19:18 Altynjan hatyn / 1-nji kitap -9 | |
Dokuzynjy hekaýat
Taryhy proza
DERWEZATA – SEÝHUN DERÝASY BILEN ANADOLY ARALYGY 1. Seljuk Dukak «Günleriň birinde türkmenleriň Beýgu atly patyşasy esgerlerini jemläp, yslam ýurtlaryna söweşe gidermen boldy. Emma Dukak muňa garşy çykdy. Ikisiniň arasyndaky bu jetleşik uzaga çekensoň, türkmenleriň patyşasy Beýgu gödek söz aýdyp, Dukakyň göwnüne degdi. Dukak bolsa eli bilen Beýgu patyşanyň ýüzüne urdy we onuň ýüzüniň hamyny sypjyrdy. Türkmen patyşasy Beýgunyň hyzmatkärleri Dukakyň daşyny gallap, ony tutjak boldular, emma Dukak olara baş bermedi we öz tarapdarlary bilen Beýgunyň garşysyna söweşe girdi. Iki tarap köp ýitgi çekip aýrylyşdy. Birnäçe wagtdan soň Baýgu bilen Dukaky ýaraşdyrdylar. Şondan soň Dukak Beýgu patyşanyň ýanynda galyp, oňa gulluga durdy. Dukakyň Seljuk atly ogly dünýä indi. Seljuk ulaldygysaýyn onda başarjaňlyk alamatlary, serkerdelik, ýolbaşçylyk ukyby has aýdyň peýda bolup başlady. Türkmenleriň patyşasy Beýgu ony ýanyna çekdi we öňe çykardy. Oňa subaşy lakamyny berdi... Subaşy sözi «Goşunbaşy, goşun serkerdesi» diýmekdir. Seljugyň goşunbaşylyk ukybyny, adamlaryň arasyndaky abraýyny we olara diýenini etdirişini gören patyşanyň aýaly ärini Seljugy öldürmäge öjükdiripdir, ony hiç gününe goýmandyr. Seljuk bu habary eşidýär we ýanyndaky barça jemagaty hem-de sözüne gulak asýanlary jemläp, olary uruş meýdanyndan yslam diýarlaryna äkidýär. Iman bagtyýarlygyna eýe bolup, musulmanlar bilen goňşy oturýar. Ol Jent sebitlerinde ornaşýar...» 1 Dawagäriň hatyn bolmasyn! Her hili tersa, kesir erkek kişi bilen-de – (Bular bilen ylalaşmagam aňsat däl!) – ylalaşyp bolar, ýöne hatyn bilen ylalaşyp bolmaz. Göräýmäge, ol seniň bilen dawa etmeýän ýalydyr. (Iň erbedi-de şudur!) Aslynda welin, hatynyň etjegi içindedir! Dukak subaşy Seljuk atly ýalňyz ogluna: «Dawagäriň hatyn bolsa, düşünişjegem bolma, adalata-da garaşma, çünki adalat-da, hakykat-da olaryň bar ýerinde sesini çykaryp bilýän däldir, iň gowusy, şol ýerden gaçyp başyňy gutargyn» diýip wesýet edipdi. Soň bu ähli oguz kowumyna edilen wesýet bolup, ile ýaýrady. Seljuk beg Jent ýurduny mekan edindi, ýöne patyşanyň hatyny ony Jentde-de rahat ýaşatmady: Seljugyň ýaşaýan sebitiniň biçak baý ýurtdugyny, özleriniň bolýan ýerleriniň – Ýaňykendiň Jentçe ýokdugyny adamsyna – patyşaga tekrarlap ugrady. Beýik Oguz döwletiniň iň soňky patyşasy Aly Jendi basyp almak üçin goşun sürdi. Seljuk beg Aly patyşa bilen düşünişmäge çalyşdy, ýöne hatynyň sözleri agyr geldi. Patyşa Alynyň hatynynyň tekepbirligi zerarly seljuk nebe¬resiniň başyna agyr külpetler düşdi, ol ýerden bu ýere, bu ýerden ýene bir ýere göç etmeli boldy. Wagtyň geçmegi, döwür-döwranyň üýtgemegi bilen patyşa hatynynyň ýamanlygy Seljuk jemagaty üçin bähbide sapdy. Hakyt bähbide boldy! Seljuk subaşy öz ýakyn adamlaryna, ogullaryna Aly patyşanyň özünden nämäni gaty görüp, dergazap bolýandygyny gürrüň beripdir, ýöne bu gürrüňi hiç ýere çykarmazlygy sargyt edipdir. Seljuk begiň sargydy amal tapypdyr: patyşanyň hatyny bilen subaşynyň arasyndaky dawanyň näme sebäpli ýüze çykandygyny hiç ýerde aýtmandyrlar. Dawanyň bir tarapynyň Seljuk begiň grek gyzyna öýlenendigi bilen baglanyşyklydygyny welin köpler bilipdir. Patyşanyň hatyny teý köşeşip bilmändir, ýogsam, onuň emri bilen subaşynyň köpsanly adamlary öldürilipdir hem. Hatyn Ýylmaz Ok diýen ýegenine Seljuk subaşynyň Mykaýyl atly ogluny öldürdýär, onuň jesedini bolsa araba ýükläp, seljuklylaryň ýaşaýan syrgynyna ugradýar. Hatyn gaharlansa, aňsat-aňsat rahatlanmaýar. Hernäçe ar alsa-da, oňa az görünýär. Aly şa ömrüniň ahyrynda hatynynyň gepine gidip, özüniň görnükli subaşysynyň göwnüne degendigine, Seljuk öz jemagaty bilen aýrylyp gidenden soň özünden döwletiň göterlendigine düşünýär, Beýik Oguz şalygy synýar. Boljak iş bolansoň, etjek alajyň ýok. Atylan oky, geçen günleri yzyna gaýtaryp getirip bolmaýar. Hatynyň ýalňyşandygyny-da boýnuna goýup bolmaýar. Hatyn öz ogly Şamäligiň Jende emir bolmagyny gazanýar hem oňa iň soňky deminde seljuklylary gyrmagy sargyt edip ýurduny täzeleýär. Aly patyşanyň ogly Şamälik ejesiniň sargydyna wepaly bol¬ýar. Ömrüniň ahyryna çenli seljuklylar bilen söweşýär, olary rehimsizlik bilen gyrmak gyrýar. Ýöne Allatagalanyň bu dünýäsinde bihasap zat ýok. Sogap gazanan rehnet, eşret tapýar, etmiş eden jezasyny çekýär: belanyň beterinden beterine uçraýar. Nähak gan ýerde ýatmaýar. Hatyn özi sebäpli ýalňyz oglunyň ýowuz günlere düşjegini näbilsin?! * * * Birinji müňýyllygyň soňky ýyllarynda Merkezi Aziýada kuwwatly şalyklar syndy. Ilkinji nobatda, bir ýarym asyrdan gowrak döwür içinde hökümdarlyk süren Samanogullary şalygy 2 gowşap, üçe bölündi: Nyşapur sebitlerine Taşa; Balh sebitlerine Faýyk; Hyrat sebitlerine Abu Aly Simjur hökümdar boldy. Saman¬ogullary şalygynyň gol astynda bolan Köneürgenç şalygynda hem hökümdarlyk üýtgedi: Samanogullaryndan arka tutunan Ürgenjiň häkimi Abu Aly Mamun Eprikogullary (abdal) hanedanlygyny ýykyp, özi tagta geçdi. Beýik Oguz döwleti syndy, ol döwletde gulluk eden oguzlar iki topara bölündi 3. Ýaňykent oguzlary Heýteläniň demirgazygynda ýaşaýardy. Ýaňykent 4 Oguz döwletiniň iň soňky patyşasy Aly aradan çykandan soň, onuň tagtyny özüniň Jent şäherine emir bellän ogly Şamälik eýeledi. Seljuk Dukak ýabgunyň neberesi günortada Zerewşan düzlüginde – Buharadan ýigrimi farsah demirgazykda bolan Nur etrabynyň sähralyk-larynda – Seýhunyň orta akymynyň kenar ýakasynda ornaşdy 5. Seljuk nesli Samanogullary şalygynyň gullugynda durupdylar, ýöne bu şalygyň synmagy olary kyn ýagdaýa saldy, gazanç çeşmesi kesildi. Beýik Oguz şalygynyň, Samanogullary şalygynyň synmagy bilen Heýtelede öz şalygyny döretmek isleýän jemagatlar, hanlar, begler köpeldi. Garahanly nesilşalygy 6 üç bölege bölünen Samanogullary şalygynyň soňuna çykdy, Samarkandy paýtagt edinip, ýuwaş-ýuwaşdan öz güýjüni artdyrmaga, çägini giňeltmäge girişdi. Samanogullary döwletinden bölünip aýrylan Söbüktegin Gaznada täze şalyk döretdi, ogly Mahmyt onuň hökümdarlygyny beýik, kuwwatly şalyga öwürdi. Seljuk begiň neberesiniň-de Nur ýaýlasyna aýagy düşdi, rysky, bereketi goşa-goşadan geldi. Ýazylyp-ýaýrap ýaşaýan seljuk neberesiniň işleri aýsaýyn kuşatlandy, mallary ýylsaýyn köpeldi. Ýyllar geçdigisaýyn olara Nur ýaýlasy darlyk edip ugrady. Şeýle bolansoň gyşyny Horezminde – Hazarasp, Dargan etrap¬larynda geçirip, ýazyna ýene Heýtelä – Nura dolanyp geldiler. Seljuk beg uly ogly Ysraýyla 7 özüniň ýabgulyk unwanyny berip, neberesiniň garamatyny oňa tabşyryp, ýüz ýedi ýaşynda ýurduny täzeledi 8. Seljuklylaryň soltan Mahmyt Gaznalynyň hyzmatynda dur¬mak¬lary olaryň mertebesine mertebe goşdy. Soltan bilen seljuk begleriniň iki gezek aç-açan söhbetdeş¬ligi olary soltanatlyk ykbalyna sary atardy. 2. Seljuklylaryň soltan Mahmyt Gaznaly bilen iki duşuşygy Birinji duşuşygyň beýany 1017-nji ýyl. Soltan Mahmyt Gaznalynyň goşuny Horezminde görlüp-eşidilmedik ýeňişler gazandy 9. Soltanyň ol ýeňişleriniň aňyrsynda Ysraýyl hanyň tümeniniň goşandy görnetin uly boldy. Ysraýyl begiň serkerdelik hem harby tilsimlere ökdedigine, ugurtapyjydygyna, merdi-merdanadygyna, gaýduwsyzdygyna, edermendigine soltan Mahmyt Gaznalynyň syny oturdy. Şeýle bolansoň soltan Ysraýyl bege Arslan han diýip at berdi, ähli ýerlerde oňa Arslan han diýip ýüzlendi. Seljuk jemagatynyň begleri bilen duşuşdy. Söhbetdeşlikde soltan olaryň hersiniň adyny tutup, adynyň yzyn¬dan beg sözüni hem goşup, uly hormat bildirdi. Soltanyň özleriniň atlaryny ýalňyşmazdan bilmegi, hormat goýup ýüzlenmegi, mertebe tutup gürleşmegi kynyk begleriniň göwünlerini göterdi. Ýöne soltanyň dergähine öz ýanlary bilen baran halypanyň ilçisi kynyk beg¬lerine ýol-nobat bermän, uzak gürledi. Onuň Hudaýtagala, Gurhan, halypa, şerigat, kowahat hakdaky uzyn nutugy, dogrusy, oturanlaryň ählisini surnukdyrdy. Ilçiniň uzyn nutugyndan ýaňa surnugan Gyzyl beg gözlerini ýaşardyp, iki gezek uludan pallady, soltan çykalga gözläp töweregine garanjaklady. Ilçiniň bu bolşy kynyk begleriniň soltan bilen gürleşmeklerini islemän, oňa garalla bolmaga çalyşýana meňzeýärdi. Ol soltanyň Hindistana ýöriş edip, örän uly sogap gazanýandygyny, o dünýäde gürrüňsiz ýalkanjakdygyny, dünýäniň ähli halklaryny musulmana öwürmegiň parzdygyny, bu tutumda Allatagalanyň soltan Mahmyda bil baglandygyny, ony ýalkandygyny, ýalkaýandygyny, ýene ýalkajakdygyny, ýöne entek musulmanlaşdyrylmaly ýerleriň köpdügini, soltan diňe bir Hindistany däl, Rumustany hem musulmanlaşdyrsa, örän uly işiň edildigi boljakdygyny nygtady. – Hindistan bilen Rumustany musulman iline öwürmek üçin bir ömür azlyk eder. Hindistany musulmanlaşdyrmaga ýetişsem hem menden az däl. Kynyklar oguz wesýetini amal edip, gaýalaryň – biziň hyzmatymyzda dursalar, enşa, Rumustany-da musulmanlaşdyrarys – diýip, soltan Mahmyt Gaznaly halypanyň ilçisine kynyk beglerini görkezdi. Gyzyl bada-bat dillendi: – Arkamyzda dursaňyz, almajak galamyz bolmaz, kyblaýy älemim! Ysraýyl hem Gyzylyň sözüni goldady: – Bizi öz penaňyza alyň. Togrul: – Siz – Allatagalanyň ýalkan soltany. Size ýakyn durmak, siziň hyzmatyňyzda bolmak bize uly mertebe! – diýdi. Çagry beg: – Kyblaýy älemim! Biziň dowarlarymyz Mawerannahra syganok. Bize Gyzylgum darlyk edýär. Biz dowarlarymyzy siziň ýeňişleriňize bagyş etmek isleýäris – diýdi. Ysraýyl beg: – Eger Faraw bilen Nusaýy bize ykta berseňiz, biz Balkan tarapdan Hindiguş daglaryna tarap ýekeje ýagynam geçirmeris, kyblaýy älemim. Näçe dowar gerek diýseňiz, biz dessine ugradarys. Siz bize mydama bil baglap bilersiňiz. Biz size sadykat hyzmat ederis – diýip, has anyk gürrüňe geçdi. Aýdylan sözler, megerem, soltan Mahmydyň hoşuna gelen bolarly. Ol Nusaýy, Farawy, Abywerdi seljuklara ykta berdi 10. – Biziň hemmämiz bir atanyň, bir enäniň neberesi. Biz – Oguz hanyň nebereleri. Men Oguz hanyň Gaýy diýen agtygynyň, siz Kynyk diýen agtygynyň nebereleri. Oguz han aýtdy: «Meniň wesýetime görä Gün oglum han bolsun. Onuň yzyndan ogly Gaýy han bolsun. Gaýy urugyndan han barka Baýat urugyndan han bolmasyn. Gaýy hanyň garawulbaşysy we çogdawulbaşysy kynyk begi bolsun» 11. Goý, Oguz han atamyzyň diýeni bolsun! Siz meniň çogdawulbaşylarym boluň! Meniň serhetlerimiň goragynda boluň! Men size başbugluk yktasyny bereýin. – Diýeniňiz gelsin, kyblaýy älem! Soltan Mahmyt Gaznaly seljukly tümeniň kynyk neberesine mynasyp iş bitirendigini aýtdy, özüniň minnetdarlygyny bildirdi, şeýle hem seljuk beglerini gymmatbaha engamlar bilen sylaglady, olara zerli don ýapdy. Indiki maksat Hindistana sary jihat etmekdi. – Hindistany, Rumustany musahhar kylmak12, ol ýurtlaryň adam¬laryny musulmanlaşdyrmak üçin maňa köp goşun gerek. Nädip go¬şunyň sanyny artdyryp bolar? Haýsy ýerde atly gulamlary ýygnamaga mümkinçilik bar? Soltanyň bu sowalyna onuň wezir-wekilleri, serkerdeleri nagt jogap berip bilmedi, şeýle bolansoň, soltan Mahmyt kynyk beglerine ýüzlendi: – Ýygynyň sanyny nädip köpeldip bolar? Arslan han sowalyň jogabyny uzak garaşdyrmady: – Merhemetli soltan, siz bize başbugluk ygtyýarlyklaryny beriň, biz size bäş ýylyň içinde bäş ýüz müň atly ýygyn taýýarlap bereli. – Bäş ýüz müň?! – Hawa, kyblaýy älemim, bäş ýyldan biz siziň yradaňyz birle bäş ýüz müň atly goşun ýygnarys. Seljuk begleri Ysraýyl begiň sözüne ör-gökden geldiler: «Diý¬ýäniň näme? Heý, onça-da goşun jemläp bolarmy?» diýen terzde oňa soragly bakdylar. Ysraýyl beg olaryň soragly bakyşlaryny görmedikden boldy. Ysraýyl beg aşa töwekgel serkerdedi. Ol töwekgelligi ýeňşiň, işiň ýarysy hasaplaýardy. Haýran galmaly, onuň töwekgellik bilen başlan, asla başa barmajak ýaly görnen işleri mydama şow tapýardy. – Başbugluk ygtyýarlygyny bersem, bäş ýylda haýsyňyz näçe atly taýýarlap biljek? – diýip, soltan Mahmyt oturanlara soragly bakdy. Arslan hanyň unamagy bilen Dawut Çagry beg ýerinden turdy: – Merhemetli soltan, men ynamyňyzy ödärin, Balkandan baş¬bugluk ygtyýaryny berseňiz, çen-takmyn elli müň atly ýygnaryn. Arslan hanyň makullamagy bilen Gyzyl ýerinden turdy: – Balkan daglaryndan başbugluk berseňiz, men bäş ýylyň içinde ýigrimi müň atly ýygnaryn. Her aýda oljadan hams bölegini-de size ugradaryn. Arslan hanyň makullamagy bilen Ýagmyr ýerinden turdy: – Balkandan başbugluk ygtyýarlygyny berseňiz, arkamda dur¬saňyz, Hindiguş dagyny Hindistanyň depesinden ahyrzaman edip indererin! Goşunyň esgerleriniň sanyny çen-takmyn ýüz müňe ýetirerin. Arslan hanyň makullamagy bilen Gökdaş beg ýerinden turdy: – Men diýen ýaşym, soltan Mahmyt patyşam, seljuk jemagatym barka meniň bitirmejek işim bolmaz. Siz maňa bil baglap bilersiňiz. Goşunyň atlylarynyň sanyny ýüz müňden geçirerin. Arslan hanyň razylygyny alan Enesiogly ynam bilen ýerinden turdy: – Jibalda 13, Azerbaýjanda ýerli ilat deýlemlilerden ýaňa gan aglaýar. Olaryň tepbediniň okaljagyna azda-kände gözleri ýetse, siziň gullugyňyzda durjak musulmanlaryň sany ýüz müňden-de geçer. Başbugluk ygtyýarlygyny berseňiz, söweşe tejribeli atlylaryň sanyny çen-takmyn ýüz müňden-de geçirerin. Arslan hanyň ygtyýar bermesinden soň Buka beg ýerinden turdy: – Musulmanlar sizi, merhemetli soltan, özleriniň Alla tarapyndan ýörite iberilen halasgäri hasap edýärler. Musulmanlar özleriniň büweýh, kaku hanedanlygynyň eden-etdiliklerinden dyndarmagyňyza gününi sanap garaşýarlar. Musulmanlaryň ezýetden halas bolmagyna, Hindistan ülkesiniň ilatynyň musulman bolmagyna goşant goşmak, sogap gazanmak üçin gije-gündiz yhlas ederin. Islän pursadyňyz elli müň atly bilen huzuryňyza bararyn. Ýöne munuň üçin maňa bäş ýyl möhlet gerek. Arslan hanyň razylygyny alan Mansur Dana bilen Gyzogly-da ýerinden turup, eger özlerine başbugluk ygtyýarlygy berilse, bäş ýylyň içinde on müň atly ýygyn taýýarlap biljekdiklerini aýtdylar. Soltan Mahmyt Gaznaly seljuk begleriniň eden töwekgel¬liklerine, merdi-merdana gep uruşlaryna çoh hoşal boldy. Soltan oturanlara garaşylmadyk sowal berdi: – Siz näme üçin Balkan daglarynda, Hazar deňziniň sebitlerinde başbugluk etmekçi bolýarsyňyz? Näme üçin Mawerannahr, Hotan, Fergana, Baýköl, Balasagun, Kawkaz, Itil sebitlerinde başbugluk etmek islemeýärsiňiz? – Onuň düýpli sebäbi bar, kyblaýy älemim – diýip, Arslan han sözüne dyngy berdi. – Nähili sebäp ol? – Biz kynyklar – Deňiz hanyň nebereleri. Ganymyzda Deňiz hanyň gany aýlanýar. Şeýle bolansoň, ýüreklerimiz Hazar deňzine talwaslanýar. Biz diňe deňze ýakyn sebitde rahatlyk tapyp bileris. Deňiz bize güýç-kuwwat berýär. Arslan hanyň jogaby soltany kanagatlandyran bolarly, ol makul¬laýjy baş atdy: – Siz meniň şalygymyň büweýh şalygy bilen serhetleşýän sebitlerinde Balkanda, Balkan daglarynda – türkmenleriň arasynda erkin hereket edip bilersiňiz. Meniň goragçy goşunym size päsgel bermez. Her jemagat her ýyl maňa paç tölesin. Ylalaşyldy. Soltan Mahmyt Gaznaly Arslan hana ýüzlendi: – Arslan han, bu başbuglar ähtine ikilik etseler, men hasabaty kimden soramaly, kime jeza bermeli? – Biziň beglerimiz ähtine ikilik etmezler. Şu ýigitleriň ähtlerine wepaly boljakdyklaryna men gara başymdan güwä geçýärin. Jezany maňa beriň. – Ähli zat siziň aýdyşyňyz ýaly bolsa, onda bu meniň üçin has hem gowy, ýöne men her hili ahwalata duş geldim. Şonuň üçin men Arslan hanyň iň ýakynlarynyň birini, belki-de, özüni öz ýanymda agöýli hökmünde saklamaly bolaryn. – Merhemetli soltan, biz siziň emriňize kaýyldyrys. Siz näme diýseňiz, biz şonuň bilen bolarys, size sadykat gulluk ederis. – Oturanlar Arslan hanyň sözüni makullap baş atdylar. Biraz oýlanan soltan gutarnykly karara geldi: – Araňyzdan agöýlüni özüm saýlap aljak. Soltan bu hakda soň goşmaça habar berjekdigini aýtdy. Şunuň bilen gürrüň gutardy. Soltan seljuklylary Heýtelede galdyryp, goşunynyň öňüne düşüp Gazna gitdi. Seljuklylaryň begençleriniň çägi ýokdy. Olar gazanylan ýeňiş bilen biri-birini mübärekleýärdiler. * * * Soltan Mahmyt Gaznaly Arslan hanyň ýabgulygyny hem ykrar edipdi, ony ähli seljuk jemagatlarynyň ýabgusy diýip atlandyrypdy. Soltanyň bu ynamy – gaty uly ynamdy. Başbuglaryň wezipesi soltanyň tabşyryklaryny ýerine ýetirmekdi. Wezipe gaznaly şalygynyň çäklerini giňeltmekdi. Günbatardaky büweýh, kaku, rawwat, bawan, musafir (salar), ziýar şalyklaryny 14 gaznaly soltanlygynyň tabynlygyna girizmekdi. Wezipe bu kiçi soltanlyklary Gazna soltanlygynyň tabynlygyna geçirmek bilen hem çäk¬lenmeýärdi. Başbuglar petih kylan ýerlerinde gaznaly soltanlygynyň tarypyny ýetirmelidi we Hindistana, Rumustana jihat etmek üçin köp esger, gulam taýýarlamalydy. Arslan han soltan Mahmyt Gaznala bäş ýylyň içinde özlerine ynanylan zatlaryň ýerine doly ýetiriljekdigine, Günbatardaky kiçi döwletleriň, nesip bolsa, teshyr kylynyp, gaznaly soltanlygynyň tabynlygyna geçiriljekdigine kepil geçdi. * * * Seljuk jemagatlary Balkanda Mahmyt Gaznalynyň tabşy¬rygyny ýerine ýetirmek üçin gujur-gaýratlaryny gaýgyrmadylar, köpsanly galalary, şäherleri petih kylyp, olardan alnan oljalary Gazna gönderdiler. Iki-üç ýyldan soň Gazna soltanlygynyň ýyl¬lyk girdejisiniň köp bölegi seljuk jemagatlarynyň ýygnaýan oljalaryndan ybarat boldy. Seljuk jemagatlary has uzaklara gitdiler. Çagry begiň baş¬buglygyndaky jemagat üç ýylyň içinde Wizantiýa kaýsarlygynyň tabynlygynda bolan ermenileriň Waspuragan we Ani korollyk¬lary bilen gazaply darkaşlar gurup, olary özüne tabyn eýledi we olary uly möçberlerde paç tölemäge mejbur etdi 15. Çagry beg özüne tabşyrylan işi üç ýylda bitirip, mundan buýanky etmeli işleri Dana Mansura tabşyryp, Azerbaýjandan Mawerannahra dolandy. * * * Soltan seljuk başbuglaryndan, jemagatlaryndan hoşaldy. Onuň uly hormat goýmagy, musulman dünýäsinde at-abraýlary¬nyň artmagy garşydaşlaryň döremegine sebäp boldy. Pyntygyň geljekki miwäniň alamaty bolşy deýin, at-abraý gazanmak, iliň öňüne düşmek hem özüňe duşman, garşydaş gazanjakdygyň alamaty. Hakykatdan hem seljuklylaryň at-ab¬raýlary artdygyça garşydaşlary-da köpeldi. Olar kä açyk, kä misginlik bilen seljuklylaryň bagtlaryna boran ýagdyrmagyň kül-külüne düşdüler, soltan Mahmyda seljuklylaryň «eden-etdilikleri» hakda birsyhly habar ýetirip durdular. Soltanyň iň ýakyn emiri, Hyradyň gaýduwsyz häkimi Ahmet Jazyp pikirini açyk aýtdy: – Siz kynyklara gaty uly ynam bildirýärsiňiz, soltanym. Olar birden size garşy baş göteräýmesinler?! Meniň eşiden habarlaryma görä, olaryň pygyllary düzüw däl. Seljuklylary, iň gowusy, Amyderýadan Horasana geçirmeli däldik, olary Amyderýa gark etmeli ýa-da ok atyp bilmezleri ýaly, ählisiniň başam barmak¬laryny kesmeli. – Olar biziň doganlarymyz ahyryn! Olar hem edil biz ýaly oguzlar ahyryn! Gör, sen nähili doňýürek ekeniň – diýip, soltan iň ynamdar, iň batyr emirine garşy çykdy 16. Her kim maksadyna bir ýol bilen ýetýär. Kim başa-baş söweşlerde darkaşyp ýetýär, başga biri köşkde «saman astyndan» suw goýberip ýetýär. Seljuk begleri Balkanda söweş-petih edýärdiler, olaryň duşmanlary bolsa köşkde olara garşy göreşmegiň – ýeňmegiň her hili ýollaryny gözleýärdiler. Soltanyň seljuklylaryň wepadarlygy hakdaky berk ynamyna talaň salýardylar. Sel¬juklylaryň edýän «talaňçylyklary» hakda ýerli ilatdan köşge birsyhly arza-şikaýat barmagyny gurnaýardylar, ol arza-şikaýatlar günübirin soltana ýetirilýärdi. Farawda ýerli ilat gozgalaň etdi. Bu gozgalaňy eden ýerli ilat bolsa-da, soltana seljuklylaryň eden-etdiliginiň biri hökmünde habar berildi. Seljuklylar işleriniň küşatlygy, rowaçlygy üçin bahyllaryň duşmançylygynyň ejirini çekmeli boldular. Ikinji duşuşygyň beýany 1022-nji ýyl. Soltan Mahmyt Gaznalynyň Ysraýyl ýabgu – Arslan han bilen ikinji duşuşygy Samarkant şäheriniň eteginde bolup geçdi. Soltan özüniň Arslan hanyndan onuň tabynlygyndaky başbugluk ygtyýarlyklaryny alyp, Balkan daglaryna giden seljuk begleriniň bäş ýyldan gowrak wagtyň içinde bitiren işleri hakda hasabat sorady. Gürrüň örän gysga boldy. «Soltan Arslan hany mynasyp garşylap: – Eger bize kömek gerek bolaýsa, näçe ýygyn berip bilersiňiz? – diýip, Ysraýyldan soraýar. Ysraýyl sagdagyndan bir oky çykaryp: – Şu oky ýollasaňyz, Balkandan otuz müň goşun geler – diýipdir. – Eger köpräk gerek bolsa? – Onda şu oky ýollasaňyz, ýene on müň atly-ýaragly ýigit geler. – Eger has köpräk goşun gerek bolsa? – Şu oky Balkan daglaryna iberseňiz, ýüz müň goşun geler. – Has köp goşun gerek bolaýdy-da? – Şuny Türkmenistana iberseňiz, bäş ýüz müň atly-ýaragly goşun diýseň-de geler – diýip, Ysraýyl başga bir ok berýär». Muhammet ibn Aly ibn Süleýman Rawendi. Göwünleriň rahaty – şatlyklaryň ganaty. 1-nji jilt. Arslan hanyň başarnygy – mundan bäş ýyl öňki beren sözünde tapylanlygy, hiç hili nyýaz bermesizden şeýle köp mukdarda goşun jemläp biljekligi soltan Mahmyt Gaznalyny howpurgatdy, wezir-wekilleriniň birsyhly maslahatlaryndan soň, ony agöýli hökmünde saklamagy makul tapdy. «Ýabguny ýanyndaky ýüz otuz sany haşymy hemem ogly Gutulmyş bilen mundan bir ýyl öň teshyr eýlän Hindistandaky Kelejar galasyna ugratdy» 17. Soltan seljuklylara ilçi iberdi. Ilçi soltanyň seljuklylary hormatlaýandygyny, bitirýän hyzmatlaryna ýokary baha berýändigini, şeýle-de bolsa ata-baba resimine eýerip, Ysraýyl ýabguny ýüz otuz haşymy, ogly Gutulmyş bilen agöýli hökmünde saklamaga borçludygyny, bu hakda öň aýdandygyny, ylalaşandygyny, «tabynlygyňyzy we çyn ýürekliligiňizi öňküden hem artdyran ýagdaýyňyzda, mümkin boldugyça gysga wagtyň içinde olara patyşa sowgatlaryna laýyk derejede yzyna gaýtmaga rugsat beriljekdigini» 18 aýtdy. Seljuklylar «soltan Mahmydyň abraýyny, güýjüni we beren sözüni ýerine ýetirjekdigini göz öňünde tutup, ilçä köp möçberde sylag-serpaý berip, özleriniň mundan beýlägem gulluga çyn ýürekden taýyndyklaryny, edýän hyzmatlaryny kemmejekdiklerini aýan etdiler. Olar ilçä: «Soltanyň ähli permanlaryny ýerine ýetirmegi özümiziň wezipämiz hasaplaýarys. Biziň hemmämiz onuň sadykat gullarydyrys» diýdiler. Soltan Mahmyt dirikä oňa garşy çykmadylar» 19. 3. Hun Birinji rowaýat Möjek özünden ejiz bolan şagaldyr tilkini dalap-dalap çalajan edensoň, sürenine eltip, güjükleriniň ygtyýaryna berýär. Güjük¬ler başda howatyrlanýarlar, soň nätanyş bilen basalaşyp görýärler welin, görseler, olarda asyl ysgyn-deramat ýok. Güjükler garşylyk görkezmäge ragbaty bolmadyk şagaldyr tilkini dalamaga başlaýarlar, derrewem ýyrtyjyny çekeläp-çekeläp öldürýärler. Şeýlelikde, möjek güjükleri gorkyny bilmän, ynam bilen topulmagy endik edinýärler. Ynam – ikinji güýç. Ynam – güýjüň ýarysy, ýeňşiň ýarysy. Ynam bilen garpyşylanda garşydaşyň howy basylýar. Mykaýyl beg ogullary Dawutdyr Muhammet bilen günde-günaşa basalaşardy, «gäwür-gäwür» oýnuny oýnardy, şonda iki dogan äpet göwreli Mykaýyl begi ýeňerdiler. Olar kakalarynyň üstlerine çykyp, aman soramagyny talap ederdiler. «Gäwür» aman berilmegini özelenip-özelenip sorardy. Gardaşlar: «Gäwüre aman bermelimi ýa bermeli däl?!» diýip, maslahat ederdiler. «Gäwür» sähel maý tapsa, turup gaçardy. Doganlar «gäwüriň» yzyndan kowardylar, yzyndan ýetip, «öldürýän» pursatlary köp bolardy. «Gäwür» birmeýdan ýatardy-da, soň ýerinden turardy. Ýöne bu gezek ýagdaý başgaça boldy. Ýagdaýyň başgaçadygyny doganlar bada-bat duýdular, duýmaz ýaly-da däldi. Ine, Muhammediň kakasy arabanyň üstünde «gäwür-gäwür» oýnundaky ýaly, süýnüp ýatyr. Gözleri açyk. Döşüne hanjar urlupdyr, eşikleri, arabanyň köp ýeri gara gan. Muhammet kakasynyň öňki gezekdäkileri ýaly ýene ýerinden turmagyny isledi, ýöne kakasy turmady. Muhammet erbet bir zadyň gopandygyny syzyp howpurgady. Seljuk ibn Dukak Muhammediň kakasynyň döşünden hanjary sogrup aldy-da, eliniň tersi bilen zyňyp goýberdi. – Babam turanok! – diýip, Muhammet çirkin bagyrdy. Onuň sesine Dawut ylgap geldi. Ol kakasyny yralap-yralap oýarjak boldy. Seljuk beg töweregindäkilere azgyryldy: – Nireden çykdy bular? Äkidiň başga ýere! Dawut bilen Muhammediň haýyna-waýyna bakman olary daýzalarynyňka äkitdiler. Olaryň özleri aglap, özleri diňdi, olara hiç kim üns bermedi. Çünki şol wagt her kim Mykaýyl begi depin etmek bilen başagaýdy. Şol günüň ertesi iki dogan gana bulaşyp ýatan hanjary atasynyň zyňan ýerinden tapyp aldy. Şol hanjar olaryň iň pynhan syryna öwrüldi. Iki dogan alty ýyllap kakasyny öldüren adamy tapmak hem ondan hun almak maksady bilen ýaşady: «Kakamyzy öldüren adam kim?» Şol gezek Mykaýyl beg Jent şäherine giden eken. Onuň Aly patyşanyň ýegeni Ýylmaz Ok bilen bazaryň derwezesiniň öňünde nämedir bir zadyň dawasyny edip durandygyny görüpdirler. Iki dogan kakasynyň Ýylmaz Ok bilen dawalaşyp duran pursadyny gören adamlar bilen duşuşdylar. Başga-da köp adamlar bilen gürleşip gördüler. Ýylmaz Ok diýlen adamyň näjüre adamdygyny anykladylar. Ýyl¬maz Okuň süri-süri dowary, gylýaly bar eken. Şamälik Jendiň emiri bolansoň, onuň ýegeniniň towugyna tok diýip bil¬ýän adam ýok eken. Ýylmaz Ok Jent şäheriniň bir kirwe günortasynda ýerleşýän Meleket atly kiçeňräk obada ýaşaýan eken. Ýyl¬maz Okuň ejesi nämedir bir zada gahar edip, gije uklap ýatan ärini pyçaklap öldüripdir. Ýylmaz şondan soň ejesinden gorkuda ýaşapdyr. Ol meýlis guramakdan, şol meýlislerde özüni wasp etdirmekden aşa lezzet alypdyr. Dawut Meleket obasyna gelip, kakasynyň döşünden sog¬rulyp alnan hanjary obanyň dört-bäş adamyna görkezdi. Adamlar hanjary içgin synlap: «Bu hanjar Işşat demirçiniň ýasan hanjary. Häzir demirçi ýok. Ol mundan üç ýyl öň ýogaldy. Işşat ussanyň kime ýasap berendigini takyk bilmeýäris. Hanjar gaty yhlas edip ýasalypdyr. Diýmek, hanjar garamaýak adam üçin-ä ýasalan bolmaly däl» diýdiler. «Kimiňki bolup biler?» «Obamyzyň kethudasy, Şamäligiň ýegeni Ýylmaz Okuňky bolmagy mümkin» * * * Ýylmaz Ok bir gün uly toý edip, Daşpolat atly ýalňyz ogluny öýerdi. Toýa Şamäligiň hut özi bekewüllik etdi. Jent sebitinde öň köp görünmedik Muhammet toýa bezenip-beslenip bardy. Egnindäki eşigine, saý atyna seredip, ony dereje-mertebe bilen garşy aldylar. Ol özüni «Balhly bezirgen» diýip atlandyrdy. Toý desterhanyna her dürli tagamlar çekildi, iýlip-içildi. Toý beýemçisi Togrula ýüzlendi: – Balhly ýigit, biziň ilde şeýle bir äp-däbi bar: toýdaky agyr naharlardan soň, alysdan gelen myhmana kesdirip, buz ýaly garpyz iýýäris. – Çoh gözel dessuryňyz bar eken. Siziň bu dessuryňyz hakda eşidipdim. Dogrusy, häzirem garpyz iýip bolmazmyka diýip göwün ýüwürdip otyrdym. Belki, maksadyma ýeterin... – diýip, Togrul bilindäki lowurdap duran hanjary eline aldy. Ol toýa baranda-da garpyzly dessura bil baglap barypdy. Togrul hanjary oturanlara güýjeňleýän ýaly, galgadyp-galgadyp, garpyz dilimledi. Oturanlaryň nazary hanjarda eglenen bolsa-da, ol hakda ýagşydan-ýamandan dil ýarylmady. Onsoň onuň özi dil ýarmaly boldy: ol gapdalynda oturan ýüzi birki sany tyg yzly goja ýüzlendi: – Tagsyr, hanjarymy neneň gördüňiz? Men bu hanjary mundan alty ýyl owal siziň obaňyzdan o diýen uzakda bolmadyk düşlegden tapdym. Kimdir biri ýadyndan çykaryp gidipdir muny. Dogrusy, bu hanjary menden köp gezek satyn aljak boldular, ýöne men satmadym, eýesini tapyp gowşurmak isledim. Ýüzi tyg yzly goja hanjary synlady: – Hanjaryň-a şu töweregiň hanjary. Işşat ussa ýasardy şeýle hanjarlary. – Dogry, dogry, Işşat demirçiň ýasan hanjary ol – diýip, oturanlar ýerli-ýerden ýüzi tyg yzly gojanyň sözüni makulladylar. – Ýylmazyňky bolaýmasyn?! – Be, şo hanjaryň-a maňa gaty tanyş görünýär – diýip, Ýylmaz Ok hanjary eline aldy, eýlesine-beýlesine seretdi. Soňam Togrula şübheli nazar aýlady: – Beg ýigit, sen Balhdan geldim diýdiň-ä?! – Biz bir gezende adam, tagsyr – diýip, Togrul sowuk jogap berdi. – Hanjar meniňki. Muny Işşat ussa ýasapdy. Ol görgüli ýogaldy. Ýöne obamyzyň adamlarynyň ählisem onuň ýasan hanjarlaryna beletdir. – Tagsyr, seniňkidigine doly göz ýetirmesem, men bu hanjary saňa berip bilmerin. Men bu hanjaryň hakyky eýesini tapmaly. – Haý, balhly bezirgen, sen bir hanjaryň gürrüňini edýärsiň. Meniň beýle hanjary galdyran, zyňan ýa sowgat beren gezeklerim az bolan däldir, durmuşda. Bermeseň, berme. Goý, bu hanjar seniňki bolsun. Meniň bu gün ýiten bir hanjaryň dawasyny edesim gelenok. – Dogry aýdýarsyň, gep hanjarda däl, gep adalatda. – «Adalatda» diýdiňmi? Ol nämäniň adalaty? Şu günki alýan hatynymyzyň ady Adalat. Sen şonuň-a gürrüňini edýän dälsiň? Ha-ha! Oturanlar gyzyl-gyran gülüşdiler. Ýylmaz Ok elindäki hanjary balhly bezirgene berermen bolup uzatdy, ýöne soň ýene yzyna alyp, hanjary synlady: – Şuş-şu pilleki ýaly ýadymda, hanjaryň ýüzüniň, ine, şu ýeri gädilip durandyr. Muny oglum ümbilmezlik edip daşa urup-urup gädipdi. Daşpolat, ýadyňdamy, şu gädik – diýip, ol öýlenýän ogluna – özünden üç adam aňyrda oturan mor sakgal-murtly, deşli ýigide ýüzlendi. Öýlenýän ýigit, megerem, ýadyna salyp bilmedi, ol esli salym böwrüne diň salyp oturdy, soňam kakasynyň göwni üçin makullap öwran-öwran baş atdy. – Bezirgen ýigit, ýitigimi tapanyň üçin sen menden nämedir bir zat hantamamyň? – Elbetde. Hökman bermeli bolarsyň. Hantamaçylyk däl bu. – Näme isleýärsiň? – Ony kazy çözsün! – Bir hanjar üçin kazylaşyp ýörüp bolmaz-a! – Bolar! Beriň maňa hanjary! – Hanjar meniňki, ýöne onuň maňa geregi ýok, goý, ol seniňki bolsun, bezirgen. – Maňa başganyň zady gerek däl. Eger hanjar hakykatdan hem seniňki bolsa, onda ony ynandyrmaly bolarsyň. – Ine, şu oturanlar meniň şaýatlarym. Saňa başga nähili şaýat, başga nähili ynandyrma gerek? – Seniň ýalňyşýan bolmagyň mümkin. – Alla kessin, şu hanjar meniňki. – Hany, hanjarly gürrüňi bes ediň – diýip, Şamälik emir gaharlandy. – Eý, balhly bezirgen, isleseň, men saňa on-on bäş hanjar bereýin, ýöne dawaňy goý indi. Iý, iç, göwnüňi hoşla. Balhly bezirgen kejirlik etdi, ol Ýylmaz Oka ýüzlendi: – «Hanjar meniňki» diýip ýalan sözlediň. Balhly bezirgeniň bu sözi öý eýesiniň degnasyna degdi: – Eý, bezirgen, sen näme diýýärsiň?! Men hiç wagt ýalan sözlemeýärin. Bilip goý şuny! – Hanjary ber! Kazynyň emri bolmasa, men saňa hanjary bermerin. – Kazy uzak ýerde däl! Ol hem, ynha, aramyzda otyr – diýip, Ýylmaz Ok oturanlaryň arasyndaky oturan altmyş ýaşlaryndaky hortap, köseleç kişini görkezdi. Kazy özüniň bir söz diýerine garaşylýandygyny duýsa-da, howlukman bir kesim garpyz iýdi. Soň başlabereýinmi diýen terizde Ýylmaz Oka nazar aýlady. Onuň baş atyp öndemesinden soň söze başlady: – Eý, bezirgen ýigit, musulman aňsat-aňsat ant içýän däldir. Ant – sözüň gutaran ýeridir. Ant – musulmanyň iň soňky ynanç sütünidir. Musulmanyň antyna ynanmazlyk etmek külli günädir. Siz häzir günä gazandyňyz, çünki uly iliň hormatlaýan abraýly adamyna ynanmazlyk etdiňiz... – Eý, kazy, alty ýyldan soň men şu ýere şu hanjaryň hak eýesini idäp geldim. – «Hanjaryň hak eýesi men» diýdim-ä men saňa! – diýip, Ýylmaz Ok sesine bat berdi. – Ýylmaz, biz hanjaryň seniňkidigine, seniň hiç wagt ýalan sözlemejekdigiňe ynanýarys. Ýöne bu ýigidiň hanjary näme üçin alty ýyllap gizläp saklandygy maňa gaty düşnüksiz – diýip, kazy bir toý eýesine, birem Togrula seretdi. – Hanjaryň hakyky eýesiniň Ýylmaz Okdugyna güwä geçýän bolsaňyz, onda onuň sebäbini men size aýdyp bilerin. – Aýt, aýt, güwä geçýäris. – Meniň hak musulman adym Muhammet. Hünär görkezip Tog¬rul diýen oguz ady aldym. Meniň kunýam 20 Mykaýyl bin Seljuk bin Dukak. Men Seljuk begiň agtygy! Indi hanjary alty ýyllap näme üçin saklandygymyň sebäbini aýdaýyn. Mundan alty ýyl öň men on iki ýaşymdadym, ýaşdym. Ähli zat edil şu günki ýaly, göz atuwymda dur meniň. Babam Jende arabaly gidipdi. Ony ýolda Ýylmaz Ok öldüripdir. Özem şu hanjar bilen öldüripdir. Babamy öldürip, arabasyna ýükläp gyşlagymyza ugradypdyr. Men: «Babam geldi. Bazardan süýji getirendir» diýip begendim. Atam dagy arabanyň daşyna aýlandylar. Baryp görsem, babam – Mykaýyl beg arabada ýatyr. Döşünde-de, ine, şu hanjar bar eken. Atam Seljuk beg bu hanjary babamyň döşünden sog¬rup aldy-da, zyňyp goýberdi. Doganym Dawut bilen bu hanjary gizläp sakladyk. Mundan alty ýyl öň men babamyň başujunda durup, hununy almaga ant içdim. Şol mahal babamy öldüren adam bilen ýüzleşmäge, hun talap etmäge men gaty ejizdim. Ýöne men alty ýyl¬lap ar almaga maýyl bolup ýaşadym. Bu gün gerçek çykdym. Bu toýa men hun talap bildirmäge geldim. Obaňyzyň daşynda meniň müň ýigidim yşaratyma garaşyp otyr. Meniň arkamda häzir-ä müň atly ýigit dur. Zerurlyk dörese, ýigitleriň sanyny on müňe, ýigrimi müňe-de ýetirip biljek Seljuk atly neberäm bar. Atam Seljuk beg ölmezinden burun ýörite wesýet etdi. Ol: «Käbir kişi keramatly Allatagalanyň, arap hökümdarlarynyň adyna duwlanyp, diňe öz bähbitleri, baýamak, köpden-köp baýlyk ýygnamak üçin garamaýak kişilere sütem edýärler, gözlerine ýakymly zat görseler, adam öldürmekdenem gaýtmaýarlar. Ogul¬larym, siz Aly patyşa, onuň ogly Şamälik ýaly diňe baýamak üçin hars urýan, ile sütem edýän näletkerdelere garşy galkan boluň. Sogap gazanyň» diýdi. Ýylmaz Ok babamy diňe baýlygyna göz gyzdyryp öldüripdir, onuň ýanyndaky ähli dinarlaryny alypdyr. Bu ojagyň baýlygy – nähak gan dökülip gazanylan baýlyk. Toý ýasa öwrüldi. – Toýumy ýasa öwürdiň! – diýip, Ýylmaz Ok hažžyk deýin çişdi. – Kazy, hunuň diýesini 21 aýt! – diýip, Şamälik azm urdy. – Hunuň diýesini bilmeýän barmy näme! Bu seljuk ýigidi hem bilýän bolmaly. – Bilip soraýan bolsam, diýmek, şol gerekdir. Hunuň diýesini aýt diýýärin men saňa! – Üç ýüz dinar. – Eý, Seljuk dogmasy! Eşitdiňmi! Häzir teblehana bakan ugra. Saňa şol ýerde üç ýüz däl, alty ýüz dinar gowşurarlar. – Maňa dinar gerek däl! Maňa başa-baş hun gerek. Dinarym kän meniň. Men Ýylmaz Okuň diňe bir öýüni ýa özüni däl, Meleket obasyny bir depim gumy bilen satyn alyp bilerin. Dinar diýeniň näme! Men babamy öldüren pelitden hun isleýärin. Ganyny jorladyp akdyrmak, öldürmek isleýärin. Bu ýerde edilen gürrüň eýýäm toýa gelenleriň ählisine ýetipdi. Ähli kişiniň başy aşakdy. Topar-topar bolup, hyşy-wyşy edýärdiler. Aýallar welin, zaryn-zaryn orlaşýardylar. – Oba ýagy çozdy! – diýip, daşarda yzan-da-çuwanlyk döredi. Atlaryň dükürdileri ýer sarsdyrýardy. Şamälik emir Togruldan sorady: – Seniňkilermi? – Meniňkiler. – Bu näme etdigiň? – Meniň oba gan çaýkamak niýetim ýok. Maňa hunumy berseňiz, bir adamyň hem burny ganamaz – diýip, Togrul beg parahat jogap berdi. Kazynyň kethudalygynda dört-bäş ýaşuly Togrula töwellaçy boldy: – Beg ýigit, alty ýyl garaşypsyň. Gaýrat edip, ertire çenli ýene garaş. Toýy geçireli. Ertir hunuňy bereli. Togrul esli salym oýlandy: – Ýaşulular, men siziň töwellaňyzy alaýyn. Goý, siziň di¬ýeniňiz bolsun, häzir gaýdaýyn. Ertir daňdan gelerin. – Gaýrat et, ogul! – Ýaşulular, siz bir zady magat biliň! Hunumy alýançam obaňyzdan ýeke adamy-da çykarjak däldirin. – Myhmanlarymyz bar-a?! Togrul beg sesine bat berdi: – Hun alýançam, hiç kim obadan çykmaz! Düşnüklimi? – Gidiber – diýip, Şamälik dişinden syzdyryp aýtdy. Togrul beg ýigitleri bilen obadan çykyp gitdi. * * * Obanyň ähli adamy daň bilen Ýylmaz Okuň daş işigine ýygnandy. Şamälik emir hem iki ýüz töweregi atly haşymy bilen hyrçyny dişläp durdy. Ol elinden gelse, Oguz handan gelýän hun dessuryna boýun sunjak däldi, Togruly düýt-müýt etmekçidi, ýöne seljuklylaryň müň sany atlysynyň bardygy üçin dymmagy, ýaraga ýapyşmazlygy makul bildi. Hana, Togrul geldi! Ýeke atly! Arkasynda – obanyň daşynda müň atly bar! Ähli kişiniň nazary Togruldady. Ol gaty arkaýyndy. Ol gaty erkindi. – Togrul, päliňden gaýt! – diýip, Şamälik emir azgyryldy. Wezir-wekiller, oba kethudalary oňa töwella etdiler, köşeş¬dirmäge çalyşdylar. Ýylmaz Ok düýnki Ýylmaz Ok däldi. Bir gijede gözleri içine çöküp, egbarlapdy. Ilkinji gijäniň mazasyny bilmän geçiren Daşpolat gahardan ýaňa titir-titir edýärdi: – Baba, saňa gaharym gelýär meniň. Toýumy ýasa öwürdiň. Masgara etdiň meni. Bu masgaraçylygy çekenden ölenem ýagşydyr. Saňa şo hanjar nämä gerek boldy? – Wa-hasrat-a, maňa o hanjaryň gerek ýeri ýok. – Onda näme üçin dyzadyň durduň? – Ol meni mejbur etdi. – Gysgançlygyň başyňa ýetdi seniň. – Takdyr bu. Men ölmeli boldum. Yzyma eýe dur, oglum. Ähli baýlyklarym seniňkidir. – Hazynaň nirede? – Teblehanadyr – diýip, Ýylmaz Ok pyşyrdap aýtdy. – Meň¬sepen gysragyň duran ýeriniň günbataryndan iki zyrag gazsaň, taparsyň. Kazy öz işine girişdi: – Eý, seljuk begi! Ine, hun almaly adamyň – Ýylmaz Ok – Meleket obasynyň ýaşaýjysy, elli dört ýaşynda. On dokuz ýaşynda bir ogly bar. Üç sany gyzy bar, gyzlaryndan ýedi sany agtygy bar. Üç gyzy durmuşa çykan, körpe gyzy entek öýünde. Ynha, ogly, ynha-da, gyzlary, agtyklary – diýip, kazy ýeke-ýekeden görkezdi. – Hunuňy nähili almak isleýärsiň? – Babamy öldüren haýynyň haýy gidip, waýy galypdyr, maňa onuň jany – ýalňyz ogly gerek. – Eý, meniň günäm näme? – diýip, Daşpolat ör-gökden geldi. – Näme üçin men ölmeli? Men hiç kimi öldürmedim! – Mert bol, oglum, mert bol! – Ýok, ýok, meniň ölesim gelenok. Özüň mert bol, özüň öl! – Ýuwaş, adamlar bize seredip dur! – Seretse seretsin! Meni hapa işleriňe goşma! Goý, kim günäkär bolsa, şol hem jezasyny çeksin. Men hiç kimi öldürmedim. Men ýaşajak. Düýn öýlendim-ä men. Maňa ölmek bolmaýar. Daşpolat ýaraly ýolbars bolup kakasynyň üstüne topuldy, çem gelen ýerine urmaga başlady. Ony bäş-alty kişi zordan saklady. Düýnki töwellaçylar ýene Togrulyň ýanyna geldi: – Seljuk begi, senden ýeke towakgamyz bar. – Indi näme? – Hunuň jesedini bize ber. Biz ony musulmançylyk sünneti bilen depin edeli. – Bu haramynyň özem, neberesem musulman mazarly¬gynda ýatmaga rowa däl. – Senden towakga edýäris: ilki bilen-ä, çagalaryň ýanynda öldürme. Ikinjidenem, jesedimizi özümize ber. – Birinji towakgaňyzy kabul edýärin. Ikinji towakgaňyzy meniň ýeke özüm çözüp bilemok. Men muny häzir öz kethudalarymyň ýanyna elterin. Şolar näme etmelidigini çözerler. – Onda öz kethudalaryňa biziň towakgamyzy ýetir. Togrul Ýylmaz Okuň janyny – ýalňyz ogluny atyň öňüne salyp, alyp gaýtdy. Daşpolat – daş-polat däl eken, ol kakasyna nälet okaýardy, oňa hapadan-hapa sözleri aýdyp sögýärdi. Ýylmaz Ok bagryny paralap, hünibirýan aglaýardy. Şondan iki gün geçensoň aladaňdanlar Ýylmaz Ok bagryny paralap amanadyny tabşyrdy. Meleketliler Ýylmaz Oky jaýlamak üçin obadan alyp çykdylar. Obadan çykan ýerlerinde gölegçileriň öňünde üsti tabytly düýe peýda boldy. Bu üsti tabytly düýe mundan iki gün owalan bu obanyň ýaşulularynyň Togruldan eden ikinji towakgasy boýunça ugradylypdy... | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |