19:23 Altynjan hatyn / 1-nji kitap -9/ dowamy | |
4. Ýusup ýabgunyň huny
Taryhy proza
Ikinji rowaýat Soltan Mahmyt Gaznaly Arslan ýabguny agöýli hökmünde Hindistanyň Kelejar galasyna ugradansoň, seljuk begleriniň agzybirligi gowşar öýdüpdi, garahanlylar hem şu pikirdediler. Seljuk begleri geňeş geçirdiler, Ýusup begi ýabgu göterdiler. Ýusup beg Seljuk begiň üçünji ogludy, ol duşmanlaryň pikir-talwaslaryny ýalana çykardy: hersi bir kelle, hersi bir dünýä ha¬saplanan kynyk begleriniň özüne tabyn bolmaklaryny başardy. Seljuk begleriniň garadangaýtmazlygy, jebisligi Buharanyň häkimi Alytegini biçak howsala saldy. Ol şäheriň on sekiz agaç demirgazygynda öňünde durup bolmajak ýowuz jemagatyň aýsaýyn güýjemeginiň, köpelmeginiň nädip öňüni alyp bolar diýen pikir bilen ýaşaýardy. Ol bu hakda öz adamlary bilen günde-günaşa geňeş edýärdi. Gutarnykly çözgüt tapyp bilenokdy. Seljuklylaryň gaznalylar bilen gowy gatnaşykda bolmagy onuň kejebesini hasam daraldýardy. Bu gowy gatnaşygyň arasyna çöp atmagyň zerurdygyna düşünýärdi. * * * Alyteginiň Alp Gara atly emiri bardy. Ol samanlylar döwründe özüniň gözsüz batyrlygy, rehimsizligi, harsydünýäligi bilen ýakasyny tanadandy. Alp Gara Hazarasp şäherinide ýaşaýan Ärsabyr Ärsak atly bir täjiriň on ýedi ýaşyndaky ýalňyz ogluny elli dinaryna göz gyzdyryp öldüripdir. Şonuň üçin hem bu gün şäheriň ortarasynda Alp Garany dardan asýardylar. Alp Garanyň jezalandyrylyşyny görmek üçin Hazaraspyň golaý-goltumyndaky obalardan hem gelipdiler. Bu jeza berişligiň geçiriljek güni Togrul beg dört ýüz haşy¬my bilen Hazaraspdady. Togrul beg Alp Garanyň elewremesini hyrçyny dişläp synlady. Hana, dar agajynyň aşagynda her egninde bir adam ýerleş¬jek peşeneli, uzyn boýly, otuz-otuz bäş ýaşlaryndaky nazarkerde bir kişi gözünden boýur-boýur ýaş döküp, eden etmişine ökünýändigini öwran-öwran nygtap, Ärsabyr Ärsakdan, şäher kazysyndan aman soraýardy. Ajalyň öňünde Alp Garanyň oguz adyna mynasyp durup bilmeýändigi üçin Togrul begiň myrryhy atlanýardy. Alp Gara Togrulyň içki pikirine jogap berýän ýaly, ýygnananlara ýüzlendi: – Adamlar, men ölümden gorkup aglamaýaryn. Ýok, men yzymda bäş sany çyrçykly çaganyň eklençsiz ýetim galjakdyk¬laryna ýüregim awap aglaýaryn. Ýaşajyk çagalarym, garlawajyň jüýjejikleri ýaly bolup, her gün meniň bir zat eltip bererime garaşýarlar. Men bolmasam, bigünä çagajyklarym aç ölerler. Adamlar! Maňa haýpyňyz gelmese-de, çagajyklaryma haýpyňyz gelsin. Hunumy töläp, meni halas ediň! Men siziň gapyňyzda ömrümiň ahyryna çenli mutyg guluňyz bolaýyn. Alp Gara bu sözlerini zol-zol gaýtalaýardy. Togrulyň Alp Gara nebsi agyryp, onuň hununy töläp, halas etmek isledi. «Görgüliniň ýaş çagalary hossarsyz galmasyn» diýip, ol ýanyndaky ýigitlere sala saldy. Hiç kim oňa kesgitli söz aýtmady. Kesgitli netijä özi gelmeli boldy. – Men bu kişiniň hununyň diýesini töläýin. Bu ýigit gaýratly görünýär. Köp-köp işleri bitirip biljek ýigide meňzeýär bu. Muny özümiz üçin peýdalanaly. Beýle gaýratly ýigitler köp däl. Togrul beg Alp Garanyň hununyň diýesini – üç ýüz dinar töledi. Şäheriň kazysy Togruldan ýene ýüz dinar talap etdi. – Ähli ýerde hunuň bahasy bir nyrh ahyryn? – diýip, Togrul nägilelik bildirdi. – Üç ýüz dinar – bu hunuň öwezi. Biz nyrhdan çykmaýarys. Ýöne Alp Garany aldap, Hazaraspa getirmek üçin Bahadur Pählewana ýüz dinar berdik. Bahadur Pählewan diýlen kişi kazynyň sözlerini tassyklap baş atdy. Alp Gara Togrulyň yzyna düşdi. Onuň hyzmatynda boldy. Iki aýdan soň: «Çagalarymdan habar alyp geleýin» diýip, Buhara gitdi. Dört aýdan soň Togrulyň tölän dört ýüz dinarynyň üstüne otuz dinar goşup berdi: – Togrul, meni halas eýle. Men çagalarymyň ýanynda bolaýyn. Sen maňa doganyň edip bilmejek ýagşylygyny etdiň. Bu ýagşylygyň üçin men islän pursadyň gelip hyzmatyňda duraryn. Men seniň mutyg guluňdyryn – diýip, ol Togrul begiň öňünde dyza çöküp, özüniň wepadarlygyny tekrarlady. Olar öz aralarynda ähtleşdiler. Şol äht boýunça Alp Gara Aly¬teginiň gullugynda durmaly we ol ýerde näme gürrüň edilse, seljuk¬lylara habar ýetirmeli. Şeýdibem Alp Gara özüne edilen ýagşylygyň öwezini dolmaly. Alp Gara özüniň seljuklylara garşy hiç wagt gylyç götermejekdigini, gaýtam, goldaw berjekdigini zol-zol gaýtalap, wepadarlyk antyny içdi. Şondan soň Togrul beg Alp Garany azat eýledi. Alp Gara Alyteginiň gullugynda durdy, seljuk beglerine Alytegin barada üýtgeşik maglumat gerek bolsa, başarnygyny gaýgyrmady. * * * Alytegin Ýusup bin Seljugyň ýanyna çapar ýollap, köp-köp zatlary wada berip, özüne imrindirmäge çalyşýardy. Togrul begiň adamlary Alp Gara bilen ogryn duşuşdy, ondan Alyteginiň näme üçin Ýusup ýabgu bilen duşuşmak isleýändigini soradylar. «Siz uly güýç. Şonuň üçin hem Alytegin siziň bilen dogan ýaly gatnaşmak isleýär. Gerek wagty ol sizden kömek almak, rahat ýaşamak isleýär. Siz kömege mätäç bolsaňyz, ol sizden kömegini gaýgyrmajakdygyna ant içýär». Alp Garanyň bu sözleri Alyteginiň öwredişi boýunça aýdýandygyny Togrul beg gümanam etmedi. Geňeşiň unamasy boýunça Ýusup ýabgu Alytegin bilen duşuşyga çykdy. Başda duşuşyk Alp Garanyň diýşi ýaly boldy: Alytegin Alp Garanyň sözlerini gaýtalady. Ýusup ýabguwa kän-kän hedýe-engamlar ýapdy, dabaraly ýagdaýda emir Ynanç Baýgu diýen at berdi. Ony Nur etrabynyň ähli türkmenleriniň emiri diýip yglan etdi. Nur etrabynyň sähralyklaryndaky ähli obalary emir Ynanç Baýgunyň tabynlygyna berdi. Alyteginiň çakdanaşa tarhanlygynyň aňyrsynda nähilidir bir «çöpjagazyň» ýatandygy bellidi, ýogsam beýle köp mukdarda engamyň, mülk ýerleriniň berilmejekdigi köre hasady. Bu hakda seljuk kethudalary köp kelle döwdüler. Ýöne olaryň tapyp bilmedik «çöpüni» Alyteginiň özi tapmaga hemaýat berdi. Ol söhbetdeşlikde Ýusup ýabguny öz dogany hasap edýändigini, ondan hiç bir zadyny gaýgyrmajakdygyny, parahat ýaşamak isleýändigini, ýöne Mawerannahrda parahat ýaşamak üçin Togrul beg bilen Çagry begiň aýyl¬ganç howpdugyny, ol ikisi öldürilmese, onda olaryň hiç bir zatdan gaýtmajakdyklaryny, Mawerannahra hökümdar bolmak üçin Ýusup ýabguny-da, Alytegini-de hökman öldürjekdiklerini nygtady. Soňam: – Ynanç Baýgu, sen maňa yşan, Gurhandan ant içýärin, ogullyklaryň Togrul bilen Çagry ikisiniň bar pikiri seni öldürmek, özem olar seni masgara-wejera edip öldürmekçi bolýarlar. Hawa, hawa, olaryň maksady iki-üç aýyň içinde seni hökman öldürtmek. Men bu hakda gaty ynamdar adamlardan eşitdim. Togrul: «Gürrüň hiç ýere çykmasyn» diýip, birki razdanynyň ýanynda ýüregini açypdyr. Sen bir gowy emir. Men seniň ölmegiňi islämok. Sen öldürilseň, men biçak gynanjak. Şonuň üçin saňa öňünden dostlarça, doganlarça duýdurmagy men öz borjum hasaplaýaryn. Nähili güýç, näçe goşun gerek diýseň, men saňa bereýin, men seni mydama goldaryn – diýdi. – Men goşuny näme edeýin? – Çagry bilen Togruly ýok etmegiň üçin! – Olary men hut öz ogullarym ýaly görýärin, her hili ýagdaý bolanda-da men olara kast etmerin. – Yşan, olar seni ýigrenýärler. Seniň ogluň Ybraýymy-da ýig¬renýärler. Sebäbi sen olaryň enesine öýlendiň. – Men resimi amal etdim. – Men düşünýärin, ýöne seniň ogullyklaryň muňa düşün¬meýär. Men saňa açyk aýdýaryn, sen olary öldürmeseň, olar seni öldürerler. – Ýagynyň elinden ölenimden olaryň elinden ölenim müň paý gowy. Olar meni ýöne ýere öldürmezler. Onsoň hem olara ýabgulyk gerek bolsa, men olara islän pursady – häh-häzir hem berip biljek. Çünki olaryň ýabgulygyň hötdesinden geljekdiklerine berk ynanýaryn. – Ynanç Baýgu, sen emir. Sen howlukma. Oýlan. – Onuň üçin oýlanmak nämä gerek?! Herçent oýlansam hem olar babatda meniň pikirim üýtgewsiz bolar. – Ýok, ýok, emir, sen oýlan. Men seni howlukdyrmak islämok. Sen olary assyrynlyk bilen yzarla. Şonda sen olaryň pygyllarynyň nähilidigine bahym göz ýetirersiň. Ýusup kesgitli jogap berdi: – Eger maňa beren engamlaryňyz şu maksat üçin bolsa, onda men olary yzyna ugradaryn. Sebäp men siziň bu möhümiňizi herçent oýlansam-da, bitirip biljek däl. – Ol meniň möhümim däl, ol seniň möhümiň! Sen bahym meniň aýdan zatlarymyň hakdygyna göz ýetirersiň. Ýeri, bolýar, häzir desterhan başyna geçeli. Seniň üçin üýtgeşik tagamlar taýýarladyk. Ýusup ýabgu Alyteginiň bu üýtgeşik teklibinden soň, onuň tagamyny iýmek hem islemedi, ýöne zol özelenip duransoň, onuň raýyny ýykmazlyk üçin saçak başyna geçdi. Alytegin myhmanhanadan hajat zerurlygy üçin diýip çykyp gitdi-de, wagty bilen dolanmady. Orta çekilen dürli tagamlar sowady gitdi. Ýusup ýabgunyň hem işdäsi kesildi. Alytegin uzak garaşdyryp, ahyry emir Alp Gara bilen geldi. Ýusup beg olary görenden pälleriniň düzüw däldigine düşündi, ýöne eýýäm giçdi. «Alyteginiň Ýusuby öldürmek baradaky emrini emir Alp Gara ýerine ýetirdi». 22 * * * Alyteginiň emri bilen Ýusup ýabguny Alp Garanyň öldürendigi baradaky habar Nura baranda jahan ýaňy ýagtylyp ugrapdy. Seljuk kethudalary Musa begiň öýüne jemlenişdiler. Hiç kimden ses çykanokdy. Birden goňşy öýden – Çagry begiň öýünden çaga jägildisi çykyp ugrady. Daşardan bir oral aýal içerdäkilere eşitdirmek üçin gaty gygyryp, hoş habaryny mälim etdi: – Çagry begiň ogly boldy! Içerdäkiler «Ýaşy uzyn bolsun!» diýen terzde Çagry bege buýsançly bakdylar. 23 Çary begiň ikinji ogly Alparslan dünýä indi (Begiň uly oglunyň ady Gurt (Kawurt) bolmaly). Çaganyň dünýä inmegini gowulyga ýordular. Geňeş başlandy. Ol uzaga çekmedi, çünki maksat aýdyňdy. Ähli kişi şol bir sözi gaýtalady: – Ar almaly! – Beglerimize habar ýollaň! Günüň dogup gelýän çagy otuzdan gowrak atly çapar çar ýana at saldy. Musa beg Çagry beg bilen Togrul bege ýüzlendi: – Ikiňiz merkezde duruň. Nasyr bilen Barat Alçak, Sibir bilen Güneş sag ganatda, Bekdaş, Peýkam dagy çep ganatda dursun. Ybraýym galsyn. – Näme üçin men galmaly? – diýip, Ybraýym böküp ýerinden turdy. – Ybraýym, sen düşün!.. – diýip, Musa beg sözüne biraz dyngy berdi. – Ýok, men düşünýärin, siz düşüniň, men babamyň jesedine seredip oturyp biljek däl. Arymy almasam, men hiç ýerde-de özüme rahatlyk tapmaryn. Siz meni saklap bilmersiňiz. Men giderin, hökman giderin. Hiç kim hiç zat diýmedi. Ýusup ýabgunyň, onuň ýanynda giden ýigrimi haşymyň kellesini getirdiler. Gana bulaşyp ýatan kelleleri, ahmyrdan doly açyk gözleri gören Togrul beg dälirän ýaly bolup bagyrdy. Ýer bagyrtlap nalyş etdi. Ýusup ýabgunyň kellesini bagryna basyp aglady. Soňam ümdüzine gitdi. Onuň elinden Ýusubyň kellesini alyp galmaga hazzar ýetişdiler. Ony hiç kim saklamady. Ony bu mahal hiç kim saklap hem biljek däldi. * * * Togrul beg obanyň atgaýtarym gündogaryndaky Ýekegazyk diýip atlandyrylýan beýik depäniň üstüne çykdy. Ol Asmana ellerini serip, Allatagala mynajat aýtdy. Aýak üstünde durmaga ragbaty galmansoň, ýer gujaklap, perýat etdi. Ol üznüksiz samraýardy, onuň näme samraýandygyna hiç kim düşünmeýärdi, ýöne din hadymlary, ulamalar, ýaşulular: «Degmäň! Azar bermäň!» diýip, Togrula azar berdirmediler. «Bu ýerde üýtgeşik bir gudrat bar. Togrulyň wežde-çillä oturmasy 24 halatlylykdan alamat. Galanynam Wagt – Kadyr görkezer» diýdiler. Hiç kim onuň ýanyna baryp bilmedi. Ol uzynly gijäni ýer bagyrtlap, üznüksiz dileg edip geçirdi. Şol günüň ertesi Togrul begiň ýatan ýeriniň üstünden hyma dikdiler. Ol öz üstünden hyma dikilendigini bilenokdy, göýäki erenler bilen gürleşýän ýaly samraýardy. Onuň iýip-içmegi üçin gapdalyndan suw hem nan goýdular. Togrul begiň bolup ýatyşy seljuk beglerini howsala saldy: onuň özüne gelmegine garaşdylar. Ýöne üç gije-gündizläp Togrul beg hiç zat iýmedem, içmedem, ol öz serinde däldi. Şol sebäpli hem onuň bilen hiç kim gürleşip-düşünişip bilmedi. Togrul beg Hudaýtagaladan kakasy Mykaýyl begiň, kakasynyň doganlary Arslan ýabgunyň, Ýusup ýabgunyň küýsän Derwezata şalygyny döretmäge hemaýat bermegini mynajat etdi. Mynajat – hylwaty söhbetdeşlikdi. Bu söhbet orny boýunça-da, wagty boýunça-da başga älemiň hakykatydy. Mynajat etmek bilen adam şu dünýäden arany açýar: dünýäniň giňişliginden başga bir, mundakylara nämälim hem elýetmez barlyga geçýär, ol wagtyň çäginden çykyp, älemüzre biwagtlyk mekanyna aralaşýar. Ol mekanda diňe mynajat edýän hem-de onuň gaýybana, ruhy söhbetdeşleri bar. Mundakydan bütinleý parhlanýan ol özge wagt – giňişlik çäginde adam, has dogrusy, onuň ruhy ýoklukdan barlyga – dünýä geçýär. Ol ýerde erenler-weliler bilen duşuşýar. Pany dünýäniň ýaşaýşyna serenjam berip, gözegçilik edip duran erenleriň öňünde mynajatçy öz ýüregini açýar. Welilere – Allanyň ýakynlaryna nazary düşen kişiniň kalbynda täsin, başga hiç bir ýerde, başga hiç bir halatda bolup bilmejek özgerişler, täsinlikler bolup geçýär. Munuň düýp manysy adamyň içinde – kalbynda baslygyp ýatan güýç-kuwwatyň ýokary galmagyndan, onuň bütinleý başga bir şahsa öwrülmeginden ybarat bolýar. Munuň özi daşlaryň astynda ýatan suwlaryň müňzäp, çeşme bolup atylyp çykyşyna meňzeýär. Ruhy gujury ýokaryk çykarýan – welileriň keramatly nazarydyr. Bu nazar seniň weliler tarapyn kabul edilendigiň, saňa dilegleriň amala aşmagy üçin ejaza berlendiginiň alamaty. Bakylyk nazary bilen panylyk nazary sataşanda, ynsan «hal» ýagdaýyna düşýär. «Hal» oňa wagtyň çäginden çykmaga, geljegi eliň aýasyndaky ýaly öňünden görmäge mümkinçilik berýär. Beýle görüş adamy gudratla, keramatla öwürýär. Niýetiniň päkligine, ýüreginiň halallygyna, iň esasy-da, Alla üçin hoşnutlygyna göz ýetiren weliler ynsanyň niýetiniň amalyna izin berýärler. Onuň jan-jöwheriniň bakylyk sypatlaryny kemal edip, maksadyny berýärler. Bu gaýybana söhbetdeşlikden özge adam bolup, pany barlyga dolanan kişiniň öňünde durjak zat bolmaz! Çünki ol eýýäm halatly, onuň indi diýeni geler, edeni-de bolar. Erenleriň içiren şeraby onuň süňňüne dolup, ruhuny jöwherlendirer. Onuň ähli dilegi biter, barça hakykat oňa aýan görner. Onuň gören zatlary özgeler üçin syr bolar. Ol bu syry hiç bir kişä açmaz, diňe özüne erenleriň ak pata berendigini aýdyp, sözüni gutarar. Ol pany dünýäden giden ýerine, giden pursadyna başga adam bolup gaýdyp geler. Mundan beýläk onuň halatlydygy diňe ähli işleriniň rowaçlygynda belli bolar. Hut şeýle-de boldy. Togrul beg üçünji gün namazşamlar meýden serhoş bolan dek entirekläp, zol-zol asgyryp ýerinden galdy, hymasyndan çykdy. – Maňa ak pata berdiler! Eşidýärsiňizmi, maňa ak pata berdiler! Eşidýärsiňizmi? – Ol töweregindäki adamlary, gurlan hymany görüp geňirgendi: – Çadyry haçan dikdiňiz?! Töweregindäkiler onuň sözlerini üç günüň açlygynyň, teşne¬li¬giniň täsiridir, samramadyr öýtdüler. Oňa suw içirjek boldular. – Gerek däl, men häzir meý içdim! – diýip, Togrul küýzäni yzyna berdi. Ähli kişi ýene biri-biriniň ýüzüne syrly bakyp, hyrçyny dişledi. Ýakynynda bolanlar onuň üç gije-gündizläp hiç zat iýip-içmändigini bilip durlar ahyryn. Näme bolsa, diňe gowulyga bolsun! * * * Alyteginiň üstüne ýörişe ugralanda otuz-kyrk haşym Tog¬rul begiň hem Ybraýymyň daşyna gala boldy, goraglady. Ýogsam olar atly goşunyň öňüne düşjek, öňde – Musa ýabgunyň, Çagrynyň ýanynda bolmak üçin okdurylýardylar. Her hili hažyk-hužuk bilen olary öňe goýbermediler. Alytegin seljuk atlylarynyň öňünden uly güýç jemläp çykdy, ýöne Ýusup ýabgunyň öldürilendigine gazap donuny geýen seljuklylar şir bolup söweşe girdiler. Gazaply söweş başlandy. Seljuk ýigitleriniň wagşyýana gygyryp, gorky-ürküsiz söweşmekleri Alyteginiň gulamlarynyň howuny basdy. Gulamlar jyzadyr 25 galkanlaryny, ýataganlaryny taşlap, söweş meýdanyndan gaçdylar. Alytegin hem gaçyp, janyny aman gutardy: öz aty öldürilenden soň bir wisakbaşynyň atyna artlaşyp münüp gaçyp gitdi. Seljuk begleri Alyteginden galan olja bilen yza dolanmaly boldular. – Häzir Alyteginiň goşunsyz galan pursady. Eger biz häzir Alytegini doly ýok etmesek, Buhara baryp, köşgi eýelemesek, onda ol ertir¬ki gün köp mukdarda goşun jemläp, üstümize hüjüm eder. Onsoň biz Mawerannahrda rahat ýaşap bilmeris. Iki goçuň kellesiniň bir gazanda gaýnamajakdygy hak. Şonuň üçin yza öwrülmän göni Alyteginiň yzyndan – Buhara gideliň, köşgi doly eýeläliň. Ol ýerde öz adamlarymyzy goýalyň – diýip, Çagry beg Musa ýabguwa ýüzlendi. – Ýok, ýok! – diýip, Ybraýym ynal (Ynanç) bu pikire çürt-kesik garşy çykdy: – Häzir syrgynymyza dolanalyň, babamyň aşyny-suwuny bereliň. – Alyteginiň yzyndan kowmaga bize yjaza ber! – diýip, Çagry beg Ybraýym Ynanja ýüzlendi. – Siz bolmasaňyz, babamyň aşyny-suwuny men kime bereýin?! Şonuň bilen gürrüň gutardy. * * * Masgaraçylykly ýeňlişden bir gün geçenden soň seljuk begleriniň adyndan köşge – Alyteginiň ýanyna iki sany çapar geldi: – Biz, seljuk begleri siz tarapdan ykrar edilen ýabgumyz Ýusup begiň hem onuň ýanyndaky haşymlaryň hununy bermegiňizi talap edýäris! Hunuň berilmedik ýagdaýynda biz Buharany ýer bilen ýegsan etjekdigimizi, siziň Garahan hökümdarlygyňyzy jähenneme iberjekdigimizi öňünden duýdurýarys. Jeýhundan ilerdäki, Balkandaky jemagatlarymyzy kömege çagyrmasak-da, sizi tohum-tijiňiz bilen ýok edip biljekdigimize düýn göz ýetiren bolsaňyz gerek! Garahan türkmenleriniň hökümdary Alytegin bu çaparyň geljekdigini bilýärdi. Şonuň üçin berilmeli jogaby öňünden taýýarlap goýupdy: – Ýusup ýabguwa men uly hormat goýýardym, onuň bilen mydama gowy gatnaşykda boldum, oňa emir Ynanç Baýgu unwanyny berdim. Agzybirlikde ýaşamagy ähtleşdim. Arman, ol menden ýaşyryn emirim Alp Gara bilen nämedir bir zat barada tersleşipdir, şol tersleşikde Alp Gara ony öldüripdir. Men bu zatlardan habarsyz galdym, Ýusubyň ölümini – doganymyň ölümi hasaplaýaryn. Bir hepdeläp ýas tutmak barada ýörite perman berdim. Men Alp Garany bu etmişi üçin tutup jezalandyrmakçy boldum. Ýöne ol menden gaçdy, ony tutan dessime siziň ygtyýaryňyza ibererin. Alp Garanyň berilmejekdigini seljuk begleri bilýärdi, ýöne olaryň arlaryny – hunlaryny aljakdyklary gara çynlarydy. * * * Bäş ýyldan soň Togrul beg ýene Hazaraspa geldi. Çünki bu ýerde Alp Gara gizlenýärdi. Alp Gara öz meslekdeşleri bilen Hazaraspyň ilatyny dyza çökermäge gelipdi. Ýöne Bahadur Pählewan ony ele salyp, ýene ýüz dinar gazanç etdi. Alp Garany mundan bäş ýyl öňki duran ýerine – şäheriň bazaryndaky giň meýdanyň dar agajynyň aşagyna getirdiler. Alp Gara bäş ýyl mundan öň Togrul begi maýyl eden sözlerini totuguş deýin gaýtalaýardy: – Adamlar, men ölümden gorkup aglamaýaryn. Ýok, men yzymda sekiz sany çyrçykly çaganyň eklençsiz, ýetim galjakdygyna ýüregim awap aglaýaryn. Ýaşajyk çagalarym garlawajyň jüýjeleri ýaly bolup, her gün meniň bir kesemen tötek eltip bererime garaşýarlar. Men bolmasam, bigünä çagajyklarym aç öler: adamlar, maňa haýpyňyz gelmese-de, çagajyklaryma haýpyňyz gelsin! Hunumy töläp, meni ölümden halas ediň! Men siziň gapyňyzda ömrümiň ahyryna çenli mutyg guluňyz bolaýyn!.. Bu sözler Togrul bege tanyş sözler. Bäş ýyl mundan öň bu sözler onuň ýüregini elendiripdi, güýçli täsir edipdi. Bu gün welin, Togrul begiň ýüregi elenmedi, gaýtam, ýüregi bulanyp, myrryhy atlandy. Bu gezek Alp Gara emire hiç kim kepil geçmedi: hun alyş hökümi ýerine ýetirildi... Bu dünýäde her kim öz emeliniň pidasy. 5. Horezmin Alytegin seljuklylary doly ýok etmek maksady bilen garahanly jemagatlary aýaga galdyrdy, goşun jemläp ugrady. Diňe bir garahanly jemagatlary däl, eýsem golaý-goltumdaky beglik¬lere-de çapar ýol¬lady. Şu gezekki seljuk ýagysyndan dynmagyna hemaýat eden ýaranlaryny görlüp-eşidilmedik derejede sylaglamagy wada berdi. Baýlyk, tylla, dinar!.. Görlüp-eşidilmedik derejede beriljek sylag-engamlar – diňe bir mawerannahrlylary däl, hotanlylary-da ata atlandyrdy. Buhara gelýän atly esgerleriň yzy üzülenokdy. Olaryň ählisi Alyteginden köp mukdarda hatynan hantama bolup gelýärdi. Buhara gelýän atlylar hakdaky habar günübirin Nur etra¬byna ýet¬ýärdi. Seljuk begleri maslahat geçirdiler. – Näme etmeli? Heýtelede galmak gaty howply. Alyteginde rehim-şepagat ýok. Şol howsalaly günleriň birinde Jürjaniýadan Harun Altyn¬daşdan askudar26 geldi: – Eý, seljuk begleri! Men siziň Alytegin bilen araňyzdaky oňşuksyzlyklar hakda eşitdim. Siz howsala düşmäň! Size soltan Mahmyt – jaýy jennet bolsun – uly hormat goýýardy. Horezminiň musahhar kylynmagynda, babamyň şu tagtda oturmagynda hyzmatyňyz az bolmady. Men gadyr bilýän adam. Geliň. Siziň ýaly başarjaň adamlar maňa gerek. Men size eýe çykaýyn. Mallaryňyza öri meýdan, özüňiz ýaşaryňyz ýaly, ekin ekeriňiz ýaly ýer bereýin. Siz maňa bil baglap bilersiňiz. Men size Gauhor, Şaruhan, Rabat Maşe etraplaryny ykta bereýin. Siz ol ýerde rahat ýaşarsyňyz. Hiç kim size azar bermez. Togrul beg maslahatda şeýle diýdi: – Harun Altyndaşyň dergähine, onuň bilen anyk pikir alyşmaga men gideýin. Şol günüň ertesi Togrul beg iki ýüz atlysy bilen Ürgenje ugrady. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |