19:09 Altynjan hatyn / 1-nji kitap -8 | |
Sekizinji hekaýat
Taryhy proza
DURMUŞ – GIZLENPEÇEK: GIZLENÝÄN – ZENAN, AGTARÝAN – ERKEK KIŞI Kynyk begleri sawçylyga gelýär! Mansur derbanlaryň bu habaryny Abdylmälik hana ýetirdi. Han göwünli-göwünsiz ýerinden turup, üst-başyny tertibe saldy. Desterhança saçak ýazmagy tabşyrdy, soňam: «Gelenleri nähili garşylamaly? Daşary çykyp garşylamalymy ýa oturan ýerimde garşylamalymy? Gelenler näçe adamka? Bar gelen ýigrimi töwerek bolsa, onda oturan ýerimden garşylaýyn, eger gelen ýigrimiden köp bolsa, onda howla çykyp garşylaýyn» diýip, içini gepletdi. Daşarda on sany atly göründi. Atlylaryň sanynyň azdygyna Abdyl¬mälik hanyň göwni galdy. «Bar gelen on sany atly boljak bolsa, onda men olary oturan ýerimde garşylaýyn» diýip ol netijä geldi, gapydan jyklap durşuna gelenleriň özüne tarap ýöräp ugraryna garaşdy, ýöne olar gaýdybermediler. «Mansur olary näme üçin alyp gelmeýärkä? Gelenler atlaryndan düşüp serasima bolup durlar. Ýa olar meniň ýanlaryna bararyma garaşýarmykalar? Goý, olaryň özleri ýanyma gelsinler» Abdylmälik han Mansuryň yzyndan ferraşyny1 ugratdy. – Olar näme üçin gelenok? Ferraş habar getirdi: – Olar Musa atly kethudalarynyň gelerine garaşýarlar. Bu habary eşiden Abdylmälik han biraz rahatlandy. – Olar köplük ýaly-la?! Abdylmälik han gymmatbaha perejini2 ýelbegeý atynyp, howla çyk¬dy. Onuň ýanynda Şadranç müňbaşy bilen bäş-alty sany serkerdesi bardy. On-on bäş sany atly geldi. Ýiti ses howluda ýaňlandy: – Baýgu Kelan öz kynyk begleri bilen Abdylmälik emiriň dergähine sawçylyga gelýär! Bu sözleri dikine zowladan şilliň uzyn kişidi. Sesi biçak ýitidi hem biçak çaslydy, gulagyňy deşim-deşim edip barýardy. Bilal neressäniň3 sesem şu kişiniňkiçe ýa bolandyr ýa bolan däldir. Aý, ýok, bolan däldir! Uly bir şäheriň ilatyna habar ýetirmeli ýa muezzinçilik etmeli bolsa, bu şilliň uzyn kişi aňryýany bilen oňarjak. Bu kişiniň sesi şäheriň diňe bir dört künjüne däl, golaý-goltumlaryndaky obalaryna-da kemsiz ýetjek. Älhepus, Allatagala bendesini islän zady bilenem aňk edýär. Ol şilliň uzyn kişi durşy bilen ses bolaýanda-da ondan onça ses çykmaly däl, ýöne, görüň, çykyp dur, onuň sesi Abdyl¬mälik hanyň gulagyny deşere getirdi. Han öz-özüne sowal berdi: «Jarçy nämä gerek?» Gelenler äwmän-telesmän atdan düşmäge durdular. Abdylmälik han gelenleriň içinden Baýgu Kelany – Musa begi agtardy: «Gelenleriň haýsy birikä ol?» Gelenleriň özüne bakan ýöräp ugraryna garaşdy. Ýok, gelenler oňa ünsem berenoklar. Hakyt şeýle: oňa göwünli-göwünsiz göz aýlap, soňundan seretjegem bolanoklar. Olaryň bolşy bu howluda han hiç kim ýaly. Özüne pisint edilmezligi emiriň myrryhyny getirdi. Olar kimdir birine garaşýarlar. Özem emiriň howlusynda. Gelenleriň ählisi yhlasly. Nyzama düzülýärler. Soňky gelenler öňki gelenleriň gapdalyndan nyzama düzüldiler. Kynyk ýigitleri adam geçer ýaly bäş-alty ädim aralykdan biri-birine bakyşyp iki hatar durup, janly däliz döretdiler. Megerem, Musa begi biri-birine bakyşyp duran nyzamyň – janly däliziň ortasyndan ýöretmekçidirler. At toýnaklary ýer sarsdyryp ugrady. Şilliň uzyn kişi ýer sarsgynyny goşalandyryp yzly-yzyna gygyrdy: – Musa beg kynyk kethudalary bilen Abdylmälik hanyň dergähine sawçylyga gelýär! Şilliň uzyn jarçynyň çeken jaryndan soň kyrk-elli sany atly geldi. «Baý-ba, «sawçylyga» diýip, ähli kynyk gaýdyberipdir-ow» diýip, Abdylmälik han başyny ýaýkady. Bu saparky gelenler biçak howlukmaçdylar: atlaryndan böküp düşüp, öz aralarynda nämedir bir zady maslahatlaş¬ýardylar. Hana, bir daýaw kişi ýanyndakylara tabşyryklar berýär, megerem, şol kişi Baýgu Kelan diýilýändir. Tüweleme, ol kişä Allatagala göwre-hä berip bilipdir. Kelan diýseň kelan – daýaw, deşli eken! Ata münende aýagy ýere degýändir onuň. Hana, ol kişi Mansur bilen gürleşýär, häzir Mansur olary hanyň ýanyna alyp geler. Emiriň pikir edişi ýaly bolmady: gelen kyrk-elli kişi öňki nyzama duranlaryň gapdalyndan hatara düzüldi. Olaryň hatary howlynyň ortasyna ýetdi. Hana, derweze bilen Abdylmälik hanyň duran ýerinde janly däliz döredi. Gelenler iki hatar nyzama goşuldylar. Ýene at toýnaklarynyň dükürdileri eşidildi. Howla bäş sany atly serkerde girdi. Ylgap baryp olaryň atlaryny sakladylar. Uzyn jarçy: «Musa beg!» diýip gygyrdy. Şondan soň nyzama duranlar jem bolup, uzyn jarçynyň sözüni gaýtaladylar: – Musa beg! – Musa ýabgu! «Bu gelen bäş kişiniň bäşisem serkerde bolmaly» diýip, Abdyl¬mälik han içini gepletdi. Haýran galaýmaly, ählisi saý kişiler. Içinde gysga boýlusy ýok bularyň. Ählisi depäňden seredip duran uzyn boýly, süňňi iri kişiler. Gelen bäş kişi Mansur bilen gadyrly salamlaşdy, soňam Abdylmälik hana bakan ugrady. Abdylmälik han olara bakan gadam urdy. Çünki bu gelenleriň arasynda Musa begiň bardygy oňa aýandy. Haýsysynyň ýabgudygynyň bolsa, dogrusy, oňa parhy ýokdy. Bäş kişi Abdylmälik hana edep bilen baş atyp, salam berdi. Abdylmälik han agraslyk bilen olaryň salamyny aldy. Bäş kişi hana bakan uzaýan hataryň soňuna baryp saklandylar. Şeýle bolansoň han olaryň ýanyna bardy, olar bilen ýekän-ýekän gadyrly salamlaşdy, hal-ahwal soraşdy. Mansur ylgap gelip, bu bäş kişiniň içinde Musa begiň ýokdugyny aýtdy. Ýöne nyzama duranlaryň: «Musa beg gelýär», «Musa beg gelýär!» diýip gygyryşmalaryndan ýaňa, onuň aýdan soňky sözi eşidilmän galdy. Abdylmälik han bäşiň içinde Musa begiň ýokdugyny eşidip, oňaýsyz ýagdaýda yzyna öwrüldi. Dalana baryp aýak çekdi. Onuň öz-özüne gahary geldi. Anyk nämä gaharynyň gelýändigini özem bilenokdy. Musa begiň gelmän, adamlarynyň tapgyr-tapgyr gelip durany üçin gaharlanýarmy ýa «Haýsyňyz Musa?» diýip soranda kynyk begleriniň jogap bermändigi üçin gaharlanýarmy – muny han anyk bilmedi. Han: «Bular sawçylyga däl-de, uly bir dabara geçirmäge gelýärlermikä bu ýere? Dabaralaryny, goý, başga ýerde geçirsinler, men mundan artyk garaşmaýyn, herki zadyň çeni bar, çaky bar» diýip, içini gepletdi, içeri girmek üçin gapa bakan ýöneldi, ýöne düşnüksiz güýç ony saklady. Kynyk begleriniň bu boluşlary, dog¬rusy, hany hopukdyrdy, demini gysdyrdy. «Musa diýilýän özüni Masutdanam ýokary tutýar-ow. Meniň howumy basmak üçin bularyň edip ýören hokgalaryny gör. Ýeri, men bir samsygyň masgarabazlygyna sary-sadylla bolup seredip durmalymy? Men tümenbaşy, han. Men Harun Altyndaşyň, has anygy, soltan Masut Gaznalynyň hany. Meniň ygtyýarymda on müň, hawa, hawa, on müň atly bar. Bu günem soltan Masut Gaznalynyň tümenbaşysynyň öňünde atlysy bir müňüň asty-üsti bolan, ondan-oňa göçüp-gonup ýören, baran ýerinden kowulýan, hawa, baran ýerinden kowulýan bir oýnam jemagatyň kethudasy özüni ýabgu4 atlandyrýar, özüni hanlar hany, ýabgular ýabgusy görkezjek bolýar, meni aňk etjek bolýar. Ýabgu unwanyny götermäge utanmaýar». Emir dergazap bolup kynyklara bakan ýöräp ugrady. Bäş-alty ädimden soň onuň nazary haremhananyň şahnişininden ýylgyrjaklap garap duran gyzy Altynjana düşdi, sakga saklandy. Han ikinji gezek oňaýsyz ahwala düşdi. Dogrusy, nyzamda duranlaryň ençemesi hanyň haýbatly gelşini görüp, hatarlaryny bozup, derwezä bakan gaçmaga häzirlenipdiler. Abdylmälik hany düşen oňaýsyz ýagdaýyndan halas etmek islän ýaly, at toýnaklarynyň dükürdileri ýene ýer sarsdyryp ugrady. Bu gezekki gelenler kyrk-elliden hem köpdi. – Musa beg! – Dawut beg! – Resultegin beg! – Ybraýym beg! – Hasan beg! – Nasyr beg! Kynyk ýigitleri bäş kişiniň adyny tutup, bäş-alty gezek gaýtaladylar. Aý, ýok, bäş-altydan hem köp gaýtalandy. Hana, bezemen-bezemen japy ýigitler! Özlerem kileň murtly! Özlerem kileň uzyn saçly. Saçlary eginlerine dökülip dur olaryň. Özlerem uçdantutma uzyn boýly, deşli, arjanak gerçekler! Her tapgyryň adamlarynyň öz egin-eşigi bar: öňki gelen tapgyrdaky gerçekleriň eşigi bilen soňkularyň egin-eşiklerinde parh bar. Hiç bolmanda gylyç dakynyşlarynda parh bar. Soňky gelenleriň ählisiniň billerindäki gylyçlardan başga guşaklaryna gysdyrylan, sapy şirmaýydan ýasalan hanjarlar, gamçylaryň hem birmeňzeş. Gylyçdyr hanjarlaryň durşy, gamçylaryň tirme guşaga gysdyrylyşy hem birmeňzeş. Özlerem biri-birine juda meňzeş olar. Emiriň tyzlaýandygyny aňan ýaly, olar salamlyga bakan topar¬lanyşyp ýöräp ugradylar. Hana, olaryň öňüne düşüp gelýän-ä hakyt ýesir düşen Togrul bilen bir almany iki bölen dek meňzeş. Diňe ol däl, onuň iki gapdalyndaky gerçeklerem meňzeş. Olaram Togrulyň doganlary bolsa gerek. Eý, Hudaýa hudawende, «sawçylyga» gitmeli diýse, kynyk¬laryň ählisi eňäýen bolmaly Zamahşara sary. Syrgynlarynda erkek göbekli galan däl bolsa gerek. Eý-ho! Eý, Hudaý, olaryň-a ählijesem gelýär. Abdylmälik han derwezeden çykyp barýan Mansury görüp geňirgendi. Eý, Hudaý, ol bu mahal näme iş edýärkän? Mansur myhman gelen çagy hanyň ýakynynda bolmaly ahyryn! Gör-ä, häzir emiriň ýanynda bäş-alty serkerde bilen Şandranç müňbaşydan başga hiç kim ýok. Haldan ferraşam ýok, ýogsam olam hanyň ýanyndan aýrylman «Näme ýumuş bar?» diýip ýumşa mähetdel bolar durardy. Ýaňydan bäri Haldanam ýetişiksiz günde. Ol hem nirädir bir ýere gidýär-gelýär. Ýaňy Haldan birtopar aýaly yzyna tirkäp haremhana eltdi. Olar näme etjek bolýarkalar?! Ýa Altynjan: «Meni şu gün äkiderler» öýdüp, taýýarlyk görýärmikä?! Hana, Mansur yzyna iki sany aýaly tirkäp dolandy. Olara bir zady-ha düşündirýär ol. Altynjan bir hokga çykarjak bolýan bolaýmasyn?! Şeýledir, ol nämedir bir hyýala münendir. Bir hokga tapmasa, ol rahatlanmaz! Hokgasyz bolsa onda oňa «Altynjan» diýiljekmi diýsene! Ýok, ýok, Mansur bilen Haldana kynyk begleri ýumuş tabşyrdy. Ikisem kynyklar bilen gürleşenden soň gorsaň-gozgalaň tapyp ugrady. Belki, olara nagara gerekdir?! Abdylmälik han derwezäniň ýanyndan özüne bakan gaýdan kynyklary gaşlaryny bürüşdirip synlamaga durdy. Musa beg diýilýän Togrulyň agasy bolmaly. Togrulyň kakasy ir ýogalypdyr. «Iki dogan – Dawut Çagry bilen Muhammet Togruly atasy Seljuk beg terbiýeläpdir» diýip Abdylmälik hana aýdypdylar. Seljuklylar hakda, aýratyn hem Muhammet Togrul hakda has düýpli bilmek üçin Abdylmälik han Buhara ýörite adam ugradypdy. Ugradan adamy ýigrimi günüň içinde sel¬juklylar, Muhammediň Togrul, dogany Dawudyň Çagry diýen oguz adyny hünär görkezip almagy başarandygy hem olaryň edim-gylymlary, ýaşaýyşlary hakda maglumat getiripdi. Abdylmälik hana bakan gelýän topar birden ikä bölündi: toparyň üçden iki bölegi nyzama düzüldi, galan bir bölegi bolsa howlynyň ortasynda saklandy. Abdylmälik han topar bolup duran kişileriň öz ýanyna gelerine garaşdy. Ýok, olar hanyň ýanyna geljek bolanok, asyl hana ünsem berenoklar, seredenoklaram. – Musa beg diýýäniňiz ýene gelmedimi? – diýip, Abdylmälik han gaşlaryny bürüşdirdi. Ähli nyzamda duranlaryň nazary Abdylmälik hana gönükdi, ýöne hanyň sowaly jogapsyz galdy. Ine, derwezeden dalana – emiriň duran ýerine çenli aralykda kynyk ýigitleri janly däliz döretdiler. Musa beg derwezäniň ýanyndan dalana çenli aralygy janly däliziň içinden ýöräp geçip gelmelidir. Iki tarapy hem adam bolar. Owadan görünýär! Abdylmälik han haşşyldady. Munça adam barka içeri girmegem gelşiksiz gördi. Garaşmagam kiçilik bildi. – Seljuk ýabgusy Musa beg gelýär! Bir seljukly-ha geldi. Özem ýeke geldi. Lowurdap duran dor bedewiň üstünde sarsman otyr ol. Onuň atyny sakladylar. Soňky gelen kişi topar bolup duranlar bilen birin-birin salamlaşyp çykdy. Gülüşýärlerem. Keýpleri çag-çag olaryň. Abdylmälik hanyň garaşmakdan ýaňa sabyr käsesiniň pürepür bolandygyndan habarla meňzänok olar. Gaty arkaýyn olar. Agnap-dönüşleri myhman bolup gelene meňzänok. Öz öýlerine gelen ýaly olar. Öz-ä ahyryl-ahyr ýöräp ugradylar. Öňde Musa beg, (belki, Musa beg däldir, ynam bilen aýdar ýaly däl!) yzynda-da dört-bäş adam. Gelýär olar. Iki tarapyndaky kynyklar bilen baş atyp salamlaşyp gelýärler. Käsi bilen-ä durup gürleşýärlerem. «Gürleşjek, salamlaşjak bolsaň, äl, öz öýüňde wagt bolan däldir-ow saňa. Hökman meniň howlyma gelip salamlaşmalysyň-ow, gürleşmelisiň-ow sen» diýip, emir özbaşyna hüňürdedi. Abdylmälik han öňden gelýän Musa begi (goý, ol Musa beg bolsun-da hernä!) içgin synlady. Onuň geýnişi özgeleriňkiden parhly. Başynda peşi ýok. Uzyn saçy Muhammet pygamberiňki ýaly eginlerine dökülip dur. Saçlarynyň ýüzüne dökülmezligi üçin başyna tylla çyzmyk geýipdir. Ol çyzmyk däl-de, jyga bolaýmasyn?! Bolsa bolar. Lowurdab-a dur. «Gedem kişi bolmaly – diýip, emir Musa bege (has takygy, Musa begdir diýip çak edýän kişisine) öz ýanyndan baha berdi. – Şöhrat başyny aýlapdyr. Saçyny Muhammet pygamberiňki ýaly uzyn goýberip, başyna altyn jyga geýmegi: «Özüme göwnüm ýetýär, edenimi edýärin» diýdigi bolmaly onuň. Eňegine äňet! Eňegi başga kişileriňkiden görnetin uzyndyr. Uzyn eňek diňe gopbam kişilerde bolýar. Onsoňam uzyn eňek açgözlükden, doýmaz-dolmazlykdan nyşan». Musa beg janly däliziň ýakynyna geldi-de, hana bakyp, şelaýyn ýylgyryş bilen baş atdy, soňam ony tanamadyk deýin yzyna öwrüldi, töweregine garanjaklap, derwezä bakan ugrady. – Musa beg, men bärde! – diýip, Abdylmälik han gygyrdy. Nyzamda duranlaryň biri ýuwaşja gürledi: – Ol Musa ýabgu däl! Bu habara Abdylmälik han serpmeden gaýdan ýaly boldy: – Onda kim ol?! – Ol Peýkam beg – Togrulyň daýysy. – Hany onda Musa ýabgu diýýäniňiz? Hany?! Hanyň bu sowalyna hiç kim jogap bermedi. «Peýkam beg» atlandyrylan başy altyn jygaly kişi atyna münüp, hil bir iş goparan dek zut gitdi. Ol gidensoň howla üsti ýükli düýeler gelip ugrady. Bir düýe, iki düýe... Köp olar! Düýeleri idip, howla getirip çökerdiler. Her kimiň öz etmeli işi bar. Biri düýeleri çökerýär, başga biri düýeleriň ýükleriniň ýüplerini çözýär, biri ýükleri dalanyň öňüne daşaýar. Barat Alçak diýlen agyr ýüzli, ämert kişi haýsy zady nirede goýmalydygyny görkezýär. Sähel salymyň içinde Abdylmälik hanyň giň howlusy gyzan bazara döndi. Ýigrimi düýe ýük. Ýükleri düşürilen düýeleri howludan alyp çykdylar. Ab¬dylmälik han ýalňyşan eken: seljuklylaryň biri-birine bakyşyp döreden janly dälizi Musa begiň dabaraly ýöriş bilen Abdylmälik hanyň ýanyna gelmegi üçin edilmän eken: düýelerden düşürilen ýükleri – Altynjanyň mahýasyny5 Abdylmälik hanyň ýanyna dabaraly görnüşde getirmek üçin edilen eken. Mahýany janly däliziň içi bilen hanyň gapdalyna çekip ugradylar. Sähel salymda hanyň iki gapdaly seljuklylaryň getiren hedýe-engamlaryndan depe boldy. Emiriň nazary getirilen zatlaryň içindäki iki sany kiçeňräk san¬dykda saklandy. Ol sandyklar altyn-kümüş saklamak üçin ulanyl¬ýar. «Seljuk begleri bu iki sandykda Altynjanyň mahýasy diýip altyn-kümüş getiräýdilermikä? Şeýledir-le. Bularyň içi gyzyldan doly bolsa, onda bularyň Altynjana goýýan hormaty gaty ýokary». Abdylmälik hanyň içki pikirini aňan bolsalar gerek, Barat Alçak diýlen ämert kişi gelip, sandyklaryň ikisinem açyp gitdi. Sandyklar gymmatbaha daşlardan, altyndyr göwherlerden doly eken! Abdylmälik han sag tarapynda depe edilip goýlan zatlara göz aýlady. Gymmatbaha matalar, donlar, abalar, çuhalar, ýüň matalar depe bolup ýatyrdy. Onuň aňyrsynda her dürli nogul-nabatlardan doldurylan sebetler giden meýdany tutupdyr. Bu dürli-dürli gap-gaçlar Çyn-Maçyndan getirilen bolsa gerek, Horezminde, Mawerannahrda ýasalan zatlar-a däl bular. Abdylmälik hanyň sol tarapynda owadan-owadan Gunduz halylary depe bolup ýatyrdy. Olaryň aňyrsyndaky iki üýşmegiň nämedigini emir anyklap bilmedi, çünki olar birmeňzeş haltalardy. * * * Täze tomaşa başlandy: ýük getiren düýeleriň çykyp gidenine onçakly köp wagt geçip-geçmänkä howla iki örküçli düýeler gelip ugrady. Düýeleriň her biriniň üstünde owadandan-owadan kejebeler bardy, kejebeleriň üstünde bolsa zenanlar otyrdy. Zenanlar kejebelerden düşüp, uzyn bir hatar bolup durdular. Olaryň her biriniň elinde gymmatbaha atlaz, ýüpek matalardan tikilen, aýal maşgala niýetlenen lybaslar bardy. Ol lybaslar-geýimler Altynjana niýetlenilip tikilen bolmaly. Abdylmälik han üçin seljuk begleriniň sawçylyga gelişleriniň başy içgysdyryjy görnüpdi, ýöne ol kem-kem şüweleň alyp ugrady. Özem olar sustuňy basýar. Seljuklylaryň sarsman hataran duruşlarynda resmi dabaralylyk bar. Hany haýrana salýan zatlar yzly-yzyna bolup durdy. Hany owalan janly däliz geň galdyran bolsa, indi kejebeli zenanlaryň herdürli lybaslary ellerinde göterip, nyzama düzülip duruşlary geň galdyrdy. Ol erkek kişileriň nyzama duruşlaryna seredip öwrenişip gidipdi, ýöne ol zenanlaryň nyzama düzülen ýerine heniz gabat gelmändi. Özem ol nyzam ýöne-möne nyzam däldi. Hana, saltman zenanlar iki hatara düzülipdirler. Ol hataryň sag tarapdaky zenanlaryň başlaryna atylan ýapynjasy gyrmyzy, eşikleri kileň ýaşyldy. Çep tarapdaky zenanlar boýdan-başa al geýnipdirler. Olaryň hokgalaryna çenli aldy, eginlerindäki geýimleri birmeňzeş al atlazdy, şeýlebir ýalkym saçýardy. Zenanlar nyzama düzülenlerinden soň kejebeli düýeler howludan çykyp gitdi. Olaryň iň soňkusy çykandan soň howla kernaýdyr surnaýly, dumbelekli, raddyr nagraly sazandalar gelip ugrady, olar ikä bölünip, derwezäniň sagynda hem solunda nyzama düzüldiler. Sazandalar saz çalyp öz ýerlerine geçenlerinden soň, howla iki hatar bolup otuz-kyrk sany tapbala6 geldi. Tapbalalaryň ählisem on alty-on ýedi ýaşlaryndaky bugdaýreňk, inçesagt, birmeňzeş gyzlardy, özlerem birmeňzeş al geýnipdirler. Ählisinden gözüňi aýrasyň gelenok. Olar hem derwezäniň sagyna, soluna bölünip, sazandalaryň öňünde aýratyn bir hataran bolup durdular. Birden dym-dyrslyk boldy. Şeýle dym-dyrslyklarda owadan gyzlar dünýä inýär diýýärler. Howludaky ähli zenanlar dünýä inen¬de, megerem, edil häzirki ýaly dym-dyrslyk bolan bolsa gerek. Abdylmälik han indi owalandaky ýaly daryganokdy, sabyrlylyk hem gyzyklanma bilen mundan beýläk nämeleriň bolaryna garaşýardy. Nogul-nabatlaryň üstünde wazzyldaşýan siňekleriň sesi bolaýmasa başga ses ýokdy. Howlynyň içi adamdan doly welin, şonda-da hiç kimden ses çykanok. Horazlar gygyrmakçy bolanlarynda Asmana seredip gygyr¬ýarlar. Şagallar asmana bakyp uwlaýarlar. Mahlasy, dürrendeler hem perrendeler gygyrmakçy bolanlarynda Asmana bakýarlar. Megerem, sesiň, çakylygyň Taňrysy Asmanda bolarly. Hana, seljuk begleri bilen gelen şilliň uzyn jarçy hem Asmana bakyp ýene dikine gygyrýar: – Musa beg gelýär! Musa begiň ýigitleri şindem butnaman durlar. Olar birden gygyr¬dylar: – Musa beg gelýär! Howla iki sany al saý atly girdi. Olaryň biri ýaňy gelip, janly däliziň içinden ýörän, başy altyn jygaly Peýkam beg diýlen hor, uzyn kişi. Onuň ýanyndaky peşeneli ýigidiň boýy hem gysga däldi, hereketleri agrasdy, ýanyndaky ýigit ýaly çalasyn hereket edenokdy. Peşeneli kişi başy altyn jygaly Peýkamyň öňüne düşüp, janly däliziň içi bilen ýöräp ugrady. Abdylmälik han Musa baýgunyň gelendigine ynanyp bilenokdy. Dogrusy, ynanmakdan çekinýärdi. Sebäbi indi ýalňyşmak islänokdy. Ol-a gelen beg bilen salamlaşsa, salamlaşany hem Musa beg däl bolsa, ana, şonda nätjek?! Öz-ä, bu sapar Musa beg gelen bolarly, ol göni ýöräp gelýär! – Ahyr gelipdir-ow! – diýip, Abdylmälik han ýeňil dem aldy, özüne bakan göni gelýän begi içgin synlady. Onuň gadam urşy, dog¬rudanam, begiň gadam urşy, özüne göwnüniň ýetýändigi görnüp dur. Abdylmälik han ardynjyrady. Elleşip, gadyrly salamlaşdylar. – Sag-aman geldiňizmi? – diýip, Abdylmälik han ýylgyrasy gelmese-de, özüne zor salyp, çala ýylgyrjaklady. – Aýyplaşmaweriň, sizi garaşdyrdyk... – Aýby ýok, aýby ýok. – Biraz öňräk geljekdik, ýöne engam-hedýe isleglerimizi doly ýerbe-ýer edýänçäk wagt geçdi. – Dabarany uludan tutupsyňyz, munça dabara, munça endişe etmeseňizem bolardy. – Ähli zady Togrulyň islegine görä etdik. Han ýene sypaýyçylykly sözledi: – Geljegiňizi öňünden aýdan bolsaňyz, taýýarlyk görerdik... – Sizi biynjalyk etmezlik üçin, biz ähli zadyň taýýarlygyny görüp geldik. – Ähli zadyň taýýarlygyny? – Abdylmälik han myhmantama bakan elini öndedi: – Hany, geliň, geçiň, içeri giriberiň! – Musa beg gelýänçä garaşaýaly. Bu söz Abdylmälik hany aňka-taňka etdi: – Sen Musa beg dälmi? – Ýok, men Musa beg däl. Meniň adym Bekdaş Rudbary. Men Togrulyň daýysy, enesiniň dogany. – Ýaňy başga bir ýigide Togrulyň daýysy diýdiler. – Ol Peýkamdyr. Peýkam – meniň süýtdeş inim. – Musa beg şindem ýok diýsene. – Musa beg häzir howlyňyza girer – diýip, Bekdaş Rudbary yza çekildi. Soňam olaryň her biri dalanyň gapdalyna – janly däliziň bir tarapyna geçip durdy. Peşeneli kişiniň Musa beg däldigine Abdylmälik han gynandy. Sebäp ol peşeneli kişiniň Musa begdigine biçak ynanypdy. Ynamyňda aldanmak agyr degýär. Aldanmagyň gowusy barmy näme! Janly dälizi döredip duran gerçekler, şol sanda peşeneli beg bilen uzyn saçly uzyn beg hem batly gygyrdy: – Musa beg! Abdylmälik hanyň ýakynynda duranlar kanagatlanma bilen dil¬lendiler: – Musa beg geldi! – Geldi! Howla birmeňzeş dor atly bäş sany kişi geldi. Bäşiň birini han şobada tanady: ol Hasan beg. Hasan beg mundan üç aý öň hanyň ýeg razdarlary Gazanpar Tak hem Janahyr Geçdeki dagy bilen osmakçy bolup gelipdi. Şonda olar ýazylyp-ýaýrap oturypdylar. Hasany hanyň sulhy alypdy, çünki ol alçak, şadyýan kişi eken. Şüweleňli, gülküli gürrüňleri bilen oturanlaryň göwünlerini awlapdy. Ol saz çalyp, aýdym hem aýdypdy. Hasan Musa Ýabgunyň uly ogly bolmaly. Abdylmälik han peşeneli Bekdaş Rudbara ýüzlendi: – Musa beg gelenleriň haýsysy? Bekdaş Rudbary biraz garaşdyryp jogap berdi: – Iň soňky atdan düşen Musa beg! Oňa Baýgu Kelan diýseňiz hem bolar. Bäş kişi häliden bäri topar bolup duran adamlar bilen duşuşdylar. Birpaýyz nämedir bir zadyň gürrüňini edenlerinden soň, Musa beg janly däliziň içi bilen Abdylmälik hana bakan keremara ýöräp ugrady. Abdylmälik han Musa begi synlamaga durdy. Musa beg ýaşy durugşan, sakgalyna gyraw sepilen ýaly, deşli adamdy. Ýöreýşi dikdi, ynamlydy. Çep çekgesinde tyg yzy ýalbyrap görünýärdi. Seljuklylaryň arasynda kelte boýly ýeke-täk adam – Musa begdi. Han ony synlap, islän, has dogrusy, garaşan serkerdelik alamatlaryny, keşmerini görmedi. Abdylmälik han häzir gözüniň görýän zatlaryna akyl ýetirip bilenokdy. Ine, hanyň ýanyna gelýän kişi bary-ýogy bir jemagatyň begi. Abdylmälik hanyň ygtyýarynda bolsa Musa ýaly begleriň, seljuklaryňky deýin jemagatlaryň onlarçasy bar. Ýöne, gör, bir jemagatyň begi ýedi yklymyň soltany ýaly bolup gelýär. Gör, ol özüne nähili hormat goýdurýar, oturan ýeri külüň üsti bolsa-da, özüni uja Hindiguş dagynyň depesinde duýýar. Eý, Hudaý, özüň gowusyny et! Şu güne çenli ýalkadyň, galan ömrümde-de metdi-masgara etme meni, eý, Biribar! Herhal, Musa beg köpi gören kişidigini etdi: gelip, Abdylmälik hanyň öňünde tagzym etdi. Şuňa-da şükür! Olar gara gadyr bolup saglyk-amanlyk soraşdylar. Saglyk-amanlykdan soň, Musa beg esasy gürrüňe geçdi: – Merhemetli Abdylmälik han! Biziň atamyza Seljuk Dukak diýerdiler. Seljuk Dukak Beýik Oguz şalygynyň şasy Baýgunyň sübaşysydy. Biziň ganymyz sap beg gany. Biz Oguz hanyň agtygy kynyklardandyrys, üçoklardandyrys, sol goluň kowumlarydyrys. Biz Oguz hanyň körpe ogly Deňiz hanyň, körpe agtygy Kynyk hanyň neberesidiris. Özüňiz bilýärsiňiz, türkmende körpe ogul mirasdüşer hasaplanýar. Biziň eşidişimize görä, siz Oguz hanyň uly ogly Gün hanyň neberesi ekeniňiz. Siz Gaýalardan, diýmek, siz gaznalylar hanedanlygy deýin Gün hanyň uly ogly Gaýadan gaýdýarsyňyz. Siz Bozoklardan ekeniňiz, sag goluň kowumlaryndan ekeniňiz. Siz Oguzyň başy, biz soňy, çünki biz körpe agtyk. Siz hem biz ýaly sap arassa ganly begzada nesebinden. Kynyk bilen Gaýa bir atadan dörän! Size ullakan hormatymyz bar. Şalykda hem, il-günüň arasynda hem ullakan hormat-sylagyňyz bar. Meniň mus-mus diýip, näme aýtjak bol¬ýandygymy özüňizem bilýärsiňiz, Abdylmälik han. Meniň inim Muhammet Togrul är ýigitdir, merdanadyr, batyrdyr, gaýduwsyzdyr. Ol Oguz adyna mynasyp boldy: Togrul adyny gazandy. Onuň islegi hökman amal tapmalydyr. Ine, biz – Togrulyň iň ýakyn adamlary: – agalary, inileri, daýylary hem ýegenleri, ýegana dostlary. Ine, – Musa beg ýanynda duran iki sany gujurly ýigide elini uzatdy: – Bu kişiler, begler, – Dawut bilen Ybraýym – Muhammediň doganlary. Resultegin – doganoglany. Garasaý, aramyzda ýat adam ýok. Hudaýtagala bize – Seljuk Dukak ogullaryna ýeňilmezek güýç-kuwwat berdi, Hudaýtagala bizi goldaýar. Bizi, sizi, Haktagalanyň Ýerdäki ýalkan wekili soltan Masut Gaznaly goldaýar. Eşidensiňiz, soltan Mahmyt Gaznaly – ýatan ýeri ýagty, jaýy jennet bolsun! – bizi has hatyralaýardy. Ol biziň dogan-garyndaşlarymyza birnäçe ülkäni ykta berdi. Men bu zatlary hakykaty bilmegiňiz üçin aýdýaryn. Biz garyndaş bolalyň, Abdylmälik han. Biziň bilen garyndaş bolsaňyz, rahat ýaşarsyňyz, towugyňyza: «Tok!» diýjek adam bolmaz. Biz size mydama kömek ederis, biz sizi goldarys. Biz bir begzada gyzynyň mahýasynyň ýigrimi dinardygyny bilýäris. Ýöne biz size gyzyňyzyň mahýasy üçin birki müň dinarlyk mahýa getirdik. Diňe bir sandyklardaky dinarlary däl, şu görýän zatlaryňyzy hem gyzyňyzyň mahýasy hasap ediň. Inim Tog¬rul gyzyňyzy gaty ýokary bahalaýar. Hana, şol iki sandykda herdürli gymmatbaha daşlar, monjuklar, ysyrgalar, gulakhalkalar, ýüzükler bar. Biziň bezirgenlerimiz iki aýlap Çyn-Maçyndan owadan-owadan mata agtardylar. Bir aýlabam şol getirilen matalardan ökde tikinçiler gyzyňyz üçin her hili biçüwlerde lybaslary tikdiler. Gyzyňyz üçin üç ýüz altmyş geýim tikildi. Togrul gyzyňyzyň ýylyň her güni bir täze geýim geýmegini isleýär. Biz öňräk geljekdik, ýöne gyzyňyzyň mahýasyny Togrulyň göwnüne makullaýançak üç aý wagt geçdi. Musa begiň: «Biziň bilen garyndaş bolsaňyz, rahat ýaşarsyňyz, towugyňyza: «Tok!» diýjek adam bolmaz. Biz size mydama kömek ederis, biz sizi goldarys» diýen sözlerini diňlän Abdylmälik han badyhowalyga haýranlar galdy, özüni mertebesi kemsidilen hökmünde duýdy. Onuň bu pikirini Şadranç müňbaşy (ol diňe bir müňbaşy däl, eýsem, hanyň nedimidi) hem makullady: – Baý-ba, gürläýşini! Bu bir jemagatyň begi däl-de, ýedi yklymyň soltany ýaly gürleýär. Bize howandar boljakmyş... Hana meçew berlen ýaly boldy: – Bä, maňa howandar çykjag-ow onda siz?! Hä, siz gaty artykmaç adamlar-ow... – Görýän welin, siz maňa ters düşünäýdiňiz öýdýärin – diýip, Musa ýabgu aljyraňňy dillendi. – Düşünip-düşünmez ýaly näme bar bu ýerde? Näme, han ýönekeý zatlara-da düşünýän däldir öýdýärsiňmi? Ähli kişiniň ýüzüne urlan ýaly boldy. Seljuklylar biri-biriniň ýüzüne seretdiler. Ýeri, indi näme etmeli?! Gaýdybermelimi? Mansur pola dörän oňaýsyzlygy özünden başga hiç kimsäniň düzedip bilmejekdigine, hanyň kejirlik etjekdigine düşündi. Ol iki ýana garanjaklady, soňam derwezäniň ýanynda duran Haldanyň üstüne gygyrdy: – Eý, berebekgeý, sen, nä, sömelip dursuň? Men saňa diýýärin! – Mansur pola şeýle bir çakyr gygyrýardy welin, sesi gulagyňy deşip barýardy: – Haldan, men saňa näme diýdim?! Näme sömelip dursuň? Men saňa näme diýdim? «Näme üçin sömelip dursuň?» diýýärin men saňa? Getir diýen zadymy näme üçin şindem getireňok?! Haldan, hakykatdan hem derwezäniň ýanynda näme getirmelidigine düşünmän äm-säm bolup durdy. Abdylmälik emiriň gahary Musa begiň sözi üçin däl, ýok, bir sebitiň hanyny şeýle uzak garaşdyrany, özüni şeýle mahabatlandyrany üçin gelipdi. Ol özüniň kimdigini, Musa begiň kimdigini ähli kişiniň bilmegini isläpdi. Herki zadyň çeni bar, çaky bar. Seljuk begleri döwrüň göterýän çakyndan biraz – ýok, biraz däl, ep-esli – çykypdylar. Musa beg nämäniň-nämedigine düşündi: – Merhemetli han, hoşuňyza geljek bolup, göwnüňize degendigime biçak gynanýaryn... Musa beg bu sözi çyn ýürekden aýtdy. Emir muňa düşündi. – Alla gowusyny etsin! – diýip, seljuk begleri ýerli-ýerden dil¬lendiler. – Merhemetli Abdylmälik han, biz gyz-gelinlerimizem alyp geldik. Ýok, dogrusyny aýtsak, bizden galmady olar – diýip, Musa beg hatar duran gyz-gelinlere bakan elini uzatdy. – Ähli gyz-gelinlerimiz: «Togrulyň gelinligini görjek!» diýip geldiler. Olaryň gyzyňyza elin gowşurjak hedýe-engamlary bar. Musa begiň bu sözüni gapdalynda duranlaryň ählisi makullady. Emir dymdy, onuň dymmasyny makullama hökmünde kabul etdiler. Abdylmälik han töweregine garanjaklady, Mansury agtardy. Mydama gapdalynda bolýan Mansur edil şu pursat ýok. Möhüm bir ýagdaý ýüze çykmadyk bolsa-ha beýle ýagdaýda hanyň ýanyndan gitmeli däl ol, Abdylmälik hanyň nazary derweze tarapdan gelýän ferraş Haldanda saklandy. – Mansur näme bilen başagaý? – diýip, han Şadranç müň¬başa ýüzlendi. – Bilmedim, bir ýerde duranok ol, gaty aladaly görünýär. – Altynjany özüň çagyryp gel! Ähli kişi Şadranjy gözleri bilen hareme ugratdy. Içerä habar ýetiren Şadranç hanyň ýanyna dolanyp geldi. – Häzir geler. Içerden Haldan çykdy, ol derwezä tarap ylgady, sähel salymda gözden gaýyp boldy. Abdylmälik han seljuk begleri gelip ugraly bäri Mansuryň hem öýdeniçerleriň nämedir bir zada aşa başagaý bolup, iki ýana hars urýandyklaryny görse-de, olaryň näme edýändiklerine teý düşünip bilenokdy. Han Şadranç müňbaşydan haremde näme edýändiklerini sorady. – Maňa hiç kim hiç zat aýtmady. Men Altynjana siziň garaş¬ýandygyňyzy aýtdym. Ol: «Häzir bararyn» diýdi. Haldan biraz wagtdan soň yzyna bäş sany elleri dowully kişini tirkäp, howla girdi. Abdylmälik han ol gelenleri tanady: olar – Za¬mahşaryň nagaraçylary, dowulçylary. Elleri dowully bäş kişini haremhananyň öňünde hataran durzan Haldan içeri girip gitdi. Abdylmälik han düşündi: Altynjan haremden çykanda do¬wul ka¬kylmaly. Goý, şeýle bolsun, sebäp, seljuklylar biraz hetden geçdiler. Goý, biziňkilerem bularyň özlerine görä bolsun! * * * Mansur Abdylmälik hanyň ýanyna geldi: – Hökümdarym, häzir gyzyňyz ýanyňyza geler! Mansur bu sözüni soňlap-soňlamanka dowullar güňlenç seslendi. Birdenem ses kesildi. Dym-dyrslyk. Howludaky ähli seljuklylaryň nazary ferraşyň girip-çykyp duran haremine gönükdi. Abdylmälik hany biraz galpyldy basmarlady. Ähli zadyň sag-aman gutarmagyny beýik Biribardan dileg etdi. Häzir Altynjan gelip bir hokga çykarmasa ne ýagşy. Ferraşlar, akgyzlar hem Mansur seljuklylar gelip ugraly bäri iki ýana ot-elek bolup ylgadylar welin, ähli zat eýgilige bolsun-da hernä! Aý, ýok, Altynjan kakasynyň ýanynda hokga çykarjak bolup durmaz. Abdylmälik han haremden gözüni aýyrman seredip, gara¬şyp durdy. Altynjan näme üçin çykmaýarka? Ýa ol haýsy eşigini geýjegini bilmän, birini çykaryp, beýlekisini geýip otyrmyka? Hanyň içini it ýyrtyp ugrady: heý, beýle-de garaşdyrmak bolarmy? Gör-ä, birgiden adam garaşyp dur. – Ýok, ýok, Abdylmälik han, biynjalyk bolmaň, biziň how¬lugýan ýerimiz ýok. Garaşarys – diýip, hanyň howsalasyny aňan Musa beg sypaýyçylyk etdi. Ep-esli wagt geçdi, Altynjan görünmedi. Han rahat durup bilmedi, ýanyna Mansury çagyrdy. «Bu ne boluş? Gelsin derrew!» diýip, azm urdy. – Lepbeý, begim! – diýip, Mansur pola elini döşüniň üstünde goýup, eglip yzlaýyn, topuň oky deýin atylyp gitdi. Mansur baransoň, haremhanada janlanyş döräýmeli ýaly welin, üýtgän zat bolmady. Mukymlyk bilen hareme bakan seredip duran Musa beg hem garaşyp ýadan bolarly, töweregine garanjaklamaga başlady. Abdylmälik hanyň gaharlanyp ugrandygyny aňan ýaly, dowullar ýer sarsdyryp düňňürdedi. Gapydan Altynjanyň gelýändigini yglan etdi. Han bu resmilige, bu dabara ör-gökden geldi: «Bu nä boluş?! Beýdip yglan ediler ýaly, Altynjan bir ýurduň patyşasymy? Heý, beýle-de bir hokga bolarmy? Bu ýeňleslik ahyryn!» diýip, ol öz ýanyndan janykdy, çalaja gyzaryp, seljuklylara gabak astyndan seretdi. Olaryň boluşlaryny görüp geň galdy. Asyl dowul kakylmasyny hiç bir seljukly geňlemändir, olar sabyrsyzlyk bilen, uly gyzyklanma, tolgunma bilen Altynjanyň haremden çykaryna garaşýar. Seljuklaryň bu boluşlary hana gyzynyň hokgasyndanam geň göründi. Näme üçin Altynjanyň bu bolşuny geňlänoklar?! Bu dünýäniň oýunlygy, hokgalygy, ýeňlesligi üçinmi?! Seniň ýeňleslik, oýun hasaplan zadyň başga biri üçin agraslyk eken, çyn eken! Bu dünýäde hiç bir zady geň görmeli däl! Çünki seniň geň hasap¬lan zadyň – başga biri üçin adaty zat! Gizlinlikde, gizlenmekde many bar: asyl durmuş – gizlenpeçek oýny. Zenan-a oýunçy, gizlenýär, erkek kişi – gahryman, ol gizlenýän oýunçyny tapýar. Gizlenpeçegi diňe bir halkyň däl, dünýäniň ähli halklarynyň çagalary oýnaýar. Bu oýny olara hiç kim öwredenok. Muňa olarda zerurlyk-da ýok. Sebäbi gizlenpeçek olaryň ganlarynda aýlanýar. * * * Altynjan ahyryl-ahyr haremhanadan çykdy, ýöne ol ýeke çykmady, yzynda iki sany akgyzy bilen çykdy. Abdylmälik han gyzynyň özüne bakan gelýändigine gözi kaklyşandan soň, ol: «Ynha, Altynjan gyzym-a gelýär!» diýýän terizde Musa bege seretdi. Seljuklylar dünýäni unudyp, yzy iki sany akgyzly Altynjany synladylar. Seljuklylaryň ählisiniň nazary haremden çykyp gaýdan Altynjanda bolansoň, Abdylmälik han pursatdan peýdalanyp, seljuk beglerini içgin synlady: olaryň Altynjana göwünleriniň ýetendigini gördi. Gerdeninden agyr ýük aýrylan ýaly, ýeňil dem aldy. Peşeneli-peşeneli kişileriň üýşüp gelip, bir gyzy mahabatlandyryp duruşlary, dogrusy, han üçin geňdi. Özem diňe ýöne-möne geňem däldi, juda geňdi. Oguz, bir görmäge sada görünse-de, çylşyrymly halk! Juda çylşyrymly halk! Şerigatyň berk kada-kanunyna seretmezden hatynlarynyň ýüzlerini tuwak bilen örtmedik ýeke-täk musulman halk bu. Oguz – adamyň jany ýaly halk. Oguza düşünen – dünýä düşüner! Abdylmälik han welin, seljuklylaryň bu boluşlaryna teý düşünmedi. Oguzlaryň häzirki boluşlaryny oguza-türkmene muwapyk häsiýetem-ä diýer ýaly däl. Megerem, bu seljuklylaryň ganynda grekleriň hem ganynyň barlygy7 üçindir: Seljuk begiň hatyny grek bolupdyr diýen gürrüňem bar-a! Özem ol hatynyny aşa söýüpdir diýýärler. Şol grek gözeli üçin ol Beýik Oguz şalygynyň şasy Baýgunyň ýüzüne durupdyr, subaşylyk wezipesini taşlap, öz adamlary bilen aýrylyp çykypdyr. Elbetde, Beýik Oguz şalygy şol grek gözeli üçin synan däldir, onuň sebäpleri köp bolandyr, ýöne şol döwürde Seljuk subaşyny grek gözeli üçin Beýgu patyşanyň hatynynyň näletländigi, ony her edip-hesip edip öldürmek islänligi welin hakykat. Seljuk begiň grek hatynynyň raýyny ýykman ogullaryna Ysraýyl, Mykaýyl diýen ýaly atlary dakandygy-da hakykat! Altynjan Abdylmälik hanyň otuz zirag çemesi ýakynyna gelip sak¬landy. Ol edep bilen duranlara baş egdi. Yzdaky akgyzlar Altynjanyň hereketlerini gaýtaladylar. – Altynjan, uýam, uýalma, ýakynrak gel! – diýip, Musa beg elini öndedi. – Biz saňa ýat adamlar däl indi. Biz Togrulyň agalary hem inileri, daýylary hem garyndaşlary. Musa begiň bu sözüni eşitse-de, Altynjan duranlara ýakyn¬laşjak bolmady. Ol-a ýakynlaşmak eken, seretmedem. Şeýle bo¬lansoň Çagry beg hem Musa begiň sözüni gaýtalady: – Altynjan, uýam, men Togrulyň agasy. Biz seni Togrulyň şu ýakyn dogan-garyndaşlary bilen tanyşdyrmakçy. Altynjan Çagry begiň sözüne-de pisint bermedi: ol iki akgyzy bilen dalana däl-de, howla bakyp durdy. Musa beg Abdylmälik hana soragly bakdy. Abdylmälik han howla bakyp duran Altynjana siňe-siňe tiňkesini dikip, ör-gökden geldi. Duran Altynjan däl ahyryn! Ol Altynjanyň jorasy Balnäz! Abdylmälik han gazap bilen «Bu näme boldugy?» diýen manyda haremiň öňünde duran Mansura bakdy. Mansur ylgap geldi: – Häzirki gelenler Altynjanyň joralary. Özi hem häzir geler, begim! «Ilki joralarym çyksyn, yzyndan özüm çykaryn. Babama aýdyň, gaharlanmasyn. Ähli zat gülala-güllük bolar» diýdi. Emir gaharyna sandyr-sandyr etdi: – Gerek däl, hiç zady gerek däl. Derrew gelsin. Mansur gaty-gaty ýöräp gitdi. Biraz wagtdan soň, dowul düňňürdedi: – Altynjan! Başda Altynjanyň akgyzy Gülýüzli göründi. Ol bezenmek bezenipdir. Dolmuş Gülýüzli horam atyp, yzyndaky gyzlaryň öňüne düşüp gelýär. Iň öňde Gülýüzli, onuň yzynda iki gyz, soň Altynjan, Altyn¬janyň yzyndan hem iki sany jorasy gelýär. Daşdan seretseň, olaryň horam atyp gelişleri juda owadandy. Alty gyzyň altysynyň hem geýimleri birmeňzeşdi. Olaryň eginlerinde gök jüpbesi bardy, başlary karkaralydy. Eginlerine sap-sary taýlesana8 meňzäp duran lowurdyly dilbendini atypdyrlar. Altynjan joralary bilen howlukman, messan-messan basyp, Abdylmälik hanyň duran ýerine bakan gönükdi. Abdylmälik han gyzlara seredip, içinden şükür etdi, kanagatlandy: «Altynjan gowy görýän gök atlazyny geýipdir» diýip içini gepletdi. Bu lybasyň matasyndan on geýimligi sekiz ýyl mundan öň Abdylmälik hana köşkde Altyndaş: «Soltan Mahmydyň sowgady» diýip beripdi. Han gyzyny häzirki eşiginde öň görmändi. Altynjanyň başdaky maýdaja göwher nagyşly jygasy hasam gelşipdir. Şa gyzyna meňzäpdir. Dogrusyny aýdaňda, Altynjan şa gyzyndan kem hem däl. Gaýtam, artyk ol. Enaýyja ýylgyryş bilen kakasyna, soňam seljuk beg¬lerine salam berdi. Gyzlar ilki gelenleriň bärisinde – dalan tarapda hatara düzüldiler. Musa beg dagy bu gezek oňaýsyz ýagdaýa düşmezlik üçin bir gyzlara, birem Abdylmälik hana seredýärdi. Altynjanyň: «Görünmek isleseň – görünme» diýmesinde bir hikmet bar bolmaly. Her gezek dowul düňňürdisinden soň içinden Aýyň bölegi deýin owadandan-owadan gyzlar çykyp duran harem jadyly bolup görünýärdi. Jadyly görünmezçe hem däldi. Togrul beg olaryň ýanynda Altynjanyň waspyny ýetirmek ýetiripdi! Dünýä göwni ýetmän ýören ýanbermez Togrul bir gyzyň öňünde mugyra gelipdir. Onsoň: «Mahýasy az bolmasyn» diýip jöwlan urşuny, Çyn-Maçyna ýörite adam ugradyp, ol ýerden getirden gymmatbaha matalaryny, şaý-seplerini şu howludaky seljuk begleriniň tas ählisi diýen ýaly gördi ahyryn! Onsoň Togrulyň şeýle göwün beren gyzyny, heý-de, göresiň gelmezmi? Seljuk begleri Abdylmälik hanyň gaharynyň gelmesinden alty gyzyň içinde Altynjanyň ýokdugyny aňdylar. Onsoň olaryň nazary ýene hareme bakan gönükdi. Dowul ýene agyr düňňürdedi. Altynjan biraz garaşdyryp çykdy. Dym-dyrslyk. Ähli kişi doňan ýalydy. Ähli kişi gözlerine müňkürlik edýän ýalydy. Abdylmälik hanyň gözleri Altynjana düşende ýüregi hopugyp gitdi. Ýüregi urmasyny goýdy onuň, asyl. Ol iki eli bilen ýüzüni tutdy. Hanyň bolşy: «Bu masgaraçylygy görmäýin» diýýän ýalydy: Ol: «Wah, bir hokga tapar diýip aýtdym-a men!» diýip hüňürdedi. Altynjan gyzlaryň deňinden geçip, seljuk beglerine baş egdi. Altynjana nähili eşik geýse gelişýär. Ol erkek kişiniň – begiň eşigini geýipdir welin, heý, seredip doýar ýaly däl. Eşik oňa biçak gelşipdir. Başynda karkara, egninde çuhra, bili düýrme gylyçly, hanjarly. Elinde Togrul begden alyp galan gamçysy. Megerem, eşiklerini dar geýenliginden bolsa gerek, Altynjanyň özem, eşigem biçak owadan, gelşikli görünýärdi. Ol ýeňinem biraz çermäpdi. Onuň bolşy şu ýerden göni söweşe gitjek merdana jigide meňzeýärdi. Bu bäş günlük dünýä – bir pursatlyk tomaşa! Adam görgüli bir pursatlyk tomaşadan many agtarýar. Aslynda onda hiç hili many bolmasa näme! Adam bu dünýäden ýok zady agtaryp, wagtyny bihuda geçirýär! Dünýä tomaşasyna kim hezil edýär, kim seňrigini ýygryp sered¬ýär. Ine, Altynjanyň ikinji göçümi kim üçin tomaşa, kim üçin synag, kim üçin utanç. Ähli kişiniň hoşuna geljek zat bolsa ýok bu jahanda. Köp kişi – aýratyn hem zenanlar – ýüregindäkini aýan etmäge görer gözden çekinýär, ýöne Altynjan hiç mahal hiç bir zadyň soňy hakda ünjä batmagy halamaýardy. Göwni şu işi etmek isleýärmi? – isleýär: bolany şol, ol göwnüniň küýsän şol işini amal etmäge girişerdi. Käteler onuň töwekgel¬lik bilen eden amaly telek hem bolardy, ol eden telek işine egser-egser ökünýärdi. Herhal, göwnüne gelen zady töwekgel¬lige salmazlyk onuň üçin güzapdy, mydama töwekgelliginden ymgyr lezzet tapardy. Ol häzirem öz edýän töwekgel amalyndan biçak hoşaldy, bu edýän töwekgelligi üçin kakasynyň dergazap boljagyny-da bilýärdi. Belki, urar?! Ýöne ol bu babatda kesgitli netijä gelipdi: «Göwnümdäkini edip armandan çykaýyn, soň babam meni, goý, kerçem-kerçem edip öldüräýsin. Erkek kişiniň eşigini geýsem, seljuklylaryň hem halamazlygy mümkin. Goý, halamasynlar. Bu meniň üçin has gowy, has bähbit bolar». Altynjan kakasyny gözüni aýyrman synlaýardy. Ol gorkýardy, ýöne bu mahal höwes gorkudan rüstem gelýärdi. Hakyt şeýledi: höwes gorkudan rüstem gelýärdi. Gorky höwesden öňde ýöreýär. Altynjanyň höwesi gorkudan mydama öňde ýöreýär. Abdylmälik han gorka-gorka Musa bege tarap seretdi. Ola¬ryň ýylgyrjaklap durşuny görüp, gözlerine ynanmajak boldy. Altynjanyň bu hokgasy olaryň gaharyny getirmändir-ä! Seljuk¬lylardan ahmyrly bolansoň, Altynjan bu hokgany äsgermezlik, ar almak maksady bilen edýän bolaýmasyn?! Bu hokgada äsgermez¬lik bar ahyryn! Belki, Altynjan Togrul begi Hun hany Atyllanyň gününe salmak9 isleýändir? Öz-ä bu Altynjanyň kellesine gelip biljek pikir. Abdylmälik han aýylganç bir jenaýatyň üstüni açan dek howpurgady. Eý, Hudaý, bu zatlaryň yzy nähili bolarka? Han gyzy Altynjanyň bir çilten atly bilen Togrul begi öldürmek üçin Gauhora gidişini; aýylganç tutum entek amala aşmanka, olary Keski Kelew bilen Mansuryň yzyna alyp gaýdyşyny; bu etmişi üçin ekizlerini jezalandyryşyny; şonda gyzynyň: «Baryna men sebäpkär, hun almakçy bolandygymyz üçin jezalandyrmakçy bolsaňyz, onda diňe meni uruň, meni öldüriň! Sebäbi olary men alyp gitdim. Olar naçar uýasyny ýeke goýbermezlik üçin ýanym bilen gitdiler» diýip, şirigana durşuny; ar almak maksady başa barmandan soň onuň köşeşmändigini we Şandranç müňbaşydan ar alyp berer ýaly merdana pidaýyny tapyp getirmegi haýyş edişini; sadakada: «Daýymyň aryny alman sadakat berýärsiňiz!» diýen pursadyny; özüne hyrydar çykyp gelen sebitiň ýigitleriniň öňünde üç şert goýandygyny; üçünji şertiň Togrul begi öldürmekdigini – hun almakdygyny; Togrul beg düşünişmek, Tümen begi tanamandygyny, özüne töhmet atyl¬ýandygyny aýtmaga Zamahşara geleninden soň, ganhor hasap¬lap ýören adamyna garaýşynyň düýpgöter üýtgändigini, haçan-da seljuk osmakçylary gelende Togrul bege durmuşa çykmaga gepsiz-gürrüňsiz razy bolandygyny hakydasyndan geçirdi. Seljuklylar Abdylmälik hanyň iň ýakyn razdanlarynyň kim¬lerdigini bilipdirler: olar Käsiň häkimi Gazanpar Tak bilen Janahyr Geçdekini Zamahşara osmakçy ýollapdyrlar. Iki dost Zamahşara gelip, üç gün myhman bolanlaryndan soň näme niýet bilen gelendiklerini aýdypdylar. Galadan daşarda seljuklaryň Hasan begi hem habara garaşyp dur eken. Ony hem çagyryp getirdiler. Han bu sawçylygy göwnemändi, kes-kelläm göwnemändi, çykalga hökmünde, soňky sözi gyzyna goýupdy. Onuň pikiri boýunça gyzy kes-kelläm garşy çykmalydy, ana, şonda han: «Görüň-ä, gyzym garşy. Eger men gyzyma garşy gitsem, onuň özüne kast edäýmegi mümkin» diýmekçidi. Altynjan kakasynyň pikirini çepbe çöwrüpdi: «Baba, siz näme etseňiz, men şoňa razy!» Bu sözden soň Abdylmälik handa seljuklylaryň gudaçylygyna razylyk bermekden başga alaç galmandy, olaryň bu günki ynamly gelmekleri hem şonuň üçindi. – Altynjan, utanma, ýakynragymyza gel! – diýip, Musa beg Altynjana ýüzlendi. Altynjan Musa begiň sözüni ylla eşitmedik ýaly, gyzlaryň hataryna baryp goşuldy. Çagry Musa begiň synyndan çekdi. Dowul ýene ýer sarsdyrdy. – Altynjan akgyzlary bilen gelýär! Dört sany gyz dalana bakan gaýtdy. Dört gyz haremhanadan otuz-kyrk zirag daşlaşansoň, haremhanadan Altynjanyň ýeke özi çykdy. Onuň yzyndan dört sany gyz göründi. Abdylmälik han ýeke gelýän gyzyň Altynjandygyny tanady. Özem ol gyzynda nähilidir bir ýylylyk duýdy. Ol gyzlara bakan bäş-alty ädim ýöräp saklandy. Onuň bu gadamyndan Altynjany tanadylar. Bu ýere gelen gyzlaryň ählisi owadandy. Haýsy birine Altynjan diýseň, seljuk begleri peşlerini göge zyňyp, kabul etjekdiler. Ýöne Altynjan özünden öňki gelen gyzlaryň içinde baganalaryň içinde sur bagananyň saýlanyşy ýaly, saýlanyp durdy. Allatagala ähli zatda çäk goýsa-da, zenanlara görk bermek babatda çäk saklamaýar. Öňden hem yzdan gelýän gyzlar nyzama düzüldiler. Altynjan welin, nyzama durmady. Ol göni kakasynyň ýanyna geldi. Kakasyna tagzym etdi. Kakasy seljuk beglerine bakan elini uzadyp, olar bilen salamlaşmalydygyny öndedi. Altynjan gyzaryp, uýala-ýygryla seljuk beglerine bakdy, eglip salam berdi. Abdylmälik han nädip başlajagyny bilmeýän ýaly ardyn¬jyrady: – Gyzym Altynjan, bize Baýgu Kelan – Musa beg dagy geldi. Musa beg dagy saňa Togrul beg üçin hyrydar çykyp gelipdirler. Bular seniň razylygyňy almak isleýärler... Abdylmälik han bu sözleri gyzyndan razylyk almak üçin däl-de, Oguz handan gelýän äp-däbi boýunça aýdýardy. Ol gyzynyň razylygyny razdanlary Gazanpar Tak hem Janahyr Geçdekiniň, Hasan begiň ýanynda alypdy. Gyzyň dymmasy – gyzyň razylygy bolmaly! Baýgu Kelan ýigitleri bilen Altynjanyň ýakynyna geldi, onuň razylyk berenine – dymmasyna minnetdarlyk bildirdi: – Altynjan, biz – ine, şu duranlar Muhammet Togrulyň iň ýakyn adamlary. Men onuň agasy. Ine, bu ýigit Togrul janyň süýtdeş dogany Çagry. Bu ýigidem Togrulyň dogany Ybraýym. Bu ýigit meniň oglum Hasan – diýip, Baýgu Kelan ýanyndaky duranlary ýeke-ýekeden tanyşdyryp çykdy. – Biziň inimiz Togrul ärleriň äridir, şirleriň şiridir. Biz inimize ýanýoldaş bolmagyňy isläp geldik. Onuň agyr günem, hoş günem ýanynda bol. Bagtly ýaşaň. – Baýgu Kelan Abdylmälik hana ýüzlendi. – Merhemetli han, rugsat berseňiz, gyzyňyz bilen biziň gyz-gelinlerimiziň duşuşmak talwaslary bar, Altynjana niýetläp getiren hedýe-engamlarymyz bar, şolary gowşuraýsak. Abdylmälik han baş atdy. Hanyň razylygyny alan Baýgu Kelan Barat Alçaga başlaber diýen terizde seretdi. Barat Alçak hem howla garap yşarat etdi. Barat Alçagyň yşaratyndan soň, derwezäniň sagyndaky hem solundaky tapbalalar elleri lybasly gelin-gyzlaryň gapdallaryna baryp saklandylar. Depçiler deplerini düňňürdedip başladylar, raks oýnadylar. Diňe depçiler, tapbalalar, dumbelekler däl, olaryň arasyndaky iki hatar duran gyz-gelinler hem ellerinden geýimlerini birgeňsi galgadyp, raks oýnadylar. Depiň düňňürdisine aýak goşup, zenanlar ýuwaşlyk bilen Altynjana bakan iki ädim öňe, bir ädim yza süýşüp gelýärdiler. Altynjan olara bakan dähedem-dessem ýöräp ugrady. Onuň ýöräp ugraryna garaşyp duran ýaly, derwezäniň iki tarapynda hataran duran sazandalar saz çalmaga girişdiler. Howly sazdan doldy. Üç sany zenan Altynjanyň öňünden çykyp, ony gezekli-gezegine gujakladylar. Altynjan üç zenan bilen gujaklaşyp görüşýänçä, onuň ýörejek ugry eýýäm janly däliz edilipdi. Musa begiň ýöräp geçen janly dälizi indi Altynjanyň ýörejek ugrunyň janly dälizine öwrülipdi. Özem seljuk ýigitleri ýekedyz oturyp, Altynjany hatyralaýardylar. Altynjanyň ýöreýän ugruna gül düşäpdiler. Ähli zat edil ertekilerdäki ýalydy. Ýok, ýok, ertekilerde-de edil beýle owadan däl. Häzirki görnüş ertekilerdenem kän esse owadandy. Altynjan geljekki eltileri bilen janly däliziň içinden ýöräp barýardy. Ol howlynyň ortasyna ýetende zenanlar Altynjanyň daşyna aýlanyp, el tutuşyp ullakan bir halka döretdiler. Altynjan şol halkanyň ortasynda galdy. Elleri lybasly zenanlar halkanyň içine girip, engamlaryny Altynjana gowşurýardylar. Altynjan her kimiň berýän lybasyny kän-kän minnetdarlyk bildirip elini degirýärdi, onuň elini deg¬ren eşiklerini zamahşarly zenanlar haremhana daşaýardylar. – Eý, Hudaý!.. – diýip, Abdylmälik han haýran galmadan ýaňa uludan demini aldy. Ony geň galdyrýan zat gyzyna beril¬ýän hedýe-engamlar däldi. Ýok, ol seljuklylaryň hatyna goýýan mertebesine haýran galýardy. Hiç bir ýerde durmuşa çykýan gyz – goý, ol şanyň gyzy bolsun! – Altynjança mertebelenen däldir. Eýsem onuň şeýle mertebelenmegi diňe görki üçinmi? Elbetde, ýok. Altynjan ýaly owadan gyzlar Horezminde, Jeýhunyň iki kenarynda-da barsa bardyr. Bu mertebe Altynjanyň başarnygyna, gaýduwsyzlygyna, harby tilsimlere ökdeligine goýulýan mertebe. Emir: «Gyzyma erkinlik berip ýalňyşan bolaýmaýyn?!» diýip, howsala düşüp ýördi, rast, şeýle hormat-mertebe goýulýan bolsa, onda han ýalňyşmandyr. Altynjan – emiriň talwasydy. Ol ogullarynyň üsti bilen talwasyny döredip bilmejekdigini aňypdy. Şeýle bolansoň töwekgellik edipdi: gyzynyň şereňňiz, şirigana bolup ýetişmegi üçin yhlas etdi. Bu gün yhlasy miwe berdi. Görüň-ä dünýäniň geňligini! Altynjan-a seljuklylaryň Tahyr hem Batman diýen ýigitlerini gözleriniň alnynda öldürdi. Bu eden wagşylygy üçinem seljuklylaryň serkerdesi Togrul beg oňa aşyk boldy! Hakyt şeýle! Ynanar ýalymy?! Soňky birki ýyl bäri Abdylmälik han: «Altynjany erkin goýberip, üstüme towsup duran ýolbars ýetişdirdim. Bu meniň başyma düşen towky bolaýjak ýaly» diýip, örtenip ýördi. Mähraby döwende hem hut şu gorky sebäpli urupdy! Bu gün seljuklylar dolup-daşyp gelip, emiriň gorkusynyň nähakdygyny oraşan eýlediler. Hawa, oraşan eýlediler! Abdylmälik han ýeňiji hökmünde ýeňil dem aldy. Ol bu günki dabarany gyzynyňky däl-de, özüniňki hasap¬lady! Özüniň bihal kişi däldigini aňynda telim ýola gaýtalady. «Eger men gyzymy berk galypda saklan bolsam, onda oňa häzirki ýaly üýtgeşik gadyr goýulmazdy! – diýip, emir pyşyrdady: – Emir, sen beýik adam! Sen patyşa däl, ýöne Allatagala saňa patyşalara berýän kyrk kişilik akyl-parasadyny beripdir. Babakelanlaryň ruhy senden razydyr. Olaryň ählisi saňa guwanýandyr. Sen Hindistana gidip, gör, näçe kişini musulman etdiň! Heý, Horezminde seniň ýaly köp sogap iş bitiren, kapyry musulman eden ikinji bir adam barmy?! Ýok. Başyňy belent tut, Abdylmälik! Alla seni ýalkaýar!» * * * Zamahşar galasynda halwadyr nişallanyň datly ysy mydama agzyňy suwardyp duran-da bolsa, bu mahal kakmaçdyr kebabyň, kellebaşaýagyň, her hili ýakymly tagamlaryň ysy has ýiti duýulýardy. Bu janperwer ys alysdan däl, hakyt Abdylmälik hanyň howlusynyň daşyndan gelýärdi. Megerem, Baýgu Kelan Abdylmälik hana özleriniň ähli taýýarlyklary görüp gelendigini aýdanda, sawçylygyň soňundan agyr meýlis guramagy hem göz öňünde tutan bolarly. Ajygarça wagt bolupdy. – Meýlis gaty uludan boljak – diýip, ferraş Haldan Abdylmälik hanyň ýanynda işdämenlik bilen ýuwdundy. Sesi ýiti şilliň uzyn kişi asmana bakyp gygyrdy: – Käs şäheriniň häkimi Gazanpar Tak gelýär! – Buruntak obasynyň raýisi Janahyr Geçdeki gelýär! Bu habara Abdylmälik han ör-gökden geldi. – Merhemetli han, siziň ýegre dostlaryňyz Gazanpar Tak bilen Janahyr Geçdekini siziň dergähiňize biz çagyrdyk... – diýip, Hasan beg müýnli seslendi. – Çoh gowy!.. – diýip, Abdylmälik han ýylgyrjaklady, dostlaryny gadyrly garşylady. Dabara dowam etdi. Sowgat gowşurmak dabarasy gutaransoň, sazandalar orta jemlendiler. Olar yhlas bilen saz çalmaga başlady. Başlandy bir rakys. Başlandy bir şowhun. Hälki janly däliz döredip duran ýigitler edil süňňi ýok ýaly, şeýle bir rakys oýnaýardylar welin, heý, goýaý! Altynjanyň kakasynyň ýanynda hiç kim galmandyr, onuň ýeke özi tomaşa seredip dur. Onuň dostlary Gazanpar Tak bilen Janahyr Geçdeki hem ortada rakys oýnaýardy. Şadranç bilen Mansur aňsat-aňsat rakys oýnamaýardy, ýöne bu mahal olar hem ortada ik deýin pyrlanyp ýörler. Seljuk begleri ýelgamak deýin şeýle bir ýeňil gop¬ýardylar, ýeňil pyrlanýardylar. Olardan gözüňi aýrar ýaly däldi. Musa beg rakys oýnamagyň hem serkerdesi eken. Ol şeýlebir pyrlanýar, aşyrym atyp pyrlanýar, ogly Hasan bolsa şeýlebir şirin saz çalyp, aýdym aýdýar. Howlynyň gündogar tarapyna hyzmatkärler haly düşäp çykdylar. Şondan soň halylaryň üstünden desterhan ýazylyp, daşardan her hili tagamlar çekildi. Her kim bir zat bilen meşguldy. Göçgünli rakysyň soňy sawçylyk rakysyna sapdy. Bu raksy ýürekden gowy görmeýän beri barmykan? Bu oýny ýürekden gowy görmez ýaly däl ahyryn! Çünki bu oýun durmuşyň, özem şowhunly, şadyýan durmuşyň oýunda alamatlandyrylmasy ahyryn!.. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |