19:01 Altynjan hatyn / 1-nji kitap -6 | |
Altynjy hekaýat
Taryhy proza
ÝAKYNYŇ ÝOLAN SAKGALY BITMEZ 1030 (422)-njy ýyl musulman dünýäsinde agyr ýyl boldy: möminleriň emiri Halypa Kadyr Billa Abulapbas ibn Abdylmuttalyp Haşymy Apbasyly Bagdatly aradan çykdy, onuň halypalygy kyrk bir ýyl üç aýa çekipdi. Ýerine ogly Kaýym geçdi. Şol ýyl soltan Emineddöwle Abulkasym Mahmyt ibn Söbüktegin hem dört tirkeşleriň üçünji aýynda dünýäden ötdi. Onuň hökümdarlygy otuz ýyla çekdi. Ýerine ogly Muhammet, ýigrimi bäş günden soň, Masut geçdi. Iki görnükli şahsyň ölümi hakdaky habar Zamahşar galasyna baranda Abdylmälik han ýedi günläp matam yglan etdi. Olaryň aşyny-suwuny berdi. Altynjan soltan Mahmydyň wepadyny eşidende has gynandy, aglamak aglady, kyrk günläp matam tutdy. Kyrk günläp oňly iýip-içmänden soň horlanmak horlandy. Onuň bar arzuwy özüne ak pata beren mertebeli soltanyň didaryny görmekdi. Elbetde, oňa «Soltan Mahmydyň nurana keşpli, görmegeý ýüzli, kiçi gözli, gyzylymtyl saçly adam bolandygy, ogly Muhammediň agynjak özüdigi, ogly Masudyň bolsa dolmuş göwreli, uzyn boýly adamdygy»1 hakda telim ýola gürrüň beripdiler. Altynjan matam tutan günlerinde bilegindäki siňňiliň aýrylandygyna haýran galdy, bu ahwalaty nämä ýorjagyny bilmedi. Soltan Mahmydyň ýogalmagy, tagta ilki Muhammediň, yzysüre-de Masudyň geçmegi bilen Altyndaşyň, şol sanda Ab¬dylmälik hanyň güni-de ýeňilleşdi. Altyndaş Horezmini özbaşdak şalyk etmegiň kül-külüne düş¬di, ýöne bu maksadyna ýetip bilmän, soltan Mahmydyň wepatyndan iki ýyldan soň bu dünýäden göç etdi. Onuň tagtyna ogly Harun ibn Altyndaş geçdi. Abdylmälik han Harun bilen arasyny sazlajak bolup köp yhlas etdi. Oňa ýaranmak aňsat däldi. Ol hedýe kabul etmegi ähli zatdan beter gowy görýärdi. Şeýle bolansoň han galada süýji nygmatlary, ok-ýaý öndürip, lomaý gazanç etmek, şol gazanjyň ujundan Haruna aýma-aý hedýe, has dogrusy, rişwet ýollamak bilen meşgul boldy. Yhlasy ýerine düşdi: ol bir ýylyň içinde Harunyň iň hormatly emirleriniň birine öwrülmegi başardy. Köşkde uly dabaralar geçirilende Harun Abdylmälik emiri hökman çagyrýardy we oňa hormatly orun berýärdi. «Bu dünýäde rahat ýaşamagyň iň derwaýys şerti häkimiň – ýolbaşçyň bilen araňy sazlamak. Her etmeli-hesip etmeli häkimiň bilen gowy gatnaşykda bolmaly: iň esasy, islendik pursat oňa rişwet bermäge mümkinçiligiň bolmaly. Onuň saňa yşanmagy, seniň näjüre adamdygyň ölçegi – şu işi näderejede başarýanlygyňda» diýip, han ogullaryna aýdýardy. Han Hudaýa şükür edýärdi, ogullaryndan razydy. Ogullary onuň sözünden çykanoklar, wesýetine eýerýärler. Kakasynyň ýardamy hem maslahaty bilen Sadylla Jürjaniýanyň baş medresesini tamamlap, şol ýerde işe galdy. Abdylmälik han oňa şäherden üç otagly howly satyn alyp berdi, Gazanpar Takyň gyzyna öýerdi. Geçen ýyl olardan bir ogul dünýä indi. Oňa Kerem diýip at goýdular. Agtygy dünýä inende han hatyny bilen gyzyny şähere alyp geldi. Olar çaga çileden çykýança – kyrk günläp ýaş enä ýardamçy boldular. Abdylmälik han her sapar köşge hasabat bermäge gelende og¬lunyň howlusynda ýatyp-turýardy. Sadylla otagyň birini «Babamyň tamy» diýip aýratyn hatyralap saklaýardy. Onda Abdylmälik hanyň egin-eşiklerine çenli durdy. Bu otag Abdylmälik hanyň Zamahşardaky otagynyň kiçeldilen görnüşine çalym edýärdi, hakykatdan hem şäheriň otagy galadaky otagdan görnetin kiçidi. Abdylmälik han uly oglunyň öz ýanynda bolmagyny isleýärdi, ýöne Eprikogullary neberesiniň çar ýana kök urmagy onuň üçin has möhimdi, şonuň üçin ol Sadyllanyň paýtagtda işe galmagyny gurnapdy. Indiki ýyl, nesip bolsa, Kabyl bilen Habyl hem Jürjaniýa okamaga gelerler. Abdylmälik han ekizleriniň durmuş ýoly, etmeli işleri hakda köp oýlanýardy, olar bilen maslahatlaşýardy. Soňky gelnen pikir boýunça okuwlaryny gutaranlaryndan soň Habyl mirasdüşer hökmünde Zamahşarda ýaşar, işlär, Kabyl golaý-goltumdaky obalaryň birinde raýis bolar. Han Kabylyň haýsy ýerde bolsa-da horlanmajakdygyna, gününi görjekdigine ynanýardy. Kabyl bilen Altynjanyň häsiýetleri meňzeşräkdi: hyjuwlydylar, okgunlydylar, batyrdylar, töwekgeldiler. Habyl olara seredende biraz ýöwseldi. Han Habylyň entek-entekler taplanjakdygyna ynanýardy, çünki, Sadylla-da başda ýöwseldi, sadady, myllykdy. Bu gün Sadylla öňki Sadylla däl. Şäher durmuşy ony birkemsiz taplapdyr, indi onda öňki myllyklyk ýok. Asyl, ol baş bazardaky iki sany halwa dükanyny gül ýaly dolandyryp otyr. Abdylmälik han Sadylladan täjir çykar, halwa dükanyny dolandyrmagy oňarar öýtmändi. Hudaýa şükür, Sadylla aýsaýyn baýaýar. Abdylmälik hanyň uly oglunyň dogumyna begenjiniň çägi ýok, onuň işiniň mundan beýlägem şow almagyny dileg edip, iki gezek galada sadaka berdi. Şäherdäki howlusynda-da iki gezek sadaka berdi. Sadaka diňe bir goňşy-golamlar däl, Sadyllanyň ähli işdeş müderrisleri-de üýşüp geldi. Sadylla kyrk-elli müderrisi Abdylmälik hanyň ýanyna getirdi: – Baba, ine, bu kişiler meniň işdeş ýoldaşlarym – diýdi. Epeý-epeý ulamalar, müderrisler Abdylmälik han bilen gelip salamlaşdylar. Olaryň biri Sadylla hakda ýörite söz açdy: – Tagsyr, siz gowy ogul ýetişdiripsiňiz. Sadylla hafyz çykdy. Biz Sadylla guwanýarys, onuň röwşen geljegi bar. Nesip bolsa, Sadylla fykh ylmyndan hem nassdan2 düýpli işleri eder. – Eýýäm birnäçe işi bitirdi – diýip, ikinji bir ulama başky gürlän girdenekje ulamanyň sözüniň üstüni ýetirdi. Ogluň hakda gowy sözler aýdylsa, ata üçin şondan datly başga näme bolup bilsin?! Ulamalaryň, müderrisleriň hoş sözleri hana hakyt ganat bekletdi. Ol Zamahşara guş bolup uçup geldi. Han aýalyny, ekizlerini, gyzy Altynjany daşyna egele edip, olara Jürjaniýada Sadyllanyň abraýynyň uludygy, sadakasyna kyrk-elli sany ulamanyň, müderrisiň üýşüp gelendigi, oňa guwanýandyklary, fykh hem nass ylymlaryndan uly işler edýändigi, bu zatlardan daşgary baş bazardaky iki halwa dükanynyň işinem birkemsiz dolandyrýandygy, agtygy Keremiň janynyň sagdygy hakda guwanyp gürrüň berdi. Nesip bolsa, han Kabyly-da, Habyly-da, Anuşirwany-da öýerer. Hudaý şol günlere ýetirsin! Ýöne, haýp, ähli isläniň bolup duranok... * * * Abdylmälik han öz tabynlygyndaky sebitiň ýagdaýy hakda Altyn¬daşa hasabat bermäge Jürjaniýa şäherine gitdi. Ol on günden soň ýadaw hem gaharly dolandy, «Sag-salamat geldiňizmi, tagsyrym?!» diýip, sadykan garşylan, atyny tutan gapydan Mansuryň üstüne jabjyndy: – Men-ä saňa halal ojagymy, galamy yşanýaryn, sen bolsa öýde dönük saklap, ýal berýärsiň. Kim ol meniň duzumy iýip, soňundan meni köşge eltip satýan? Kim? – Meniň adamlarym-a dönüklik etmez... – Onda kim ol dönük? Belki, men ýalan sözleýändirin?! – Ýok, ýok! – Belki, Altyndaş ähli zady düýşünde oraşan görendir?! Ä?! – Yşanar ýaly däl... – Meniň sözüme yşanar ýaly dälmi? – Size yşanýaryn, begim, yşanýaryn. – Onda näme üçin «Yşanar ýaly däl» diýýärsiň? – Men beýle diýjek bolmadym... – Onda näme diýjek bolduň?! Men ýalan sözleýärin, şeý¬lemi? – Emiriň gahary ýetjek derejesine ýetdi. Mansur öz emirine belet. Ol gahary gelende her sözüňe yrsaramaga ökde. Şonuň üçinem emiriň gahary gelen pursady geplemeli däl. Şondan gowusy ýok. Şeýle pursat gürlemek, düşünişjek bolmak – onuň hasam gaharyny getirmek. Başga hiç zat däl. Mansur dymdy. Ähli zadyň günäkäri özi deýin, egnini ýygryp, başyny aşak saldy. – Garşyma gidip, janymy ýakma, Mansur. Dönügi tap, dönügi! Özem derrew tap! Hanyň sözleri howludakylary serasimalyga saldy: ähli kişä wehim aralaşdy. Her kim özüne atyljak bolunýan töhmetden goranmaga häzirlenýän dek, ýuwdundy. Mansur handan beýle habara garaşmadyk bolarly, huk bolup, sömeldi durdy. Han yzyna öwrülip gelmedik bolsa, onuň howluda ýene näçe wagtlap durjagy belli däldi: – Mansur! Arada Gazanpar Tak gelip gideninden soň, öýde hyzmat edip ýörenlerden kim nirä gitdi, kim kim bilen gürleşdi? Ine, şuny maňa derrew anyklap ber. Onsoňam Babyr görnenok-la? Mansur geňirgendi: – Haýsy Babyry soraýarsyňyz? Emir bu sowala hasam gaharlandy: – Näme, indi Babyry-da tanamaýarsyňmy? – Bizde üç sany Babyr bar. Biri seýis, ikinjisi mirşep... – Men seýis bilen mirşepi başyma ýapaýynmy?! Men senden mirşikär Babyry – Keski Kelewiň çykanyny soraýaryn. – Hä, mirşikärmy, bar, bar. – Nirede? – Hekemgähde, elguşlara iým berýär. Emir pyşyrdap sorady: – Soňky bir aýyň dowamynda galadan çykdymy? – Çykdy, çykdy. Bir gezegem däl, telim ýola çykdy. – Nirä gitdi? – Tazylaryna, elguşlaryna iýer ýaly zat tapmak üçin çykdy. Emir öz otagyna bakan ýöräp ugrady: – Ähli zadyň anygyna ýet! Babyr galadan çykyp nirä gidipdir? Kim bilen duşuşypdyr, näme üçin duşuşypdyr. Anykla, ähli zady anyk¬la! Eşidýärmiň, maňa meniň bagtymy ýatyrmak isle¬ýän adamy tapyp ber! Uzak garaşdyrma meni! Her kim başarýan işine girişdi: adamsynyň «Meniň bagtymy ýatyrmak isleýän» diýen sözüni eşiden Hajar hatyn haremhanasyna girip, gözýaş dökmäge başlady. Altynjan beýleki zenanlara goşulyp ejesiniň ýanynda bolmalydygyny bilýärdi, ýöne häzir ejesiniň ýanynda oturyp, aglap biljek däldi. Onuň aglasy gelenokdy, gahary gel¬ýärdi. Ejesi aglap durka gapdalynda aglamazlyk hem gowy däldi. Aglamajak bolsaň, iň gowusy, ejeň ýanynda görünmezlikdi. Bagtyýatan hatynyň aglamakdan başga elinden näme gel¬ýär?! Hiç zadam gelenok. Bagty ýatanda, belki, erkek kişilerem aglasa aglaýandyr. Abdylmälik hanyň hem şu mahal gülüp oturmandygy hak. Ähli ýük hana düşýär. Bir hakykata galada ähli kişi düşünýär: Abdylmälik hanyň bagtynyň ýatdygy – Zamahşar galasynyň bagtynyň ýatdygy. Abdylmälik hanyň bagtynyň ýatdygy – onuň ähli neberesiniň, onuň ähli adamlarynyň bagtynyň ýatdygy. Bagtyň ýatmasy – kimdir biriniň öýünde gyrnak bolup hars urmak. Wah, bagtyň küle çökse, gyrnaklyga-da razy gelersiň, kim bilýär, ertir seniň damagyňy kyhladyp çalarlar. Damak çalmaga Mamunlar ökdedi. Altyndaşlaram ökde, bokurdagyňdan ganyň pöwhüldäp akmasyndan lezzet alýarlar. Diňe olar däl, olaryň ýanyndakylaram hezil ederler. Eý, Hudaýa hudawende, şolara tomaşa bolmakdan daş edeweri! Altynjan şebistanyna girdi, ýöne oturyp karary bolmady, ýumşa taýyn bolup duran akgyzyna seretdi. Gülýüzli dessine melikesiniň maksadyna düşündi: – Häzir taýýar bolar – diýip, ol teblehana bakan ýumlukdy. – Saklan! – Altynjan howatyrly gygyrdy: – Ilki ähli hyzmatkärleri bagyň sypasynyň ýanyna jemle. Kimiň dönükdigini men gaty bahym bilerin. Abdylmälik hanyň öýünde hyzmat edýän serkerdelerden, mir¬şepdir sakçylardan hemem haşymlardan özge ýigrimi bir kişi: alty aýal maşgala, on dört sany erkek kişi – dört ferraş, üç akgyz, bir atabeg, bir mirşikär, bir seýis, iki bagban, aw tazylaryny, guşlaryny idedýän üç hyzmatkär, iki sany atbakar, bir naýyp, bir işigagasy, bir desterhançy bardy, olardan Mansurdyr Omardan özgesi nyzama düzüldi. Altynjan erkek kişileriň hataryny gözden geçirip: – Hany, Dowguş nirede? – diýip, ýigrimi birinji hyzmatçyny – atbakary sorady. – Emir ony bir ýere ugratdy öýdýän, ol howludan gyssagly çykyb-a gitdi – diýip, Haldan jogap berdi. – Tapyň! Her kim bir tarapa agtarmaga gitdi, ýöne atbakary tapyp bilmediler. – Galadan çykyp gidipdir ol – diýip, Haldan gorkuly seslendi. – Ýok ol. Gürüm-jürüm bolupdyr. Ol indi tapdyrmaz. – Uzaga giden däldir. Yzyndan kowsak ýeteris. Gideliň! – diýip, Altynjan Mansura ýüzlendi. Şadranç bilen Mansur bu pikiri oňlady. Altynjan ata atlanyp, howludan çykyp ugranda yzynda birtopar atly peýda boldy. Bu atlylar Altynjanyň jandarlarydy. Olar Habyl bilen Kabyldy, Anuşirwandy. Ol Akgaýady, ol Çyrlakdy, ol Ýatmazdy. Galanlaram zamahşarly ýigitlerdi. Altynjan olaryň serkerdesidi. Olar – çiltendi, özlerini «çiltenler» diýip atlandyrýardylar. Oglanlaryň galabasy başda oňa janpena bolmak islemediler. Şonda Altynjan berk durdy: özüniň hemaýaty bolmasa, olara ýaşaýşyň juda kyn düşjekdigini subut etdi. Dogrusy, häzirki janpenalaryň içinde boýun sunmajak bolup Altynjandan almytyny almadyk az-azdyr. Kabyl-da, Habyl-da, Anuşirwan-da gepsiz-gürrüňsiz boýun sunmaýandygy, buýrugy dessine ýerine ýetirmeýändigi üçin serkerdelerinden ýumruk iýipdiler. Ýatmaz bilen Çyrlak-da ýumruk iýe-iýe boýun sunupdylar. Olaryň içinde ýumrugy iň az iýen Akgaýady. Ol Ýatmaz bilen Çyrlakdan iki ýaş kiçidi, et diýlen işi etmese, sadykanlyk bilen boýun sunulmasa, soňunyň nähili bolýandygyny telim ýola görüpdi. Şeýle bolansoň, ol özgeleriň ýalňyşyny gaýtalajak bolanokdy. Onsoňam ol beýleki ýigitlere görä polady ýumşakdy, hoşgylawdy. «Hoşamaý söz süňk döwer» diýen pikiriň dogrudygyna ol gaty berk ynanýardy, hoşamaýlygy özüne ýaran edinipdi. Altynjanyň çiltene baş bolup ýörşi hakda eşidende Abdylmälik han juda gaharlandy. Ol çiltenler hakda Altynjan ar aljak diýip Gauhor etrabyna giden gezegi eşidipdi. Han gyzynyň yzyna janpena tirkemegini gadagan etdi. Şondan soň Altynjan yzyndaky oglanlary kowdy. «Meniň yzyma düşmäň, öz günüňizi özüňiz görüň» diýdi. Zamahşarly jahyllar Altynjanyň yzyndan, barybir, aýrylmadylar, nirä gitse, yzy bilen gitdiler. Häzirki döwürde janpenalar bir iş etmekçi bolanlarynda onuň bilen maslahatlaşýardylar. Çiltenleriň oňa sygynmaklary hem ýöne ýerden däldi: başlaryna iş düşende Altynjanyň şol işi düzetmek üçin soňuny gaýgy etmän, özüni oda urýandygyny hemem urjakdygyny bilýärdiler. Özem olar Altynjanyň islän işini bitirjekdiginem bilýärdiler. Onsoň şeýle serkerdäniň saýasynda bolmak olar üçin ygtybarlydy, bähbitlidi. Onsoňam Altynjan olary hiç bir zada mätäç edenokdy, mahal-mahal dirhemdir dinar-da paýlaýardy. Häzirki maksat – nirä gaçan hem bolsa Dowguşy tapyp getirmekdi. Çiltenler topar-topar bolup, galanyň dört tarapyny-da agtarmaga ugradylar. Galanyň derwezesiniň derbanlary Dowguşuň demir gyr atly galadan çykyp, gündogar tarapa gidendigini habar berdiler. Altynjan derbanlaryň salgy beren tarapyna at saldy. Hernäçe uzaga gitseler-de, Dowguşdan gördüm-bildim bolmady. Ol, megerem, tokaýlykda gizlenýän bolarly. Altynjan garagörnüm alyslykda iki ýüz çemesi atlynyň üýşüp durandygyny görüp, Akgarynyň jylawyny çekdi: – Olar kimkän? – diýip, howsalaly seslendi. – Togrul Sel¬jukly bolaýmasyn? – Altyndaşyň olara hossar çykmasy maňa gaty düşnüksiz – diýip, Şadranç alysdaky atlylara ýiti-ýiti seretdi. Mansur müňkür gürrüňe goşuldy: – Aldap ele saljak bolýandyr olary. Habyl ynamly sözledi: – Ýok, Altyndaşyň maksady olary ele salmak däl, jellat hökmünde peýdalanmak. – Kynyklar gelen bolsa, indi bize rahatlyk bolmaz. Olar düýn bizden halwa satyn alan bezirgenleriň kerwenini derýanyň boýunda talapdyrlar. Beýle talaňçylyk öň bolmaýardy ahyryn! – diýip, Mansur uludan demini aldy. – Altyndaşyň olara beren Rabat Maşe, Şaruhan, Gauhor etraplarynyň Zamahşardan biraz uzakdalygy-da bir gowy. – Uzakda diýib-ä arkaýyn bolma. Ganhoruň aty – tüweleý. Olarda serhet ýok. Tüweleý durar, olar durmaz. Şol görünýän atlylaram seljukly kynyklar bolmaly. Ganhorlar! – diýip, Altynjan hyrçyny dişledi. – Siz bir oýnam ganhoruň gürrüňini edip dursuňyz. Olar üns bereniňize degenog-a. Aýaklaryny sähel gyşyk basdyklary hut özüm olaryň tepbedini okaryn. On müň atly nire – bir oýnam garakçy nire! – Kabyl badyhowa dillendi: – Olar dyp edip bilmez. – Olar Tümen daýymy öldürdiler. – Altynjan, daýymy seljuklylar öldürendir öýdemok men-ä! Eger olar öldüren bolsa, tokaýlygyň içinden: «Men Togrul Seljukly!» diýip gygyrmaz, özüniň kimdigini aýtmaz. Bu ýerde bir pyrryldak bar. Alysdan görünýän atlylara seredip duran Mansur müňkür öz¬başyna hüňürdedi: – Eý, Hudaý, olar kimler? Abdylmälik hanyň günortanky aýdan betbagtlygynyň alamaty bolaýmasyn?! – Şanyň nökerleri-hä däl. – Abdylmälik hanyň nökerleri-de däl. – Dogry, olar gaznalylardan, horezminlilerden däl. Görüň-ä, olaryň geýimleriniň, atlarynyň reňki agam däl, gara-da. – Onda haýsy reňkde olar? – Uzak bolansoň, açyk saýgaryp bilemok. Öz-ä dor ýa al reňkli olar. – Dor, al reňk kimiňki bolmaly? – diýip, Anuşirwan gy¬zyklandy. – Al reňk3 – iň soňky reňkleriň biri öz-ä. – Oguzyň ýigrimi dördünji agtygy kynyklar dälmi? – diýip, Anuşirwan Sadyllanyň ýüzüne soragly bakdy. – Takyk ýadyma düşenok. – Bä, damulla, seniňem bilmeýän zadyň bar eken. Men sen ähli zady bilýänsiň öýdýärdim. – Ähli zady bilýärin men. Biraz oýlanaýyn, häzir ýadyma düşer. – Diňe bir gorkana däl, ýigrenene-de goşa görner eken. Altynjan, sen ähli zatdan halamaýan zadyňy görýärsiň. O görün¬ýän atly¬lar-a gara reňkli. Diýmek, olar gaýalaryňky – diýip, Habyl atlylara bakan ýiti-ýiti seretdi. – Bä, seniň ýeke gözüň biziň iki gözümizden gowy görýär-ow – diýip, Altynjan gaşlaryny gerjeşdirdi, ol Habyla paýyş söz aýdarly göründi, jaýdar paýyş söz ýadyna düşmän örtendi. – Pal atyşyp durman, ýörüň, üstlerine baralyň! – diýip, Kabyl çynyrgartdy, atyna gamçy çaldy. Alysdaky atlylar özlerine tarap birtopar atlynyň gelýändigini görüp, alagykylyk, alatozan turzup, gündogar tarapa at saldylar, sähel salymdanam gözden ýitdiler. * * * Mansur gören atlylary, olaryň gündogara bakan gaçyp gidendikleri hakda hana habar berdi. Ol sözüni soňlap-soňlaman¬ka Haldan ferraş at çapdyryp geldi. – Düýn bizden halwa satyn alan bezirgenleri talan kynyklar häzir atgaýtarym gündogarda – suwuň boýunda meýlis gurap otyrlar. Olary güpbasdy edip boljak. Sebäp, häzir olar serhoş. Haldanyň bu habaryndan soň Abdylmälik han buýruk berdi: – Begler ýygnansyn! Çapar ugradyldy. Sähel salymda hanyň alty ýüzden gowrak atlysy howlynyň öňünde ýygnandy. Abdylmälik han ogullary bilen gyzynyň ýörişe taýýar bolup durandygyny görüp, kesgin gygyrdy: – Habyl, Altynjan, siz öýde galyň! Howly boşap galdy. Hana, atabegiň otagynyň gapysam açyk dur, ol hem gidipdir. Mansur pola öz otagyna girip-çykyp, nämedir bir zat bilen gümra, ol gaty arkaýyn görünýär. Şeýle galagoply pursatda Mansuryň hojalygyň ownuk-döwnük işleri bilen gümra bolup ýörmesi, hiç hili howsalasynyň ýoklugy Altynjanyň hoşuna gelmedi. Ähli kişi (ol «ähli kişi» diýip, esasan, özüni göz öňünde tutýardy) ber-başagaýka näme üçin ol hyrda zatlara güýmenen bolup ýör? Emir ähli erkek kişileri yzyna tirkäp seljuklylardan hasabat soramaga gitdi. Mansur, näme, erkek dälmi? Altynjan gazap bilen Mansuryň otagyna girdi. Dogrudanam, naýyp giň otagynyň içinde otyr . Özem öňi durşuna hazyna: dirhemdir dinar. – Babam dagy gitdi! Mansur Altynjanyň bu sözüniň manysyna düşündi. Ol: «Kakam dagy gitdi, sen näme üçin olar bilen gitmediň?» diýmekçi boldy. Naýyp bu söze jogap bermedi, sebäbi näme jogap berjegini bilmedi. – Mansur daýy, siziň arkaýynlygyňyza meniň gözüm gidýär. Men hiç ýerde rahatlyk tapyp bilemok. – Seni näme biynjalyk edýär, gyzym?! – Anyk bilýän zadym ýok. Diňe bir zady bilýärin. Ol hem özümdäki düşnüksiz bir wehim. Göwnüme bolmasa, ýakyn wagtda aýylganç bir betbagtlyk depämden gopaýjak ýaly duýulýar. – Näme bolup biler? – Wah-weýla, bilemok-da, Mansur daýy! – Eger sen gorksaň, onda biz-ä üstümizi bürenip ýatybermeli bolarys – diýip, Mansur şelaýyn ýylgyrdy. – Babam hem mydama hiç zatdan gorkmazlygy ündeýär. – Altynjan nämedir bir zat hakda oýlanýan ýaly, ýokaryk seretdi: – Babam mydama gorkmazlygy ündeýär welin, ol bir gorkuly wakanyň boljagyny öňünden duýýan ýaly... – Giň bol, gyzym. Sen, iň gowusy, şahynyň barada alada et! Ol şu gün ertir iýmini iýmedi, bir hylt tapaýan ýaly ol. Yzyna öwrülmekçi bolan Altynjanyň nazary Mansur polanyň sag gapdalynda ýatan iki sany haltajyga düşdi, ini dyglap gitdi. O haltajyklar Altynjanyňky ahyryn! Olary Altynjan Şadranç müňbaşa elin beripdi. Altynjan bir bökende haltajyklary garbap aldy. – Mansur daýy, bular size nireden düşdi? – O saňa nämä gerek? – Gerek, juda gerek! Şadranç müňbaşy berdimi? – Ýok, muny maňa babaň berdi. – Bu haltajyklar babama nireden düşüpdir? – Saňa näme boldy, gyzym? Birden üýtgäýdiň-le? – Muny men bilmeli, hökman bilmeli. – Bu iki haltany babaňa Şadranç beräýdi öýdýän. Meniň şeýle pikir etmegimiň bir sebäbi bar. Ol babaň ýanyna girip, nämedir bir zat hakda uzak gürrüň etdi. Şadranç gidensoň, babaň meni dergähine çagyryp, şu iki haltajygy berdi, hazyna goşmagymy tabşyrdy. – Men hakda hiç zat aýtmadymy şonda? – Ýok, aýtmady. – Gör, nähili nejislik! Dönük! Nejis, dönük! – Kim?! – Kim bolar öýdýärsiňiz? Şadranç! – Beýle mojuk söz aýtma, gyzym! Kimden çyksa-da, Şad¬rançdan dönüklik çykmaz. – Meni babama satypdyr ol! – Babaň Şadranjyň hany ahyryn! Ol babaňa aýtman, hiç zat edip bilmez. Ähli zady aýtmak, hasabat bermek – serkerdäniň borjy. – Diýmek, siz meniň häzirki sözlerimi-de babama aýdarsy¬ňyzmy? – Eýsem näme? Hasabat bermek – meniň borjum. – Satyň! Satyň meni! – diýip, Altynjan gazaplandy. – Seni satarys. Özem gaty gymmat satarys. Seniň mahýaň sebitde iň ýokary mahýa bolar. Altynjan atylyp daşaryk çykdy. Onuň nazary diňiň üstünde egnindäki ak biýz köýnegini iki ýana pasyrdadýan Haldanda hemem al-asmandan özüne seredip duran gara bürgütde saklandy. Bürgüt öň görünmeýärdi. Ol Altynjany özüne aw hasaplaýan ýalydy, ganatlaryny gerip durşy ýene sähel salymdan aşak şaglap inäýjek ýalydy. Altynjan Tümen daýysy entek gundagdaky çagajykka bürgüdiň alyp gidendigini, babasydyr mamasynyň gutuny aljak bolandygyny eşidipdi. Asmanda bürgüt görünse, bagt dilemelidigi barada Altynjana köp gezek aýdypdylar. Bürgüdiň Allatagaladan bagt – gut getirýändiginem, ýanyňda kim bar bolsa jemlenişip: «Eý, guş, ber gut, ber gut!» diýip gygyrmalydygyny-da aýdypdylar. Bu guşy görenlerinde: «Ber gut, ber gut!» diýenlerinden soň, onuň ady ber gut – bürgüt bolupdyr, hakyky ady unudylypdyr diýýärler. Bürgüt – bagt-gut berýän guş! Altynjan guşa elini uzadyp gygyrdy: – Ber gut! Ber gut! Eý, guş, maňa Alladan gut getir! Bürgüt gozganmady, şindem gerlen ganatlaryny gozgaman asmanda doňan ýaly bolup durdy. Altynjan ýene gygyrdy: – Eý, e-eý, guş! Ber gut! Ber gut! Maňa Alladan gut getir. Men Altynjan! Men Abdylmälik hanyň gyzy! Allaga: «Altynjana gut gerek» diý. Gut ber! Eý, guş! Ber gut! Daýymyň hununy almaga daldaw ber! Togrul Seljuklyny öldürmäge daldaw ber! Pelit Togruly elime ber, men onuň gözünde ot ýakaýyn! Ber gut! Ber gut! Bürgüt ganatlaryny çala gymyldatdy. Altynjany geň galdyran diňe bürgüt däldi, Haldan ony has geň gal¬dyrypdy, çünki ol elini bulaýlap kimidir birini yhlas bilen çagyrýardy. Kimi? Altynjan öýde dönügiň bardygy hakdaky kakasynyň janyk¬masyny ýatlady. Şol dönük Dowguş däl-de, Haldan bolaýmasyn?! Belki, Haldan kimdir birini çagyrýandyr? Altynjan ýuwaşlyk bilen bilindäki hanjaryna el ýetirdi. Onuň sapyndan berk gysyp, birden garpyşmaly bolsa ät galmazlyk üçin ykjamlandy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |