16:12 Altynjan hatyn / 2-nji kitap -10 | |
Onunjy hekaýat
Taryhy proza
ADAM DIŇE BAÝLYGYNY DÄL, ÖZ ASGYN TARAPLARYNY-DA ILDEN GIZLIN SAKLAÝAR 1. Her çarşenbe güni agşam bir kişi Altynjanyň ýanyna hiç kime görünmän nahan gelýärdi. Altynjan ony her gezek höwes bilen kabul edýärdi, olar bir otagyň içinde esli wagtlap pyşyrdaşyp gürleşýärdiler. Esasan, nätanyş gürleýärdi. Togrul beg hatynynyň ýanyna bir erkek kişiniň gelýändigini, ony gülerýüz bilen garşy alýandygyny, ikiçäk söhbet edişýändikleri¬ni bil¬ýärdi, ýöne haýran galaýmaly, hatynyny nätanyşdan gabanmaýardy. Olaryň duşuşygy gutarýança sabyrlylyk bilen garaşýardy, soňam gelip gideniň kimdigini soramaýardy, ol hakda kelam agyz söz aýtmaýardy. Altynjan hem ýanyna her çarşenbe güni agşam görer gözden nahan gelip gidýän adam hakda hiç zat aýtmaýardy, sebäbi beg gelýäniň fiskaldygyny1 bilýärdi, onuň öz ýanyna-da fiskallaryň otuzdan gowragy tas her gün diýen ýaly gelýärdi. Altynjan fiskal bilen duşuşykdan soň, begiň ýanyna bardy. Beg hatynynyň ýüzüne seredip, möhüm bir habaryň bar¬dygyny aňdy: – Näme habar?! – Şirpenjäni doganym, nedimim diýip ezizleýärsiňiz, ýöne ol siziň hormatyňyza ysnat ýetirýär. – Dünýäde iň agyr, hupbatly zat yşanýan adamyňdan, dostuňdan tamaň çykmazlygy, ondan ýamanlyk görmek. – Barlanyp görülse, ähli zatlar Şirpenjeden başlanýan eken, ol inisini talaňçylyga özi ugradypdyr. – Hany, ol: «Inimiň eden bu gabahat işlerinden habarym ýok» diýip, ant içip, awy ýalady-la?! – Ol ýalan sözläp, ikinji jenaýata-da ýüz urupdyr. – Eh, Şirpenje, Şirpenje!.. – Haşal oty köki bilen goparyp taşlamasaň, ondan dynyp bolmaýar. Şirpenje inisiniň zyndana atylandygyny, annada jezalandyryl¬jakdygyny eşidensoň, Togrul bege hapa-hapa sözler bilen sögüpdir, özem üç-dört adamyň ýanynda. Ýanyndaky adamlar oňa göwünlik beripdirler. – Göwünlik beren adamlaram dardan asmaly, goý, görene göz, eşidene sapak bolsun! – Tabgaçlar jezalandyrylsa, göwünlik berenler akyllaryna aýlanarlar. Bu gezeklikçe, begim, olara jeza bermäň! * * * Togrul beg Şirpenjäni dergähine çagyrdy. Mydama ýylgyrjaklap, gypynçsyz içeri girýän Şirpenje bu gezek başyny aşak salyp, öwran-öwran tagzym edip, içişikde sak¬landy. – Şirpenje, sen nä o ýerde dursuň? Näme üçin ýanyma geleňok? – Siziň ýanyňyza barmaga – hormatyňyza mynasyp däl, men. Doganym Ahmet aýylganç işler edipdir. Gara nebsi üçin ýüzden gowrak adamy öldüripdir, otuz-kyrk sany kerwensaraýy, kerweni talapdyr, men onuň eden bu işlerinden habarsyz galypdyryn. Merhemetli Tog¬rul beg, siz ençe ýyllap meni özüňize iň ýakyn nedim hasapladyňyz, maňa yşandyňyz, men siziň ynamyňyzy ödäp bilmedim. Doganym Ahmedi-de, meni-de jezalandyrmagyňyzy towakga edýärin. Goý, özgelere sapak bolsun! – Şirpenje, näme üçin beýle gabahat işleri etdiň? Näme üçin maňa ysnat getirdiň? Seniň kem zadyň ýok ahyryn: alty şäherde dükan açdyň. Tus etrabyny men saňa ykta berdim. «Şirpenje, belki, saňa ýene ykta gerekdir?» diýip sorasam, sen: «Bir etrap maňa ýeterlik» diýip jogap berdiň. Näme üçin beýtdiň, doganym? – Näme üçindigini, dogrusy, özüm hem bilemok. – Men gynanýaryn, Şirpenje, gaty gynanýaryn. Şerigatyň, adalatyň öňünde meniň edip biljek işim ýok. – Togrul beg tagtyndan turup, Şirpenjäniň ýanyna bardy, ony berk gujaklady: – Doganym, mähriban doganym meniň… * * * Togrul beg öz eziz dostuny jezalandyrmaly boljakdygyna gynanyp örtenýärdi, bir ýerde durup rahatlygy ýokdy, ilkagşam Altynjanyň ýanyna geldi. Naharlanyp rahatlygy bolmady. Ol öňündäki tagamlary göterip, zyndana bardy. Begiň gelenini gören Şirpenje zöwwe ýerinden galdy. – Otur, otur! – Beg elindäki tagamlary Şirpenjä berdi. – Bulary name üçin maňa berýärsiň? – Sen aç oturansyň. – Ýok, men aç däl. – Sen sypaýysyrama. Hany, ýanymda otur, naharlan. Beg şol gijäni Şirpenje bilen geçirdi, iki dost tä daňdana çenli geçeni ýatladylar, degişdiler, gülüşdiler. * * * Togrul begiň Şirpenjäniň ýanyndadygyny gören Anuşirwan ýarygije Altynjanyň ýanyna gaty arkaýyn geldi, ony ukudan oýardy: – Näme boldy? Hany, beg?! Oňa bir zat boldumy? – Oňa hiç zat bolanok. – Onda name üçin bimahal geldiň? – Käbäm, saňa örän möhüm sözüm bar. – Ertir aýtsaň bolanokmy? – Ertir aýtsam giç bolýar. – Eýgilikmi? – Hany, ukudan açyl, özüňi ele al! Altynjan egnine çenberini atyp, Anuşirwanyň gapdalyn¬da oturdy: – Aýdyber! – Togrul begiň çagalykdan bäri içen suwy aýry gitmedik razdanlary bar. Dogrumy? – Dogry. – Şolar kimler? – Şolaryň kimlerdigini soramak üçin sen meni ýarygije ukudan oýardyňmy? – Käbäm, men bu sowaly ýöne ýere beremok. Onuň bir emmasy bar. Sen meniň sowalyma jogap ber, ana, şonda meniň aýtmakçy bolýan pikirime ýol açylýar. – Ýol açylýar? – Hawa, ýol açylýar. Aýt, kimler? – Onuň razdany kän. – Dogry, ýöne razdanlaryň içinde iň saýlanýanlary bar. Ýaşlykdan bäri ýanyndan aýrylman ýörenler kimler? – Dürnazar, Mübärek. – Soň? – Ýusup. – Soň? – Ybraýym. Çagry. – Soň. – Resultegin. – Men onuň doganlaryny, garyndaşlaryny soramok, razdanlaryny soraýaryn. – Özüň aýdaýmasaň, men-ä seniň näme diýmekçi bolýan¬dygyňa düşünmeýärin. – Şirpenje Tabgaç bilen begiň arasy nähilidi? – Ikisi ýegana razdandy, ýöne… – Dur, dur, maňa «ýöne» diýip aýtmakçy bolýan düşündirişiň gerek däl, sebäbi men aýtmakçy bolýan ähli sözüňi ýatdan bil¬ýärin. Ahmet Tabgajyň ýowuz etmiş edendiginem bilýärin. – Onda Şirpenjäniň hem eli bar. – Dogrudyr, men seniň aýtmakçy bolýan delilleriň hiç birisinem inkär etmeýärin. Bir ýazyk bilen är ölmeli däldir, dost dosta geçirimli bolmalydyr. – Onuň günäsi geçerden has çökder. – Käbäm, senden towakga edýärin. Şirpenjäniň günäsi geçilsin. Beg bilen Şirpenje razdan. Beg ony öldürse, soňundan özi ýanyp-bişer. Beg diňe seni diňleýär, sen aýtsaň, ol saňa ýok diýmez, bir çykalga tapar. Sen gaýrat et-de, begden haýyş et, goý, ol Şirpenjäni jezalandyrmasyn. Şirpenje zyndana girmezinden öň menden bu hakda towakga etdi, men oňa söz berdim. – Näme üçin? – Oňa seredip ýüregim gyýym-gyýym boldy. – Sen Şirpenjäniň baýlygyna göz gyzdyryp, ony goramakçy bolýarsyňmy? Neneň ynsabyň çatýar seniň, Anuşirwan? – Käbäm, elli gepden belli gep. Biz Şirpenjäni ölümden alyp galmaly, özem ony siz alyp galmaly. Sebäbi beg diňe size gulak asýar. Onuň özem Şirpenjäni jezalandyrmak islänok, ýöne şerigatyň, kazy-kelanlaryň, halkyň öňünde özüni adalatly görkezmegiň hatyrasyna diwany kazanyň – höküm çykaryş diwanynyň çözgüdine ýok diýenok. Begiň ýeke agyz sözi gerek. Men senden towakga edýärin, käbäm, Togrul beg özüniň jana-jan dostuny jezalandyrmasyn. Men senden her gün towakga edip ýöremok. Şu towakgamy bitirmeseň, men senden ömürboýy närazy bolaryn. – Anuşirwan birden ýerinden turdy-da, çykdy gitdi. – Anuşirwan, saklan, Anuşirwan, seniň diýýän zatlaryň näme? «Saklan» diýýärin men saňa! Anuşirwan saklanmady, ol sähel wagtyň içinde gürüm-jürüm boldy. Altynjan Ýatmaz bilen Çyrlagy ýanyna çagyryp, olara nirede bolsa-da Anuşirwany tapyp getirmegi tabşyrdy. Olar daňdana golaý: «Hiç ýerden tapmadyk» diýip geldiler. Şol gije Togrul beg bilen Şirpenje deýin, Altynjan hem çirim etmedi, gözüne uky gelmedi asyl. Ol sojap-sojap aglady. Onuň agysyny hiç kim eşitmedi, içki harasadyny-da hiç kimse bilmedi. Şeýle agyr pursatlarda ol pelsepeçil Akgaýa bilen söhbetdeş bolardy, ol Altynjanyň içki harasadyna dogry düşünerdi, göwünlik bererdi. Beýleki ýigitler welin, onuň dünýäsinden daşdadylar. Onuň bu mahal näme üçin aglaýandygyna Akgaýa-da düşünmedi. Altynjan Anuşirwany beýik şahsyýet edip terbiýeläp, ýetişdirip bilmändigine gynanyp aglaýardy. Wagt geçdigisaýyn Anuşirwanyň tapýan hokgalary artyp gidip otyrdy. Biri tarhan bolsa, Altynjan tarhandy, ýöne onuň tarhanlygy Anuşirwanyň tarhanlygynyň ýanynda hiç zatdy. Ol ähli kişä ýagşy görünmek, ýagşylyk etmek isleýärdi. Söz bermek onuň edehädidi. Soňundan hem ol beren sözüniň yzynda tapyljak bolup, agyr güne galýardy. Ol walydasynyň häsiýetine beletdi, özi üçin ömür başyna barmajak zatlaram etjegini bilýärdi. Ol köplenç hem Altynjanyň şu ham¬raklygyndan peýdalanýardy. Durmuşda her kim bir zatdan lezzet alýar. Anuşirwan adamlara ýagşylyk etmekden, olara ýagşylyk edip bilýänliginden lezzet alýardy. Özüne minnetdarlyk bildirilende ol gözlerini süzüp, hezil edip diňlärdi. Ol gije öýüne barmandy, sebäbi Altynjanyň özüni agtarjakdygyny, yzyndan adam ýollajakdygyny bilýärdi. Ol käbesiniň çykgynsyz güne galmagyny, meseläni oňyn çözmegini isleýärdi. Ol jalaýdy, aşa jalaýdy. Näçe baýlygy bolsa, ony birki günüň içinde tarhandökerlik edip gutarýardy. Birki günden soň onda ýene ýeke danka-da ýokdur. Onuň bir güni hem meýlissiz geçenokdy. «Soltan Masut meýlisi gowy görýär, gününi meýlisde, şöhwetde geçirýär» diýýärler. Anuşirwan hem onuň bilen bäs¬leşýän ýalydy. Onuň aňyrsynda hiç zat ýokdy, köpler bolsa ony tütjar baýdyr öýdýär. Onuň bolşy hakykatdan hem tütjar baýyňka meňzeýär. Ol köp¬lenç Altynjandan pul soraýardy, eger puly bar bolsa, onda ol käbesini köp ýatlabam ýörenokdy. Altynjan Anuşirwanyň bu tarhandökerligini Togrul begden ýaşyrýardy. Beg käte geňirgenýär: – Onça puly sen nämä sowýarsyň? Bu sowaly Altynjan hem Anuşirwana berýär. Anuşirwanda pul köp bolmasa-da, bahana kän (her kimde bir zat köp bolmaly ahyryn). Altynjan welin, her gezek näme jogap berjegini bilmän örtener, gowy tarapy, Togrul beg sorasa-da, jogaba garaşjak, jogaby eşitjek bolup durmaz. Altynjan tä daňdana çenli iki oduň arasynda galdy: näme etmeli? Aýtmalymy ýa aýtmaly dälmi? Bu kiçi-girim iş däl ahyryn! Daňdan Togrul beg Şirpenjäniň ýanyndan geldi. – Altynym, näme, senem uklamadyňmy? – Uklamadym, begim. – Näme boldy? – Men Şirpenje ikiňiziň dostlugyňyz hakda oýlandym. – Bu ýerde oýlanara näme bar? Ähli zat düşnükli. – Bu ýerde oýlanara zat kän, begim. – Hany, aýt! – Aýdaýyn, siz meni diňläň! Ilki bilen, Anuşirwan hakda aýdaýyn. Togrul beg aýbogdaşyny gurap, Altynjanyň gaşynda oturdy… * * * Anna güni. Nyşapuryň Foz mähellesindäki bazar bu gün adatdakylaryndan köp adamlydy. Togrul beg sebitiň adamlaryna zulum eden, seljuk begliginiň adyna çirk ýetiren dokuz kişini jezalandyrmak maksady bilen Foz bazaryna geldi. Ine, hataran daragaçlary. Olaryň her biriniň aşagynda jezalandyryljak kişiler başlaryny dik tutup durdylar. Beg wezir-wekilleri, nedimleri, hatyny bilen öňünden ýörite taýýarlanylan ýere baryp oturdy, jezalandyryljak kişileri ýeke-ýekeden nazaryndan geçirip çykdy. Munady beýik bir sekiniň üstüne çykyp, Togrul begiň permanyny okady. Şol dartgynly pursatda bazara pir al-Kuşaýrynyň ýetip gel¬ýändigini bege habar berdiler. Al-Kuşaýry mele ýorgasyny dikgirdedip bazara geldi. Yzynda medrese müderrisleri bilen dört ogly bardy. Ol Togrul begiň ýanyna gelmedi, ýa görmedi ýa-da görmedikden boldy, bazara giren ýerinde durup, jeza beriljek kişilere sesini çykarman seretdi. Megerem, ol ýanyna Togrul begiň gelmegini isledi, ýöne beg onuň ýanyna barmady, oňa tarap seretmedem. Ulama Togrul begiň ýanyna dähedem-dessemläp geldi. Togrul beg uly hormat bilen pire tagzym etdi, oturmaga ýanyndan ýer görkezdi. Pir maksadyny mälim etdi: – Ahmet ibn Tabgaja jeza berýändigiň hakda eşidip geldim, çünki Ahmet meniň şägirdim bolupdy. Ol gaty zehinli müritdi. Eşidişime görä, sen onuň agasy Şirpenje bilen içen suwy aýry gitmeýän dost bolmaly. – Dogry, men Şirpenjäni doganym saýdym, doganym deý eziz gördüm, ýöne ol garamaýak halka sütem edipdir. – Eý, beg, geçirimlilik hökümdaryň iň gowy sypaty bolmalydyr. Geçirimlilik şahylykdyr. Gurhanda: «Eý, garynjalar! Hinleriňize giriň, Süleýmanyň goşuny birdenkä sizi basaýmasyn»2 diýlendir. Sen geçirimlilik edip, Ahmet biçäräniň günäsini geç-de maňa ber. Goý, ol ömrüni meniň hyzmatymda geçirsin. Men ony täzeden terbiýelärin. – Eý, merhemetli pir, Gurhanda: «Dogrusy, hökümdarlar bir şähere giren mahallary ol ýeri derbi-dagyn ederler, abraýly kişileri peselderler»3 diýilýär. Men siziň abraýyňyzy peseltmek pikirinden daşda. Allatagalanyň öňünde biziň ählimiz deňdiris. Eger men öz gara nebsi üçin il-güne sütem eden kişä gözümi ýumsam, onda o dünýäde men bu eden günäme näme jogap bereýin?! Ýa bu işiň günäsini öz boýnuňyza alýarmysyňyz?! – Sen öz günäňi meniň boýnuma atjak bolma, o dünýäde hasabat her kimiň özünden soralar. Togrul beg şondan soň pir bilen gürrüňi dowam etdirjek bolup durmady, jellatlara başlaberiň diýen terzde yşarat etdi. – Eý, beg, sen meniň sözümi almakçy dälmi? – diýip, al-Kuşaýry öýkeli sorady. – Men sizi diňledim, ýöne hökümdar-da bolsam, siziň isle¬giňizi kanagatlandyryp biljek däl, çünki men halkyň guly. Ähli kişä deň göz bilen seretmek Beýik Biribaryň öňündäki parzym. – Meniň gaharym – halkyň gaharydyr. Togrul beg sesini çykarmady, pir gahar bilen gitdi. * * * Togrul beg Tabgaç dagyny jezalandyryp, köşke gelýärkä öňünden hajyp emir Uhjury çykdy. Ol biçak aljyraňňydy, ýanynda sypaýy geýnen bir kişi bardy. – Begim, hajybyň size aýtjak möhüm bir habary bar ýaly-la?! – diýip, Altynjan ýuwaşja aýtdy. – Hajyp, näme habar? Hiç wagt ýanymdan aýrylaňokdyň we¬lin, ertirden bäri sen ýok-la? Men bazara-da sensiz gitmeli boldum. – Günämi ötüň, begim. – Näme habar? Ýanyňdaky kişi kim? – Merhemetli begim, bu kişiniň ady Abu Zurga Hannaky. – Aýdyber! – Ol Bagdadyň baş medresesini tamamlapdyr. Bu kişi size hyzmat etmek isleýär. – Näme käri bar? – Hasap-hesip ugrundan medrese tamamlapdyr. Diwany mürstewfimizde işlemäge höwes bildirýär. – Şirpenjäniň ýerinemi? Be, gaty howlugypsyňyz-la? – Abu Zurga Hannaky düýn ýanyma geldi, şondan bärem ýanymdan aýrylanok. – Hajyp, sen bu kişä güwä geçýän bolsaň, men saňa garşy çykmaýyn. Goý, ol diwanda başda hasapçy bolup işlesin. Eger gowy işlese, biz ony diwana sahyp belläris. Şirpenje Tabgajyň ýerine seniň özüňi bellemekçi. Häzirki wezipäňi bolsa sen Kundura tabşyr. – Gulluk, hökümdarym! Abu Zurga Hannaky hem bege zol-zol minnetdarlyk bildirdi: – Taňryýalkasyn, merhemetli hökümdarym. Bütin düýrmegim bilen gullugyňyzda – hyzmatyňyzda bolaryn. Togrul beg karargähine baransoň, Abu Zurga Hannaky baradaky pikirini daşyna çykardy: – Hajyp ony gowy tanamaýan bolmaly. Altynjan begiň pikirini makullady: – Özem o kişi gowy kişi bolmaly däl, ol hannaka4 däl-de, balyga meňzeýär... * * * Anuşirwan düýn üç gezek Altynjanyň ýanyna gelipdi, soňky gezek gelende onuň ýanynda Abu Zurga Hannaky bardy. Ol, megerem, düýn Altynjana Abu Zurga Hannaky hakda aýtmakçy boldy, ýöne aýgyt edip bilmän gitdi. Anuşirwan Altynjana aýdyp bilmedik habaryny hajyp Uhju¬rydan haýyş eden bolmaly. Uhjury aňsat-aňsat bege ýüz tutjak, ondan haýyş etjek adam däl. Ol gaty salykatly, utanjaň, az gepli kişidi. Uhjury Anuşirwanyň haýyşyna ýok diýip bilen däl bolsun gerek. Dogrusy, onuň Hannaky baradaky haýyşyny diňe beg däl, wezir-wekiller hem geňläpdiler. Altynjan Uhjuryny dergähine çagyrdy: – Hannaky barada saňa Anuşirwan aýtdymy? Uhjury dym-gyzyl boldy, aljyrady, näme jogap berjegini bilmän dymdy. – Maňa hakykaty aýt! – Melikäm, Anuşirwan mertebeli begzada. – Näme üçin onuň özi haýyş etmedi? – «Men birki günlükde begden iki zady haýyş etdim. Oňa zol-zol haýyş bilen ýüz tutmagy gelşiksiz görýärin» diýdi... * * * «Dawut ýurt talamak hakda Togrul begden geňeş sorady. Emma ol garşy çykdy hemem Remezan aýydygy üçin Dawudyň özi hem bu niýetinden saklandy. Remezan aýy gutaran dessine, Dawut çapawulçylyk etmegi ýüregine mäkäm düwdi. Emma Togrul beg halypanyň iberen ilçilerini we mektubyny (namasyny) delil edip, onuň beýle hereketlerine garşy çykdy. Emma Dawut oňa ähmiýet bermän, talaňçylyga bolan pikirini has berkitdi. Şonda Togrul bilindäki hanjaryny sogrup aldy-da: «Hudaý bar, indi çapawulçylyk etseň, özümi öldürerin» diýdi. Şeýdip Togrul beg doganyny bu pikirinden dänderdi». Ibn Esir. Kämil taryh. 1-nji jilt. Çagry beg dogany bilen ylalaşan-da bolsa, onda Togruldan kine galdy. Kinäniň üýtgeşik bir häsiýeti bar: içde ýatmagy halamaýar, daş çykmak isleýär. Çagry begiň içindäki kine-de uzak ýatmak islemedi, her gezek amatly pursat gelende daş çykjak bolup urundy. Ahyryl-ahyr bir gün daş çykdy: – Kimiň gepine gidip maňa garşy çykýandygyňy bilýärin men – diýip, Çagry beg inisine hykarat etdi. – Näme?! Çagry beg aýtmasyz sözi aýdandygyna dessine düşündi, ýöne indi giçdi, aýdan sözüni ýumarlamaga çalyşdy: – Goýaly şu gürrüňi! Dogry, olar gürrüňi dowam etdirmediler. Olaryň gürrüňine gulak asyp duranlar bar ahyryn. Iki dogan serkerdelere, esgerlere nemuna bolmaly, olar biri-birini hormatlamasa, hatyralamasa, onda serkerdeler, esgerler, gulamlar olary nädip sylasyn?! Sylasaň, sylaýarlar, sylamasaň, seni-de sylamaýarlar. Adamlar seniň özüňi alyp barşyňy öz mizanlarynda ölçäp, baha berip oturandyrlar. Iki dogan biri-birine hormat goýýarmy ýa biri-birine göwnüýetmezçilik edýärmi? Iki doganyň agzala bolmagyny isleýänlerem az däldir. Birek-birege hormat goýmak, sylaşyk babatda Çagry beg bilen Togrul beg köp pikir alşypdy, anyk bir ylalaşyga gelipdiler: adamlaryň arasyndakaň her näçe gaharyň gelse-de, nägileligiňi bildirmeli däl, diňe birek-biregi sylamaly. Nägile bolsaň, çet, adamsyz ýere çykyp, şol ýerde düşünişmeli. Gygyryşmaly, isle¬seň, ýumruklaşmaly, urmaly, urulmaly, ýöne iki doganyň gykylygyny üçünji biri eşitmeli däl. Eger iki dogan biri-biri bilen arkalaşsa, goja dagdan bir gysym gum hem galmajakdygyna5 gowy düşünýär olar. Togrul beg bilen Çagry begiň çet ýerde biri-biri bilen sögüşen, ýakalaşan gezekleri az bolmandy. «Gylyç öz gynyny kesmez» diýip hak aýdypdyrlar. Dogan dogan bolýar, biri-birine dözmeýär: gahar tüweleýi ýatyşansoň, öýke-kineler gar deýin eräp gidýär. Togrul bilen Çagry-da biri-birinden aňsat-aňsat kine saklamaýardylar, biri-birine ýarym sözde, ýarym garaýyşda düşünýärdiler. Çagry beg dawaly mesele ýüze çyksa, köplenç Togrul beg bilen ikiçäk düşünişýärdi, ýöne talamak babatda köne edähedini saklamady. Togrul begi bilindäki hanjaryny sogrup almaga: «Hudaý bar, indi çapawulçylyk etseň, özümi öldürerin» diýip iň soňky sözi aýtmaga mejbur etdi. Togrul beg çapawulçylyk etmezlik, gazanjy başga ýerden gözlemek barada öň Çagry beg bilen düşünişipdi, ylalaşypdy, şol ylalaşykdan soň Çagry begiň ýene çapawulçylyga dyzamasy Togrul beg üçin düşnüksizdi. Çapawulçylyk zerarly ol özüniň ýegre dosty Şirpenje Tabgajy jezalandyrypdy, onuň ölümine bagyr awusy Togruldan entek aýrylanok. Ol Çagry begiň bu pikiriniň ýeke öz pikiri däldigini, onuň pikirdeşleriniň başga-da bardygyny aňdy. Aňmaz ýaly-da bolmady. Çagry begiň ýanynda duran Ybraýym ynal Togrul begiň kesgitli garşy çykmasyny görüp başyny ýaýkady, oňa garşy çykjak, nämedir bir zat aýtjak bolup öňe dyzady. Wezir Abylkasym Buýany onuň egninden çekip, birki gezek saklady. – Ybraýym, näme aýtmakçy bolýarsyň? Wezir Abylkasym Buýany bilen Ybraýym ogurlykda tutulan dek gyzardy. – Akyn etmegi, teshyr etmegi biz tapmadyk. Öňden gelýän kada görä olja bölüşmegiň berk düzgünini-de biz girizmedik, humsy-da biz girizmedik. – Sen maňa bu sözi näme üçin aýdýarsyň? Näme, Tog¬rul bu zatlary bilýän däldir öýdýärsiňmi? – diýip, Togrul beg Ybraýymyň ýüzüne geňirgenme bilen seretdi. – Togrul, bize akyl öwredýän köp bolar. Sähel gowşak tutsak, bize hatynlarymyzam akyl öwredip ugrar. Biz hiç wagt hatynlarymyzyň akylyna mätäç bolmandyk. Iň gowusy, öz akylymyz bilen ýaşamakdyr. Togrul beg Ybraýymdan: «Şu aýdan pikiriň öz pikiriňmi?» diýip kinaýatly soramak isledi, ýöne hyrçyny dişledi. Ol gürrüňiň näme hakda barýandygyna düşündi: akynçylygy bes etmek barada Altynjan köp özelenipdi. Ol bu babatda Çagry bege-de, Ybraýym bege-de aýdypdy. Tabgaçlar neberesiniň jezalandyryl¬magy-da akyn sebäpli boldy ahyryn! Bu sapak bolmaly dälmi eýsem?! Altynjanyň pikirini unapdylar, ýöne olara kimdir biri meçew berýän bolmaly. Kim ol?! Kim-de bolsa, ol öz sözüni ynandyrmagy başarýar. Bu babatda Altynjanyň öz pikiri bardy. Ybraýymdyr Çagry daga meçew berýän Peýkam bolmaly. – Ýok, ol däl – diýip, dumly-duşdan Altynjana garşy çykdylar. Onda kim?! 2. Gazaply darkaşlaryň birinde seljuklylar ýüzden gowrak gaznalyny ýesir aldylar. Olara bir hepde ýowuz sütem edildi, soňundanam azatlyga goýberdiler. Ýesir düşen ýüzden gowrak gaznaly seljuklylaryň adyny eşidenlerinde titräp durar ýaly edilipdi. Olara beýle sütem edilmegi harby maksat üçindi: olar gaznaly goşunyň arasyna baryp dowul turuzmalydy. Olaryň gorkusyna seredip, beýleki gaznalylarda hem gorky döremelidi. Seljuklylar ugradan ýüzden gowrak gaznalylaryny «ýüzden gowrak dowul» diýip atlandyrdylar. Ýesirleriň arasyndan diňe ýüz sany gaznalyny alyp galdylar. Ýesir düşen ýüz gaznalynyň serkerdesi ýesir düşenini namys bildi, özüne kast etmekçi boldy. Haýdan-haý ony sakladylar, elinden hanjaryny gaňryp aldylar. Togrul beg gaznaly serkerdäni içgin synlady. Ol başyny galdyrman dur. – Elleriniň daňysyny çözüň! – diýip, Togrul beg ýanyndaky haşymlaryna buýurdy. Togrul beg oňa terjimanyň üsti bilen puşdun dilinde ýüzlendi: – Kim sen? Aslyň nireden? Gaznaly serkerde sesini çykarmady. Şeýle bolansoň, terjimanlar oňa arap, türkmen dillerinde sowaly gaýtaladylar: Gaznaly serkerde ýa seljuk begini geň galdyrmak isledi ýa-da şeýle etmegi parz bildi, özüne berlen sowallara arap, pars hem-de türkmen dillerinde jogap gaýtardy: – Men soltan Masut Gaznalynyň ýüzbaşysy. Aslym türkmen. Doglan ýerim Balh. – Türkmençe gürläber – diýip, Togrul beg ýüzbaşa aýtdy. – Näme üçin özüňi öldürmekçi bolduň? – Mende başga çykalga ýok. – Ýaragyňy tabşyran bolsaň, öýüňe git. Gaýdyp biziň gar¬şymyza çykma. Saňa bu hakda aýtmadylarmy? – Aýtdylar, ýöne men öýe gidip biljek däl, meni öldüriň. Meniň ömrüm şu gün gutarmaly. Hökman! Men şu gün ölmeli. Siz meni öldüriň. Siziň eliňizden ölmek meniň üçin uly mertebe boljak! – Sen näme üçin azatlyk islemeýärsiň? – Men öz türkmen adyma ysnat ýetirmek islemeýärin. – Ol nämäniň ysnady? – diýip, Togrul beg sorady. – Söweşde ýa ýeňmeli ýa-da ölmeli, üçünji ýol ýok. Men ýeňildim. Diýmek, men hökman ölmeli, men ýeňlip, onda-da ýesirlikde bolup, obama baryp bilmerin. Oba baraýanymda-da meni öýe, oba goýbermezler. Maňa: «Näme üçin ýeňildiň? Näme üçin ýesir düşdüň?» diýerler. «Türkmen ýesir düşmeli däldir. Ol ölýänçä söweşmelidir» diýerler. Oba barsam, obadaşlarym özlerini masgara edilen hasaplarlar. Meni obadan çykaryp kowarlar. Ol masgaraçylygy görenimden, iň gowusy, ölenim ýeg. Şonuň üçinem meni masgaraçylykdan halas ediň! Towakga edýärin, meni öldüriň, eger siz kömek etmeseňiz, barybir, men ýolda özümi öldürerin. – Adyň näme? – Meniň adym Ylýas Abu Aly ibn Şerip. Ýörgünli adym Abu Aly. – Haýsy dilleri bilýärsiň? – Puşdun, pars, arap dillerini doly bilýärin. – Bu dilleri nirede öwrendiň? – Eý, gözsüz batyr Togrul! Meniň atam Mahmyt Gaznalynyň köşgünde sahyp bolup işleýärdi. Atam Aly ibn Şerip sowatly adamdy, birnäçe dil bilýärdi. Soltan Mahmyt Gaznaly atama Termez welaýatyny ykta berdi. Atam bizi ýaşlykdan atabege tabşyrdy. Dil, sowat öwrendik. Biz bäş dogandyk. Dürli sebäplere görä häzir iki dogan bolup galdyk. Atam soltan Mahmyt entek dirikä, agyr kesele sataşyp, ýurduny täzeledi. – Näçe wagt bäri söweşe gatnaşýarsyň? – Bir ýyl bäri. – Öň niredediň? – Köşkdedim. Atamyň işini ýöredýärdim, ýöne Ahmet Meýmendi bilen sözüm azaşdy... – Ahmet Meýmendi bilen haýsy meselede sözüň azaşdy? – diýip, Ybraýym beg sorady. Abu Aly dymdy. – Ýeri, bolýar. Bize sowatly kişiler gerek. Eger ak ýürekden gulluk etseň, Gurhandan wepadarlyk kasamyny içip, wepadarlyk kemendini dakynsaň, biz seni öz aramyza alaly – diýip, Togrul beg kesgitli netijä geldi. Abu Aly ikilik etmejekdigine Gurhandan ant içdi. Şondan soň Abu Ala ýatagan hem saý bedew, ýüzbaşylyk kemendini berdiler. Togrul beg öz adamlaryna ýörite tabşyryk berdi: Abu Aly nähili adam? Ahmet Meýmendi bilen arasynda näme dawa bolupdyr? Bu zatlary balhly, gaznaly fiskallaryň, çawuşlaryň üsti bilen doly anyklamaly. * * * 1039-njy ýylyň iýun aýynyň 27-sinde Sarahsyň günortasyndaky Dehi-Bazerganan diýen ýerde soltan Masut bilen Togrul begiň serkerdeligindäki goşunyň arasynda gazaply söweş boldy. Soltan Masudyň goşunynyň sany elli müňden aňrydy. Şeýle bolansoň uzak wagtlap, açyk söweşmek seljuklylar üçin hatarlydy. Seljuklylar bu söweşde gurt tilsimini ulanmagy – gaznaly goşunyň çar tarapyndan hüjüm etmegi makul bildiler. * * * Altynjan dogany Kabyl hemem ogullygy Anuşirwan bilen bilelikde öz çiltenine serkerdelik edýärdi. Onuň hatyndygyny eşigine seredip biler ýaly däldi: ol ähli seljuklylar deýin ak kepene dolanypdy, başynda tuwalgasy bardy, her gün duşman bilen birki gezek ýüzbe-ýüz bolup söweşýärdi, gaznalylaryň garaşman duran ýerlerinden zompa çykyp, ýetişibildiginden paýhynlaýardy, gijelerine ýatmaýan günleri-de az bolanokdy. Altynjan akynçylyga gatnaşyp ýörşüne Togrul bege idi-yssywat etmäge-de ýetişýärdi. Elbetde, onuň öz hansalary, hyzmatkärleri, gullary ýeterlikdi. Şeýle-de bolsa, Altynjan Togrul begiň wagtly-wagtynda iýip-içmegine gözegçilik edýärdi, ýogsam beg asyl iýip-içmelidir hem öýtmeýärdi. Altynjan nobatdaky çozuşlaryň birinde ät galdy: bäş ýüz çemesi atly zompa öňünden çykdy. Gaznalylar Altynjan dagyny görüp, gykylyklap olaryň üstlerine gaýtdylar. Altynjan dagy haýdan-haý gaçmak bilen boldy. Sähel salymda gaçyp arany açdylar, ýöne Altynjanyň çiltenlerinde gaznaly gulamlarynyň yzyndan hüjüm etmek höwesi döredi. Olar şu pikir bilen yzlaryna dolandylar, gündogara sary barýan gaznaly goşunynyň yzyndan garama-gara ýöräp ugradylar. Näme üçindir, bäş ýüz atly goşundan elli atly bölünip aý¬ryldy. Muny gören Altynjan: – Olary ýok edeliň! – diýip, batly gygyrdy. – Bize garşy bir tilsim ulanmakçy bolýan däldir-dä hernä? – diýip, Akgaýa howatyrlandy. – Akgaýa, sen ähli zatda kölege görýärsiň. Siz şu ýerde biraz garaşyň. Meniň ýeke özüm gidip, şol elli gaznalyny gyran-jyran edip gaýdaýyn – diýip, Kabyl badyhowa sözledi. – Ýok, seni ýeke goýberip bilmeris! – diýip, Çyrlak ýataganyny galgatdy. Olar elli töweregi gaznalynyň üstüne at saldylar. Ýaňy darkaşa girenlerinde ýene elli töweregi gaznaly peýda boldy. Gazaply darkaş başlandy. Darkaşda Altynjanyň atyny naýza urup ýykdylar. Altynjan pursatdan peýdalanmak, öldürmek üçin ylgap gelen bäş-alty gulamyň garşysyna ýeke özi çykmaly boldy. Ol gaýduwsyz söweşdi, ylgap gelýän gulamlaryň birini ýaý bilen atyp öldürdi. Galan gulamlar bilen başa-baş söweşmeli boldy. Gulamlaryň seljuklylardan gorkusy uludy, şol sebäpli hem olar gorka gylyçlaşýardylar. Altynjanda gorky-ürki ýokdy, sähel salymda iki sany gula¬myň janyny jähenneme ýollady, daşyna aýlanan üç gulamyň üçüsine-de gaýtawul berdi, olaryň ikisini ýaralady, ýöne özi-de agyr ýaralandy. Onuň agyr ýaralanandygyny gören çiltenleriň on-on bäş sanysy kömege ýetişdi. Kabyl atyna Altynjany mündürip, özi Anuşirwanyň atyna artla¬şyp mündi. Darkaş bolan ýerden derrew arany açdylar. Çiltenler Altynjanyň söweş meýdanyndan alnyp gidilmegine ýardam berdiler. Olar söweşdigisaýyn gaznaly gulamlar köpelýärdi. Altynjan dagy arany açanda çiltenleriň garşysyna söweşýän gaznalylaryň sany hasam köpeldi. – Çiltenlerim galdy! Çyrlak dagy galdy! Akgaýa dagy galdy! Ýatmaz dagy galdy! – diýip, Altynjan zarlady. Olar öz bolýan ýerine gelenlerinde Altynjan hatyn özünden gidipdi. Çünki onuň gany köp akypdy. Aramgähde Togrul begiň özi Altynjana tebiplik etdi, onuň çep tarapyndan – gapyrgasynyň aşagyndan iki gezek ýatagan sokulypdy. Ýataganlaryň sokulan ýerlerinden ýolda köp gan akypdy. Altynjanyň ganyny sakladylar, tygyň sokulan ýerini Ibn Sinanyň öwredişi ýaly edip tikdiler. Ol wagty bilen özüne gelmedi. Togrul beg uzynly gijäni onuň ýanynda oturyp geçirdi, özüne gelendigini görüp begendi, gujaklady. – Altynjan, men seniň ýanyňdadyryn, hiç zatdan gorkmagyn, seni derrew sagaldaryn men. – Öz ýagdaýyňyz nähili, begim? – Sen meni gaýgy etme. – Size hiç zat bolanok gerek?! – Hiç zat bolanok, Altynjanym, maňa hiç zat bolanok. Altynjan müňkürlik eden bolarly, ol begiň ellerini, egnini sermeläp, barlap çykdy, şondan soň ýeňil dem aldy: – Hudaýa şükür!.. Ol bir hepde düşekde ýatmaly boldy. Şol günler Togrul beg onuň ýanyndan aýrylmady. Altynjan onuň bolşundan bir aýylgançlygyň gopandygyny aňdy: – Näme boldy, begim? – Hiç zat bolanok, arkaýyn ýat! Kabyl bilen Anuşirwan halyňdan habar alyp durlar. Altynjan ýatan ýerinden zöwwe galdy: – Çiltenlerim nirede? – Ýat, ýat, saňa ýeriňden turmak bolmaýar – diýip, Togrul beg hatynyny düşeginde ýatyrdy. – Çiltenlerim nirede? – Esgerler daşarda – diýip, Togrul beg umumy jogap berdi. – Çyrlak nirede? Akgaýa nirede? Ýatmaz nirede! Anuşirwan, hany Akgaýa! Anuşirwan, hany Çyrlak! – diýip, Altynjan elewräp ugrady. – Hany, olar? Olar näme üçin görünmeýärler? Näme üçin meniň bir çiltenim hem görünmeýär? – Olar ýörişde. – Ýok, ýok, olar ýörişde däl! Meniň ýüregim syzýar, olara bir zat bolandyr. Begim, aýdyň, ýalbarýaryn, çiltenlerime näme boldy? – Sen mert bol, Altynjan. – Näme boldy, aýdyň! – Mert bol, Altynjan! Togrul beg baryny gürrüň berdi: Kabyl bilen Anuşirwan Altynjan hatyny alyp gaýdandan soň, gaznalylar has köpelipdir. Olar çiltenleriň daşyny gabapdyrlar, ýesir almakçy bolupdyrlar, ýöne çiltenler iň soňky demlerine çenli söweşipdirler. Akgaýa çiltenlere baş bolup, aşak tarapdaky gabawy böwsüp gaçmakçy bolupdyr, ýöne gaçmak başa barmandyr. Çiltenleriň ýigrimi sekiz sanysy wepat edipdir. Galan on iki zamahşarla-da ýesir düşmekden başga alaç galmandyr. – Gylyçlaryňyzy taşlaň! – diýip, gaznalylar gygyrypdyrlar. Çiltenlerden galan on iki zamahşarly ýesir düşmezlik üçin biri-biriniň döşünden hanjar urup, bu dünýä bilen hoş¬laşypdyrlar. Bu habary eşiden Altynjan ýakasyny çäkläp, gözýaş dökmedi, akylyndan jyda düşene döndi, bir hepdeläp sesini çykarman ýatdy. Ol eşiden habaryna entek ynanyp bilenokdy, göwnüne bolmasa, çiltenler niredendir bir ýerden ýylgyrjaklap geläýjek ýalydylar. Sebäbi ol çiltensiz ömri göz atuwyna getirip bilenokdy. Altynjan agyr halda ýatan-da bolsa, begiň özüne nämedir bir zat aýtmak isleýändigini aňdy, özem aýdyljak habaryň näme hakdadygyny-da çak etdi. Çakynda ýalňyşman eken. Togrul beg aýtdy: – Altynjan, soltan Masut uly goşun bilen üstümize geldi. Biz juda uly töwekgellik edýäris. Men seni şol töwekgellige salmak islemeýärin. Men seni Oguz çölüne – ähli seljuklylaryň maşgalalarynyň arasyna ugradaýyn. Sen ol ýerde ýaş oglanlardan özüňe çilten taýýarla. Diňe çilten däl, kyrk akgyz hem taýýarla. Men seniň kyrk akgyzly hatyn bolmagyňy isleýärin. Ýusup beg wepat edende men kyrk erene duşdum. Olar maňa patyşalyk patasyny berdiler. Nesip bolsa, kyrklaryň, Abu Seýit Abylhaýyryň patasy hasyl tapar. Allatagala menlik bolup, Masudy ýeňsem, onda täzeden toý tutarys. Ikinji toýumyz «Zamahşar gijesindäki» ýaly bolmaz. Reý behişdi ýer diýýärler. Nesip bolsa, ikinji toýumyz, ýaşajak ýerimiz, ana, şol behişdi ýerde bolar. Kyrk gije-gündizläp toý ederis. Togrul beg bu sözleri aýdanda derledi. Megerem, bu sözleri aýtmak oňa juda kyn düşen bolarly. Özem ol bir ýerde durup bilmän, aramgähiň içinde iki ýana ýöredi. Esli salym dymyp, özüne zor salyp dillendi: – Talak! Talak! Talak!.. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |