05:31 Altynjan hatyn / 2-nji kitap -4 | |
Dördünji hekaýat
Taryhy proza
UMYT BAR ÝERINDE – BAGT BAR 1. Togrul beg Ýazyr galasynda¹ emirlik edýän Hasanyň myhmany boldy. Hasan seljuk begleriniň hiç haýsyna meňzemeýän dünýewi bir ýigitdi, söweşmegi, teshyr etmegi halamaýardy. Ol ylym adamydy, okumyşdy. Ýedi dil bilýärdi. Ýatkeşdi. Köp-köp akyldarlaryň hadyslaryny, pähim-parasatlaryny, köp-köp şahyrlaryň goşgy-gazallaryny ýatdan bilýärdi. Haýsy ýerde meýlis-oturylyşlyk bolsa, oňa hökman Hasan çagyrylýardy. Ol baran ýerini alaýaz etmegi başarýardy. Joşup-joşup şygyr okaýardy. Eline haýsy saz guralyny alsa, oňa dil bitirýärdi. Ol asyl şadyýanlyk, aýdym-saz, suhangöýlük üçin dörän ýalydy. Eline ýatagan alyp söweşmegi welin, asla halamazdy. Hasan Ýazyrda häkim-de bolsa, garyp ýaşaýan eken. Ol Togrul beg gelende zyýapaty uludan ýapyp bilmedi. Nädip zyýapaty uludan ýapsyn! Ol el serip gelen her gedaýa saçagyndaky iň soňky kesemen tötegini berip goýberýär. Ýüreginiň ýukadygyny eşiden mähelle bolsa, çar ýandan Hasanyň dergähine gelýärdi. Ol bolsa, her gün ençe gazan ataryp, sadaka berýärdi. Togrul beg bu ýere Musa ýabgunyň towakgasy bilen gelipdi. Ol Hasana töwella-tagsyr etmekçidi, Ýazyry hem Dehistany dolandyrmak işine ýardam bermekçidi. Elbetde, Hasan ýeke däldi, onuň ýanynda inisi Ýakut-da bardy. Ýakut ot ýalydy, hajyrawdy, işine çulumdy. Ýaňy on bir ýaşynda bolsa-da, islendik ülkä häkimlik etmegi başarjakdy. Özem ol Anadoly sebitlerine gitmek, ol ýerlerini teshyr etmek isleýärdi. Onda gorky-ürki diýen zat ýokdy. Paýhaslydy. Hakyky serkerdedi, Ýakut Hasanyň tarhandökerliginden juda nägiledi. Togrul beg iki dogany bir ýerde saklamagyň biri-biri üçin zulumdygyna düşündi. Şonuň üçinem Ýakuty öz ýanyna aldy. 2. Beg hareme girende aňynda müň bir pikiri bolýardy. Onuň şol pikirleri aňyndan belli bir derejede aýyrmagy, rahatlanmagy üçin biraz wagt gerekdi. Hut şonuň üçin Altynjan bege aýtmak isleýän sözlerini aýtmaga hiç mahal howlukmaýardy, adamsynyň rahatlanaryna – henek ataryna garaşardy. Çünki Togrul begiň henek atmagy rahatlanandygyny aňladýardy. Şondan soň ol Altynjanyň her bir sözüni ýürekden diňleýärdi, ýürekden jogap berýärdi. Togrul beg ýatmazyndan öňürti günüň dowamynda bolup geçen wakalary aňynda pikir eleginden geçirýärdi, bu onuň ýaşlyk endigidi, bu endigi ömrüniň ahyryna çenli dowam edipdi. Özüniň oýlanmalaryna Altynjanyň goşulmagyny isleýän hem islemeýän pursatlary bol¬ýardy. Bu gün Altynjanyň adamsyna ýetirmeli, aýtmaly örän möhüm habary bardy. Başga bir ýagdaý bolanda ol birki gün garaşsa-da garaşardy, ýöne bu habary welin, tizden tiz bege ýetirmek isleýärdi. Altynjan Paraw şäherindäki Parawbibi atly tebip gyz bilen tanyşdy, onuň tebipligine biçak syny oturdy, göwni ýetdi. Ikisiniň jyny-da alyşdy. Birki günüň içinde hakyt köne razdana öwrüldi, olar. Altynjan tebipden adamsynyň saglygyny – näme keseliniň barlygyny anyklap bermegini sorady. Tebip ylalaşdy. Indiki wezipe tebip bilen begi duşurmakdy, ýöne Togrul beg ertirden agşama çenli işlidi, boş wagty ýokdy onuň. Altynjan bege agşam saglygyny barlatmak hakda aýtmak¬çydy, haýp, bolmady, şol gije Hasan uly meýlis gurady, gijäniň ýaryna çenli aýdym aýdyp, saz çaldylar, soňam her kim otu¬ran-oturan ýerinde uklady. Togrul beg geçen gije haremine gelmekçidi, geljekdigini Altynjana ýaňzydypdy hem. Ýöne namazşam galaga Musa ýabgu geldi. Ýene daňdana çenli oturdylar, ýene her kim oturan-oturan ýerinde uklady. Bu gün Togrul beg haremine ilkagşam geldi. Altynjan habaryny aýtmaga juda howlugýan-da bolsa, begiň düşeginiň biraz ýumşamagyna – ýazylyp-ýaýramagyna garaşdy. – Görýän welin, seniň maňa aýtmak isleýän sözüň bar, seniň aňyň başga ýerde – diýip, beg mylaýym ýylgyrdy. Altynjan begiň sözüni makullap, çala baş atdy. – Aýtjak habaryň möhüm bolmaly. – Dogry. Begim, dag eteginde Parawbibi atly güýçli tebip bar eken. – Saňa derdiň bar diýýärmi? – Aý, ýok... – Onda näme diýýär? – Hökümdara bir duşaýsam gowy boljak, oňa aýtjak habarym bar diýýär. – Gabanmasaň duşaýaryn. – Ýok, gabanmaryn. – Habaryny saňa aýdanda bolanokmyşmy? – Bilmedim... – Bilýärsiň, ýöne, näme üçindir, aýtmaýarsyň. – Ýüzbe-ýüz gürleşseňiz, hem özüňiz, hem meniň üçin gowy boljak. – Ine, indi maňa düşnükli, tebibiň aýtjak sözi sen hakda bolmaly. Dogrumy? – Menem şeýle pikir edýärin. – Men onuň bilen hökman duşuşaryn, Altynjan… Togrul beg Parawbibi bilen duşuşmaga söz beren-de bolsa, wagty bilen duşuşmady. Altynjan parawbibili gürrüň begiň ýadyndan çykandyr öýtdi, ýöne ýadyndan çykman eken. Ol öz adamlaryna Parawbibiniň maşgala durmuşy, dogan-garyndaşy hakda anyk maglumat ýygnamaklaryny tabşyrypdyr, anyk jogaba, maglumata bir hepdeläp garaşypdyr. Maglumat alansoň beg mälik Hasana Parawbibini alyp gelmegi tabşyrdy. Parawbibi uzyn boýly, inçe billi, saçlary döşünde seçelenip duran, owadan ulugyzdy. Onuň mähirden püre-pür ala gözleri adaty gözler däldi. Ol gözlerde nähilidir bir üýtgeşik jady bardy, gudrat bardy. Togrul beg gaşynda duran ulugyzy birpaýyz synlady-da, oňa nähili mesele ýüze çyksa, Hasan emiriň ýanyna gelmegi maslahat berdi, emiriň ýardam etjekdigini ýaňzytdy. Soňundan beg: – Maňa aýtjak sözüň barmy? – diýip sorady. – Rugsat berseňiz, men size käbir zatlary aýtmakçy. – Üýtgeşik habaryň bardygyny aňýaryn. – Merhemetli hökümdar, biz siziň şu ýere gelmegiňize ýedi ýyl bäri garaşyp ýörüs. – Ýedi ýyl bäri? – diýip, Ybraýym geňirgendi. – Hawa, ýedi ýyl bäri. Onsoňam garaşýan ýeke men däl. – Başga kim garaşýar? – diýip, Ybraýym ýene gyzyklandy. – Size Mänede şyh Abu Seýit Abylhaýyr 2 garaşýar. Siz ondan pata alsaňyz, işleriňiz has rowaçlanar. Gije düýşünde erenler Togrul bege Abu Seýit Abylhaýyr hem Parawbibi bilen duşuşyşmalydygy hakda aýdypdylar. Parawbibiniň sözünden soň Togrul beg gören düýşüniň ýönekeý düýş däldigine düşündi. Ol Parawbibä minnetdarlyk bildirdi. Şunuň bilen aýdyl¬maly ha¬bar gutarandyr öýtdi. Gutarman eken. Aýdyljak esasy habar öňde eken, asyl! Parawbibi begi ýene haýran galdyrdy: – Hökümdar, men size möhüm bir habar aýtmak isleýärin. Ol habary men Altynjan melikä aýtdym, ýöne, çakym çak bolsa, melike ol habary size aýtmandyr. – O näme üçin aýtmandyr öýdýärsiňiz? Aýtdy. Meniň sag¬lygym baradaky aladalaryňyz üçin sizi Taňry ýalkasyn! Parawbibi syrly ýylgyrdy: – Altynjan mundan bir hepde öňki aýdan buşlugymy size ýetirmändir. – O nähili buşluk? – diýip, Togrul beg bir Altynjanyň, birem Parawbibiniň ýüzüne bakdy. – Men, eý, hökümdar, gelniňiz Altynjan bilen tanyşdym. Onuň dört hepdelik hamyladardygyny size ýetirmek isledim... Parawbibiniň bu habary Togrul begiň hem, ähli wezir-wekilleriň hem garaşmadyk habary boldy. Wezir-wekiller ýerli-ýerden Togrul begi gutladylar. Peýkertuwak Altynjany taýly gezek gujaklady. Togrul beg hoşal bolup, Parawbibä ýüzlendi: – Sen meni hoş habaryň bilen begendirdiň. Hany, aýt, bu hoş habaryň üçin menden nähili engam isleýärsiň? – Eý, hökümdar, meniň engam hantamaçylygym ýok, tebip hökmünde dünýä injek şazada babatda sizden bir zady towakga etmegi parz bilýärin. – Aýt parzyňy! – Eý, hökümdar, siziň dowamatyňyz dünýä injek şazada bilen baglanyşykly. Onuň sagja dünýä inmegi üçin şu günden başlap alada etmeli. – Sen anyk hem düşnükli aýt. Men näme etmeli? – Gelniňize küýsän zadyny iýdirmeli, küýsän ýerine alyp gitmeli. Göwnüne degmeli däl. Agyr ýük götertmeli däl. – Soňkyň kyn bolaýmasa – diýip, Togrul beg hezil edip güldi. Ýanynda duranlar onuň gülküsine goşulyşdylar. – Mirasdar size gerek. – Sen bu zatlary näme üçin çintgeýärsiň? Täleýimizde bir ýaramazlyk ýokdur-da hernä? – Ähli zat size bagly! Her hili näsazlyk bolaýanda-da, siziň ony sazlamagyň alajyny tapjakdygyňyza men yşanýaryn. – Maňa bagly bolsa, onuň bir alajy tapylar. – Togrul beg gapdalynda duran Altynjana ýüzlendi: – Altyn gyz, sen meni mydama haýran galdyrýarsyň. Hoş habary nädip bir hepdeläp menden ýaşyryn saklap bildiň? Näme üçin aýtmadyň? – Men ony çala ýaňzytdym ahyryn! – Altynjan utanyp gyzardy. – Wah, sen-ä oňardyň! Seniň munyň Sowmagynyň: «Men size «Zamahşar gijesinde» silterlenme boljagyny ýaňzytdym» diýşine meňzeýär. Beýle habary ýaňzytmaly däl! Sesiň ýetdiginden zowladyp, gygyryp aýtmaly! – Togrul beg töweregine garanjaklady. Hazynadaryny tapyp, oňa tabşyryk berdi. Hazynadar goja aýal maşgalanyň ýanyna barmagy, agzyna dinar salmagy biraz gelşiksiz görüp ýaýdandy. Onuň ýaýdanýandygyny gören Togrul beg: «Haltajygy Altynjana ber, goý, ol seniň etmeli işiňi etsin» diýen terzde öndedi. Altynjan içi dinarly düwünçegi alyp Parawbibiniň ýanyna bardy: – Agzyňy aç, mähriban Parawbibi! Hoş habary aýdan altyn zybanyňy altyndan dolduraly! Parawbibi patyşalaryň sylaglamak islän adamlarynyň agyzlaryna sygan gyzyly berýändigini eşidipdi, ýöne adamlaryň şeýle sylaglanyşlaryny öň görmändi. Parawbibi Togrul bege bakyp, minnetdarlyk bilen baş egdi. Altynjan geň galdy: bäş sany dinar bilen Parawbibiniň agzy doldy. Zamahşarda Haldanyň agzy ýigrimi bäş dinar bilenem dolmandy ahyryn!.. 3. Seljuklylaryň Dehistany eýelemegi Gürgen welaýatynyň häkimi Bakalanjaryň dünýäsini çepbe çöwrüpdi. Dehistan onuň tabynlygyndady, bu gün bolsa, ol ýerde seljuklylar häkimlik edýärdi. Bakalanjar Ziýar şalygynyň şasyny öldürip, tagtyny eýeläp, soltan Masudyň uguny ýekeläp, oňa gyzyny gelinlik berip, ýaňy rahat durmuşa başlapdy. Ol seljuklylar bilen hem arany sazlamak isleýärdi, ýöne anyk çykalga tapyp bilmän örtenýärdi. Soňky günler saglyk ýagdaýynyň hem egbarlandygy üçin Parawbibini hatyn edinmegi, şeýdip, bir okda iki towşan urmagy ýüregine düwüpdi: «Ony hatyn edinsem, saglygymy dikelderin, seljuklylar hem elimden häkimligimi aljak bolup durmazlar». Ol şu pikir bilen Togrul beg Parawdan gidensoň, ata atlandy. Şa maksadyna ýetmek üçin ähli pyssy-pyjurlyklara taýýar adam, tagta-da özüni ösdürip-ýetişdiren, howandarlyk edip, özüne wezir bellän iň ýakyn adamyny öldürip geçipdi. Öňüňde maksat goýduňmy, şol maksadyňa her edip-hesip edip ýetmeli diýen pikire gulluk edýän Bakalanjar Parawbibi babatda inçe syýasat ýöretmegi makul bildi: Paraw şäherine hossar çykdy: uly sadaka berdi. Sadakada ýoksullara dinar paýlady, Parawbibä eçilmek eçildi. Üç ýüz altmyş geýimlik mata, gymmatbaha şaý-sep engam berdi. Täze metjidiň gurluşygyna başlady. Birki aýdan soň Bakalanjar ýene Parawa geldi. Parawbibä öýlenmekçidigini aýtdy. Tebip bu pikire çürt-kesik garşy çykdy. Şeýle bolansoň, Bakalanjar güýje daýanmaly boldy. Parawbibi gaçdy. Bakalanjaryň gulamlary onuň yzyndan kowdy. – Ölerin, ýöne saňa hatyn bolmaryn. Bu söz Parawbibiniň iň soňky sözi boldy. Ol daga bakan gaçdy. Yzyndan kowan elliden gowrak gulam ony ele salmak üçin öňe okduryldy. Parawbibi daga dyrmaşyp barşyna çykalga gözledi. Ol Allatagala mynajat etdi: – Eý, Biribar, meni özüne ýagşylyk eden adamy öldüren ganho¬ruň gujagyna girmeli etme! Beýik Biribar Parawbibiniň mynajatyny eşitdi: dag elhenç güw¬ledi, soňam göwsüni açdy. Parawbibi dagyň göwsüne girip gitdi. Kowup gelýän gulamlar dagyň elhenç güwlemesine, birden iki bölünmegine, Parawbibiniň gürüm-jürüm bolmagyna akyl ýetirip bilmediler. Şol ahwalatdan soň Parawbibiniň özi däl-de, ady ýaşamaga başlady. Bu-da bir ýaşaýyş!.. 4. ...Şamälik seljuk begleriniň serhoş bolaryna, gije ukynyň süýjärine garaşypdy. Ähli zat onuň isleýşi ýaly bolupdy. «Erkek kişileri uçdantutma öldürmeli, aýallary öldürmeli däl» diýip, ol ýörite buýruk beripdi. Onuň bu buýrugy Altynjany ele diri salmak üçindi, ýöne jesetleriň içinden Togrul begiň jesediniň tapyl¬mazlygy, ýesir alnan aýallaryň arasynda Altynjanyň ýoklugy onuň barja umydyny puja çykarypdy. Sekiz müň adamyň öldürilmegi emiri birjik-de begendirmedi. Gaýtam, gynandyrdy. Rast, Togrul beg gaçan bolsa, onda onuň birmahal güýç toplap gelip, ar-hun almagy mümkin. Ine, bu pikir oňa otly köýnek geýdirýärdi, ol sekiz müň maslygy Togrul begiň kellesine çalyşmaga taýýardy. Muhammet Togrul begiň kellesini getirip beren gerçege ol özüniň ýigrimi müň esgeriniň kellesini kesip bermäge-de taýýardy. Ol pursatdan peýdalanyp, Altynjany zor bilen hatyn edinmändigine ökünýärdi. Şamälik daňdan Zamahşara baryp, Abdylmälik hany, hatyny Hajary, gapydany Mansury, atabeg Omary, ähli hyzmatkärlerini uçdantutma öldürdi, hanyň ogly Habyly bolsa, görene göz edip dardan asdy. Şamälik şol «Zamahşar gijesini» özüniň bagtynyň ymykly ýatan gijesi hasaplapdy. Togrul beg bu gabahat habary Altynjandan ýaşyryn saklady, ýöne uzak saklap bilmedi. Sebäbi Zamahşardan çiltenler gaçyp geldi. Olaryň gelmegi Zamahşardaky gabahatlyklardan habar berýärdi. Altynjan kyrk günläp matam tutdy. Ol kyrk birinji gün at çapyşygyny yglan etdi. Özem bu ýaryşa gatnaşmaga isleg bildirdi. Ol ýaryşda ýeňjegine ynanýardy, çünki onuň bedewi saýdy, ýyndamdy. Altynjan hiç wagt ruhdan, umytdan düşmändi, düşmegi halamaýardy hem. Ol umydyň bar ýerinde bagtyň bardygyna ynanýardy. Umyt onuň bagt guşudy. Umyt adama Wagty ýeňip geçmäge kömek berýär. Wagty bolsa diňe onuň bilen aýakdaş gidip, ondan galman, onuň bilen gapdallaşyp gidip ýeňip bolýar, şu hili herekete-de ýaşaýyş diýilýär. Togtamak, ýagny Wagtdan galmak ölümi aňladýar. Külli älem ýaşaýşy ýaryşdyr. Her bir närse Wagt bilen ýaryşýar. Ýaryşdan çykarmak üçin Wagt – Pelek elde baryny edýär. Wagt bilen ýaryşdaky «gaç-ha-gaç», «kow-ha-kow» diriligiň aýdyň ýüze çykmasydyr. Adam kowýar, Wagt yzyndan ýetdirmezlik, ýaşaýyş bedewiniň üstünden adamy ýoklugyň girdabyna taşlap goýbermek üçin işleýär. Bu ýaryşda togtamak diňe bir zady – ölümi aňladýar. Ynsan üçin ölüm – Wagt bile Giňişligiň biri-birinden aýrylyşmagydyr. Wagt adamy diňe Giňişligiň erkine berende, diri ynsan jansyz jesede öwrülýär. Ynsan üçin Wagt akmasyny goýýar. Jan Wagtdadyr, Wagt bilendir. Wagtdan galmak jandan mahrum bolmakdyr. Adamyň dünýädäki diriligi Wagt mynasybetlidir. Wagt bolsa ýylgaý adamy öz egninden zyňyp aýyrjak bolýar! Bu hakykat Wagty öz üstüne münen çapyksuwary ýere pylçajak bolup urunýan sarç bedewe meňzedýär. Wagt sarçdyr, ony hiç mahal eldeki edip bolmaýar. Ol giriňe sygardanam has uly nägehandyr. Onuň bilen darkaş gurup geçmek adam pahyryň maňlaýyna ýazylandyr. Bu darkaşda adamyň iň uly ýaragy – serişdesi bolsa umytdyr. Dünýäde hiç zat ýok, diňe umyt bar. Ahyretde hiç zat ýok, diňe iman bar. Umyt Wagtdan ýeňlenini, ýeňiljekdigini boýun almazlyk, ölümi ykrar etmezlik nyşanydyr. Umyt – geljege rugsatnamadyr. Şonuň üçinem dirilik hyjuwynyň iň güýçli möwsüminde – ýaşlykda umyt kesgitli, aýdyň hem jedelsiz bolýar. Adamyň umydyny elinden al – ol şobada üpperut garra döner, janly jesede öwrüler. Ýaşaýyş, dirilik üçin bary-ýogy diňe ýekeje zat gerek bolsady, ol ýekeje zat diňe umyt bolup bilerdi. Umyt ýaşaýyş hyjuwynyň dyňzamasy, dirilik keýpiniň çaglygydyr. Ol daşyndan seredeniňde, pessaýdyr, goh-galmagalsyzdyr, içden bakanyňda bolsa dyzmaçdyr. Allatagalanyň öňünde edilýän iň soňky günä – umytsyzlyga düşmek, sebäbi ol adamzadyň iň ýowuz duşmany bolan Pelekden ýeňleniňi boýun almakdyr. Bagt diňe geljek zamanda bolanda, hakyky bagtdyr. Bagt – bagta umyt edip ýaşamakdyr. Bagt duýgusy, bagt düşünjesi häzirki zamana geçenden, ölümiň demini alyp ugraýar, onsoň şeýle bagtdan berçikmek duýgusy peýda bolýar. Şeýdip, onuň mazasy gaçýar hemem, ol dolulygyna sarp bolýar. Umyt – üçe – geçmişe, heminzamana hemem geljege bölünýän bölekleýin Wagtyň girdabyndan çykyp, bölünmeýän, bitewi, çyn Wagta barmagyň ýoludyr. Şonuň üçinem umydyň zamany geljek zaman. Wagtyň beýleki iki zamanyna geçirip bolýan zatlar bagt däldir, olar daşky görnüşi boýunça meňzeşdirler. Umyt aty diňe bir şert berjaý bolanda – ynsany bakylyga gowşurandan soň, ölýär. Seljuklylar umyt bedewine atlanyp, bagtly günlere ýetmäge okduryldylar. Beýik Perwerdigär gowusyny etsin! | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |