23:25 Altynjan hatyn / 3-nji kitap -9 | |
Dokuzynjy hekaýat
Taryhy proza
JAN GOLAÝYNY KESEL BILER Togrul begiň ýaşlykdan bäri mahal-mahal burny ganaýardy. Ilkinji gezek ony Çagry on-on iki ýaşlarynda ganadypdy, has takygy, ýüzüne daş bilen urup, burun süňküni döwüpdi. Şonda gan onuň diňe burnundan däl, agzyndanam, gözlerindenem akypdy. Gaty kän gan akansoň, ol özünden gidipdi. Ony ölendir öýtdüler. Ol welin, ne öli, ne diri bolup, iki günläp ýatdy. Üçünji gün birazajyk bulamak içdi. Eden işinden gorkan Dawut öýünden gaçyp gitdi, alty günläp meýdanda elkin ýatdy. Ýedinji gün ony tutup getirdiler. Şondan bärem burunganama keseli Togruldan aýrylanokdy. Özem mydama garaşylmadyk wagty ganady. «Häzir burnum ganar» diýip pikir eden wagty däl-de, hiç hili sebäp bolmadyk pursatlarda ganardy. Ýene şeýle boldy: Togrul begiň burny ganady. Özem hiç hili sebäpsiz ganady. Ol ýeke ýatyrdy. Süýji uklap ýatyrdy. Haýsydyr bir güýç ony ukudan oýardy, burnundan gan akýandygyny duýdy. Barlap görse, ýatan ýassygy gandan ýaňa öl-myžžyk bolupdyr. Ol burnuna esgi bölejiklerini dykyşdyrdy. Gan, barybir, saklanmady. Beg burnuny gysyp, Altynjanyň ýanyna gaýtdy. Altynjan begi haremiň daşişiginde garşylady: – Begim!.. – Sen näme üçin daşişikde dursuň? Entegem ýataňokmy? – diýip, Togrul beg geňirgenmesini daşyna çykardy. – Ýatyrdym, ýöne kimdir biri meni: «Begiň ýanyna bar!» diýip oýardy. – Kim diýdi? – Bilmedim men-ä, gulagyma bir ses geldi: «Begiň ýanyna bar!» diýip, oraşan aýtdy. – Dogry, seniň hemaýatyň gerek, burnumdan gan akýar. Geň, dog¬rusy, menem birisi: «Beg, seniň burnuňdan gan akýar» diýip oýardy. Altynjan şemleriň sanyny köpeltdi, akgyzyna üç-dört sany şem ýakmagy buýurdy. Altynjan begiň ýüzüni, kellesini buz ýaly suwa ýuwdy, soňundan hem burundaky esgileri aýyryp, täzeden dykdy. Gan saklandy. Beg rahatlandy. Ol Altynjanyň ýorganyna girdi. * * * Altynjan durmuşa çykyp, seljuklylaryň ýöredýän käbir kada-kanunyny, dogrusy, halamandy, olary artykmaç hossa hasaplapdy, ýöne ýigrimi ýyldan gowrak wagtyň içinde olaryň (Altynjan indi özüni eprikli däl-de, seljukly hasaplaýardy) hiç bir zady ýöne ýere etmeýändiklerine göz ýetirdi. Ýüz ýedi ýaşan Seljuk beg: «Uzak hem sag ýaşamagyň kepili üç zatdadyr. Kim-de-kim şol üç zady meniň aýdyşym ýaly amal etse, şol kişiniň uzak hem sag ýaşajakdygyna kepil geçip bilerin» diýipdir. Uzak hem sag ýaşamagyň üç şertiniň ilkinjisi her ýylda iki gezek damaryňdan gan aldyrmak. Ikinji şert: aýda bir gezek içiňi ýuwmak. Üçünji şerti: hepdede bir gün oraza tutmak – agyz beklemek. Altynjan hatyn sag hem uzak ýaşamagyň üç şerti başga hiç bir ýerde ýokdur öýdüp ýördi. Görüp otursa, bar eken. Özem Seljuk begiň birmahal aýdan o sözlerini ulama Ibn Sina ýazga geçirip giden eken.¹ Altynjan hem bu usuly ýöredýärdi, bege-de ýardam berýärdi. Bu meselede soltan diňe hatynyna bil baglaýardy. Bagdatda bolan ikinji aýynda hem Togrul beg damardan gan aldyrýan wagtynyň gelendigini, ganyny aldyrmak isleýändigini Altynjana ýaňzytdy. Togrul begiň ganyny bäş-alty ýyl Gutulmyş beg alypdy. Ol bu babatda aşa ökdedi, ýöne häzir Gutulmyş beg ýokdy, ol öz yktasyndady. * * * Altynjan gan alyp bolýan alty sany damary bilýärdi. Olaryň birinjisi, gara damar; ikinjisi, eliň iç gapdal deriasty damary; üçünjisi, bilek damary; dördünjisi, «halasgär» damar; bäşinjisi, kifal damary; altynjysy, bilegiň deriasty damary. Altynjan hatyn Togrul begden gan alynmazyndan burun oňa issop hem timýan² bilen gaýnadylan sikanjubin içirdi. Ol gany Lukman Hekimiň salgy berýän alty ýerinden alma¬ýardy. Onuň, ýok, onuň däl, seljuklylaryň gan alýan ýörite damarlary bardy. Olar, esasan, damarlary maňlaýdan, ýeňseçukuryndan, sag hem çep aýaklaryň topuklarynyň ýanyndan geçýän damarlardan alýardy. Özem ol dört ýerini birbada dilýärdi. Gan begiň dört ýerinden akyp ugraýardy. Gan başda goýy, gara görnüşde ýuwaş-ýuwaşdan akýardy. Soň kem-kemden öz reňkine gelip, akmasyny, suwuklygyny artdyryp başlaýardy. Göräýmäge, adamyň gany akyp gutaraýjak ýalydy, ýöne Allatagala adama on iki ritl³ gan beripdir. * * * Altynjan edýän işine düýrmegi bilen berlipdi. Ol begiň dört ýerinden asfury hanjary bilen çirtipdi. Togrul beg gözlerini ýumup, gürlemän ýatyrdy. Onyň ýatan ýeri garagana boýalypdy. Altynjan mydama damary dikligine dilýärdi, şeýle edilende kesilen ýer tiz bitýärdi. Onsoňam Altynjan dilen ýerleriniň tiz bitmegi üçin zeýtun ýagynda ezilen esgini ýapýardy. Ol ýene şeýle etdi: ganlaryň akyşy suwuklaşyp ugransoň, zeýtun ýagynda ezilen esgiler bilen dilen ýerlerini daňdy. Akgyzlaryna akan lödere ganlary derrew süpürip aýyrmagy tabşyrdy. Damarlaryndaky goýy ganlary – lödere ganlary aýryp, ýaş ganlaryň kadaly aýlanmagyna ýol açylansoň, begiň süňňi ýeňleýärdi, ýogsam burnundan gan akyp ugraýardy, soň ony saklamak görgüdi. – Altynjan, sen hem ganyňy aldyr – diýip, Togrul beg Altynjana maslahat berdi. – Men hökman aldyraryn! Altynjan ýalan sözlemeýärdi, begiň ýanynda-ha hiç wagtam ýalan sözlemeýärdi, ýöne, näme üçindir, ol ganyny aldyrmak barada wada berse-de, sözünde durmady. Ol ganyny aldyrmady. Munuň sebäbini özünden özge hiç kim bilenokdy. Onuň aşa kelleagyrysy bardy, ol bu agyrynyň emini-de bilýärdi. «Ýeňseçukuryň golaýynda, gulagyň arka ýüzündäki süňküň aşagynda ýerleşýän damardan ganyň suwuk bolmagy sebäpli ýüze çykýan kelleagyry hemem ötüşen kelleagyry azar berende gan alsaň, peýda berýär»⁴ diýip, ol kelleagyry hakda gürrüň gozgalanda aýdýardy. Ýöne özüne gezek gelende bu babatda ol geleňsizlik edýärdi. Aslynda, Altynjanda geleňsizlik ýokdy. Megerem, bu geleňsizlik bilkastlaýyn bolmaly. Näme üçindigi welin, belli däldi… | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |