16:41 Altynjan hatyn / 2-nji kitaba düşündirişler -17 | |
DÜŞÜNDIRIŞLER
Birinji hekaýat 1. Perrende – guşlar, uçýan ähli janly-jandarlar. Derrende – ýyrtyjy, wagşy haýwanlar. 2. Ibn Esir. Kämil taryh. Türkmenistanyň milli medeniýet «Miras» merkezi. 1 jilt. A., 2005. 3. Tabarystan – palta ýurdy diýen manyny berýär. Bu adyň gelip çykyşy bilen baglanyşykly rowaýat bar. Tabarystanyň häzirki ady Mazenderan. 4. Falak al-ma aly Manuçihr – 1012 – 1029 ýyllar aralygynda, ogly Anuşirwan 1029 – 1049-njy ýyllar aralygynda şalyk edýär. Anuşirwan meşhur «Kowusnama» kitabyny döreden Keý-Kowusyň atasydyr. Keý-Kowus 1041-nji ýylda seljuklylaryň gelmegi bilen Gazna gaçýar, soltan Maududyň nedimi bolup işleýär. 5. Baýhaky Masut soltany Amul şäherinde garşy alan ilatyň sanynyň 500 – 600 müňe ýetendigini ýazýar. Megerem, bu san aşa artdyrylan san bolsa gerek. (Amul atly iki sany şäher bolupdyr. Biri häzirki gürrüňini edýän Amul şäherimiz – Mazanderan welaýatynyň baş şäheri. Bu şäher tüwi we her hili datly ir-iýmişleri bilen şöhratlanypdyr. Ikinji Amul Türkmenabat şäheridir). 6. Ibn Hordadbeh. «Kitab al-Mesalik wa-l-memalik». MITT. Tom 1. L. – M. 1937. 7. Ibn Esir. Kämil taryh. TMMMM. 1-nji jilt. A., 2005. 8. Ibn Hordadbeh. «Kitab al-Mesalik wa-l-memalik». MITT. Tom 1. L. – M. 1937. 9. Ibn Hordadbeh. «Kitab al-Mesalik wa-l-memalik». MITT. Tom 1. L. – M. 1937. 10. Bundar (masyl) – salgyt ýygnaýan gullukçy, amil – paç ýygnaýjy. 11. Tahyrlylar – 821-873-nji ýyllarda Horasanda hökümdarlyk eden şalyk. 12. Ibn Hordadbeh. «Kitab al-Mesalik wa-l-memalik». MITT. Tom 1. L.M. 1937. 13. Sadakat (birlik sany sadaka) – bu ýerde raýatlaryň hojaýynlaryna – ýer eýelerine berýän tölegleri göz öňünde tutulýar. 14. Haraç – esasy ýer salgydy. Bu salgyt boýunça ýerden alynýan hasylyň üçden birinden üçden ikisine çenli aralykda tabşyrmaly. Hüşür – hasylyň ondan biri görnüşindäki ýer salgydy. 15. Rusum-i-marai – öri meýdanlary üçin salgyt. Awariz – adatdan daşary ýagdaýda ýygnalýan pul. Alaf – çaparlar, harby çindäkiler we goşun üçin ýygnalýan azyk harytlary we ulag iýmiti. Seret: Nyzamylmülk. «Syýasatnama». Ruh. A., 1998. Kisam – paý, bölek. Adatdan daşary salgytlaryň bir görnüşi. «Taufir» – I.P.Petruşewskiniň kesgitlemesi boýunça «salgyt ýygnaýjylaryň adamlardan bellenilen möçberden artyk tölemäge mejbur edip ýygnan salgytlary, şeýle hem goşmaça tölegler netijesinde jemlenen pul». «Hukuky maragy» – öri meýdanlaryny peýdalananlardan alynýan salgyt. Bu salgyt, esasan, çarwalara degişli bolupdyr. Töleg – gaýry dinliniň geýmini tapawutlandyran nyşan. Orta asyrlarda gaýry dinliler musulman döwletlerinde musulman geýimlerini ýa-da donuny geýmäge borçly bolupdyrlar. Jizýe – musulman dällere salynýan salgyt. «Ähli zimmet» – yslam ýurtlarynyň çäklerinde ýaşaýan, jan başyna salgyt tölemäge borçly gaýry dinli paç töleýjiler: isaýylar, jöhitler, otparazlar. Şu tölegi töländikleri üçin gaýry dinliler musulman häkimiýetiniň goldawyndan peýdalanypdyrlar. Abre – syýahatçylary goramak we derýadan geçirmek üçin alynýan salgyt. 16. Diwany yşrafy memleket – seljuk döwletinde ýokary derňew-barlag guramasy. Bu guramanyň esasy wezipesi gelýän pullara we salgyt hasaplaryna gözegçilik etmekden we olary barlamakdan ybarat bolupdyr. 17. Diwany-amal – salgyt ýygnaýanlaryň üstünden garaýan edara. Bu ýerde işleýän emeldarlar amyl diýlip atlandyrylypdyr. 18. «Hukuk wa rusumi diwani» – bu adalga diwanyň peýdasyna tölenýän salgytlaryň jemi diýen manyny hem aňladýar. 19. Nal baha – diwan işgärleriniň we salgyt ýygnaýjylaryň-bundarlaryň, adatça, öz işlerini ýerine ýetirýän wagtlary atlarynyň uzak ýol geçýändikleri, şol zerarly atlaryň nallarynyň sürülýändigi üçin salynýan salgyt. 20. Pilmahmyt – Soltan Mahmyt Gaznalynyň il arasyndaky ýörgünli ady. Bu at soltanyň göwresiniň uly bolandygy, mydama pilde ýöriş edendigi, ýörişde pil münendigi üçin galan bolsun gerek. 21. Hepbe – bir dirhemiň kyrk sekizden bir bölegi. Hepbesiz diýen söz türkmenlerde häzir hem ulanylýar. Hepbesiz – hiç zat gazanmaga ukypsyz diýen manyny aňladýar. 22. Sowmagy – Çagry begiň müneçjimi: Ibn Esir Kämil taryh. TMMMM. 1-nji jilt. A., 2005. Üçünji hekaýat 1. Tarih-i-Baýhaky. 585. MITT, tom I, M.-L., 1935. 2. Kethuda – goşunyň maliýe we hojalyk işleriniň müdiri şeýle atlandyrylýar (Baýhaky). «Kethuda» sözi başda uly jemagatyň ýolbaşçysy manysynda ulanylypdyr. Wagtyň geçmegi bilen kethuda oba ýolbaşçysyna – obanyň suw ulgamyna, tertip-düzgünine, ýer eýeçiligine gözegçilik edýän adama aýdylypdyr, gullar hem kethudalaryň garamagynda bolupdyr. 3. Bagdat halyfy – 749–1258-nji ýyllar aralygynda musulman döwletleriň arasynda sünni mezhebini ýöredýär. Ol Abul Apbas Abdylla bin Apbas bin Abdylmuttalyp tarapyndan esaslandyryl¬ýar. Abdylmuttalyp – Muhammet pygamberiň kakasynyň doganydyr. Ol hijreden 3 ýyl öň Mekgede dünýä inýär, elmydama pygamberiň ýanynda bolupdyr, 68-nji hijri ýylynda wepat edýär. Oňa ylmynyň çuňlugy üçin «Ymmatyň syýasy» diýip at goýlupdyr. Ol emewi halypalygyna garşy öz halypalygyny döredýär. Bagdatda döredilen bu halypalyk 809-816-njy ýyllar aralygynda Mansur tarapyndan Merwden dolandyrylýar, ýagny halypalyk Merwde bolýar. 4. Oguz ýurdy – Oguz ýurdunyň serhetleri hakda 984-nji ýylda näbelli awtor tarapyndan ýazlan «Hudud el-älem», ýagny «Älemleriň serhedi» atly meşhur arap taryhy kitapda şeýle diýil¬ýär: «Başga bir çöl gündogarda Merw serhetleriniň gyrasynda Jeýhuna inen çöldür. Bu çöl Bawert, Nusaý, Paraw, Dehistan bilen Etil sebitine çenli uzalyp, Hazar deňzine bitişer. Bu çölüň günbatary Etil derýasy, demirgazygy Jeýhun, Horezm deňzi bilen Bulgar serhedine çenli aralyk Oguz ýurdudyr. Ady Horezm ýa-da Oguz çölüdir. Bu çöldäki çägeler Balh serhedinden başlap, Jeýhunyň günortasyna, Horezm deňziniň aşagyna çenli uzalýar». 5. Gurt oýny – garaşman durka çar tarapdan duşmanyň üstüne çozup, köp gyrgynçylyk edip, duşman garşylyk görkez¬mäge girişmänkä gürüm-jürüm bolmak. 6. Hums paýy – oljanyň patyşa degişli bäşden bir bölegi. 7. Muhsin bin Tak – seljuklylaryň görnükli serkerdeleriniň biri. Soltan Mahmyt Gaznalynyň kätibi Nasr Muhammet bin Abdyljepbar Utbynyň «Soltan Mahmyt Gaznalynyň taryhy» atly meşhur kitabynda Muhsin bin Tak hakda anyk maglumatlar berilýär. Şol maglumatlara görä, 1006-njy ýylda soltan Mahmyt Gaznalynyň Multanyň patyşasy Dawut bin Nasr bin Şyh Hamydy we onuň nesilşalygyny, şeýle hem karmatylary ýok etmek maksady bilen Gaznadan gidenliginden peýdalanyp, garahanly hökümdar Ilekhan Sübaşy Tegini Horasana gönderýär. Bu habary eşiden soltan yzyna dolanýar, Sarahsyň ýolunda onuň öňüni seljuk emiri Muhsin bin Tak kesýär. Gazaply söweş bol¬ýar. Söweşde seljuk emiri ele düşýär, soltan ony iki parça edip öldürýär. Onuň bäş müň atlydan ybarat goşuny soltanyň tarapyna geçýär we onuň hyzmatynda durýar. 8. Gurhan. Ikinji süräniň 286-njy aýaty. 9. Tarih-i-Baýhaky. MITT, tom 1. M.-L., 1935. 10. Gurhanyň üçünji «Ymranyň öýi» süresiniň 126-njy aýaty. 11. Gurhanyň ikinji «Sygyr» süresiniň 249-njy aýaty. 12. Ariz – goşunyň azyk we maliýe üpjünçiligini gurnaýan ýörite toparyň ýolbaşçysy. Dördünji hekaýat 1. Ýazyr galasy – Abulgazy «Türkmenleriň şejere daragty» diýen kitabynda ýazyrlaryň Durun sebitlerinde ýaşandyklaryny ýazýar. A.Tumanskiý Abulgazydan şeýle bir mysal getirýär: «Ýazyrlar Durun sebitlerinde ýaşadylar. Şonuň üçinem Durunyň öňki ady Ýazyr ýurdy diýlip atlandyrylýar. Ýazyrlaryň bir bölegi Durunyň ýakynyndaky dagyň eteginde ekerançylyk bilen meşgullanypdyrlar. Häzirki döwürde şol ýerde ekerançylyk bilen meşgullanýan ýazyrlara garadaşly diýilýär». «Durun» diýen adyň XIV asyrda dörändigini ýazýar. Durundaky gala ilki başda Oguz han eýýamynda Tak (Gün) gala diýlip atlandyrylypdyr, yslamyň gelmegi bilen eždatlarymyzyň otparazçylyk bilen baglanyşykly ýer-ýurt atlarynyň galabasy üýtgäpdir. Muhammet şanyň ejesi Türkan hatynyň Ýazyr galasynyň basylyp alynmagyna aýratyn üns bermesiniň sebäbi ýazyr türkmenleriniň hany Hindu han bilen garyndaşlyk gatnaşygynyň bolandygy bilen esaslanyşdyrylýar (Nesewi). 2. Abu Seýit Abylhaýyr – Abu Seýit Abylhaýyr (7.XII.967 – 12.01.1049 ý.). Abu Seýit Mäne baba ady bilen meşhurdyr. Bu ulamanyň aramgähi Kaka etrabynyň Mäne obasynda ýerleşýär. Bäşinji hekaýat 1. At gaýtarym – üç kilometr töweregi uzaklyk. 2. Abu Nasr Faraby (874–950 ý.) – «El-Medine El-Fazyla» atly eserinde patyşanyň, döwlet ýolbaşçysynyň pähimli, paýhasly, şeýle-de «pygamber donuny geýen ylahy Eflatun» bolmalydygyny nygtaýar. Faraby bu pikirini şeýle esaslandyrýar: eger döwlet ýolbaşçysy ylymly, bilimli, adalatly we päk ahlakly bolsa, onda raýat, ýurt ruhubelentligi bolar. Eger döwlet ýolbaşçysy erbet, nadan, adalatsyz we zalym bolsa, raýatlar erbet ýaşarlar, ruhupes bolarlar. 3. Eflatunyň (Platonyň) arapça terjime edilen «Döwlet» we «Syýasat» kitaplary. 4. Tonýukuk – Günbatarly alymlar Tonýukuky Germaniýany döreden Bismarka meňzedýärler. Ol Hytaýyň içeri we daşary syýasatyny gowy bilipdir. Bilge hanyň weziri. 5. Bilge han – 716–734-nji ýyllar aralygynda dogany Kultegin bilen şalygy bile dolandyrýar. Bilge – hökümdar, Kultegin – goşun serkerdesi bolýar. 6. Atylla (434–453 ý.) – görnükli hun hökümdary. Atylla on bir ýyllap, dogany Bleda wepat edýänçä onuň bilen bilelikde hökümdarlyk edýär. 7. Gözel gyz döwletleri – Ýewropa döwletleri. Ýewropa – gyzyň ady. 8. Goşgynyň manysy: Alp Är Töňňe öldi, dünýä eýesiz galdy. Indi onuň döwleti we döwri ýadymyza düşüp, ýüreklerimiz lerzana gelýär. 9. Gurhanyň «Manda» süresiniň 3-nji aýaty. 10. On iki sypat – Farabynyň hökümdara hökman mahsus bolmaly hasaplaýan sypatlary şu aşakdakylardan ybarat: 1.Sagdyn bolmaly; 2.Dogabitdi ýiti zehinli bolmaly; 3.Ýatkeş bolmaly; 4.Parasatly we öňdengörüji bolmaly; 5.Dilewar bolmaly, ýagny pikirlerini aýdyň we ýeňil düşündirmegi başarmaly; 6.Öwretmeni we öwrenmegi gowy görmeli, goldamaly; 7.Çendenaşa köp iýmekden, içmekden, şöhwetden, her hili humarly oýunlardan daşda durmaly; 8.Dogruçyl we hakykatçyl ynsanlary söýmeli; kezzaplary we ýalançylary ýigrenmeli; 9.Jomart we sahy bolmaly; 10.Pula we beýleki dünýä nygmatlaryna göz gyzdyrmaly däl; 11.Mydama adalatyň tarapynda bolmaly, zulumy ýigrenip, zalymlara garşy çykmaly; 12.Gaýratly we erkli bolmaly. Eger bir zadyň hakykatdygyna göz ýetirse, bu meselede berk durmaly, hiç hili gowşaklyga we ruhupeslige ýol bermeli däl. 11. Pentnama – Söbükteginiň ogly soltan Mahmyt Gaznala beren pendi. Göwrüm taýdan uly bolmadyk bu Pentnama esgerleriň, begzadalaryň arasynda biçak meşhur, ýörgünli bolupdyr. Köp adamlar Pentnamany ýat tutupdyrlar. 12. Utby Abu Nasr Muhammet bin Abdyljepbar – «Soltan Mahmyt Gaznalynyň taryhy» atly meşhur kitabyň ýazary. Utby soltan Mahmyt Gaznalynyň debiri. Ol soltan Mahmyt Gaznalydan on ýyl öň – 1020-nji ýylda aradan çykýar. Şol sebäpli kitapda diňe 1020-nji ýyla çenli wakalar beýan edilýär. Soltan Mahmyt Gaznalynyň soňky taryhy Baýhakynyň kitabynda beýan edilýär. Çünki Baýhaky Utby aradan çykandan soň gönüden-göni soltan Mahmyt Gaznalynyň, ol aradan çykandan soň bolsa, soltan Masut Gaznaly ibn Mahmyt ibn Söbükteginiň debiri bolup işleýär we olaryň ömür ýoly hakda kitap ýazýar. Soltan Mahmyt Gaznaly hakda öz döwründe ýazylan kitap köpdür. 13. Kurur – million. 14. Soltan Mahmyt Gaznaly 1013-nji ýylda 20 kurur dinar harçlap Jeýhun derýasynyň üstünden köpri gurýar, bu köp wagtlap saklanýar. 15. Goşun dili – Soltan Mahmyt Gaznaly 1027-nji ýylda öz goşunynda dürli halklaryň we halkyýetleriň wekilleri gulluk edensoň, olaryň özara düşünişmekleri üçin arap, pars, türkmen dilleriniň esasynda täze dil – urdu dilini döredýär. Soltan bu babatda diňe bir perman bermek bilen çäklenmän, şol diliň döremegine gönüden-göni ýolbaşçylyk edýär, döredýär. Häzirki döwürde urdu dili – Pakystanyň döwlet dilidir. 16. El-Agajy – türkmen sözi bolup, patyşadan ýurduň ýaşu¬lularyna, ýurduň ýaşulularyndan patyşaga gelen hat-petekleri gatnadyjylary, ýagny soltanlaryň ýörite hajyplary manysyndadyr. (Mürze Muhammet Kazwyny. Gahar makal hatyýalary. 130 s.) Muhammet ibn Aly ibn Süleýman Rawendi. Göwünleriň rahady – şatlyklaryň ganaty. 17. Zabulystan (Jabulystan) – Seýistan (Sejestan) bilen Hindistan aralygyndaky uly welaýat. Bu welaýatyň uly şäheri, merkezi Gazna şäheridir. Gazna sebitleri. Soltan Mahmyt Gaznalynyň şalygynyň atlandyrylyşy. 18. Çaryýarlar oňşuksyzlygy – Hezreti Abu Bekr (632–634 ý.), hezreti Omar (634–644 ý.), hezreti Osman (644-652 ý.), hezreti Aly (656–661 ý.) – ilkinji halyflardyr. Bu dört çaryýarlardan soň, Emenileriň halyflygy başlanýar. Ol 661-nji ýyldan 750-nji ýyllar aralygynda dowam edýär, jemi 14 halyf bolýar. Emenilerden soň Apbasylaryň halyflygy başlanýar. Bu halyflyk 750-nji ýyldan – 1924-nji ýyla – Osman türkmenleriniň soltanlygy agdarylyp, ýerine Türkiýe Respublikasy döreýänçä dowam edýär. Mongollaryň apbasylary ýok etmekleri netijesinde halyflyk Müsür türkmen memluklarynyň eline geçýär we ol 1261-1516-njy ýyllara çenli dowam edýär. 1516-njy ýylda Osman soltanlygynyň soltany Ýowuz Selim Müsür türkmenlerini özüne tabyn edýär we halyflygy Stambula geçirýär. Netijede türkmenler Stambuldan dünýä musulmanlaryna halyflyk – baştutanlyk etmäge başlaýar. Has takygy, 1055-nji ýylda Seljuk döwletiniň soltany Muhammet Togrul beg Bagdada girip, Büweýh döwletini ýok edeninden 1924-nji ýyla çenli 870 ýyla golaý wagtlap türkmenler dünýä musulmanlarynyň din gylyjy, ýolbaşçysy bolup geldiler. 19. Karmatçylyk (karmat – ogryn, seýkin basyp ýöreýär diýen manyny aňladýar) – IX asyrda Alynky Aziýada we Merkezi Aziýada feodal gurluşyň garşysyna dörän şaýylaryň bir akymy. Karmatlar özlerini Ymam Ysmaýylyň (762-nji ýylda aradan çykan) ýoluny dowam etdirijiler hasaplapdyrlar. Şeýle bolansoň, karmatlary ysmaýylçylar diýip hem atlandyrypdyrlar. Ysmaýylçylar ýerlerde feodal baýlaryň döremegine garşy çykypdyrlar. Olar oba jemagatlarynda ýerleriň adamlaryň arasynda baýlygyna-ga-ryplygyna seretmesizden deň paýlanmagyny, ähli zatda deňligiň bolmagyny talap edipdirler. Bu talap garyp-gasarlaryň göwünlerinden turupdyr. Şeýle bolansoň olar karmatlara duýgudaş¬lyk bildirip, olaryň toparlaryna goşulypdyrlar. Karmatlaryň ýolbaşçylygynda köp ýerlerde ýerli feodallar durupdyr, olar garyp-gasyrlaryň köplügini öz bähbitleri üçin peýdalanypdyrlar. Ýerli feodallar döwlete garşy durup, özleri üçin ýeňillikleri gazanmaga çalşypdyrlar. Karmatlary Müsüriň fatymy halyflygy goldapdyr we olara ýolbaşçylyk edipdir. Bagdat halyflygy karmatlary berk ýazgarypdyr we olara garşy göreşipdir. X asyrda karmatlar ogryn iş alyp barypdyrlar. Soltan Mahmyt Gaznaly karmatlary rehimsizlik bilen jezalandyrypdyr. Togrul soltan hem karmatlara – ysmaýylçylara garşy berk göreşýär, ýöne olary doly ýok edip bilmeýär. Ysmaýylçylar görnükli döwlet ýolbaşçylaryny gapyllykda öldürmek bilen meşgullanýarlar, ysmaýylçylary – karmatlary XIII asyrda doly ýok eden Çingiz handyr. 20. Bu pikir Kerimeddin Mahmyt Aksaraýlynyň «Musameretul ahbar» (habarlaryň mejlisi) kitabynda nygtalýar. 21. Anuşirwan (Nowşirwan) – sasanylar hanedanlygynyň 21-nji patyşasy. Onuň hakyky ady Hysrowdyr, Anuşirwan lakamydyr. Araplar oňa Kesra diýýärler. Ol 531-nji ýylda patyşa bolýar. Bu patyşa adalatlylygyň simwoly hökmünde suratlandy¬rylýar. Gündogar hronologlary onuň adyny «adyl» epiteti bilen tutýarlar. Ol kakasynyň şalygy döwründe dörän mezdekileri köp gyrýar, olaryň soňuna çykýar. Ol 579-njy ýylda aradan çykýar. 22. Gürrüň Gurhanyň ýigrimi dördünji «Nur» süresiniň 11-nji aýatynyň döremegine sebäp bolan waka hakda barýar: «Pygamber alaýhyssalam sahabalary bilen bile bir gazawatdan gelýärkä, Medinä golaýlaşanlarynda, garaňky gijede esgerlere biraz aram-dynç almak üçin rugsat berýär. Şonda Pygamber alaýhyssalam bilen bile gazawata çykan jübti-halaly Aýşa – Alla ondan razy bolsun! – hajat üçin çykyp, esgerlerden uzaga gidýär we gaýdyp gelende, kerweniň ýola düşenini görýär. Şol wagt, endige görä, kerweniň yzynda galan närseleri ýygnamak üçin goýlan bir sahaba gelip, Aýşany görýär we ony tanap, düýä mündürip, özi pyýada ýöräp ony kerweniň yzyndan ýetirýär. Muny gören käbir müňkür kimseler Aýşany betnam edişip, dürli myş-myşlar ýaýradýarlar. Muny eşidip, Pygamber alaýhyssalam hem, Aýşanyň atasy Ebubekir Syddyk hem, başga musulmanlar hem örän gamgyn bolýarlar. Aradan bir aý geçenden soň Aýşanyň päkligi anyklanýar we bu myş-myşlaryň töhmetdigi äşgär bolýar». Altynjy hekaýat 1. «Balhan – Abywerdiň arkasynda ýerleşýän bir şäher». Ýakut Hamawy. Ýurtlaryň sözlügi (Türkmen obalary). «Mujem al-buldan. 1-nji jilt. 479 s. 2. Haşam – ýurduň patyşasynyň howpsuzlygyny goraýan saýlama topar, goşun, janpena, şatyr, jandar. Haşam sözi käbir taryhy çeşmelerde haşym görnüşinde alynýar. Haşam, haşym şol bir manyny aňladýan düşünjelerdir. Taryhy çeşmelerde ulanyl¬ýan haşar sözi haşam, haşym sözleri bilen manydaş däldir. Haşar – ilatdan gyssagly ýagdaýda ýygnalan adamlaryň toparyna aýdylýar. Haşar sözi türkmen dilinde häzir hem ulanylýar. Goşun, köplenç, haşar usulynda hakynatutma adamlardan düzülipdir. Adamlar gazanç etmek maksady bilen söweşipdirler. Mufrat – köşk nökeri. Nyzamylmülk. «Syýasatnama». Ruh. A., 1998. 3. Tus – Maşat şäheriniň golaýyndaky şäher. Häzir ol şäherden diňe haraba yzlary galypdyr. 4. Zyndyk – zyndyk sözi Mazdagyň yzyna eýerijileriň ady bolupdyr. Ol at Awestanyň tefsiri bolan «Zend» kitabynyň adyndan gelip çykypdyr. Mazdak öz çykaran mezhebini zerdeşt we mani mezheplerine düzedişler girizmek esasynda döredipdir. Syýasy dilde we mezhep dilinde zyndyk döwletiň we ruhanylaryň garşysyna çykan adamlara dakylypdyr, şeýle at bilen garşydaşyňy ýok etmek bellibir derejede aňsat bolupdyr. 5. Puta – türgenleşmek hem-de göwün açmak üçin nyşana ok we hanjar atyşmak. 6. A.Firdöwsi. «Şanama». 456 sah., 24 setir. 7. Jöwşen – simden ýasalan gadymy uruş geýimi, sowut, demir don. 8. Jamedar – soltanyň egin-eşikleri boýunça – tikmek, saklamak, geýindirmek, serenjam bermek boýunça müdir. 9. Reý – bu şäheriň harabalary häzirki wagtda Tähran şäherinden sekiz kilometr günortada, Tähran şäheri bilen Şaabdylazym şäheriniň aralygynda galypdyr. Reýiň ady Awestada «Rakaý» ýa-da «Raga», Töwratda «Rajys» şekilinde gabat gelýär. Ýunanlylar oňa «Raga» ýa-da «Ragaýy» diýipdirler. Ahemenliler döwründe ol «Rajis» atlandyrylypdyr. Miladydan 150 ýyl owal Parfiýa şalygyny döreden Ärsagyň paýtagtlarynyň biri bolupdyr. Reýi XIII asyrda mongollar ýumrupdyr. 10. Gurhanyň 13-nji «Gök gümmürdisi» («Rad») süresiniň 17-nji aýaty. Ýedinji hekaýat 1. Gurhan. «Imranyň öýi» süresi, 26-njy aýat. 2. Kulah menşur – Perman. 3. Ibn Esir. Kämil taryh. TMMMM. 1-nji jilt. A., 2005. 4. Dehkan (dah han) – bu söz maly-mülki bolan gurply mülkdar adamy aňladýar. Emma her döwürde ol täze mana, täze öwüşgine eýe bolupdyr. Häzirki döwürde ol daýhan, ekerançy manysyna eýe. Daýhan sözköki «dah han» diýen iki sözden ybarat. Gadymy döwürlerde pederlerimiz dahlar diýlip atlandyrylypdyr. 5. Ibn Esir. Kämil taryh. TMMMM. 1-nji jilt. A., 2005. 6. Hajy Mälik – jähennemiň garawulynyň ady (seret: Gurhanyň 43-nji süresiniň 74-nji aýaty). 7. 428-nji ýylynyň muharrem aýy – 1036-njy ýylyň Alp Arslan aýy. 8. Ibn Esir. Kämil taryh. TMMMM. 1-nji jilt. A., 2005. 9. Mezhepleriň içinde diňe hanafy mezhebi şerap içmegi günä hasaplamaýar. 10. Ibn Esir. Kämil taryh. TMMMM. 1-nji jilt. A., 2005. Abu Seýit Abylhaýyryň (Mäne babanyň) seljuklylara ak pata berendigi hakdaky maglumat taryhy kitaplaryň tas ählisinde diýen ýaly gaýtalanýar. 11. Gurhan. 2-nji süräniň 216-njy aýaty. 12. Gurhan. 5-nji süräniň 56-njy aýaty. 13. Tuwulga – söweşde başa geýilýän bürünçden edilen başgap. 14. Çaraýna – söweşde ok geçmezligi üçin gursakdan we arkadan asylýan ýasy gural. Ol dört bölek metaldan ybarat bolup, sowuda dakylýar. 15. Bäş peşgeş – Göktaňrynyň han göteren kişisine bäş zat berýändigi hakda Ýusup Has Hajyp Balasagunlynyň «Bilimnama» eserinde aýdylýar. Taňry tarapyn berilýän bäş peşgeş şu aşakylardan ybarat: 1. Gut – hökümdarlyk. 2. Ýarlyk – buýruk. 3. Ülüg – ykbal. 4. Küç – güýç. 5. Paýhas. Sekizinji hekaýat 1. Melikul-mülük – patyşalaryň patyşasy. 2. Faruk Sümer. Oguzlar – türkmenler. 3. Syrtlan tilsimi – syrtlan haýsy jandary awlajak bolsa, mydama onuň syrt, arka tarapyndan duýdansyz gelip topulýar. Ata-babalarymyz syrt tarapdan gelip awa topulýandygy üçin bu ýyrtyja syrtlan diýip at beripdirler. 4. Ýakut Hamawy. Ýurtlaryň sözlügi. (Türkmen obalary) 5. Bu maglumat Muhammet ibn Aly ibn süleýman Rawendiniň “Göwünleriň rahaty – şatlyklaryň ganaty” atly kitabynyň birinji jildinden alyndy. 6. Rahhaj – Käbiliň (Kabulyň) golaýynda ýerleşýän şäher. 7. Abu Nasr Faraby. Makalalar ýygyndysy: «El-Medine El-Fazyla». 8. Jylawdar goşun – merkezdäki atly goşun. 9. Ibn Esir. Kämil taryh. TMMMM. 1-nji jilt. A., 2005. 10. Mizrak – gönder, naýza, jyza. Uzyn saply, süýri demirli uruş guraly. 11. Ibn Esir. Kämil taryh. TMMMM. 1-nji jilt. A., 2005. 12. Horasan – «Günüň dogýan ýeri» diýen manyny aňladýar. 13. Ibn Esir. Kämil taryh. TMMMM. 1-nji jilt. A., 2005. 14. Ibn Esir. Kämil taryh. TMMMM. 1-nji jilt. A., 2005. 15. Salar-buzgan – şäheri goraýan goşunyň serkerdesi. 16. Bu maglumat awtory näbelli meşhur «Hududyl-älem» (X asyr) atly kitapdan alyndy. «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Türkmenistanyň, Merkezi Aziýa we Gündogar halk-larynyň medeni mirasy döwlet institutynyň işleri». TMMMM. 1-nji jilt. A., 2005. 17. Mülkam – Maryda dokalýan ýokary hilli ýüpek mata. 18. Kaba – üstden geýilýän geýim. 19. Tawwizi – Maryda we Samarkantda dokalýan ýuka ýüpek mata. Bu matadan köplenç peş, ýagny selle edinýärler. 20. Abylkasym Abdylkerim Hawazyn bin Abdylmälik bin Talha an-Kuşaýry (986-1072) – görnükli hadysçy ulama. Barjamly maşgalada dünýä inip, gowy bilim-terbiýe alýar. On bäş ýaşda öz obasyna salynýan salgydy azaltdyrmak maksady bilen Nyşapura gel¬ýär. Ol özüne aşa göwni ýetýän, tekepbir, aşa zehinli ýigit eken. An-Kuşaýry Nyşapurda dini ylym bilen gyzyklanyp, görnükli sopy Abu Aly ad-Dakkakyň müridi bolýar. Dakkak şol döwürde medrese mekdebine ýolbaşçylyk edýärdi. Kuşaýry Dakkakyň gyzyna öýlenýär, Dakkak 1015-nji ýylda ýogalanda onuň ýolbaşçylyk eden medresesine eýe bolýar. Elbetde, onuň ömri hem döredijiligi hakda köp zatlary aýtsa bolar, ýöne biz onuň şafygy mezhebine uýandygyny we bu mezhep boýunça okuw kitabyny ýazandygyny aýtmak bilen çäk¬lenmekçi. (Knyş A.D. Musulmanskiý mistisizm. Moskwa – Sankt-Peterburg. DILÝ., 2004). 21. Şafy – sünnülere girýän müsürli belli ymam Abu Abdyl¬lah Muhammet ibn Idris aş-Şafy (767-820) tarapyndan döredilen mezhep. Şafylaryň kanunçylyk garaýyşlary hanafylaryň, mälikileriň, hanbalylaryň garaýyşlaryndan düýpli tapawutlanmaýar. 22. Tarih-i-Baýhaky. MITT, Tom 1. L.-M., 1935. 23. Soltanul-muazzam – at-owazaly, şöhratly soltan. Dokuzynjy hekaýat 1. Tarih-i Baýhaky. MITT, Tom 1. M.-L., 1935. 1. Gurhanyň 93-nji süresiniň 5-nji aýaty. 2. Hyýlbaşy – atly goşunyň serkerdesi. 3. Genji-badawert – şemal getiren baýlyk. Hysrow Perwiziň sekiz hazynasynyň ikinjisi. Rowaýata görä, göýä Rum patyşasy Hysrow Perwiziň hüjüminden gorkup, özüniň altyn-kümüşlerini gizlemek üçin gämä salyp bir ada ugradýar. Emma deňizde güýçli tupan turup, gämileri Perwiziň şalygyna alyp gel¬ýär. Perwiz ol baýlyklary ele salyp, köp mukdarda hazynaly bol¬ýar we bu hazyna «Ýel getiren hazyna» – genji-badawert diýip at berýär. Orta asyrda ömri genji badawerde deňemek şahyrlaryň arasynda ýörgünli bolupdyr. 4. Deýlem – Eýranyň günbatarynda ýerleşýän şäheriň ady. Deýlemliler Buweýh, Kaku şalyklaryny döretdiler. Yslam şalyklarynda esasy wezipeleri Deýlem şäherinden bolan adamlar eýeläpdirler. Buweýh şalygynyň synmagy – bu deýlemlilerden hökmürowanlygyň geçmegi. 5. Kundur – ladan, dini dessurlar geçirilýän wagtynda ýa¬kylyp, tütedilýän ýakymly ysly, şepbeşik jisim. 6. «Kundur – sopylaryň hanakasy bar bolan ýedi sany obanyň biridir» – Abu Sagt Abdylkerim Samgany Merwezi. Şejere kitaby, 10-njy jilt. 7. Hajyp al-bab – şa bosagasynyň eýesi. Gürrüň Abu Nasyr al-Kundury hakda barýar. Kundury Togrul begiň iň soňky baş weziridir. Ol «Amydylmülk» – şalygyň sütüni diýen ada mynasyp bol¬ýar. Nyzamylmülk Togrul soltanyň wepatyndan soň Kunduryny Alparslana ýamanlap, oňa agyr zulumlar etdirýär, ony biçdirdýär, soňundan hem öldürdýär. Onunjy hekaýat 1. Fiskal – habar beriji. 2. Gurhan. Ýigrimi ýedinji süräniň on sekizinji aýaty. 3. Gurhan. Ýigrimi ýedinji süräniň otuz dördünji aýaty. 4. Hannak – Andalusda balyk satýan adamlara «Hannak» diýen nisbe berilýär. Abu Sagt Abdylkerim Samgany Merwezi. Şejere kitaby. 11-nji tom. 5. Abulkasym Firdöwsi. Şanama. 608 sah. On birinji hekaýat 1. Eljuk – aç. Bu sözüň sözköki arap dilindendir. Juk – aç diýmekdir, «el» bolsa arap dilinde atlaryň öňünden goşulýan goşulmadyr. 2. Käbe şerbeti – kofe. «Kofe» sözi Käbe sözkökündendir. Ko¬fäniň ilki dörän ýeri hem Arabystandyr. 3. Gurhan. 2-nji süräniň 286-njy aýaty. On ikinji hekaýat 1. Urfis – patyşa goşuny haýsy obanyň deňine barsa, şol obanyň ilatynyň goşuny azyk önümleri bilen üpjün etmek borjy. 2. Ibn Esir. Kämil taryh. TMMMM. 1-nji jilt. A., 2005. 3. Nusaý bilen Merwiň aralygy – bu aralygyň bäş günlük ýoldugy hakdaky maglumat Ýakut Hamawynyň «Ýurtlaryň sözlügi» (Türkmen obalary) atly kitabyndan alyndy. 4. Debir (kätip, münşi) – kätip, (mürze, göçüriji). 5. Jüzjan – Owganystanyň demirgazygynda ýerleşýän bir welaýat. Köp taryhçylaryň Jüzjana Jürjan diýip düşünýändikle¬rini, munuň ýalňyşdygyny Baýhaky gaty janagyryly nygtaýar. 6. Tarih-i-Baýhaky. MITT, M.-L., 1937. 7. El Muntakym agda Allaha – Allatagalanyň duşman¬laryndan ar alyjy. 8. Karamyta – karmaty mezhebine uýýanlara garşy söweş¬ýänleriň baştutany. 9. Satgin – şerap içmek üçin jam, şakäse. 10. Muhammet ibn Aly ibn Süleýman Rawendi. Göwünleriň rahatlygy – şatlyklaryň ganaty. 1-nji jilt. 11. Kafur – hoşboý ysly ösümlik. 12. Unnap (arnap) – ösümligiň ady, Köýtendagda häzirem arnap jeňňeljigi bar. 13. Ibn Esir. Kämil taryh. TMMMM. 1-nji jilt. A., 2005. 14. Tarih-i-Baýhaky. MITT, M.-L., 1937. 15. Masudyň çakyza (miningit) keseliniň bolandygy hakdaky maglumaty Muhammet ibn Aly ibn Süleýman Rawendi «Göwünleriň rahaty – şatlyklaryň ganaty» atly kitabynyň 1-nji jildinde Baýhaka (662 sah.) salgylanyp ýazypdyr. 16. Tarih-i-Baýhaky. MITT: Materialy po istorii turkmen i Turkmenistana. Tom 1, M. – L. 1935. 17. Nerkesdan – nerkes güli salynýan güldan, küýze. 18. Sipergam – 1.Hoşboý ysly ösümlik. 2.Reýhan. 3.Miwe. 4.Ösümlik. 19. Daşrabat – Daňdanakan galasynyň ikinji ady. 20. Tarih-i-Baýhaky. MITT, M.-L., 1937. 21. Togrul begiň bu harby söweş tilsimi 1812-nji ýylda görnük¬li rus serkerdesi Kutuzow Fransiýanyň imperatory Napoleon bilen eden söweşinde gaýtalaýar. Kutuzow Moskwa şäherini boşadyp, gyra çekilýär we fransuz goşunynyň başyna Togrul begiň görkezen gününi salýar. 22. Tarih-i-Baýhaky. MITT, M.-L., 1937. 23. Ynal (ýynal) – mirasdar. Abu-Abdullah al-Horezmi. «Mafatih al-ulum». Tarih-i-Baýhaky. MITT, M.-L., 1937. 24. Syrak padymanyň Darini aldap çölüň jümmüşine äkidişi we çölde ahemeni goşunynyň teşnelikden ýaňa gyrlandygy baradaky rowaýat. 25. «Türkmenleriň enesi-de, atasy-da çöldür» – Tarih-i-Baýhaky. MITT, M.-L., 1937. 26. Gurultaý (gurultoý) – Bu sözüň sözköki «gurulyş toýy» diýen düşünjeden dörändir, gadymyýetden başlap türkmen halky täze döwlet gurjak bolanda «gurultoý (gurulyş toýy)», ýagny gurultaý geçiripdir. On üçünji hekaýat 1. Ykta – mülk ýeri. F.Engels özüniň «Anti-Dýuring» atly eserinde seljuklylaryň Merkezi Aziýada ilkinji bolup feodalçylyk gurluşyny girizendikleri, şalygyň döremeginiň iň esasy ähmiýetiniň Aziýada feodalçylyk gurluşyny girizendiginden ybaratdygy hakda ýazypdyr. 2. Ykdadar – ykta alan adam. Ülüşçi-barzigar – iktadardan kärendesine ýer alyp işleýän daýhan. Barzigar eken ekininden alan hasylynyň ylalaşylan ülüşini iktadara berýär, şeýle hem haraç töleýär. 3. Diwany wezarat – wezirlik diwany; diwany mürstewfi – salgyt, girdeji we hasap-hesip baradaky diwan; diwany owkaf – wakflar diwany; diwany kaza – höküm çykaryş diwany; diwany risaýyl – hat-petek, resminamalar, ýazgylar diwany; diwany şert – şertnama diwany; diwany berid – çaparlar, aragatnaşyk diwany; diwany yhtysap – hasap-hesip diwany; diwany müşrif – çykdajylara gözegçilik edýän diwan; umury sedarat – dini ýolbaşçylary taýýarlaýan we olaryň işleýişlerine, kämillik derejelerine jogap berýän gulluk; wezaraty derbar – köşk wezirleri; umury maliýe – maliýe işleri gullugy; umury owkaf we arazyýy döwleti – wakflar we döwlet ýerleri baradaky gulluk; umury adly – adalat (kazyýet) işleri gullugy; umury tahryraty şahy – şa ýazgylary işleri gullugy; umury haryja – daşary ýurt işleri gul¬lugy; umury istihbarat – döwlet howpsuzlygy gullugy; umury muhabyrat – aragatnaşyk işleri gullugy; umury yhtysap we beledi – hasap-hesip we şäher işleri gullugy; umury emeniýeti şähri – şäher howpsuzlygy gullugy. 4. Arap basybalyjylarynyň ähli köşk işini arap dilinde alyp barmagy ýola goýandygyna seretmesizden, Tahyrylar (821 – 873-nji ýyllar) taryhda ilkinji bolup köşk diwan işlerini pars dilinde alyp barmagyň başyny başlapdyrlar. Şondan soňky Eýranda, Merkezi Aziýada dörän türkmen patyşalary-da diwan işlerini pars dilinde ýöredipdirler. Munuň sebäbi ýörelen ýoldan ýöremegiň aňsatlygy üçindir. Onsoňam başga dili, başga milletiň wekilini özüniňkiden ileri tutmak türkmeniň zandynda bar. 5. Bu hat Muhammet ibn Aly ibn Süleýman Rawendiniň «Göwünleriň rahaty – şatlyklaryň ganaty» atly kitabyndan alyndy. Şeýle hem bu hat «Terjimeýi tarikaty Nasyry» atly kitapda hem bar. 132 sah. 6. Tarih-i-Baýhaky. MITT, M.-L., 1935. 7. Ýusup ibn Taňryberdi Atabeg. Röwşen ýyldyzlar. 8. Kelam ylmy – Gurhany düşündirýän ylym. 9. Hululylar – ylmy dilde yslamdaky bu akymyň taglymaty «panteistik yslam» diýip atlandyrylýar. Olaryň pelsepesine görä, tebigat bilen Hudaý bir zatdyr, tebigatdan daşary Hudaý ýokdur. Hululylar dine garşy däl, ýöne olar: «Tebigatdaky hadysalar tebigatyň öz kada-kanunlaryna laýyklykda bolup geçýär. Älem-jahany hiç kim ýaradanok» diýen pikirdedirler. 10. Şaýylar azan okanlarynda özlerinden: «Haýýe alä haýryl amal!» (Haýyr işleri etmäge howlugyň!) diýen sözleri goşýarlar. 11. Aristunyň «Tasawwurat» kitaby – Aristoteliň «Metafizika» kitabynyň musulmançalaşdyrylan nusgasy. 12. Müjebbire – jeberiýe tarykaty bolup, adamlaryň ähli özygtyýarly hereketlerini ret edip, haýry, şeri, küpüri, imany, takwalygy we erbetligi ezeli hasaplaýarlar. 13. Kadaryýe – jeberiýe tarykatynyň gös-göni tersine bolan garaýyşly tarykat. Bu mezhebiň adamlarynyň pikiriçe, adamlar öz amallaryny, edýän işlerini öz ygtyýarlary bilen edýärler, olara Allatagala hiç hili goşulmaýar. Kadarylar Allatagala şeri takdyra ýazmaýar, ony ynsanyň özi edýär. Çünki Allatagala özüniň isläp ýaradan zadyny ýigrenmeýär. Ol musulman bendesiniň Taňrynyň emrini berjaý etmegini isleýär. Şeýtan Allatagalanyň erkine gabat gelmeýän hereketleri edýär. Şeýtanyň erki tamam bolýar. Allatagalanyň erki bolsa tamam bolmaýar. Allatagala mahluklary özüniň parasadyny aýan etmek üçin ýaratdy. Eger ol mahluklary ýaratmadyk bolsa, onuň parasatlylygy mälim bolmazdy» diýip nygtaýarlar. Emma bu mezhebe garşy emele gelen «Terbiýe mezhebi» adama ähli edýän işinde mejbury bolup, hiç hili ygtyýary ýokdur diýýär. 14. Munapyklar – ikiýüzlüler, ýagny daşy musulman, içi kapyr bolan adamlar. 15. Mugtazyly mezhebi – bu sözüň «dinden çykanlar», «dinden uzaklaşanlar» diýen manysy bar. Bu akym yslamdaky akymlaryň ilkinjisidir. Ol Wasyl Ibn Ata (699-748 ý.) tarapyndan esaslandyrylýar. Bu mezhebe uýanlar gadymy döwrüň pelsepesini özlerine ýarag edinipdirler. Mutazyly wekilleri düşünjeli, akyl-paýhasly, antik döwrüň filosofiýasyndan habarly adamlar bolupdyr. Olar yslam dogmatlaryna garşy erkin pikir ýöretmek bilen, paýhasy dine köre-körlük bilen ynanmaga garşy goýupdyrlar. Mugtazyly Alla baradaky antropomorfik göz öňüne getirmeleri, Allanyň atributy, öňden kesgitlenenlik hakdaky ynanjy inkär edipdirler. Olar erk azatlygy, adamyň öz hereketi we pikirleri üçin doly jogapkärdigi baradaky taglymaty goldap çykyş edipdirler. Emma olar paýhasy tutuşlygyna dini dogmalara garşy goýmandyrlar. Olar birhudaýlylyk we o dünýäde ýalkanmak baradaky dini dogmalary esaslandyrmaga synanyşyk edipdirler. Mugtazyly taglymaty pessimistik düşünjelere ýugrulandyr. Olar adamyň durmuşy gözellikden, eşretden, şatlykdan mahrum edilendir diýip düşündiripdirler. Şu ýerden hem olaryň dünýäniň işinden çetleşip, terkidünýälige ýüz urandyklary görünýär. Mugtazyly Hudaý hakdaky, onuň nämeden ybaratdygy baradaky meseleleri öwrenmegiň esasyny goýupdyrlar. Halyflaryň üçüsiniň agalygynyň döwründe, ýagny IX asyryň birinji ýarymynda mugtazyly taglymatynyň ýaýradylmagy ugrunda dürli çäreler geçirilen-de bolsa, onuň doly kabul edilmegi gazanylyp bilinmändir. Tiz wagtdan yslam dinine dogmatiki ynanmagyň tarapdarlary ýene üstün çykypdyrlar we mugtazylylaryň wekilleri yzarlanyp başlanypdyr. Şeýle-de bolsa, mugtazyly taglymaty sünni mezhebi üçin esasa öwrülip, yslamyň içinde bir akym bolup galypdyr. (Gysgaça ateistik sözlük. «Türkmenistan». A., 1985). Mutawekkim halypalyk eden döwründe (847-861-nji hijri ýyllary) olaryň akymy başga dinleriň hatarynda görlüp, wekilleri yzarlanýar. Netijede «haryjy», «hurramy» ýaly akymlaryň gozgalaňlary bolup geçýär. Onuň Bäbek, Hurramy ýaly ýolbaşçylary jezalandyrylyp öldürilýär (Ýakut Hamawy. Ýurtlaryň sözlügi). 16. Mutakellim – bu söz kelam we usul ylmyny (kelam – Gurhanyň manylaryny düşündirýän ylym, usul – diniň düýp taglymaty) bilýän adama degişliligi aňladýar. Muňa «kelam» diýilmeginiň sebäbi ilkinji gapma-garşylyk «Allatagalanyň sözi ýaradylan zatmy ýa-da ýaradylan zat däl?» diýen sowalyň üstünde jedeliň orta düşmegi üçindir. Alymlar bu sowal barada sözlediler. Bu sebäpden ylmyň bu görnüşine «Kelam ylmy» diýildi. Mukakallimiň görnükli wekilleri musulman dogmatikleri we fanatikleri Al-Aşary (873 – 935) bilen Sel-Maturydy (X asyr), yslam jemgyýetçiliginiň meşhur ulamalaryndan Nasifi, Abul-Lais Samarkandy, Termizi, Sadeddin Taftazali, Zamahşary, Burhaniddin Marginony, Ismaýyl Buhary hem mutakellimiň uly wekilleri hasaplanypdyr. Mutakellim mutazillizm taglymatyny inkär edip, onuň wekillerine garşy göreş alyp barypdyr. Mutakellim öz taglymatynda Gurhany esas edinip almak bilen, yslamyň esasynyň keramatlydygyny subut etmäge we düşündirmäge çalşypdyr. Mutakel¬limler göýä Allanyň birligi, ýeke-täkligi (absolýutlygy), onuň sypatlary, Allanyň dünýä we adama bolan gatnaşygy, dünýäniň döredilendigi we ýok boljakdygy (ahyrzaman), uçmah, dowzah, Gurhanyň Hudaý tarapyn berlenligi, Muhammet pygamberiň Allanyň wekilidigi baradaky yslamyň esasy dogmalaryny dini sholastika we pifagorçylyk filosofiýasy nukdaýnazaryndan täzeden işläp düzüpdirler we wagyz edipdirler. (Gysgaça ateistik sözlük. «Türkmenistan». A., 1985). 17. Mawlid an-Nabi – Muhammet pygamberiň doglan güni. 11-12 rabi al-awwalýa – 20-21-nji aprele gabat gelýär. 18. Ýaroslaw Mudryý – 978 – 1054-nji ýyllar arasynda Beýik Kiýew Rusunda hökümdarlyk eden knýaz. 18. Naýyp – orunbasar. Naýyp patyşa ýörişde, köşkde ýok mahaly köşgi, şalygy dolandyrýar. 19. On hal we ýedi makam – bu al-Kuşaýrynyň sopuçylyk älemindäki taglymatydyr. On hal – güwädarlyk, Hudaýa ýakynlyk, söýgi, gorky, umyt. hyjuw, terkidünýälik, ynamlylyk, synçylyk, rahatlyk. Ýedi makam – toba, garyplyk, sabyrlylyk, kanagatlylyk, erk¬lilik, terkidünýälik, Hudaý üçin pida bolmak. On dördünji hekaýat 1. Muhtasyp – şäheriň, galanyň tertip-düzgünine gözegçilik edýän ýolbaşçy. 2. Täjirleriň dini ynançlaryna esaslanyp, paç töletdirilipdir. Mysal üçin, musulmanlar harytlarynyň bahasynyň 2,5 göterimini, boýun egdirilen döwletlerde ýaşaýan täjirlere 5 göterim, daşary ýurtly täjirler 10 göterim paç tölemeli bolupdyr. 3. Makedonlar hanedanlygy (867 – 1028 ý.) Konstantin VIII-iň aradan çykmagy bilen gutarýar, çünki ondan mirasdüşer perzent galmaýar. Gyzy Zoýa Roman III-e (1028 – 1034 ý.) durmuşa çykýar, ony tagta geçirýär, soň Mihail IV Paflagona (1034 – 1041 ý.), ondan soň bolsa Konstantin IX Monomaha (1042 – 1055 ý.) durmuşa çykýar, olaryň ählisi tagta çykýar. 4. Ýusup pygamberden bäri möjegiň agzy iýse-de gan, iýmese-de – Ýusup pygamber baradaky meşhur rowaýatda onuň doganla¬rynyň öz inilerine göripligi, şol göriplik sebäpli-de Ýusuby öldürdim edip, bir gurruk guýa taşlap gidişleri, soňundan hem doganlaryň öýlerine baryp: «Ýusuby möjek iýdi» diýip aglaýyşlary, wagtyň geçmegi bilen bu etmişiň üstüniň açylyşy beýan edilýär. Şol wakadan soň «Möjegiň agzy iýse-de gan, iýmese-de» diýen pähim döreýär. Bu nakyl häzirki döwürde-de ýörgünli. 5. Toba ýaşy – kyrk ýaş. 6. Idde möhleti – Adamsy ýogalandan soň dul galan zenanyň äre çykman oturmaly möhleti. 7. Badhyz (badgys) – köp ýel ösýän ýer. 8. Kabale – söwda galasy (merkezi). 9. Saklab – slawýan. On bäşinji hekaýat 1. Walyt – kaka, walyda – ene. 2. Gyzyl ok – serkerdelere, başga goňşy döwletlere gyzyl ok ugradylmagy – bu söweşe başlanjakdygynyň, goşun kömeginiň gerekdiginiň habary hasaplanýar. 3. Möwdud ibn Masut ibn Mahmyt – Gaznaly soltany. 4. Ibn Esir. Kämil taryh. TMMMM. 1-nji jilt. A., 2005. 5. Al-Hüseýni. Zubdat at-tawaryh. (Taryhlaryň gaýmagy). 6. Al-Hüseýni. Zubdat ata tawaryh (Taryhlaryň gaýmagy). 7. Gurhan. Dokuzynjy «Toba» süresiniň 120-nji aýaty. 8. Bargähi soltanat – Togrul beg ýörişe çykanda gara reňkdäki ýüpek matadan çadyrda bolýardy. 9. Ibn Esir. Kämil taryh. TMMMM. 1-nji jilt. A., 2005. 10. Soltan Masudyň öldürilişini Baýhaky şeýle gürrüň berýär: «Emir Muhammediň dilinden Geri galasynyň kutwalyna: «Emir Masudy öldürip, onuň kellesini bize iberiň» diýen ýalan nama getirýärler. Kutwal şol ýalan hatyň esasynda emir Masudyň kellesini kesip, emir Muhammede gönderýär...» 11. Ibn Esir. Kämil taryh. Faruk Sümer. Oguzlar – türkmenler. TMMMM. 1-nji jilt. A., 2005. On altynjy hekaýat 1. Hut – balyk ýyldyzlar topary, şemsi ýylyň soňky aýy. Her ýylyň nowruzy hutuň girmegi bilen başlanýardy. Çagry begiň agtygy Mälikşanyň jedweli boýunça nowruz hamalyň (guzy ýyl-dyzlar topary, şemsi ýylynyň birinji aýy) başlangyç nokady hasaplanyp başlandy. Hijri-kamary aý hasaby boýunça hut aýy – fewral aýyna gabat gelýär. 2. Talaň saçagy toýy – bu däp hakda «Oguznamalarda» nygtalýar. Faruk Sumer özüniň «Oguzlar – türkmenler» atly kitabynda şeýle ýazypdyr: «Türki kowumlar Ýakyn Gündogar ülkelerine gelenlerinde beýleki däp-dessurlar bilen bir hatarda talaňly toý däbini hem getiripdirler. Parsça şygyr we kyssa eserlerinde duş gelýän «Han-i ýagma» (Talaň suprasy) aňlatmasy hem bu talaňly toýdan gelip çykandyr. Seljuklylardan başga-da Siriýa Atabegleri döwletinde (Zeňňiler) we Osmanlylarda hem bu däbiň dowam edendigi bellidir» 353 sah. 3. Batman – takmynan 20 kilograma barabar agyrlyk ölçegi. 4. Jamer-jüpbe – egin-eşik. 5. Şerapdar – ustazdaryň garamagyndaky işgär. Ol köşgüň sakysy, soltanyň şeraphanasynyň sahyby, müdiri. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |