16:22 Altynjan hatyn / 2-nji kitap -13 | |
On üçünji hekaýat
Taryhy proza
RAHATLYKDA RAHATLYK ÝOK 1. Keseden seretseň, ähli zat aňsat Täze durmuş başlandy. Dawut Çagry beg Merw şäherinde ornaşdy, Horasanyň galaba bölegini – Jeýhundan Nyşapura çenli aralygy özüne degişli etdi. Musa ýabgu Heramy özüne ýurt tutundy, sebitdäki şäherleri, ýene näçe ýeri teshyr edip bilse, özüne almak barada seljuk begleri bilen ylalaşdy. Çagry begiň uly ogly Gurt (Kawurt) Kerman sebitlerine patyşa boldy. Ýurt bölünişigini gurnan Muhammet Togrul beg seljuk beg¬lerini öz küýsän, saýlan sebitlerine gönderdi. Enebir dogany Ybraýym bütin ömrüni Togrul begiň ýanynda geçirjekdigini, ondan aýrylyp hiç ýerik gitjek däldigini tekrarlady, ýöne dört-bäş aýdan soň özüne ykta isleýändigini bege ýaňzytdy. Togrul beg Ybraýyma Ebher hemem Zengan sebitlerini berdi. Ybraýym ol sebitlerini kabul edip alsa-da, tizden Togrulyň ýanyna dolandy: – Dogan, meni öz ýanyňdan aýyrma. Bir aý senden aýry boldum welin, tas ýüregim agzymdan çykypdy. Allatagala her kimi bir maksat üçin dogurýar, meni Çagry ikiňize göz-gulak bolmak, hyzmatyňyzy etdirmek üçin ýaradan bolsun gerek. Onsoňam men diňe söweşde rahatlyk, lezzet tapýaryn, adaty durmuşda içim gysýar meniň. Köşkde Ybraýymyň gelmegini unamadyk kişiler köp boldy: – Allatagala al-ha-al-da almadyga ahyrýetde-de hiç zat berýän däldir. Beýle mümkinçilik adam ömründe örän seýrek bolýar. Köp kişi bir döwüm tötege mätäç. Saňa bolsa, Allatagala giden ýurdy hökümdarlyk etmegiň, ýaýnap ýaşamagyň üçin berip dur. Sen bolsa, Allatagalanyň, Togrul patyşanyň beren şol nygmatlaryndan ýüz öwürýärsiň. Allatagala seniň bu ýüz öwürmäňi halamaz. Murtar jezalandyrmagy-da mümkin... Ybraýym telim ýola nygtalan bu sözlerden soň, ýene Zengana gidermen boldy, şu pikir bilen Togrul begiň ýanyna bardy. Ybraýymy ynandyrmak aňsatdy. Şeýle bolansoň, ol bir pikire ygrarly däldi, üýtgäp durýardy. Togrul beg onuň şu häsiýetinden mydama howatyr edýärdi. Togrul beg onuň pikirini oňlady: – Ybraýym, byradarym, men saňa Abu Alyny wezir belläýin. Goý, ol saňa diwan işleriňi ýöretmäge ýardam bersin. – Abu Alynymy? – Ybraýym birsalym dymdy. – Näme, göwnemejek bolýarsyňmy? Men-ä ony saňa sowatlydygy hem işeňňirdigi üçin bermekçi bolýaryn. Ol seniň ähli işiňi eder. – Dogry... – Sen menden hiç zat gizleme. Isleseň, başga birini saýla. – Göwnüm emir Dodurga Merwezini küýsedi. – Goý, emir Dodurga Merwezi bolsun! Ybraýym derrew başky pikirini üýtgetdi: – Ýok, ýok, Togrul, sen Abu Aly diýdiň. Goý, seniň diýeniň bolsun. Sen bu babatda gowy oýlanansyň. Onsoňam sen olaryň ikisini-de menden gowy tanaýarsyň. – Sen Abu Alyny näme üçin göwnemediň? Byradar, maňa ýüregiňdäkini açyk aýt. – Togrul, meniň senden ýaşyryn zadym ýok. Men näme pikir etsem, ony hökman saňa aýdýaryn. Abu Aly barada-da aýdaýyn. Ol aşa sowatly. Men onuň akyl öwretmeginden gorkýaryn. Maňa akyl gerek däl. Onsoňam onda adamlara göwnüýetmezçilik bar. Ýanynda kimiň gürrüňi edilse: «Aý, olmy?» diýip içýakgynç ýylgyrýar. Men şuny halamaýaryn. Dodurga Merwezi sowatly bolsa-da, dymma. Bir zat soraýmasaň, aňsat-aňsat gürlemeýär. Akyl öwretjek bolup dyzamaýar. Hiç kimiň gürrüňini etjek bolmaýar. Men Abu Aly bilen düşünişip işlärin. Ol Horasana belet... * * * «Minarany ogurlamazdan burun, ony nirede gizlejekdigiň hakda oýlan» diýen pähim bar. Togrul beg döwletini yglan etmezinden owal döwleti edara etmek barada köp oýlanypdy, ol samanlylaryň, gaznalylaryň döwleti edara edişlerini gaýtalaman, öz täze döwleti edara ediş ulgamyny döretmek isleýärdi. Geçen şalaryň ýoluny gaýtalamak, Togrulyň göwnüne, bir¬ki ýyldan olaryň gününe düşmek howpuny döredýärdi. Seljuklylar güýçli hasaplanylan gaznaly şalygyny ýeňdiler. Rast, elli müň atly goşunly şalyk on alty müň atly goşundan ýeňilýän bolsa, oňa näme üçin güýçli döwlet diýjek?! Täze döwlet gurmak üçin edilmeli işler kändi, juda kändi. Her kimiň etmeli işi anyklaşdyrylmaly. Şalygy, elbetde, patyşa dolandyrmaly bolar. Oňa wezirler gerek. Döwlete girdeji nireden gelmeli?! Ine, esasy zat. Ýer-mülkden – haraçdan geler. Ýerleri ykta1 bermeli. Yktany yktadara2 muktada ýaşaýan daýhanlar bilen bilelikde bermeli. Yktadar öz daýhanlaryndan ýylda iki gezek haraç ýygnasyn. Döwlete salgyt tölesin, döwleti esger bilen, azyk bilen üpjün etsin. Yktadar, goý, ýerlerini ülüşçilere – barzigarlara paýlasyn. Ykta şahadatnamasyny diňe patyşa gowşursyn! Diwany wezaraty3, onuň gulluklaryny döretmek, işlerini ýola goýmak Togrul beg üçin hupbatly boldy. Birnäçe wezir wezipeleri döredildi. Wezirleriň etmeli işleri aýdyňlaşdyryldy. Dogrusy, seljuk diwany, Horasany edara ediş diwany Daňdanakan söweşinden iki ýyl öň – Sarahs söweşinden soň döräpdi. Şondan bäri dolandyryş edaralary işleýärdi. Wezir ýurduň maliýe dolanyşygyny alyp barýardy, ýolbaşçy adamlary wezipä bellemäge-de, wezipeden aýyrmaga-da hukuk¬lydy. Salar – goşunyň baş serkerdesi. Tugraýy – döwletiň möhürine eýelik edýär, patyşanyň, weziriň ygtyýar bermegi bilen resminamalara, permanlara möhür basýar. Amil – ýerli emeldar. Ol, esasan, ilatdan haraç ýygnaýar. Amiller ýygnan harajynyň bellibir bölegini etraplaryň edaralaryny saklamaga harç edip bilýärler. Welaýatlara şihneler ýolbaşçylyk etmeli, olara kazynyň hukugy berilýär. Şihneler, esasan, maldarçylyk bilen meşgullanýan welaýatlara bellenilmeli. Üstaduddar – hazynanyň girdejisinden, salgytlaryndan belli bir mukdaryny aşhanalara, köşkdäki işlere sarp edýän, aşhanany, köşk hojalygyny dolandyrýan adam. Mutassarif – etraplarda, welaýatlarda çykdajylaryň-girdejileriň hasabyny ýöredýän emeldar. Ýerlerdäki maliýe dolanyşygyny mutassarifler ýa-da mustaufi-hazynadar alyp barmaly. Ariz – goşunyň maliýe üpjünçiligini alyp barmaly. Kazy – şerigatyň kanunlary esasynda adalaty goramaly, günäkärleri, jenaýatçylary jezalandyrmaly. Muhtasyp – şäherlerde düzgün-tertibe gözegçilik etmeli, bazarlaryň tertip-düzgüni, ahlaklylygy muhtasybyň jogapkärçiliginde bolmaly. Raýis – ýerli kethuda: şäherleriň hem obalaryň ýolbaşçylary. Emir-i-haras – türmeleriň, jellatlaryň ýolbaşçysy. Jandar, mufrat, çawuş – patyşanyň janpenasy. Ahursalar – athananyň hojaýyny. Köwüşberdar – patyşanyň köwüşini göterýän, saklaýan kişi. Dabir – mürze, kätip. Atabegler – köşkde patyşanyň çagalaryna edep hem sowat öwretmeli mugallymlar, terbiýeçiler. Gulam – hakyna tutulan esger. Oglan – atly esger. Her kimiň etmeli işi belli, şeýle-de bolsa işler şow tapyp gidibermeýärdi. Elbetde, ähli zadyň başlangyjy kyn. Togrul beg ýuwaş-ýuwaşdan ähli zadyň ýola düşjekdigine ynanýardy, her bir meseläni ünsden düşürmezlige çalyşýardy. Her bir ugruň kadaly işlemegi üçin diňe bir ýa iki hünärmen bilen maslahatlaşyp oňman, telim hünärmen bilen maslahatlaşýardy. Ýönekeý görnen zat hem käteler begiň üç-dört gün wagtyny alýardy. Onuň ukusyny karam edýän gijeleri az bolmaýardy. Şol günler, şol gijeler beg hatyny Altynjanyň çydamlylygyna, ýatkeşligine, işine çulumlygyna haýranlar galypdy. Asyl Altynjan ýormak diýen zadyň nämedigini bilmeýän ýalydy. Biri çydamly bolsa, Togrul beg çydamlydy, ýöne Altynjanyň çydamlylygy begiňkiden rüstem geldi. Togrul beg uzynly gün işläp lüti çykyp golawrasa-da, Altynjan ýa-ha muny begden ýaşyrýardy ýa-da hakykatdan hem ýormaýardy, öjemeldi. Ol haçan görseň, dynjyny alyp, ýaňy aýak üstüne galan ýalydy. Özem onuň gama batyp oturan pursadyna Togrul beg eger-eger gabat gelmeýärdi. Ol mydama göçgünlidi. Özem mydama gowy zatlaryň gürrüňini edýärdi, lapyňy keç etjek gürrüňlerden gaça durýardy. Asyl, onuň durmuşynda lapyny keç edýän zat ýok ýalydy. Köşkdäki diwan işleri pars dilinde alnyp barlansoň, Tog¬rul beg her bir diwanyň, her bir gullugyň işini, baglaşylýan şertnamalary, çykarylýan permanlary gözden geçirmegi Altynjana ynanýardy. Onuň oňlan permanlaryna Togrul beg tug¬rasyny basardy. Köşkde diwan işlerini pars dilinde ýöretmegi Tahyrylar hökümdarlygy başlapdy4, şondan bärem dowam edip gelýärdi. Ýogsam köşk diwanyny türkmen dilinde ýöretjek bolup soltan Mahmyt Gaznaly-da köp yhlas edipdi, ýöne onuň bu islegi amal tapmandy. Togrul beg hem köşgüň diwan işleriniň türkmen dilinde alnyp barylmagyny isledi, talap etdi, ýöne bu iş başa barmady. Döwlet işinde, köşkde kimler işlemeli?! Oguz kowumyny ir ertirden giç agşama çenli bir jaýda – köşkde oturdyp bilmersiň. Bir otagda ertirden agşama çenli oturmak onuň üçin zyndandyr. Ol oturmaly bolsa atyň üstünde oturar, ýöne bir otagyň içinde uzak wagtlap dümtünip oturyp bilmez. Ýüregi agzyndan çykaýjak ýalydyr. Sebäp onuň asly nurdan – otdan, ot durmaýar, ot mydama hereketde. Oňa hereket gerek. Hereket gerek! Derlemek gerek! Oňa ýanmak, nur saçmak gerek. Onuň üçin rahatlykda rahatlyk ýok. Oguz kowumy diňe hereketde rahatlyk tapýar. Oguz kowumy diňe aldym-berdimli darkaşlarda rahatlyk tapýar. Seljuk begleri oturmak islemeýän bolsa, onda köşkde kim oturmaly? Döwlet diwanyny kim ýöretmeli? Bir-iki adamyň aljak galasy ýok. Uly döwleti dolandyrmak üçin ýüzläp-ýüzläp hat-sowat bilýän adamlar gerek? Özüňde adam bolmasa, ýagdaýa görä çäre görmeli. Özem bu aýbyňy hiç kime bildirmeli däl. Başarsaň, kemçiligiňi ile geçirimliligiň, artykmaçlygyň, ynsanperwerligiň hökmünde görkezjek bolmaly. Iň gowusy, kemçiligiňi ýaşyrmak, ol hakda hiç zat gürlemezlik. Täze döwlet döretjek bolsaň, meseleler kemçilik, nogsanlyk hökmünde ýaz kömelegi deýin köpelip, ähli ýerden ýüze çykar durar eken. Şeýle-de bolsa, Togrul beg ruhdan düşmedi, goşuny, häkimligi öz eline aldy. Ol her bir patyşa ýaly, öz döwletiniň diňe bir ýolbaşçysy, öňbaşçysy däl, eýse bu döwletiň bir şahsyýetde aňladylmasydy, ýagny onuň nyşanydy. Bu döwlet iş ýüzünde harby wezipeleri çözmek arkaly kemala gelen döwletdi. Indi hem bu harby-syýasy şalygy sap syýasy, aňyýet, ruhyýet hem medeniýet mazmuny bilen doldurmak gerekdi. Bu wezipeleri amala aşyrmak üçin döwlet gurmagyň köpçülikleýin tebigy işi däl, eýse Tog¬rul begiň aň-düşünjesi, maksat-niýetleri bilen baglanyşykly şahsy başlangyjy hem zerurdy. Togrul begiň syýasy akyldarlaryň döwlet barada pähim-parasatlaryny ürç edip öwrenmegi-de şunuň bilen baglanyşyklydy. Seljuk döwleti harby-syýasy jähetde bişişen, taýýar edilen, kemala gelen barlyk bolsa-da, döwlet gurluşynyň beýleki ugurlarynda ol tarp ýeri ýada salýardy. Tarpy özleşdirmek üçin sap harby gymmatlyklar bolan türkmen taryhy tejribesinden başga-da köp zatlar gerek boldy. Şonda seljuklar özge halklaryň syýasy tejribesine ýüzlendiler. Şeýdip, seljuk döwleti özüniň döwlet diwany, syýasy-edara ediş usullary boýunça pars syýasy medeniýetiniň gazananlaryny özüne siňdirdi. Ruhyýet, medeniýet, aňyýet ugurlarda bolsa ol arap-musulman, hatda grek syýasy pelsepesiniň düşünjelerini öz kemalyýetinde ulandy. Türkmen özeniniň daşyna özge halklaryň gazanan gymmatlyklary gatlaklanyp, bütin musulman dünýäsiniň gazananlary ulanylyp, dünýä derejesindäki täze bir döwlet kemala geldi. Ähli halklaryň bu beýik taryhy gurluşyga öz pikiri, tejribesi bilen gatnaşmaga mümkinçilik almagy agzybir, dostlukly bir döwleti kemala getirdi. Onda hemmeler özüni doly bahaly adamlar, döwletiň eýesi bolan adamlar hökmünde duýýardy. Seljuk türkmen döwletiniň adyllygy-da, rahatlygydyr amatlylygy-da, hiç kimiň munda özüni keseki duýmaýanlygy-da şonuň üçindir. * * * Halyfa ýeňişnama göndermek aňsat düşmedi. Göräýmäge, bu ýerde hiç hili müşgillik ýok ýaly: Samarkant, Merw kagyzy gerekmi, Çyn kagyzy gerekmi, baş üstüne, ähli görnüşinden bar. Arap dilinde ýazjak debir hem taýýar. Altyn syýa-da taýýar. Altynjanyň ýogy ýok, ol näçe gezek ýazmaly bolsa-da ýüksünmän ýazyp otyr. Özem ol sünnäläp, biçak owadan ýazýar, ýöne bir adam bilen döwlet diwanyny ýöredip bolmaýar. Bu ýerde göze görünmeýän kynçylyk bar. Çünki halypa ýazyljak fethnama täze döwletiň baş syýasaty bolmaly. Şol nama täze döwletiň syýasy ýüzüni kesgitlemeli. Nama üç-dört gezek, ondan hem köp gezek ýazyldy. Ahyryl-ahyr bir nusgada duruldy: «HALYPA, MÖMINLERIŇ EMIRI KAÝYM BEMRYLLAHA B iz, Seljukogullary – siziň gullaryňyzdyrys, mukaddes pygamberlik huzuryňyzyň we döwletiňiziň mydamalyk tarapdarydyrys we boýun egen türkmenlerdiris. Mydama gazawat söweşini alyp baryp, Käbä zyýarat ederdik. Biziň aramyzda halkyň hormatlap sarpa goýan Ysraýyl ibn Seljuk atly kethuda doganymyz bardy. Ýemineddöwle Mahmyt ibn Söbüktegin hiç hili günäsi bolmasa-da, ony tussag edip, Hindistandaky Kelejar galasyna iberdi. Ol ony bu ýerde ýedi ýyl bendilikde saklamaga höküm berdi. Netijede, ol bendilikde wagty aradan çykdy. Ýeminedöwle Mahmyt ibn Söbüktegin biziň garyndaşlarymyzdan we tarapdarlarymyzdan ýüz otuz adamy, bigünä bolsalar-da, galalarynda sakladylar. Masudyň goşuny üstümize çozdy. Aramyzda hüjümdir yza çekilmeler, ýeňiş we ýeňlişler boldy. Ahyrsoňy, bagt bize gülüp bakdy. Soňky gezek Masut leşger çekip, biziň üstümize çozanda, Taňrynyň ýardamy we pygamberimiziň arassa we mukaddes huzurynyň ykbaly bilen biz üstün çykdyk. Masut ýeňlip, köp zyýan çekip, döwletini bize tabşyrdy. Şeýle dana söz bar: «Taňra boýun egmedik hökümdar arzuwynyň gyltymyna kowalaşyp heläk bolar». Taňrynyň berenine we ýardamyna şükür edip, adalatly we ynsaply hereket etdik. Zulum we adalatsyzlyk ýolundan ýöremedik. Indi biz adalat hem ynsaplylyk esasynda külli musulmanlara howandar hem arkadag boljak döwletimiziň işiniň din ýoly bilen – halypanyň buýruklarynyň we görkezmeleriniň esasynda ýöredilmegini isleýäris. Ýene bir dana söz bar: «Hökümdarlygyny dinine hyzmat etdirene her bir soltan boýun eger, dinini hökümdarlygyna hyzmat etdireniň hökümdarlygyna ähli kişi göz diker»5. Fethnamanyň soňunda Togrul ibn Mikaýylyň, Çagry ibn Mikaýylyň, Musa baýgu Kelan ibn Seljugyň atlary bardy. Fethnama ynamdar adamdan – Abu Yshak el Fukkadan Bagdada ugradyldy. * * * Halypa Kaýym Bemryllah seljuk beglerini gutlap, ýörite sowgat iberdi6. Halypa sowgadynyň sanawy: 1. Togrul beg, Çagry beg, Musa beg üçin üç sany ýörite teşrip (halat). Bu halatlaryň gyralary ownujak göwher daşlary bilen jäheklenendi. 2. Her biri üç jübütden ybarat bolan iki sany sowgat. Birinji sowgat: ak ýüpek matadan tikilen köýnek-balak; peş, omuz gaýyşy, gymmatbahaly daşlar bilen bezelen hindi gaýyşy, ädik. Ikinji sowgat: geýim, telpek, agarçäkmen, gymmatbahaly daşlar bilen bezelen kemer, gymmatbaha daşlar bilen bezelen, ýüzünde aždarhanyň şekili çekilen «garaçury» diýlen altyn gylyç. 3. Sahaby altyn bilen haşamlanan üç sany Gurhany kerim. 4. Asly bambuk agajyndan ýasalyp, altyn bilen haşamlanan üç sany şalyk hasasy. 5. Bir altyn jyga. 6. Bir altyn jyza. 7. Ýüzi gymmatbaha daşlar bilen bezelen galkan, ýüzünde kyrk sany ýakut we ortasynda uly gymmatbahaly daş bar. 8. Üç saý at. Bu saý arap atlarynyň esbaplary sap altyndan. Atlaryň toýnaklaryna ýüz dinar bahaly halkalar nallanylyp berildi. 9. Iki totuguş. 10. Otuz arap aty. Bu atlaryň üstünde gorag örtgüleri we rum keçeleri bardy. Her bir atyň boýnuna dakylan ýüpek jylawda altmyş sany halypalyk dinary bardy. Bu atlar bilen birlikde otuz sany seýis hem be¬rilýärdi. 11. On hindi pişigi. 12. On elguş. Elguşlaryň başlyklary gymmatbahaly daşlardan nagyşlanyp bezelen. 13. Otuz top ak reňkli ýüpek mata, otuz top atlaz mata. 14. Bir halypa tugy. 15. Gotazlary gymmatbahaly daşlar bilen bezelen tagtyrowan (Dört tarapyndan göterilip äkidilýän tagt). 16. Patyşanyň hatyny üçin zerugeýimleri. 17. Patyşa hatyny üçin göwher gaşly altyn jyga.. Halypanyň iberen ýörite ilçisi getiren zatlaryny Seljuk beg¬lerine ýeke-ýekeden dabara bilen görkezýärdi. * * * «1044-nji ýylda Abu Kalyjar Bagdada girdi. Halypa Kaýym Bemryllah ony garşylamaga çykmady. Abu Kalyjar patyşalyk howlusynda düşledi we Jelaleddöwläniň aýalyny, çagasyny we goş-golamlaryny ol ýerden çykardy. Bäş rakat namaz wagty gapysynyň agzynda zaň kakdyrdy. Oňa öňki adat bolşy ýaly, diňe üç wagt namazda zaň kakdyrmagy, zaň kakylyş dowamlylygyny gysgaltmagy towakga edip ilçi iberildi. Abu Kalyjar welin, Halypanyň ilçisiniň töwellasyny diňlemedi, bäş wagtyna zaň kakdyrmagyny dowam etdirdi»7. * * * Iki hili söweş bolýar: göze görünýän – daşky hem göze görünmeýän – içki söweş. Göze görünýän daşky söweş: goşun jemläp: «Ýa Biribar, özüňden medet!» diýip, ýagynyň üstüne dökülmek hem ýeňmek. Bu ýerde söweş nagt. Güýçlümiň, bolany, ýeňiş seniňki, ýöne ikinji, göze görünmeýän – içki söweşde nagt zat ýok, gara güýjüň aljak galasy-da ýok. Bu söweşde gaty hüşgärlik gerek, ýiti pähim-parasat, ugurtapyjylyk gerek. Togrul beg bu söweşleriň ikinjisinde – pähim söweşinde ät galmazlyk, musulman halklarynyň göwünlerini awlamak, olaryň pikir-düşünjelerine doly düşünmek üçin yslamyň döreýiş taryhyny, Muhammet alaýhyssalamy, pygamberleri, mezhepleri, kelam ylmyny8, hululylary9, azanyň soňundan goşulan: «Haýyr işleri etmägi howlugyň!» diýen sözüň10 aňyrsynda ýatan hikmeti jikme-jik öwrendi. Aristunyň «Tasawwuratyny»11, Eflatunyň «Döwletini», Farabynyň «El-Medine el-fazylasyny» ulamalaryň teswirli okamagynda diňledi. Yslamyň gysyp çykaran gadymy buddaýy, brahmany, mitraýy, zertoşty dinlerini-de öwrendi. Yslam näme üçin sünni, şaýy, howaryj mezheplerine bölündi?! Näme üçin fykh buýruklarynyň amalynda agzalalyklar bar?! Näme üçin fykh birnäçe mezheplere bölünipdir?! Seljuk döwletiniň döremegi bilen Horasanda Gurhana hem hadysa esaslanýan mäliki we hanafiýa mezhepleri ýörgünlidi. Bu iki mezhebiň aralygynda durýan şafygy mezhebi Horasanyň käbir şäherlerinde kabul edildi. Ol köplenç aşgary usulynda medreselerde okadylýardy. Aşgary mezhebi Abu Musa Aşgarynyň (878-935 ý.) nesli bolan Abul Hüseýin Aly bin Ysmaýyl tarapyndan X asyrda ýüze çykypdy. Ol belli bir döwür içinde mugtazylalylardan bölünip, öz aşgary tarykatyny döredipdi we mugtazylanyň duşmany hökmünde özüni tanadypdy. Aşgarylar müjebbire12 we kadaryýe13 ynançlarynyň arasynda şöhratlanmak isleýärdiler. Olar: «Bende işi kesp edijidir. Allatagala bolsa işi ýerine ýetirijidir. Çünki Hudaý mälikdir, her bir zat etse-de, ol zulumdan uzakdadyr» diýen pikiri öňe sürýärdiler. Her hili garaýyşlar, toparlar döreýärdi. Her bir ulama öz pikirini ykrar etdirmek, taglymatyny medreselerde sapak hökmünde girizmek isleýärdi. Mezhepleriň, garaýyşlaryň aşa köplügi – adamlaryň dini ynanjyny berkitmän, gaýtam, gowşadýardy. Togrul beg dini garaýşyň birligini, bitewüligini gazanmak üçin her bir mezhebi düýpli öwrenmeli boldy, şonda musulman dünýäsinde munapyklaryň14 köpdügine-de göz ýetirdi. Bekdaş bilen Dürnazara olara garşy berk göreşmegi tabşyrdy. Mugtazyla mezhebi15 karmaty we ysmaýyly atlary bilen med¬reselerde öz hökmürowanlygyny gazanypdy. Ýöne mezhepler öz aralarynda oňuşmaýardylar, biri-birine kapyrlyk günäsini ýöňkäp, biri-birini metdi-masgara etmäge, şeýdip biri-birinden rüstem gelmäge çytraşýardylar. Mugtazylalylaryň we mütekellimleriň16 garşydaşy bolan fykhlar we aşgarylar topary öňe saýlanyp ugradylar, olar hanafy, mäliki, şafygy, hanbaly mezheplerinden özge mezhepleri küpür, zyndyk diýip yglan etdiler, olary ýok etmäge çagyrdylar. Zyndyklar aslynda maddy pikire uýup, sygynyp, dinlere, ylahy kitaplara, pygamberlere müňkür bolýardylar. Hanafylar, esasan, mugtazylalylara eýerdiler. Bu mezhep ylymdyr pelsepeden rüstem geldi. Ulamalar öz ylymlaryny din bilen baglanyşdyrmaga mejburdylar. Mütekellimler Hudaýyň barlygyny, ýeke-täkligini tekrarlap: «Ähli zatlarda Haktagalanyň yhlasy akyp dur» diýýärdiler. Sopular hem edil mütekellimleriň şu pikirine sygynýardylar: «Ähli zatlarda Haktagalanyň barlygy akyp dur». Sopular «hakykata» ýetmek üçin şerigat basgançaklaryndan tarykat basgançaklaryna geçýärdiler, özem olar baýlygy, maddy gymmatlygy inkär edýärdiler, mazlumlary goldaýardylar, baýlary ýigrenýärdiler, näletleýärdiler, baýlara ähli zatlaryny garyplara paýlap, garyp ýaşamagy wagyz edýärdiler. Sopuçylyk birinji şerigat basgançagynda başlangyjy şerden hem umytdan başlan bolsa, ikinji tarykat basgançagynda adamlary toba etmäge, terkidünýälige, ýoksullyga, sabyrlylyga çagyrdylar. Üçünji hakykat basgançagynda bolsa sopular dünýewi we şerigat buýruk¬laryny ýerine ýetirmekden boşadylýardy, sebäbi şerigat we sopuçylyk mukaddes hasaplanýardy… 2. Reýde geçen ikinji toý Reý şäheri, Reý dagynyň gerişleri, owadan-owadan ymaratlar Altynjana biçak ýarady. Haremhanadaky göz-göz otaglar, hyzmat edýän gelin-gyzlar welin, onuň birbada sustuny basdy. Bu ýerde toýa taýýarlyk görülýärdi. Toýa bir aý öňünden gelýärdiler. Toý Mawlid an Nabiniň doglan güni – rabi al-awwalda17 başlanmalydy. Gelýänleriň ählisini ýatyp-turar ýaly ýatakhanaly etmek, olaryň owkatyna esewan bolmak üçin ýigrimi müň adam hyzmata durdy. Çyn-Maçyndan, Wizantiýadan, Kawkazdan gelen myhman¬laryň sowgatlary Altynjany haýrana goýupdy. Muhammet Togrul begiň aýdyşy ýaly boldy: patyşanyň tag¬tynyň çep gapdalyndan Altynjan üçin ýörite kaşaň tagt goýuldy. Muhammet alaýhyssalamyň dünýä inen güni toý başlandy. Gelýän myhmanlaryň yzy üzülenokdy, olar çatynjalara – Togrul beg bilen Altynjana tagzym edip geçip durdylar. Her gelen öz sowgatlaryny görkezýärdi, gowşurýardy. Her şalyk, her beglik özüniň rakysçylaryny, aýdymçylaryny hem ugradypdy. Daşary ýurtlaryň köp şasy öz wekillerini ugradypdyr. Hytaý, rum, rawwat, salar-musafir, bawan, zaýýr, şaddat, buid, kaku, saffar şalyklaryndan wekiller geldiler. Gelenleriň arasynda Beýik Kiýew Rusundan gelen wekiliň Ýaroslaw Mudrynyň18 adyndan aýdan ýakymly gutlag sözleri, gow¬şuran sütükli possunlary Altynjanda hasam ýakymly täsir galdyrdy. Uzaga çekse, toýam ýadatjak eken. Toý kyrk gije-gündizläp dowam etdi. Uzaga çeken şagalaň-zyýapatyň ýadawlygy gara zähmetiň ýadawlygyndan çökder boljak eken. Soňky günler-ä toý geçmejek, gutarmajak ýaly bolup du¬ýuldy. Ýöne kyrk gije-gündize çeken toý-şagalaň diňe bir Altynjany ýa Togrul begi däl, ahyryl-ahyr seljuk beglerinem ýadatdy, usurgatdy. Muhammet Togrul beg ýol küýsedi. Darkaş küýsedi. Kyrk gije-gündiziň içinde çözülmeli meselelerem ep-esli ýygnandy. * * * Togrul beg Altynjana beren talagyndan soň oňa ikinji gezek öýlenmeli boldy. Köne türkmen adatynyň talaby şeýledi. Adat bu meselede göräýmäge şerigat bilen deň gelýän ýaly hem bolsa, daşdan seredýäniň gözüne ilmeýän ownuk tapawutlar bardy. Şerigat aýala talak berlenden soň, öňki är-aýalyň ýene birleşmegine göni ýol bermeýär, aralykda öňki aýalyň, ilki bilen, başga biri bilen nikadan geçmegini, diňe şondan soň ozalky är-aýalyň täzeden birleşmegini talap edýär. Türkmen adaty bolsa beýle zatlary artykmaç hasaplap, ol şerti aradan aýyrýar we gönüden-göni täze nika rugsat berýär. Togrul beg, hemişe edişi ýaly, ýene türkmen adatyna eýerdi. Ol ikisine gaýtadan nika gyýdylar. Ikisiniň bagtyna göz dikäýjek ýaramaz päl-niýetleri gyýyp taşlamak manysynda, nika gyýylýarka, gaýçy işletdiler. Göze görünmeýän belalary göz görnüp duran gaýçy bilen gyýyp taşlanylmagy Togrul begiň gözüne hem geň-taň bolup, hem juda manyly bolup göründi. Ol baş salynýarka, garry mamanyň ýom okaýşyny ilkinji gezek görýän ýaly geň galmak hem gyzyklanmak bile syn etdi. Ak, gök geýdirme, Arpa çörek iýdirme, Toýnakla depdirme, Agyzla gapdyrma… Ak hem gök reňkleriň ýas eşiginiň reňkidigini ol oňat bil¬ýärdi. Garry mama ikisine uzak ömür arzuwlaýardy. Şu günki nika bolsa täzeden başlanýan ömrüň täze binýadydy. Nika Togrul begiň şahsy ömrüniň binýady, täze döwlet bolsa onuň taryhy ömrüniň binýadydy, şol sebäpden ol taryhy ömrüni şahsy ömründen ilerde goýup, toý etmek işini uzaga çekdiripdi. Bu gün ol adam hökmünde Altynjan bilen nikalaşan bolsa, patyşa hökmünde täze bir döwlet bile nikalaşypdy. Onsoň garry mamanyň ýokarky pentleri onuň gulagyna külli türkmeniň öňündäki borçlarynyň kesgitlenmesi bolup eşidildi. Alla bendesini ýalkajak bolsa, oňa mynasyp ýar berýär. Alla patyşanyň işini oňuna etjek bolsa, oňa dogumly hemem pähim-parasatly nedim berýär. Togrul beg ynsan hökmünde-de, patyşa hökmünde-de ýalkanypdyr. Döwletli ojagyň aýaly, ilkinji nobatda, ýanýoldaşynyň syrdaşydyr. Adalatly patyşanyň nedimi-de onuň syrdaşydyr. Maşgalany-da, döwleti-de saklaýan güýç syrdaşlykdyr. Syrdaşlyk – ikiniň birligi, bu birligiň bozulmazlygy üçin ruhy ýakynlyk gerek. Togrul begiň bagtlylygy öz nedimi bilen diňe bir ruhy däl, eýse tebigy birligiň oňa Alla tarapyn miýesser edenligindedir. Iki göwrede bir jan, iki göwrede bir paýhas bolmak Togrul begiň geljeginiň ýagty umydynyň binýady boldy. Ikinji gezek nika gyýlansoň Togrul beg Altynjan bilen tas ýedi ýylyň aýraçylygyndan soň gowşan aşyk-magşuk ýalydy, öz köşk aladasyndan sähel sypyndygy Altynjanyň ýanyna gelerdi. Onuň aýagyna kellesini goýup, süýnüp ýatardy. Altynjan bolsa öňünde ýatan begiň murtuny sypardy, diňe bir murtundan däl, onuň ýüzünden, kellesinden sypardy, käte murtundaky ak gyl-lary ýolup bererdi. Altynjanyň aýaklary gurşar giderdi. Onuň sypawlary Togrul begi gyjyndyrardy: ol dünýäni unu¬dyp, köwende, aýşy-eşretde bolardy. Göwni joşa gelerdi. Beg etmek isleýän zatlaryny Altynjana joşup-joşup gürrüň bererdi: – Seljuklar Horasanyň, Ajamyň, Yragyň – Günbataryň din gylyjy bolmaly, köp-köp sogap gazanmaly. Dine duwlanyp, diňe baýlyk ýygnaýan hannaslaryň depesinden Ezraýyl bolup inmeli. – Bagdady Büweýh soltany al-Mälik ar-Rahym Husrau Firu¬zyň elinden almaly. – Jibal sebitini soltan Masut Gaznalydan almaly. – Kaku şalygyny syndyrmaly, soltan Abu Kalyjary dyza çökermeli. – Külli Turan Togrul patyşanyň elinde bolmaly. – Ähli musulman şalyklary Togrul patyşaga tabyn bolmaly. Togrul patyşanyň baş maksady külli musulman ymmatyna baş bolmakdy, halyfyň hem öz garamagynda bolmagydy. Ol Haktagalanyň özüni bu maksadyna ýetirjekdigine ynanýardy. Bäş rakat namazyny, nähili çykgynsyz ýagdaý bolanda-da, sypdyrman okaýardy. * * * At çapyşygy geçirildi. Oňa, adatça, Altynjan-da gatnaşdy. Aralyk iki milden-de gowrakdy, atgaýtarym uzaklykdy. At çapyşygy her anna güni geçirilýärdi. Çapyşyga her gezek Abu Zurga Hannaky eminlik edýärdi. Altynjanyň bedewi biçak ýyndamdy, owadandy, çapyşyklarda köplenç birinji bolup gelýärdi. Altynjanyň bedewini Togrul bege Dehistanda sowgat beripdiler, beg hem ol bedewi Altynjana beripdi. Altynjan bu bedewi-de Akgar diýip atlandyrypdy. Emir Mübärek bilen Hapban Endikäni Altynjanyň çapyşyga goşulmagyny islemeýärdiler, ýöne dymýardylar. Çapyşykda Altynjandan öňe geçjek bolup gaty yhlas etdiler. Barybir, Altynjanyň aty ähli atdan saýlandy. Emir Mübärek ikinji, Ybraýym ynal üçünji bolup pellehana geldi. – Altynjan melike birinji geldi! Melikämiziň aty çykdy! – diýip, emin Abu Zurga Hannaky begenjine zol-zol gygyrýardy. Togrul beg bu gün çapyşyga beýik bir depäniň üstünden tomaşa etdi. * * * Togrul beg bilen Altynjanyň dergähine Anuşirwan geldi. Ol ýeke däldi, yzynda başyna bürenjek atylan bir gelin hem Abu Zurga Hannaky bardy. Anuşirwan Togrul bege ýüzlendi: – Geldiler, begim! – Pah, pah, bolaýypdyr! Berekella! – Togrul beg tagtyndan turup, Anuşirwany gutlady, oňa bagtyýarlyk diledi, soňam Altynjana ýüzlendi: – Altynjan, sen nä otyrsyň? Gelni kabul et! – O nähili gelin?! – diýip, Altynjan ör-gökden geldi. – Altynjan peri, biz saňa üýtgeşik hedýe etmek isledik, seni birden begendirmek isledik – diýip, Togrul beg Anuşirwanyň ýanyndaky gelni görkezdi. – Anuşirwanyň tabşyrygy bilen men bir kerwene baş bolup, merhemetli Altynjan melike, size Horezminden, Buruntak diýen obadan bir peri-peýker gyzy gelinlik getirdim – diýip, Abu Zurga Hannaky ýyrş-ýyrş etdi. Altynjan esli salym böwrüne diň salyp durdy, megerem, nämäniň nämedigine düşünen bolarly, Anuşirwanyň ýüzüne gazaply seretdi, gahardan ýaňa çala saňňyldady. Soňam: – Gözüme görünme! – diýip, Hannakynyň üstüne gygyrdy. Sagbolsun hantama Hannaky boz-ýaz bolup yza çekildi. – Mähriban walydam!.. – diýip, Anuşirwan ýylgyrjaklady. – Bu näme etdigiň? – Men bütin ömrümi müjerret geçirmeli däldirin-ä! Halan gyzyma öýlenmegime garşy çykyp durmarsyňyz-a, walydam! – Sen durmuşa gaty ýüzleý çemeleşýärsiň, gaty ýüzleý. Kelläňe näme gelse, edip goýberýärsiň, soňy hakda oýlanmaýarsyň… – Altynjan hyrçyny dişledi. – Sen maňa ýalan sözläpsiň – diýip, Togrul beg Anuşirwana nägilelik bildirdi. – Sen: «Walydam begener» diýip, meni ynandyrdyň. – Meni begendirdiňiz, gaty begendirdiňiz. – Altynjanyň bu sözi ynandyryjylykly eşidilmedi, sowuk eşidildi. Togrul beg hatynynyň içki harasadyna düşündi, ýöne düşünmedikden boldy: – Onda toý edeliň! – Dogry aýdýarsyňyz, begim, toý edeliň! – Pederlerimiz her süňňüne bir hatyn – jemi on iki hatyn alypdyrlar. Yslam bolsa: «Dört hatyndan artyk almaly däl» diýýär. Bir döwür gelip: «Bir hatyndan artyk almaly däl» diýmekleri-de mümkin – diýip, emir Peýkam şelaýyn ýylgyrdy, ýöne hiç kim onuň pikirini oňlamady. Altynjan welin, ony ýigrendi. «Gör, nähili nejis adam. Ol bu sözleri bilen bege gyjalat berýär, onuň birki aýal almagyny isleýär» diýip, içini gepletdi. Altynjan hatyn Bekdaşa özüni bege ýamanlanyň Peýkam¬dygyny, şonuň sözüne ynanyp begiň gahar-gazap atyna atlanandygyny, özüni urandygyny hemem çagasynyň düşmegine sebäp bolandygyny aýdypdy, şonda Bekdaş gynanmak-gynanypdy, göwünlik beripdi. Altynjanyň, barybir, Peýkama bolan ýigrenji, gahary kiparlanokdy. Toý başlandy. * * * Sadylla Altynjana al-Kuşaýrynyň medresesinde işe durmak isleýändigi üçin bir aýlap hiç ýere çykman şafy-aşgary tarykatyny öwrendi, ibn Furagyň, al-Isfaraininiň, Abu Aly al-Dakkakyň, al-Aşarynyň kitaplaryny – ýedi makamyny19 ürç edip okady. Şondan soň sähetli gün Altynjan bilen ýola şaýlandy. Al-Kuşaýry huzuryna Sadyllanyň Altynjan bilen gelmegini halamady. Pir bu pikirini ýaşyrjagam bolup durmady. – Näme üçin hatyn bilen geldiň? – Altynjan – Togrul begiň hatyny. Ol siziň bilen tanyşmak, söhbediňizi diňlemek isledi. – Men hatynlar bilen tanyşmaýaryn. Men seniň bilen söhbet gurup biljek däl. Bu sözi eşitmek Altynjana agyr degdi. Onuň üstesine Sa¬dylla-da oňa azgyryldy: – Sen meni işsiz goýduň! Men onuň ýedi makamyny bir aýlap, yhlas edip öwrendim, ýat tutdum. Bary köýdi!.. – Sen işsiz galmarsyň. Nyşapurda medrese bir däl, ýedi. Ýör, häzir ymam Muwaffak an-Nyşapurlynyň dergähine baraly. Ol seni öz medresesine muderris edip işe alar. Hajyp as-bab Kundury hem ymam Muwaffak an-Nyşapurynyň şägirdi. Abu Seýit Abylhaýyr oňa gaty uly baha berdi. – Kabul etse, men onuň medresesinde müderris bolup işlemäge taýýar. * * * Ymam Muwaffak an-Nyşapury olary gülerýüz bilen garşy aldy, Sadyllany işe kabul etdi. Altynjan ýolda Sadyllaga ýüzlendi: – Damulla, ömrüňde işiňi bitirmän, öýüňe boş baran gezegiň boldumy? Sadylla uýasynyň bu degişme sözüne hezil edip güldi: – Ýanymda sen barkaň, heý-de, işim bitmezmi meniň? – Onda nä başda meni ýanyň bilen alyp gitmejek bolduň? – Bilgeşleýin aýtdym men ony. Eger galan bolsaň, onda hökman: «Ýör, bileje gideli» diýip ýalbarardym. – Şu sözüň ýalandygyny bilsemem, şeýle bir yşanasym gelýär. – Iň gowy hakykat – içine ýalan goşulyp, görke getirilen hakykatdyr. – Bu kimiň pähimi? – Bumy? Bu pähimi aýdan ulama Sadylla ibn Abdylmälik ibn Bugrajyk ibn Abdal diýýärler. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |