09:07 Altynjan hatyn / 3-nji kitap -15 | |
On bäşinji hekaýat
Taryhy proza
GÖZ — HAKYKAT, SÖZ — GÜMAN Togrul begiň Anadoly serhedinde galdyryp gaýdan Ýakudyň serkerdeligindäki goşuny 1057-nji ýylda birnäçe ýeňiş gazandy: ençeme galany, şäheri, etraby seljuk soltanlygyna tabyn eýledi. Ýakudyň teshyrlary Wizantiýa kaýsaryny howsala-howpa saldy, bu howpuň öňüni almak, has takygy, ony ýok etmek maksady bilen kaýsar seljuklylara garşy goşun gönderdi. Kaýsaryň niýeti rahat ýaşamakdy. Munuň üçin seljuk go¬şunyny derbi-dagyn etmek zerurdy. Arman, onuň isläni bolmady. Gapdalynda durup ary kömejini gozgan ýaly boldy, ol. Özüne, kömejine azar bermeseň, arynyň seniň bilen işi ýok, ol öz işi bilen başagaý. Azar berseň welin, arylaryň ählisi jem bolup, üstüňe hüjüme geçýärler. Wizantiýalylaryň kysmaty-da General Nikephoros Brienniosiniň hüjüminden soň arynyň kömejine kesek atylanyndan hem bäş beter boldy. Seljuklylar çar ýandan hüjüme başlady: Ýakut beg bilen emir Saltyk garşysyna iberilen Wizantiýa generaly Nikephoros Brien¬niosiniň goşunyny agyr ýitgä sezewar edip ýeňdi. General özüniň sanalgyja esgeri bilen hazzar janyny halas etdi. Şondan soň Ýakut Kars hem Ani galalaryny petih kyldy. Soltan Gutulmyş begi goşunbaşy edip Arrana (Garabil) iberdi. Gutulmyş begiň serkerdeligindäki goşun Erzurum, Erzinjan, Kemah etraplaryny, soň Harput hem Şebingara-Hysar galalaryny eýeledi. Wizantiýanyň tagta geçen täze kaýsary Konstantin Dukas X seljuklylar bilen garpyşmakdan gaça durmaga çalyşdy. Sebäbi seljuklylar hiç bir kynçylyga, hiç bir pida seretmezden Wizantiýany barha gysaja salýardy. Kaýsar şol gysaçdan çykmagyň ýollaryny gözleýärdi. Aýlawa düşülende atlar özleriniň gapdallaryndaky atlaryň haýsysynyň çamandygyny, haýsysynyň ýüwrükdigini magat bil¬ýärler. Özleriniň ýanlaryndaky atlardan çamandygyny bilen atlar çapuwa girmejek bolup herki hokga tapýar. Wizantiýa kaýsarynyň bolşy-da çaman atyň aýlawa girmejek bolup çyrpynmasyna meňzeýärdi. Birmahal şeýle boluş Gaznaly (Ýatan jaýy jennet bolsun!) soltany Masutda hem gaýtalanypdy. Diňe atlar däl, käbir patyşalar hem darkaşyň nähili netije bilen soňlanjagyny, megerem, duýýan bolsalar gerek. Togrul beg Wan kölüniň demirgazygynda ýerleşýän Malazgirt şäherine ikinji gezek zarba urmak üçin ýörişe ugramak isleýärdi. Elbetde, bu ýöriş birýyllyk ýöriş bolmaz. Ol iki-üç ýyla çekse gerek. Şonuň üçin Togrul beg ilki soltanatdaky işlerini birýüzli etmäge howlukdy. Ýöne köşkde-de alada ýeterlikdi. Ybraýymyň najagaýy hem ýetikdi, ýogşam, soltan ony Mosula häkim belledi hemem oňa bu ülkäni mülk berdi. Ybraýyma Azerbaýjan bilen Mosul az göründi, ol soltanlygy ele almak maksady bilen ikinji gezek Togrul begiň garşysyna çykdy, Mosulda uzak durmady, Jebel ýurtlaryna gitdi. Soltan Togrul Ybraýym ynalyň ol ýerlere gitmegini özüne gulak asmazlyk, äsgermezlik hökmünde kabul etdi. Soltan doganyny yzyna dolamak maksady bilen halypanyň özüne hedýe beren gymmatbaha perejini bir ilçiden ýörite ugratdy. Ybraýym ynalyň gidendigini eşiden, Besasury bilen Kuraýyş ibn Bedran Mosula geldiler, şäheriň içindäki galany dört aýlap gabadylar. Galadakylar iň soňky azyklaryny gutarýançalar – dört aýlap gorandylar, boýun egmediler. Togrul begden hemaýata garaşdylar, hemaýat bolmandan soň, janlaryna aman diläp, galany söweşsiz tabşyrdylar. Besasury galany ýumurdy. Soltan Togrul bu habary eşidip, iki müň atly goşuna emir Anuşirwany baş edip, Mosula ugratdy. Emir Anuşirwanyň öz üstlerine gelýändigini eşiden Besasury bilen Kuraýş haýdan-haý Mosuly taşlap gaçdylar, sebäbi olaryň atlylarynyň sany alty ýüzden köp däldi. * * * Arslan Besasury halyf Kaýym Bemryllahyň goşunlarbaşysy bolsa-da, musulman dünýäsindäki syýasata gönüden-göni goşulýardy. Ol gaznaly türkmenleriň soltanlygynyň synmagyna-da, seljuk türkmenleriniň döwletiniň döremegine-de, ösmegine-de gönüden-göni gatnaşypdy. Sebäbi gaznaly soltany soňky ýyllar apbasy halyflygyny äsgermezçilik etdi. Mahmyt Gaznaly öz döwründe halyfyň ýollan hatynyň ýüzüne tüýkürip, yzyna ýollapdy, şeýdibem halyflygyň mertebesini kemsidipdi. Onuň ornuna geçen Masut hem kakasynyň ýoluny dowam etdirdi, halyflyga sadyklyk bildirmedi. Şeýle bolansoň, halyflyk seljuk türkmenleriniň döremegini ikelläp goldapdy. Halyfyň ak patasy bilen seljuk döwleti rowaçlyk ýoluna gadam basypdy. Arslan Besasury Türkmen seljukly türkmenlerden aýratyn mertebä, sylaga garaşýardy: Yraga seljuklylaryň başlyklarbaşysy bolmak isleýärdi. Şu maksat bilen Arslan Togrul beg bilen gowy gatnaşyk saklamaga çalyşdy, oňa hoşamaýdan hoşamaý sözleri aýtdy, onuň hoşuna geläýjek birtopar işleri etdi, köp-köp hedýe gönderdi. Diňe bir soltana däl, onuň ýanyndaky wezir-wekillerine-de eçilmek eçildi. Ybraýymyň göwnüni awlady. Ol indi Arslanyň öz adamyna öwrüldi. Anuşirwan ibn Tümeniň göwnüni awlady. Altynjan hatynyň inileri Sadyllanyň, Kabylyň göwünlerini awlady. Arslan Besasury Bagdada Amydylmülk Kundury başlyk¬lar¬başy bellenen güni ýalňyşandygyna düşündi, arman, giç düşündi. Onuň bar umydynyň, maksadynyň üstünden palta uruldy. Onuň niýeti halyfaty dolandyrmakdy ahyryn! Seljuklylar halyfy hatyraladylar, ony üýtgewsiz hasapladylar. Arslan Besasura halyfa wepadarlyk bilen hyzmat etmegi maslahat berdiler. Arslan Besasury Kundurynyň başlyklarbaşy bellenen, özüne halyfa wepadarlyk bilen hyzmat etmegi maslahat berlen güni ömrüniň ahyrzamany hasaplady. Ol köşeşmek maksady bilen uzyn gije daşdan ýasalan çäýnek-käseleri, küýzeleri döwüp geçirdi. Barybir, köşeşip bilmedi. Arslan özüniň şowsuzlygyny, bagtynyň ýatmasyny Togrul solta¬nyň hatyny Altynjandan gördi. Ol açyk söweşe çykmakdan başga çykalga tapmady. Altynjanyň kastyna çykdy. Onuň ýüregine dowul-gorky salmak, mugyra getirmek maksady bilen Kabyly jezalandyrdy. – Saňa iň soňky puryja berýärin. Altynjan hatynyň ýanyna bar-da, onuň bilen gürleş. Goý, ol Kunduryny başlyklarbaşy wezipesinden aýryp, ol wezipä meni belletsin. Eger meniň şu islegimi bitirmeseňiz, seni-de, Altynjany-da pidaýylarym öldürer! – diýip, Arslan Besasury Kabylyň üstüne gygyrdy. Arslanyň bu islegi-de başa barmady, ol şondan soň Wasytyň Kütür obasyna gelen Altynjany kerçem-kerçem edip içini sowatmagy ýüregine düwdi. Ol şu maksat bilen üç ýüz atly jemläp, ýörişe çykdy. Altynjan hatynyň ýanynda diňe çiltenleri bardy. Olar besasurylylar bilen merdi-merdana söweşdiler. Gazaply söweş boldy. Bu söweşde besasurylylaryň gaçan iki atlysyndan özgesi wepat boldy. Oba adamlary bu söweşi keseden synladylar. Altynjan ha¬tynyň gahrymanlarça darkaş gurşuna haýran galdylar. Söweş bolan ýeri gije dym-dyrslykdy. Eýeleri wepat bolansoň, bir süri eýerli at söweş meýdanyndan uzak gitmän, eýeleriniň gelerine garaşyp durdy. Daň atanda oba adamlary söweş bolan meýdana üýşüp geldiler, şonda täsin bir görnüşiň şaýady boldular. Söweş bolan ýeriň ortarasynda, serlip ýatan läşleriň arasynda Altynjan hatyn süýnüp ýatyrdy, onuň çar tarapynda bolsa on sany elleri ýataganly ýaradar çilten otyrdy. Adamlar çiltenleriň ýaralaryny saradylar, başardykla¬ryndan em etdiler. Altynjan hatyny eginlerine göterip, ýakyn öýleriň birine bakan ugradylar. Hatynyň Akgar atly ýaradar aty agsaklap, gözünden katra-katra gözýaş döküp, eýesini eginlerine göterip alyp barýan adamlaryň yzyna düşdi. Açyk meýdanda düşek ýazyp, Altynjan hatyny şonuň üstünde ýatyrdylar. Onuň endamyndan tyg yzynyň düşmedik ýeri tas ýok diýen ýalydy, egin-eşigi gara gandy... * * * Günortan Sadylla bir müň atly bilen ýetip geldi. Onuň gelmegi bilen Altynjan hatyn gözlerini açdy, özüne geldi. Sadylla beýle ahwalata garaşman eken: ol bolan ahwalaty görüp, ýüregi ýarylan dek elewredi. Sadylla Altynjan öler öýdüp gorkdy. Onuň gorkmasy ýöne ýerden hem däldi, sebäbi ol ölümiň alkymyna barypdy. Ol Altynjany Ezraýylyň elinden alyp galmak üçin jan edýärdi. Tebiplere, lukmanlara azgyrylýardy, olaryň hereketlerini haýal görýärdi. Oba ýene iki ýüz atly geldi. Altynjan hatyn ýatan ýerinden olaryň nämedir bir habar bilen gelendiklerini aňdy. – Sadylla, gelenleriň habaryny al! – Häzir senden möhüm aladamyz ýok. Gelenler garaşar. – Olaryň habaryny al, damulla! – Meniň jynym halanok olary! – Barybir, habarlaryny al! – Bolýar, bolýar. Saňa geplemegem bolanok. Biynjalyk bolma, rahat ýat. Häzir habarlaryny alaryn – diýip, Sadylla göwünli-göwünsiz gelenlere bakan ugrady. Sadylla köp wagt geçmänkä Togrul soltanyň berid sahyby Şadyky bilen tirkeşip geldi. Şadyky Altynjan hatyna hormat bilen tagzym etdi, hatynyň ýagdaýyny görüp, hyrçyny dişledi. – Näme habar?! Şadyky özüni soltanyň ýörite ugradandygyny, Bagdatda garaş¬ýandygyny habar berdi. – Altynjan hatyn ýarawsyz. Özüň görüp dursuň. Düýn Besasury Türkmen Altynjanyň üstüne üç ýüz atlysy bilen çozdy. Ine, şol üç ýüz atly läş bolup ýatyr. Olary Altynjan hatyn özüniň kyrk ýigidi bilen gyrdy, ýöne söweşde özem agyr ýaralandy. Onuň ýaralarynyň bitmegi, sagalmagy üçin wagt, rahatlyk gerek. Üç-dört hepde ýatyp saglygyny bejertmese, Altynjan hatyn ýola ýaramaz. Çiltenleriniň diri galanlarynyň ählisi agyr ýaradar, olaram bejermeli – diýip, Sadyl¬la Şadyka ýüzlendi: – Sahyp, sizem uzak ýoldan ýadap gelensiňiz, üç-dört hepde dynç alyň. Altynjan hatyn ganymatlaşandan soň, bileje gidiberersiňiz. Men Altynjany siziň bilen bile ugratsam, arkaýyn boljak... – Sadylla, biz häzir ugraýarys! – diýip, Altynjan hatyn kesgin aýtdy: –Ýol şaýymy tutuň! – Altynjan, seniň diýýäniň näme? Ýolda heläk bolarsyň! – diýip, Sadylla ör-gökden geldi. – Şadyky, senem aýt! – Melikäm, Sadylla dogry aýdýar... Altynjan hatyn gussaly ýylgyrdy: – Eh, erkekler, erkekler! Siz hatynlary özüňize osýarsyňyz! Hatynlar siziň pikir-çak edişiňiz ýaly däldir. Hatynlar ärleriniň möhümini bitirmek, olaryň rowaçlygy üçin Ezraýylyň ýüzüne gelip, oňa: «Gaýra dur!» diýmegi başarýandyrlar. Alla panyda iň çydamly jandar edip hatynlary ýaradandyr. Aslynda erkeklere poladam, demirem çydap bilmez, olara diňe hatynlary çydaýandyr. Mähribanynyň özüne garaşyp durandygyny eşiden zenany hiç bir güýç, hiç bir kesel saklap bilmez! Ýörüň, gideliň!.. * * * Togrul soltan soltanlygynyň paýtagtyny Yspyhana geçirdi. Ol ýerde edilýän işlerden razydy. Halkyň göwnüni galkyndyrmak maksady bilen her hili baýramçylyklary gurnaýardy. Bu gezekki baýramçylykda ýedi yklymyň pählewanlary jemlendi. Kyrk günläp göreş tutduryldy, atdyr düýe çapdyryldy. Günler gyzykly geçýärdi. Şol günleriň birinde Altynjan ýaramaz düýş gördi. Düýşünde Togrul soltan düýe münüp nirädir bir ýerik barýardy. Onuň ýagyrnysynda bolsa äpet gara möý bardy. Birtopar alahekek bolsa şol möýi görüp, soltanyň depesinde alagopgun edip gaýmalaklaşýardy. Soltan alahekeklere-de pitiwa etmän, öňüne seredip, sarsman otyrdy. Altynjan soltanyň arkasyndaky möýi aýryp taşlajak bolup ylgady, sesiniň ýetdiginden «Begim!» diýip gygyrdy, ýöne näçe gygyrsa-da, soltan eşitmedi, yzyna gaňrylyp seretmedi. Altynjany soltan yralap oýardy: – Saňa näme bolýar, Altynjan? Altynjan ukudan oýanyp, ähli zadyň düýşdügine begenip, ýeňil hem aldy: – Ýaramaz düýş gördüm, begim – Altynjan gören düýşüni aňynda aýlady. – Siz şu günde-ertirde bir ýerik gitjek bolýarsyňyz öýdýärin?! – Ybraýymyň ýanyna gitmeli boljak. Onuň bilen çözmeli meselelerim bar. – Gitmeseňiz gowy boljak. Soltan hatyny bilen ylalaşdy, ýöne şondan dört gün geçenden soň Ybraýym ynaldan çapar geldi: – Ybraýym ynal ogluna sünnet toýuny edýär. Hemedanda size garaşýar. Ybraýym ynal çaparyň aýtjak sözlerini az gören bolarly, uzyn nama gönderipdir. Onda ömründe ilkinji gezek uly toý edýändigini, şol uly toýa Togrul soltanyň gatnaşmagynyň özüne uly mertebe boljakdygyny öwran-öwran nygtapdyr. Togrul beg Ybraýymyň niýetiniň düzüw däldigini duýýardy, ýöne şeýle-de bolsa, ol bu çakylykdan soň gitmän biljek däldi. Togryl beg gorksa bolmaz ahyryn! Altynjan açyk aýtdy: – Begim, ynalyň päli düzüw däl! – Göwnüňe hiç zat getirme. Men öz Ybraýymyma belet! Altynjan soltany saklap bolmajakdygyna düşündi. Göwnüne, soltan ölüme barýan ýaly duýuldy. Öň onda ýeke gezegem beýle duýgy bolmandy. Şonuň üçin hem bu duýgy oňa ölümiň äşgär alamaty bolup görünýärdi. Altynjan şol günüň öýläni ýene soltana ýüzlendi: – Men otuz müň atly goşun bilen Hemedanyň ýakynynda size garaşaýyn, begim. – Ýok, ýok, bu hakda eşidäýse, Ybraýym heşelle kakar, «Tog¬rul menden gorkýar» diýer, şonsuzam onuň temennasy ýokary. Goý, ol menden gorksun. Ol bütin ömrüne menden gorkdy, ýene gorksun. – Gorkandan gorkan ýagşy, begim. Gorkýan kişiniň gamasy goltugynda ýylgaý häzir bolýar. Ol amatly pursadyna garaşyp ýaşaýandyr. – Bir urgy bilen daragt ýykylýan däldir. Ybraýym hem birki urgy bilen meni ýykyp bilmejegini aňýandyr. Onsoňam maňlaýa ýazylan ýazgytdan gaçyp bilmeris. Goşuny Kundura tabşyrýaryn. Ol Bagdatdan çykman, meniň gelerime garaşsyn. – Men gorkýaryn, begim, men gorkýaryn. – Anuşirwany-da ýanyňda goýup gideýin. Men gelýänçäm ol özüniň gowy şygyrlary bilen göwnüňi awlasyn. Wagtyň nädip geçendigini-de duýman galarsyň. Ynan, men Ybraýym bilen darkaş gurmakçy däl. Men onuň bilen hem-ä toý toýlamakçy hemem düşünişmekçi. Men oňa näme islese berjek. Goý, ol islän ýerini alsyn. Düşünýärsiňmi? * * * Altynjan Anuşirwanyň diwanhanasyna bardy. Onuň ýanynda bäş sany daşary ýurtly bar eken. Altynjan terjumana ýüzlendi: – Bulara aýt, goý, öýleden soň gelsinler. Häzir weziriň gys¬sagly işi bar. – Mähriban käbäm, siziň ýüzüňizden gar ýagýar-la? Eýgilikmi beri? – diýip, Anuşirwan ibn Tümen adaty süýji dilliligi bilen Altynjana ýylgyryp bakdy. – Soramaň näme, ähli zady sen menden gowy bilýärsiň. – Käbäm, ömrüm, şirin janym size sadaga. Sizi näme biynjalyk etdi? Siziň rahatlygyňyz, wagtyhoşlugyňyz üçin janymy bermäge taýýar men. Käbäm, aýdyň... – Süýji söz bilen janymy alýarsyň sen meniň. Altynjan hatynyň bu sözi Anuşirwan üçin garaşylmadyk söz boldy. Ol gözlerini petredip, esli salym Altynjana seretdi. Onuň nazary kem-kemden gazaplandy. Hanasyndan çykaýjak-çykaýjak bolýan gözlerdäki inçe gan çylgymlarynyň birkisi, megerem, ýaryldy. Sebäp ol gazaply nazara gan çaýyldy. Bu görnüş Altynjany hopukdyrdy. Anuşirwanyň gazaplanmasyny Altynjan ençe gezek görüpdi, ýöne ol ýeke gezegem Altynjana şeýle gazap¬ly seretmändi. – Käbäm, sizden bu sözi eşitmek maňa juda agyr degýär. Siz meni nähak kötekleýärsiňiz. – Anygyna ýetmän, meniň ýeke sözem aýtmaýandygymy sen gaty gowy bilýän bolmaly. – Dogry, siz mydama her sözüňizi ýedi ölçäp, bir keseniňiz¬den soň aýdýarsyňyz. Eger maňa aýdan sözüňiz hem anygyna ýetilip aýdylan söz bolsa, onda men gaty aýny adam. – Soňky döwürde seniň bolşuň meniň hoşuma gelenok. – Bu sözüňiz başky sözüňizdenem agyr. Käbäm, görýärin welin, kimdir biri siziň ýüregiňizi çişiripdir: men hakda hapadan-hapa pikirleri aýdypdyr, sizem oňa güp ynanypsyňyz. – Göz – hakykat, söz – güman. Men saňa hakykaty aýdýaryn. – Käbäm, men gürrüňiň näme hakda barýandygyna düşünme¬ýärin. – Urup, soňundan aglan bolma. Sen hemme zady bilýärsiň. – Ýalňyşmasam, siziň gaharyňyzy getirýän zat Togrul beg bilen Ybraýym batyryň oňşuksyzlygy bolmaly? – Sen näme üçin iki tarapa meçew berýärsiň? – Wah-nedamat-a, wa weýlata, gör, siz näme üçin gazap donuny geýipsiňiz?! Siz dogry düşüniň, käbäm, olaryň ýekesem meniň akylyma mätäç däl. Olar hiç wagt meniň sözüm boýunça iş etmezler. – Soltan seniň sözünden soň Hemedana gitmek kararyna geldi. Öň onda beýle pikir ýokdy. Sen oňa meçew berdiň. Anuşirwan böwrüne diň salyp, esli salym dymdy, soň haý¬batly gürledi: – Men soltana hakykaty aýtdym. Endamyňa ýapyşan sakyrtgany hernäçe agyrawuk bolsa-da goparyp zyňandan gowusy ýok. Ybraýym – Togrul begiň ýüregine ýapyşan sakyrtga. Eger onuň bilen wagtynda bellisi edilmese, onda ol soltan bilen bellisini eder. Onda birtopar pidaýy bar. Olaryň ählisiniň aňynda-da: «Ybraýym – soltan, Togrul – duşman» diýen düşünje bar. Eger siz şu babatda gaharlanýan bolsaňyz, onda nähak gaharlanýarsyňyz. Siz öz ogluňyza – maňa bil baglap bilersiňiz. Men sizi depämde täç edip götererin. Çünki meni siz şu derejä ýetirdiňiz. Eden mähribanlyklaryňyzy ödemek – meniň parzym. Siz, mähriban käbäm, maňa ynanyň, durmuşymyz has gowy bolar, enşa... Altynjan – Togrul begiň oraşan duýgurlygy, ol şu günki Tog¬rul begiň ertiri, häzirki Togrul begiň bolsa geljeginiň güwäsi. Ykbalyň Güneşi Togrul begiň alnynda bolsa-da, tebigatyň şöhle kanunynyň tersine, onuň Altynjan atly kölegesi hemişe diňe öňüne düşýär. Tog¬rul begiň näbelli geljeginiň howpy-da, ilki bilen, Altynjana degýär. Howp-hatar ilki Altynjana görünýär, il arasyndaky myş-myşlara salgylanyp aýtsaň, ähli bolýan-u-boljak zatlar seýir dogasyny okasa, Altynjan hatynyň dyrnagynda oraşan görünýärmiş. Allatagala soltana goragçy perişdäniň deregine Altynjan hatyny beripdir. Hatyn – ynsan, ynsanda bolsa perişdeden bir beýik artykmaçlyk bar. Perişdä diňe amal berlen bolsa, ynsana emel berlipdir. Amalda geljegiň, entek näbelli geljegiň ýeke-täk bir mümkinçiligi bar. Ynsan bolsa öz akyly hem duýgusy bilen geljegiň mümkinçilik sanyny artdyrýar, şol mümkinçilikleriň birini öz duýgurlygyna, paýhasyna bil baglap, saýlap alýar. Özüne howply hem amatsyz mümkingadarlyklardan sowlup geçýär. Perişdäniňki amal, ynsanyňky emel bilen. Diýmek, birinji diňe bitirýär, öňden kesgitlenen zatlary amala aşyrýar, ikinji bolsa geljegi döredýär, emele getirýär diýmekdir. Şonuň üçinem bu durmuş ýolunda ýoldaşy, ýarany perişde däl-de, ynsan bolan adamlar has bagtlydyrlar, has howpsuzdyrlar. Bu gezegem Altynjanyň gören düýşi oraşan çykdy. Asyl onuň tutuş ömri oraşandy. Bu bir kanunalaýyklykdyr, çünki Altynjanyň röwşen bolmagy tebigydyr. Haýp, Togrul soltan bu düýşe ähmiýet bermedi. Adam pahyr adama däl-de, perişdä ynanýar. Adam adamdan däl-de, perişdeden delalat gözleýär. Ol bary-ýogy özi ýaly adamdan üýtgeşik gudrata, tapylgysyz goldawa, kipaýata garaşmazak bolýar. Togrul soltan Altynjanyň öňünde Hökümdar boljak bolup näçe çalyşsa, şonça-da onuň işi tersine bolupdy, şonça-da onuň geljeginiň hökümdarlygy Altynjanyň ygtyýaryna degişli bolýardy. Tersine, ol hatynyna Howandar boldugyça, ykbal hem oňa şonça-da howandarlyk edýärdi... | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |