23:42 Altynjan hatyn / 3-nji kitap -10 | |
Onunjy hekaýat
Taryhy proza
KÖZ KÜLDE SAKLANAR Kabyl Altynjanyň ýanyna begenjine guş bolup uçup geldi: – Altynjan, Arslan Besasury ýaňy Zenjana (Zenjan welaýaty Kabyla ykta berlipdi) meniň üçin iki müň ýylky, iki müň sygyr hemem ýigrimi kerwen ekerançylyk gurallaryny peşgeş hökmünde ugratjakdygyny aýtdy. Özem ol Zenjanda maňa iki sany kerwensaraý hem gurup bermek isleýär. Men oňa razylyk berdim. – Saňa berýärmi? – diýip Altynjan ýantgylap sorady. – Diňe maňa berýär. – Bir çöpi bar bolaýmasyn?! – Menem soradym ondan: «Näme üçin maňa onça zady hedýe berýärsiň?» diýip. Ol: «Hedýe bet matlap bilen berilmeýär. Kimdir birini sulhuň alsa, gowy görseň, şol kişä peşgeş-hedýe berýärsiň. Allatagala maňa berýär. Menem ýüzünden nur ýagýan adamlara hedýe berýärin» diýdi. «At çapmaz, bagt çapar» diýip eşidipmidiň? Biler bolsaň, men käbir adam ýaly hars urmadym. – Kabyl Anuşirwany göz öňünde tutýan bolmaly. – Kanagatly, sabyrly ýaşadym, şükürli ýaşadym. Gör, Allatagala üstüme getirip berýär! – Ak ýürekden hedýe berlendigine teý yşanyp bilemok – diýip, Altynjan Kabyla bakdy: – Şindem bir pille, Besasurydan hiç zat alma. – Hedýeden diňe samsyklar ýüz öwürýär. Bu sözden soň Altynjan sesini çykarmady. * * * Derýada gämili ýüzüş uzaga çekdi. Olar günortanlygy hem gäminiň üstünde edindiler. Garaňky gatlyşyberende Altynjan akgyzlary bilen gämiden düşüp, öňki büweýh döwletiniň köşgüniň bagyna gezelenç etmäge gitdi. Bagdan çykasyň gelmeýärdi. Bu ýeriň sergin howasy janperwerdi. Altynjan zalym Şetdadyň Erem bagyna gaýry dur diýdirýän bu ümürsin bagyň içinde dähedem-dessem ýöremekden rahatlyk tap¬ýardy. Al-elwan gülleriň ýanyna baryp synlaýardy, olaryň hoşboý müşki-anwar ysy janyňa hoş ýakýardy. Bilbilleriň saýraşýan dilnowaz seslerine diň salýardy. Togrul begiň: «Diňe erkek bilbiller saýraýandyr, mäkiýan bilbiller saýramaýar, wasp etmek, saýramak Taňry tarapyn diňe erkeklere berlendir» diýen sözlerini ýatladýardy. Altynjanyň yzynda akgyzlary hyzmata gaýym bolup barýardy. Ýöne Altynjan yzyndaky akgyzlarynyň, Seýiddäniň gelýändiginden habarsyz ýalydy. Köpler büweýh döwletiniň Bagdatda Erem bagyny döredenliginden habarsyzdyr. Beýle jenneti bagda gezim etmek her kese ýetdirýän mertebe däldi. Altynjan Ar-Ratl diýilýän serhowza bardy. Ol ýerde tutum uludandy. Desterhan uludan ýazylypdy, ol üýtgeşik nazy-nygmatlardan doludy. Hatyn akgyzlarydyr Seýidde bilen serhowzuň başynda oturyp wagtyny dilşatlykda geçirdi, herdürli nazy-nygmatlardan, tagamlardan datdy. Aýdymçylar olaryň öňünde aýdym aýdýardy. Rakysçy gyzlar süňňi ýok ýaly bolup rakys oýnaýardylar. Ýöne, aýdymlar, rakyslar bu gün, näme üçindir, Altynjanyň göwnüni götermeýärdi, gaýtam, ömrüniň geçip barýandygyny ýadyna salýardy, kalbyna gussa dolýardy. Altynjan aýdymyň täsirine berlip, begiň geleninem duýman galan eken. Seýidde onuň gulagyna çawuş çakdy: – Beg gelýär! Altynjan başyny galdyrsa, eli tesbili Togrul beg gaşynda dur: – Altynjan, içiň-ä gysýan däldir?! – Begim, halyfyň gyzy Seýidde içimi gysdyranok. – Altynjan Togrul bege gapdalynda duran hyjaply gyzy görkezdi. – Seýidde gyz jana tenekar sözleri bilen göwünlerimizi göterýär. Bu sahypjemal gyz aby-haýýat suwy ýaly bir gudrat. Hezreti begim, bu mahytaban perizada tomaşa kylyň! Öwlat öwji bar bu gyzda – Altynjan hatyn Seýiddäniň ýüzüniň hyjabyny galdyryp, bege görkezdi. Seýidde utanjyna gyp-gyzyl boldy. Utanmasy Seýiddäniň garaýagyz ýüzüne gülap suwy berlen deýin ýalkym çaýdy. Togrul beg birsalym dymyp durdy-da, Altynjana ýüzlendi: – Altynjan, men Mosula gitmeli boldum: ol ýerde Gutulmyş bilen çözmeli meselelerim bar. Ýöne ýolugra seniň bilen Wasytda iki-üç gün dynç almak isleýärin. Myhman alyp bilerin öýtseň-ä şu gün Wasyta gidip, taýýarlygyňy görüber. Bize ýaranmak saňa aňsad-a düşmez... Begiň soňky sözüne wezir-wekiller hezil edip gülüşdiler. Altynjan welin, gülmedi, gaýtam ör-gökden geldi. Eşiden sözlerine nähili düşünjegini bilmedi, asyl. Göräýmäge, beg gowy söz aýdan ýaly. Altynjan üçin welin, begiň aýdan sözleri gülküli däldi-de, yzalydy, gynançlydy. Haçandan bäri beg Altynjandan aýry bolupdyr? Näme üçin Altynjan ärini Wasytda myhman hökmünde garşylamaly?! Togrul beg bir esasy bolmasa hiç bir sözi aýtmaýar. Onuň öwrümi mydama çylşyrymly, aňyrdan! Bu sözi açyk aýtmagynda hökman bir «çöp» bar bolmaly. Ýogsam wezir-wekilleriniň ýanynda oňa beýle resmiligiň geregi näme? – Altynjan, dymdyň-la? Begiň garaçyny. Altynjan begiň bu sowalyna näme jogap berjeginem bilmedi: – Men haçan gideýin, begim? – Ertir azan bilen ötägit. – Meniň bilen kim gider? – Öz adamlaryň bilen gidiber. Wezir-wekiller meniň ýanym bilen bararlar. Altynjan gyzyl-gyran gülüşýän wezir-wekilleri nazary bilen dalady. Togrul beg ýene Altynjanyň garaşmadyk perdesinden gopdy: – Eý, meniň naýyp-menabym, şu gün maňa üýtgeşik bir pöwrize-jowahyr hedýe getirdiler. Beýle nepis zatlaryň gadyryny diňe sen bilýärsiň, şonuň üçinem muny saňa berýärin! Altynjan öz nägileligini begiň aňandygyny, hut şonuň üçin hem «naýyp-menabym» diýip ýörite ýüzlenendigini, aýalynyň hoşuna geljek peşgeşi ýörite berýändigini aňdy. Bir tokga pöwrize daşyndan edilen monjuga çala nazar aýlan Altynjan Togrul bege göwünli-göwünsiz minnetdarlyk bildirdi. Bu ne ahwalat boldy? Altynjan ýaňyja Erem bagy, jennet atlandyran ýerinde özüni dowzaha düşen ýaly duýýar-la?! Adamyň ýüzi-gözi gülüp jennetiň alamatlaryny äşgär eýlese-de, içde dowzahyň harasady gopýar-la?! Adamyň aamlygyna bakyň: ol Allatagalanyň dowzahdyr jennetini o dünýäde hasaplaýar. Aslynda welin, Haktagala dowzahdyr jenneti bendesiniň içinde ýerleşdiripdir. Adam bu dünýäde öz içinde orun tapan jennetdir dowzahynda ýaşaýan bolarly. Togrul begiň hatyny bolsaňam, saňa dowzah yrak däl. Eh, ýarysy gije, ýarysy gündiz dünýä! Eh, ýarysy ýagşylykly, pazylatly, jennetli, ýarysy hupbatly, dowzahly dünýä! Bäş günlük ýalançy dünýäňde dowzahyň yrak, jennetiň mekan bolsun! | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |