02:01 Altynjan hatyn / 3-nji kitap -13 | |
On üçünji hekaýat
Taryhy proza
SABYR KYLAN GÖGE ÝOL TAPAR Altynjan özüne teselli bermek maksady bilen Togrul beg bilen baglanyşykly geçen ömür ýoluny, ilkinji nika gijesiniň – Zamahşar gijesiniň aýylgançlygyny, Garagumda begiň burnunyň ganyny durzup bilmän kösenişlerini, Bagdatda geçen günlerini ýatlamaga çalyşdy, özem telim ýola çalyşdy, ýöne bolmady. Ähli ýatlamalaryň uşlyby soltanyň Wasyt babatda aýdan syrly teklibine sapdy. Altynjan soltanyň sözlerinden many agtardy. Ol her hili ýagşy-ýaman pikirleriň içinden diňe bir pikirde saklandy: soltan hatynyna Wasyt welaýatyny mülk edip berenine – makul, dürs iş edendigine uçursyz begenýär. Onuň Wasytda – birmahalky büweýh, kaku nesilşalyklarynyň soltanlarynyň dynç alan ýerlerinde mähriban hatyny bilen ikiçäk gezelenç edesi, dynç alasy gelýär, ýöne onda dynç almaga wagt bolanok. Ol öň ençe gezek: «Altynjan, gel, bir gün hiç kime aýtman seniň mülküňe gaçyp gideli. Ol ýerde hiç kime görünmän jukguldaşyp ýaşaly. Ynan, soltanat işlerinden halys usurgadym. Dünýäni unudyp dynç alasym, ýatyp-turasym gelýär. Ynansaň, käteler hiç kimi hem göresim gelenok. Ýanymda jandarlar hem bolmasa diýýärin. Oba adamlaryny görenimde olara gözüm gidýär. Olaryň bar aladalary garynlary. Başga hiç hili alada ýok olarda. Ýöne gerdun pelegiň aladasy meniň gerdenimde. Birsydyrgyn ýaşaýyş adamy, hernäçe gowy bolsa-da, irizýän eken. Soltanlyk tagtyna geçenimden, ähli zada ygtyýarym ýetip ugranyndan soň, meniň üçin pelegiň manysy gaçdy. Çünki men öňümde goýan maksadyma, ömrümiň manysyna ýetdim. Öň öňümde garşylyk bardy. Indi meniň bilen darkaş gurup biljek güýç ýok. Adamyň pelekde gyzygyp ýaşamagy üçin öňünde garşylyk bolmaly eken, öňünde güýç bolmaly eken. Özüň pikir edip gör, men nämä ymtylyp ýaşaýyn?! Musahhar kylmagamy? Ýedi yklym biziň tabynlygymyza geçensoň, musahhar kylmagam öňküsi ýaly lezzetli däl. Kim düşünmese-de, meniň içki ahwalatyma sen düşünmeli, Altynjan. Men durmuşymda düýpli bir öwrülişik isleýärin. Men tagtymy Dawudyň ogly Süleýmana bermekçi. Ol akylly, pähimli. Eýýäm ýigrimi ýaşady. Onuň bir kemi bar, ol kemi hem dünýewiliginde, ylma aşa ýykgyn edýänliginde. Onda, arman, patyşalyk däl-de, wezirlik parasady bar. Şeýle-de bolsa, men Alparslany däl-de, Süleýmany tagtymda oturtjak. Ol ikimizi hiç zada mätäç etmez» diýdi. Altynjan Togrul begde biri-birine asla meňzemeýän iki soltany görýärdi. Ol soltanlaryň her birine Altynjan öz ýanyndan at hem dakypdy. Birinji soltanyň ady Hökümdardy. Ikinji soltanyň ady Howandardy. Altynjan bilen ýürekdeş gürleşýän Howandar soltandy. Hökümdar tagtynda çep elinde üç altyn peýkam bilen altyn ýaýyny, sag elinde bambuk agajyndan ýasalan, ujuna sap altyndan iki kelleli bürgüdiň ýylan tutan şekilli tugrasy goýlan hasasyny saklap oturmagy gowy görýär. Oňa ýedi yklyma hökmürowan bolmak azlyk edýär. Ol her gün öz goşunbaşylarynyň täze şäherleri, welaýatlary petih edendikleri baradaky habarlaryny diňlemäge howlugýar. Soltan ähli kişiniň özünden gorkmagyny, aýagyna ýykylmagyny, tagzym etmegini isleýär. Onuň panydan alýan ýeke-täk lezzeti – şäherleri, şalyklary, oba-kentleri teshyr kylmak, seljuk türkmenleri diýen adyň äleme dolmagy, teshyr eden şäherlerinde öz adamlaryny emir bellemek. Kätip onuň agzyndan çykan her bir sözi ýazmaly. Ol bolsa kimi haýsy wezipä belleýändigini aýdýar. Hökümdar adamlara näçe hak eçilse, kätip ony dessine hasaba alar. Onsoň perman kitaba giriziler. Täze ýerleri akyn kylmak üçin ata atlanmak – iň aňrybaş lezzet. Ýoluň alyslygy Hökümdary usurgatmaýar, gaýtam, hökümdar ýoluň alyslygyndan lezzet alýar. Ýolda ýat-ýat obalaryň, şäherleriň deňinden geçerler: Hökümdar wezirden sorar: «Bu oba haýsy oba bolar?» Weziriň jogaby nagtdyr: «Bu oba pylan obadyr, soltanym! Bu oba Muhammet Tog¬rul beg soltan bin Mykaýyl bin Dukaka, ýagny size tabyndyr, siziňkidir, hezreti soltanym!» «Metjitleri barmydyr?» «Metjitleri bar, hezreti soltanym. Obanyň adamlary her juma güni üýşüşip, siziň adyňyza hutba1 okaýarlar». Hökümdar her söweşden soň oljalary görmäge geler. Eger oljalar az bolsa, onda derrew gider, emma kän bolsa, onda hökman oljalaryň ýanynda oturar. Käbir oljalary elleşdirip görer, synlar. Dinarlary howlukman sanap çykar, ýöne näçedigini aýtmaz. «Ähli olja alnan zatlaryň atlaryny hem sanyny şu gün maňa ýazmaça eltip beriň!» diýip, hökümdar buýruk berer. Soňam gitmez, öz adamlarynyň oljalary hasaba alşyna syn eder, olara düzedişler girizer. Her bir olja paýlaşygynda oljanyň soltanyň paýy – hums hakda ýanyndakylara ýatladar. Hökümdar – rehimsiz, gazaply, haýbatly, gaharly. Onuň gazabyndan, gaharyndan Hudaý saklasyn! Gahary gelse, ol seni kerçem-kerçem eder. Altynjan begiň gazabyny görende käteler Omar atabegiň ýunanlardaky kentawr hakdaky gürrüňini ýatlaýar: «Kentawryň ýarpy göwresi – bilinden ýokarysy adamyňky, galan göwresi, bilinden aşagy atyňky. Kentawr – hökümdar. Kentawryň ýarpy göwresiniň atyňky, galan ýarpy göwresiniň adamky bolmasynyň hikmeti bar. Ol hikmet şeýle: sap adamkärçilik bilen hökümdarlyk edip bolmaýar. Hökümdar käte ýyrtyjy deýin gazaply bolmaly, käte adam bolmaly. Hökümdaryň ýyrtyjylygy ýeterlik bolmasa, ony derrew tagtyndan aýyrýarlar». Altynjan ýunan rowaýatlaryndaky pähimiň dogrudygyna geçen ýyllaryň içinde telim ýola göz ýetirdi. Hut şonuň üçin hem ol Hökümdary kentawryň ýyrtyjy bölegi, galan böleginem Adam – Howandar hasaplaýardy. Howandar – duýguçyl, arzuwçyl hem rehimgöý. Altynjan hatynyň ýanyna birinji däl-de, köplenç ikinji Howandar soltan gel¬ýär. Ikinji soltan Altynjany söýýär, oňa ýüregini açýar. Onuň göwnüni awlamaga çalyşýar, hoşuna geläýjek, göwnüni göteräýjek sözleri aýtmakdan, gaýtalamakdan ýadamaýar. Özem ol bu sözleri diňe bir Altynjanyň göwnüni götermegiň hatyrasyna däl, ýok, gara çyny bilen aýdýar. Ol Altynjan bilen mydama bile bolmak, onuň bilen gülüşmek, dynç almak, ömür sürmek isleýär, onuň bilen dünýäni aýlanyp çykmak isleýär. Eger: «Täzeden ömür berjek, nähili ykbal gerek?!» diýseler, Howandar şonda diýjek sözlerini Altynjanyň ýanynda telim ýola gaýtalady: «Eý, Allatagala, men bir parahat, bag-bakjaly obada mülkdar bolup, Altynjan bilen ýaşamak isleýärin. Maňa köp baýlygam, köp mülkem gerek däl. Altynjanyň jany sag bolsa, men bu gerdun pelekde eşret taparyn». Howandaryň şahyr ýüregi bar, ol bir görseň, sähel zat üçin gözýaş hem döküp oturandyr. Emma Hökümdary welin, eger-eger agladyp bilmersiň. Hökümdar Altynjan bilen onçakly ysnyşmak islemeýär. Ol sähel zat üçin Altynjany düýt-müýt etmekdenem gaýtjak däl. Oňa Altynjan gerek. Sebäbi ol köp zatlary öňünden duýýar, bilýär. Onuň aýdany dogry çykýar. Soltan, gör, birnäçe gezek Altynjan naýybynyň garşysyna gitdi. Ýöne hatynynyň garşysyna giden gezekleri onuňky paşmady. Ähli zat Altynjan naýybynyň aýdyşy ýaly bolup çykdy. Hökümdar hiç akyl ýetirip bilenok: näme üçin soltanyň, wezirleriň, emirleriň pikirleri ters, Altynjan naýybyň pikiri dürs çykýar?! Öňünden görüp gelen bolaýmasyn?! Hatynlar şeýtandan dörän. Olardan herki zat çykar. Altynjan bir hokga edýän bolaýmasyn?! Hökümdar öz naýybyna şübheli garaýar. Oňa o diýen ynanmaýar, has anygy, ynanmak islemeýär. Ýöne ynanmaga mejbur bolýar. Ine, şunuň üçinem Hökümdar gaharlanýar. Ýöne, arman, gahar bilen iş bitenok. Ol hakykaty islese-islemese boýun almaga mejbur bolýar! «Altynjan, sen bilgiç!» diýip boýun alýar. Mejbur! Hyrçyny dişleýär. Her edip, hesip edip ondan ökde bolmaga çalyşýar. Ol özüniňkiniň dürs, Altynjanyňkynyň ters bolmagyny isleýär. Halysalla isleýär. Arman, bolanok. Altynjan hatyn adamsynda haçan haýsy soltanyň hökümdarlyk edýändigini gaty aňsat anyklaýardy. Onuň üçin Howandar bilen Hökümdary parhlandyrmak kyn däldi. Sebäbi olar biri-birinden görnetin parhlanýardylar. Mysal üçin, Hökümdar hiç wagt ýylgyrmaýardy. Howandaryň ýüzünden bolsa mydama nur ýagýardy. Hökümdar bilen Howandaryň arasynda ýylgaý darkaş gid¬ýärdi. Darkaşlarda, köplenç Hökümdar rüstem gelýärdi. Altynjan, has dogrusy, Howandaryň gujagyndady, Höküm¬daryň bolsa kölegesindedi. Allatagala Hökümdaryň ynsansöýerligini, mähir-muhabbetini, ýukaýürekligini, musulmanlar, ili baradaky aladalaryny raýatlaryna ýetirmegi üçin Altynjany ýörite ýaradan ýalydy. Hökümdaryň adamlara bolan ynsansöýerligi, gadyr-hormaty zenanyň üsti bilen aňladylansoň, ol ynsansöýerlik, gadyr-hormat has ýakymly, has mähirli duýulýardy. Çünki zenan – gözelligiň jana gelmesi. Gözellik bolsa diňe, bary-ýogy owadanlyk, daşky ýalpyldy däl. Owadanlyga gözüň gidýär, emma mähriň gitmegi üçin owadanlyk ýeterlik däl, mähir üçin ýylylyk, yssylyk gerek. Bular diňe janlylygyň, diriligiň, çyn ýaşaýşyň barlygynda mümkin bolýar. Ynsana dirilik üçin nämeler gerek?! Ynsana bagt üçin nämeler gerek?! Ynsana ynsan bolmak üçin nämeler gerek?! Ilki bilen mähir gerek! Mähir! Mähir owadanlyk däl, owa¬danlygyň dirilige hem ömre gönüden-göni dahyly ýok. Jansyz zatlaram gaty owadan bolup bilýär. Altynda ölüm sowuk¬lygy bar. Gözellik daşky däl, içki barlyk. Içde bolsa jan bar, dirilik bar, ýaşaýyş bar. Belki, bu hakykatdan ötri, Togrul begiň hatynynyň ady-da ýöne Altyn däl-de, Altynjandyr! Altyn hem jan! Içi janly owadanlyk, gözellik! Gözellik özünde owadanlyk bile diriligi, owadanlyk bile mähri, owadanlyk bile ynsansöýerligi, owadanlyk bile ahlagy birleşdirýär! Şonuň üçinem adamlar gözelligi ähli gowulyklardan belentde goýýarlar, owadanlyga şübheli garaýan ynsan gözelligiň muşdagy. Gözellik diňe owadanlyk däl, eýse ahlak, söýgi, mähir, adalat ýaly närselerdenem ýokarda durýar, has dogrusy, ol bularyň barynyň jemi hem belent derejesi... * * * Altynjan Wasytdan emir Sadyllany tapmady. Onuň nirä çykyp gidenini-de hiç kim anyk aýdyp bilmedi. Emiriň ýoklugy Altynjanyň gaharyny getirdi, dumly-duşa atly gönderdi. – Sadyllany tapyp getiriň! Emir ýarygije geldi. Ol Altynjan hatyny tanamady, sebäp ol aşa serhoşdy. Birmahalky mollaçyr adamyň serhoşlygy Altynjan üçin geňdi. Juda geňdi. Soltanyň geljekdigi hakdaky habary eşiden Sadyllanyň beren jogaby Altynjany has howsala saldy: – Men Sadylla bin Abdylmälik. Meniň kunýam2 Sabdylla ibn Abdylmälik ibn Bugrajyk ibn Abdal Eprikli. Meniň nesebim beýikdir, beýik. Men öz giýewime hyzmat etmelimi? Türkmen giýewe hyzmat edenden ýatyp ölenini ybaly görýändir. Namys – ömürden gymmatlydyr. Giýewiň eline suw akytmak bolsa namysdyr. – Äh, damulla, damulla, akyly gysganyň dili uzyn bolar eken. – Togrul giýew gelse, meniň elime suw akytsyn. Ol arap dilini bilenok. Men bilýärin. Ol ýunan dilini bilenok, men bilýärin. Men ondan köp bilýärin. Altynjan, men seniň äriňden köp bilýärin. Jürjaniýanyň baş medresesinde meniň abraýym uludy. Ol ýerde meniň howlym galdy. Dükanlarym galdy. Bu ýere men diňe seniň üçin geldim. Ýalbaryp duranyňdan soň geldim. Ýogsam geljek däldim. Ertir Sadylla Altynjany görüp ýylgyrjaklady. Öten agşamky aýdan sözleriniň birinem bilenok ol. Ör-gökden gelýär. Ulugyz deý sülmüräp otyr. Näme etmeli bolsa, ýumşa taýýar. Altynjan daň bilen emiri bazara soltan hem wezir-wekiller üçin täze ýorgan-düşek satyn almaga ugratdy, soltanyň, wezir-wekilleriň boljak otaglarynyň syrylyp-süpürilişine, bezelişine özi gözegçilik etdi. Hyzmatkärleriň käbiriniň eden işlerini makul görmän, täzeden etdirdi. Eti boldan bolsun diýen pikir bilen on-on bäş süri dowary soýuma taýýarlamak üçin geňeş geçirdi. Golaý-goltum obalaryň kethudalaryny ýanyna çagyrdy. Olara tapyp getirmeli zatlaryny birin-birin düşündirdi. Kabyl Altynjanyň tutumyna kes-kelläm garşy çykdy: – Altynjan, sen näme üçin oda-köze düşýärsiň? Näme üçin köp çykdajy edýärsiň? Hiç hili çykdajy etme! – Soltanyň tabşyrygy şeýle… – Ol gelmez! – O näme üçin gelmez, geler! – Men saňa açyk aýdýaryn, soltan gelmez! Hiç hili çykdajy etme! – Näme üçun beýle diýýärsiň? – Diňe sen däl, men hem bilgiç, Altynjan. Seniň maňa gözüň öwrenişipdir – diýip, Kabyl pökgerip duran garnyny tit¬redip güldi. Kabyl Altynjana nämedir bir zatlar aýtmakçy boldy, ýöne ony hatyn diňlemedi. Altynjan Bagdatdan bir menzil alyslykda soltan goşunlarynyň gelýändigini görüp, öňünden özüne habar bermekleri üçin iki ýüz atly çapar goýdy. Ol atlylar soltanyň goşunynyň gelýändigini gördükleri köşge bakan atlaryny ýüzin salyp gaýdyp Altynjan hatyna habar bermelidiler. Altynjan hatynyň göwnüne soltan günortan geläýjek ýaly¬dy. Sebäp, bir ýerik gitjek diýensoň, soltan uzak güýmenmegi halamaýardy. Ýöne bellenilen wagty soltan gelmedi. Altynjan köşkde irikgä bolup oturmazlyk üçin ata atlanyp, çaparlaryň garaşýan ýerine ugrady. Her depeden aňyrda soltanyň goşuny görünäýjek ýaly bolup duýuldy, ýöne soltanyň goşuny görünmedi. Altynjan hatyn hiç kim bilen gürleşmän, Howandara ga¬raşmaga başlady. Garaşdy. Zenan ömri – garaşmak. Garaňky düşdi. Garaşdy. Ýarygije boldy. Garaşdy. Altynjan Wasyta dolanmady. Eger Wasyta dolansa, soltan geläýjek, «Bir gije garaşyp bilmediňmi?» diýip, nägile bolaýjak ýalydy. Ýeri, şonda Altynjan oňa näme diýip jogap bersin? At ýylgaý dik durup uklaýar. Altynjan şol gijäni aty deýin dik durup geçirdi. Gije çirim etmän garaşdy. Ol çaparlaryň gezekleşip uklamaklaryna izin berdi, ýöne özüne bermedi. Zenanlar çydamly. Altynjan hem çydar. Ol-a bir gije eken, bäş-alty gijäniň ukusyzlygyna-da çydar, ol. – Soltan düýn ýola düşen däldir. Bir möhüm işi çykyp galandyr – diýip, hatyn öz-özüne, ýanyndakylara teselli bermäge çalyşdy. Şol günüň ertesem soltan gelmedi. Şol günüň birigüni hem soltan gelmedi. Üç gününi Wasytdan bir menzil alysda, soltana garaşyp geçiren Altynjan lapykeç halda Wasyta dolandy. Bagdada ýüz sany atly ugratdy: – Soltanyň Bagdatdan haçan Wasyta ugrajakdygyny anyklap geliň! Gidenler uzak garaşdyrman dolanyp geldi. – Soltan mundan dört gün öň ähli goşuny bilen Bagdatdan çykypdyr. Olar başda Wasyta ugrapdyrlar. Nehrewana3 gelibem ýol¬laryny üýtgedipdirler. Nehrewanyň deňine ýetilende Nyşapurdan çapar möhüm habar getiripdir. Soltana hyzmat eden gulamlardan soradyk, olar: «Soltan gyssagly ýagdaýda Nyşapura gitmeli boldy» diýip jogap berdiler. – «Soltan gyssagly ýagdaýda Nyşapura gitmeli boldy» diýdilermi? Şeýledir-le!.. — diýip, Altynjan wezir-wekillerine eşitdirmek üçin sesine biraz bat berdi. Soňam: «Hökümdar rüstem gelipdir-ow» diýip pyşyrdady. Altynjan atlylarynyň öňüni çekip, Wasyta bakan ýola düşdi. Gapdalynda Sadylla emir bilen Kabyl barýardy. Kabyl hiç bir zady myzaýyk etmän barsa-da, Sadyllanyň howsalasy ýetikdi. Ol Altynjana nämedir bir zatlary aýtmakçy bolýardy, ýöne gürrüňe nähili başlajagyny bilmän kösenýärdi. Altynjan onuň howsalasyny duýmadykdan bolýardy, öz aladalaryna gümrady, bütin ömrüne özüniň hatyndygyna gynanyşy ýaly, häzirem şol pikirine berlipdi. Altynjan soltanyň geljegine ynanypdy. Ynanyp, derejeläp garşylamak üçin yhlas bilen taýýarlyk görüpdi. Ol gije ýatman at üstünde oturyp garaşdy. Soltan gelmedi. Äri gelmedi. Altynjan bütin ömrüni soltana garaşyp geçirdi. Altynjan bütin ömrüni soltana garaşyp garrady. Altynjanyň gözleriniň röwşeni soltanyň ýolunda galdy. Altynjanyň diňe gözleri däl, ömri hem soltanyň ýolunda galdy. Altynjan ýalňyz galdy. Ýeke özi galdy. Muhammet Togrul soltan Altynjany ýaşlykda bir altyn teblä kökerdi. Melike bütin ömrüni şol altyn tebläniň hatyrasyna bagyş eýledi. Ol altyn teble – Howandar soltanyň imrikdiriji sözleridi, talwaslarydy. Howandar soltan gar ýagan günleriň birinde hatynyny Reý jülgesine alyp çykypdy. Şonda özüniň altyn teblesini – Altynjana bütin ömrüne güýç beren sözüni aýdypdy. Ol döwlet işinden ýadaýandygyny, hatyny bilen bir oba gaçyp gidip, bütin ömrüni şol ýerde ikiçäk geçirmek isleýändigini, bu dünýäde özüne Altynjandan özge ýegana razdaryň gerek däldigini, ony biçak hatyralaýandygyny, ezizleýändigini aýdypdy. Ikiçäk dynç almagy, hylwatda bolmagy Howandar soltan her ýyl birki gezek ýatlaýardy. Altynjan ol sözleri harpma-harp ýatdan bilýärdi. Ol şol sözlere jadylanypdy, dogrusy, ol sözler oňa gujur-gaýrat berýärdi, güýç berýärdi. Ertirki gününe umyt berýärdi. Altynjan adamsynyň şol isleýän ikiçäk hylwaty ýaşaýşyna garaşýardy. Ol Wasytda şol islän, garaşan gününe ýetäýjek ýalydy, ýanyndan: «Şol garaşan günlerim ahyryl-ahyr geldi» diýip, içini gepledipdi. Arman, gelmän eken. Sadylla içki howsalasyny daşyna çykardy: – Altynjan, indi nähili bolarka? Indi bar zadyň gutardygymy? – «Bar zat» diýýäniňe nämeler girýär, düşünmedim men? – diýip, Altynjan Sadyllany ilkinji gezek görýän ýaly synlady. – Näme diýmekçi bolýarsyň? Açyk gürle, damulla! – Sen gaharlanma, uýam. – Men gaharlanmaýaryn. Saňa düşünmekçi bolýaryn. – Düşünmez ýaly näme bar bu ýerde. Indi biz Wasytdan kowulýarysmy? – Biz näme üçin Wasytdan kowulmaly? – Özüň bilýärsiň onuň sebäbini. – Bilsem soramazdym. – Ýalňyşmasam, indi Wasyty bizden alarlar. – Damulla, Wasyt maňa mülk berildi, özem ony Togrul soltan berdi. Ony bizden kim alyp biler? – Beren adam alybam biler. – Togrul soltan hedýe beren zadyny yzyna almaýar. Onso¬ňam men soltanyň hatyny. – Haý, Altynjan, meniň jynym bir erbetligiň ýakynlaşyp gelýändigini aňýar. – Seniň dowulçy jynyň bar, ol seni mydama aldaýar. Sen şol dowulçy jynyňa ynanma. – Sen bizi köşeşdirjek bolýarsyň. Bir erbetligiň boljagyny özüňem aňyp-bilip dursuň, ýöne sen ony bizden ýaşyrýarsyň. Sen bizden hiç bir zat ýaşyrma, Altynjan. Belki, gaçarys? – Nirä? – Pars welaýatyna gaçaly, ol ýerde meniň gowy täjir dostlarym bar. – Men-ä hiç ýerigem gaçjak däl. Seniňem gaýa-gopuz ýok ýerden basga düşmegiňi islemeýärin. Annaplar4 bilen aşnalygyňy kes, ýogsam jynyň mydama mojuk zatlary habar berer. – Damulla, sen galawut etme! Ähli zat düzüw. Soltanyň gelmejekdigini men öňden bilýärdim – diýip, Kabyl syrly ýylgyrdy. Sadylla bilen Altynjan Kabyla geňirgenme bilen seretdiler. Kabyl ýylgyrjaklap, goltugyndan bir bukja çykardy-da, Al¬tynjana uzatdy. – Bu näme? – Bu Togrul soltanyň saňa ýazan haty. Soltan bu haty maňa Bagdatda nahanlykda berdi. «Bu hat hakda hiç kim bilmesin – diýdi. – Goý, ähli kişi: «Togrul soltan Wasyta dynç almaga barýar» diýip pikir etsin». Bäş günden soň bu haty Altynjana gowşur. Goý, ol menden Wasyta barmandygym üçin öýke etmesin. Şeýle etmek zerurlygy döredi. Altynjan haty eline alyp, Kabylyň üstüne azgyryldy: – Näme üçin maňa duýdurmadyň? Sen meniň nähili kösenendigimi gördüň ahyryn! – Altynjan, sen menden gaty görme. Men soltanyň nahan tabşyrygyny peçan etsem bolmaz-a!.. Men saňa ýaňzytjak boldum, ýöne sen meni diňlemediň. – Nädip dözdüň?.. – Soltanyň tabşyrygy şeýle boldy, Altynjan. Sen çydamly ahyryn! Togrul beg: «Soltan Wasyta barýar» diýip myş-myş ýaýratdy. Bagdatdan hem Wasyta diýip çykdy, ýolda birden ugry üýtgetdi: Nyşapura gitdi. Sebäbi Nyşapurda talaňçy bazbozarlar jemlenip, maksat şolary güpbasdy etmek, ýok etmek. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |