09:04 Altynjan hatyn / 3-nji kitap -14 | |
On dördünji hekaýat
Taryhy proza
GEÇEN GÖRÜNMEZ Altynjan welaýata aýlanyp çykmaga ýola düşdi, ýöne ol köp ýere aýlanyp bilmedi. Çünki ol baran ýeriniň adamlary bilen ylla çagalykdan bäri ýürekdeş gatnaşyp ýören ýaly, şeýlebir razdarlyga başlady welin, razdarlyk, gürrüňdeşlik gutarar ýerde gutarmady. Şeýdibem uzynly güni bir obada geçirip, asyl, ol obanyň hem birki adamy bilen gürleşip, şol ýerde daňy atarmaly boldy. Altynjanyň gelendigini eşidip, ony uzakdan hem bolsa synlamak, oňa tagzym etmek üçin goňşy obalardanam adamlar üýşüp gelýärdiler. Altynjan ol gelýänler bilen açyk göwünden söhbet etdi. Her gün ýüz gazan ataryp sadaka berdi. Adamlar onuň janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny dileg etdiler, ýöne Allatagalanyň kysmaty olaryň dileginden hem rüstem geldi. Altynjanyň bagyr agyrysy tutdy. Yza Altynjanyň başyny aýlap, gözünden buýur-buýur gözýaş seçeledip, janyny alyp barýardy. Altynjan özüne zor salyp çydajak bolýardy, ýöne yza gün-günden beterine tutýardy. Ol bu derdini ýigrenýärdi, sebäbi derdi Togrul begiň mundan ýigrimi ýyl owal Sarahsda talak bermegine sebäp bolupdy. Bu dert onda Sarahsyň eteginde gaznalylardan galypdy. Bagrynyň üstünden sünjülen gönder ömür aýrylmajak dert döretdi. Hernäçe em edilse-de ol aýrylmady. Altynjan: «Ýaram bitişdi gitdi, agyrýan ýerim ýok» diýip, Tog¬rul begi ynandyrdy. Ýaranyň ýüzi, dogrudanam, bitipdi, ýöne bar dert içdedi. Ony bolsa özünden başga hiç kim bilenokdy. Ol dert soňky günler, biwazy oglan kimin içde rahat ýatmak islänokdy, özüne üns çekjek bolup, azar ýamanyny berýärdi. Altynjan adamlar bilen gürleşmekden özüne tenekar gözleýärdi. Ömrüni şu adamlaryň arasynda geçirmegi höwes edýärdi. – Ýör, köşge gaýdaly, özüňe jebir etme – diýip, Sadylla Altynjana ýüzlendi. – Sen entek meniň gurýan medresämi-de göreňok. Nesip bolsa, meniň medresäm Gündogarda iň meşhur medrese bolar. Oňa müderrisi özüm saýlajak. Kabyl bu pikiri oňlady, ol Altynjanyň welaýata aýlanmak pikirine-de kes-kelläm garşy çykypdy: – Sadylla dogry aýdýar, Altynjan. Gideli. Onuň gurýan medresesini gör. Ol welaýatyň ähli şäherinde, kendinde mekdep gurmak isleýär. Ýene on ýyldan Wasyt welaýaty ylmyň merkezi bolar. Seniň bar gazanjyň medrese-mekdep gurmaga sarp boljak. Keremli enaýat, haýyr-yhsan babatda damulla senden öňe düşjek. – Gazanjymyz keremli enaýata ýarasa armanym ýok, Kabyl. – Wa-weýla, Sadyllanyň enaýatyndan saňa kipaýat ýok. Saglygyňy myzaýyk etmeseň, bir gün – men dogrymy aýdýaryn – ölersiň. – Ýok, ýok, yza häzir aýrylar – diýip, Altynjan tekepbirlik etdi. – Altynjan, men saňa düşünemok. Sen näme üçin özüňe sütem, jebir edýärsiň? Özüňde näme kastyň bar seniň? Seniň bolşuň maňa gaty düşnüksiz. – Häzir yzam aýrylar, Kabyl. – Sen ony aýyrjak hem bolaňok. – Göwnüňedir. – Göwnüme däl, men seni köpden bäri synlap ýörün. Sen özüňe kast etmäge biçak höwesjeň. – Kabyl dogry aýdýar, Altynjan. Sen saglygyňy gora. Häzir öýe gaýdaly. – Ýok, ýok, kerwensaraýlara, obalara aýlanaly. Sadylla bilen Kabyl her çent islemeseler-de, Altynjanyň emrine boýun sundular, ony birnäçe kerwensaraýa aýladylar. Welaýatda kyrk bäş sany ululy-kiçili kerwensaraý bardy. Altynjan her kerwensaraýa baranda köp mukdarda dinar paýlaýardy. Kerwensaraýyň sahyplaryndan hyzmat edişlerini gowulandyrmak¬laryny, her kerwensaraýyň göze gelüwli, owadan bolmalydygyny sargyt edýärdi. – Kerwensaraýlara, esasan, täjirler, derwüşler gelýär. Olar – dünýäni aýlanyp ýören adamlar. Gelenler biziň welaýatymyzyň kerwensaraýlarynda hyzmat edilişinden kän hoşal bolsunlar. Onsoň olar uzak-uzak ýerlerde bolanlarynda Wasyt welaýatynyň kerwensaraýlarynda juda gowy hyzmat edilýändigi barada aýdarlar. Ana, ondan soň welaýatymyza gelýän täjirleriň sany artar. Täjirleriň sany artsa hem olaryň getirýän harytlary köp bolar, arzan bolar. Sadylla kerwensaraý üçin Altynjanyň çykdajy etmegini asla islemeýärdi, bu barada uýasyna telim ýola aýdypdy. Altynjan hatyn emire söz berse-de, kerwensaraýlaryň sahyplarynyň özelenmelerine garşy çykyp bilenokdy, söz berýärdi. Rast, Altynjan hatyn aýtdymy, onsoň ol gepsiz-gürrüňsiz kanuna öwrülýärdi. Çünki ol Wasyt welaýatynyň doly hukukly eýesidi. – Bular urup aglaýarlar. Sen bularyň gözýaşyna ynanma. Bular welaýatda iň baý ýaşaýan adamlar. Bularyň näçe gazanýandygyny özlerinden başga bilýän adam ýok. Bulara hiç zat bermeli däl, bulardan diňe almaly – diýip, Sadylla janykmak janygýardy. Welaýaty baýatmak hakda Altynjan hatynyň aýratyn bir pikiri bardy: – Seniň gaznaň ýoksullaryň ryskyndan bölünip alnan salgytlar, haraçlar bilen däl-de, baýlaryň baýlygynyň ujundan alnan bäşden bir salgydyň hasabyna baýasyn. Sen köp-köp täjiri Wasyta gelmesiz edipsiň. Hiç kime «Gelme!» diýme. Goý, gelsinler. Käbir zatlary görmedikden bol. Alyş-çalyş bazarlaryny köpräk aç. Pereňistana keşdi (gämi) bilen harytlaryňy ugrat. O ýerleri bilen gatnaşykda bolaly. Özüň aýtdyň ahyryn: «Ol ýerlerden getirilen harytlary adamlar gowy görýärler» diýip. * * * Bäş günläp Altynjanyň ýanynda bolan Sadylla etmeli işle¬riniň köpdügini tutaryk edinip, öz hyzmatkärleri bilen Wasyda gitdi. Altynjan Kabyl hem çiltenleri bilen galdy. Kabyl badyhowady, öwünmegi gowy görýärdi. Uzyn murtuny ýa-da öňünde garpyz ýaly çykyp duran garnyny sypap ugradygy, bu öwünmäge başlajakdygynyň alamatydy. Ol bir ýerde uzak oturmagy halamaýardy, ýörişleri, başdangeçirmeleri gowy görýärdi. Bir ýere gitmeli bolsa, mydama göwünjeňlik bilen ata atlanýan Kabyl Wasyt obalaryna aýlanyp çykmak baradaky pikiri halamandy, Wasytdan göni Togrul begiň ýanyna – Bagdada gitmegiň zerurdygyny zol-zol nygtady. Bu teklibi goldanylmansoň, Kabyl: – Ýanymyz bilen on müň atly goşun äkideli! – diýdi. Altynjan onuň bu sözüne güldi: – Kabyl, saňa näme bolýar? Men-ä seni batyr, gorkmazak hasaplap ýördüm welin, sen gorkaňda ähli kişiden hem beter gorkýan ekeniň. Biziň üstümize çozuş edip biljek kim bar?! Bu dünýäde biziň rahatlygymyzy bozup biljek hiç kim ýok. Şonuň üçinem men ýanyma diňe çiltenlerimi aljak, wessalam! – Kyrk adam gorag üçin az bolýar, juda az! Hiç bolmanda iki müň atlyny ýanymyz bilen, äkideli. – Ýok, ýok, aýtdym – gutardy! – Altynjan, tekepbirlik etme, meni diňle. Men ýöne ýere jöwlan uramok. – Hä, şeýle diýsene asyl! Kim ol biziň üstümize çozuş etmäge gaýraty ýetjek goç ýigit?! – Meniň açyk bilýän zadym ýok, ýöne jynym üstümize çozuş howpuny habar berýär. – Sadylla ikiňiziň jynyňyz soňky ýyllar halysan was-wasy bolupdyr. Şondan soň Kabyl hiç zat diýmedi, ýöne rahatlygy welin bolmady, bir ýerde durmady. Sadylla gidensoň-a rahatlygy hasam gaçdy: garnyny sypamady. Ol zol-zol: – Altynjan, gideli, bizi Togrul beg tapman ýörendir – diýdi. Bir hepdäniň içinde görnetin horlandy. Wasytdan sekiz farsah uzaklykdaky bir obada bolanlarynda Kabylyň garaşan, Altynjanyň garaşmadyk wakasy boldy: günortanlar iki sany nätanyş kişi Kabylyň ýanyna geldi. Olar öz aralarynda esli wagtlap nämedir bir zadyň dawasyny etdiler. Şondan soň Kabyl olar bilen obadan çykyp gitdi. Kabyl şol gün gelmedi, oňa uzak gije garaşdylar. Şol günüň etresi Altynjan Kabylyň jylawdaryndan sorady: – Ol saňa haçan geljegini aýtmadymy? – Hiç zat aýtmady. – Olar näme hakda sözleşdiler? – Men olaryň sözüne düşünmedim, sebäbi olar arap dilinde sözleşdiler. Jylawdaryň habaryna Altynjanyň rahatlygy gaçdy. Çiltenlerine Kabylyň gözlegine çykmagy tabşyrdy. Gözlege gidenler Kabyly namazşam tapyp getirdiler. Ol özüni bilenokdy, çünki onuň endam-jany gara gandy. – Kim saňa el göterdi?! – diýip, Altynjan gahardan ýaňa titredi. Kabyla em etdiler, ganyny duruzdylar, ýaralaryny daňdylar. Çala özüne gelen Kabyl hazzar pyşyrdady: – Altynjan, saňa aýtjak möhüm sözüm bar. – Näme habar? – Bilgin, Kabyl satlyk däldir. Öldüriljegini bilse-de, ol saňa, Togryla ikilik etmez. Bilgin, Kabyl baýlykdan beýikdir! – Men seniň baýlykdan beýikdigiňi bilýärin-ä! Maňa bu hakda aýtmak hökman däl. – Ýok, ýok, hökman. Bilgin, men seni iň soňky demime çenli goraryn. – Wah, men saňa döneýin, mähriban doganym! – Altynjan, meni diňle! Gyssagly gaçyň! Arslan Besasury häzir sizi öldürmek üçin geljek! Doganym, uýam, ýalbarýaryn, gaçyň! Meni äkitjek bolmaň! Gerek däl, men, barybir, uzak ýaşamaryn. Men häzir ölerin. Siz gaçyň! Howlugyň! Altynjan Kabylyň Wasytdaky odanmalaryny ýatlady. Ol on müň atly goşyny gorag edinmek baradaky örtenmelerini ýöne ýerden däl eken. Ol, gör, näçe gezek janykdy. Altynjan Kabylyň ol janykmalaryna geleň etmedi. Indi ähli zat düşnükli. Altynjan çiltenlerini daşyna jemledi, olara ýagdaýy habar berdi. Golaý-goltumdaky obalara kömek sorap çapar ýollandy. Garaňky gatlaşyp ugranda ýer sarsyp ugrady. Bu at toýnaklarynyň sarsgynydy, bu atly goşunyň oba ýakynlaşyp gelýändiginiň alamatydy. At aýaklarynyň dükürdileri barha artyp-ýakynlaşyp ugrady. Obanyň daşynyň gabalandygyny habar berdiler. Bu habaryň yzysüre obanyň dört tarapyndan elleri gylyçly besasurylylar oba kürsäp girdiler, öňlerinden çykan adamlary uçdantutma gylyçdan geçirip ugradylar. Gazaply darkaş başlandy. Altynjan çiltenleriniň öňüne düşüp, besasurylylar bilen darkaşa girdi. – Çiltenleriň ählisini öldüriň! Altynjany-da öldüriň! – diýip, Arslan Besasury Türkmen birsyhly gaýtalap gygyrýardy. Ol özüniň ýeňiş gazanjagyna doly ynanýardy. Eýýäm otuza golaý çilten öldürilipdi. Indiki gezek galan çiltinleriňkidi hem Altynjanyňkydy. Garaňky mazaly gatlyşypdy. Kabyl darkaşyň gidişine diň salyp ýatyrdy. Wagt geçdigisaýyn biri-biri bilen çaklyşýan gylyçlaryň sesleri-de azalýardy. Kabyl häzir besasurylylaryň öz ýanyna-da geljekdiklerini, öldürjekdiklerini bilýärdi. Ol takdyra ten berip ýatmak islemedi, özüne zor salyp ýerinden galdy. Ýatan külbesinden çykyp, töweregine garanjaklady. Onuň daş çykandygyny gören öý bikesi niredir bir ýere ylgap gitdi. Biraz salymdan bir baýtalyň rişdesinden tutup geldi. Çepiksije öý bikesi Kabylyň baýtala münmegine tekge berdi. Kabyl garaňkylygyň içine siňip gitdi... * * * Soltan Togrul beg Seljuklynyň aýaly örän ýagşy, köp haýyr-sahawat edegen, köp sadaka beregen zenandy. Dogry pikirli, düz çäreli, ugurtapyjy, gaýratly we dogumly zenandy. Soltan Togrul beg ony diňleýärdi we diýenini edýärdi. Köp çäreleri onuň akyly bilen çözýärdi. Ol ummasyz goşuna, esgere baş bolup, ýörişe giderdi we duşman bilen özi hem söweşerdi. Ýusup ibn Taňryberdi Atabeg. Müsür we Kair patyşalygyndaky röwşen ýyldyzlar. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |