19:05 Altynjan hatyn / 1-nji kitap -7 | |
Ýedinji hekaýat
Taryhy proza
DEŇ ETSE – DUŞ EDER Haldanyň gözi birden bürgüde: «Ber gut!», «Ber gut!» diýip gygyryp duran Altynjana düşdi-de, doňdy galdy, soňam aşak oturdy. Melikäniň özüne seredýändigini-seretmeýändigini anyk¬lamak üçin ýuwaşjadan boýnuny uzadyp seretdi. Altynjan ony görmedikden boldy. Haldan janyny barlamak isläp, Altynjanyň ýanyna haş-haşlap geldi: – Melikäm, melikäm, ýaňy meni gördüňmi? – Gördüm – diýip, Altynjan sowuk jogap berdi. – Näme soraýar? – diýip, Haldanyň ýanyna Habyl geldi. Habyly gören Haldan hasam aljyrady. – Hiç zadam däl, hiç zadam däl, men şo ýokardaky bürgüdi kowjak boldum. Näçe kowsamam gidenok. Ol häliden bäri howlynyň depesinde doňan ýaly bolup, Altynjan melikäme seredip dur. Ol bir zat ogurlamakçy bolýar. Altynjan bilen Habyl bürgüde seretdi. Dogrudanam, bürgüt şindem howlynyň depesinde ganatlaryny käte bir çala gy¬myldadyp durdy. Ol hiç ýerik gitjek bolanokdy. Altynjan Habyla ýüzlendi: – Eý, doganjygym, gel, bürgütden gut diläli. – Gut?! – Hawa, gut. Iki dogan bürgüde bakyp, gut dilemäge başladylar: – E-eý, guş, gut ber! Ber gut! Ber gut! Biz Abdylmälik ibn Bug¬rajyk ibn Abdalyň çagalary! Biz Altynjan bilen Habyl! Bize ber gut! Bize ber gut! Habyl bürgüde aýratyn dileg saldy: – Men – Habyl! Men Abdylmälik hanyň körpe ogly – Habyl men! Men senden gut dileýärin. Bir günlük ömür berseňem, mertebeli ömür ber. Näme berseň, Altynjana ber. Goý, uýamyz maksadyna ýetsin. – Wiý, Habyl, näme üçin beýle diýýärsiň? – diýip, Altynjan geňirgendi. – Altynjan, men munuň ýaly zatlara ynanmaýaryn. Altynjan Habylyň mynajatyna üns bermän, özi guşa ýene dileg etdi: – Eý, guş, ber gut. Ber gut! Mertebe ber! Şöhrat ber! Tümen daýymyň aryny almaga daldaw ber! Hökmürowanlyk ber! Saglyk ber! Altynjan Haldanyň mölterilip seredip durşuny halamady, azmly buýurdy: – Bar, derwezäni ýap! Haldan bu söze garaşmadyk bolarly, tisginip gitdi, ellerini hereketlendirip, nämedir bir zatlar aýtmakçy boldy, sakawlady: – Näme üçin? Neme-eý?! Häzir Abdylmälik han gelýär. Ol: «Derweze açyk dursun» diýdi. – O näme üçin ýalan sözleýärsiň? Ýogsa-da sen näme üçin topardan galdyň? – Han maňa galmagy buýurdy. Men ferraş. – Bar, derwezäni ýap! – Ýok, ýok, mäligim, siz maňa: «Derwezäni ýap!» diýmäň. Soň maňa han hezretleri käýär. – «Derwezäni ýap» diýýärin men saňa! – Ýok, ýok! ... – Haldan derwezä ýakynlaşmaň diýýän terzde elini hereketlendirdi. Habyl bilen Altynjan derwezä bakan ýöräp ugrady. Uzaklardan at toýnaklarynyň dükürdileri eşidildi. – Gördüňizmi, Abdylmälik han eýýäm gelýär. Derwezäni ýapan bolsam, ol size däl-de, maňa käýärdi. Atlaryň dükürdisi ýakynlaşdygysaýyn, näme üçindir, Altyn¬janyň ýüreginiň gürsüldisi artdy. Göýä ýüregi agzyndan çykaýjak ýaly, batly dükürdedi. Endamynda galpyldy peýda boldy, gulagynda kakasynyň günortanky sözleri gaýtalandy: «Öýde dönük bar. Kim ol meniň duzumy iýip, meni köşge eltip satýan? Kim?» Altynjan yzyna gaňrylyp seretse, şol dönügiň kimdigini göräýjek ýalydy, ýöne yzyna seretmekden heder etdi. Heder etmez ýaly däldi: eşidilýän at toýnaklarynyň dükürdileri gaty nätanyşdy, ol dükürdilerde hyrsyzlyk, ganhorluk duýulýardy. Atlaryň öz maýdalyna däl-de, sütem görüp çapýandygy dükürdilerden gaty açyk duýulýardy. Altynjan howlynyň derwezesini ýapmaga girişdi. Birtopar atly gelip, derwezäniň öňünde saklandy. Gelen¬leriň içinden kimdir biri haýbatly gygyrdy: – Biz talaňçylyk üçin gelmedik. Biz Abdylmälik han bilen düşünişmäge geldik. Näme üçin derwezäni ýapýarsyň? – Abdylmälik han häzir ýok. Siz oňa galanyň daşynda garaşyň. – Derwezäni aç! – diýip, bir deşlek kişi elindäki ýatagany bilen Altynjana hemle atdy. – Içerik goýberjek däl! – Goýberersiň! – Goýbermerin! – Biz gowy niýet bilen geldik. – Kim siz?! – Biz kynyklar. – Togrul Seljuklymy? – Hawa, hawa, Togrul Seljukly. – Senmi şol?! – Kim bolanymda saňa näme? Aç derwezäni! – Sen Togrulmy? – Togruly näme etjek? Derwezäni aç! – Ýok, ýok! – «Derwezäni aç!» diýýärin men saňa! – Howla goýberjek däl! – Goýberersiň! Ýatagany böwrüňden geçirerin – diýip, deş¬lek kişi gaty arkaýyn süründi. Elindäki ýataganyny Altynjanyň döşüne diredi. Altynjanyň aňynda amatly pursadyň dörändigi barada pikir peýda boldy. «Aryňy al, Altynjan! Bürgüt saňa doldaw berýär, aryňy al! Häzir¬ki pursady elden berseň, soň bürgüt saňa beýle pursat döredip bermez! Belki, bu Togrul däldir?! Ikirjeňlenme, Altynjan! Gör, bu deşlek kişiniň ýaramaz¬dygyny, ol gyz maşgalanyň döşüne ýatagan direýär! Beýle nejisligi diňe Tog¬rul edip biler». Altynjan gaýrata galdy: elindäki hanjaryny bat bilen bulady. Hanjar deşlek kişiniň bokurdagyny kesdi. Bokurdagyndan al gan tüwdürilip akýan, üznüksiz hakyrdap gorkunç ses edýän deşlek kişi – Togrul beg yza serpildi. Yzdaky haşym bokurdagyndan gan çogup akýan ýoldaşynyň ýykylmazlygyna hemaýat etmekçi boldy, ýöne ýetişmedi: böw¬ründen yzly-yzyna urlan hanjaryň yzasyna çydaman, aýylganç bir waňkyrdy. Onuň waňkyrmasyna Altynjanyň depe saçy üýşüp gitdi. Böwründen yzly-yzyna hanjar urlan haşym gözlerini petredip Altynjana seretdi durdy, soňam sessiz ýykyldy. Üçünji haşym bolan ahwalaty görüp, walalaýlap gaçmak bilen boldy. Atlylaryň serkerdesi atdan düşüp, derwezäniň ýanyna geldi: – Eý, bu tula şunuň ýaly gabahatlyk etdimi? Serkerde eli hanjarly, üst-başy gara gan Altynjany görüp sakga saklandy. Altynjan ýüzüne pürkülen gany ýeňine çalyp, garpyşyga häzirlendi. Ilkinji gezek aw patasyny berenlerinde eliňi, ýüzüňi gana bulaýarlar. Altynjanyň üst-başynyň gana bulaşmagy, meger, mundan buýanky ärdemli gadamlarynyň patasy bolsun gerek! Ol garşysynda duran serkerdäni elindäki hanjaryny öňden batly atyp öldürip biljekdi, çünki ol on-on bäş ädim aralakdan hanjar urmaga gaty türgendi. Ýöne, şeýtse, soňundan ýaragsyz galjakdy. Şu-da ony töwekgellikden saklady. Ol töwereginden hanjardyr ýatagan gözledi, tapmady, iki alaman öz ýataganlarynyň üstünde hykyrdaşyp ýatyrdylar. – Taşla eliňdäkini! Taşla diýýärin men saňa, ganjyk! – Näme bogazyňa bat berýärsiň? Gorkýarsyňmy? Hanjarymy taşlaýynmy? Erkek bolsaň, göni gel-dä! – E-eý, byradarlar, eşidýärsiňizmi bu tulanyň diýýän sözlerini! Durşy bilen dogum-a bu. Birinji gezek görýärin men beýle dogumly urkaçyny. Biziň Tahyrymyz bilen Batmanymyzy öldürdi bu! Bu tula meniň kellämi almak islän gyz bolmaly! Şol gyzdyr! – diýip, serkerde öndedi. – Bularyň içinde Togrul ýokmy? – diýip, Altynjan serkerdä iki maslygy görkezdi. – Hä, Altyn gyz, saňa Muhammet Togrulyň kellesi gerekmi? Altynjan pert jogap berdi: – Gerek! – Ynha, seniň ideglän kelläňi men elin getirdim. Al, şu gara kelle seniňki! – Togrul beg çyngartdy: – Aýt, sen meniň kellämi alyp näme etmekçi? Ýassyk edinjekmi? – Tepük1 etjek! – Näme, näme?.. Tepük? – Seniň küýze kelläň tepüge-de, güýe-de2 ýarar öýdemok men. – Hasan, Nasyr, eşidýärsiňizmi, meniň kelläm tepüge-de, güýe-de ýarajak dälmiş – diýip, Togrul beg şyg-şyg edip güldi. – Iliň halal gazanjyny talap ýaşandan ölen ýagşydyr. Entek siz päliňizden taparsyňyz. Ili agladyp, gan gusduryp, elindäki iň soňky tötegini zorluk bilen alyp pälinden tapmadyk ýokdur. Alamanyň soňy sakar dowzahdyr. – Gapyl, ganjyk! – diýip, atlylaryň birisi ik ýaly pyrlanyp geldi. Togrul beg oňa garşy çykdy: – Peýkam, goý, gürlesin. Bu, görýän welin, ýönekeý gyz däl, owadan bu, dogumly bu, özem bu perizat hakykaty aýdýar. – Ol Altynjana bakan ýöräp ugrady. Altynjan özüne bakan gorky-ürküsiz ýöräp ugran egni gyrmyzy donly, başy oraýany peşli, pälwansypat nazarkerde serkerdä garşy nähili tilsim ulanjakdygynyň pikirini eýýäm edip ýetişipdi. Wah, elinde ýatagany bolanlygynda onda ol ýanyna ýeke kişinem getirmezdi. Ýöne bu gyýan-gyssagda ýatagany nireden tapjak?! Altynjan hanjaryny gorkusyz-ürküsiz gelýän serkerdäniň jugdanyndan urmak üçin bar güýjüni jemläp towusdy, ýöne, haýp, isleýşi ýaly bolmady: hanjaryny garşydaşynyň döşünden urmaga ýetişip bilmedi. Serkerde zor geldi, bir tilsim-ä ulandy ol, şeýle bir çalasynlyk bilen Altynjany egnine alyp, üç-dört gezek daşyndan pyrlandyryp-pyrlandyryp aýlady-da, honda zyňyp goýberdi. Altynjanyň tas jany çykypdy, hyk etdi, hyr berip başy aýlandy, özüni hem demini dürsemek üçin ýekedyz bolup esli salym durdy. Başyny aşak salyp duran-da bolsa, serkerdäniň ýakynynda özüne seredip durandygyny – aýaklaryny gördi. Üstüni al don örten al ädikden gözüni aýyrman, butnaman durdy. Ol wagt ýitirmeli däldigine, çalasyn hereket etmelidigine düşündi: ikilenç bat alyp, serkerdäniň üstüne towusdy, bokurdagydyr diýen çen bilen hanjaryny bulady. Serkerde beýle çalasyn herekete asyl garaşman eken, yza çekildi, ýöne eýýäm giçdi. Altynjan hanjarynyň iş bitirendigini aňdy, begendi. Ol gar¬şy¬daşyna göni seretmekden saklandy, onuň ýykylaryna garaş¬dy, ýöne garşydaşy ýykylmady. Ondan gan akýardy. Hana, ýer gana boýalyp ugrady, ýöne ol gan bokurdakdan akýan gan-a däl. Sebäp garşyda duran hokurdanok. Altynjan bilesigelijilik bilen serkerdä seretdi. Görse, Altynjanyň bulan hanjary bokurdagy däl-de, serkerdäniň döşüni kesip geçipdir. Togrulyň döşünden gyrmyzy gan akýardy. Togrul beg ýaş ýigid-ä däl eken: ýaşy durugşan, daýaw göwreli, inçe ýüzli, dogumly, haýbatly, nazarkerde kişi eken. * * * Togrul beg garşysynda duran bu şirigana gyzda özüne ýakynlyk duýdy. Göwnüne bolmasa, indi, gör, näçe ýylyň içidir, agtaryp tapyp bilmän ýören iň ýakyn razdaryny, ýürekdeşini tapan ýalydy. Altynjanyň «Muhammet Togrul Seljuklynyň kel¬lesini getirene durmuşa çykjak» diýen şertinden soň Togrul beg öz ýanyna baran Gökhunuň: «Sen bir gezek Altynjanyň didaryny gör. Ana, şondan soň näme etseň ediber» diýip, ynamly aýtmasynyň hikmetine edil şu pursat düşündi. Altynjany görende Togrul begde ruhy sarsgynyň bolup geçjekdigine Gökhun doly göz ýetiren bolsa gerek. Gökhun ýalňyşman eken! Togrul Seljuklyda güýçli ruhy sarsgyn gopdy. Serkerde döşünden akýan gana ünsem bermän, şindem Altynjana seredip durdy. Üç-dört kynyk ýataganlaryny öňe tutup, Altynjana bakan ugrady. – Bu gyza degmäň! Serkerde ganyny akdyryp, ýere gaçan gamçysyny garbap alyp, Altynjanyň üstüne süründi. Altynjan üç-dört ädim yza çekildi: – Indi gelseň, öldürerin! Saklan! Saklan! Serkerde saklanmady. Ol elindäki gamçysyny birki ýola oýnatdy, soňam Altynjana gönükdirip, bat bilen aýlap goýberdi. Gamçynyň ujy şuwlap gelip, Altynjanyň hanjarly eline dolaşdy. Altynjan nädip beýle bolanyna oňly düşünmän galdy: serkerde gamçysyny bir çekende Altynjan hakyt onuň gujagyna doldy. Serkerde ony gujagyna berk gysdy, butnatmady, elindäki hanjaryny gaňryp aldy. Soňam ony itip goýberdi-de, depesinden gamçy inderdi. Bu mahal Altynjan agyry duýanokdy. Duýaýanda-da mertlik bilen döz gelmäge çalyşjakdygy hakdy. Ol ölümini boýun almaly boldy. Häzir onuň ýeke bir islegi bardy, ol hem depesinden gamçy inderýän ýigrenji serkerdäni öldürmekdi. Ol başda hanjar atyp serkerdäni öldürmändigine puşeýman edýärdi, aňynda daýysy Tümen begiň pendi ýaňlandy: «Söweşde hiç wagt ikirjeňlenmeli däldir. Ikirjeňlenmek, edýän işiň soňy hakda oýlanmak, soňuny gaýgyrmak, dözümsizlik etmek – özüňi ölümiň, ganhoruň eline bermekdir. Özem aňyňda peýda bolan birinji pikire-duýga gulluk etgin, çünki birinji pikir ýüregiň pikiridir». Tümen begiň bu sözi öň adaty söz ýalydy, ýöne ol sözleriň nähili wajyp sözlerdigine bu gün, ýok, ýok, şu pursat Altynjan has oraşan düşündi. Daýysynyň pendini amal etmändigi üçinem ganhoruň pidasy bolmaly boldy. Serkerde uranda men-men diýen ärlerem yza çydap bilmeýärdi, zaryn-zaryn bagyryp ugraýardy. Ýöne erkek kişileriň döz gelip bilmeýän urgusyna ýaş gyzyň döz gelmegi, sarsman durmasy ony haýrana goýdy. Iki gezek uransoň, serkerde gözlerine ynanman, gamçysyny barlap gördi. Öz-ä şol gaýyş gamçy! Altynjan öňem häzirkisi deýin gamçynyň öňünde durupdy. Ýöne ony uran häzirki ýaly nätanyş däldi, mähriban kakasydy. Ol öň eden etmişi üçin urlupdy, hak urlupdy. Häzir nähak urulýar. Nähak urgynyň awusy iki esse artyk bolar eken. Altynjanda günä bolmasa näme?! Bar günäsi öz ojagyny gorajak bolanlygymy? Altynjan garşysyndaky wagşylardan herki zadyň çykjagyna ynandy. Ol ölüme garaşýardy. Depesinden gamçynyň däl, gylyjyň inmegine garaşýardy. Sebäbi ol iki sany kynygy öldürdi ahyryn! Altynjan eden işine – iki sany kynygy öldürendigine – Abdyl¬mälik hanyň gyzy diýen ada mynasyp iş bitirendigine buýsandy. Iki alamany öldürdi! Iki alamany! Wah, ol serkerdänem öldürjekdi, ýöne, arman, serkerde zor çykdy. Zor eken! Ony Allatagala gorady, ýogsam soňuny gaýgyrman elindäki hanjaryny zyňan bolsa, onda bu wagt serkerde sekiz görnüşli dowzahyň iň erbediniň işiginden säginmän içeri girip giderdi. Altynjan öz-özüni gönertledi: «Näme üçin ol nejisi eliňdäki hanja¬ryňy atyp öldürmediň? Sen on ädimden islendik nokada hanjar urup bilýärdiň-ä? Näme üçin ony ýakynyňa getirdiň?! Hanjaryňy atmakdan – soňundan hanjarsyz galmakdan gorkduň! Daýyň pendini tutmadyň!» Goşunyň serdary ölse, darkaş gutarýar. Serdary öldürilen tarap – ýeňlen tarap hasap edilýär. Men bu nejis alamany öldürip bil¬ýärdim-ä! Tümen daýym hak aýdan eken: «Hiç wagt soňuňy gaýgy etme! Hiç wagt soňuň hakda pikir etme! Mydama heminzaman bilen ýaşa. Pikiriň bilen ýaşama, pikiriň bilen hereket etseň, betbagtçylyga uçrarsyň. Mydama duýgyň bilen, ýüregiň berýän salgysy bilen ýaşa! Iň dartgynly pursat süňňüňde, kalbyňda peýda bolýan duýgy, salgy – Allatagalanyňkydyr. Iň dartgynly pursat duýgynyň yzy bilen gelýän pikir – şeýtanyňkydyr!» – Altynjan ahmyr bilen hyrçyny dişläp, agzyny gara gan etdi. – Wa-weýla, ýeňip bilýärkäň, ýeňildiň, Altynjan! «Türgenleşiklerden ýadadym, hakyky darkaş isleýärin!» diýip, hut şu gün sabada aýtdyň. Allatagala saňa hakyky darkaşda özüňi görkezmäge şert döretdi. Sen Allanyň wekiline – bürgüde aryňy almaga daldaw dilediň. Alla maksadyňa ýetmegiň üçin daldaw döretdi. Sen bolsa, hanjarsyz galmakdan gorkup, döredilen daldawdan peýdalanyp bilmediň. Nesebiňi masgara etdiň! Indi bary giç! Indi nämä garaşýarlar? Goý, alamanlar Abdylmälik hanyň gyzynyň nähili çydamly¬dy¬gyny, nähili merdanadygyny, nädip ölýändigini görsünler. Goý, alamanlar Abdylmälik hanyň gyzyny hernäçe sütem edilende-de, ejizledip bolmajagyna göz ýetirsinler! Goý, olar Altynjanda synmaz erkiň bardygyny bilsinler! «Näçe gün ýaşan bolsa, Tümen daýysy deýin, öz adyna mynasyp bolup ýaşady» diýsinler. Altynjan garaşmakdan ýadady: – Eý, ganhor, öldür öldürjek bolsaň! – diýip, gazap bilen serkerdä seretdi. Görse, garşysyndaky serkerdäniň edýän işi wagşy bolsa-da, ýüz keşbi wagşyýana, hyrsyz däl, nazarkerde ol. Ýüzüne seredip bu kişi şeýle webal iş edýändir, alamandyr öýder ýaly däl, törüňde oturyp, «Kulhulallany» okap oturjak ulama meňzeýär. Gör, onuň ýüz keşbi içki hapa dünýäsiniň üstüni örtýär. – Men hatynyň akylyna etagat bolmaýaryn. – Seniň ýaly ganhor bolandan hasy hatyn bolan hem müň mertebe gowudyr. Eger özüňi erkekdirin öýtseň, ynha, men, ýekme-ýeke çyk! – Ýekme-ýeke diýdiňmi? – Eý, kerrew, eger özüňi azda-kände mert, erkek saýýan bolsaň, maňa ýatagan ber. Soňam ýekme-ýeke çyk. Eger sen çöňňe bolsaň, goý, meniň garşyma araňyzdan gylyçlaşmaga iň ökdäňiz çyksyn. – Byradarlar! Eşidýärsiňizmi bu altyn gyzyň diýýän sözlerini! Ýatagan beriň bu gyza! – Sen ýaradar. Sen eýýäm ýarymjan mahluk. Meniň garşyma ýaradar däl, pählewan çyksyn. – Adyň näme seniň? – Serkerdäniň sesi mylaýym çykdy. – Merdumhorlar! Imansyzlar! Gedaýlar! – Biz merdumhoram däl, gedaýam däl! – Merdumhoram, gedaýam sizden ibalydyr! Gedaý sizden imanlydyr! – Gapyl! Ýogsam şu ýatagan bilen kelläňi pyzlandyraryn häzir. – Ýaragsyz biçäräni öldürmegi siz başararsyňyz. Elimde ýataganym bolan bolsa, bu wagta çenli kelläň aýagymyň aşagynda guma bulaşyp, gözlerini petredip ýatardy. Özüňi mert saýýan bolsaň, meniň bilen ýekme-ýeke çyk! – Ine, şirigana dogum! – Serkerde Altynjana hyrydar göz bilen garady. – Ýönekeý gyz däl bu. Hakykatdanam soltan Mahmyt Gaznalydan pataly gyz bu. Dogumy soltanyňka meňzeýär. Altyn gyz, sen maňa ýaraýarsyň. – Men welin, seni itden beter ýigrenýärin, öldür meni! – Ýok, ýok, seniň ýaly merdanalar seýrek dogulýar. Seni öldürsem, Allatagalanyň öňünde günä iş etdigim bolar. – Günä-sogaby bilýän mahluk bolsaň, bu ýere gelmezdiň. – Adyňy aýt. – Men saňa, heý-de, adymy aýdarynmy, nejis! – Seniň bolşuňa synym oturýar... Togrul beg nämedir bir zat aýtmakçydy, ýöne seljuk ýigitleri ýerli-ýerden seslendiler: – Gideliň! – Bu gyz biziň iki sany bigünä ýigidimizi – Tahyr bilen Batmany öldürdi. Biz bu ýere darkaş gurmak üçin gelmändig-ä. – Hanyň gyzy akylyndan azaşypdyr. – Guduzlan bolaýmasyn?! – Hudaý saklasyn! – Abdylmälik han bilen duşuşmasak bolmaz indi. Ýogsam ol bize ters düşüner. Kynyklar akyn etmäge, kelete etmäge gelipdir öýder. Eger häzir düşünişip gitmesek, onda ol soň biziň başymyzda kyýamat gopdurar, han gelýänçä garaşalyň! – Togrul, gideli – diýip, ýaňy keselden turan ýaly hor, ige meňzeýän Peýkam atly kişi hem atynyň üstünden Togruly howlukdyrdy, ýöne Togrul howlugarly däldi. Ol Altynjandan gözüni aýyrman şindem seredip durdy. – Sen Abdylmälik hanyň ganjygyny haladyň öýdýärin. Isleseň, soň sawçylyga geläýeris. – Ýok, ýok, maňa hatyn gerek däl – diýip, Togrul garşy çykdy. Soň Altynjana ýüzlendi: – Sen Abdylmälik hanyň gyzymy? – Bu eden etmişiňiz jezasyz galar öýtmäň. Alty tarapa3 gaçsa¬ňyz hem taparys. Asmana uçsaňyz aýagyňyzdan, ýere girseňiz bokurdagyňyzdan tutarys. – Altynjanyň nazary ýene garşysyndaky serkerdä düşdi. Onuň döşünden ganyň şol bir akyp durşudy. Gan ýene biraz şeýdip aksa, serkerdede gan galmaly däldi. Ýöne ol özüniň öljekdigi barada pikirem edenokdy. Ýa ol Altynjanyň nebsi agyrar, ýarasyny sarap berer diýip pikir edýärmikä? Eger beýle pikir edýän bolsa, onda ol gaty ýalňyşýar. – Baryň, baryň, gidiberiň, men häzir han bilen düşünişip, yzy¬ňyzdan ýeterin – diýip, Togrul gapdalynda duran atlylara azgyryldy. Sähel salymda alamanlar jesetleri atlaryna ýükläp, zut gitdi. Altynjanyň ýanynda diňe Togrul galdy. Bir owadan dor bedew gelip, tumşugy bilen Togrulyň egninden itdi. Togrul yzyna gaňrylyp seretdi, atyny görübem onuň boýnundan gujaklady. – Altyngyrym, şu gyzy nähili görýärsiň? Gowumy? – diýip, Tog¬rul ýuwaşja sorady. Haýran galdyran zat: at Altynjany biraz synlady-da, soň eýesiniň pikirini unaýan dek, birki ýola başyny talawlatdy. – Gördüňmi, altyn gyz, Altyngyrymyň näme diýýänini? Altyngyrym seni gowy gördi. – Gümüňi çek, ýerçeken! Ýok bol! – Men nirä gideýin? – Gelen ýeriňe gümüňi çek! – Meniň gelen ýerimde sen ýok. – Togrul beg birpaýyz dymyp, soň sözüni dowam etdirdi. – Sen gaty tekepbir gyz ekeniň. Hanyň gyzy agzyna näme gelse samrabermelidir öýdýärsiňmi? Sen maňa hapa söz aýtsaň, ertirki gün ökünmeli bolarsyň. Men hatynlar bilen gürleşmeýärin. Seniň bilen-de gürleşmek islemeýärin. Men Abdylmälik hanyň ýanyna geldim. Senem zenan sammyklygyňy edip, iki sany bigünä haşymy öldürdiň. – Sen meniň Tümen daýymy öldürdiň. Sende meniň Tümen daýymyň ary bar... – Men, ine, seniň şu sözüň üçin şu ýere geldim. Men seniň bu hakdaky habaryňy eşitdim. Gurhany-kerimden ant içýärin: men Arsa¬huşmisen şäheriniň häkimi Tahyr Afrasýabyň ogly Tümen begi öldürmedim. Men ol kişini ýeke gezegem görmedim. Ol kişi hakda ýeke gezegem eşitmedim. Asyl, biz Arsahuşmisene baramzok. Tümen beg diýilýän kişini kimiň öldürendigini-de men bilmeýärin. Tümen begi öldüren kişi meniň adyma duwlanypdyr. Zamahşara gelip, meniň Abdylmälik emire bar aýtjak sözüm şudy. Men alaman däl. Düşündiňmi? Togrul beg bu sözleri şeýle bir ýürekden janygyp-odugyp aýtdy welin, ynanmazlyk asla mümkin däldi. Onuň bu sözlerinden soň Altynjan sesini çykarmady. Ýanyndaky atlylaryň gidenliginden, ganynyň akyp, güýjüniň azalanlygyndan peýdalanyp, Altynjan Togrul begiň üstüne hüjüm etmäge bar güýjüni jemläp, häzirlenip durdy, ýöne begiň janyndan syzdyryp aýdan sözleri ony oýa batyrdy: «Bu ýigrenji çynyny aýdýan bolaýmasyn?!» * * * Abdylmälik han atlylary bilen howla gelip girdi. Şadranç müňbaşynyň haşymlary haýdan-haý Togrul begiň daşy¬na aýlandy. Onuň elini arkasyna daňdylar. Togrul beg gelenler bilen gylyçlaşjagam bolmady, garşylygam görkezmedi. Garşylyksyz duran adamy gylyçlap öldürmegem erkek¬likden däl. Şeýle bolansoň, serkerdäni öldürmediler. Şadranç müňbaşy Altynjanyň ýanyna geldi: – Melikäm, amanmysyň? – Aladaňyz üçin taňryýalkasyn – diýip, Altynjan hykaratly tosaň¬lady. – Siz meni maksadyma ýetirdiňiz. – Dogry, dogry. Sen Togrul Seljuklynyň tutulyp getirilmegini islediň. Ynha, onuň özi geldi. – Siz uly iş etdiňiz: ýumşumy bitirdiňiz. Men size başda äht eden dinarymy bererin. – Siz onça dinary nireden tapjak? – Muny näme üçin soraýarsyňyz?! Babam: «Sora!» diýdimi?! – Maňa hiç zat gerek däl, melikäm. – Meniň öňünden beren iki düwünçegimi näme etdiňiz? Şadranç bu sowala garaşman eken, näme jogap berjegini bilmän, esli salym dymdy. Altynjan sowalyny ýene gaýtalady. – Melikäm, düwünçekleri siz maňa berdiňiz. Olary näme edendigimi menden soramaň. Altynjan Şadranç müňbaşynyň asla garaşmadyk ikinji sowalyny berdi: – Siziň ogluňyz barmy? – Oglummy? Bar. Üç oglum bar. – Iň kiçisi näçe ýaşynda? – On ýedi. – Ömür bir gezek berilýär. Allanyň beren bu ömrüni arassa, hiç kime ýamanlyk etmän ýaşamaly, ýüzüňe eden etmişiňi aýdýan bolsalar, onda ol ömre ömür diýip bolmaz. Şadranç Altynjanyň özünden göwnüniň galandygyna düşündi. Nämeden? Bu hakda oýlanmaga pursat bolmady. Altynjan oňa Togrulyň biline gysdyrylgy gamçyny getirip bermegini tabşyrdy. Şadranç ýumşy bitirdi. Şondan soň Altynjan gamçyny elinde oýnadyp, şindem döşünden gan akýan Tog¬rul begiň ýanyna bardy. Ol begiň depesinden şuwladyp gamçy indermekçidi, ýöne bolmady: urmak üçin elini ýokary galdyranda onuň nazary serkerdäniň gözlerine düşdi. Eý-ho!.. Serkerdäniň gözlerine ýakyndan sereden Altynjan jadylanan dek doňdy galdy. Ol gözler adaty gözler däldi. Ol gözlerde özüne tabyn ediji hökümdarlyk bardy. Ol gözler sustuňy basýardy. Henize-şu güne çenli Altynjanyň hiç kimden susty basylmandy. Ömründe ilkinji gezek onuň susty basyldy! Ilkinji gezek! Ol gamçysyny biygtyýar aşak goýberdi, hyrçyny dişläp, haremhanasyna ugrady. Togrul beg Altynjana buýsançly bakdy: – Eý, mäkimiýan horaz, men seniň daýyňy öldürmedim. Meniň kastyma çykmaňy bes et! Düşnüklimi? Haşymlaryň biri Togrulyň üstüne gygyrdy: – Düş öňe! – Elbetde, öňe düşerin, eýsem, seniň ýaly pohly haşymyň yzyn¬ldan ýörärinmi men?!. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |