselerem, hiňňildik batlanyberse, gorkularyna alagykylyk etdiler. Olar bilen hiňňildik uçup göwün solpusyndan çykyp bilmejegine göz ýetiren Altynjan gygyrdy: «Saklaň hiňňildigi!» Hiňňildik saklandy. Altynjan joralaryna çikjerip bakdy. Olar Altynjanyň gaha¬rynyň gelendigini aňyp, şelaýyn dillendiler: «Melikäm, bizde siziňki ýaly ýürek ýog-a! Biziň towşanyňky ýaly, gorkajyk ýüregimiz bar». «Menden daşrakda boluň! Şu gün meniň gözüme görün¬seňiz, eýgilige garaşmaň!» «Melikäm!..» diýip, Balnäz nämedir bir zat aýtmakçy boldy, ýöne ýetişmedi: Altynjan onuň elinden çekip, honda zyňdy: «Ýok boluň diýdim-ä men size! Ýok boluň!» Şondan soň Altynjan Anuşirwan hem doganlary Kabyldyr Habyl bilen bir sallançakda uçdy. Olar sallançagy şeýlebir batlandyrdylar, şeýlebir batlandyrdylar, sallançak dik depä galyp, birpaýyz doňan ýaly bolup durýar-da, soňam howany dilimläp-dilimläp aşak gaýdýar. Onsoň sallançak beýleki tarapa atylyp gid-ýär. Altynjan sallançagyň iň ýokary hetde ýetip säginýän sähel salymlyk pursadyny has gowy görýär, ol şol ýokarky çäkde köpräk durmak isleýär. Sallançagyň dik ýokary galyp, sähel salymlyk togtaýan pursadyny ejesiniň «gyz ömri» diýip atlandyryşyny ýatlaýar. Sallançagyň iň ýokary galan pursady – gyzlyk döwri. Altynjan bu pikiri içinden telim ýola gaýtalap, sallançaga bat berýär. Sallançak her sapar ýokary çäge baranda ýüregi hopup gidýär, ol muňa begenip, dowamly gülýär. Altynjan sallançakdan düşende çilteniň onbegileri – jandarlar Ýatmaz bilen Çyrlak ony bir çete çekdi. Olar oňa Dowalat atly ýigidiň duşuşmak isleýändigini aýtdylar. Altynjan olara anyk jogap bermedi. Onuň ýanyna ýaňyja kowlan Kalbyna geldi. Ol juda möhüm bolmasa, häzir Altynjanyň ýanyna gelmeli däl. Meger, ony gyssandyrlar. Kalbyna gorka-gorka gelip, bir ýigidiň Altynjana aşyk bolandygyny aýtdy. Muňa Altynjanyň girre gahary geldi. Ol hol gyrada üýşüp duran ýigitlere seretdi. Allatagala erkek kişilere zenanlaryň ýanyna barmagy, ilki bolup söz aýtmagy emr edipdir. Ýöne ol duran ýigitler göni gelip söz aýdyp biljek japy erkek kişilere meňzänok. Şeýle bir pähim bar: «Muhammet daga barmasa, dag Muhammediň ýanyna barar» diýip. Altynjan ýöräp barşyna ýigitleri gözden geçirdi. Ýigitleriň özüne gözügidijilik, hyrydarlyk bilen seredişleri hoşuna geldi. Ýigitler gylyçlaşmakdan, garşydaşyny ýeňmekden ymgyr datly lezzet alýarlar. Altynjan garşysynda duran ýigitleri gylyjy bilen däl, özüniň gözelligi bilen bendiwan etmekden, olary öz gözelligine kökermekden, ýeňmekden lezzet aldy. Ol ýeňiji hökmünde gürledi: – Eý, Allanyň sylanlary, meniň sylamagymy isleseňiz, ýanyma osmakçy ibermäňizi bes ediň! Bir zat aýtmak isleseňiz, meniň özüme açyk aýdyň! Men ker ýa lal däl, herki dile düşünýärin. Siziň gürlejek dilleriňize-de düşünerin. Isleseňiz, arap dilinde aýdyň. Isleseňiz, ýunan dilinde aýdyň. Isleseňiz, pars dilinde aýdyň, men bu dilleriň haýsy birinde gürleseňizem, size gowy düşünerin. Azan babam Soltan Mahmyt Gaznalynyň döreden dilinde7 gepleseňizem düşünerin. Arada dellal gerek däl! Arada terjuman gerek däl! Hakykatdanam maňa öýlenmek isleýän bolsaňyz: «Men saňa öýlenjek» diýip, näme üçin meniň ýanyma göni gelmeýärsiňiz? Ýa bir aýbyňyz barmy? Ýa gorkýarsyňyzmy? Eger gorkýan bolsaňyz, onda maňa öýlenjek bolup oturmaň. Sebäbi men özümden döwi pes äre «Är!» diýmek islemeýärin. – Osmakçyny ýanyňa men iberdim. Hany, aýt, sen nähili äre «Är!» diýmek isleýärsiň? – diýip, Bahram Kyýas öňe saýlandy. – Altynjan, men hem seniň göwnüňi awlamak isleýärin. Seniň maňa göwün bermegiň üçin nähili şertiň bar bolsa, şol şertiňi bitirmäge taýýar men – diýip, Dowalat atly ýigit hem iki-üç ädim öňe saýlandy. Kalbyna ýigitleriň ýakynyna bardy: – Melikämiziň size üç sany şerti bar. Ýigitler ýerli-ýerden heşerlenişip gygyryşdylar: – Aýt üç şertini! – Birinji şerti gylyçlaşyp ýeňmeli. – Ikinji şerti näme? Altynjan bilinden gamçysyny sogrup aldy-da, ýokarda galgatdy: – Erkekligi erkeklik kesgitlänok, merdanalyk kesgitleýär. Ikinji şertim şeýle: merdana ýigit maňa gamçy çalsyn. – Altynjan elindäki gamçyny gerçeklere bakan oklap goýberdi. Ýigitler gözlerini tegeleşip, Altynjana seredip durlar. Megerem, olar Altynjandan beýle-beýle zada garaşmadyk bolarly. Oňa aşyk bolup ýören ýigitleriň hiç birisiniň gamçyny ýerden götermäge bogny ysmady. Wagt welin geçip durdy. Altynjan garaşdy. Gamçyny götermeli aşyklar başyny aşak salaýdylar. Ýok, duran ýigitleriň arasyndan bir jaýty murtly arjanak öňe saýlandy. Ol apadaň-apadaň ýöräp geldi-de, hanyň gyzynyň oklan gamçysyny ýerden göterdi. Ýigit elindäki gamçyny saldarlap gördi-de, Altynjanyň ýanyna geldi. – Eý, Horezmin gözeli! Men saňa hak aşyk. Men sen diýip, Gawşfinj şäherinden ýörite geldim. Adym Gökhun. Gawşfinj şäheriniň häkimi Harur Aksungaryň ogly men. – Eliňe gamçy almaga gaýratyň çatdy. Indi näme üçin dursuň? Başlaber! – Meniň durmagymyň sebäbi birinji şertiňi dürs hasaplasam-da, ikinji şertiňi dürs hasaplamaýanlygymda. Kalbyna Altynjanyň gulagyna çawuş çakdy. Onuň aýdan sözlerine Altynjanyň girre gahary geldi: – Mende-de göz bar, Kalbyna. Görüp durun-a men. Näme, beýle oda-köze düşýärsiň?! Beýle gowy ýigit bolýan bolsa, özüň äre baraý. Kalbyna Altynjanyň bu sözüni dönüklik hasaplady. Ol utanjyna hem gaharyna çym-gyzyl boldy. Urmaga küşdüniň ýetmejegini bilensoň, dili bilen ýepbeklemäge häzirlendi. Ýöne Altynjanyň ýüregine neşter bolup uruljak ýiti sözi tapmady: – Gökhun maňa däl-de, saňa hyrydar. Eger maňa söz aýdan bolsa, men oňa sen ýaly garşy çykyp durmazdym... – Ine, Kalbynanyň gahar ýüzüne tapan sözi. Bu söz Gökhuna güýçli täsir etdi. Ol Kalbynany ilkinji gezek görýän ýaly, boýdan-başa synlady. Gökhun esli salym dymyp, soň dillendi: – Saňa öýlenmek isleýänligim hak, Altynjan. Men agyr synag isleýärin... – Onda näme üçin ýöwselleýärsiň? Ur meni! – Sen: «Erkekligi erkeklik kesgitlänok, merdanalyk kesgitleýär» diýip rast aýtdyň. Ýöne naçary, ejizi urmak merdanalykdan däl, men merdana synaglary isleýärin. – Men özümi naçar, ejiz hasaplamaýaryn. Men özümi janymak, çydamly hasaplaýaryn. Maňa hökümdar boljak kişä özümiň ňähili çydamly gyzdygymy iliň öňünde görkezmek isleýärin. Gökhun gamçyny ýerden götermäge gaýrat tapan-da bolsa, ony Altynjanyň depesinden indermäge gaýrat tapmady. Gaýtam, Altynjany ýakyndan synladygyça lagşady. Hakyt lagşady. Altynjan onuň göz öňüne getirişinden has dilnowaz hem has dilruba eken. Dogrusy, Gökhunuň Altynjandan döwi pes geldi. Ol elindäki gamçyny ýere oklady: – Ýok, gözel gyz, seniň bu şertiň dürs däl. Başga şert tap. Isle, meni ursunlar. Men yh-çoh etmän çydaýyn, ýöne seni urup biljek däl. Saňa gamçy göterer ýaly däl. – Bu şertiň bolmaýar, başga şert tap! – Ýigitler ýerli-ýerden gygyryşdylar. – Üçünji şertiňi-de aýt! – Maksadyň gamçy iýmek bolsa, bu islegiňe äre baraňsoň her gün ýetersiň. Üçünji şertiňi aýt! – Meniň üçünji şertim – ömrümiň baş maksady bilen baglanyşykly. Eger şol maksadyma ýetmesem, men bu dünýäden ahmyrly öterin... – Aýt, aýt! Gökhun has ynamly gürledi: – Altynjan, aýt maksadyňy! Men seni şol maksadyňa ýetireýin. – Hiç ýerde orun-ojak tapmaýan, baran ýerinden kowulýan, soňky gezek Mawerennahrda Alytegin bilen oňuşman Horasana gaçyp barýarka Altyndaşyň hossar çykan bir alaman jemagaty bar. Ol alaman, ganhor jemagat kynyk jemagaty. Onuň başynda Togrul diýen kellekeser durýar. Bu jemagata Altyndaş Gauhor, Şaruhan, Rabat-Maşe sebitlerini mülk beripdir. Bu gün köp emirler olardan ýaňa gan aglaýar. Togrul meniň Tümen daýymy öldürdi. Meniň şol ganhorda arym bar. Hunum bar. Ras, batyr bolýan bolsaňyz, şol alamanyň özüni ýa-da kellesini getiriň! Ýigitler Altynjanyň bu sözüni makulladylar, ýeňil dem aldylar. Olaryň bolşy Zamahşardan uzakda bolmadyk Gauhorda taýýar kelle ýatan, ol kelläni hiç hili gypynçsyz mura-mugt alyp gaýdybermeli ýalydy. Ýok, Togrul kynygyň kellesini alaýmak aňsat düşmez. Ýöne Altynjana ýetmek üçin şol kyn söwda baş goşanyňa degýän bolmaly. Belki, ähli zat oňuna bolar, Allatagala: «Omyn!» diýse, müşgil asana öwrüler. – Men Togrulyň kellesini getirerin ýa-da şu ýolda ölerin – diýip, Dowalat ynamly öňe omzady. – Men Togrulyň kellesini getirerin, hökman getirerin – diýip, Bahram Kyýas öňe omzady. Ýigitleriň arasynda Altynjanyň dogany Sadylla-da bardy. Ol nowruz baýramyna Jürjaniýadan Bahram Kyýas bilen bile gelipdi. Sadylla uýasyndan beýle töwekgellige garaşmandy, uýasy ony aňk edipdi. Ol aňkarylyp, bolup geçýän wakalary synlap durdy. Gökhundan soň hiç kim orta çykyp gamçyny götermäge milt edip bilmejekdigini aňdy-da, Altynjanyň ýanyna bardy: – Bar, öýe gaýt! Babam görse, damagyňy çalar. – Goý, çalsyn! Gamçy şol ýatan ýerinde iki günläp ýatdy. Ony ýerden götermäge, näme üçindir, het eden tapylmady, ýöne Togrul begiň kellesini kesip, Altynjanyň öňüne taşlamak, şeýdibem merdana iş bitirip, oňa mynasyp är bolmak üçin eli ýataganly Gauhor sebitine sary at salan ýigitler-ä az bolmady. Altynjanyň baş şertini bitirip, oňa är boljak, inçe bilinden guçjak, ýyly gujagynda meýmiräp, bugaryp ýatjak japy gerçek kimkä?! Muny diňe bir Razzak damulla däl, ähli zamahşarly bilmek isleýärdi. Muny Altynjanyň özi-de bilmek isleýärdi. Ýene näçe gün garaşmaly bolarka? Altynjanyň hasaby boýunça ýene alty günden özüne eýe çykjak gerçek Zamahşar galasynyň derwezesinden dabara bilen girmelidi. Şol günden başlap, Zamahşarda dabaraly pursada garaşyp ugra¬dylar. Iň esasy zat hunuň alynmagy, Altynjan bu maksadyna ýetmek üçin tapan çykalgasyna begenmek begenýärdi Alma ýokary atyldy, ol ýere düşýänçä iş gaýyrmaly. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |